11:42
Türkmen opera sungatynda "Zöhre-Tahyr" dessany
TÜRKMEN OPERA SUNGATYNDA «ZÖHRE-TAHYR» DESSANY

Türkmen saz sungatynyň taryhy başlangyjynda meşhur dessan ýordumlary esasynda döredilen sazly sahna eserleri opera žanrynyň ösmeginde ähmiýetli omy eýeledi. Türkmen kompozitorlarynyň dessanlara ýüzlenmegi diňleýjiler üçin ozal tanyş bolmadyk žanry kabul etmekde ýeňillik döredýär.
Mollanepesiň «Zöhre-Tahyr» dessanynyň ýordumyna ilkinji bolup A.Şapoşnikow ýüzlenýär. Ol 1940-njy ýylda «Zöhre we Tahyr» atly sazly dramasyny ýazýar. Soňra 1941-nji ýylda bu dramanyň sazy esasynda adybir operasyny döredýär. Bu eseriň opera we balet teatrynyň sahnasynda ilkinji gezek goýulmagy türkmen opera sungaty üçin taryhy waka öwrülipdi. Opera 4 perdeden we 8 görnüşden ybarat bolupdy. 1953-nji ýylda operanyň ikinji redaksiýasy W.Muhadow bilen bilelikde ýazylýar. Türkmen operasyny ýazmakda azda-kände tejribe toplan kompozitorlar eseriň ýordumynyň many taýdan has çuňlaşdyrylmagy, dramanyň sosial tapawudynyň has güýçlendirilmegi gapma-garşylykly keşpleri häsiýetlendirýän temalaryň aýry toparlarynyň emele gelmegine getirdi. Operada aglaba dessan operalaryna mahsus bolan leýtmotiwleriň giň ulgamy berlen. Eserde çykyş edýän esasy gahrymanlar özboluşly äheňler bilen häsiýetlendirilen.
A.Şapoşnikowyň we W.Muhadowyň «Zöhre we Tahyr» operasynda onuň edebi çeşmesi bilen meňzeşlikleriň we tapawutlaryň derňewine geçmezden ozal, dessanyň ýordumy we onuň döredilişi bile bagly bolan käbir maglumatlaryň üstünde durup geçeliň.
«Zöhre-Tahyr» ýordumyna döredilen eserler halkyň arasynda uly meşhurlyga eýe bolupdyr. Bu ýordum esasynda köp sanly rowaýatlar, ertekiler, hekaýatlar, halk dessanlary döredilipdir. Ýordumyň haýsy döwürde ýüze çykandygy barada alymlar henize çenli takyk netije çykaryp bilenoklar. «Zöhre-Tahyr» ýordumy diňe bir türkmen, özbek, azerbaýjan, gazak ýaly türki halklaryň arasynda meşhur bolman, eýsem, ermeni, gürji, alban ýaly milletleriň arasynda hem örän meşhurdyr.
«Zöhre-Tahyr» ýordumynyň dörän wagty belli bolmasa-da, alymlar onuň türkmenleriň arasynda dörändigi barada hem açyk aýdýarlar. Bu ýordum esasynda türkmen şahyrlary Seýitmuhammet Saýadynyň (XVII a.), Molla Myrat Horezminiň (XVIII-XIX a.) hem-de Mollanepesiň (XIX a.) ýörite eser döretmegini aýdyň subutnama hökmünde getirýärler. Şeýle-de Türkmenistanyň çäklerinde «Zöhre-Tahyryň köşgi» atly gadymy köşgüň ýerleşmegi bu ýordumyň hut türkmenleriň arasynda döräp, ir zamanlardan bäri halkyň arasynda ýaşap ýörendigi belli bir derejede şaýatlyk edýär. Taryhçy alym Geldimyrat Gutlyýewiň «Gadymy Jeýhunyň ýadygärliklerine syýahat» atly ylmy-gözleg işinde bellemegine görä, orta asyrlarda Nawidah diýlip atlandyrylan bu şäher I asyrdan XIII asyra çenli ýaşalan şäherdir.
Türkmen nusgawy edebiýatynyň ajaýyp eserleriniň biri hökmünde bu meşhur ýordum Mollanepesiň ýazan dessany görnüşinde ýüze çykýar we häzirki güne çenli şahyryň döredijiliginiň naýbaşy eseri hökmünde tanalýar.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlarynyň soňky geçiren derňewleri boýunça, Saýadynyň «Zöhre-Tahyr» dessanynyň Mollanepesiň dessanyna täsir edendigi barada belleýärler. R.Godarowyň aýtmagyna görä: «...Saýadynyň öz eserinde ulanan çeperçilik seriş- delerini, çeper aňlatmalaryny, belli setirlerini, hatda tutuş beýtlerini Mollanepesiň hem öz eserinde örän ussatlyk bilen ulanandygyny görmek bolýar. Bu bolsa Mollanepesiň Saýadydan diňe bir täsirlenmän, eýsem, oňa halypa-şägirt hökmünde eýerendigine güwä geçýär». Bu iki eserde ýordum boýunça gaýtalanmalar yzarlanýar. Umuman alanyňda, bu eserleriň her haýsysy özbaşyna, düýbünden aýry eser bolup durýar. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlary tarapyndan dessanyň golýazmalary içgin öwrenilende «Zöhre-Tahyr» dessanynyň Mollanepes tarapyndan iki gezek işlenilendigi anyklanylýar. Şahyr dessanyň birinji nusgasynda ýordum boýunça aşyklaryň ölümi bilen tamamlaýar. Birnäçe ýyldan soň, halkyň aşyklaryň ölümine bolan gynanjyny görüp, dessany täzeden işläpdir. Yagny, baş gahrymanlaryň fantastik şekilde direlmegi we ahyrynda maksat-myratlaryna ýetmegi bilen bagly bolan tamamlaýjy parçalar soň goşulypdyr.
Operanyň edebi esasynda Mollanepesiň dessanynyň sýužet ösüşinden we gahrymanlaryň häsiýetinde birnäçe tapawutly taraplar ýüze çykýar.
Dessan operalarynyň aglabasynda bolşy ýaly, «Zöhre-Tahyr» ope- rasynda wakalar dessanyň dartgynly nokadyndan beýan edilip başlanýar. Babahan bilen onuň weziri Biharyň äht baglaşmagy, soňra bu ähdiň Tahyryň kakasynyň aradan çykmagy bilen bozulmagy, Zöhre bilen Tahyryň dogluşy, ösüp kemala gelişleri bilen baglanyşykly wakalar operada goýberilen. Operanyň başy Tahyryň Babahan bilen onuň kakasynyň arasynda baglaşylan ähdi bilmegi bilen başlanýar. Hut şu ýerdenem operanyň dramaturgiýasynda gapma-garşylyklar ýüze çykýar. Mundan başga-da operada mistiki wakalar, ýagny gahrymanlaryň ölüp-direlmegi, Tahyryň Perizat şäherinde periniň suratyna sataşyp oňa aşyk bolmagy bilen bagly bolan sahnalar opera girizilmedik. Operanyň edebi esasy dessanyňkydan has gysga we dessandan tapawutlylykda has reallaşdyrylan. Dessan ýordumyndan tapawutlylykda operanyň ahyry gahrymanlaryň ölümi, ajy hakykatyň olaryň birek-birege bolan päk söýgüsinden üstün çykyp bilmejegini beýan edýän pajygaly mazmun bilen tamamlanýar.
Opera gatnaşýan esasy gahrymanlaryň keşpleri hem dessanda- kydan azda-kände tapawutlanýar. Mysal üçin, dessanda Tahyryň keşbi has gowşak görkezilen. Beýleki meşhur dessanlar, meselem, Garybyň keşbi bilen deňeşdirilse, Garyp dessanda öz söýgüsine örän wepaly edilip görkezilen. Operada-da şeýle. Tahyr bolsa tersine, Zöhrä hem Mahyma aşyk bolup, Bagdatdan Tatara gelýärkä Perizat şäherinde perä-de aşyk bolýar. Emma operada Tahyr ýeke-täk söýginiň ugrunda göreşip, öz maksadyna ýetmek üçin ençeme ýowuzlyklara çydam edýän batyrgaý ýigit hökmünde görkezilýär. Dessan bilen deňeşdirilende Tahyryň keşbi operada has işjeň görkezilipdir.
Operadaky zenan keşpleri hem dessandakydan tapawutlanýar. Zöhräniň keşbi dessandan tapawutlylykda has işjeň berlen. Mahym bolsa Tahyr tarapyndan Zöhräniň hatyrasyna terk edilen bagtsyz zenan hökmünde görkezilýär.
Gara batyryň keşbinde hem üýtgeşmeler bar. Dessanda ol Zöhräniň ölümine gynanyp, onuň mazarynyň üstünde jan berýän bolsa, operada Zöhräniň göwnünden turmak üçin her dürli hilelere baş urýan ýaranjaň, özüne göwni ýetýän keşpde görkezilen. Gara batyryň keşbi operanyň otrisatel we položitel gahrymanlaryň arasyndaky dawaly ýagdaýy has hem güýçlendirýär.
Halkyň keşbi operada-da, dessanda-da işjeň ulanylýar. Beýleki aglaba dessan operalarynda halk köpçülikleýin sahnalarda girizilip, goltgy beriji orunda çykyş etse, «Zöhre-Tahyr» operasynda halkyň keşbi ýaşlara esasy goldaw beriji güýç hökmünde çykyş edýär. Mysal üçin, Tahyry sandyga salyp derýa oklanlarynda bildirýän gynançlary, toý-şagalaňynda aşyklaryň bagtyna guwanmagy, gahrymanlaryň ölüm sahnasynda bolsa ahy-nala etmegi Tahyr bilen Zöhrä hakyky hossar çykýan agzybir jemagat hökmünde görkezilýär. Halkyň keşbine «Zöhre-Tahyr» operasynda uly orun berilmegi bu eseri beýleki dessan operalaryndan has tapawutlandyrýar we sosial taýdan has uly ähmiýet berýär.
«Zöhre-Tahyr» operasynyň edebi esasy bilen dessanyň ýordumynyň deňeşdirilmesi netijesinde esasy gahrymanlaryň düzüminiň opera hem girizilýändigini, ýöne olaryň keşbinde tapawutlaryň bardygy yzarlanýar. Operada dessandaky esasy gapma-garşylykly ýagdaýlaryň has wajyplary saýlanyp alnan. Netijede, operanyň edebi esasy has gysby, ykjam görnüşe eýe bolýar. Dessan bilen deňeşdirilende operada bolup geçýän wakalar durmuşa golaýlaşdyrylan, esasy gahrymanlaryň keşpleri hem anyk, durnukly häsiýetde beýan edilen.

Şemşat ANNAGYLYJOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen mili konserwatariýasyñ, «Sazyň nazaryýeti» kafedrasynyň mugallymy.
Категория: Teatr we kino sungaty | Просмотров: 33 | Добавил: Orhideýa | Теги: Şemşat Annagylyjowa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]