01:15
Kysmat -3/ powestiñ dowamy
Şeýle tapylgysyz, şeýle islegli, adam baryny yzynda şeýle ser-sepil edip bilýän bolsa, onda bu pullar adamzada bizdenem has gerekli, zerur, mendenem kän-kän owadan bolmaly, diýen netijä geldim.
Hä diýmän başymyzdan injek belaýy-gerdanlaryň barysynyň başynyň hut şol pullar boljakdygyny, Esrapyň başyna ýetip, meni onuň kyýamatlyk eşegine öwürjekdigini, öýümizi dargadyp, çagajyklarymyzy ýetim goýjakdygyny welin, şol, billeri guşakly ýaşyl ýylanlaryň daşyndan aýrylybilmän «zowzullap» ýören menem, ilkagşamky gürrüňleriniň täsirinden çykybilmän, düýşünde-de «syrşaryp» ýatan Esrapam bihabardy.
«Düýn meni ugratjak wagty bilýäňmi, Kerim maňa näme diýdi... ― diýip, henizem ernini bir ýere ýygnabilmän oturan Esrap, agşamky aýdyp ýetişmedik zatlaryny ertesi irden, çaý başynda-da dowam etdirdi. ― Ine, ýene-de sähelçe wagtdan soň halkara Nobel baýragyny alarsyň welin, şonda men senden karz almaly bolaryn... diýdi». «Degişgen adam ekeni...» diýdim. Megerem meniň ugrybir gopmandygym üçin, bolsa gerek, zandy ynjygrak, sähel zadam göwnüne alyp öýkeläbilýän Esrapyň ýüzi üýtgäp gitdi. Ýöne, syr bildirmedi... Okan bolsa özem-ä bir ýerden urup çykjak ekeni, aýdýan zatlary, berýän soraglary örän töňňeli. Öz halkyny, taryhyny, juda gowy görýä. Hut şonuň üçinem ony «milletçi» hökmünde ýokary okuwa almandyrlar...» diýdi.
― Howwa-da, şo döwürler şeýleräkdi-dä, diýip, meňem gijili ýerimi gaşap goýberdim. «Menem adam-ow, taryhda meniň ata--babalarymyňam aýak yzlary bardyr-ow...» diýmek bolanokdy. Konstitusiýada: «Döwlet dili ― rus dili» diýlip ýazylandy. Türkmençe geplesek: «Adam dilinde gürläp bileňokmy» diýýärdiler. Ahalteke atlaryny ýetişdiren türkmenlere öýünde at saklamak gadagandy. «Näme üçin beýle diýseňem: Şol ugurdan ministrlikde oturan, ýöne saýry milletden bolan adamlar: «Siz olary saklap bilmersiňiz., zaýalarsyňyz» diýip, jogap berýädiler. Sähelçe gidişiberseňem ýagyrnyňa «milletçi» diýen ýarlyga ýelmeýärdiler-de, daşyňdan aýlanyşyp ugraýadylar. Onda-da mugyra gelmeseň, basaýdyklaram bolýady. Kerimiňem şolar ýaly güne düşen bolmagy ahmal.
― Howwa, hut şeýle bolupdyr. O zatlary o maňa soň, ähli jikme-jiklikleri bilen gürrüň berdi.
― Ýeri, onsoň hälki diplomat doly dollarlaryň ykbaly nähili boldy. Jaý alyp bildiňizmi?..
― Ýadyňyza düşýändir, şol döwür Aşgabatda ýaşap ýören gaýry milletleriň hemmesi diýen ýaly aýak aldygyna, ýurtly-ýurtlaryna göçýädiler. Şonuň üçin jaý tapmak aňsatdam, amatlydam... Eliňi uran ýeriň jaý satýanlaryň öý salgysyndan, telefon belgilerinden doludy. Bizem ony uzak gözlemeli bolmadyk. Kerimiň beren puly-ha dogrusy dört otagly jemagat jaýyny almaga-da ýetjekdi welin, ýöne biz içine--daşyna goş-golam alar ýaly, şeýle-de oturylyşyk eder ýaly diýip, üç otagly mellekli jaý alyp, galan puluny gysymymyza gysdyk.
Halydyr-palas, owadan tutular, diwan, stol-stul we başga-da gerekli bolan zatlaryň birnäçesini aldyk.
Diňe oturylyşyk edäýmek galdy.
Esasy myhmany hökmünde biz oňa meniň hossarlarymdan, Esrapyň işdeş ýoldaşlaryndan başga, geljegine gaty bir ynamymyz bolmasa-da, Kerimem çagyrypdyk.
Ýöne, ol bizi geňler galdyryp, onda-da dürli sowgatlar bilen dolup--daşyp geldi. Men ony gartaňrak adamdyr öýdýädim, emma, bolaýsa biz deň-duş, Göroglyňky ýaly jaýtarylyp duran murtly, görmegeý ýigit ekeni. Ilden öňürti gelip, şapbada-şupba boluberişini biz onuň hakykatdan-da Esrapyň işi bilen gyzyklanyp ugrandygyna ýorduk.
Bu hakykatdanam şeýle bolup çykdy. Toýuň barşynda sözlän sözünde ol, Esrapdan uly-uly açyşlara garaşýandygyny, şonuň üçinem, onuň mugallymçylygyny taşlap, diňe ylmy işi bilen boluberse maksada has laýyk boljakdygyny aýtdy. «Bu ýerde ýapsalar ýapybersinler, biz doktoranturanyň açyk ýerlerinem, «WAK-yň» bar ýerlerinem taparys. Men Bükdizow diýen alymdanam armanly galdym. Aldyrdym. Sen welin, gardaş, gaýrat et.
Oturylyşyk mazaly gyzyşan wagty ol Esrapy bir gyra çekip, uzakdan-uzak gürrüňler etdi.
Toýlap oturan jaýymyzy şol, ile meşhur baý ýigidiň hiç bir muzdsuz bagyş edendigini, göwünlerine güman getirmezlikleri üçin, meniň hossarlarymdan gizledik. Göterimine karz aldyk, ol ylmyň muşdagy ― diýdik.
Ejem barybir iňkise gitdi. Esrap bilen içginden-içgin gürleşip oturan wagty Kerimi synlady-synlady-da: «Seret, ol Esrapyň ylmyna däl-de, saňa aşyk bolan bolaýmasyn», diýen manyda ýüzüme seretdi. Soňam şol pikiriniň dowamy hökmünde: «Kömek eden bolsa gowy zat. Gereklän wagtyň tapylsa, karzam edil mugtuň bäri ýanyndaky bir zat bolýa. Ýöne ägä bol, birdenkä aljyrap ýetim oglanyň ýüzüni ýere salaýma» diýdi.
Ilkinji gezek görüp oturan adamym barada ejemiň beý diýmegi maňa ýaramady. «Eje, diýip oturan zadyň näme? Ýa men hakda ýakymsyz zat eşitdiňmi?» diýip, onuň üstüne näler gygyrasym geldi welin, köpçülikden ejap edip saklandym. Aýtmasyz zat aýdandygyny ejemiň özem duýdy. Asylam ol olar ýaly gürrüňleri agzyna alýan adam däldi welin, elbetde, şeýtan ara düşendir-dä...
Ýöne, ene ýüreginiň ony aldamandygyny, balasynyň başyndan inip gelýän gara buludy gara bagry bilen syzandygyny, ýöne ýere biynjalyk bolmandygyny şol günki bolup duran gyzgyn toýuň aňyrsynda duran sowuk ýasy süňňi bilen syzandygyny welin, men biraz soňrak, hakykatdanam şol güne düşenimden soň bilip galdym. ― Melek içeri girdi-de, bir mejimäni dolduryp üzüm, alma, nar getirdi. ― Alyň, iýip oturyň. Ýa nahar gyzdyraýynmy? Ajygansyňyzam...
― Ýok, ýok, ajygamok. Aýdyberiň...
― Şeýdip toý-a sowduk. Kerimli gürrüňlerem galyşyberdi. Ýöne, ol söz berşi ýaly, Kerimi tiz-tizden ýanyna çagyrýady. Ýagdaýlaryny soraýardy. «Işiň üçinem, öýüň üçinem, özüň ýa maşgalaň üçinem haçan, nähili kömek gerek bolsa çekinme-de aýdyber» diýýädi.
Ýöne, Esrapyň dygysyz çakylyklaryna garamazdan, öýe gelenokdy. Onuň tüýs türkmen ýigitlerine mahsus bolan bu häsiýeti maňa ýaraýady. Emma ― ýene şol şeýtanyň boýnuna ataýmasak ― tanyş bolandan soňam men ýaly owadan gelinli öýüň gapysyndan ― goý, ýaman niýet bilen bolmasyn, garaman ýörşi meniň çetime degýärdi. Öz owadanlygyma bolan gelinlik buýsanjymy kemsindirýädi.
Maňa gözi düşen erkek menden zat bolmajakdygyna gözi ýetse-de, özüne erk edibilmän, daşymda jöwlan urmalydyr, süňňüni saklap bilmän saňňyldabermelidir diýen dar düşünjäme ters gelýädi. Şonuň üçinem, şeýdenine görä, indi gelse-de görmezlige salmaklyga, üns bermezlige, ýüzümi sowmaklyga ýa-da bir bahana bilen ümdüzüme öýden çykyp gitmeklige taýýarlanyp başladym. ― Melegiň ýüzi ap-ak boldy. Gözleri ulalyp, kirpikleri gök asmana gezeldi. ― Şeýdip ýörkämem, hiý muňa seretseňizläň, içki howsalamy aňan ýaly bir gün ol hakykatdanam geläýdi. Öz-ä dynç günüdi. Esrap bilen ekizler entek öýde ýatyrdylar. Men howlynyň içinde bir zatlara-ha güýmenip ýördüm. Görsem howlymyzyň derwezesi agşam açyk galypdyr. Ýöne, Esrap öýde ýokdur öýtdümi Kerim ak reňkli, owadan «inomarkasyny» howlynyň daşynda goýdy-da, howla özi girdi. Açaryny sag eliniň süýem barmagynyň daşynda pyrlap, ýyljyraklap gelşine, Esrapyň özünden alty-ýedi ýaş uludygynyň hatyrasyna ýaş kiçem bolsam maňa salam berdi. Ýüz öwürmek, çykyp gitmek dagy beýlede dursun, näme edip, näme goýjagymy bilmän, bir duran ýerimde pyrlanyp dursam nätjek. «Dynç güni bolansoň, Esrap öýdedir-le» diýip gaýdyberdim. Gowy ýerleşdiňizmi, kem zadyňyz bamy, habar tutaýyn diýdim...» diýdi.
Oňa çenlem gözlerini açalak-ýumalak edip, Esrap öýden çykdy. Kerimi görüp begendi. Uky garyşyky gyryljak sesi bilen «Oh-o-o!..» ― diýip gygyrdy. Yz ýany bilen çykyp, hersi bir tarapyndan aslyşyp duran ekizleriň hersiniň başyna bir aýasyny goýup, «Ähmet jan, Ýusup jan, seret bize kim gelipdir» diýdi. Kerim bilen görüşdi. Melek: çaý demle, derrewem nahar atar. Manty bormy, börek bormy aragyň gorkýan zatlaryndan, hamyrlyja bir zat bişir» diýibem, myhmanyny öýe çagyrdy. Ekizleriň hersiniň eline bir gymmat bahaly şokolad tutduryp durşuna Kerim öýden oturarlyk wagtynyň ýokdugyny, geçip barýandygyny aýtdy. Emma, Esrapyň ony diňläsem gelmedi. Golundan tutup, zor bilen diýen ýaly öýe saldy. «Bol çaltrak!..» diýen manyda maňa ümledi.
Men saçak ýazdym. Esrap üçin demlengi duran içi gök çaýly ullakan, gyzyl termosy eltip, öňlerinde goýdum. Kerim bir paket süýji-köke getiren ekeni, şolardanam goýdum welin, ekizlerem «dükürdeşip» baryp şonuň daşyna üýşdüler. Esrap olara «haý-küş» etjek boldy welin emma Kerim ony saklady: «Degme! Şolary begendiribilsek bize başga näme gerek» diýdi. Çagalaryň hersi gysymlaryny süýjiden doldurdylar-da, aşhana tarap ýumlukdylar.
Men olary uzak garaşdyrman manty taýynladym. Baryndan ak, gök we başga-da şor-turşy zatlardan goýuşdyrdym. Dynç günümiziň şeýle gowy başlanandygyna begendim.
Kerim öý eýesi hökmünde Esrap ikimizden rugsat alyp, maşynyndan bir çüýşe arak bilen daşary ýurtlaryň birinden getiren bolsa gerek, köp ýyldyzly, abraýly konýaklardan birini getirdi. Esrap konýak içenokdy. Şonuň üçin ol aragy öz öňüne çekdi. «Her kim öz içjegini özi guýubermeli. Demokratiýa!..» diýdi. Gülüşdiler. Kerim maňa seredip: «Maşynda «şampanam-a» bolmaly» diýdi. «Ýok, ýok, ýok! Meň Melegim o zatlardan daşdadyr!..» diýip, Esrap ellerini daldalatdy. Kerim: «Onda şeýle oturybersin ýanymyzda, ýeke özi içi gysar. Demokratiýa oňa-da degişlidir ahyry» diýdi. Men çökmäge hyýallandymam welin, Esrapyň ýüzi üýtgäp gitdi. «Otursa-oturybersin, ýöne, çagalar oturtmazlar muny bu ýerde» diýdi. Kerimem ýeň bermedi. «Olaram oturybersinler şu ýerde». Medetkäri hökmünde Kerimiň ýüzüne gelip görmedik adam «Şu öýde hojaýyn senmi ýa men» diýen manyda myhmanynyň ýüzüne kinaýaly garady. «Onda olar bizi oturtmazlar». Şeý diýip, Esrap göz-görtele üýtgän ýüzüni «küsserdip» maňa tarap gyýa garady. ― Ýogsa-da, sesleri gelenok welin, çagalardan habar tutaweri, gerek bolsaň özüm çagyraryn...»
Men otagdan çykyp barýakam, Esrapyň Kerime ýuwaşlyk bilen: Halka demokratiýa berip, Gorbaçew näme gördi. Öz demokratiýasy bilen öz aýagyndan tutup agdardylar...» diýdi. Kerimiň näme jogap berenini bilemok, çünki, çagalaryň aşhana girip, gaz plitanyň nurbatlaryny towlaşdyryp durandyklaryny gördüm-de, bar zady unudyp olara tarap ylgadym.
Şol gezek, şolaryň arasynda bolup geçen «keýe-keý-ä» meňzeş gep uruşmalarynyň çynlarydygynam bilmedim, oýunlarydygynam.
O gerek, bu gerek, diýip, şondan soň Esrap meni çagyrmady. Meniň ýatdan çykaran duz, burç ýaly käbir ownuk-uşak zatlary bolsa, özi gelip alyp gitdi. Şonda-da ýüzüniň salyklygyndan çen tutup, meniň hälki ýanlarynda oturmaklyga hyýallananymy halamandygyny, henize çenli etmedigini edip, meni gabanyp başlandygyny duýdum.
Muny Kerimem aňdymy, aňmadymy bilemok, ýöne başda gaty arkaýyn görünse-de uzag-a oturmady. Işiniň köpdügini bahanalap turmak bilen boldy.
Esrapy ýene bir gezek kejikdirmezlik üçin, men Kerimi ugratmaga çykmadym. Onuň welin tä maşynyna çenli meni gözläp assyrynlyk bilen gapa seredýänini, garaşýanyny äpişgeden seredip durşuma gördüm. Maşynynyň ýanyna baransoňam, Esrap bilen ol, bu zatlar barada gürleşip, kän eglendi. Kakasynyň aýaklaryna çolaşyp duran çagalaryň maşyna tarap eljagazlaryny uzadyşyp, bökjekleşýändiklerini görüp: «Hä-ä, maşyna münesiňiz gelýämi? Geliň, geliň...» diýip, olary gezek-gezegine göterip maşynyň yzky oturgyjyna mündürdi. «mün, senem» diýen manyda Esrapa-da elini ülňedi.
Nirä gidenlerini bilemok, ýöne, megerem ýolda iş, ylym, syýasat, ýurduň, dünýäniň ýagdaýlary barada gyzykly gürrüňler eden bolsalar gerek, bir sagatdanam gowrak eglenip geldiler.
Çagalaryň begençlerine bizem goşuldyk, öz haýyşlary boýunça hersine bir maşyn alyp bermeklige söz berdik. Hatda, haýsyna haýsy reňkdäki maşyn almalydygyna çenli gürleşdik.
Şondan soň Kerimiň ady Ýusup bilen Ahmet üçin «Kerim daýy» boldy.
Şol gün Kerim gidenden soň men Esrapdan igenç sözlere garaşdym. Eger-de meniň üçin juda gelşiksiz bolan şol pursat barada gürrüň gozgaýsa, saçagyň başynda biri bilen oturmag-a däl, dagy-duwara erkekleriň oturan jaýyna girmezligi-de söz bermäge kaýyl boldum.
Emma, Esrap o hakda hiç zat diýmedi. Men welin diýerini isleýädim. Gabanjaňlyk edip, şeýtanyň ugruna gidendigini, meni kemsidendigini aýdasym, gabanjaňlyk etmekligiň ejizlikdigini, özüni şol adamdan kem saýýandygyny «bazyrdadyp-bazyrdadyp» ýüzüne basasym gelýädi.
Ejemiň aýdyşy ýaly Kerim hakykatdan-da maňa aşyk bolupmy ýa Esrapyň ylmy işine aşyk bolupmy, bilemok ― ýöne, men özüm-ä şol çaklamanyň ikinjisini dogry hasap edýän ― şondan soň ol bize gelmesini ýygjamlatdy. Ýygjamlatdygysaýam Esrapyň täze dörän gabanjaňlyk duýgulary güýjerläp başlady. Eger-de, şol çaky çyn bolup çykaýsa, onda Kerimiň kömegindenem, jaýyndanam geçmäge, onuň bilen arasyny üzüp, öňki güzerany bilen bolubermäge taýyn göründi.
Umuman, onuň üçin dünýede menden başga zat ýokdy.
«Dünýäde gowy görýän zatlaryň ählisinden geç-de, diňe birini saýlap al» diýseler, onuň diňe meniň bilen galjakdygyna şek-şübhe ýokdy.
Kerimiň öz dükanlaryna gelýän üýtgeşik geýim-gejimleriň erkegiňki bolsa Esrapa, aýalyňky bolsa maňa, çagalara degişli bolsa ekizlere getirip bermegi Esrapyň ýeňse damarlaryny gataldýardy.
Bir gün Kerim maňa megerem ýewropaly aýallaryň «ballarda» geýýäni bolsa gerek, gapdaly şlýapaly, üýtgeşik köýnek getirdi. Esrapyň muňa bolmajysy boldy. «Sen inim, özüňem-ä türkmen çagasy, türkmen maşgalalarynyň şlýapa geýmeýändiklerini bileňokmy ― diýip, Kerim bilen ilkinji gezek azmly gepleşdi. ― Asla şular ýaly köýnegem geýenoklar... Geýäýenlerinde-de öz aýalyma almaly zady men özüm äbererin. Onda-da äber diýse... ― Ol birdenkä maňa tarap öwrüldi-de, gazaply garady. ― Ýa äber diýdiňmi sen şuňa şony?.. ― Soň meniň jogabyma-da garaşman, Kerimiň alkymyna dykyldy. ― Äber diýdimi şo saňa şony?!.
Men-ä ýüzümi tutdum-da, içki jaýa girip gitdim. Kerimiň bir zatlar diýýäni gulagyma geldi, ýöne, näme diýenini aňşyrybilmedim.
«Beýdip, gatnap dursa Esrapyň halamaýanyny aňandyr-a, şundan soň bir gelmesini bes edäýmel-ä...» diýip, men Kerimden özümçe kine etdim. Gelse ýüz bermäýin, diýip, öz-özüme beren başky wadamda durup bilmändigim üçin, özüme-de igendim. Hiç zat ýok ýerden gabanyp ýörendigi üçin Esrapdanam öler ýaly gaty gördüm.
Megerem Esrapyň özüni menden gabanýandygyndan bihabar bolsa gerek, «durnaň üstüne urna» diýlişi ýaly, «şlýapaly» gürrüňden soň bir aý geçer-geçmez, ýene-de şol öňküleri ýaly ýyljyraklap geldi-de, Esrapa bir maşynyň açaryny uzatdy. «Işi örän şowly barýa, türkmeniň adyny arşa göterse gerek, diýýäler. Şonuň üçinem, şu maşyn menden size sowgat... Iň soňky kysym, ilkinji tapgyryň ilkinjisi şü. Nesip etsin ― diýdi. ― Isleseň häziriň özünde bar-da alyp gaýt. Isleseň jaň et, getirip giderler».
Esrapyň dodaklaryny titredip, bütin süňňi bilen saňňyldap durşuna şeýle bir nebsim agyrdy welin, tas uly ilim bilen Allah jan beýtjek bolsaň bu görki, bu görmegi nämüçin maňa berdiň» diýip, gygyrypdym. Kynlyk bilenem bolsa, hernä Esrap bu gezegem edil ýarylaýmakdan saklandy. «Inim, sen bize etjek kömegiňi etdiň. Esasanam işime bolan höwesimi gaýtaryp berdiň, işläre mümkinçilik döretdiň, seniň arkaňdan jaýly bolduk, sen bizi gaýrat et-de, mundan artyk oňaýsyz ýagdaýa salma diýdi. «Agam, siz göwnüňize hiç zat getirmäň. Men ýeke size däl, başyny bir käre sokup, harjysyzlykdan kösenýän adamlaryň hemmesine-de kömek edýän. Özünem giden-gitdi berýän. Sebäbi, men esasy lezzeti söwdadan däl-de, şolar ýaly zatlardan alýan. Gaýrat ediň-de, sizem meni şol zatlardan mährum etmäň. Bar baýlygym bir ýana, siziň şol işiňiziň netijesi bir ýana. ― Kerim «öwhüldäp» dem alanda, agzynda ot çykyp, ýüzüne çabran ýaly boldy. ― Ah, Bükdizow, Bükdizow... Dünýe malyny sarp edeniňde-de indi şonuň ornuny tutup biljek adam ýok...»
Onuň bu sözlerine Esrap ikimizem birhili bolduk. Nähakdan gabanyp ýörendigine Esrapam-a özüni kötekländir welin, menem az şäkär iýmedim.
Şondan soň Kerim açary, Esrapyň aýasyna goýdy. Gysymyna gysdy. Şeýdibem öwrüldi gidiberdi...
Gepiň gysgasy, şol günüň ertesi biziň howlymyzda lowurdap duran, gyzyl reňkli, ― kysmy ýadyma düşenok, ― owadan «inomarka» peýda boldy.
Oňa Ýusup bilen Ahmetden başga begenen bolmady. Esrap-a bir aýdanam gowrak wagt şoňa tarap gaňrylybam bakmady. Çagalaram her gün ertirden agşama çenli duran ýerinde sürüp-sürüp bizar boldular. Şondan soň mündürip özlerini şähere aýlamagyny, o ýan, bu ýan äkitmegini talap edip ugradylar. Elbetde, Esrapyň baryp--ha student döwürlerimi ýa gullukdakamy alyp goýan, ençeme ýyl bärem içinde dokumentleriň saklaýan kiçijik, demir seýfiniň bir çüňkünden ýatan «prawasyny» çykaryp maşyna atlanmagyny, maňa bazarlardan, dükanlardan azyk getirişmegini, baýramçylyk günlerinde hemmämizi mündürip, ejemlere alyp gitmegini isleýärdim. Men muny bir gezek onuň özüne-de duýdurdym. Şonda ol hemişekileri ýaly derisine sygman çişip oturdy-oturdy-da: «Egerde şu maşynda üýşüp oba gitsek, «jaýyňyzam-a karz aldyňyz, muňa nireden pul tapdyňyz?» diýip, öňi bilen ejeň sorar. Ýalan sözleseg-ä günä gazanarys. Dogrymyzy aýtsagam, «bir emmasy bardyr» diýip, ejeň iňkise gider. Ýeri, onsoň gerekmi saňa şolar ýaly oňaýsyzlyk?
Bu onuň meni Kerimden gabanýandygyny ilkinji gezek, açykdan-açyk boýnuna aldygydy. Şonda meniňem çydam käsäm püre-pür dolup, erňeginden agyp ugrady. Gaty bir sesimi gataldyp, alaň-açyk pyşgyrmasamam: «Esrap, sen şeýtanyň ugruna gidýäň. Oňa men däl, seniň işiň gerek. Özi aýtd-a, arada: «Men diňe şo zatlardan lezzet alýan» diýip. Ol «patriot!» Ýurduň başynda oturan adamlaryň-a aglabasy öz wezipesinden peýdalanyp halkyň ganyny içýä, döwletiň süňküni gemirýä. Bu bolsa tapanjasyny iliň-günüň bähbidine, ylmyň, sungatyň, edebiýatyň ösmegi üçin sarp edýä» diýdim. «Tapanjasyny däl-de, artanjasyny» diýip, Esrap meni düzetdi. «Boldugydyr-da şol. Hökümedem gazananjaň hemmesini alanog-a eliňden, belli bir ülüşini alýa. Hüşir-zekadam şoň ýaly. Bu wagtky baýlarda asla berim ýok. Gaýtam aldyklary saýy işdäleri açylýa...» diýdim. «Diýýänleriň dogry, Melek... ― diýip, ol soňky günlerde tapynan endigine görä, sag elini ýüreginiň üstüne goýup oturyşyna, çygyljyrap gepledi. ― Men oňa-da ynanýan, saňa-da, ýöne bir owadan gelinli garyp howla bir baý hem görmegeý ýigit «at tezegini guratman» gatnap, öň jaýly, howly äberendigine garamazdan, günüň-gününe maşyndan başlap, üstlerinden her dürli gymmat bahaly sowgatlary guýup duran bolsa, il-gün näme diýer? «Pylan-a öz aýalyny münüp ýör» diýer. Näme pikir eder? «Aýalynyň üstünden gazanyp otyr» diýer. Howwa, howwa! Diýer! Çünki, şu töweregiň aýallaram seň ejeňden akylly däldir. Onsoňam näme getirse begenip, aňryňa oklap otursaň, onuň getirmesi kesilmez. «Ine, şu soňky çykany» diýip, bir gün «holodilnik» getirer, «kondisioner» getirer, «telewizor, kuhonnyý garnitur» getirer, şeýdibem kem-kemden aňryňa aýlanar welin, «iýen agyz uýalar» diýlişi ýaly, bir gün ýüzüni gatyryp dileg salsa, ýogam diýip bilmersiň» diýdi. Men muny öler ýaly gaty gördüm. «Aýdýanyň näme, Esrap, sen meni kim hasap edýäň» diýip agladym. Onuň welin göwni bir ýaly. «Sen gaty görme, Melek, adam Biribaryň ýaradan bir kemsiz «gözelidir», ýöne, şol «gözelligiň» arasynda şeýtanam işläp ýörendir. Iň ýamanam onuň üstün çykýan ýerleri köp. Tak çto...»
Şondan soň, şu zeýilli gürrüňler Esrap ikimiziň aramyzda köp boldy. Endige öwrüldi diýsegem boljak. Şolar ýaly «gydy-gydy» gürrüňlere başladygymyz, çagalaryňam bar keýpleri gaçýady-da, pallaşyp ugraýadylar, derrewem öz otaglaryna gidip, ýatmak bilen bolýadylar.
Bu zatlardan bihabar, Kerim bolsa gelmesinem kesenokdy, zat getirmesinem bes edenokdy. Getiren maşynynyň henizem bir durşuna durandygyny görübem: «Nä muňa göwnüňiz ýetenokmy...» diýip gülerdi.
Esrap welin gün-günden gurap gidip barýady. Gitdigiçe ylmy işindenem sowaşdy. Uniwersitete dagy halys, namys ujundan diýen ýaly gidýädi. Öýden çykdygy yyznda Kerim geläýjek ýaly, işe barandan tä gaýdýança jaň edýädi. Ara wagt düşmezi ýaly, taksili gidip, taksili gelýädi. Ýagdaýyny tapsa öýden çykmajak bolýady. Iň bärkisi meni iň bir golaýdaky dükanlara-da goýbermeýädi. Soňabaka men onuň kellesiniň üýtgärinden gorkup başladym.
Bir günem ol özüniň nobatdaky içi iriňden doly iňirdili gürrüňlerini: «...Men saňa-da ynanýan, oňa-da. Ýöne, seňki ýaly deňsiz-taýsyz gözelligiň öňünde iki aýakly-ha biparh durup bilmez. Onda-da hem sallah, hem baý, hem dogumly, görmegeý ýigit. Häzir ol seni göreli bäri öz tebigy adamkärçiligi, düýp terbiýesi bilen şeýtanyň üznüksiz ündeýän azgynçylyklarynyň arasynda elewräp ýör. Ýöne, şeýtan ony hökman ýeňer. Bu gün bolmasa ertir ýeňer. Ol senem şol zatlaryň üstünden elter. Şoňa çenlem ol seniň gözüňi baglar. Baglan günem Kerim seniň gözüňe menden gowy görner. Şeýdibem, onuň göwni üzre agarsyň. Özüňi aklamaga bolsa, aňryňda gep gytlyk etmez» diýen ýaly, öňkülerindenem has batnyksyz sözler bilen başlady. ― Şonuň üçinem, maşynynam ellemäli, jaýam satyp, puluny özüne tabşyraly, getiren ownuk-uşak sowgatlarynam eltip gapysyna dökeli-de, mundan aramyzy açaly. Garamatdan gaçaly. Ýykyk-ýumrugam bolsa, özbaşymyza bir tünejik edineli-de, hiç kime minnetsiz ýaşaly. Maňa sen bolsaň bolýa. Işimdenem geçdim. Gury nany suw bilen iýip, çatmada ýaşamaga-da razy. Sensiz welin maňa ýaşaýyş ýok...»
Şeý diýibem ol aglady. Äriniň özündenem beter naçarlap, zeýrenjiräp oturyşyny görse, aýal adamyň derhal gahary gelip, namysy joşar ekeni. Meňkem şeýle boldy. Ýöne, onsuzam içi kitüwli gürrüňleriň bujurrygyny artdyrmazlyk üçin, sessiz-üýnsüz turdum-da, çagalarymyň ýatan otagyna gitdim.
Şondan soň, ol şolar ýaly gepler edilip otyrka ýaňky ýaly turup gitsem-ä: «Ana, gördüňmi, şoňa bir zat diýsem janyňa ýakanok, turýaň gidiberýäň» diýmäni, bir zat diýsemem: «Ana, görýäňmi, maý tapdygyň şoň arkasyny aljak bolup dursuň» diýmäni, sesimi çykarman otursamam: «Görýäňmi, demiň çykanok, sebäbi bilip otyrsyň öz günäňi» diýmäni çykardy.
Men halys ýadadym. Günäsiz halyma günäsizdigimi subut etjek bolup ýadadym. Ysgyn-mydardan gaçdym. Soňabaka çagalarymam alyp, oba ejemlere bakan tutduryberesim geldi. «Gaýrat et, gelme! Hiç zat getirme. Her gezek geleniňde öýümiz dowzaha dönýä» diýip Kerime duýduraýsammykam diýip, sangy edip oturýan wagtlarymam bolýady. Emma oňa-da bognum ysmaýady. Çünki, meniň düşünişimçe ol bize meniň üçin däl-de, Esrap üçin gelýädi, «gelme» diýdigim o-da şony aýdaýsa men haýsy deşige girerdim? Üstesine o gürrüňiň örüsi giňäp, Esrapa-da ýetäýse näderdim?
Bir günem ol gijaralar ýüzüni garaňka tutup geldi-de, sen-men ýok meni törki jaýa çagyrdy. Çagalaram öz otaglaryna eltip geldi. Menem çat maňlaýynda oturtdy-da: «Men şu gün iş edinip, onuň pul beren adamlarynyň birnäçesini gözläp tapdym we gürrüňdeş boldum. «Kerim beren pulunyň yzyny yzarlamaýamyşyn, yzlaryndan barmaýamyşyn diýýäler, şol çynmy?» diýip soradym. “Biz-ä asyl şony şondan soň göremzogam. O-da bizi görse tanar öýdemzok» diýdiler ― diýip, ýüzüme çiňerildi. «Eýle bolsa ol biziňkä näme gün yrman gatnap ýör?» «Juda bilesiň gelýän bolsa, şol soragy şoň özüne beräýsene, Esrap, men-ä halys bizar boldum seň şu gürrüňleriňden» diýdim. Gaharymyň gelenini bilip, Esrap az--kem köşeşdi. Käbir şermende aýallar ýaly, üstüne «büküdiberen» bolsam-a ymyklam köşeşerdi welin, bolup oturyşyny görüp dözmedim. Turup gitjek boldum, goýbermedi. Özünden-özi gyjynyp oturdy-da, birdenem böküp ýerinden turdy: «Hä-ä... dymýaňmy? Boýnuňa almajak bolýaňmy? Kyn düşýämi? Ýa bilýän däldir, öýdýäňmi? Bilinýän däldir, öýdýäňmi?.. Ýa alymsyrap ýörşüne işi bitse galan zada kaýyldyr, öýtdüňmi?» diýip, daşymdan aýlanyp başlady. Megerem meni saýgylar ýaly degerli taýak ýa başga bir zat gözlän bolsa gerek, «ýalt-ýult» edip, töweregine garanjaklady. Bir görsem agzyndan ak köpük syçraýa. «Dübleýä», maňa tarap penjelerini ýaýýa.
Men ony henize çenli şol ýagdaýda görmändim. Öňi bilen kelläme gelen zadam dälirändir diýen gorky boldy. Wagtynda doktorlara görkezäýmändigim üçin gynandym. Bar zatdan beterem şol pursat çagalaryň gapydan çykaga-da, kakalarynyň bolup durşuny görmezligini isledim. Ýöne, onuň soňky döwürlerde meniň bilen ýekeje gezegem adam şekilli gürleşip oturyşyny görmedik çagalar onsuzam ondan daşlaşyp başlapdylar.
Esrapyň gabanjaňlyk keseline özüni bütinleý aldyrandygyna, bu ýagdaýa düşen maşgalanyň uzak gitmejekdigine gözüm ýetdi. Şeýle-de bolsa, ýene bir gezek ugruna ýykylyp görmekligi makul bildim. «Esrap! Beýdip özüňi gynama. Arkaýyn işiň bilen boluber. Men öýden çykamok ahyry. Kerimem-ä seň ýok wagtyň öýe gelenok. Goý, şu häsiýetiňi, ýogsam özüňem zaýalarsyň, menem. Çagajyklaram gör, kim-kimleriň elinde ýetim galar. Ýa olaryňam özüň ýaly çagalar öýünde ösmegini isleýäňmi?» diýdim. «Ana, sen ýene şony goraglap başladyň! Bar, duşuşmaýan ekeniňem diýeli. Ýöne, şol her gezek gelende göz güldürip bakyp, gaş kakyp, ýa başga bir hereketleriň bilen, maňa bildirmän, kalbyna gozgalaň salar ýaly bir yşaratlar edýänsiň. Iň bolmanda, özüňem bilmezden şeýdýänsiň welin, edýänsiň. Günüň-gününe, dolup-daşyp, gelip-gidip durmagynyň özüňe hoş ýakýandygyny oňa bilniksiz hereketleriň, özüňi alyp barşyň, iň bolmanda dem alşyň bilen syzdyrýansyň... ― Ol birdenem möňňürdi-de, öňümde dyzanaklap başlady. ― Başyňa döneýin aýt! Rastyňy sözle! Meni aldama! Namysa goýma! Jähenneme gitmelem bolsa gideýin, ýöne, beýdip alasarmyk durmuşda ýaşamaýyn... «Men nämeni aýdaýyn? Ýok zady nädip aýdaýyn?... Beýdip ýörenden senem gowusy meni öldür-de dyn! Bizar boldum halys. Çagajyklaram «bez-bez» boldular. Bu öý, bu jaýam barymyza dowzah boldy. Men-ä indi özümi öldüräýmesem boljak däl, mundan ýaşaýyş bolmaz» diýip, menem agladym. Esrap böküp ýerinden turdy-da, boýnumdan aslyşdy. «Bagyşla ezizim, bagyşla. Olar ýaly zat aýtma! Allahyň beren gözelligine kast etme... ― diýip ýüz-gözümden ogşady. Alyn saçlarymy sypalaşdyrdy. ― Nädeýin-dä... menem näme etjegimi bilemok, beýläme bakdygym biri seni elimden alyp gidäýjek ýaly bolup dur...»
Gabanjaňlykdan ýaňa ýana-ýana gara köýük bolan ýüregiň ajymtyk howry şonda gaşlarymy çirkizip, kirpiklerimiň ujuny çawlap goýberdi.
Her gezek, şolar ýaly ajyşmalardan soň bolşy ýaly aýdan zatlaryna, eden hereketlerine puşman edýämi, utanýamy ýa meni Kerime ýapmaklygyň başga-başga ýollaryny agtarýamy, ― Esrap şondan soňam bäş-alty gün dagy ýüzüni hüýt gara edip, sesini çykarman gezdi.
Ýedinji gün diýlende ýene-de şol heňine başlady. Bu gezekki bahanasy soňky döwürlerde Kerimiň gelmesini azaldanlygy boldy. Aşak bakyp, ýüzüni iki baka sypajakladyp oturyşyna: «Sen oňa duýduransyň. Büý-ä maňa gün berenok welin, birneme köşeşýänçä garaş, soňam duşuşar ýaly bukurak ýerden bir otaglam bolsa aýratynja jaý tap, diýensiň...» diýdi.
Eger-de şol döwür şu wagtky ýaly «gözegçilik kameralary» bolan bolsady, onda Esrap howlynyň içini-daşyny, otaglaryň burçlaryna çenli şolardan doldurardy. Biri-biriňi görüp gepleşilýän el telefonlary bolan bolsa, onda her gezek gepleşende: «Hany, telefonyňy töweregiňe tut, eýläk aýla, beýläk öwür» diýip ýürege düşerdi.
Ýöne, o zatlaram ne onuň, ne meniň derdimi-hä ýeňletmezdi.
Şu pikirlere gümra bolup oturyşyma onuň: «Hä, näme jogap bereňok? Ýa ýüregiňe «jüňk» bolaýdymy aýdylan zatlar? Barmaly ýerine basylaýdymy baryp?» diýen sesine özüme gelipdirin.
Özümi goramak üçin, şol bir leji çykan sözleri aýtdygymam birdi aýtmadygymam. Netije ýokdy. Şonuň üçinem sesimi çykarman oňmaly boldum. Soňky diýenlerin-ä diňlemedimem. Bir tarapa gyşarypdyryn-da, ýatyp galypdyryn.
Esrapyň bolup ýörşi halys etimden ötüp, süňňümden geçdi. Bir alaç tapylmasa, şondan aňryk çydap bilmejekdigime gözüm ýetdi. Şonuň üçinem, men bir gün oňa: «Soň aýtmady diýme, Esrap, beýdip azar berip ýörseň, men giderin...» diýdim. Şonda ýene-de aglady. «Başyňa döneýin gitme! Meni taşlama! Men basym gutularyn! Işimem ederin. Gorarynam! Onsoň biz Moskwa gideris. Amerika gidäýmegimizem ahmal... ― diýdi. Men sesimi çykarmadym. Ol bolsa muny öz ýanyndan başga bir zada ýorandyr--da, oturdy-oturdy-da: ― Oho-ow!.. Sen ýene menden dynyp, şoňa ymykly gitjek bolýan bolaýma?» diýdi.
Bir günem agşamara nirämize iýýänimizi bilmän, endik boýunça üýşüp, agşamlyk edinip otyrkak, Esrap şo çaka çenli agzynyň ram eden zatlaryny ýene bir gezek sanap çykdy-da, hamala meni öň Kerim bilen telim gezek tutan ýaly, gözlerini elek-çelek edip: «Şundan şu ýana şoň bilen duşuşmazlyga söz berseň, mundan öňküleriňi geçeýin» diýdi.
Dilim damagyma giden ýaly boldy. Sessiz-üýnsüz ýerimden turdum-da, her elim bilen çagalarymyň biriniň elinden tutup, öz otaglaryna eltip geldim. Esrapyň çat maňlaýynda oturybam: «was--waslyga» salyp aýdýaňmy şu zatlary ýa aýdanym geçip dur diýip, öz akylyňa aýdýaňmy? Ýa sende bar ar, sende bar namys mende ýokdur öýdýäňmi? Sen bir gadyr bilmez nadan ekeniň! Eliňe göwher daş düşdi. Emma ony misçe-de görmediň. Behişdi gyzyl alma düşdi, emma içini gurçuk iýen, çüýrük, eşek almaça-da saýmadyň. Çyn gül düşdi, gyzgança-da gadyrlamadyň. Gözden, dilden goraglamaly halyňa özüň, öz diliň bilen üstümden hapa guýduň! Hudaýyň ýaradan gözelligine kast etdiň! Sen kimden eşitdiň, gelin--gyz owadan bolsa ahlak taýdan «çök-çök» bolýamyş diýip? Neneň dözdüň öz gara başyny gara başyňa deňäp gelen maşgalaňa munça biabraýçylyk ýapmaga? Sen hetden aşdyň. Halalyňa haramlyk sürtdüň. Ýoksa-da sürtdüň, ýokmasa-da sürtdüň. Şo-ol, sürtdüň oturdyň. Töhmetden gorkmadyň, Hudaýdan ätiýaç etmediň. «Allajanlarym ýalňyşýan bolaýmaýyn» diýip, ýekeje gezegem böwrüňi diňlemediň. Töweregiňe garamadyň. Şo-ol, şeýtanyň alyna gol bulap gitdiň oturdyň, halas etmek üçin, men indi şol işi Kerim bilen hakykatdanam etmeli bolaryn...» diýdim. ― Melek boz-ýaz boldy. ― Diýsemem-ä diýdim welin, düýbünden diýmesiz zatlary diýendigimi diýenimden soň duýup galdym. Çünki, birinjiden-ä men göwnümde ýok zady dile getiripdim, ikinjidenem, etsem-etmesem, şol söz Esrapyň bagryndan ok bolup geçjekdi. Etdim hasabyna gitjekdi. Asyl ol ony şol hasaba geçirendirem. Şonuň hakykatdanam şeýledigini men onuň öli balygyňka dönen öçügsi gözlerini gözlerime dikip, gepläbilmän «saňňyldap» oturyşyndanam aňdym. Tupanyň ulusy indi turmalydy. Gaý gopmalydy. Ençeme ýyl bäri näme diýse-de gep gaýtarman, sözüni gaňyrman gelýän, bar zatdan eziz saýýan maşgalasynyň birdenkä, beýle gazap hem ýowuzlyk bilen, çekip-çydap bolmajak sözler aýtmagy, onuň üçin asmanyň ýere ineninden ibaly-ha bolan bolmaly däl. Ol urgynyň ony birýüzli edäýmegem ahmaldy. Esrapyň ýagdaýyndaky adam üçin, meniň uran ol zarbam agyr zarbady. Ýöne, meniň goýberen ýalňyşlyklarymyň içinde ondan has aýylgançlaram bardy. Ýagny, ýeke bir «töhmet» ýa «gargyş» babatda däl, adam agzyndan çykyp asman sary rowana bolýan sözleriň islendigine, hatda iň bir ýönekeýjesine-de häzir bolmaly. Çem gelen sözi, düýbüni seljermän aýdyp goýberibermeli däl. Birgiden sözlerden hasyl bolýan sözlemleriň hakykata öwrülmek, ylmy dilde aýdylyşy ýaly «materiallaşmak» häsiýeti bar. Men ol ugurdan hünärmen däl, ýöne, tebigatda şeýle «oýunlaryň» bardygyny dagdaky çopanlaryň birinden gaty köp eşidipdim.
