15:49
Fahrelnissa Zeid we onuñ döredijiligi
FAHRELNISSA ZEID WE ONUÑ DÖREDIJILIGI

Yslam we wizantiýa sungatyny utgaşdyryp bilen ilkinji zenan suratkeş Fahrelnissa Zeidiň ömri we eserleri barada şekillendiriş sungatynyň muşdaklaryny gyzyklandyryp biläýjek maglumatlar

Fahrelnissa Zeid kim bolupdyr?

Fahrünnissa 1901-nji ýylda häzirki Türkiýäniň Büýükada diýen ýerinde dünýä inipdir. Begzada maşgalanyň bäşinji çagasy bolup dünýä inen Fahrünnisanyň kakasy Şakir paşa Osmanly soltany Abdylhamyt II-niň baş wezirlerinden Jewat paşanyň doganydyr. Şonuň üçinem onuň dogany bilen fotosurat sungaty, taryh we çeper edebiýat ýaly birnäçe ugurda meňzeşligi bar. Kitap okamagy gowy görýän we häzir Arheologiýa muzeýiniň kitaphanasynda saklanýan bäş müňden gowrak kitaby bolan Şakir paşa dil bilimi bilen birlikde şekillendiriş sungaty bilenem içgin gyzyklanypdyr. Ol Parižde gatnaşan bir surat ýaryşynda ikinji orna mynasyp bolupdyr. Fahrünnissanyň ejesi asly kritli Ismet hanymdyr. Şakir paşanyň sungata aşyklygy köşke gelen keman (skripka), pianino, surat we dilçi mugallymlar bilen köşgüň mähellesiniň hasam şüweleňli bolmagyna sebäp bolupdyr. Netijede Fahrünnisa hem şol şüweleňli märekäniň içinde sungat bilen tanşypdyr. “Galikarnas balykçysy” lakamy bilen tanalýan we Jewat paşanyň ady goýlan Jewat Şakir Kabaagaçly Fahrünnisanyň uly erkek doganydyr, meşhur keramikaçy Füreýa Koral bolsa onuň ýegeni, sungat işgäri Aliýe Berger hem özünden kiçi gyz doganydyr.
Fahrünnissanyň şekillendiriş sungatyna bolan gyzyklanmasy Jewat paşanyň goldawy bilen hasam artypdyr. Fahrünnissa entek sekiz ýaşyndaka uly erkek dogany Oksforddaky okuwyny taşlap, Rimiň Çeperçilik akademiýasyna giripdir. Bir gün ol jigisinden tuş bilen söýýän gyzynyň portretini çekmegi haýyş edýär. Fahrünnissanyň kagyzyň ýüzüne çeken suraty janly adam ýaly keşbi emele geiripdir we dogany onuň çeken suratyna haýran galypdyr. Agasy oňa surat albomyndan bir boş sahypa goparyp berip, eline-de bir galam berip, näme çekesi gelse çekmegi sorapdyr. Ol şol gün tutuş oturan otagynyň suratyny çekipdir. Çeken suratyny agasyna görkezende, ol: “Aperin, Nissa. Dözümli galam ýöredişiňe haýran galdym. Ýaşyňa laýyk adamyň inini jümşüldedip biljek dünýägaraýşyň bar” diýipdir.
1919-njy ýylda Büýükadadan çykyp, Stambulyň Çeperçilik akademiýasyna gidende başga tüýsli Fahrünnisa çarşafyny (ýapynjasyny) çykaryp, döwrebap eşige geçýär. On dört ýaşynda kritli garry enesiniň suratyny çekýär.

Maşgala durmuşy we çagalary

Fahrünnissa 1919-njy ýylda “Serweti-Fünün” edebi akymynyň ýazyjylaryndan Izzet Melih Dewrime durmuşa çykýar we onuň bilen bile Pariže gidýär. Parižde muzeýler, galareýalar we Günbatar sungaty bilen ýakyndan tanyşýar.
Atatürk bilenem Izzet Melih bilen ýaşaşyp ýörkä tanyşýar. Fahrünnissa Atatürküň hakyky janköýeridi we oňa hakyky türk zenanydygyny köpugurly artykmaçlygy bilen subut etmegi başarypdy. Ol täze türk elipbiýini kabul etmek boýunça geçirilen konferensiýada Atatürküň gapdalynda oturypdy we Atatürk täze elipbiýde ilki bilen Fahrünnissanyň adyny ýazypdy.
Izzet Melih bilen gyzykly durmuşy başdan geçiren Fahrünnissa agşamky oturşyklaryň, şüweleňleriň ýörite çagyrylýan adamyna öwrülýär. Ol Şişlidäki öýünde öweý gyzy Remide, gaýynenesi we baldyzy ýaramaýar. Köplük bolup ýaşamak soňabaka onuň üçin hossa öwrülýär. Fahrünnissany iň beter horlanam gelejekde “bular ýaly hasraty ne öň, ne soň başdan geçiripdim” diýdiren waka-da birinji çagasy Farugyň iki ýarym ýaşynda aradan çykmagydy. Faruga on iki ýaşly Remideden ýokanç gyzamyk (skarlatina) keseli geçiripdir.
Teatr aktrisasy Şirin Dewrim Fahrünnissanyň gyzydyr. Jewat Şakiriň maşgalasy sungat adamlaryna aýratyn üns berendigi üçin olaryň maşgala agasynyň hemmesi sungat dünýäsiniň wekilleridir. Onuň ogly 1946-njy ýylda Büýükadada dünýä inen Melih Dewrim Galatasaraý liseýini tamamlandan soň Marselden Pariže sungat ugrundan okamaga gidipdir. De la Grand-Şomýer akademiýasyna giripdir we Leopold Lewiniň elinde okapdyr. Fransuz dilini suwara bilensoň, Lewiniň assistentligini edipdir. Türkiýede abstraksionizmiň ilkinji wekillerinden bolan Dewrimiň aýaly Mariýa adamsyna akylly-başly, medeniýetli adam hökmünde baha berýär we ol hemişe maşgalasynyň goldawyna garaşyp gezipdir, şeýle-de bolsa ol, şowsuzlyga uçrapdyr. Parižde surat sergisini açan ilkinji türk suratkeşi Dewrimiň ejesini begendirmek üçin suratkeş bolandygy aýdylýar.
Izzet Melihden aýrylyşyp, Emir Zeide durmuşa çykan Fahrünnissa soňra adyny-da arapçalaşdyrýar. Ol aradan çykandan soň, hemmeler ony Fahrelnissa Zeid diýip tanaýar. Emir Zeid ömrüniň ahyryna çenli aýalynyň sungatyny goldaýan we oňa hormat-sylag bilen garaýan wepaly ýanýoldaş bolup galýar. Ony çaga ýaly eý görüp eliniň aýasynda saklaýar, diliniň gürlän zadyny edýär. Nerw nähoşlugyny tapynyp, birnäçe aýlap düşekden galman ýatan suratkeş zenana adamasy hemişe mylakatly çemeleşipdir. Bagdatda ýaşan wagty Fahrelnissa otuz ýedi ýaşynda eken. Bagdadyň monoton (birsydyrgyn we içgysgynç –t.b.) durmuşyna öwrenşip bilmedik suratkeş gaýtadan Pariže gidýär. Ýanýoldaşy Zeid ölenden soňam ýene bäş ýyllap Parižde ýaşaýar. Ýöne soňabaka bu ýerde hem ýaşap bilmejegine göz ýetirip, 1976-njy ýylda ogly Raadyň ýaşaýan şäheri Ammana gidýär we ol ýerde aradan çykýança (1991) ýaşaýar. Onuň iň belläp geçmeli tarapy bolsa, Ammana modern sungaty getiren ilkinji zenan suratkeşligidir.

