09:32
Ýodalar
ÝODALAR

Müňläp-müňläp pikire gümra edip başymy,
Öýden çykan badyma aldyňyz-da daşymy,
Meň göwnüme bolmasa, baryňyz «gel» diýdiňiz.
«Ýigit beýdip durma-da, bize dost bol» diýdiňiz.
Wiý, ýogsa-da, aýdyň siz
Neçün meňi söýdüňiz,
Ýodalar, eý ýodalar,
Ýodalar, eý ýodalar.

Ýa-da her-bir geleni, size nazar salany,
Bilmän nirä gitjegni uldan dem alany
Şeýdip garşy almaklyk, kesbi-käriňizmidir,
Päk ýürekli ýolagçy dosty-ýaryňyzmydyr.
Şeýle bolsa ne gözel,
Haýp, bilmändim ozal,
Ýodalar, eý ýodalar,
Ýodalar, eý ýodalar.

Hawa, menem il ýaly arzuwma ýetmek üçin,
Durmuşdaky оrnumу tizräk tutmak üçin,
Ýaltanmadym, armadym, synlap çykdym baryny,
Ýedi-ölçäp, bir biçdim, dost tutundym birini.
«Elter» diýip menzile,
Ýöräberdim şoň bile,
Ýodalar, eý ýodalar,
Ýodalar, eý ýodalar.

Ýöne welin häzir-ä alan uly galam ýok,
Kärdeşlermiň içinde üýtgeşik san-salam ýok.
Ýa-da ýalňyşdymmykam, ynam edip gözüme,
Araňyzda aýlanyp dost tutamda özüme,
Ýa-da kanagat edip, ýörabersem şoň bile,
Ýetir ýaly arzuwma – il ýüregne-ýurduma.
Düşermikäm şaýola,
Ýodalar, eý ýodalar,
Ýodalar, eý ýodalar.

Italmaz NURYÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 52 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Italmaz Nuryýew | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]