07:36
Gonambaşy -5/ romanyñ soñy
28.

Süňňüne duýdansyz aralaşan mejalsyzlyk Sähedi tapdan düşürdi. Biliniň, dyzynyň kuwwaty äşgär kemeldi. Ysgyn-deramatdan aýryldy. Ol ilki muny argynlykdyr öýtdi. Uzakly gün ýatyp, bedenine dynç berse-de, öňki mydarasany tapmady. Onsoň munuň sebäbini bagryna ýolugan näbelli dertden gördi. Garnynyň sag tarapynda çişiň köpelmegi onuň ynjalygyny elinden aldy. Sähedi ähli gazanjyndan goýdy. Ol iki günläp bazara gitmedi. Zeýnebiň getireninden göwünli-göwünsiz iýip, bihuda ýatdy. Üçünji gün Zeýnepden çakyr sargap getirtdi. Zeýnebiň iňirdisine ýanap, çakyrdan iki käsäni huruşsyz jyňkydansoň, biraz başy aýlandy, ýüregi bulandy. Çakyr onuň güýji egsilen bedenine birjigem gujur goşmady. Onsoň garnynyň çişini eli bilen sypalap, zoraýakdan dikeldi-de, igenji, zeýrenji garym-gatym edip oturan Zeýnebi köşeşdirmek isledi.
-Ynha, birki günden işe başlaryn, onsoň elimiz giňär – diýip, ol öz ynanmaýan zadyny aýtdy.
Iki gün bäri göwnüni şübhä basdyryp oturan Zeýnep:
-Giňärmikä? – diýdi.
-Gitjek ýeri nire? Men, näme, gazy gazyp, ýer depmek aladam ýog-a. Bazara girip, gün içinde üç sagat oturybilsem, ikimize şundan ýetýär – diýip, Sähet süýem barmagy bilen bokurdagynyň tümmi ýerini syhap görkezdi.
-Hawa-la. Ýetýä-le. Sen özüňi oňarsaňam bolýar. Men pensiýam bilenem mydar edýän-ä.
Oýaly-ukuly kän salym ýatansoň, gijara Sähet:
-Mazary pul berip gazdyrýarlar öýdýän? Şeýlemi? – diýip, Zeýnebiň ýatsa-tursa kellesine gelmejek gürrüňini tapdy.
Zeýnep oýurganyp:
-Hawa – diýdi. – Az-küşem däl. Eslije tölemelimiş.
-Öňki ärsumagyň ölende sen pul berip gazdyrdyňmy?
Zeýnep geçmişi ýatlap, gussa bilen:
-Ony hossarlary ýygnady – diýdi. – Ýöne öten ýyl aşaky goňşyň ogly ölende tölediler. Ýörite hakynatutma mazar gazýanlar barmyş. Muny nämüçin soradyň? Ölen barmy?
“Öljek bolýan bar” diýip Sähet içini gepletdi. Daşyndan:
-Birden öläýsem, meň mazarym üçinem pul tölemeli bolar. Şo ýadyma düşdi. Zeýnep, men uzak ýaşaryn öýdemok – diýdi.
-Gorkma, ölesiň ýok.
-Gorkamok-la – diýip, Sähet ýalan sözledi.
-Ýaşasyň gelýän bolsa, içgiňi goý, içgiňi! – diýip, Zeýnep talabedijilikli ýüzlendi.
-Bilip bolmaz, Zeýnep, bardy-geldi öläýsem, meni öz obamda jaýlarlarmyka? Obada mazary mugt gazýarlar.
-Gara-gaýgyň mazar gazýanyň hakymy?
-Diňe o däl. Elbetde, mugt bolsa gowy bolardy... Zeýnep, meni obada jaýlasalar gowy görjek. Aktakyrda. Düşünýäňmi?
Zeýnep çynlakaý pikire çümüp, iň soňunda:
-Seň obada kimiň bar? Hiç hili hossarym ýok diýýädiň-ä.
-Hossarym-a ýok. Diňe ejemiň mazary bar. Meni tanaýan adam azdyr indi o ýerde-de.
-Kimiň öň öljegini bilýän ýok.
-Çeýnemeli çöpi tükenensoň, durjagam ýok. Meň çöpüm tükenip ýörendir indi. Men aňýan, Zeýnep.
-Hany, tüketsene, Sähet! Heý, şundanam bir gürrüň bolarmy? Gowy gürrüň et!
Ertesi Sähet ir oýandy. Jahan ýagtylmanka yra-dara ýerinden galdy. Düýnkiden galan ýarty çüýşe çakyry howlukman başyna çekensoň, ümezläp duran gözlerini gyrpyjykladyp, bir zatlary ýadyna saljak boldy.
Zeýnebiň:
-Gara daň bilen turşuňa içýäniň şo zährimar bolsa, ýetjek derejäňe ýetipsiň. Adam diýeniň ir bilen gyzgynjak çaý içer, oduk-buduk çeýnär. Bi bolsa... – diýen hüňürdisine pitiwa etmän, diwaradan ýapyşyp, birsellem aýak üstünde sessiz durdy. Eýlesine-beýlesine birki gezek düňderilensoň, ýorgany başyna çümrüp, gaýtadan uky derýasyny boýlap ugran Zeýnebi çalasudur saýgardy-da:
-Şu gün hepdäň haýsy güni? – diýip sorady.
Zeýnep ýorgany serpip, öwhüldedi.
-Dynç güni – diýip jogap berdi.
-Dynç güni gowja gazanyp bolýar, sebäbi bazar ir örýär, adamam kän.
-Sen gidäýsem diýýäňmi? Içdiňem-ä?
-Gideýin, Zeýnep. Öýde eplenip ýatanym bilen nebsi agyryp, pul berjek ýok.
-Dogry aýdýaň, git! Juda ýaramasaň, biraz otur-da gaýdyber. Boş goýbermezler.
Sähet gitdi. Pyýadalady. Biraz ýöränsoň, müşderi gözleginde köçe söküp, pallap ýören kireýkeş sürüjileriň biri ulagyny onuň gabadynda saklap, şelaýyn dilde:
-Ýaş-şuly! Nirä ugradyň? Barmaly ýeriňi aýt, äkideýin. Mün, pyýada ýöreme – diýdi.
Sähet oňa tamakin garaýyş bilen seredip, mysapyr gürledi:
-Bazara barýan. Äkitseň, münäýerin. Ýöne pulum ýok-da.
Kireýkeşiň gahary geldi.
-Her hili adam bar-aý. Puluň bolmasa bazarda nä körüň bar?! “Pulsuz bazara barandan, kepensiz mazara gir” diýipdirler – diýip, ol wazladyp, ulagyny gaty sürüp gitdi.
Sähet çalt ýadady. On iki süňňüniň, esasan-da aýaklarynyň ýaltalygy tutdy. Ädim urşy haýallady. Ýarym sagatda geçen ýoluny göz öňüne getirip, başyny ýaýkady. Mejaly gaçsa-da, haly teňleşse-de, Sähet yza dönmedi. Hamana, güwläp duran bazaryň bir gyrasyndan girse, egbar ýagdaýy düzeläýjek ýaly, öňe ümzük atdy. Aýagyny ýerden kynlyk bilen göterdi, ädimini zordan ätdi. Gaýrat etdi.
Barybir Sähede bazara ýetmek başartmady. Demini almak üçin bir haýatyň düýbünde dyzyny epdi. Diwara ýaplanyp oturyşyna ilki-hä zibilhana bolmasa-da, hapa-supadan dörän uly üýşmege seretdi. Soňundanam “Zibil dökmek gadagan!” diýlip ýazylgy demir bölegine gözi kaklyşdy. Onsoň baýak meýhanada çenden kän içeni sebäpli uzak gijäni şu ýerde, şu zibiliň içinde ýatyp geçirenini ýadyna saldy. “Içginem ýaşlyk göterýär öýdýän. Birmahallar nähili içýädim. Şo mahallar içip ýykylan ýerim boldumyka?” diýip ol garjaşyk pikir etdi.
Dyz epeni bilen, diwara ýaplanyp oturany bilen Sähediň taby gowulaşmady. Gitdigiçe ýaramazlaşdy. Başy aýlandy. Zibiliň porsy ysy ýüregini bulady. Ol elini ýere diredi-de, gapdala eglibräge-de ögedi. Bir demde ajy suwuklyk bilen bir lagta gan gusdy. Şundan soň onuň ozalkyja mydary hem galmady. Gusugyndan bir ädim beýläk süýşmäge-de rowgaty çatmady. Essi aýyldy. Özüni uky basýandyr öýtdi. “Irkileýin. Irkilsem, oňat bolaryn” diýip pikir etmäge ýetişdi.
Sähediň halyndan habar alan bolmady. Gün dogandan soň waglap ören siňekler onuň entek guramaga ýetişmedik gusugyny we çyrşak-çyrşak bolan ýüz-gözüni hekem edindiler.
Ahyry geçip barýan orta ýaşly biri onuň bäş ädimliginde aýak çekip:
-Heý! Heý, ýaşuly! – diýip gygyrdy.
Sähetde hiç hili gymyldy-hereket görmänligi üçin oňa bada-bat gorky ýetişdi. Näderini bilmän aljyrady. Ýaltaklap, töwerek-daşyna äňetdi. Aňyrdan gyssanmaç ýöräp gelýän ýigdekçäni saklady-da:
-Inim, ho ýatana bir seret-le! Dem alýamy şo? Seň gözüň ýitidir – diýdi.
Ýigdekçe äm-säm bolup duran bu kişä geňirgenip seredensoň, çekinmezden-zat etmezden, Sähediň ýanyna bardy. Eglip, ýüzüne seretmäge durdy.
Orta ýaşly kişi bolsa, gorkudan doly aýňalyp bilmänligi üçin bary-ýogy bir ädim golaýa süýşüp:
-Dirimi? – diýip sorady.
Ýigdekçe:
-Ölüpdir öýdýän. Siňekläpdir. Dem alýana meňzänok – diýdi.
Ötegçiler ýuwaş-ýuwaşdan üýşdiler-de, hyşy-wyşy edişdiler.
Maňlaý saçy düşen, at ýüzli, burunlak bir adam kän seredip duransoň, Sähediň ýanyna baryp, üstüne abandy-da:
-Sähetm-aý bi? Sähet-t! Häk, pahyr... Öýünde-de ölmändir – diýdi.
Başga biri:
-Tanaýaňmy muny? Öýi nirede? – diýip sorady.
At ýüzli adam:
-Öýüni bilemok. Ýöne Sähetdigini bilýän. Türmede bile oturypdyk. Boşap gelenine kän wagt-a bolan däldir – diýip mydyrdady. Soňundan bolsa:
-Men-ä işe ýetişmeli – diýip, ol ýerden daşlaşmak bilen boldy.
Birazdan “Tiz kömegiň” ulagy geldi. Ak ýektaýly lukman Sähediň saň gaty bolan we buz ýaly sowan elini elläp gördi-de:
-Polisiýa habar etdiňizmi? Nirede ýaşaýarka? Tanaýan barmy? Hossary-zady ýokmy? – diýip sorady.
Sähedi hiç kim tanamady. Ýarym sagatdan soň ony şäheriň meýithanasyna alyp gitdiler.
Zeýnep bolsa Sähedi idemeledirem öýtmedi. Märeke sabaýança Sähet bazarda oturandyr öýtdi. “Oňatja gazanandyr. Öýleden soňam girendir bir meýhana. Ähli gazanjyny tükedýänçä ýerinden gopaýmaz. Giçligem iki elini burnuna sokup, entirekläp geler. Kellesini içgi alypdyr. Men bolsa mundan adam ýasajak bolýan... Wah, içgiň başyňy iýsin, arakhor ülhit! Hany, ertirden başlap göreli! Ýanyň bilen bazara gidip, iň soňky teňňäňe çenli ýygnaýmasam, sen eşegiňi ýola gatjak däl” diýip, Zeýnep gaharly pikir etdi. Bazarçylaryň hümerinde elini serip oturan Sähediň suratyny, özüniň bolsa bäş ädim aňyrsynda oňa berlen pul-püçegi düwünçegine düwüp duran keşbini göz öňüne getirdi.

