17:03
“Meni söýgim üçin bagyşla, Taňrym!..”
"MENI SÖÝGIM ÜÇIN BAGYŞLA, TAÑRYM!.."

Meni söýgim üçin bagyşla, Taňrym!
Giňiş guragymy daraldyp, talap,
Umytlarmy ýenjip çalajan eýlän
Bir zybagözeli galaýdym halap…

Kyýamata galmasyn, goý, bu kasas,
Hasaplaş, söýgimden başgasyn al-da!
Törden orun aldym (begenmelimi?..)
Ýanan aşyklaryň maşgalasynda.

…Emen süýdüm çig-dä meňem,
Şoň üçin
Meni söýgim üçin bagyşla, Taňrym!
Ýazan takdyryňa bolmadym kaýyl.
Razy etjegime gözüm ýetirsem,
Hormatly myhmanym bolsun Ezraýyl!

Bolşum — paradoks,
Häsiýetim — çigin.
Yş gözleýän günortany gündiziň.
Garaňkylyk gözläp ýörün gijeler,
Ysyna zar bolup tämiz gül gyzyň.

Kalbyma dözüm ber, iňlemesin ol,
Ýakyn görünmesin bärimden aňrym.
Ynam ber,
Umyt ber.
Ýöne öňürti
Meni söýgim üçin bagyşla, Taňrym!..

Sapa HOMMADOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 67 | Добавил: Pegas | Теги: Sapa Hommadow | Рейтинг: 4.3/3
Всего комментариев: 2
0
2 mango   [Mowzuga geç]
Törden orun aldym (begenmelimi?..)
Ýanan aşyklaryň maşgalasynda.

"galamdaşda" goýaňda "hak aşyklaň maşgalasynda" diýip gidýädi.
düzedipsiň. indi ýumşan ýaly.
---
umuman, öňem belleýşim ýaly: günä iş üçin bagyşlanmak dilenýär, söýgi - günä däl ahyryn (ýa-da halal däl söýgi göz öňüne tutuldymyka).
söýgä halal-haram statusyny bermegem geň... bu barada pikirleniberseň goşgudan uzaklaşybermeseň...
---
Kyýamata galmasyn, goý, bu kasas,
Hasaplaş, söýgimden başgasyn al-da!

kasas-kysas – jenaýatda hasaplaşmak. meňzeşi bilen hasaplaşmak. mysal adam öldürilse, adam öldürmek bilen hasaplaşmak (bolmaly).
goşguda "kasas" many taýdan ýerinde däl. bu ýerde nädip hasaplaşsyn Taňry kasas usuly bilen?
logika boýunça yzarlasaň Taňry ýaradan bolsa, söýgümizem ýaradan ol.... garaz hasaplaşar ýaly meniňki diýiljek zadymyzam ýok diýjek bolýan.... "söýgim" diýýäniňem amanat.. özüňki däl...
---
Razy etjegime gözüm ýetirsem,
Hormatly myhmanym bolsun Ezraýyl!

şu erde "razy ediljek" Ezraýyl bolsa - o-da ýalňyş.
başga biri bolsa - bolýaram.
garaz, bizde Ezraýyly razy etmek borjumyz ýok... (ol bizden razylyk soranok-da diňe wezipesini ýerine ýetirip gidýär).
---
Yş gözleýän günortany gündiziň.
Garaňkylyk gözläp ýörün gijeler,

owadan. berekella.
Taňrynyň bagyşlanmaly söýgüsi nähilikä? onam Sapadan başga bilýän ýok bolmaly...
Sapa kaka üstünlikler.

0
1 Netflix   [Mowzuga geç]
Beh, Sapakaka teswir ýazman geçip bilmedim. Boýnuma alýan, goşgyny gaýtalap üç sapar okadym. Ajaýyp goşgy bolupdyr. Wkusyň üýtgäpdir.

Bolşum — paradoks,
Häsiýetim — çigin.
Yş gözleýän günortany gündiziň.
Garaňkylyk gözläp ýörün gijeler,
Ysyna zar bolup tämiz gül gyzyň. - has gowy gören bendim. Döredijiligiňde üstünlik.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: