00:43
Men bir dagdym
MEN BIR DAGDYM

Ahmet Bekmyradowa bagyşlanýar

Men—dag idim, pytrap gitdi daşlarym.
Men—bag idim, ýapraklarymy uçurdym.
Begdim—bu gün girdabynda açlygyň,
Oýunçydym—döwlerimde utuldym.

Aşygam men—magşukdan zar eýledim.
Diwanadym—akyl tutdy ýakamdan.
Derwüş olam—ömrümi har eýledim,
Barlylykda gallaç galdym makamda.

Bir çyragdym,
sönüp barmyş şem bolup,
Bendi kylmaz peýkerleriň çyraýy.
Älem idim,
galdym gury ten bolup,
Golaýym ýok—neýlerem men yragy!

Bir şaýoldum—ýoda bolup soňlandym.
Hökümdardym—atylmyşam zyndana.
Ýakyn içre
ýada gelip diňlendim,
Äşgär idim—öwrülmişem pynhana.

Altyn köşkdüm—döndüm weýran haraba,
It-guşlara apardylar läşimi.
Gylyjym ýok, münere dergazaba,
Galkanym ýok, ýapar ýaly döşümi.

Derde uçrap,
ýük astynda ýegşerdim,
Kerwen ýolda—başyn çekjek nerim ýok.
Käbä bakyp,
Kerbelada gyşardym,
Hunum sorjak serwerim ýok, serim ýok.

Gürläp bilmeý—sogurdylar tilimni,
Suwa taşlap,
çykardylar ataşdan.
Dermendä dakdylar Taňryň ölümni—
dirilikde tabydyma sataşdym.

Müsür içre tagty-rowan saklap men,
Kenganymda gul bahasna satyldym.
Düýn zerbapdan düşegimde uklap men,
Bu gün sowuk kepen içre tapyldym..

1992.ý.

Döwletgeldi ANNAMYRADOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 67 | Добавил: Nurdan | Теги: Dõwlet Annamyradow | Рейтинг: 3.5/2
Всего комментариев: 4
0
Öñem yazdy dälmi bi goşgyny? Palwan H aydym edip aydyardy. Şeyleräk bolmaly: aylanyp saz calyan koceme koce millet icre restoranlarda barlarda diyen yalyrak. Biyem şonmuka diydim. Ay hawa da gaytalabermeli bir yazan zadyñy. Kop yer tutyar. Gonorary kän bolyar. Aylygyny az gorüp gaytalabermeli yene yeneden Tom tom edip tut sahypany. Beylekilerem name gününi görerlerdä4

0
3 Jumjume   [Mowzuga geç]
Beeh, gowy goşgy eken. Döwletgeldi aga köplenç klassiki äheñde ýazýar öýdýän,ýa da men diñe şeýle goşgularyny okaýan...
Nurdan,ýetireniñe sagbol!

0
2 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Del goşgy.

0
Näme ücin muny A Bekmyrada bagyşlapdyr?

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: