01:30
Kysmat -4/ powestiñ soñy
4. GAÝTGYN

«Gargyş galyndyrmaz ýaşy syndyrar»
Magtymguly.

Ýöne... Birdenem gaýtgyn başlady. Kerimiň döwleti yrylyp ugrady. Onuň başy soýuz dargandan soň peýda bolan we gelen gününden başlap, ýurduň bir neslini gyrgyna beren we entegem oragyny olaryň depesinde aýlap ýören «ak ajal» söwdasyna ur-tut Kerimiňem goşulmagy boldy. Aýtmaklaryna görä, onuň daşary ýurtly hemşireleriniň biri ― megerem adam sypatyna giren melgun bolsa gerek ― oňa: «Arassa söwda bilen baýan ýok. Seň bujagaz baýlygyň birentek baýlaryň baýlygynyň ýanynda hiç zat. Senem şolara goşul. Geroin söwdasyny et. Şonda, tutuş ýurt seniň eliňde bolar» diýipdir. Boljagydyr-da, şeýle bolmalydyr-da, o-da oňa güp ynanypdyr. Şol işe baş goşansoň ol bütinleý üýtgedi. Onuň üýtgäninem, näme üçin üýtgeýäninem, nijembir ýyl bäri eziz perzentlerini «ak ajala» aldyra-aldyra ýürekden-ýütden aýrylan halk gaty basym duýdy we ozalam bir biçäräniň aýalyny elinden alyp, ganyna galan adam hökmünde ondan göwni galan adamlaryň nägilelikleri ýigrenje öwrüldi. «Krutoý» Kerim indi «ganhor» Kerim boldy. «Gerçek garakçy» indi: «Zalym talaňçy» diýen ada galdy. Ýaman dert ol «geroin» söwdasyna elini urandan soň köp wagt geçmänkä, oňa agzynam urdy. Aragam öňkülerinden has köp içip ugrady. Gepi-sözi, özüni alyp barşam tanar ýaly bolmady. Maňa-da sowuk-sala garap başlady. Gizlin bir ýerde «Priton» açypdyr, özem gije-gündiz şondan çykanokmyşyn diýen gürrüňlerem gulagyma degiberdi. Şu barada soranymda maňa aýdan sözüni dagy gowusy men size aýtmaýyn. Onuň öňki alçaklygyny, dilewarlygyny, il içinde meşhur bolan mähri-girýanyny dagy ýer ýuwdan ýaly boldy. Netijede gaýtgyn güýjerledi. Neşe söwdasynyň örüsi giňäp, möçberi konteýnerlere, wagonlara ýetdi. Dabarasy dag aşdy. Ady «Interpola» düşdi. «Hälem bolsa bir pille. Päliňden gaýt. Iň bolmanda maňa, çagalaryňa haýpyň gelsin» diýip, eden nalalarym dagy gulagynyň ýele ýanyndanam geçmedi. Atasam meniň gözlerimiň öňünde: «Näme bolsa-da saňa birden boldy. Nämeden boldy? Nä döw çaldy? Ýa akylyňdan azaşdyňmy? Öz çagalaryňa nebsiň agyrmasa halkyň çagalaryna nebsiň agyrsyn. Ýurduňa, Watanyňa haýpyň gelsin. Sen bu zatlary öz erkiňe edeňok. Munuň aňyrsynda uly güýç dur. Sen şu günden başlab-a ajy satmaňy goý-da, ýa-ha öňkiň ýaly arassa söwda geç, ýa-da bütinleý taşla şo käri, oňam ýol harjyny tapman duraňok, ertirden mollamy bilgiçmi ýa müneçjimmi, ýeriň ol ujunda bolsa-da git-de, ähli baýlygyňy ber welin, şu zatlaryň sebäbini bil» diýdi. Ony-ha ol mençe-de diňlemedi. «Hyňk» etdi-de, öwrüldi ötägitdi. Ýaşuly onuň yzyndan: «Baýlyk seň ýeke bir gözüňi däl, gulagyňam gapypdyr» ― diýip, gygyrdy. Soň maňa garap: ― Ýöne, men-ä bu zatlary baýlykdan göremok, gyzym. Ol baýlygy göterinibilýändigini öň görkezdi. Bu ýerde başga zat bar. Ýöne, näme?.. » Ol görgül-ä şondan soň uzak ýaşamady. Agtygynyň edip ýören işlerini ýüregi götermedi. Şonuň belli günlerinde-de men Kerimiň sag wagtyny ýa eden işine puşman edenini görmedim. Ýogsam onuň öz atasyny gowy görşüni, sylaýşyny, hiç zat bilen deňär ýaly däldi. Oňa hakykatdanam haýsydyr bir daşarky güýç täsir edýärdi. Şol güýç ony şeýle bir lagşatdy welin, işini dagy kimiň dolandyryp, kimiň hasap ýöredýändigini biler ýaly bolmady. Bir günem ony gapjadylar. Halk: «Şol tutulan bolsa, şol bela-da ýok bolar» ― diýip, uludan demini aldy. Ýöne, onuň bu begenji uzaga çekmedi. Birinjiden-ä Kerimiň özüniň tutulany bilen «işi» ýatmady, ikinjidenem ol «belany» aýlaýan ýeke ol däldi. Ol diňe özi ýalylaryň, soňky çykan «soňkuldyklaryň» biridi. Onsoňam, ol özüne kesilen ýyllaryň üçden birinem oturmady. Oturan wagtynam şonuň bilen bir döwürde, bir ýerde oturan ýigidiň aýtmagyna görä, edil, kurortda ýaly geçiripdir. Özbaşyna içi telewizorly, holodilnikli, kondisionerli, duşly, hajathanaly otagda ýaşapdyr. Islän zadyny şol ýerde bişiripdir, iýipdir, içipdir. Üstesine ― şony dagy maňa aýtmalam däl welin ― günüň-gününe üstem men-men diýen ýaşajyk gelinlerden dolumyşyn.― Melek aljyrap aşak bakdy. ― Bir tokly üçin adamlar çopanlaryň goşuna maşynly gelin eltip berýämişinler diýip eşidýädik, ýöne, hökümet edaralarynda, onda-da şolar ýaly berk düzgün-nyzamly ýerlerde beýle işler bolýandyr diýip, ýatsak-tursak ýadymyza-oýumyza-da düşenokdy. Elbetde, «berim gökden ýol ýasar» diýenleri şoldur-da. ― Melek gör indi näçinji gezekdir uludan demini aldy. ― Haý, näbileýin-dä, kanuny döwlet bolup, öz raýatlaryny haýsydyr bir «barrygalardan» gorap bilmeýän bolsa, iliň gözüçe basan bolup, o ýerde-de özi onuň hyzmatyny edýän bolsa, dokuz ýyl berip, ýyl ýaryma-da ýetirmän çykaryp goýberýän bolsa, dadyňy ýetirjegiňem ýene şolar bolsa, ondanam bir döwlet bolarmy? ― Howanyň maýyldygyna garamazdan, Melegiň dodaklary titräp eňegi sandyrady. Çalarak dişlerem «şakyrdady». ― Gaýdyp gelenden soň, Kerim ýekeje günem dek oturmady. Ýene-de şol «ak ajala» atlandy. Giderenjelerini gaýtaryp almak üçin söwda aýlanyşygynyň mukdaryny artdyrdy. «Haý-küş» edýän adam bolmansoň, hasam erkin «işledi». Ýöne, her näme diýseňem döwlet ― döwlet, kanun ― kanun bolýar. Ony birde bozsaň, indikide bozup bolanok. Döwlet, organ işgärlerem hil-hil bolýar. Birini satyn alsaňam, beýlekisini alyp bolanok. Şonuň üçin, iki ýyla ýetirmän Kerimi ýene-de tutdular. O-da edil, neşe söwdasy üçin, ölüm jezasyny bermek baradaky kanunyň çykan döwrüne gabat geldi. Şonam berdiler. Ýöne, sud gidip durka onuň: «Kesiberiň, kesiberiň, men barybir siziň türmäňizde uzak oturman, sebäbi, ol maňa ýaranok, ol bitli...» ― diýip, kaza tarap gygyryp aýdan sözi gury haýbat däl-de, çyn bolup çykdy. Bu gezek ol gaýtam öňküsindenem az oturdy. Şondan soň il arasyna: «Kerim Bütindünýä neşe mafiýasynyň agzasymyşyn, öňki soýuzyň çäginde hereket edýän «gara bazaryň» şasymyşyn, hökümet işgärlerem häzir iki topara bölünýämişin, biri Kerimiň tarapyny, beýlekisi kanunyň, adalatyň tarapyny tutýarmyşyn, netijede olaryň bir-ä Kerimi günäsiniň üstünde tutup, türmä basýamyşyn, beýlekisem derhal boşadýamyşyn. Haýsynyň ýeňip, haýsynyň ýeňiljekdigi belli dälmişin. «Krutoýyň» tarapy ýeňse ýer ýüzüni neşe mafiýasy aljakmyşyn...» diýen ýaly howsalaly habarlaram ýaýraberdi. Ýöne, Kerime-de aňsad-a düşenokdy. Ol gürrüňleriň esassyzdygyna arkasynda gün-günden azalyp barýan pullaryndan başga hiç zadynyň ýokdugyna Kerim gowy düşünýädi. Az wagtlygam bolsa iki gezek oturyp geleni ony köp zatlar barada oýlanmaga mejbur edipdi. Esasanam atasynyň soňky sözleri oňa ynjalyk berenokdy. Häli-şindi meniň ýanymda şony agzaýady. «Ýa dil-göz degäýdimikä, duşmanlar doga-tumar edäýdilermikä? Dogrudanam atamyş aýdyşy ýaly, bilgiç, beýleki gözläp o ýan, bu ýan gidäýsekmikäk?!..» diýip, maňa sala salýady. Gaýtgynyň maňa öýlenen döwürleri başlanyndan çen tutup, şol zatlaryň sebäbini meniň aýagymyň düşmäninden, iň bolmanda owadanlygymdanam görmän duranokdy. Ýöne, belli netijä gelip, takyk çözgüt tapyp bilenokdy. Gaýtgyn bolsa barha güýjerläp, gidip barýady. Indi ony hemşirelerem ýeke-ýeke taşlap, sypyrylyp-sypyrylyp gidip barýadylar. Ahyram men ony Hindistanyň bir ýerindäki dag-dereleriň içindäki bir syrly gowakda mesgen tutan gojanyň ýanyna bile gitmeklige yrdym. Goja barada men Orsyýetde çykýan, «Daşary ýurt habarlary» žurnalynda okapdym. Ondan haýyr tapandyklaryny aýdýanlar kändi. Özem hiç hili muzd almaýarmyşyn. Gündelik iýjegi, içjegi bolsa, ol başga zat islemeýärmişin. Ýigrenýäni baýlykmyşyn. Baý adamlara Hudaýyň ýazgaran bendeleri hökmünde garaýarmyşyn. Çünki baýlyk adamlary bigüman betbagtçylygyň üstünden eltýämişin. Hudaý öz bendelerine berjek baýlygyny berdi. Ene topragy, deňizdir derýalary, baglary, bakjalary, Güni, Aýy, ýyldyzlary bagyşlady, iň bir esasysam size ömür, ýaşaýyş berdi, başga näme gerek?! Şol zatlardan gaýry baýlyk janyňyza dertdir. Jepasy köpdür, wepasy ýokdur. Ol ters ýol bilen Hudaýyň derejesine dalaş etmekdir, şeýtanyň ugruna gitmekdir...» diýýär ekeni. Biz irden gündogar ― demirgazyga barşymyza, onuň ýanyna ak öýlänler girdik. Özüne jaý bolup hyzmat edýän tebigy gowagyň agzynda ýarym-ýalaňaç halda, aýbogdaşyny gurap oturan ekeni. Ýüzi tegelegräk, çekge süňkleri mese-mälim öňe çykyp dur. Buýraly saçlary juw-ak. Sakgal-murty ýok. Gözleri içiňden geçip barýar. Daş-töwereginde şemler ýanyp dur. Öňünde maýdajyk dogralan kagyz bölejikleri. Ol şolary ýetişibildiginden sowurýar, öwdeýär. Şägirdi bolsa gerek, daşynda bir ýaş ýigit hozanak bolup ýör. Terjimeçini şol ýerde gepleşip, kireýine tutmaly. Bizem şeýtdik. Ýöne, orsça geplemeli.