29.

Bäbejigiň ýogalandygy baradaky habar baran dessine Ýazbibiň ejesi Sona daýza goňşulary Jumadurdyň üstüne eňdi. Şum habary olara eşitdirensoň:
-Jumma jan, meni derrew Aktakyra düşürip gaýt, köşek! – diýip, Jumadurda ýüzlendi.
Olar ir bilen ýetip geldiler.
Asyl Jumadurdy diýilýän Poladyň göz öňüne getirişi ýaly inçesagt, saryýagyz, uzyn hem görmegeý däl ekeni. Orta boýludan lopbuş, gyýyk gözli, bugdaýreňk biri bolup çykdy. Polat goýun gözli gelninden çen tutup, Jumadurdyny özünden üç-dört ýaş dagy uludyr öýdüpdi. Görse, özünden kiçi bolmasa, uly däl.
Polat onuň ýüzüne assyrynlyk bilen garady, çalymdaş sypat görmek üçin hasrat getiren bäbejigiň keşbini ýadyna saljak boldy. Hiç hakydasyna gelmedi. Nämüçindir Ýazbibi bilen Jumadurdyň nätanyş hylwat ýerde wejera hem bihaýa sypatly şekilleri göz öňünde janlandy. Gany depesine urdy. “Muň maksady kireý däldir – diýip pikir etdi. – Şular ýaly agyr günde gözýaşa boglup oturan Ýazbibiň gözüne görnüp, oňa teselli beresi gelendir, bir zatlar diýip, göwnüni göteresi gelendir, şoň üçin gelendir”.
Polat Jumadurdyny bir pursat hem görmek islemedi. Onuň mölerilip, sokudaş ýaly garalyp oturmasy kejikdirdi. Turup giderini diledi. Şu islegi duýan ýaly, biraz wagtdan Jumadurdy gozganjyrady, ýerinden turdy, eýýämhaçan gurşan aýaklaryny dözüm bilen çümmükledi, ýaýdanybraga-da, Polada söz gatdy:
-Köreken, men-ä ýöräýsem diýýän.
Polat “Ýöräber” diýen manyda baş atdy. Onuň inçeden boguk sesine geň galdy.
-Dek düýnjik agzap otyrdylar. Ýazbibiň ejesi: “Ýaşy uzyn bolsuna gitmeli” diýip otyrdy welin, häk, maňlaý-da, görýäňmi bu bolýan zatlary. Juk, juk, neresse çaga... – diýip, Jumadurdy başyny ýaýkady.
Onuň Ýazbibiniň adyny tutmasyny şunça halamadygam bolsa, Polat sesini çykarmady, başyny aşak saldy.
Jumadurdy çilim otlandy. Goýy, çal tüssäni agzyndan bölüp-bölüp çykaryp durşuna:
-Näme diýjek?! Alladan gelen ajala çäre ýok. Ömri gysga berlen ekeni-dä. Öwez ogluny bersin! Gaýrat ediň! – diýdi.
Polat agzyny çalaja gymyldadyp, eşdiler-eşdilmez:
-Taňyrýalkasyn! – diýip jogap berdi.
Jumadurdy gitdi.
-Kim-aý ol? Tanamadym-la? – diýip uly agasy sorady.
Polat bir agyz:
-Goňşulary – diýip jogap berdi.
Gyzjagazyň jynazasyny Güýzmyrat aganyň bir özi okady. Öwezberdi gabyrman üç sany ýigdekçäni ýanyna alyp, täze gonamçylyk üçin berlen ýeriň aşak çetinden uly bolmadyk gör gazdy. “Behiştiň ak guşjagazy! Perişdedenem päkdir bi” diýişip, adamlar çagajygyň meýidini ene topragyň goýnunda goýdular. Soň çukury düzlemek üçin gum sürüp başladylar. Sähel salymdan kiçijik tümmek – täze gonamçylygyň ilkinji mazary peýda boldy.

* * *

Duýgudaşlyk bildirmegi, iň bolmanda il ýüzüne görnüp gitmegi borç hasaplan adamlar gijara çenli oturyp, öňli-yzly “Öwez ogluny bersin!” diýişip, öýli-öýüne dagadylar. Sona daýza iliň soňuna galdy. Ýassynlar ony Jumadurdy alyp gitdi. Çolaran öýde Polat bilen Ýazbibi ikiçäk galdy. Ikisi-de ýüregedüşgünç ümsümligiň azaryny çekip, dymyşyp oturdylar.
Dünýä inip, özüni mähir bilen söýdürip, ýedi gün diýlende demi sogrulan gyzjagaz Ýazbibiniň begenjine, buýsanjyna talaň salyp gitdi. Boşan sallançak bilen gursagyndaky emilmän duran, dyňzaýan, kükeýän ene süýdüniň ysy onuň başyna we ýüregine bimöçber hesret saldy. Ol bagyr awusynyň sebäbini çaganyň wagtyndan ir doglanlygyndan gözledi. Maňlaýyndan gördi. Munuň üçin Polady ýazgarmady. Gaýta, özüni müýnli duýdy.
Poladyň gussasy bolsa, asla Ýazbibiňkä meňzemeýärdi. Gussa-da däl, ol barypýatan ejirdi. Şol öňki şübhe onuň pikirlerinde erjellik bilen ýakymsyz heňi dowamly gaýtalap durdy. Şol öňki müňkürlik beýnisinde köne çarhyň kän mahal bäri ýaglanmadyk tegegine öwrülip, bir duran ýerinde jygyrdap aýlanýardy. Ýüreginiň bir ýerleri posly pyçak bilen gyýylýan ýaly awaýardy.
Gyzjagazy ajalyň eline berip goýberensoň, Ýazbibi baradaky gara oý-pikirler Polady terk etmedi. Ýolugan derdeseri bäbejigiň deminiň sogrulyp, bu dünýäden gitmegi bilen zym-zyýat bolar öýdüpdi. Kiçijik adamyň gysgajyk ömrüni keselden gutulmak üçin çalşyga goýupdy. Emma çaganyň ölümi onuň derdini birjigem egismedi. Polat, ine, şuňa geň galdy.
Ol eden işi üçin ökünmedi. Puşman bolmady. Özüni ganhor saýmady. Muny paýhas bilen seljermäge islegi-de, höwesi-de ýokdy. Onuň beýnisinde ýene-de gara-gara pikirler köwsarlap ugrady. Gitdigiçe möwjedi. Polat heleýbaz, ograş Jumadurdynyň, bihaýa, ýeňilkelle Ýazbibiniň ymmata sygmajak wejera suratyny hyýalyndan çykaryp bilmedi. Şony hyýalyndan kowup çykarar ýaly nähilidir bir güýç-gurbat isledi. Şonsuz ynjalygynyň bolmajagyna düşündi. Surnukdy. Usurgaýandygyny aňdy. “Öwf-f” edip argyn dem aldy.
Ýazbibi “Hä, bir zat diýjek bolýarmyň?” diýen manyda ýalt edip, ärine seretdi.
Polat öz-özünden biygtyýar, ýöne gara çyny bilen tüýs ýüreginden:
-Men indi halys ýadadym, Ýazbibi! Ýaman ýadadym. Çydamok – diýdi.
“Nämeden ýadadyka bi?” diýip, Ýazbibi içini gepletdi. Daşyndan bolsa, göwünlik bermek üçin:
-Ýat-da, dynjyňy alaý – diýdi. – Menem ýadaw. Endam-janym soky daşyň astynda galan ýaly.
Ýatyp uklanyň bilen bu ýadawlyk aýrylaýsa diý! Ukusyzlygyň argynlygy däl-ä bi. Ýazbibi kelte kakýar. Düşünenok. Aýdylan gepi göni manysynda kabul edäýýär. Polat ondan kine edip durmady.
-Hawa, ýataýyn. Biraz dynç alaýyn – diýdi.
Ýatsa, dynjyny alsa, belki, biraz ynjalar, pikirleri durlanar. Pälini düzüw tutsa, ýüregini päk saklasa, bagtly günleriň entek öňdedigi barada hyýala çümse! Eýse, çagalykda-da, oglanlykda-da ekilen bolsadylar başga-başga zatlar dälmidi näme? Ol eşretli durmuşyň, sapaly gelejegiň umydyndady. Poladyň eden arzuwlary bu ezýetli günler däldi ahyryn. Ol nädip beýle ýowuz, ýüregedüşgünç hasrata duçar geldi? Poladyň günäsi näme?
Onuň birden elhenç ýüregi gysdy. Ýekesiredi. Bireýýäm ölüp giden kakasynyňmy, ejesiniňmi gujagyna özüni oklap, içigip, horkuldap, ses edip, aglasy geldi. Içini dökesi geldi. Derdimi ýeňledäýsem diýdi.
Ähtimal, Ýazbibiden gözýaşyny gizlemek üçin, ýerinden turup, daşaryk ýöneldi. Bir şahasy guran ülje agajynyň astynda käte burnuny çekip, eliniň tersi bilen gözüniň ýaşyny süpürip, başyny tutup, çyrlaklaryň dynuwsyz jyňňyldamasyna we içki howsalasyna diň salyp, uzak wagtlap sarsman oturdy. Tä Ýazbibi gelip, ýerinden galdyrmak üçin sessiz elinden tutýança oturdy.

30.

Suraýyň özüni asmak baradaky sowuk pikirleri az-kem sowaşdy. Eger Poladyň gyzjagazy ölmedik bolsa, Ýazbibi iniňi düýrükdiriji ses bilen çirkin gygyryp aglamadyk bolsa, daň agarmazyndan öň Suraý özüni heläkläp ýetişerdi. Bu çaka öýleri ýashana öwrülerdi. Onuň jesedini günortana goýman, äkidip, täze gonamçylykda ýerlärdiler. Suraý bu wagt bu ýerde bolmazdy, o dünýede bolardy. O dünýe diýilýän zat nähilikä? Ölen adamlaryň ruhlary erkana gezip ýören hezil bir ýermikä? Ölen adamyň ruhuna ol ýerde nämeler garaşýar? Ölüler göze görünmän, bu dünýäni synlap bilýärmiş diýýärler. “Ölä – aýan, dirä – güman” diýen sözem bar.
Suraý üçin ertirki masgaraçylykdan şu günki ölüm abraýly bolup göründi. Ölübilseň, dynýaň. Iň ejirli ýeri – boýnuňa tanap salyp, mertlik bilen özüňi asmak! Ondan aňyrda ezýet ýok. Ejeň-kakaň aglap-eňrär, emma erteki gün gyzlarynyň wejeralygy üçin il arasynda dilleri gysga bolmaz. Hiç kim barmagyny çommaldyp, dilini çeýnäp, heşelle kakmaz.
Eýse, Suraýyň ikinji gezek eline ýüp almaga bogny ysmady, gaýraty çatmady. Öwrenişilen ýagty dünýeden sypyrylyp, garaňky hem syrly dünýä garşy ädim ätmegiň ýaýdanjy onuň dogumyny elinden aldy. Ähli etsem-petsemini puja çykardy. Ol: “Indi başarman” diýip aglady.
Agşamlyk çaý başynda Ogulgül galyň kitaby waraklap oturan ärine garap:
-Onsoň o neressejigi täze öwlüýäde jaýlaýdylarmy? – diýip sorady.
Amanýaz saňsar gysgajyk:
-Hawa – diýdi.
-Adam pahyr ölüp gidip otursa, ýerem galjak däl. Näme, indi “Ýylgynlyda” çilesinden çykmadyk ýumruk ýaly bäbege-de ýer galmadymy?
-Ýer-ä ýok däl, entek iki-üç mazarlyk ýer barmyka diýýän. Ýöne Güýzmyrat aga yrym edip, ony täze öwlüýäde ýerläň diýdi.
-O nämäň yrymy, gyz?
-Näbileýin? Günäsiz bäbek-dä. Arassaja. Perişde ýaly.
Bäbejigi göz öňüne getirip, biraz oýa batansoň, Ogulgül:
-Indi şu täze öwlüýäň ady näme bolmaly? – diýip sorady.
-“Bäbekli” bolar-da – diýip, Amanýaz ozaldan taýynlanyp oturan ýaly, säginmän, ýüzüniň ugruna jogap berdi.
-“Gyzbäbek” diýseň, bolmazmy? “Bäbekliden-ä” gowy şo.
-Bolar, näme bolman?! Ynha, basym Aky daýym ýygnak geçirýär. Öwlüýä at dakmak barada ýörite maslahat boljak. Şonda seň şü “Gyzbäbek” diýen adyňy teklip edip, sese goýmaly – diýip, Amanýaz ýaňsylady.
Ogulgül muňa ähmiýet berip durmady.
-Çagakak garry heleýler gürrüň ederdi – diýip, ol bireýýäm eşiden gürrüňlerini ýatlady. - Ýogalan bäbejikler soragsyz Jennete düşýärmiş diýerdiler. Ýöne ejesi-bilen kakasy Jennete girýänçä garaşýarmyş. Hudaýdan dileg edýärmiş. Ejem-kakamy hem Jennetiňe sal, onsoň girjek diýýärmiş. Hudaý ilki bilen şolar ýaly neressäň dilegini kabul edýärmiş. Güýzmyrat aga-da şo pikir bilen şeýdendir. Birem, sadagasy gitdigim, güýçli öwlüýäleriň dilegi boş galmazmyş.
-Aý, gürrüň kän, haýsy birine ynanjak?! – diýip, Amanýaz bu meselä sowuk-sala garady.
Ogulgül gaýra tesmedi.
-Ugrunda bolansoň, bardyr gürrüň – diýdi. – Dokuzyny düzlän barmy? Kimi gepletseň, derdi ýetik. Derdine dowa gözläp, neresse çagaň mazaryna ýykylýan kändir. Emgegine gowuşýanam az däl. Dilegi bitmese, galyň millet öwlüýä ýykyljakmy?
-Heleýleň tapýan zady şo – diýip, Amanýaz saňsar pikirini daşyna çykaryp, aç-açan aýalynyň garşysyna gitdi. – Dişi agyrýanam, sogurdyp dynaýmalydyr welin, öldür, etmez, öleniň mazaryny basgylap, terslin-oňlyn şo daşynda pyrlanyp ýörendir.
-Haýyr tapýandyr, barýandyr – diýip, Ogulgül teý eňek bermedi. – Eýse, öňküleň hemmesi samsyk bolup, bir özüň akylly bolduňmy?
-Öňküleň edenine telek diýemok. Ýöne her zadyň çaky bar. Gitdigiçe täze hokga çykarýarlar. Esasanam heleýler.
Muňa Ogulgülüň jany ýandy.
-Heleýler diýen bolup... Delalatyň nirden geljegini näbilýäň? Sen nä Hudaýmy? Iki gulaç diliň bilen uly iliň haýyr tapýan zadyny püçege çykaryp oturmakdan gaýry pişäň ýokmy? – diýip, ol siltenjiräp, hüňür-hüňür etdi.
Şu ýerde Amanýaz saňsar ýöwsellik etdi.
-Men haýyr tapýan ýok diýemog-a. Ýöne heleýleň bolşundanam beter bolşuna gaharym gelýär – diýip, ol elindäki kitabyna güýmendi.
-Ah-he-eý, erkeklerem görüp ýörüs. Heleý dämi erkegi adam hataryna goşýan?! Güýçli öwlüýäler göz görkezse, bilerdiň welin...
Amanýaz başyndan bir bela-beter inäýjek ýaly haýykdy. Sesini çykarmady.
Ogulgül ýeňil dem aldy. Ärini azda-kände toba getirip bileni üçin göwni göterildi.
Ejesiniň aýdyşy ýaly, öwlüýä ýykylyp, ýalbarsa, gudraty güýçli Allatagala Suraýy kyn günden çykarmazmy? Suraý: “Çykarmaz – diýdi. – Seň keseliň iliňki ýalam-a däl. Boljagyň boldy. Düzederden geçdi.”
Eýsem-de bolsa, goňşularynyň ýedi günlük gyz bäbejikleriniň kiçijik mazary onuň hyýalynda dynuwsyz garaldy durdy. Gumy solmadyk mazar bir zatlary wada berýän ýaly, Suraýyň pikirinden çykmady. Suraý özüni heläklemäge howlugýan-a däldir-dä? Belki, täze mazara ýykylyp görmelidir? Perişde ýaly günäsiz çaganyň hormatyna, belkäm, Allatagala Suraýa bir yşarat görkezer? Eger görkezmese, özüňi asmaga ertirem giç bolmaz.
Ýazbibiniň tirsek boýlyja gyzjagazynyň günäsizdigine Suraý şübhe etmedi. Entek ejesiniň ýyly süýdünden gaýry zady bilmeýän çal göz bäbejik küje, ýazyk küje? Hudaýyň huzurynda hiç bir kişi neresse çaga ýaly arassa bolup bilmez. Allatagalanyň ýazgydynyň bihaly ýokdur. Dünýäň bir gyrasyndan jyklap giden bäbejigiň hormatyna Hudaýdan edilen dileg adamlaryň derdine dowa bolar. Allatagalanyň islegi şoldur. Şol sebäpli Allatagala oňa gysga ömür ýazandyr. Şol sebäpli bäbejigiň mertebesi iki dünýe zyýat bolar. Suraýyň gözüniň öňünde çaganyň kiçijik mazarynyň ähmiýeti artdy, ol ýönekeý bir tümmejik bolman, eýsem, dertli bendeleriň keseliniň emi bolup göründi.