Fahrelnissa Zeidiň döredijilik ýoly we sungata bolan garaýşy

Kiçijik ýaşdan başlap suwly boýag we surat çekmek boýunça bilim alan suratkeş uruş ýyllarynda Çeperçilik akademiýasyna (“Sanayi-i, Nefise”) girýär. Babyalynyň (Osmanlynyň Ministrler kabineti) ýanynda ýerleşen akademiýa her gün Büýükadadan gatnaýar. Çyzuwly surat çekmegi we onuň perswektiwasyny çuňňur öwrense-de, ýagly boýaga geçensoň hemmeleriň çekýän birmeňzeş resmi stilini halaman başlaýar we ondan el çekýär.
Birinji äri ýazyjy Izzet Melih bilen nikalaşandan soň he rýyl Parizže giden suratkeş 1927-nji ýylda Ranson akademiýasyna gatnap başlap. Abstraksionizmiň ussatlaryndan mugallymy Rože Bisýeriň oňa täsiri uly bolýar. Surat ussahanasyna gatnap başlan ikinji hepdesinde mugallymy barada şulary ýazýar:
“Modelden çeken işimi juda gowy görüpdim. Ussahanada ýanymdaky iki ýapon talybyň çeken gögümtil modelde bolsa ne forma, ne reňk, ne ekspessiýa, ne-de ýagtylygyň kölegesi bardy. Mugallymymyz Bisýer ussahana gelende iki ýaponyň çeken suratyny öwensoň, meňkä-de gowy baha berjegine ynanýardym. Emma ol çeken suratymy ýere zyňdy-da, “Siz fotosuratçy däl ahyryn. Hiç wagt tebigaty bolşy-bolşy ýaly suratlandyrmaly däl” diýdi. Meniň “beýtjek bolsaň model nämä gerek?” diýen soragyma “Model ýöne bir görkezme esbabydyr. Eger siziň aýtjak üýtgeşik sözüňiz bolsa aýdyň. Fotosurat bilen şekillendiriş sungatynyň hiç hili baglanyşygy ýokdur” diýip jogap berdi. Meniň haýyşym bilen müdir hanym Bisýerden ýaponlaryň çeken suratynyň nämesini halandygyny we maňa namüçin beýdendigini soranda, ol şeýle jogap berdi:
“Bu zenan juda zehinli. Emma ol köpçüligiň hataryndan saýlanmagyň deregne surat bilen oýun edýär. Eger ol garyp suratkeş bolan bolsady, güzeranyny sungaty bilen dolajaka bolup şumada çenli meşhur bolup giderdi. Men oňa ýagşylyk isleýändigim üçin gödegräk tankyt etmäge mejbur boldum.”
Fahrelnissa Zeid Türkiýede surat işlerini Stambul şäheriniň “Walide Çeşme” raýonyndaky öýünde dowam edýär. Ol şol döwrüň sungat tankytçysy Fikret Adylyň maslahaty bilen ilki “D” toparynyň sergilerine gatnaşýar. Birinji hususy sergisini 1945-nji ýylda ýaşaýan ýeri bolan “Maçka Ralli” umumyýaşaýyş jaýynda gurnaýar. Ol ähli goş-golamyny ambara daşap, öýüni boşadýar we çeken 180 sany suratyny sergide goýýar. Fikret Adyl bilen birlikde birnäçe tankytçydan jaýyň iň ýokarky dördünji gatynyň iň soňky otagyndaky sergä hiç kimiň gelmejekdigi barada bellikleri alýar. Emma sergä bolan gyzyklanma şeýle bir uly bolýar welin, stambullylaryň ählisi, hatda mekdep okuwçylaryna çenli gelip, sergä gatnaşýar.
Ömrüniň köp bölegini Londonda we Parižde geçiren suratkeş Londondaky birinji sergisini 1947-nji ýylda “St. Georges” galareýasynda Pariždäki birinji sergisini-de 1949-njy ýylda “Colette Allendy” galareýasynda gurnaýar. Pariždäki 39-njy belgili ussahanasynda iň gowy eserlerini döredýär we Parižiň intellektual gatlagy bilen dostlukly gatnaşykda bolýar. Andre Parinaud Fahrelnissa Zeidiň ussahanasyna jadylaýjy ýer hökmünde baha berýär we ol ýere bir girse yzyna çykasynyň gelmeýändigini ýazýar. Ol bu jadynyň jisimleri şekillendirme güýjünden has ýokarydygyny aýdýar we suratkeşiň suraty bilen şekillendirmäniň aslyýetinde kişiniň içki hakykatydygyny nygtapdyr. Arasy o diýen gowy bolmasa-da, 1949-njy ýylda Pariže gelen Fahrelnissa Zeidi ähli sungat işgärleri we galareýalar bilen tanyşdyranam onuň ogly Nejad Dewrimdir.
Parižiň sungat dünýäsine döredijiligini ykrar etdiren serginiň 1953-nji ýylda “Dina Vierny” galareýasynda gurnan sergisidigini aýdan suratkeş has soňra daşary ýurtlarda-da birnäçe sergileri gurnaýar. Bu galareýa diňe şol wagtyň däl, eýsem biziň günlerimiziňem iň möhüm galareýalaryndandyr. Galareýanyň hojaýyny Fahrelnissanyň öz ruhuny gatyp surat çekýän üýtgeşik suratkeşdigini aýdýar: “Ol öndümli işleýän zenandy. Güneşi, şaý-seplerini, ruhuny gatardy.”
Türkiýedäki şahsy sergisini 1964-nji ýylda Stambuluň Çeperçilik akademiýasynda we Ankaranyň Hett muzeýinde gurnaýar. Bu sergilerinde çyzuwly suratlary bilen tanalan, ilkibaşda çyzuwly surat çekmedik, hatda çekmejek bolup jan eden suratkeş nämüçin çyzuwly surat çekendigini şeýle düşündirýär:
“Çyzuwly surat çekmegimiň birnäçe sebäbi bar. 1938-nji ýylda Bagdada birinji gezek gidenimde köşkpisint jaýyň penjiresinden daň uçurlary başynda gatykly jam göterip bazara tarap haýdap barýan aýallary synlapdym. Çagalygymda-da penjirden seredenimde adamlaryň gözenegiň aňyrsyndan synlapdym. Dogrymy aýtsam, gören adamlarymdan olaryň öwüsýän reňkleri has gyzyklydy. Şonuň üçin çeken suratlarymda reňkleri gara çyzgylara böldüm.”