Nobatymyz ýetende ýaş ýigit bizi gojanyň ýanyna eltdi-de, çat maňlaýynda, üstüne gamyş bary ýazylan uzyn, daş sekiniň üstünde oturtdy. Näme üçin gelenimizi sorady. Aýtdyk. Terjimeçi biziň sözümizi goja iňlisje terjime etdi. Goja öňündäki dogralan kagyzlary ýene-de owdap başlady. Sowurdy. Esli wagtdan soň, ol goşawujyny kagyzlardan doldurdy-da, birdenem açdy. Geň galmakdan ýaňa agzym açyldy. Çünki, onuň goşawujy lowurdaşyp duran lagly-jowahyrlardan, nepislik bilen ýasalan tylla ýüzüklerden, gulakhalkalardan doludy. Ol goşawujyny Kerime uzatdy. Kerim başyny ýaýkady. «Gerek däl. Men bu zatlar üçin gelemok. Mende zat kän. Ýöne, ol gaýtgyn berip başlady. Gitdigiçe-de bat alýa. Bu näme üçin beýle? Sebäbi bamy? Bar bolsa, ol näme?» Goja Kerimiň golaýrak süýşmegini haýyş etdi. Iki gözüniň içine seredibem: «Saňa gargyş siňipdir» diýdi. ― Ýadyňa düşýämi? Hiý kimdir biri gaýtgyňyň öň ýany saňa gargadymy? Hudaýa nalyş etdimi?» Kerim böwrüni diňläp köp oturdy. Köp zatlary aňyndan geçiren bolsa gerek, ahyram «howwa» diýen manyda baş atdy. Soňam terjimeçiniň üsti bilen: «Siz şony boýnumdan aýyrmaga kömek edip bilmezmisiňizmi?!» diýip sorady. «Ýok... ― diýip, goja kesgin gürledi. ― Ol şony aýdan bendäniň agzyndan çykan güni işläp ugrapdyr. Gaýtgynam hut şondan soň başlapdyr. Ol eýýäm etjegini edipdir. Diňe başlan işini tamamlaýmak galypdyr. Asylam nyşanasyny tapan bolsa, edilen gargyşyň esasy çyn bolsa, ol yzyna gaýtmaýar. Gowusy ony gazanmazlykdyr». Kerimi der basdy. Ol hatda gojanyň ýüzüne seredibem bilmedi. «Onda näme etmeli, atam? Hiý, çykalga ýokmy?» «Ýok! Hiç hili çykalga ýok. Hiç zat edip bolanok. Indi şol aýdylanlary sen egniň bilen çekmeli. Üstesine, seniň başyňda köpçülikleýin nalada, halkyň gazabam howalanyp görünýä... Basmarlaýa. Basym gaýtgyn gutarýa-da, bela öz başyňdan inýä...» Kerim şeýle bir agyr hala düşdi welin, ony üç bolup, zordan münüp gelen maşynymyza mündürdiler. Myhmanhana, ondan uçargähe gelýänçägem, uçara münenimizden soňam, tä öýe gelýänçäk ondan ses çykmady. Diňe öýüniň törüne geçip, az-kem özüni dürsänden soň men ondan: «Kerim, sen özüňe kimiň gargyş edenini bilýäňmi?» diýip soradym. Ol gözüni bir nokada dikip oturyşyna uludan sowuk demini aldy-da: «Bilýän» diýdi. «Kim?» diýip soradym. «Esrap» diýdi. Men depämden gyzgyn suw guýlan ýaly boldum. Kerimiň aýtmagyna görä, jaýyň, maşynyň puluny gowşurmana baranda Esrap oňa şeý diýipdir. «Wagtynda kömek etdiň, sag bol. Ýöne, seň bilen men maşgalamy berip üzlüşmek barada gürleşmändim. Şonuň üçinem, ine, bize berenje puluň. Hala al, hala alma, isleseň elt-de händege dik, ýöne, şundan şeýläk bizi günümize goý, meň maşgalama göz gyzdyrma, öýümi ýykma. Çagalarymy ýetim goýma. Men Meleksiz ýaşap bilmen. Ozalam men oňa ölümiň öýünde ýetdim...» diýipdir. Kerim şonda ömründe etmedigini edip, gödek gürläpdir: «Agam, tapan begener, tanan alar...» diýipdirler. «Mal kimiňki, kime buýursa şonuňky» diýenem bir nakyl bardyr...» diýipdir. Esrap ýene-de ony adamçylyga çagyrypdyr. Inim, «tapar» ýaly ol zat däl. Tanap alaryň ýaly ol seň öz ýitigiňem däl. Kime buýursa şoňky bolar ýaly ol malam däl.... Sen gabahat iş etdiň, meni namysa goýduň, töwellamy bolsa almadyň.” “Ýene-de aýtjak zadyň barmy?.. .― diýip, Kerimem oňa nebsi agyrandan geçen üstünden gülüpdir.― «Gyzy söýenine ber» diýlenini eşitdiňmi? Sen ony öň söýenem bolsaň häzir sende yşk ýok. Söýgüň söndi. Gury, boş göwre bolup galdyň. Meniň söýgim bolsa ýaňy tutaşyp başlady. Mundan bu ýana ony diňe men bagtly edip bilerin...» diýen ýaly öňküsindenem beter gyjytly sözler aýdypdyr. Ýaralapdyr. Şonda Esrap oňa: «Ah, inim! Aýtjak däldim welin, aýtmaly etdiň! Indi eşit: «Men-ä ýer bilen ýegsan etdiň welin, Hudaýym seni hern-ä meňkidenem beter güne düşüräýediň-dä! Maňa görkezen günleriňi görüp ýetişmänkäň, hern-ä seni ölümem almaýady-da... O dünýäniň azabyny ylaýym, şu dünýede göre-göre, görene göz bolup ötäýediň-dä...» diýip agzyndan ot saçyplar gargapdyr. Kerim şol wakany ýatlap oturyşyna naýynjar ýylgyrdy. «Beh, dogrudanam şolmuka? Bar zat şol sebäplimikä? Aý, ýok, bolup bilmez» diýip, başyny ýaýkady.
Esrapyň nalasyna şol wagt pitiwa bermeýşi ýaly ol oňa häzirem ynanyp baranokdy. Çünki, onuň soňky döwürlerde uýup ýören pelsepesine görä, baý adama garybyň gargyşy ýokmaly däldi. Garaz, biziň eden täsin syýahatymyzam, hindistanly gojanyň aýdan mantyky sözlerem, Kerime täsir etmedi. Ol ýene-de öňki düzgüni bilen boluberdi. Meni dagy soňky döwürlerde ýatdan çykardy diýen ýaly. Ony gelip maňa ýamanlaýanlar kändi. Emma, men olara üns beremokdym. Çünki, düşen günüm üçin diňe özümi günäkärleýädim. Onsaňam, Esrapyň nalasy mendenem gaty bir sowa geçibermel-ä däldi. Çünki, islesem men ony ― iň bolmanda şol wagt halas edip bilýärdim ahyry... Kerimiň bolup ýörşi halkyň welin, halys degnasyna degdi. Hiç kimiň oňa çäre görüp bilmeýändigine-de gözi ýetdi. Şonuň üçinem ol bir gün üýşäge-de, agzyny asmana tutup, Allaha arz etdi! «Eý, Bar Hudaý-a! Sen näme, bu bolýan zatlary göreňokmy? Aýdylýan nalalary eşideňokmy? Ýa sen ýeriňde ― ýurduňda ýokmudyň? Ýa senem şular bilen birmi? Şo-ol iki toparyň, Kerimi goldaýanlar bilen birmisiň?.. O toparlaryň-a ikisindenem bizi goran ýok. Ýaş nesil bolsa gyrlyp gutaryp barýa. Ýa göreňokmy bu zatlary? Ýaratdyň-da, öz ygtyýarlaryna taşlaýdyň-la, bendeleriňi...» diýip, içiniň ýangynjyna öterägem nalady. Muny hut şol günüň özünde, meýhanasynda ýaşajyk gyzlar bilen meý-mes bolup, keýp çekip oturan «krutoýyň» özüne-de ýetiripdirler. Täze habar gulagyna degenden galypdyr-da: «Hä-ä... Şeýlemi? Siz indi öz hudaýjygyňyzyň üsti bilen meň gabrymy gazjak bolýaňyzmy? Şony aýagyma çolaşdyrjak bolýaňyzmy-y?.. Eýle bolsa getiriň şony meniň ýanyma! Gözüňiziň öňünde şonuň bilenem dil tapyşyp bolýandygyny görkezeýin» diýip, sesiniň ýetdiginden gygyryp başlapdyr. Uly zaly dolduryp oturan müşderileriň arasynda, aýaklanmadyk köşek ýaly «patanaklap» ýörşüne, dürli ýurtlaryň pullaryny jübülerinden çykaryp, hamala Hudaýa nalyş eden şolar ýaly, üstlerinden seçip ugrapdyr. «Hudaý kim? Kimmişin ol siziň üçin maňa jeza bererçe? Ine, Hudaý!.. Ine, siziň Allahyňyz!.. Mürrüjek-mürrüjek pygamberleriňizem şü!.. Şu zatlarym ýokka men kimdim? Hiç kimdim? Indi kim? Indi men hemme zat! Hudaýyňyzam, pygamberiňizem, hökümediňizem, döwletiňizem, hanyňyzam, soltanyňyzam, kada-kanunlaryňyzam, tertip-düzgünleriňizem men! Mensiz ýeke bir şu ýurtda däl, asla hiç ýurtda-da, çöp başy gymyldamaz! Ýerde-gökde-de, jümle-jahanda-da diňe meniň diýenim bolar. ― Ol elindäki pullaryny galgadypdyr. ― Hemmesiniňem «motory» ine, şü!..» ― Melegiň ýüzi üç ýuwlan ak esgä döndi. ― Çynmy, ýalanmy, bilemok, meniňkem eşitmiş, şol wagt oturanlaryň arasyndan biri «tarsa» ýerinden turupdyr-da: «Seniň gedaý gezip, köçelerde çüýşe çöpläp ýöreniňem göreris enşallah... Kim bilen döş direşeniňem şonda bilersiň...» diýipdir--de, bulguryndaky meýi bir demde «gulkuldadyp» ümdüzine çykyp gidipdir. Geň ýeri, gören gözleriň aýtmaklaryna görä, şol adam Esrapa şeýle bir meňzeş ekeni welin, oturanlar onuň haçan geleninem, nirä gideninem bilmän galypdyrlar. Şonda il arasynda: «Ol Esrapyň ruhudyr. Munuň entegem hiç bir zowalsyz, ili-güni öňküsi ýaly çürkäp ýörenini duýup, göründe ýatybilmän, gargyşyny gaýtalamaga gelendir...» diýen ýaly gürrüň ýaýrady. Kerim şondan soň birhili özüne geläýjek ýalam etdi. Agyr düýşden oýanan ýaly birhili gorkunç-gorkunç gürrüňleri edip ugrady. Hatda bir gezek «Esrapyň eden hereketi bilen «gidibersem» günäm ýulunmazmyka?» diýen ýaly gürrüňlerem etdi. Men oňa: «Goýaweri. Günäňi bilýän bolsaň şu dünýede ýuw. Ataň aýdyp gidişi ýaly, halkyň söýgüsini yzyna gazanmag-a kyndyr welin, «zyýanyň ýaryndan gaýtmagam bir peýda», öňi bilen-ä «ajy» satmaňy goý, halka başkyň ýaly arassa hyzmat et, mätäje kömek et, şeýtseň, Allah rehimlidir, geçirimlidir, günäleriňi geçer, belki, gargyşdanam ýular...» diýdim. Ol sesini çykarman, içini hümledip köp oturdy. Şol oturyşyna-da uklap galdy. Düýşüne Esrap giripdir. Ol: «Sen öljek bolup azara galyp oturma. Barybir ölüp bilmersiň. Çünki, seniň günäň ölüp gutulardan agyr. Maňa görkezenjäň barysyny görmän ölseň men Hudaýdan närazydyryn... Sebäbi, sen meniň ýüregimi sogurdyň. Göwrämi boş goýduň. Iki jahan owarrasy etdiň...» diýipdir. Bu Kerime juda erbet täsir etdi. Eden günälerini Hudaý geçäýende-de, gargyşdan aýňalyp bilmejekdigi ony howsala saldy. Gaýtgynyňam, rysgynyň gaçyp, döwletiniň dagap ugramagynyňam, neşä, araga, haram keýpe ýüz urmagynyňam sebäpkäriniň şo-ol, Esrapyň agzyndan çykan iki agyz söz ekenligi ony gaty geň galdyrdy.
«Şol zatlary aýdanyny bilýän, ýöne, soňy bular ýaly zatlara ýazar diýip dagy ýadyma-oýuma düşmese näme...» diýip, ol otursa-tursa gaýtalady ýördi. Çykalga gözledi. Ýöne, birinjiden-ä eýýäm iş-işden geçipdi, ikinjidenem ol «ajy» söwdasyny goýmag-a beýlede dursun, hatda ony etmesinem, arak içmesinem goýup bilmedi. Özünem gitdigiçe gorky basdy. Düýşünde Esrapyň aýdyşy ýaly bu dünýede özüne ölümdenem beter nämeleriň garaşýandygyny biljek bolup kösendi. Şony takyklamak üçin, düýşünde Esrapy görjek bolup, dok ýatybam gördi, arak içip, neşe çekip, mes ýatybam, seni görse gelmän durup bilmez, diýip, meni gujagyna alyp ýatybam gördi, bolmady. «Görünýä, ýöne salgym bolup görünýä, gelenok, gepleşenok, çagyrsamam: «Seniň bilen gep gutardy» diýýä-de, sesi bilen bilelikde howa garyşyp gidýä» diýip, zeýrenjiredi ýördi. Ýeke bir işinden däl, dünýedenem basyldy. Mendenem bizar boldy.
Yşky gaýra tesdi. Söýgüsi gutardy. Göwresi Esrapyňkydanam beter boşap galdy. Ol özüne garaşýan jezanyň iň soňkusy şoldur öýtdi. Bir gezegem ol kellesini sämedip oturyşyna: «Işim-ä dargady. Bar umydym saňa bolan söýgümdi. O-da gutardy. Megerem meniň ýalançyda çekmeli iň agyr jezam şu bolsa gerek...» diýip, aglady. Emma, jezanyň ulusy entek öňde ekeni.
Çaý içesi gelen bolsa gerek, Melek termosyň gulpuna elini ýetirdi. Birdenem ony goýdy-da, içi düwmeläp duran mineral suwly bir ýarym litrlik “mytaradan” bulgura guýup suw içdi. Sowujak suw gyzylödegini yzarlap gidip, aşgazanyny köşeşdirýänçä garaşdy.
― ...Howwa, belanyň ulusy entek öňde ekeni. Kerimiň Hudaýa atan piçjiňi Esrapyň gargyşy bilen halkyň nalasyna goşulyşyp täze bir güýç bilen baryp, Biribaryň dergähine derhal ýeten bolsa gerek. Ol hamala hakykatdanam özüniň bardygyny bildirmekçi bolýan ýaly, öz bendelerine beren ömürlerine kimdir biriniň dalaş etmegine ýol bermejekdigini, egerde dyzmaçlyk edip, küpür gepläp, özüne erjeşiberse nädiberýändigini subut etmekçi bolýan ýaly, birwagtlarky «krutoý», bu gün «gaýtgyna» düşüp, hiç kim bolan Kerim özüniň başgalarda ýok «inomarkasyna» münüp, ýany eýjejik zenanly aramgähine tarap barýarka, elbetde, şol ýerini amatlyrak görendir-dä, Biribar onuň ýakasyndan towlap tutaga-da, hiç hili päsgelçiligiň ýokdugyna garamazdan, maşyny bilen göteräge-de, ýeriň ýüzüne pylçap bir urupdyr welin... şol wakanyň şaýady bolanlar ýanyndaky gyzyň-a bitiniňem burny ganaman, Kerimiň bolsa ömürlik, ölmez-gülmez güne düşendigine heniz-henizlerem haýran galyp ýörler. Men «döwük-ýenjikler» hassahanasyna baranymda, Kerim eýýäm özünden giden ekeni. Şol gidişem-gidişi boldy. Şol bir boluşda ol ylaýyk, dokuz ýyl ýatdy. Ýöne, bärde däl. Moskwada ýatdy. Megerem onuň ölmi hemşireleriniň aglabasy üçin amatly däl bolan bor-a çemeli, olaryň ony Ýewropada-ha görkezmedik hassahanalary galmady welin, arasynda hatda Amerika çenli äkidip getirdiler. Ahyrsoňunda-da bermelisini berip, görmelisini görüp, Moskwanyň iň uly hassahanalarynyň birinde ýerleşdirdiler. Maňa: «Sen heläk bolup gatnap ýörme, bir üýtgeşiklik boldugy, biz özümiz habar ederis» diýdiler... ― Melek ýene-de suw içdi. Ýöne, bu gezek arasyna salym salyp, iki gezek içdi. ― Arasynda gidýän, görýän, gaýdýan, üýtgeýän zat ýok. Edarasam ýapyldy diýen ýaly. Menem olar ýaly uly işi boýnuma alardan ejiz. Başda bir günümi tigirlär ýaly aýlyk üçin hasapçylyk bölüminiň ýeňilräk bir işjagazyny ýöretdim, soňabaka onam oňarman taşladym. Sebäbi, men hünärime ökde däldim. Okan wagtymam gaty bir mugallymlarymy gönendirip baramokdym. Edara-da, aýala-da eýe gerekdigini men, ana, şonda bildim. Elbetde, olaryň ikisine-de eýe kändi, ýöne, iki günlük. Daşymda perwaz urýan kändi. Hatda Kerimi o ýan, bu ýan süýrekläp ýörkäler, daşary ýurtly işewürleriňem, Kerimiň dostsuragy, maý tapdyklary maňa agyz urjak bolup ýören meslekdeşlerem bir o tarapymdan, bir bu tarapymdan gelip lak atýanlar, o ýere, bu ýere çagyrýanlar az däldi. Ýöne, olaryň birinde-de maňa eýe çykmak, är bolmak, gözden-dilden goramak diýen ýaly ýagşy niýetler ýokdy. Olar üçin men awdym. Bagda biten almadym, nardym. Gymmat bahaly çakyr ýa humary güýçli könýakdym. Keýpi-sapadym. Iýmeli, içmeli, guçmaly, keýpden çykansoňam üstümden ätläp geçip başga bir awyň gözlegine gitmeli. Soňam baran ýerlerinde bir görkmen türkmen zenany bilen nijembir wagtlap, aýşy-eşrete meşgul bolandyklaryny, onuňam hut, şo-ol, bir wagtky ady belli «krutoýyň» maşgalasydygyny aýdyp öwünmeli. Meniň bilen bir gije ýatyp, onuň özüne bolan, gaty bir uly bolmadyk bergisini geçendigini aýdyp öwünäýmegem ahmal. Ýöne, men olaryň alyna gitmedim. Ýarym öli ýagdaýda bolsa-da, entek ärim hasabynda duran ýigidiňem, halkymyňam adyna ysnat getirmedim, namysyna kast etmedim. Ýöne, garamat, melamat diýlen zat adamyň, onda-da aýal maşgalanyň depesinde hemişe penjelerini ýaýyp dur. Ahyry Kerimiň özüne gelendigi barada habar geldi. Gitdim. Gözüni açypdyr. Ýanyna barana seredýä. Bir zatlar diýip, pyşyrdaýa. Ýöne, düşünişip bolanok. Kimiň-kimdigini tanaýandygy ýa tanamaýandygam belli däl. Ýüzi-gözem şeýle bir üýtgäpdir. Horlanypdyr. Şo-ol, Göroglysypat, daýaw ýigit şü, diýseň ynanar ýaly däl. Igläp-igläp, iňňä sapaýmaly bolupdyr. Äkitmelimi, diýsem, wraçlar: «Munça bolanyna görä indi aýak üstüne galýança bolsun» diýdiler. Henize çenli daşynda «hozanak» bolup ýören hemşirelerem şol pikiri goldadylar. Ýene üç ýyl ýatdy şo ýerde. Bolşuna görä geplemäni, arkasyna ýassyk goýup, düşekde dik oturmany, ellerini-aýaklaryny hereketlendirmäni öwrenip, kem-kem huşuna gelenden soň entegem ondan täjirçilik tamasyny edip ýören tüçjarlar, ýörite uçar tutup, ony Aşgabada getirdiler. Ýöne, öýe däl-de, uçargähden göni iň bir abraýly hassahanalaryň birine eltdiler. Hemmetaraplaýyn özleri eýelik etdiler. Tölemesini tölediler. Menden hiç zat soramadylar. Men ýöne käte bir habar tutup gaýdýan. Ogullaram barýalar. Ýöne, bilemok, näme üçindigini öweý-öweý bolar, diýleni boldumy, olar ondan basym sowaşdylar. Soňabaka-ha gelmesinem kesdiler. Düýn-öňňine çenlem olar diňe her täze ýyl gijesi, onda-da sowgatsyz-salamsyz gutlap gidýärdiler. Ýogsam, dogrusyny aýtjak, tä şol güne düşýänçä, Kerim ile-güne-de, maňa-da, olaryň özlerine-de, öweýdigini bildirmedi. Aý, neme-dä, «rodnoý» bolubam, «çužoýça» ýok çagalaram bolýar-da... Gün kän, aý kän, üç ýyldan soň Kerim assa-ýuwaş ýerinden turdy, ýöredi, ýakyny-ýady tanap başlady. Menden ötünç sorady. Şeýle--de bolsa gepleýşi, özüni alyp barşy, hereketleri iş tamasyny eder ýaly däldi. Esasanam beýni doly güýjünde işlänokdy. Olar ýaly uly edaralar-a däl, hatda kiçiräk bir edaranyň garawulçylygynam ynanyp bolmajak derejede «diagnoz» goýdular. «Ruhy näsag, ýöne jemgyýet üçin howply däl. Özbaşdak hereket etmäge ukyply». Kä wagt – kä wagt ýok zatlary agzap çaýmaklaberýä, diýmeseň, öýe getirenimizden soň bize-de ullakan azary-ha ýetmedi. Men ony, elbetde, «ruhy näsaglar» öýüne-hä diýmäýin, ýöne, «maýyplar öýüne» ýa «hossarsyzlar» öýüne tabşyryp bilýädim. Duluny depip özüm gidibem bilýädim. Ýöne, on-onki ýyl ýerinden galaryna garaşybam, iň soňunda beýtmäýin, diýdim...
― Ýadymdan çykmanka soraýyn, Melek, onuň iş ýagdaýy nähili boldy?
― Iş ýagdaýam, ähli baýlygam tüýs türkmençeläp aýtsam, Artygyň harmanyna döndi. Ilk-ä Kerimiň öz goly bilen bir zatlar etjek boldular. Ýöne, ol usullary başa barmady. Kerim kim näme diýse-de, ýüzüne seredip ýylgyrdy oturdy. Ruçkalaryny çommaldyp, gyssaberselerem ýa: «hys-hys» etdi, ýa-da «tys-tys» edip ýakymsyz güldi. Soňam elime-aýagyma bakman, edarany meň adyma geçirdiler-de, alty aýa golaý öz aýdyşlary boýunça diňe algy-bergilerini hasaplaşdylar. Emma, meň çak edişime görä, «Algym bar» diýip gelen boldy, emma: «Bergim bar» diýip gelen bolmady. Soň meň adymdan edarany haýsydyr bir söwda üçin ulanjak boldularmy ýa daşary ýurt bir şirket bilen şärikdeş edara etjek boldular. Oňa men özümem göwünli däldim. Emma Kerimiň ýaşlykdan gowy görüşýän bir dosty bardy, özi ol işlerden daşdady, ana, şol gelip: «Olar ýaly aňyrsy garaňky zatlara ulaşma, Melek. Kerim işe ýarawsyz bolsa, oglanlaryňam bu işe höwessiz bolsalar, sen şu edarany ýap-da dyn. Jaýmy, tehnikamy, nämesi bolsa sat, eliňe düşenje puluňam kassa goý, gyssanan günüň gerek bor» diýdi. Aýdan zatlaryna amal etmäge kömekleşdi. Kömek eder ýaly, arzan bahasyna «ýurist» tapyp berdi. Ine, şeýdip, daşky aladalardan-a dyndyk. Ýöne, onuň bilen Kerimiň-ä derdi ýeňlemedi, öýümiziňem aladasy azalmady.
― Diýmek, gargyş entek öz işini doly tamamlap ýetişmändir-dä...
― Şeýle bolup çykýa. Siz Kerimi köçede-de, kassada-da eleşan halda gördüňiz.
― Howwa, ýöne, kassada görenimde köçede görenimdäkisinden azajyk ganymatdy. Bir-ä aýagyndaky elçeýip ýatan botinka däl-de, abadrak şypbykdy. Birem köýneginiň ýakasy kirden ýaňa ýalpyldap duranokdy.
― Meniň oňa bar edibilýänim şol. Kassa gidende sähelçe-de bolsa, ebeteýini oňarmak. Ýogsam näme, siz onuň geýere eşigi ýokdur öýdýäňizmi? Heniz geýilmedik kostýumlaram, köýnekdir galstuklaram sanap çykardan kän. Şlýapalarydyr ― telpeklerem, köwüşleridir ― ädiklerem şolar ýaly. Emma geýenok. Geýdirip bolanok. Aňy bilen edýämi, aňsyzlykdan edýämi, özüni diňe şol lybaslara mynasyp görýä. Men-ä dogrusy onuň şo zatlary nireden tapanynam bilemok. Ýöne, ölüp ýeten ýaly. Golaý oturyp gürleşen bolsaňyz ysynam alansyňyz, emma dünýäniň iň gowy müşkleri, anbarlary, gül suwlary onuň öýünde sandyk-sandyk bolup dur. Sepin ýa sepeýin diýseň edenok. Şol zerarlam ärim-ow şü, ýa men şuň maşgalasy-ow, diýip, goltugyna girmeg-ä beýlede dursun, golaýyna--da baryp bolanok. Bir düşekde-hä däl, bir otagda-da ýatar ýaly däl. Gepiň tümmek ýeri: «Öli bolub-a görde däl, diri bolubam sanda däl». Gepletseňem, özüňizem aňansyňyz, öz-ä aryň-namysyň öýjügidir, men bolsam at ýitiren, ysnat getiren, biri jaň etdigi şol tarapa ýelk ýasap ýören ýeňles, darsdabandyryn. Aýtmana çekinip otyrsyňyz, ýogsam men onuň kassada size men hakda näme gürrüň berenine çenli bilip otyryn. Sebäbi ol o gürrüňleri ýeke siziň ýa ýene biriniň ýanynda aýdanok. Baran ýerinde aýdýa. Horoşo çto ony köp adam tananok. Özüniň kimdigini, aýalynyň kimdigini bilenok. Şoň üçinem, ýa-ha diňlänoklar, ýa-da gulaklarynyň duşundan geçirip goýberýäler. Siz ine, ony tanapsyňyz, haýsy ýol bilenem bolsa salgysyny tapyp gelipsiňiz. Anygyna ýeteýin, diýipsiňiz. Gowy edipsiňiz.