Egerde Esrapyň degnasyna degmek üçin içimiň ýangynjyna aýdan şol, gabahat sözümiň netijesini Hudaý hut şol gijäniň özünde gözüme görkezmedik bolsady, onda men o zatlara entek-enteklerem ynanman gezer ýörerdim.
...Agyzdan çykan agyr söz asmana galmazdan ozal, öňi bilen-ä ýigidiň dilini baglady. Onsuzam weýrana dönen kalbyny eleme--deşik etdi-de, degna damarlaryny «şarpa-şarpa» ýoluşdyrdy. Gözlerini ümezletdi. Ysgynsyz göwresi öňe-yza yraň atdy. Ýüzi bir agardy, bir gyzardy. Dodaklarynyň daş-töweregi göm-gök boldy. Gözleriniň agy köpelip, garasam kem-kemden depesine tarap süýşüp ugrady. Agzyndan ak köpük çogup başlady. Ilki eli-aýagy, soň tutuş göwresi saňňyldady. Birdenem, sag egnine tarap agyp gaýtdy. Bogazlanan mal ýaly kakyndy.
Men näme etjegimi bilmän, erbet aljyradym. Haýdan-haý jaň edip, tiz kömegi çagyrdym. Olar köp garaşdyrmadylar. Gyr-gyssag gan basyşyny, ýürek urgusyny barladylar. Sanjym etdiler. Derman berdiler. Birneme köşeşenden soňam: «Öňem barmydy şular ýaly ýetmezi» diýip soradylar. «Ýok» diýdim. Şondan soň ýaňky soragy beren elli ýaşlaryndaky dolmuş zenan: «Beýnem, ýüregem ejir çekipdir ― diýdi. Şonuň sebäbinem, hamala menden görýän ýaly, ýüzüme gümanly garady. ― Oňa asudalyk gerek. Ynjytman, eziz saklamak gerek. Häzir bolsa biz ony äkitmeli borus».
Men onuň näme derdiniň bardygyny olara nädip aýdaýyn? Aýdaýanymda-da o derdiň dermanynyň ýokdugyny bilmän durunmy näme?
Oňa çenlem Esrap özüne geldi. Daşyny gallaşyp oturan hekimleri görüp, oda-köze düşüp başlady. «Ýok, ýok, äkitmäň! Maňa degmäň, men gowy...» diýip, özelendi. Ýalbardy. Soň: «Melek! Meni bulara berme! Iberme. Sen bu ýerde ýeke galsaň men o ýerde ynjalybilmen» diýen manyda haraý isläp maňa seretdi. Ellerini serdi.
Hekim aýal biziň gümür-ýmrymyza gözlerini açalak-ýumalak edip gelen, gapdalymda mölerişip oturan çagalara nebsagyryjylyk bilen seretdi-de: «Siz ertirjik baraýyň. Hem näme gerekdigini aýdarlar, hemem bejeriji hekim bilen gürleşersiňiz. Bu gün gitseňizem barşyňyz ýaly yzyňyza gaýdarsyňyz. Onsoňam muny biz özümizde alyp galarysmy ýa «Kardiologiýa merkezine» eltmeli borusmy, entek o-da belli däl. Beýnisinem barlap görmek gerek. Çagalar bolsa ýaş ekeni...» diýdi. Nirä ýerleşdirselerem jaň edip aýdar ýaly, telefon belgimizi aldy.
Esrap zemmere münmejek bolup, kän dyrjaşdy. Urundy. Tä, «Tiz kömegiň» içine salýançalar meniň adymy tutup gygyrdy. Kakalaryny nirä alyp barýandyklaryny bilmeselerem, çagalar maşyn howludan çykansoňam, tä uly köçedäki maşynlaryň akymyna goşulyp gözden ýitýänçäler, «digdenekleşip» yzyndan garap durdular.
«Uruş otur, ugurdaş otur» diýlişi ýaly, nirede bolsaňam gapdalyňda garyndaşyň, hossaryň gerek ekendigine men şonda düşündim.
Melegiň bokurdagy doldy. Çalarak hamsygan ýalam etdi. Gelen--giden üçin, saçagyň gyrasynda goýlan, täzeje salfetkalaryň birini alyp, ujy bilen gözüni süpürdi. Bir zada müýnürgän ýaly aşaklyk bilen maňa seretdi. Söz owadanlamak üçin lap edip ýa nusgawy şahyrlara öýkünip aýtdygym däl, gezelen gara kirpikleriň ujy gelip göni ýüregime sanjyldy. Balkyldap duran gara gözlerden gaýdan gyzgyn tolkunyň howry ýüzüme çabrady. Bu ahwalaty özem aňan bolmaly, Melek ur-tut gabaklaryny aşak goýberdi.
Edil şol wagtam Kerimiň daşkyrak garyndaşlaryndan bolsalar gerek, howlynyň daş ýüzünde obalydyklary daşlaryndanam bildirip duran, ýaşulyrak bir adam bilen üç-dört sany oral aýal peýda boldy. Ýaşuly adam şol ýerde durup, ulyili bilen ses etdi. Däp boýunça biri baryp ony diňdirmelidi. Şonuň üçinem, men sekiden towsup düşdim-de, baryp oňa höre-köşe etdim. Sesini goýdurdym. Egninden tutup howla saldym. Sekä mündürdim: «Düýn eşitdik-de, şu gün eşitdik» bolşup, donlaryny çümre büräp aýallaram «hykda-çok», ýerli-ýerden sekä mündüler. Saçagyň üstündäki taýyn zatlardan dadansoňlar ýaşuly aýat okady.
Günüňem gijiberendigi sebäpli men turmak bilen boldum. Melek bilenem belli bir wagty belleşmesegem, söhbetdeşligimiziň yzyny ertir dowam etdirmekligi wadalaşyp howul-hara hoşlaşdym.

* * *

Ertesi men ol ýere düýnkime görä birneme irräk bardym.
Myhmanlar gaýdyşypdyrlar. Sekiniň üstüne serenjam berip ýören Melek meni köne tanyşlaryça garşylady. Ýas günleriniň edähedine görä, öňümde saçak, içi gowurdakly läle goýdy. Demlengi, içi çaýly, ýalpyldap duran termosy golaýyma süýşürdi.
Duz dadyp, gysgaça töwir galdyranymdan soň, men Melekden düýnki gürrüňiň yzyny dowam etdirmegini haýyş etdim.
― Nirede durdum-a men... ― diýip, Melek az-kem böwrüni diňledi... ― Hä-ä... How-wa... Ýadyma düşdi-i... Ine, onsoň Esrapy äkidenlerinde wagt gaty bir gijem däldi. Gyşyň günüdigine görä, garaňky düşenem bolsa, sagat bolaýsa ýedi ýa sekiziň ýarydy. «Tiz kömekçiler” «ertir barsaňyzam bor» diýip gidenem bolsalar, meniň oturyp-turup kakarym ýokdy. Ýüregim howlugyp, dünýäm daralyp barýady. Esrapyň gök-dalak bolup titräp ýatyşy, gitmejek bolup, zemmeriň üstünde maňa tarap gollaryny serip barşy göz öňümden gidenok. Iň ýamanam şol aýdan sözümi... Şonuň üçinem, men onuň nä haldadygyny, nirä ýerleşdirendiklerini hökman görüp, özüne-de görnüp gaýdaýmalydygma, şeýtmesem ynjalyp bilmejekdigime akylym çatyp dur. Ýöne nädip? Elin ulagsyz... Ýoldaşsyz... Äpişgeden äňetsem gar uçganaklap dur. Howa sowuk.
Ine, hut şu ýerde hem Esrapyň maňa atan töhmet belasyndan, geljek jezasyndan gutarmak üçin, agzymyň ugruna aýdyp goýberen sözüm ylahy düzgüne görä, güýje girip ugran bolsa gerek, telefon «jyňňyrdady». «Tiz kömekçilerdir» öýdüp ylgap bardym. Trubkany galdyrdym: «Allo?..» diýip-diýmänkäm erkek adamyň: «Melek! Bu senmi? Hany, Esrap ýokmy?» diýen sesi eşidildi. Heý, toba! Hakyt, Kerim-dä!
Hemişe Esrapyň özi alansoň, men onuň bilen henize çenli telefonda gepleşibem görmändim. Asla, şeýle-de salam-helikden aňry geçemzok diýen ýaly.
Şeýle-de bolsa men ony tanadym. Özem şol pursat ol meniň gözlerimiň öňünde iň ýakyn hossarym, Hudaýtarapyn iberilen perişde bolup janlandy. «Esrapy ýap-ýaňyja hassahana äkitdiler» diýenimdenem ol hiç hili sorag bermezden: «Häzir barýan, garaş» diýdi-de, «şakur-şukur» trubkany goýdy. Ara salym salmanam geldi. Ony görüp, häliden bäri gözlerine ýaş aýlaşyp duran çagalara-da jan giren ýaly boldy. «Hany, gürrüň ber, nämeler boldy? ― diýip, Kerim maňa ýüzlendi.