Henize-bu güne çenli mazarystanlygyň içine girmeg-ä däl, gapdalyndan geçmegem Suraý üçin gorkulydy. Gonamçylyk diýlende onuň hyýalynda ölüleriň üstüňe abanyp gelýän, ýürekýargynç sypatly ruhlary janlanardy. Hamana, ölüler ony öz aralaryna goşup äkidäýjek ýaly tisginip, üýşenerdi. Häzir welin täze gonamçylykda peýda bolan ýeke-täk mazaryň ýanyna barmaga, daşyndan aýlanmaga wehim etmedi. Asla ony gonamçylyk diýibem hasaplamady. Çaga mazaryna çoçgara çolaşan ömrüň halasgäri diýip ynandy.
Ertesi ir bilen ol obanyň kyblasyna – täze gonamçylyga garşy ugrady. Göz-dilden çekinip, biýol gitdi. Gumy solmadyk ýalňyz mazar göz öňüne getirişindenem kiçi bolup çykdy. Emma müçesiniň kiçiligi mazaryň ähmiýetini birjik-de peseltmedi. Näbelli gara güýjüň düşnüksiz howandarlygyna bendi bolup, ol mazaryň daşyndan aglamjyrap, aýlanmaga başlady.
“Eý, Allajan! – diýdi. – Meň bagtymyň küle çökeni Saňa aýandyr. Men ýalňyşdym. Ýol-ýodamy ýitirdim. Indi ýöräre ýol galmady. Ugran ugrum petiklendi. Men indi nädip ýaşamaly? Bu beladan nädip dynmaly? Hudaý ja-an! Jan Allam! Eger ýeriňde-ýurduňda bar bolsaň, meni eşidýän bolsaň, maňa rehim et! Meň günämi geç, Allajan! Meň ölesim gelenok. Meni şu masgaraçylykdan dyndar! Şu ýatan bigünä bäbejigiň hormatyna, perişde ýaly arassa çaganyň hakyna maňa ýol salgy ber. Bir yşarat et, jan Allam!”
Suraý aýak çekip, “Ýa-da Hudaýdan asylyp ölmäge gaýrat diläýsemmikäm” diýdi. Şirin jandan jyda düşmegiň wehimi bada-bat onuň bu pikirini ret etdi. Onsoň ol bäbejigiň adyny ýadyna saljak boldy. Teý hakydasyna gelmedi. Mazaryň daşyndan aýlanmagyny dowam etdirip, sessiz aglady. Mazara ýüzlendi:
-Adyňam bilemok, bäbekjan! Sen Behişdiň guşuna öwrüldiň! Ap-akja guşa! Men bolsa, günä iş etdim. Ýazygym çökder, bäbekjan! Men kyn günde galdym. Maňa kömek et! Hudaýjan seň möhümiňi boş gaýtarmaz! Men indi näme etmeli? Meň ölesim gelenok, bäbekjan!
Ol dyzyny epip, ýany bilen getiren gyrasy seçekli ýaglygyny mazaryň başujuna dikilen agaja daňdy. Daňyp otyrka: “Aýat okamaly ahyryn. Men aýatam-a bilemok” diýip pikir etdi. Aýat okalman edilen zyýarat kabul bolarmyka? Suraý bolar diýdi. Ol derdini mälim etdi ahyryn. Esasy zat, şol dälmi? Bilse, aýat okamaga ýaltanyp durmazdy. Hudaý bu zatlary görüp durandyr. Suraý: “Jan Allam, ýoluňa bir jüp nan! Dilegimi kabul et!” diýdi. Soň eglenmedi.
Gonamçylygyň girelgesinden çykan ýerinde oňa Güýzmyrat aga pete-pet gabat geldi. Ol ardynjyrap, terse bakyp, gany gaçan ýüzüni, galagoply gözlerini gizledi-de:
-Sen Amanýazyň gyzymy? – diýip sorady.
Suraý kösseklenen ýaly, duran ýerinden gozganyp bilmän, bir agyz:
-Hawa – diýdi.
Güýzmyrat aga aglamakdan ýaňa gabaklary çişip, ýüzi gyzaran gyza çalarak göz aýlap, ähtimal, gepbaşy üçin bolsa gerek:
-Tilpunyň-a ýokdur ýanyňda? – diýdi.
-Ýog-a.
-Ýok bolsa, bähbit bolsun! Jahana til kakyp ber diýäýjekdim. Beewbar Jahan bardy alakjap. Amanýazyň gyzynyň diýdi, göwni Şalarda diýdi. Ynha, şeýle-şeýle ýagdaý bolupdyr diýdi. Şu wagt öwlüýä girip barýanyny gördüm diýdi. Beh, öwlüýälik näme işi bar diýsem, bilemok diýdi. Onsoň agsak aýagymy süýräp, bejit gelşim şü.
Güýzmyrat aga “Şu zatlar çynmy?” diýip soraýan ýaly, “Hawa, çyn. Hemmesi çyn” diýen jogaby eşitjek bolýan deý, Suraýa körkeýp garady.
Suraý bolsa ilki gyzardy, soň bozardy. Bütin endamy galpyldady. Beýnä barýan ganyň sarsgyny bilen ýüreginiň urgusy bir-biriniň sesini basjak bolýan ýaly gitdigiçe güýjedi. Gorky hem geňirgenme Suraýyň ýüz-gözünde aljyraňňylygy mese-mälim etdi.
Güýzmyrat aga indiki diýjek sözlerini diline getiribilmän, birsellem dymansoň: “Birden tazygyp ötäýtmesin şü” diýýän ýaly, gyssanmaç gürläp başlady:
-Bolsa-da, men-ä bellemşa edipsiňiz. Indem näme, beterinden saklasyn diýäýmeseň, alajy ýok. Saňa-da diýjek zadym, keýgim, özüňi oda-suwa urup ýörme-de, meň öýümde boluber. Deýýus Şalaryňam bütin ömri türmede geçmez. Esasy zat, ahyry düz bolsun! Öňüm gelenden, soňum gelsin diýipdirler. Birbada bizde bol, toý-beýlekiň aladasyny soňlugy bilen görübiris. Men, ine, şoň üçin gaýtdym. Amanýaz bilenem özüm gepleşerin. Ejeň dilinem Jahan tapar. Keçjeräg-ä bolýar welin, nätjek-dä... Amanýazyňam boýy gysgalmaz. Ýör, hany! Jahanyň ýanyna baraly. Öýde sary-sadylla bolup, garaşyp oturandyr olam.