Joralarymyň biri «bugly hammama gideli» diýip jaň etse-de, maňa är ýapýa, ýene tanyşlarymyň biri yzymdan maşyn iberse-de ýa maşynly gelse-de är ýapýa, garaz meniňem, özüniňem gününi galmagalsyz-a goýanok. Bir posly, sapy döwük paltasam ba. Bir gezeg-ä bir bigünä bendäni tas, paltalap öldüripdem. Başga bir günem joralarymyň biriniň ýaş toýuna gitdim. Ol ýerde-de Kerim bilen bile şo-ol bir wagtlar awariýa düşen gelin gabat geldi-de, meniň bilen «saçýoldy» oýnaşdy. Gaýtdym. Öýe şeýle bir erbet halda geldim welin, hiç, janyma jaý tapmadym. Içimiň ýangynjyna esli wagt bäri hoş söz aljak bolup, yzyma düşüp, häli-şindi jaňlaşyp ýören bir wraç adam bardy. Baýam däl, garybam däl, ýaşam däl, garram däl, owadanam däl, görksüzem däl, garaz ortamiýanarakdy. Telefon arkaly şo gije ýer ýykyp şony gözledim welin, hiç tapdyrmady. Tapdyran bolsa oňa: «Men razy, pylan ýere çykjak, gel--de äkit» diýjekdim. Gaharymamy ýa içmän-içmän içen iki bulgur çakyrym beýnime urdymy, dogrymy aýtjak, şol gije men şony öler ýaly küýsedim. Tapdyrmadygysaýam, islegim artdy. Bir görsem «hys-hys» edip, gapynyň agzynda Kerim dur. Her näme-de bolsa ärim, günä etdigim-ä bolanok, diýdim-de, şo-ol heläkçilige uçraly bäri, onda-da belki şol, özüm bilen ýap-ýaňyja saçýoldy oýnan gelniň jetinedir, keşdime, özüme zor salyp, ilkinji gezek düşegime çekdim. Ol bolsa şol gijänem onuň-munuň ýanynda düýbünden başgaça beýan edip ýörüpdir. Ýöne, men ondan gaty göremok. Ol ilki dünýede iň bagtly adam bolup, soňam iň betbagt adama öwrülen, özüni meniň bilen iň bagtly adam saýjak bolup, menem, özünem betbagtçylyga uçradan ynsan. Ol dogrusy özüniň bu dünýede bardygyndanam bihabardy, ýokdugyndanam. Ol ýaşanokdy-da, ejir çekýärdi. Gargyşyň özüne beren jezasyny külterleýärdi. Şol külteriň kültemi gutarýança, özüniň ölüp bilmejeginem bilýärdi. Şol hasap tamamlandam welin, ol ýola düşmek bilen boldy.
― O nähili boldy, Melek? Munça bolanyna görä, onam gürrüň beräýseň...
Melek gamaşýan gözlerini gypyrjykladyp, ýaşyp barýan Güne seretdi.
― Ýokuş görmeseňiz, ýene-de ertire goýaýalyň? Bu gün agşam men o düşege-de aýlanmaly.
― Wi... Hä-ä... Bolýa, bolýa... Ertir näwagtrak gelsem bor?
― Günortadan soň.
― Bolýa, hoş, sag bol, Melek, saglykda görşeli...

* * *

― Şo-ol, özüni gözledip, gezegini Kerime aldyran gijesinden soň, men wraç tanşym bilen, tas üç aý diýen ýaly gepleşmän gezdim. Ýöne, barybir ol meniň öýkämi ýazdy. Ýene-de öňkimiz ýaly gatnaşyp başladyk.
― Sen onuň bilen nädip tanşandygyň barada aýdyp bilmezmisiň, Melek?
― Aýdyp bilerin. Kerimiň juda uzaga çeken ýarawsyzlygy, soňunyňam beýle gussaly tamamlanmagy, iş aladalary, assa-ýuwaşdanam bolsa ýüregime oňaýsyz täsir edipdir. Ahyry bir gün şol mesele boýunça «Kardiologiýa» institutyna ýüz tutmaly boldum. Ol ýere meni eýýäm hersi özbaşyna öý-işik, maşgala bolan ogullarym eltdiler. Kerime hiç zat aýtmadyk. Meni institutyň esasy işgärleriniň biri, medisina ylymlarynyň doktory, professor Aždar Ibragimowiç Tagyýew diýen daýaw, peşeneli, ýüzi-gözi nurana, elliden geçenem bolsa, entek ýüzüniň jahyllyk terzi bozulmadyk, mylaýym sözli, ullakan ala gözleri diýseň mähirli görünýän görmegeý kişi kabul etdi. Ähli medisina barlaglaryndan geçirip, bäş-on gün hassahanada bejergi almaklygy teklip edenden we razylygymy alandan soň, derhal gadyr edip özbaşdak, kiçeňräk, bir adamlyk otagda ýerleşdirenden soň ol meniň durmuşym, maşgala ýagdaýym bilen gyzyklandy. «Ýeke bir ýürek däl, saglyk meselesiniň islendik görnüşinde-de adamyň şahsy durmuşy uly rol oýnaýar...» diýdi. Onuň özümi gowy görendigini, aşyk bolan bolaýmagynyňam ahmaldygyny güman etdim. Çünki, birinjiden-ä ol daşymdan aýrylmaýardy. Başymyz tas boş diýen ýalydygyny beren gürrüňlerim arkaly aňansoň-a hasam içgin durdy, ikinjidenem bolýan otagymy syryp-süpürýän Maşa atly gyz meniň örän ökde we adamkärçilikli doktoryň eline düşendigimi, şonuň üçin bu ýerden hökman gutulyp gitjekdigimi, gaýdybam şu «diagnoz» bilen şu ýere gelmejekdigimi guwanç bilen aýtdy. Bir zatlar aňan ýaly, arman, Aždar Ibragimowiçiň maşgala ýagdaýynyň şowsuzrak bolandygynam ýaňzytdy. Meniň bilen gürleşende näme üçin birsyhly sag eliniň aýasyny ýüreginiň üstüne eltip, gaşlarynam çalarak çytýandygyň sebäbine-de, näme üçin ýüzüniň aksowult, gözleriniň solgunrakdygyna-da men şondan soň düşünip galdym. Ony edaranyň ähli işgärlerem, ýolbaşçylaram gowy görýän ekenler. Iň ökde kardiohirglaryň biri hökmünde hormatlaýan ekenler. Bir gezek men ondan: «Size ökde hirurg diýýäler. Gerek bolsa siz meniň ýüregimem operasiýa edip berermisiňiz?» diýdim. «Siz ýaly owadan gelniň ýüreginiň nähilidigini eline alyp görmek bagty biz ýaly her bir öňýetene ýetdirip durmaz. Ýöne, goý, ony operasiýa etmeli bolmasyn. Bolmazam. Olar ýaly düýpli kemçilik sizde ýok. Galyberse-de, men siziň ýüregiňizi şeýlekinem görüp durun» diýdi. «Nädip?» diýen soragyma bolsa: «Gözleriňize seredip, her bir adamyň gözleriniň içinde ýüregine barýan, ony açyk-aýdyň görkezýän damarlary bar» diýip, jogap berdi. Şol gezek men ondan durmuş ýoly barada hem soradym. Aýdyşyna görä, ol Aşgabatda önüp-ösüpdir. Milleti azerbaýjan. Türkmen diline suwara. Orsça-da şonuň ýaly. Öz diline ugry ýok. Moskwada okapdyr, şol ýerde galybam aspiranturany tamamlapdyr. Kandidatlyk derejesini gorapdyr. Aşgabada gelensoň işiniň daşyndan doktorlyk derejesine ýetipdir. Medisina institutynda köp ýyllar okadyp, «professor» adynam alypdyr. Bir rus zenanyna öýlenipdir. Ýöne, çagalary bolmandyr. Şonuň üçin bolsa-da bilemok, oňşuklary ýabygorlurak bolupdyr. Önelgesizligi biri-birlerinden görüpdirler. Soň bir gezek gepiň gerdişine görä soranymda, Aždar Ibragimowiç önelgesizligi özünde däldigini, muň medisina barlaglary arkaly subut edendigini aýtdy. Aýaly welin barlagdan geçmek islemändir. Şeýdibem aýrylyşypdyrlar. «Şol maşgala bilen ýaşaşan döwrümdäki bolup geçen goh-galmagallar, meni şeýle bir ýadatdy welin, edil şert etmesemem, galan ömrüme aýal tohumy bilen bir gapydan girip--çykmazlyga öz-özüme söz berdim ― diýip, Aždar Ibragimowiç şonda juda ýangynly gepledi.
