22:41
Aşyr däde
AŞYR DÄDE

«Häsiýetindäki mylaýymlyk, oba adamlaryna mahsus sadalyk, kiçigöwünlilik, sungata düşünip, ähli ýaşdaky adamlar bilen dil tapyşyp bilmegi, onuň sungata baglanan ykbalynyň bütin manysyny özünde jemleýär» diýip, Türkmenistanyň halk artisti Aşyrmyrat Gurbanowy ýakyndan tanaýanlar gürrüň berýärler.
Tomaşaçylar ilki-ilkiler ony «Suwulgan» spektaklyndaky Hargulagyň, «Gedaý bagşy» spektaklyndaky Şazadanyň. «Görogly» oýnundaky Genjim hegiň, «Däli Domrul» sahnasyndaky Domrulyň ogly Hapbaňyň, «Sen söýseň meni» oýnundaky Bally mollanyň ogly Gurtjanyň keşpleri bilen tanaýardy. Teatr sahnasynda dürli häsiýetli gahrymanlaryň atlary bilen ençeme sahnalarda çykyş eden hem bolsa, häzirki wagtda ähli ýaşdaky, ähli kärdäki tomaşaçylar ony «Aşyr däde» ady bilen tanaýarlar.
Türkmenistanyň halk artisti Aşyrmyrat Gurbanowyň «Aşyr däde» adyny nähili alandygy has gyzyklydyr öýdülendigi üçin, görnükli sahna ussady bilen duşuşygymyzda, ilkinji sowalymyz onuň il içinde meşhur bolan adyny alşy dogrusynda boldy.
- 2005-nji ýyldan başlap, Türkmenistanyň at gazanan artisti Tirkiş Garaýewiň sahnalaşdyrýan «Degişmeler dünýäsi» atly köp bölümli degişme sahnalar ýaýlyma goýberilip başlandy. «Aşyr däde» adyny almagym hem şol ýerdäki ýerine ýetirýän keşbim bilen bagly. Ýagny «Myhmançylyk» atly degişme oýnumyzda Aşyr däde atly paýtagta myhmançylyga gelýän obaly başagaý adamyň keşbini ýerine ýetirmek ynanyldy. Kellesi gara telpekli, agras, az gepleýän ýaşulynyň keşbini döretmek, onuň ruhy dünýäsine aralaşmak uly ussatlygy talap edýärdi. Eden yhlasymyz bolsa-da ýerine düşdi. Bu keşp tomaşaçylar tarapyndan gowy garşylandy. Adaty keşpleriň biri hökmünde janlandyran gahrymanymyň ady bilen ykbalymyň özgerjekdigini asla pikir hem edemokdym. Şol gülküli keşbi döredenimden bäri bolsa, «Aşyr däde» ady bilen halkymyza hyzmat edip gelýärin. Hatda käte Aşyrmyrat adymyň barlygyna özüm hem ynanamok. Indiki sowal Aşyr dädäniň sungata gelmegi, artistlik kärini saýlap alyp, onuň ýöne bir hünär däl-de, ykbalydygyna düşünmegi barada boldy. Artist bu sowala öňden garaşýan ýaly, gürrüňe höwesli girişdi:
- Aslynda, biziň maşgalamyz sungata hormat goýýan adamlar. Kakam obamyzda gepe çeper, degişgen adam hökmünde tanalýardy. Obamyzyň pagtaçylygynda brigadiriň kömekçisi bolup işlän wagtlarynda dürli henekler bilen zähmetkeş daýhanlaryň armasyny ýetirip durardy. Kakamda bar bolan şol häsiýetleriň belli bir derejede maňa-da geçendigini aýratyn belläsim gelýär.
1976-njy ýylda şol wagtky Aşgabadyň medeni aň-bilim tehnikumyna okuwa girip, ony 1981-nji ýylda tapawutlanan diplom bilen tamamladym. Artistlik ukybyma göz ýetiren halypa mugallymlar meni okuw mekdebinde işe alyp galyp, teatr toparyna režissýor edip bellediler. Şeýdip sungat älemindäki ilkinji ädimlerimi ädip ugradym. Tiz wagtyň içinde okuw mekdebindäki talyplaryň gatnaşmagynda «Dalaş» atly bir görnüşli oýnumy sahnalaşdyrdym. Ilkinji goýan oýnuma tomaşaçylar, mugallymlar ýokary baha beren bolsalaram, daýym — türkmen teatr sungatynyň düýbüni tutan artistleriň biri, Türkmenistanyň halk artisti Galpak Herräýewiň «Senden režissýor-a bilmedim welin, gije-gündiz yhlas bilen ýapyşsaň, gowy artist çykmagy mümkin» diýen sözleri häli-häzirlerem ýadymdan çykanok. Ilkinji halypamyň aýdan bu sözlerini özüme pent tutup, her gezekki ýerine ýetirýän keşbime jogapkärli çemeleşmäge çalyşdym.
