09:48
Köňlüm

KÖÑLÜM

Ýer urmadym (Urmaryn!). Elim göge uzatdym,
Men yşkyňda teşnedim. Suw däl, çäge uzatdyň,
Jebir bilen suwadyň. Bilmen, kime göz etdiň,
Yşkyňda ah-u-arman, bilniksiz seda köňlüm.

Söz ber maňa, göl döredip, ony hala çiteýin,
Ýürek tar deý, içim gor deý. Aýt, nä alaç edeýin?!
Sesim ýitmez, üýnüm ýetmez, boldum nalajedeýin,
Söwdaňa serin goşan diwana-geda köňlüm.

Ýugrumymy ýetirdiň, otda bişäýmäm galdy,
Del gözlere kän ildim, indi düşäýmäm galdy,
Öz-özüme duşman men, diňe puşeýman galdy,
Özge eşret istemez, lezzetden jyda köňlüm.

Yşk başlady, soňlanmady, näler bolmady tamam,
Göwnümiň ýyrtyklaryn gizläp bilmedi “ýamaň”...
Ganatlarym gyryldy, görüldi işim (aman!),
Eý wepalym, sapalym, jepaňa pida köňlüm.

Sapa HOMMADOW.

Категория: Goşgular | Просмотров: 111 | Добавил: Pegas | Теги: Sapa Hommadow | Рейтинг: 4.0/3
Всего комментариев: 6
0
6 bbaygeldiyew   [Mowzuga geç]
Haladym...
"Indi senden alyslara çagyryar
Ýama tutmaz ýurek,ýamaly adik"
Su bellänimem Hommadowyňkymyka bilyan bar bolsa jogaplaýyňda

0
5 Alaýabyly   [Mowzuga geç]
Üçünji bendi bilen "Del gözlere kän ildim, indi düşäýmäm galdyny" haladym

0
4 Ahmet   [Mowzuga geç]
Sapa, gowymyň? Habarlaşmak kyn bolup gitdaý seň bilen...

0
3 mango   [Mowzuga geç]
mysal üçin Atabaýyň aýdymyna öýkünip näçe aýdym aýtsalaram, Atabaý bolup bolanok, (öýkünýän oglam bolsa).
goşgy näçe gowam bolsa, ýene-de klassiklerçe bolup bolmaýan bolaýmasa....
ýöne şol tehnikany barlap görjek diýip edilse, bolýaram...
---
Söz ber maňa, göl döredip, ony hala çiteýin,

haly dokaýan owgan erkekleri ýada düşdi.
---
Eý wepalym, SAPAlym, jepaňa pida köňlüm.

jemlemede, adyňy has açyk goýan bolsaň näderdi? :-)
(Sapa aýdar, eý wepalym...)

üstünlikler.

0
2 myhman   [Mowzuga geç]
umuman, erbet dälje jümleler bar eken

Del gözlere kän ildim, indi düşäýmäm galdy,

ýaly.

birazam klassika kükeýä.

dogrusyny diýsem, köňlüne ýüzlenýämi, söýgülä ýüzlenýämi düşünip bilmedim.

gaty düşünmesemem haladym.

0
1 eatayew33   [Mowzuga geç]
Ýazylmadyk goşgy bolup gelsene,
Eşdilmedik aýdym edip diňläýin!
Sözleň, owadanlyk üçin alynman,
Hak halyňdan hak habary berseler,
Hersi bilen deň güleýin, iňläýin...

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]