― Ýöne, ine, saňa gözüm düşende welin pikirim bütinleý üýtgedi. Sen şu hassahananyň gapysyndan näsag bolup girenem bolsaň, meniň üçin halasgär bolup göründiň. Seni şu ýere ýollandygy üçin men Allahdan müňde bir razy boldum» diýdi. Ol meniň bilen şeýle bir öwrenişdi, soňabaka işden soň öýüne gitmesinem goýdy. Hassahana geljek gelip, gitjek gidip, işgärlerem sabaşansoň, ol gelip, meniň ýanymda oturýady. Tumboçkanyň üstünde duran termosdan çaý guýup berýädi. Kökejik äberýädi. Kagyzly kemputlaryň, şokoladlaryň daşyny aýryp, agzyma tutdurýady. Günortan iýmek üçin öýünden getiren lukmajyklaryny meniň bilen paýlaşýady. «Özüm bişirdim. Sallah bolamsoň men bu zatlara ökdedirin» diýip, syrly ýylgyrýady, ýüzüme gyýa-gyýa garaýady. Käte ellerimi, goşarlarymy, alyn saçlarymy sypalaýady. Uzak wagtlap, ýüzüme söýünçli seredip oturýady. Onuň bu hereketleri maňa hoş ýakýady. Bir gün tä hassahananyň ýatar wagtyma çenli ýanymda oturdy. Goňşy palatalarda, zalyň ugrunda ses-üýn, «şakur-şykyr» galyşyberensoňam turup, gapyny ýapdy. Gelip ýene-de öňki ýerinde oturdy. Saçlarymy, ýaňaklarymy sypalady. Men meýmiräp, gözlerimi ýumup ýatyrdym. Birdenem onuň ýyly demi ýüzüme urdy. Gözümi açsam ýüzi, ýüzüme ýetip gelýär. Şol gezek ol, elbetde, köpden bäri aýal gören däldir-dä, özüni örän dyzmaç alyp bardy. Serhetden geçiberjek bolanynda men oňa: «Dur!» diýdim. Ellerim bilen ellerini aýyrdym. «Men sizden beýle zada garaşmandym, Aždar Ibragimowiç ― diýdim. Daşyňyzdan welin, gör, nähili salyhatly görünýäňiz. Ýa owadan gelinler durumsyzdyr bolýandyr öýdýäňizmi? Ýa olaryň ýüz berdikleri ýüzün düşdükleridir öýdýäňizmi?» Ol erbet utandy. Şeýle bir utandy welin, şol çykyp gidişine üç günläp dagy gapymdanam garap bilmedi. Dördünji güni diýlende geldi, ýöne geň ýeri onuň ýüzünde uýat däl-de, öýke görnen ýaly boldy. ― Ýöne, men ýalňyşypdyryn. Ol hakykatdanam erbet utanypdyr. Çynmy, ýalanmy bilemok, öz aýdyşyna görä, şol üç günüň içinde işden çykyp gitmek üçin tas, arza ýazan ekeni. Ýaman dert, şol otlukly sözlerimden soň men ony bagyşlamaryn öýdüpdir. Haçanda, gaty görmeýändigimi, ýöne türkmençilikde aýdylyşy ýaly, tä duluna geçirýänçä, şolar ýaly özüne gelişmeýän gödek hereketleri gaýtalamazlygy haýyş edenimden soň, bag-bag bolup açyldy. Ýazyldy. Öňki kaddyna geldi. Özümiň oňa durmuşa çykmaga razydygymy, sözümde durjakdygymy eşidib-ä ol hasam begendi.
Melek men gelýänçäm nahar taýýarlan ekeni. Gürrüň şu ýere ýetende ol turup gitdi-de, şondan herimize bir okara guýup getirdi. Gök, miwe suw, gatyk ýaly zatlardanam goýuşdyrdy. Men ajyragam bolsam, datdymda çekildim. Melek mürähet etdi. «Iýseňizläň. Uzynly gün aç otyrsyňyz. Öz aýdyşyňyza görä öýüňizde bulamakçyňyzam-a ýok ýalyla. «Düşek aşy diýip çekinmäň, iýip degsin etseňiz gowy bor, ýa nahary halamadyňyzmy?» diýdi. Nahar elbetde, süýjüdi. Ýöne, men barybir iýip bilmedim. Her näme-de bolsa, gelen-giden üçin düşek aşyny iýmek kynrak bolýar. Onsoňam Melegiň Aždarly gürrüňi meni şeýle bir özüne çekdi welin, men eýýäm öz ýanymdan, näme üçindigini özümem bilmezden, Aždary Melekden gabanyp ugradym. Şonuň üçin, Melegiňem iýip bolaryna mähetdel töwir galdyrdym-da, basymrak sözüni dowam etdirmegini haýyş etdim. Ortada diňe içi çaýly termosy galdyryp, galan zatlary ýygnaşdyrandan soň:
― Indi Kerimli meseläni birýüzli etmelidi ― diýip, Melek söze başlady. ― Aždar Ibragimowiçiň öz jaýy ýok. Bar ekeni-de, aýrylyşanda ony aýalyna goýup, sokbaş özi çykyp gaýdypdyr. Bir otagly jaýda kireýine ýaşaýan ekeni. Mende bar, ýöne şärikli. Çünki, men entegem, Kerim bilen resmi ýagdaýda nikada durun. Aýrylyşsam jaýy ikä bölüp, ýarysyny maňa bererler... Emma soňy nähili boljak, Kerim biz bilen bir jaýda ýaşamaga kaýyl bolarmy? Asyl-ha, aýrylyşmaga razylyk berermi? Her gün bir gep bilen, dälilige, tenteklige salyp, günümizi bulap ýörmezmi? Özüň ýaşasaň ýaşa, ýöne, şunyňy güm et, jaýyň süňňi meňki, diýip, Aždar Ibragimowiçi eli paltaly kowalar ýörmezmi? Her niçik hem bolsa herekete başlamalydy. Gepe düşünmese-de, adam şekilli gürleşip bilse-bilmese-de, şol zatlary edesi gelse-gelmese-de, men onuň bilen gürleşmelidim, ýaňky diýen zatlarymyň barysyny kazyýet arkaly, düzgün boýunça çözlüşmelidim. Şeýle hem etdim. Öňi bilenem hassahanadan çykanymdan soň Kerimiň özünden başladym: Ýanymda oturdyp bar zady bolşy-bolşy ýaly düşündirdim. Şondan başga çykalganyň ýokdugyny aýtdym. «Ýöne, sen gynanma, men seni gözden salman, serederin, aram-aram alýan bejergileriňe kömek ederin, iýmek-içmegiňe-de, üsti-başyňa-da garar duraryn» diýdim. Ýerden ses çykdy, ondan çykmady. Şo-ol aşak bakyp: «hys-hys», «tys-tys» etdi oturdy. Käwagtam bir başyny galdyrdy-da, ýüzüme seredip: «ýyrş» etdi. «Boram» diýmedi, «ýogam» diýmedi. «Düşündimem» diýmedi, «düşünmedimem» diýmedi. Garaz belli bir zat aýtmady. Şonuň üçinem, onuň ýagdaýynyň şeýleräkdigini aýdyp, şeýle hem oňa wraçlar tarapyndan berlen, saglygy dogrusyndaky sprawkany gapdalyna çatyp, aýrylyşmak barada öz etrap kazyýetimize arza berdim. «Özüni göreli» diýseler ýörite ulag tutup äkitdim. Gördüler. Gürleşdiler. Berlen sprawka bilenem, meniň bilenem razylaşdylar. Kanuna görä alty aý möhlet berdiler-de, soňam aýrylyşdyrdylar. Garaşyşymyz ýaly, jaýam ikä böldüler. Çagalar hiç hili talap bildirmediler. Şondan soň men Aždar Ibragimowiç bilen nikalaşdym. Ýöne, jaýa ýazgy etmedim. O-da «Et!» diýip dyzabam durmady. «Maňa jaý däl, sen gerek! Ýazgydan bolsa men entek öňki jaýymdanam çykamok... Dolanyp bararymy tama edýämi, nämemi, aýalymam meň şol ýeriň ýazgysyndan çykmaýanymy kem görenok» diýdi. Howwa, şeýdip, täze durmuşa başlamaklygyň öň ýanyndaky ownukly-irili hysyrdylaryň ählisinden dyndyk. Indi men Aždar Ibragimowiçi getirip, arkaýyn ýaşabermelidim. Emma men, Kerimiň iru-giç hökmany suratda Esrap bilen haklaşmaly, gargyşyň iň soňky borjuny berjaý edip, ony erkinlige goýbermeli pursatynyň hut şol güne gabat geläýmeginiň ahmaldygy barada oýlanmandyryn. Meniň Aždar Ibragimowiçi getirjek mütdetimi minutlaryna çenli öňünden hasaplap goýan ýaly, ― galyberse-de, ol entek ony tananogam ahyry ― öýe girip gapynam ýapyp ýetişmänkäk, Kerimiň edil tüweleý ýaly tüwdürilip, penjiräniň öňünden geçenini görüp galdym, elinde-de şo-ol, köneje paltasy. Elbetde, şolar ýalyda adama güýç gelýändir-dä, öň göwresini zordan süýräp ýören aýaklarynyň biri bilen şeýle bir depdi welin, ― bu wagtyň gapylarynam-a özüň bilýäň, hem materialy berk, hem ussalary ökde ― «jarka» açyldy-da, iki bölündi ýatyberdi. Sapy döwük, posly palta Aždar Ibragimowiçiň depesinde howalandy. Ýöne, inmedi. Kerimiň saňňyldap duran elleri ony janly adamyň depesinden ur-tut inderibermedi. Oňa çenlem öňki sportsmen, meniň täze ärim, professor Aždar Ibragimowiç paltany Kerimiň elinden kakyp aldy-da, daş çykyp, ony eliniň ýeten ýerine zyňyp goýberdi. Ejize ganymlyk etmäýin, diýendir-dä, Kerime barmagynam batyrmady. Gaýtam: «Nätmeli?» diýen manyda meniň ýüzüme seretdi. Men oňa belli bir zat diýip ýetişmänkäm, Kerim edil, birwagtlar Esrapyň öz özünde edişi ýaly, professoryň öňünde iki dyzyna çökdi-de, elleri bilen onuň aýaklaryndan aslyşyp durşuna aglapmy, gülüpmi, tükeniksiz «tys-tyslaryň», «hys-hyslaryň» arasy bilen, diňe maňa düşnükli bolan dilde Esrapyň özüne diýen sözlerini birin-birin gaýtalady: «Agam! Gaýrat et! Öýümi ýykma! Meni maşgalamdan aýyrma! Men onsuz ýaşap bilmen. Ozalam nä günlük bilen ýetdim men muňa. Dünýe malymy harç etdim». Şondan soňky sözlerine-hä dogrusy menem düşünmedim. Oňa çenlem ol doktory goýberdi-de, «hasanaklap» gelip menden aslyşdy. «Melek! Gitme! Meni taşlama! Aýrylyşma!.. Gaýrat et!..» Ol başga-da kän zat diýdi. Gitdigiçe-de sesi assalady. Güýji peseldi. Ysgyny gaçdy. Ahyram hereketden, sözden galdy. Megerem iň soňky güýjüni jemlän bolsa gerek, iki eli bilenem diwardan ýapyşyp, öz otagyna tarap süýrenjiräp ugrady. Bir görsem Aždar Ibragimowiçiňem eňki agyp barýa. Ýüzi duw-ak. Sag eli ýüreginiň üstünde. Gözleri hanasyndan çykyp barýa. Men dessine «tiz kömegi» çagyrdym. Kerimiňem halynyň harapdygyna garamazdan, belki, tanarlar, çalt gelseler, diýen umyt bilendir, men olara diňe professoryň şahsy maglumatlaryny aýtdym. Dogrudanam tanadylar. Çaltam geldiler. Äkitdilerem. Eltibem göni öz işleýän institutynyň «reanimasiýasyna» dykdylar. «Siz gaýdyberiň» diýdiler. Habarlaşmak üçin bölümiň telefon belgisini berdiler. «Öz telefonyna jaň edibem oturmaň, biz ony barybir öçürderis» diýdiler. Gaýtdym. Gelşim ýalam Kerimiň otagyna girdim. Görsem, ol birwagtlar, daşary ýurtlaryň birinden özi üçin niýetläp ýörite getirden owadan diwanynyň üstünde heläkçilige uçramazynyň öň ýany öýden geýip çykan eşiginde, ak köýnekli, «peýkamlary» doňup duran gara balakly, aýagynda ýalpyldap duran «importnyý» gara köwüş, hatda jorabyna çenli iňňeden çykma, ýüzi-gözi öňküsi ýaly owadan görnüşde aýaklaryny jüp uzadyp, gollaryny gapdalynda goýup ýatyr. Murtjagazlaram edil «krutoý» döwründäki ýaly, ujy jaýtarypjyk dur. Öýüň içinde ýel öwüsmeýändigine, hiç hili şemalçekeriň ýokdugyna garamazdan, buýra gara saçlary birsyhly «ykjaýar». Ýüzi-gözi edil şo-ol, birmahalkylary ýaly. Göwnüme bolmasa, ol ýerinden böküp turup: «Melek! Men indi günälerimden saplandym. Esrapyň gargyşy meni goýberdi. Şonuň üçinem gel, indi ikimiz täzeden durmuş guraly. Bar zady täzeden başlaly. Sen ol doktoryňy taşla. Ol gowy adam däl. Gowy bolan bolsa, beýdip, bir ejiz biçäräniň elinden maşgalasyny almazdy. Ýurduna eýemsiremezdi. Neuželi seň şoňa akylyň çatmady?» diýäýjek ýaly boldy durdy...