Aşyrmyrat Gurbanow 1986-njy ýylda Sankt-Peterburgyň (öňki Leningradyň) Teatr, saz we kinematografiýa institutynyň drama hem kino aktýory, gurjak aktýory bölümini üstünlikli tamamlap, ozalky Aman Gulmämmedow adyndaky Ýaş tomaşaçylar teatryna işe gelýär. Ol ýerde goýlan «Suwulgan» atly spektaklda Hargulak atly ilkinji keşbini janlandyrýar. Şeýle hem şol ýyldan başlap, radioda gepleşikleri alyp barmaga isleg bildirýär.
Aşyr dädäniň teatr sahnasyna haçan we nähili gelendigi şu gürrüňle- rinden hem aýan. Şonuň üçin ondan radioda gepleşikleri alyp barmaga nämäniň itergi berendigi barada soraýaryn.
- Aslynda, ejem pahyr çagalykdan alyp baryjy bolmagymy arzuw edýär Radioda ussat diktorlar Geldi Bäşiýew, Baýram Geldimyradow dagy çykyş edende olaryň çykyşlaryny uly höwes bilen diňlärdi. Gepleşiklerini duşundan geçirmezdi. Ejemiň men hakdaky arzuwlary orta mekdebe gatnap başlan ýyllarymdan hasyl bolup başlapdy. Mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy Aşyr Ataýew edebiýat sapagyndaky çeper okaýyşlaryň ählsini maňa tabşyrypdy. Mekdebimizde geçirilýän dabaraly çäreleri, baýramçylyklary alyp barmagymy mugallymlarym maňa ynandylar. Şeýdip, orta mekdepde belli bir derejede alypbarjylyk ukybymy ösdürmäge çalyşdym.
1986-njy ýyldan häzirki wagta çenli bolsa, radioda dürli edebi gepleşikleri alyp barýaryn. Radioda ussat diktorlar Türkmenistanyň halk artistleri Magtymguly Myşşyýewiň, Juma Ýazmyradowyň halypalyk göreldeleri, beren maslahatlary maňa sungatyň bu görnüşi boýunça has-da kämilleşmegime itergi berdi. Indi birnäçe ýyl bäri «Watan» radioýaýlymynda «Edebi çemen atly gepleşigi alyp barýaryn.
Artistiň berýän gürrüňlerini diňleýän wagtym bir waka ýadyma düşýär. Bir gezek maý aýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda «Magtymguly sözlär tili, türkmeniň!» atly döredijilik bäsleşigi geçirildi. Bäsleşigiň çäklerinde agşam, aýdym-sazly dabaralar, duşuşyklar geçirildi. Şol duşuşyklaryň birinde etrabyň Gerkez obasyndan gelen ýaşy altmyşa ser uran Baýram aga bilen gyzykly söhbet etdik. Ol şonda ýakyn günlerde agtyklary Myrat bilen Meňlini «Ýaşlyk» teleýaýlymynda taýýarlanýan «Siziň üçin, körpeler!» atly gepleşige alyp barjakdygyny aýdyp, Aşyr dädäniň ussatlygyna ýokary baha berdi: «Agtyklarym her gezek bu gepleşige tomaşa edende, öz ýaşlyk ýyllaryma dolananymy hem duýman galýaryn. Birmahallar Aman daýynyň (Türkmenistanyň halk artisti Aman Baýramberdiýew) uly ussatlyk bilen alyp barýan gepleşigini Aşyr dädäniň alyp barmagy örän ýerlikli edilen iş. Onuň çagalar bilen özara dil tapyşmagy, olaryň iň ýakyn dostuna öwrülip bilmegi gepleşigiň täsirini artdyryp, ähli ýaşdaky tomaşaçylary hem özüne kökerýär. Käte şol gepleşige tomaşa edýän pursatym gaýtadan çagalygyma dolanyp, dürli goşgudyr tapmaçalary öwrenip Aşyr dädäniň öňünde okap beresim geliberýär».
- Meniň aslynda öz okan ugrum gönüden-göni çagalar, olaryň durmuşy bilen baglanyşykly. Moskwada okan ýyllarym bize «Çaga psihologiýasy» atly ýörite sapak geçilýärdi. Halypa mugallymlarymyz ýalan zatlara hakykat gözi bilen garamaklygy çagalardan öwreniň diýip aýratyn nygtaýardy. Sebäbi çaga özi bilen ýaşytdaş adamlary öz dünýäsine aralaşdyrýar, dil tapyşýar. Men her gezek çagalar bilen duşuşanymda «Çagalar-jennetiň güli» diýýärin. Çagalaryň kalby arassa. Olardan köp zatlary öwrenip bolýar. Şonuň üçin-de başda bu gepleşigi alyp barmagymy tabşyranlarynda biraz ýaýdandym. Sebäbi ýaşyň elli- den geçenden soň çaga ýaly hereket etmek, olaryň dünýäsine aralaşmak, has dogrusy, «çaga» bolmak uly ussatlygy, aýratyn başarnygy talap edýärdi. Başga bir tarapdan bolsa, halypamyz — biziň söýgüli Aman daýymyzyň ýoluny dowam etdirmek uly jogapkärçiligi üstüňe ýükleýärdi. Her näçe jogapkärli bolsa-da bu teklip bilen razylaşdym. Gije-gündiz bar aladam çagalaryň söýgüsini gazanmak, olaryň ruhy dünýäsine aralaşmak, kalbyna barýan ýoly tapmak boldy. Ynha, indi şol yhlasymyzyň ýerine düşendigini görüp, özümiň şeýle teklibi kabul edendigime begenýärin.
