07:27
Garaşmak
GARAŞMAK

Sen gitdiň, giň dünýäm daraldy meniň.
Öz äkiden şatlygyňy alyp gel.
Gaşlaryňy çytman, kalbyňa, gülüm,
Diňe täsin umytlary salyp gel.

Ýola çyksaň belent arzuwlar bile,
Öýkedir kinäni sowurgyn ýele,
Açylan bägüle meňzäp sen ýene,
Meni bilbil saýyp, oýnap-gülüp gel.

Sen şeýle jadyly, şeýle zyýada,
Meni kä doňdurýaň, kä salýaň oda,
Eger bagtsyz bolmazlygmy dünýäde
Isleseň, öz zerurlygyň bilip gel.

Duýar bolsaň, kändir yşgyň-öwrümi,
Haýyr-şerden ýasalandyr her güni.
Bir öçügsi ýyldyz däl-de, ömrümi
Nur bilen bezejek Günüm bolup gel.

Olam başartmasa... Tapman alaç men,
Örtenip galsam-da, bil, senden geçmen.
Görsem bes!.. Dert bolup gapymy aç sen,
Ezraýylyň mukamyny çalyp gel.

Italmaz NURYÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 49 | Добавил: Haweran | Теги: Italmaz Nuryýew | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]