«Dert-dä, Kerim, ýapyşýança ýapyrylyp, bildirmän gelýä--dä...» diýdim. Hekimleriň aýdan zatlaryny, häzirem ynjalman gitjek bolup, gidibilmän sadylla bolup durandygymy aýtdym. «Ýör onda, eglenmäli ― diýdi-de, häliden bäri eşiklerini geýip, gapynyň agzynda duran çagalary alyp daş çykdy. ― Gapylaryňy ýapyşdyr, tok enjamlaryňy öçür...»
Ýolda Kerim özüniň üç aý bäri bu ýerde bolmandygyny, iş sapary bilen daşary ýurtlara gidendigini, bir topar amatly harytlar getirendigini, birnäçe şertnamalar baglaşyp, käbir ýerlerde söwda merkezini açmak barada gürleşip gaýdandygyny, özüniňem ýap-ýaňyja gelendigini, entek öýüne baryp atasy bilenem görüşmändigini howul-hara gürrüň berdi. «Alym dostlaryma jaň edip, Esrapyň işi bilen gyzyklansam, olar-da o hakda begenerlikli zad-a aýtmadylar. Gaýtam: Soňky döwürlerde onuň iş bilen seri ýok. Diwana ýaly özünden-özi samrap ýör, diýdiler. Şoň üçin ertire-de kanagat etmän, jaň edişim boldy...» diýdi. «Gowy edipsiň. Aljyrap durduk».
Daş çykmag-a beýle-de dursun, Esrapyň ýerindenem turup bilmeýändigine gözüm ýetip duranam bolsa, men Kerimden maşynyny bir bukyrak ýerde goýmagyny, özüniňem çykman oturmagyny haýyş etdim. Ol sebäbini sorajagam bolmady-da: «Bor», diýdi. Şeýle hem etdi. Men çagalaram onuň ýanynda goýmakçy boldum. Emma, birinjiden-ä muňa çagalar göwnemediler. «Kakamy görjek-de, kakamy görjek» diýşip, bökjekleşdiler durdular. Ikinjidenem, meniň ýeke däl-de, çagalarym bilen baranymy görse, Esrapyň ýüregine agram düşjek däldi. Göwnüne güman geljek däldi.
Üstesine onuň özem, çagaralaram hoş boljakdylar. Şonuň üçin men olaram alyp gitdim.
«Geleniňize görä...» diýip, bize Esrapy görkezdiler. Emma gepleşip bilmedik. Ýeke adamlyk, tämiz otagda, arassa düşegiň üstünde süýji ukuda ýatan ekeni. Ýüzi-gözi şeýle bir ejirli, hamala düýşünde-de meniň bilen urşup ýatan ýaly. Çekgelerindäki owunjak keşdä meňzeş ýygyrtlary dek düýnüň özünde-de ýokdy. Görgüli edil gyzyl gül ýaly solup barýa.
Megerem köşeşdiresim gelendir-dä, agzymy gulagyna golaýladyp bir zatlar diýjek boldum. Emma gapdalymda duran ak halatly gyz rugsat bermedi. «Barybir eşitmez, ol bu wagt emeli «komada» diýdi.
Kakalarynyň bolup ýatyşyny görüp, çagalar-a demlerinem dartyp bilmediler. Dodajyklaryny «müňküldedişip» kemiş-kemiş etdiler durdular. Tä gapydan çykýançak yzlaryna seredişip, eljagazlaryny galgatdylar.
Gaýdyşyn ýolboýy dymyp gelişlerinden olaryň gaty gynanandyklaryny duýup, menem indi olar üçin gyýyldym. Şol ýatyşdaka eltip, kakalaryny görkezendigime puşman etdim.
...Kerimem Esrapyň ýagdaýlaryny sorady. Sag-aman aýak üstüne galyp, işini dowam etdireri ýaly, elinden gelen kömegi etjekdigini, ertir uly hekimler bilen gürleşip, nähili gyt, gymmat dermanlaram bolsa, ýeriň aňry ujundan bolsa-da tapjakdygyny garaçyny bilen, «pert-pert» aýtdy. Özüme-de: «Sen hiç zady alada etme, gaýgam etme, çagajyklaryňa göz-gulak bol, käte-de şolar bilen Esrapyň ýanyna baryp gaýt, galan zatlary men özüm oňaryn. Ulag gerek wagtam jaň et. Ýa özüm gelerin ýa birini ibärin» diýdi. Men: «Bor, Kerim, taňryýalkasyn» diýenimden soňam ol Babajan Demirow atly bir türkmen ýigidiniň Türkmen Hekimçilik institutynda okap, ondanam Amerika gidendigini, häzirem şol ýerde «Düwnükme» keseliniň garşysyna derman tapmaklygyň üstünde işleýändigini, şoňa kömek edesiniň gelýändigini, eger-de, hemaýatçy tapsa, şol ýigit gözlegini şu ýerde-de amala aşyryp bilýän bolsa, «şonuň üçin ähli baýlygymy bermäge-de, tutuş firmamy satmaga-da taýýar» diýip, göçgünli hem hyjuwly gürledi.
Howlymyzyň gapysyna gelip duranymyzdan soňam maşyndan düşmän, gürleşip kän oturdyk. Köplenç Kerim gürledi. Egerde islesem, ol maňa hala şu ýerde, hala goňşy döwletleriň birinde, hut öz adyma söwda merkezini açyp beribiljekdigini aýtdy. Men: «Esrapyň bu ýagdaýynda, onda-da bu ýaş çagalar bilen, olar ýaly uly hem kyn işe baş goşup bilmen. Onsoňam Esrap meni olar ýaly işlerde işletmez» diýdim. «Nämüçin... ― diýip, Kerim geň galmak bilen ýüzüme seretdi. ― Il-ä şolar ýaly işlere ýetibilenok... Sen-ä işlärsiň, o-da öz ylmy işi bilen bolar...» Ondan indi iş ýok... ― diýip, men häliden bäri bokurdagymda dykyn alyp duran böwedi böwsüp goýberdim. ― «Onuň işem, güýjem, ylmam, bilimem diňe men bolup galdym. Nijembir wagt bäri hossar hökmünde garaşyk edip ýörsüň, şonuň üçinem, senden gizläp nädeýin. Şu wagtky keseliniňem başy men. Has takygy ikimiz şony şu güne salan bolaýmagymyzam ahmal» diýdim. «Aýdýanyň näme, Melek... ― diýip, Kerim howsalaly seslendi. ― Sen näme diýjek bolýaň? Bu ikorta men nireden düşüp ýörün?»
Bar zady bolşy ýaly edip gürrüň berdim. «Ine, ýagdaý-a şeýle, Kerim. Ony yşk zaýalady. Göterinibilmedi. Seniň ak ýürekden eden kömekleriňi başga zatlara ýordy. Galanynam özüň gör. Oýlan. Meniň-ä saňa: «Ýagdaý şeýle, gapydan gelme!» diýmäge bognum ysmady. Indem ysmaz. Çünki, ak ýürekden hossarlyk edip ýören adama ogurlyk ýapmak gelşiksiz. Esrapa bolsa gep düşündirip bolanok. Näme diýseň ters bolup dur». «Diýmek, ol meni saňa ýapýa-da?» «Onda-da ýöne-mönemi diýsene...» Kerim ep-esli oýlanyp oturanyndan soň: «Hany, ony şu beladan bir alyp çykaly, soňam sanatoriýa bolarmy, kurort bolarmy bir alajyny taparys» diýdi. «Ol-a kurort ekeni, meni taşlap iki ädim ýere-de gitmez. Ýaňam zemmere zordan mündürdiler» diýdim. «Asyl bar zada men günäkär ekenim-ow... ― diýip, Kerim aşak bakyp başyny ýaýkady. ― Men bolsam... Hil bir iş bitirýändirin, ýurduň ylmy ösüşine goşant goşýandyyrn öýdüp... ― Ol esli wagt böwrüni diňläp, maşynyň aýnasyndan uzaklara seredip oturyşyna şeý diýdi. ― Gep şuňa ýeten bolsa, men saňa rastymy sözläýin, Melek... ― diýdi. Eger-de Esrapyň işden galany çyn bolaýanda-da, men size kömek etmämi goýman. Sebäbi, senem bir Hudaýyň ýaradan üýtgeşik eseri. Gözel tebigatyň bir ülüşi. Ony goramagam ynsanyň borjy. Men bilýän, bu günki durmuş seniň göz öňüne getiren durmuşyň däl, asla sen beýle durmuşda ýaşamalam däl. Türkmençilikde aýdylyşy ýaly, sen «ýag iýip, ýüpek geýip, eliňi sowuk suwa urman, diňe öz gözelligiň bilen bir öýi bagtly edip oturmaly maşgala». Ýöne, ykbal ýalňyşypmy, pelek bazygärligini edipmi, ýa özüň bir sebäp bilen barmasyz äre baryp, çoçgara çolaşypsyňmy, garaz arzuwyňa-ha ýetip bilmänsiň. Men muny başda-da aňdym. Özümem hudaýlygymy aýdýan ― saňa gözüm düşenden ýüregim gozganyp, kalbymda henize çenli özüme mälim bolmadyk, üýtgeşik bir duýgy döredi. Käbirleriniň maňa mahal-mahal «Sen näme üçin şunça baýlygyň içinde gulaçlap ýüzüp ýörkäň, ýaş janyň, şu boýuň-syratyň bilen öýlenmän ýörsüň?» diýip berýän soraglaryna-da men şol pursat jogap tapdym. Ýagny, men entek edil seniň ýaly bir bakyşda özüne bendi edip biläýjek gözele sataşman ekenim. Şondan soň her gezek saňa sataşanymda ýüregimi köşeşdirip bilmän kösenýädim. Saňa iň bolmanda seýregräk gabatlaşmaklyga çalyşýadym. Emma, ynan, Esrapyň göwnüne getirişi ýaly, kömek eden bolup, niýetimi ýamana diken bolsam, pälimden tapaýyn. Düşen ýagdaýyňdan peýdalanmak diýen bet niýet mende häzirem ýok. Ýöne, özüň göwün berseň, adamyňdan rişdäňi ymykly üzseň, onda iki çagaly gelindigiňe, özümiň entek öýlenmedik boý ýigitdigime garamazdan men saňa uly höwes bilen öýlenerin».
Gep-gürrüň şeýle bir derejä ýetdi welin, ahyrsoňunda ikimizem ýürekdeş, göwündeş bolup çykdyk. Hernäçe boýun almajagam bolsam, özümiňem Kerimi gören badyma göwnümiň gidendigine gözüm ýetdi. Özi açykdan-açyk aýdyp oturansoň muny menem Kerimiň özüne-de aýtdym. «Esrapda gabanjaňlyk döredenem şol bolmagy ahmal. Ol bir zatlar duýandyr. Syzandyr» diýdim.
Kerim «ýalt» edip maňa seretdi. Boýnuny uzatdy. Eger-de menem sähelçe owsunjyran bolsam, onda hä diýmän tebsirän dodaklarymyzyň tapyşaýmagam ahmaldy.
Çagalar bolsa ýyljak maşynyň içinde süýji ukuda, meýmireşipjik ýatyrdylar.
Men şol wagt Kerime iň bolmanda sypaýyçylyk üçin düş, öýden otur, çaý içip git diýmelidim. Şonam diýdim. Ýaýdana-ýaýdana, zoraýakdan diýdim welin diýdim. «Esrap şo mesele zerarly şu güne düşen bolsa, sen nädip meni öýe çagyryp bilýäň» diýen manyda Kerim meň ýüzüme soragly seredip, kinaýaly ýylgyrdy. «Arkaýyn düşüber, Kerim, o mesele indi çözülerden, Esrap düzelerden geçdi. Onuň üçin indi derýaň iki ýüzem bir». Aýagymy eýläk bassamam gyşyk, beýläk bassamam gyşyk. Men ýadadym. Onda-da şeýle bir ýadadym welin, maňa häzir sähelçejigem bolsa goltgy gerek. Hossar gerek. Şu gezek sag-aman hassahanadan alyp çykybilsem aýrylyşjak. Ýogsam, günlerde bir gün ol ýa özüni öldir, ýa meni. Meniň bolsa entek-entekler ýaşasym gelýä, onda-da gülüp-oýnap ýaşasym gelýä. Nijembir wagt bäri çagalarymyň dişleriniň ýylgyranyny göremok. Şonuň üçinem düş, men barybir bu gije uklap bilmen. Iň bolmanda saňa içimi-hä dökerin-dä».
Kerim razylygyň alamaty hökmünde baş atdy. Ýöne, akylly hereket etdi. «Esrapyň özi ýokka gapysynda meň maşynym dursa gelşiksiz bor» diýdi-de, çagalary öýe salşyp ondan soň maşynyny goýup geldi. Daşary ýurtdan Esrap ikimize getiren sowgatlyk harytlaryny we çagalar üçinem birgiden egin-eşik, ir-iýmiş alyp geldi.
Eýýämhaçan ukularyndan açylmaga ýetişen çagalar zatlary görüp begenişdiler. olaryň begenendiklerini görüp, menem begendim. Kerimem begendi. Şondan soň hemmämiz bir saçagyň başyna üýşüp, çaý içdik. Gülüşdik. Degişdik. Kerim hatda çagalar bilen her hili oýunlaram oýnady. Pallaşyp ugransoňlar gije tursalar bilerim ýaly men olaryň gapysyny giňden açyp, törki otaglaryň birinde ýatyrdym-da, özüm ýene-de Kerimiň ýanyna dolanyp geldim.
...Meniň özümiňem ak guş däl ekendigimi aňan bolsaňyz gerek, ýoldaş žurnalist. Ýanyna gelip oturanymdan soň, Kerim özelenip başlady...
Esli wagtdan bäri «Kerim ― Kerim» diýip, kalbymda köräp duran, bilniksiz meýliň uçgunjyklaryny şol gün Esrapyň öňünde aýdan bihaýaçylykly sözüm özüniň gara ganatlary bilen ýelpäp, köwsarlatdymy, ýa-da ahyrsoňunda Kerim ýaly «krutoý» ýigit bilen bolelinlikde, gaýgysyz-gamsyz ýaşamaklyga bolan höwes özüne imrindirdimi, içi iriňli iňirdilerden doly aýlaryň, günleriň ýadawlygy halys egbarlatdymy, ýa şeýtan ara düşdimi, garaz, meniň Kerimem, özümem şondan artyk kösäsem gelmedi...
Oýansam Gün al-asmana galypdyr. Kerimiň telefony gelýän jaňlardan ýaňa özüni öldüräýjek bolýa... Çagalarymam turupdyrlar--da, meniň öýdeligimi bilip, aglamandyrlar. Ýöne, Kerimiň agşamky getiren paketlerini welin açypdyrlar-da, içindäki zatlary öýüň içine dyr-pytrak edipdirler. ― Melek sözüne dyngy berdi-de, uludan demini aldy. Çalarak gyzaryp, aşaky dodagyny dişledi.
― Görşüňiz ýaly, agam, gündiz aýdan sözüm şol günüň agşamsy meni gör, nämeleriň üstünden eltdi... ― diýende, gelniň gözlerinden çogup çykan ýaş paýrap etegine döküldi. ― Esrap hassahanada uzak ýatmady. On gün diýlende men ony öýe getirdim. Şol döwrüň içinde ol örän horlandy. Ýüzi-gözi dagy henizem gara-ört. Bir zatlar aňandyr diýip biljek däl, ýöne, birhili tukat, ýadaw görünýä. Çagalaryny gujagyna alýa, ogşaýa, bagryna basýa, ýagdaýyna görä olar bilen oýnan bolýa, ýöne, açylyberenok. Kerimiň getiren oýnawaçlaryny görüp, çagalaryndan olary kimiň getirendigini soraýa. Olaram edil meniň öwredip goýşum ýaly ýerli-ýerden «ejem äberdi-de, ejem äberdi» boluşýalar. Şondan soň Esrap soragly nazaryny maňa tarap öwürýär. «Bu zatlar üçin puly nireden aldyň?» Menem bar günäni öz ejemiň üstüne atýan: «Ejem iberipdir...» Onuň ýüregini bejeripdirlermi ýa ýok, ony bilemok, ýöne beýnisiniň bejerilmändigi-hä görnüp dur. Gaýtam, o ýerde onuň «was-wasyly» gürrüňi köpelipdir. Bir gün çydady, iki gün çydady, üçünji gün ýene-de şol bir öňküje gabanjaňlygyna başlady. Ýöne, ýaman dert indi onuňky dogrudy. Men oňa hakykatdanam biwepalyk edipdim. Nikasyz kişi bilen bir düşekde, onda-da Esrapyň öz düşeginde ýatypdym. Esrapyň her bir syrly bakyşy meniň şol günämi «bazyrdadyp-bazyrdadyp» ýüzüme basýan ýalydy. Şonda men endamymy tutuş hapa sokulyp çykarylan ýaly özümi örän ebeteýsiz duýýan, müýnergeýän. Ýaramsaklyk edýän. Ol bolsa meniň şol hereketlerimem «şoňa» ýorýar. «Men işlämok, sen işläňok, çörek puluny nireden alýaň?» diýip, sag adamyň sözlerini aýdýady. Şonuň üçinem, men indi islesem-islemesem ony ruhy näsaglaryň keselhanasyna salmak, iň bolmanda eltip görkezmek, bejergi almak barada oýlanmaly boldum. Özüne sala salsaň-a diýjek sözi belli: «Sen ýene-de meni hassahana salyp, nemäň bilen arkaýyn nemedişjek bolýaň» diýer. Ýöne, meniň o pikirimi Kerimem goldamady. «Temeni haltada gizläp bolmaz, Melek! Biziň bu syrymyz bu gün bolmasa ertir ile äşgär bolar. Ana, şonda olar: «Kerim azdy. Bir bendäni dälihana dykyp, aýalyny elinden aldy» diýerler» diýdi. «Menden el çekmeseň, ol ada-ha sen barybir galarsyň» diýdim. «Dogry, ýöne, her niçik hem bolsa «dälihanaly» meseläni aradan aýyrsak, günäm ýeňilräk bolar...» diýdi. «Onda nätmeli?» «Az-kem pikirlenmek gerek». Şeý diýenem bolsa, şondan soň Kerimiň bar pikiri men boldum. Gitdigiçe-de öwrenişdi. Ysnyşdy. Men ondanam beter ysnyşdym. Pynhan duşuşyklarymyz hakykatdan-da il içine ýaýrap ugrady. Esrapyň göwnüne gelmezligi, özüni gynamazlygy üçin, Kerim maňa kiçiräk edaralaryň birinden iş tapyp berdi. Özi pul töläp, Ýusup bilen Ahmedi bakja, soň şäheriň atly mekdepleriniň birine okuwa saldy. Olaryň okaýyşlaryna, tertip-düzgünlerine göz-gulak boldy. Ata-eneler ýygnagyna meniň bilen deňine gatnaşdy. Olary öz çagasyndanam eý gördi, diýsemem ýalançy bolman. Soňabaka biz edil, är-aýallar kimin tirkeşip ugradyk. Şol döwrem Kerimiň iş gerimini giňeldip, Merkezi Aziýa hakynda-ha gürrüňem ýok, Orsyýet, Kawkaz, Ýewropa ýurtlary, hatda Hytaý, Hindistan, Pakystan ýaly uly döwletler bilenem aragatnaşyk açyp ugran wagtyna gabat geldi-de, aram-aram şol ýerlere gaty bir uzak möhletleýin bolmasa-da, sapara gidende men özümi nirä urjagymy bilmän kösenýädim. Şonda Esrap-a däl, hatda çagalarymam gözüme görünmejek bolýady. Men özümiň bu bolşumdan gorkup ugradym. Esrapyň gününe düşendirin öýtdüm. Men muny Kerime-de duýdurdym. «Sensiz oňup bilemok» diýdim. Şondan soň Kerim çagalarym üçin eneke tutdy-da, iş saparlaryna menem öz ýany bilen äkidip ugrady. Ýöne, men oba gyzy bolamsoň, baran ýerlerimizdäki ýurtlaryň, halklaryň, tertip-düzgünlerini, edim-gylyklaryny bilmeýändigim sebäpli kabul edilşiklere, söwdalaşyklara, gol çekişiklere onuň bilen bile gatnaşyp bilmeýärdim. Gatnaşaýanymda-da özümi talabalaýyk alyp baryp bilmeýärdim. Çekinýärdim, uýalýardym. Egnimi gysyp, bir burçda ýygryljyrap oturyşyma hatda her daýym iliň içýän çaýyndan, kofesinden, iýýän kökejiklerinden dadybilmän, myhmanhana gyzyl aç halda özümi zordan atýan halatlarymam bolýardy. Kerimiň bolsa kellesi işe gyzyp, meni bütinleý ýatdan çykarýan wagtlaram bolman duranokdy. Kerim meniň üçin ýörite birini berkidibem gördi. Ýöne, barybir bolmady. Her gün ir ertirden agşama çenli myhmanhanada garaşjak bolsamam, onda onuň Aşgabatda galanymdan gaty bir tapawudam ýokdy. Onsoňam, her näme bolsa-da, entek özbaşdak öýüm, ärim, çagalarym bardy. Bir gün Londonyň iň uly myhmanhanalarynyň birinde şol zatlar barada oýlandym-oýlandym-da, gelejegimiziň nähili bolmalydygy, bu iki jahan owarrasy bolup ýörmekden nädip dynmalydygy dogrusynda Kerim bilen ymykly gepleşmeli diýen karara geldim. Men muny oňa Aşgabada gelenimizden soň aýtdym. Şondan soň ol uzak möhletleýin iş saparyna köplenç özüniň ynamdar adamlaryny iberdi. Özi hemşerileri bilen galapyn telefon, faks, internet arkaly işleşdi...
