17:04
Hasar señki Äşe gyz
HASAR SEŇKI ÄŞE GYZ

HASARYMYŇ kesmer-kesmer gaýasy,
Garşy alar baglarynyň saýasy,
Dereleriň misli eliň aýasy,
HASAR seňki, HASAR seňki Äşe gyz.

Depesinde Mezitlidir çeşmesi,
Kynam bolsa, geçiýändir geçmesi,
Wagt-wagt bardyr olaň joşmasy,
HASAR seňki, HASAR seňki Äşe gyz.

Dereleri alma, injir, narlydyr,
Niräňe seretseň ajap baglydyr,
Uzakdan görüner başy garlydyr,
HASAR seňki, HASAR seňki Äşe gyz.

Dereleri dürli-dürli atlydyr,
Gişdere, Almaly ýakyn ýatlydyr,
Akýan çeşmeleri örän batlydyr,
HASAR seňki, HASAR seňki Äşe gyz.

Burnaz bir deresi dagyň seresi,
Gylçalypa, Çapçy uly deresi,
Görenleriň ýene geler göresi,
HASAR seňki, HASAR seňki Äşe gyz.

Uli bir deresi Jellatdyr ady,
Özüne tiz çeker ýakyny-ýady,
Sesiňe ses goşar, misli bir jady,
HASAR seňki, HASAR seňki Äşe gyz.

HASARYŇ gaýrasy ady Margyzdyr,
Ilersiniň ady uly Bargyzdyr,
Bu atlar taryhdan galdyrlan yzdyr,
HASAR seňki, HASAR seňki Äşe gyz.

GÜNDOGARY Han Batynyň gädigi,
GÜNBATARY Ýolly deräň gädigi,
Şol ýolda ýyrtypdy Meýlis ädigi,
HASAR seňki, HASAR seňki Äşe gyz.

14.07.2011 ýyl.
Категория: Goşgular | Просмотров: 49 | Добавил: Hasarly | Теги: Meýlis Hasar | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]