01:25
Arzuwlarmy gözleýärkam
ARZUWLARMY GÖZLEÝÄRKÄM

Oýun tamam boldy, ýapyldy perde,
Söýgi sahnasyndan düşürdiň meni.
Gulak sal, eşdilýän galmagallar-da
Täze ýigdiň bilen gutlaýar seni,
Söýgi sahnasyndan düşürdiň meni.

Oýnapdy duýdansyz göwün tarymy
Nazaryma kaklyşanda nazaryň.
Öňki gaýyp ýören arzuwlarymy
Çogdamlap, çemen dek bogupdym baryn,
Nazaryma kaklyşanda nazaryň.

Getirdim... säginmän aldyň sen ony,
Käte oňa, käte maňa garadyň.
Näz etdiň, gözüme bakmadyň göni,
Saçyň ujun barmagyňa oradyň,
Kä «çemene», käte maňa garadyň.

Arman, başga ýigdi gördüň-de birden,
Seniň näzik ýüregiňe ot düşdi.
Aljyrap, huşuňy uçurdyň serden,
Uçurdyň... Wepaňdan, ähtiňdeň geçdiň,
Seniň näzik ýüregiňe ot düşdi.

Ahyrynam goluňdaky çemene
Gazap bilen nazaryňy aýladyň.
Çogdamlapjyk beren arzuwmy ýene
Şemala sowurdyň, ýele paýladyň,
Maňa ajy nazaryňy aýladyň.

...Hawa, tamam boldy, ýapyldy perde,
Söýgi sahnasyndan düşürdiň meni.
Galdyran bolsaň-da gyjalatlar-da,
Ýigrenmerin näletlemen men seni,
Hoş gözel, ugraýan, ýola sal meni.

Hoş gözel, unutjak borun baryny,
Eger başarmasam, ýaşaryn gizläp.
Emma gaýyp bolan arzuwlarymy
Söz berýän, ölinçäm gezerin gözläp,
A gyz, ony senden nädeýin gizläp?!

Şonda tötänlikden duşaýsam saňa,
Haýyşym, säginmän söküber ýoly.
Ýok, ýok, tanyşlygam bermegin maňa,
Ýoldaşyň göwnüne zat gelmez ýaly.
Haýyşym, säginmän söküber ýoly.

Men bolsam, yzyňdan galaryn garap,
Zor etsem, diýerin: «Bagtly bol, sona»
Soňra tapmajagma aklym çatsa-da,
Ýiten arzuwlarmy gözlärin ýene,
Zor etsem, diýerin: «Bagtly bol, sona».

Italmaz NURYÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 66 | Добавил: Haweran | Теги: Italmaz Nuryýew | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 1
0
1 Myrat4556   [Mowzuga geç]
Super

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: