16:59
Kalbyňyzda ýer goýuň
KALBYŇYZDA ÝER GOÝUŇ

Adamyň kalbyndan giňiş ýer ýokdur,
Oňa Ýer şary hem ýerleşip biler.
Kalp älem bilenem birleşip biler.
Ýaşaýşymyz ýerden, ömrümiz ýerden,
Janymyz asmandan süňňümiz ýerden.
Ýerlejek bolsalar ýer ýetse ýerden,
Hem amanat öýüň hem baky öýüň
gujagynda ýatyp ynjalsyn beden.
Kalbyňyzda uşbu şara ýer goýuň!

Namys-arsyz ýaşap bilýän bar bolsa,
Adam däldir, ar-namys iň zerur zat.
Ar-namyslyň iki dünýesi abat.
Eger kimde bolsa namys bilen ar,
Bolar onda wepa, haýa hem ygrar.
Siz ony çyn saýyň, etmäň siz oýun,
Kalbyňyzda namys-ara ýer goýuň!

Köňül joşa gelse ýürek çalar saz,
Damardan çogýandyr iň süýji owaz.
Çöken göwne direg, şat göwne ganat,
Hasratda hemaýat, söweşde raýat.
Ýow gaýtarar, ýene bezegi toýuň.
Owazy bolanyň dowamy bolar,
Kalbyňyzda aýdym-saza ýer goýuň!

Söýgi diýlen söwda adam başyna,
Düşýän zatdyr, onsuz ömür ömür däl.
Yşksyz ömür yşyksyz bir tümlükdir,
Adam ömürlik däl, yşk ömürlikdir.
Elbetde, söýgi bir dermansyz dertdir,
Dermansyz dert çeken gümansyz mertdir.
Biz didar hem dildar derdine boýun,
Kalbyňyzda söwer ýara ýer goýuň!

Adam ömri dört pasyldan durýandyr,
Ýaz bilen tomusdyr, güýz bilen gyşdyr.
Ömrüň uşbu dört pasyla sygýandyr.
Ömür bäş gün başymyzda jygadyr,
Özem soňy aýan bir pajygadyr.
Ömrüňiz diňe ýaz kyljak bolmaň,
Ýa özüňiz diňe ýaz boljak bolmaň.
Dünýä diňe hoşboý ysly güller däl,
Diňe maýyl günler, yssy günler däl.
Sowuk günem bardyr, dünýäni duýuň,
Kalbyňyzda ýagyş-gara ýer goýuň!

Adam ýalňyz ýaşap bilmez dünýäde,
Hatda haýwanyňam hemdemi bardyr.
Ýaşdaşy, duşdaşy ýa deňi bardyr.
Dost-ýarsyz ynsanyň ömri haýypdyr,
Haýp ýaşamak iň ullakan aýypdyr.
Ömrüňiz gysganmaň dost-ýara paýlaň,
Ogul-gyza ýene hossara paýlaň.
Goý, sizi söýsünler, goý, sizem söýüň,
Kalbyňyzda dost-u-ýara ýer goýuň!

Hoş bolsa-da öz-özünden göwnüňiz,
Ynam gerek, ýüregňiz boş bolmasyn.
Tamam bolup, paýawlanda ömrüňiz,
Karz berlen gün al gyzaryp ýaşanda.
Gury gelip ýalançydan boş gitmäň,
Toba kylyň, Hak ýadyndan daş gitmäň.
Kitap, Kuran okap Resula uýuň,
Kalbyňyzda Biribara ýer goýuň!

Adam ogly ýaşap ýörende diri,
Iň uly hözürdir watan hözüri.
Biwatana watan puldur, harytdyr,
Bize bolsa giňlik berýän diýardyr.
Watansyzlar baý bolsa-da garypdyr,
Garybyň watany bar bolsa baýdyr.
Diýseler: -Watandan beýik zat barmy?
Ondan beýik diňe Hudaý bar diýiň,
Kalbyňyzda bu diýara ýer goýuň!

Atamyrat ATABAÝEW
Категория: Goşgular | Просмотров: 55 | Добавил: Ahmet | Теги: Atamyrat Atabaýew | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]