Aslynda sungaty duýmagy başarmaly. Artist hökmünde islendik keşbi döretmegi ynanyp bilerler. Uly ýaşdaky gojanyň keşbi bolsun, isle çagalar bilen işleşmeli bolsun ýa dürli gülküli keşpler, tapawudy ýok, esasy zat: ynandyrmagy başarmaly. Döredýän keşbiňdäki adamyň häsiýetini özüňe alaňsoň, özüň duýmazdan, oňa öwrülýärsiň. Eger seniň ýerine ýetirýän keşbiň tomaşaçylar tarapyndan gowy garşylansa, olaryň ruhuna, duýgularyna nähilidir bir täsir ýetirip bilse, ine, seniň sungata düşünýänligiň, oňa ymtylýanlygyň. Şol pursat özüňde peýda bolýan gujuryň, joşgunyň nireden gelenini özüň hem duýmaýarsyň. Onsoňam, her bir işe näçe köp zähmet siňdirseň, şonça-da lezzetli. Artist häsiýeti döretmek arkaly tomaşaçylara täze bir dünýäni açyp görkezmäge synanyşýar. Teatra «durmuşyň aýnasy» diýilmeginiň sebäbi hem şundan gelip çykýar. Sahnada janlandyrylýan her bir keşp durmuşda bar bolan adamlaryň häsiýetlerinden alynýar. Has dogrusy, tomaşaçylar teatra gelip «özlerini» görýär. Her bir ýerine ýetirýän keşbiň arkaly adamlaryň kalbyna aralaşyp bilmek ýaly uly zat ýok. Munuň üçin her bir täze keşbiň üstünde irginsiz işlemeli, ýüregiň bilen hereket etmäni başarmaly.
Şu geçen menzilime nazar aýlanymda özümiň artistlik kärini saýlanyma begenýärin. Şu ýola gelmegime goltgy beren enem-atama, deň-duşlaryma, halypalaryma minnetdar bolup, olaryň öňünde baş egýärin.
Sungatyň teatr, kino, telewideniýe, radio ýaly birnäçe ugurlary boýunça kämillik ýoluny geçip, halypalyga ýetişen Aşyrmyrat Gurbanow bu gün milli medeniýetimizi, sungatymyzy geljek ýyllarda has-da ösdürjek bagtyýar döwrümiziň bagtly talyp ýaşlaryna sungatyň inçe ýollaryny öwretmekde, ykbalyny baglan hünärini has-da kämilleşdirmekleri üçin irginsiz zähmet çekýär. Ol 2010-njy ýyldan bäri Türkmen döwlet medeniýet institutynyň «Gurjak» bölüminde gurjak artisti hünärinden bilim berip, institutyň halypa mugallymlary, Türkmenistanyň halk artistleri Nurmuhammet Keşşikow, Halmämmet Kakabaýew dagy bilen birlikde Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda ýaşlaryň gatnaşmagynda sahnalaşdyrylýan dürli sahna oýunlarynyň ýokary derejede goýulmagy üçin öz goşandyny goşýar.
- Gahryman Arkadagymyz «Watan beýikleri beýgeldýär» diýýär. Watan diýilýän mukaddeslige näçe hyzmat etseň, mertebäň şonça belent bolýar. Biz hem beýik işler bilen Watanymyzy beýgeltmeli. Bu gün türkmen halky bagtyýar ýaşaýyşyň, bagtly durmuşyň hözirini görüp ýaşaýarlar. Medeniýet ulgamynda durmuşa geçirilýän işler bolsa, biz — sungat işgärleriniň başyny göge direýär. Şeýle oňaýly şertleriň, mümkinçilikleriň döredilýän döwründe milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň has-da rowaçlanjakdygyna, onuň uzak ýyllaryň dowamynda toplan baý tejribesiniň, ajaýyp däp-dessurlarynyň, şol sanda halypa-şägirtlik ýörelgeleriniň saklanjakdygyna we öňküdenem baý- laşjakdygyna, kämilleşjekdigine pugta ynanýarys.
Dogrudan-da, sahna ussady, ussat diktor, mugallym — biziň Aşyr dädemiz mamla. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik işleri netijesinde döwür galkynýar, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, döredijilik, sungat wekilleriniň, döretmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şeýle mümkinçiliklerden ruhlanyp zähmet çekýän Türkmenistanyň halk artisti Aşyrmyrat Gurbanow hem häzirki günlerde yhlasly zähmet çekýär.

Muhammet BEKGIÝEW.

Aşyr dädäniň degişmelerinden

■ Sahnada kän ýer tutamok


Bir gezek epeý kärdeşleriniň biri bilen Aşyryň arasynda şeýleräk gürrüň bolupdyr:
- Aşyr, saňa haýsy oýun goýulsa-da, hökman bir keşbi döretmegi ynanýarlar welin, sebäbi näme?
-Sebäbini bileňokmy?
-Ýok-la, bilsem sorajak däl-ä.
- «Göwün sygsa göwre sygar» diýen nakyly eşitdiňmi?
- Hawa.
- Hawa bolsa, hany şony tersine aýt!
- «Göwre sygsa, göwün sygar».
- Ana, sebäbi. Men sahnada kän ýer tutamok - diýip, Aşyr ýylgyrypdyr.

Ýüküň ýeňili gowy dälmi?

Aşyr ýetginjeklik ýyllary okuwdan boş wagtlary obada meýdan işlerine gatnaşyp ýap gazypdyr, pel-çil çekipdir. Bir gün ony baş suwçylaryň birine kömekçi edip iberipdirler. Şonda ol adam Aşyry boýdan-başa synlap, gapdalda duran brigadire:
- A-how, brigadir, kömekçi şu boljak bolsa, al-da gidiber. Mundan daýawraklaram iş başarman ýük bolýar, bu nä ýük bolmaz öýdýäňmi? - diýipdir. Suwçynyň sözleri gulagyna ýakmadyk Aşyr:
- Agam, mydama agyr ýük göterip ýörmän, ýeňiljeginem bir göterip gör-dä - diýip ýylgyrypdyr.

«Agdaryp goý» diýmediňizmi?

Baş suwçynyň Aşyra göwni ýetmändir. Hatda otda çaý gaýnadyp berse-de, «tüssä gaýnadypsyň» diýip iňirdäpdir. Bir gün ol «Hany sen çaý gaýnar welin, demle-de agdaryp goý! Menem suwa aýlanyp geleýin» diýip gidipdir.
Aşyr aýdyşy ýaly edipdir. Çaý gaýnapdyr welin, demläp, soňam tüňçäni dik başaşak edip goýupdyr. Suwçy gelip gykylyk baryny edipdir. Aşyr hiç zat bolmadyk ýaly, “Özüňiz «agdaryp goý» diýmediňizmi?» diýip ýylgyrypdyr.
Категория: Teatr we kino sungaty | Просмотров: 70 | Добавил: Orhideýa | Теги: Muhammet Bekgiýew | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]