...Ýene-de gün gijikdi. Ýene-de gürrüňçiligimiziň dowamyny ertire goýmaly bolduk.

* * *

― Esrapyň haly barha pese düşmek bilendi. Arasynda başyndan aýlap uran ylmy işiniň golýazmalaryny goltuklap, bir wagtlar ýapylan Ylymlar akademiýasyna gidýädi. Yzyny ýel çalmanka-da gaýdyp gelýädi. Golýazmalary ýakjak bolup, otluçöp gözläp ugraýady. Maňa onuň golýazmalary elinden alyp, bukmak iş bolýady. Men öýde ýok wagtym otlap, gapdaly bilen öýe-de ot bererindenem gorkym ýok däldi. ― Şol wagt adaja şemal öwsüp, gelniň alyn saçlaryny şeýle bir oýnady welin, ýüregim gobsunyplar gitdi. Gurak-gurak ýuwdunanymam bilmän galdym. Melek meniň düşen ýagdaýymdan bihabar galdy. ― Ýöne, işiň ýamany şondan soň başlandy. Araky wagtlaýynça tutan enekämizden bir gep ýetdimi, ýa olary goýup Kerim bilen uzak ýerlere, saparlara gidenimizden bir zat aňdymy, ýa biz özümiz halys göze-başa düşdükmi, Esrap täzeden däliräp başlady. «Hudaýýola gitdim», «Toýa gitdim», «Çagalary teatra äkitdim» diýen ýaly nobatçy sözler dagy oňa täsir etmesini bütinleý goýdy. Menem ony beýdip gynap ýörmäýin-de, dogrymy aýdaýyn-da, aýrylyşypjyk dynaýyn, kadada-kanun-da ýok zat däl, diýen netijä geldim. Emma gepleşip bilmedim. ― Söz şu ýere ýetende Melek iki eli bilen içini tutup, içigipler aglady. Özem köp aglady. Ahyram başyny galdyrdy. ― Ol agşamaralar ýüzüni ak-tam edip öýe geldi-de, agzymy açara maý hem bermän, meň aýtjagymy özi aýtdy oturyberdi: «Men häzir Kerimiň ýanyndan geldim. Jaýam, maşynam satyp onuň bilen hasaplaşdym. Biziň indi oňa gara şaýam bergimiz ýok. Nirä gideli diýseň gideli. Isleseň Orsýete gideli. Ol ýerde meniň köne tanyşlarym bar. Belki doktorlygam men şo ýerde goraryn. Juda bolmasa, tokaýda ýaşarys. Ýöne, başyňa döneýin menden aýrylma, meni taşlama...» diýdi. Ol bu zatlary janhowuljyna aýdýardy. Çünki, öňki respublikalaryň hersiniň derdi özüne ýetikdi. Kerimden bolsa iň soňky sözüni eşidip gaýdandygy görnüp durdy. Şonuň üçin, indi menem oňa ertirden bäri ýüregime düwüp oturan sözlerimi dile getirmän durup bilmedim. «Sen menden gaty görme, Esrap. Bolmajak zady bolduryp, özi aýlanmasa, pelegiň çarhyny el bilen aýlap bolmaýan ekeni. O boldy, bu boldy, ikimiziňkem bolmady. Ýogsam edil ikimize gezek gelende SSSR ýaly uly döwlet dikbaşak gaýdyp oturybermelimi? Indi bar zat söwda, her kimiň işewürligine bagly. Ylma, sungata, edebiýata zat ýok. Biz utuldyk. Men indi bagtymy täze durmuşdan gözlejek. Goýberen ýalňyşymy düzetjek... Çagalaryňy hor etmen. Özüňem gözden salman. «Guk» diýdigiň gapdalyňda häzir bolaryn...» diýdim. Men ol aglar, eňrär, çabalanar, öňküsindenem beter ýalbarar öýtdüm. Emma meniň şol sözlerimden soň ol edil doňňara daşa dönen ýaly boldy. Esli wagt sesini çykarman, aşak bakyp oturdy. Içini hümletdi. Birdenem doňy çözüldi-de, göwresinde gymyldaýan ýeri bolsa herekete geldi. «Bolýa, Melek! Sen dogry aýdýaň. Biz utuldyk. Ýöne, seniň entek oýny dowam etdirere ýagdaýyň bar. Utulan men. Çarhy aýlanmadygam men. Şonuň üçinem, men oýundan çykýan. Saňa ak ýürekden rugsat berýän. Ikimizem betbagt bolanymyzdan birimiz bir bagtly bolaly» diýdi. Dyzanaklap gelip meni gujaklady. Ýaňaklarymdan, maňlaýymdan ogşady. Ýarawsyz adama mahsus bolmadyk ýeňillik bilen ýerinden turdy. «Kyýamat güni magşar meýdanynda duşuşýançak, hoş sag bol, ezizim» diýibem çykyp gitdi. Men oňa: «Nirä gitjek, bolara ýeriň barmam?!..» diýmändirin. Ol-a asyl çykyşy ýaly duşa giripdir-de, işini bitiräýipdir...» Men bolsam oturan ýerimde gyşarypdyryn-da, uklap galypdyryn. Üç-dört sany aýaldyr erkek sesine oýandym. Olar Esrapyň adyny tutup çagyrýardylar. Gözümi açalak-ýumalak edip çykdym. Görsem jaýyň täze eýeleri ekeni. «Haçan boşadýaňyz» diýip gelipdirler. Olaryň biri howluda nämeleriň bardygy, nämeleriň ýokdugy bilen tanşyp ýörşüne, «duşuň» üstünden baraýypdyr. Ol zähresi ýarylan ýaly ulyili bilen gygyrdy...― Melek näme üçindir öýe girdi. Özem uzak eglendi... Aglap içini egsen bolmaly, pökgeren gözlerini süpürip daş çykanda eginleri entegem tisginip-tisginip gidýärdi. ― Kerim Esrapyň hossarsyzdygyny bildirmedi. Tä, ýylyna çenli onuň ähli sakytlaryny sowdy. Edil duşuşmady, duşuşyga çagyrmady diýib-ä biljek däl, ýöne, şol döwrüň içinde özüni iňňän agras alyp bardy. Maňa ýas tutmaga ygtyýar berdi. Toý hakda, ýazylyşmak barada dagy dilinem ýarmady... ― Melegiň birdenkä ýüzi ýagtylyp gitdi.
― «Toý tutuşy welin akylyňa-huşuňa sygar ýaly bolmady. Bir günde üç şäherde ― Moskwada, Tbilisde, Daşkentde toý etdi. Onda--da nähili toý! Şol şäherleriň hersiniň iň uly toýhanasy biziň üçin baglandy. Ýerli wagt boýunça gündiz sagat on birde, Moskwada başlanan toý, agşam sagat on birde Daşkentde tamamlandy. Biz ol toýlaryň hiç haýsynda-da uzak eglenmedik. Biz eýýäm gidip duran toýuň bir çetinden gol tutuşyp girýärdik-de, kä ýerde saklanyp, kimdir biriniň Kerim baradaky öwgüli sözlerini diňleýärdik, kimdir birleri bilen bulgurlarymyzy çakyşdyrýardyk, ýeňiljek tans edýärdik we şeýdip barşymyza assa-ýuwaşdan meýhananyň artky çykalgasyndan çykyp, özümize garaşyp duran, gara «Mersedese» atlanyp, göni ― uçargähe tarap jüneýärdik. Her gezek men zalyň çetinden öz owadanlygym barada haýran galdyryjy sözler eşitmek umydy bilen girýärdim we o çetinden lapykeçlik bilen çykyp gidýädim. Şol şäherdäkileriň hemmesini öz ýanymdan owadanlygyň gadyryny bilmez tüntawlykda ýa-da görübilmezçilikde, bahylçylykda aýyplaýadym. Ýöne, syr bildirmeýärdim. Daşkentden gelen günümiziň ertesi Kerim toýumyzy üç günläp Aşgabatda dowam etdirdi. Aňyrsy-bärsi bir hepdä çeken toý ikimizem sözüň doly manysynda ýadatdy. Sekizinji gün diýlende, türkmenleriň «hyzmat edenler üçin» diýeni ýaly, jemleýji oturylyşyk boldy. Şonda Kerimiň iş dolandyryjylarynyň biri belki, degişme bilendir: «Kerim, sen dost, şu toý üçin megerem, ähli baýlygyň ýarysyny-ha sarp eden bolsaň gerek» diýdi. Şonda Kerim garaçyny bilen: «Ol-a ýarysy ekeni, eger-de gerek bolsa, men Melek ýaly owadan gelin üçin baýlygymyň barysyny sarp etmäge-de taýýar. Şeýle-de bilip goýuň, şular ýaly kaşaň toýy men her ýyl, Melegiň doglan gününde hem etjekdirin. Şoňa-da şu adamlaryň hemmesini çagyrýandyryn» diýdi. Bu meniň kimdenem bolsa, birinden, köpden bäri şolar ýaly märekäniň içinde eşidesimiň gelýän sözüdi. Bu söz meniň ömrümiň örküdi, ykbalymyň daýanjydy, arzuwymdy, islegimdi, ähli baýlygymdy, malymdy, mülkümdi. Ana, şeýdip, sapaly günler başlandy. Kerim meni edil, şa zenany ýaly saklady. Gowy iýmitler, gowy geýimler, eşretli durmuş, meniň görkümi hasam açdy. Owadanlaşdyrdy. Güýmener ýaly Kerim maňa öz edarasyndan işem tapyp berdi. Wagtyň geçmegi bilen ekizlerem ese-boýa galdylar. Biz olaryň ukyplaryna hem höweslerine görä Ýusuby çeperçilik, Ahmedi sazçylyk uçilişesine ýerleşdirdik. Ýöne, olardan hudožnigem çykmady, kompozitoram. Ahmet okuwyny gutararyna mähetdel, özbaşyna topar döretdi-de, toý aýdymçysy bolup ýetişdi. Deprek çalmany, ritmblok oýnamany öwredip, Ahmedem öz ýanyna aldy. Kerim olaryň gaňryşlaryna gaýtmady. «Gözel göwnüňiz. Nätseňiz şeýdiň. Kemçiligiňiz bolsa-da aýdyň» diýdi.
Категория: Powestler | Просмотров: 125 | Добавил: Haweran | Теги: Juma Hudaýguly | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]