Men saklanyp bilmedim.
― Eger-de şeý diýäýen bolsa, sen oňa näme jogap bererdiň, Melek?..
― Meni kyn güne goýmaň, ýoldaş žurnalist... Näme diýip biljek ekendigimi men şol wagtam bilmedim, häzirem bilemok. Bir bilýän zadym-a: O-da, ýüregimiň ýarylyp, meni şol kyn soragdan halas edäýmeginiň ahmallygy. Ýöne... ol häki bir meniň halys ýadap, beýnimiň bijaý ejizländiginiň, naçarlandygymyň alamaty ekeni. Sähel wagt hem bolsa, özümi elden berendigimden peýdalanyp, şeýtanyň meni oýnap ugrandygy ekeni. Eýläme-beýläme bakýançam, bar zat ýerli-ýerine geldi. Öňki-öňkülik boldy. Men burnumy tutdum-da, ylgap daş çykdym... Ýusup bilen Ahmede jaň etdim. Olar gelişleri ýaly: «Eje, sen ýaman ýadaw görünýäň. Şu ýerde gal-da, dynjyňy al. Kakamyzy biz özümiz ýygnarys. Belli günlerinem özümiz sowarys. Goý, bu ýerem boş durmasyn, gapysy ýapylmasyn. Adamçylykdyr, kyrkyndan soňam gelen-giden bolmagy mümkin...» diýdiler. Men olar bilen ylalaşdym. Ýöne, barybir ýatybam bilmedim, dynjam alybilmedim. Uzynly gijäni gorsanyp geçirdim. Sebäbi, Aždar Ibragimowiçiň ýagdaýy meni biynjalyk edýädi. Jaň edip sorap bolmazlyk hasam kejikdirýädi. Daňyň ataryna zordan çydadym. Gitdim. Haýyş edip ýanyna girdim. Ol meni görüp gozganjyrady. Elimden tutup ýanynda oturtdy. Dodaklaryny çalaja gymyldadyp: «Ikimizem maňlaýymyzdan göreli, Melek... ― diýdi. ― Şu meniň şeýle ýagdaýa ikinji gezek düşüşim. Üçünji gezek diýen zat ýok. Nireden eşidenini bilemok, agşam öňki aýalym gelipdir. Goýbermändirler. Gorkandyr-da, öýüne baransoň Bakuwa, agama jaň edipdir. Megerem ol bu gün-erte gelip, meni äkitse gerek. Elbetde, men gitmänem bilerin, ýöne, beýtsem saňa gury ýük bolaryn. Seniň bolsa ýüküň, mensizem ýetik. Mundan bu ýana bir ýagşy gün görjek bol. Sen entek-entekler özüňe ýanýoldaş tapynarsyň. Şonuň üçinem, men giden günümiň ertesi nikamyzy boz. ― Ol ýassygynyň aşagyndan iki eplenen bir tagta kagyz çykardy. ― Bu meniň aýrylyşmaga razylyk hatym». Men oňa: «Beý diýme! Biriň başyň ýassyga ýeten güni aýrylyşjak bolsaň, ondanam bir nika bormy?!» diýdim. ― Enşalla gutularsyňyz...» Oňa çenlem nobatçy gyzlar gelip, meniň çykmagymy haýyş etdiler. Çykdym. Çykyşym ýalam bir orta ýaşlaryndaky ors aýaly diwaryň öňünde goýlan kürsüden «laňňa» galdy-da, üstüme gygyryp başlady. «Sen gelin däl ― ýalyn! Jan algyç! Ýanaşanyňy ýoguna ýanyp ýören Ezraýyl! Ajal! Iň soňky awuň şu boldumy? Indi goşa-goşadan öldürip başladyňmy!..» Ol diýenleri bilenem kanagatlanman, penjelerini ýaýyp, üstüme topuldy. Nobatçylar gelip zordan aýyrdylar. Elbetde, men onuň kimdigini tanadym. Ýöne, birwagtlar aýrylyşyp, aýry ýaşap ýören äri bilen ony näme baglanyşdyryp biler? Bu iki ortada oňa meniň näme dahylym bar? Agşamlyk Ýusubyňka baryp, Kerimiň ýerine göründim. Şol ýerde ýatdym. Ertesi irden hassahana barsam, Aždar Ibragimowiçi hatda «reanimasiýadanam» tapmadym. Umumy bölüme geçirendirler öýtdüm. Emma maňa ony öten agşam şu ýerden uçargähe, ol ýerdenem göni Bakuwa göterendiklerini aýtdylar. Geň ýeri onuň öňki aýaly Roza Federowna Kuznesowa hem jaýyny gulplap onuň bilen bile gidipdir.
Ak haladyň syýlaryny öz ýelginine galgadyp gelýän bir ýaş gyz bolsa, duşumdan geçip barşyna hatda badynam saklaman diýen ýaly, «Aždar Ibragimowiç şuny size gowşurmaklygy haýyş etdi..» diýip, gulagyma pyşyrdady-da, edil sigaryň ululygynda towlanan kiçijik kagyzjygy syňragymyň arasyna gysdyrdy. Ätiýajy elden bermezlik üçin, menem bir gyra çekildim-de, «okamasana meni» diýýän ýaly, sähelçe gowşak tutsaň yzyna düýrlenip duran kagyzyň towuny açdym. «Sen meni bagyşla, Melek! Ikimiziňki bolmady. Biz indi duşuşmarys. Men seni tä, ölýänçäm ýadymdan çykarman. Ölemsoňam çykarman. Ýagşylykda ýatlaşaly... Aždar...» ― Melek ýaşa dolan gözlerini bulduradyp, ýüzüme seretdi. Ine, ýoldaş žurnalist. Meniň garyş ýaşlygymdan bäri iň gowy, iň bagtly günleri arzuwlaý-arzuwlaý, düşen günüm şu boldy. Göz öňüme getirişimçe, men ýaly owadan gyzlar okuwsyz, wezipesiz bolaýanda-da, agamyň aýdyşy ýaly «raýkom» bolmaýanlygynda-da gowy ýaşamalydylar. Olary «men» diýen daýaw, dogumly, baý ýigitler garbap almalydylar we aýalarynyň üstünde saklamalydylar. Şeýle bolaýjagam ýalydy. Başda Esrapyňam gelejegi gaty bir garaňky däldi. Atly alym bolmaklyga, gurplanmaklyga ähli mümkinçilikleri bardam. Men şoňa ynanýadym. Üstesine-de, onuň dilewarlygam bir uly baýlykdy.
― Aý, bu zatlar nesibe-dä, Melek. El bilen oňaryp bolýan zat däl-dä...
― Elbetde, Kerime sataşanymda dagy, özümi edil jennetiň ortarasyna düşendirin öýdüpdirin. Emma, indi görüp otursam özümi dowzahyň törüne taşlan ekenim. Men şonda: görk bilen baýlyk birleşse, dünýä nusga bolarlyk, iň uly bagt emele geler öýdüpdim. Emma, ol ikisiniň birleşen ýerinde hakykatdanam dünýä nusga bolarlyk betbagtçylyklar döreýän ekeni... ― Melek, şunça wagtyň içinde ikinji gezek ýüzüme gazaply garady. ― Bar, Esrap «was-wasa» özüni aldyrdy, Kerim gargyşa galdy diýeli, a Aždar Ibragimowiç näme?! Onda näme günä bar?! Ýa-da ine, alyp göreli, mende näme günä bar?! Olaryň hersi öz jezalaryny aýratynlykda çeken bolsalar, men olaryň hemmesiniňkini ýeke özüm çekdim. Eýsem-de bolsa, bu näme? Bu näme üçin şeýle? Men ine, şuňa jogap tapyp bilemok. Men arassa ýerden geldim. Arassa howadan dem aldym. Arassa, çeşme suwlaryndan içdim. Dag jerenleri bilen oýnap ösdüm. Olar ― mendenem ejizdiklerine garamazdan, öz janlaryny pida edip meni ýyrtyjylardan goraýardylar. Bu ýerde bolsa, meni olar ýyrtyjylardan-a däl, hatda öz-özlerindenem gorap bilmediler. Gaýtam labyrlaryny üstüme atdylar. Biri menden alan ylhamyny öz işlegine däl-de, öz keýpi-sapalaryna sarp etse, ýene biri meni öz gabanjaňlygyna pida berdi. Şol özüni mertlerçe alyp baran bolsa, men-ä Kerimiň çoçgaryna çolaşmazdym, o-da gargyşa galyp, soňky uçran bela-beterlerine bulaşyp, halkyň öňünde-de, ýurduň, Watanyň öňünde-de, Hudaýyň dergähinde-de günäkär bolmazdy. Aždar Ibragimowiç bilen özüm barada welin, näme diýjegimi bilemok. Ýa Esrapyň Kerime eden gargyşynyň bir çeti maňa-da ýokuşaýdymyka? Ýa Esrapy töhmetden halas etmek üçin nikaly halyma adamyma ikilik eden gijäm ýokarlarda bir ýerde haýsydyr bir hasaba alynaýdymmykam? Şu zatlar barada siz nähili pikir edýäňiz?
Men kyn güne galdym. Çünki, näçe gün bäri üýşe-üýşe öňümde uly üýşmek döreden sorag alamatlarynyň ähli halkalaryny Melek ahyrsoňunda alaga-da öz boýnumdan ildirer diýen düşünje kelläme gelmese näme? Men elbetde, gargyşyň, töhmetiň gowy zat däldigini, eşitmişler arkaly bilýärdim, ýöne, edil Melegiň aýdyp beren gürrüňlerindäki ýaly, onuň hakykat ýüzüne geçişini welin görmeg-ä däl, hatda eşitmändimem. Şonuň üçinem, Aždar Ibragimowiçli meseläniň-ä haýsy tarapyndan barjagymy bilmedim. Ýöne, Melegiň soragyny jogapsyz galdyrmagam boljak däldi. Şonuň üçinem men: «Şol, öz, soňky çaklamaň dogry bolaýmasa, Melek ― diýdim. ― Haýsy tarapdan alsaňam, seň şonyňy aklap bolanok. Şu meseläniň çözgüdini tapmakda sen hemme zady: töhmeti, gargyşy, baýlygy, görk-görmegi hasaba alypsyň. Emma, biwepalygy almansyň. Ähli betbagtçylyklaryň şondan başlan bolaýmagynyň ahmaldygyny göz öňüne tutmansyň...
Melek çym-gyzyl bolup:
― Dogry. ― diýdi-de aşak bakdy.
― Howwa-da... Adam hiç haçan kemçiligi özünden gözlemeýä. Özünde kemçilik bardyram öýtmeýä. Her kim ili düzetjek, özi şol durşuna galjak. Her zadyň öz sebäbi bolýa. Her sebäbiňem öz netijesi bolýa. Netijäniň bolsa, hökman öz sebäbi bolýa. Muňa filosofiýada: «Sebäp we netije» diýilýär. Seň şol ýalňyşyňy aňyrlaýyn çözleseňem, bärileýin çözleseňem öz sebäplerem bardyr, netijelerem. Durmuşda bar zat biri-biri bilen bagly. Bu ― tebigatyň kanuny. ― Ol-a şeýledirem welin, menden beterräklerem-ä gül-abadan ýaşaşyp ýörler.
― Göwnüňedir, Melek. Her kimiň özüne ýeterlik derdi bardyr. Ýöne, içindedir. Biz bilýän däldiris. Häli görseň «ýigit baryny sortlap ýör» diýşip saňa gözi gidip ýörenlerem kändir. Ýöne, kim bilýä, sen entek-entekler görjegiň öňüňde bolmagam mümkin...
― Häý, näbileýin-dä.
― Nätsem diýýäň indi mundan soň?..
― Şu aladalar sowlansoň gidermikäm diýýän.
― Nirä?
― Çagalygymyň geçen ýerlerine. Jerenleriň arasyna. Özümi özümdenem owadan, arassa tebigatyň gujagyna oklasym gelýä.
― Klasdaşyňam-a bardyr o ýerde?
― Howwa. Ýöne, entek meni çagalarymyň goýbermezliklerem mümkin.
Melek şeý diýenden, ony gören günümden bäri kalbymda köräp duran közden göterilen umyt uçgunjyklary gözlerimden syçrap çykdy-da, Melegiň ýüzüne çabrady. Ol muny duýdy.
Men pursaty elden bermezlige çalyşdym.
― Egerde, birden gitmesiz bolaýsaň dagy... Men...
Melek elini eýläk-beýläk ülňäp, uçgunjyklardan goranyp oturyşyna çep gözüniň gyýgyny güldürip, aşaklyk bilen maňa seretdi... Soňam gyzardy-da, uýaljyrap aşak bakdy.
― Men size düşünýän. Öz ýagdaýymam bilmän duramok. Henize çenli maňa duşup, didaryma aşyk bolmadyk erkek ýok. Ýöne, siz bu oýna goşulmaň. Meň ýüküm siz çekerden agyrdyr.
― Her niçigem bolsa...
― Galanam näme, nesibedir...
Şeýdibem men Melek bilen hoşlaşdym. Özbaşdaklyk döwründe dörän türkmen baýlarynyň tymsaly hökmünde howalanyp duran jaýdan daşlaşdygymsaýy ol ýerde bir zadymy galdyryp gaýdan ýaly, öwrülesim, dolanasym gelip, ýüregim şol tarapa atygsady durdy. “Melek häzir yzymdan garap durmyka ýa eýýäm çäýnek-käselerini, ýeňil-ýelpaý düşeklerini ýygnaşdyryp öýüne girdimikä?» diýen sorag öz erkime goýmady. Ahyram iň soňky öwrüme gelenimden saklanyp bilmän yzyma seretdim.
Melek öýe-de girmändir, meniň yzymdanam garanok-da, şol bir oturan ýerinde iki büklem bolup, aglap otyr.
Ol özi zerarly dünýeden ir giden, ilkinji ýanýoldaşy Esrapyň agysyny aglaýamy, özi üçin gargyşa giriftar bolup, ahyret azabyny şu dünýede çeke-çeke göz-görüm bolup giden Kerimiň agysyny aglaýamy, ýa näme sebäpden beýle bolany belli bolmadyk, nikalaşandan soňam ýekeje gije-de rozygär bolup bilmedik Aždar Ibragimowiç Tagiýewiň agysyny aglaýamy, ýa-da gel-gel indi düýn-öňňin pensiýä çykan haýsydyr bir žurnalistiň dagam özüne söz aýdar ýaly derejä ýetendigi üçin kemsinip, ömründen nalap, namys edip aglaýamy, ine, şony welin bilip bilmedim.

Aşgabat, 2020 ý.

Juma HUDAÝGULY.
Категория: Powestler | Просмотров: 139 | Добавил: Haweran | Теги: Juma Hudaýguly | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 6
0
6 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
"Iki aýagyny göre sokup oturan"
Bir adam isle 100 ýaşasyn isle 150 şol babatda şu sözüñ ulanylmagyny hiç oñlamok da.Gulaga ýakymly däl.Hemem birhili betniýst bar ýaly eşdilýär(ýogam bolsa)

0
5 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Men size "asylly" türkmen zenanlary hakda şeýle bir zatlar gürrüñ bererin .Aklyñyz durar.Sizem ä türkmen raýaty bolsañyz onça munçany eşdip ýören bolmaly.Ýa "Bizde hemme zat ahlak kadalaryna laýyk" diýip özûñizi allap ýörenlerdenmi?

0
4 Haweran   [Mowzuga geç]
Garrap iki ayagyny göre sokup oturan we gözünden ejir cekip, yazmasy-da halys hyllalla bolan Juma aganyñ daşary yurt durmuşyny, hazirki kinolary, başga fantaziyalary görüp-synlap-täsirlenip şu powesti yazypdyr diýilse, Juma aga aglajakmy-güljekmi, men-ä bilmedim...

0
3 Haweran   [Mowzuga geç]
Türkmen zenany bolanda hemmesi salyhatly bolaýmalymyka, adama mahsus gylyk-häsiýetler, başga milletlere mahsus kemciliklerdir artykmaclyklar biziñ halkymyzdan sowa gecäymelimikä?...

0
2 Nusaý   [Mowzuga geç]
Şu powesti okap otyrkam Çingiz Aýtmatowyň urş döwrinde bir gyrgyz ofiseriň aýalynyň ýagdaýy ýadyma düşdi. Urş turandan adamsy öleni sebäpli, partizanlara goşulyp 2 dagy äre barýar hersindenem bir çaga bolýarmy, garaz bir aýal maşgalanyň ömri owadan edilip suratlandyrlypdyr. Gynansamam şu wagt şol kitabyň ady ýadyma düşenok.
Powest hakda aýtsak ýewropa kinolardaky ýaly owadan eşretli durmuş, baýlykly ýaşaýşyň arzuwy suratlandyrlypdyr. Gyzyklydygyna söz ýok, ýöne Melegiň roly asla türkmen adynada, zenanyda gabat gelmejek şekilde suratlandyrlypdyr.
Ýazyjy megerem häzirki döwriň kinolaryndan, fantazýalaryndan we şuňa meňzeş duýgularyndan ruhlanyp ýazan bolmaly.
Powest gaty gyzykly, soňyna ýetdigiňçe mende gahar gazap duýgusy gaplap aldy. Türkmen zenanyň ýeňil kelle suratlandyrşy, galybersede daşary ýurt ýaşaýşyndan ylham alynyp powest ýazylşyna.((((
Men bir zat okasam, özümde täsir galdyrsa, başgalarada hökmany okamagy maslahat berýän, printerden çykaryp özim höwes edip okadýan. Gynansagam bu powesti oka diýip maslahat berip bolmaýar, türkmeniň däp-dessuryna, mentalitetine asla gabat gelenok.((

0
1 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Mbähhhhh.
Melek hemme kişiñ başyna ýetipdir dä onda.Birhili "Eli bilen eden egni bilen çeker" diýäýesiñ gelýär.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]