Elbetde, garaşylmadyk gürrüňler, duýdansyz teklip adamyň başyny çaşyrýar. Ýüreginiň gürsüldisi güýçlenen Suraý aljyrap:
-Gaçyp baran ýaly bolýanmy men? Ilki öýmüze barmaýynmy? – diýip, ugur-utgasyz sorag berdi.
-Öýňüze özüm bararyn. Bir alajy bolar.
-Kakam...
-Amanýaz gepe düşünmelidir öz-ä. Bu zatlar maňa hoş ýakýandyr öýdýäňmi? Köp ýerde kelte gaýdýaňyz-da. Eliňe-diliňe düzelýän zat bolsa, ne ýagşy.
Güýzmyrat aga zeýrenjiň, igenjiň iş bitirmeýändigine düşünen dessine:
-Bu zatlar ilde-günde ýok zat däl. Bähbit bolsun! Her iş bolsun, bähbit bolsun! – diýip, äheňini üýtgetdi.
Suraý bolsa igenç eşitmeg-ä däl, Güýzmyrat aganyň öňünde dyzyna çökmäge-de taýyndy. Ol uly howpdan gutulan adamyň birbada aýňalyp bilmeýşi ýaly, özüni ele alybilmän biraz sazanaklap durdy. Onsoň gursagynda gitdigiçe möwjeýän garjaşyk duýgularyny gözýaşa öwürdi-de, eli bilen ýüzüni tutup, hünübirýan aglap başlady. Agysy gitdigiçe güýjedi. Agy arasynda üzlem-saplam bir zatlar diýdi.
Güýzmyrat aga silkinip-silkinip eňreýän gyza uzak seredip bilmedi. Kesä bakyp:
-Ýedi ýoluň üstünde beýdip dursaň, il näme diýer? Hany, sesiňi goý-da, yzyma düş! Öýe baraly. Şu günden şeýläk seňem öýüň şol.
Ol Suraýyň öňüne düşüp, ýüzüni oba öwürdi. “Ilki öýe baraýyn, soňam wagt ýitirmän, Amanýazyň ýanyna gideýin. Amanýazyň üşügi oňat. Okumyş. Okumyşlygy çyn bolsa, agzymy açmankam diýjegime düşüner. Düşünmejegem bolsa düşündirerin. Hepdäň anna günem işan agaň ýanyna gideýin. Oňa-da öýläni okap gideýin. “Anna güni öýleden soň bitmedik işe men haýran” diýipdirler. Ilem näme diýse, şony diýsin!” diýip oýlandy.
Jahanyň aýdýany çyn bolsa, Amanýazyň bu gyzy bäbejigem ýasap ýören ýaly. Ýeri, bu kelpeňlik nireden ýolukdy? Nika ýok, beýleki ýok... Il seniň çagaňa barmagyny çommaldyp: “Wenezzyna!” diýse, ýagşymy? Musulmana gelişjek işmidir şü? Wah, Güýzmyrat aga bu zatlary görmän, ölüp gitse, oňat boljak. Emma diýeniň bolaýýarmy näme? “Ozalebetinde şuňa ýazylandyr. Ýazylan zady nädip pozjak?” diýip, ol maňlaýyny ýumruklady. Onsoň juda dymyp barmazlyk üçin:
-Kakaň öýdemikä şu wagt? – diýip, yzyndan ýarym-ýaş şumjaryp gelýän Suraýa gep atdy.
Suraý ysgynsyz ses bilen:
-Bazara gitdi – diýdi.
-Bazara ýatymlyk giden däldir. Hälä galman geler. Ynha, Amanýazy birýaňalak edemsoň, Işan aga-da maňlaýymy diräp gaýtmasam bolmaz. Nikany nähili gyýdyrmaly? O kakabaş deýýus türmeden boşap gelýänçä garaşmaly bormukam? Ýa seň özüňi oň ýanyna äkidip, şo ýerde nika gyýmalymy? Işan aga aýyl-saýyl edip beräýse gerek – diýip, Güýzmyrat aga hümürdedi.

31.

Amanýaz saňsar hakykatdan hem ir bilen turşuna bazara gidipdi. Bazary hatar-hatar syryp, aryp-ýadap, ahyrynda Berdiniň ýanyna bardy.
-Gardaş, hol günki obadaşy tapyp ber – diýdi.
-Gedaý ýaşulymy?
-Hawa. Sähet. Sähet aga.
-Beh, o gedaýyň üsti gyzyl el boldy-la, how. Dek ýaňy, ýarym sagat mundan öň heleýem geldi ony idäp. “Düýn irdenki çykyp gaýdyşy, öýe baranok, tapyp beriň” diýip, aglap gitdi.
-Nätdiň-aý? Heleýli-zatlymydy ol?
-Näbileýin? Gyzyl ýüzli, gök göz bir heleý-ä geldi çalgyrt gepläp. Bilmedim nä milletdigini.
-Tapyp bolmazmy indi?
-Beh, gedaýam ideljek eken-aý. Geregiň gedaý bolsa, kän-le, itiň täreti ýaly.
-Gedaý gerek däl-how maňa, şo obadaş gerek.
-Indi näme iş goparypdyr? Hökman bir pohluk edendir. Men oň sypatyny halamadym şo gezegem. Dek gezmejegini gözi aýdyp dur-a – diýip, Berdi müňkür gitdi.
-Goparan işi ýok. Obada ejeligi bar oň. Togsan-a ýaşandyr. Ýeke özi otyr. Damagam iliň boýnunda. Onsoň düýn gijara öýleriniň ýanyndan geçip barýarkam ýanyna sowulaýmanmy? Haçan ölse, ölübermeli, Ezraýyla taýyn aw. Ölse-de, işigine ýykylyp, ses etjek ýok. Gulagyna gygyryp, zordan özümi tanatdym. Tanadybam, bir edenim, bazarda ogluňy gördüm diýdim. Ana, başlandyr şondan. “Tapyp getir şony, men oňa garaşyp, gurap gitdim, ýogsa bireýýäm ölmelidim” diýýär. Gelmez diýsemem, onda meni äkit şoň ýanyna diýip dyzap ýatyr. Nädip äkeleýin men ony? Ýöräb-ä bilenok. Depme ker, gözem şowa. Arkama hopba edäýmesem... Ony selkildedip, bazara getirenimden ogluny eltenim gowy-da. “Eşek ýüke gelmese, ýüki eşege elt” diýýälermi? Ana, şolar ýaly boldy bi. Onsoň ertirjik getireýin diýip eňdim bäri Amanýazyň bu gürrüňine Berdiniň pisindi oturmady.
-Ýa-heý, akly dagan garryň gürrüňi üçin muň alada edip ýören zadyna sered-ä! Ine, ikisini duşurdyň diýeli. Hawa, nähili netije çykar öýdýäň? Ýeri, gutaran ülhit gedaýy nätsin ol? Depesine täç etsinmi? – diýip, ol Amanýazyň hereketlerini biweç saýýanlygy üçin nägileligini bildirdi.
Amanýaz saňsar, ähtimal, Ajap bilen Sähediň nijeme ýyllardan soňky duşuşygyny takmyn göz öňüne getirip gördi öýdýän, böwrüne doňuz diňini salyp, oturansoň:
-Razylaşjakdyr. Tapaly, gardaş! – diýdi.
-Senem halys işiňi tükedipsiň-ow! Tapanyň, elteniň bilen näme bähbidiň bar? Ýa jübiňe pul düşýärmi?
-Men pula bolamok, gardaş. Jübime gereginden artyk pul düşse, meň gep-gürrüňim üýtgeýär. Onsoň şujagaz bolşumy saklamak üçin ir bilen näme diýip dileg edýänimi bilýäňmi?
-Düzüwli dileg edýän dälsiň.
-Diňle sen! Entek ýorgangaladan çykmankam ýatan ýerimden: “Eý, Hudaý!” diýýän. “Injigimiň göterip bilmejek zadyny maňa berme!” diýýän. Göterip bilmejek zadym meni hökman ýüňsakgal etjek-dä. Şoň üçin gerek däl diýip dileg edýän.
-Saňsarlygyň bir alamaty şüýem. Seni okuwdan kowup, dogry etdiler.
-Bu zatlar hiç-le. Hany, ýaşulyny nädip tapmaly indi? Nireden gözlemeli?
Berdi ahyry oňa Zeýnebiň öý salgysyny berdi.
-Ynha, şundan habar tut. Öý salgysy şü. Öýüne barman gitjek ýeri ýok. Bazarçylaň sadaka diýip berýän puluny jantaýyna urup, içip ýatandyr bir ýerde. Puly gutaransoň ilk-ä öýüne barar, soňam bazara geler. Men bulara gaty belet.
Amanýaz saňsar Berdi bilen hoşlaşyp çykdy. Zeýnebiň öýüne ugrady. “Şu ikarada öläýen däldir-le. Içip ýatyrmyka bir ýerde? Eger öýünde ýok bolsa näme etmeli?” diýip, oýlandy. Barsa, salgy berlen öýüň gapysy gulply ekeni. Goňşulary Amanýaza şübheli seredip:
-Zeýnep hanymyň irdenki çykyşy. Nirä gidenini bilemzok. Uzak eglenmez. Kim sorady diýse, näme diýeli? – diýişdiler.
-Uzak eglenmese, garaşaýaryn. Ahyry aýlanyp-dolanyp, öýüne geler-ä – diýip, Amanýaz şo duran ýerinde dyzyny epdi.
Zeýnep bolsa şol wagt şäher keselhanasyndan Sähedi idäp ýördi. Aljyraňňydy. Süňňi bir şumlugy syzyp, galdyraýardy. Gözýaşyny sylýardy.
Şol wagt Güýzmyrat aga-da Amanýaz saňsarlaň öýünde irikge bolup, gözüni ýola dikip otyrdy. Öý eýesine garaşýardy. Ol galagoplydy.
Sähetmi? Sähet pahyryňky bolmady. Meýithana eltilensoň, onuň meýidini surata düşürdiler. Beden gurluşyna, ýüz keşbine degişli käbir alamatlary ýörite kagyza belläp, hat-petegini düzedişdirdiler, onsoň hossarlaryny tapmak üçin polisiýa bölümine ýüz tutdular. Zeýnep bolsa, Sähediň dünýäň azabyndan dynandygyny bilen dessine onuň jesedini ýygnamakdan ýüz öwürdi. “Tanamok. Meň gözleýänim bi däl” diýdi. Öýüne ýygnandy. Ýaşlygynyň sarç ýyllaryny paýlaşan, emma bagty pes gelip, täleýi şowlamadyk, dünýeden namyrat öten Sähet atly ilkinji başdaşyny ýat edip, ýas tutdy.
Ahyrynda Sähediň jesedini öli jaýlaýan edaranyň köne ulagyna ýükläp äkitdiler. Meýdini ýuwmazdan, päklemezden, eltip, şäher mazarystanlygynyň bir gyrasynda çuňlugy bir gulaç barly-ýokly, tagaşyksyz gazylan dar çukura gapgardylar. Üstüne howlukmaç gum sürdüler.

S O Ň Y

2013 ý. Mary.
Категория: Romanlar | Просмотров: 73 | Добавил: Haweran | Теги: Kakamyrat ATAÝEW | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 1
0
1 Alaýabyly   [Mowzuga geç]
Kakamyrat Ataýewiň iň gowy eserleriniň biri. Ömri uzak bolsun

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]