Fahrelnissa Zeidiň iň belli eserleri

“Dowzahym”, 1951


Fotosurat däl portret çekmek üçin üç şahsyp gerekdigini aýdýan suratkeş şol şahslaryň suratkeşiň özi, model (nusga alnyp çekilýän kişi) we iň kyny-da holstyň ýüzünde peýda bolmaly şahsdygyny aýdýar. Şonuň üçin modeli gaty ýakyndan synlamak islemändir, çünki golaýyna getirse, suratyny o diýen gowy çekip bilmezliginden çekinipdir. “Modelim menden 6-8 metr uzaklykda bolmalydyr” diýýän suratkeş birtüýslije nämälimligiň içinde işlemäni halapdyr. Ol öz işine söweş diýip baha berip, bu söweşde ýeňiş gazanmagyň gerekdigini aýdýan eken. Fahrelnissa Zeid hut şu güýç bilenem ajaýyp portret işlerini döredipdir.

“Geçmişden biri” (Awtoportret), 1980

Onuň çeken suratlarynyň belli bir derejede persiýaly, belli bir derejede eýranly, şol bir wagtyň özünde günbatarlydygy aýdylýar. Döwrüniň sungat telekeçilerinden Katýa Gronoff Fahrelnissa Zeide Parižden gelen guýrukly ýyldyz hökmünde baha berýär. Oňa “Diňe astronomlaryň we hünärmenleriň açan guýrukly ýyldyzy. Belki-de köpler oňa düşünmedi, emma biz kinomatografiýaçylar, sungat tankytçylary we sungat telekeçileri gowy düşündik. Ömrümiziň ahyryna çenli onuň aňladan zatlaryny göterip gezsegem, ýene az bolar.”
Subgat tankytçysy Andre Parinaud bolsa Fahrelnissanyň özboluşly surat çekiş stiline şeýle baha berýär: “Ol... Gündogaryň ruhuny biziň Günbatarymyzyň dinamizm güýjüne ussatlyk bilen utgaşdyrmagy başarýar.”

“Abstrakta garşy göreş”, 1947 (holstyň ýüzündäki ýagly surat)

Fahrelnissa Zeid “Meň pikirimçe portretdir abstraktlaýynlygyň arasynda ullakan tapawut ýok. Islendik bir adam azyndan ýüz sany adamyň keşbini çekip biler, ýöne olaryň biri-de beýlekisine meňzemez. Çünki, bu iş fotosuratçylyk däl-de, eýsem barça ruhy geçişleri bilen bir adamyň ruhy, onuň geçmişi we şol pursatda meniň göz öňümde janlanan ähli medeniýetlerdir” diýip, abstrakt we portret işlerine baha beripdir.

“Atom we ösümlik dünýäsiniň arasynda”, 1962

Suratkeşiň 1962-nji ýylda çeken “Break of the Atom and Vegetal Life” (“Atom we ösümlik dünýäsiniň arasynda”) Dubaýyň “Christie’s” auksion merkezinde geçirilen auksionynda 2 million 741 müň amerikan dollaryna ( 5 million 450 müň türk lirasyna golaý) satyldy. Zeid 2013-nji ýylda agzalan suratynyň satuwy bilen “Ýakyn Gündogaryň iň gymmat bahalanan eserini döreden zenan suratkeş” bolmagy başardy.
Adila Laidi-Haniehiniň iňlis dilinde ýazan “Içki dünýäleriň suratkeşi” kitaby “Dirimart RES” neşirýaty tarapyndan türk diline terjime edilip, çap boldy. Kitap suratkeşiň 2018-nji ýylda geçirilen “Tate Modern”-däki sergisi üçin çap edilipdi. Kitabyň sahabyna ýerleşdirilen fotosuratlar hem Ara Güler tarapyndan düşürildi.

Feride ÇELIK.

24.02.2020 ý.
Категория: Şekillendiriş we heýkeltaraşlyk sungaty | Просмотров: 37 | Добавил: Haweran | Теги: Feride Çelik | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: