15:42
Mežnun ýazyjylar, pelsepeçiler we olaryň döreden ideýalary
MEŽNUN ÝAZYJYLAR, PELSEPEÇILER WE OLARYŇ DÖREDEN IDEÝALARY

Dünýä edebiýatyna ägirt uly goşant goşan beýik ýazyjylaryň hem-de pelsepeçileriň ençemesi ruhy kesellerden ejir çekipdir. Ýöne, bu keseli olara öz çeperçiligi we täsirliligi boýunça ägirt eserleri döretmäge hem-de adamzadyň paýhas hazynasyna täze we täsirli ideýalary girizmäge päsgel bermändir.
Aglaba köp ýagdaýlarda bolşy ýaly, hakdan içenlik mežnunlyk bilen serhetleşýär. Köplenjem, umumy eýerilýän çäkleriň/çarçuwalaryň daşyna çykyp, nämedir bir zady döretmek, durnukly ruhy üýtgeşmeleriň ýa-da keselleriň täsiri bilen ýüze çykýar.
Soňraky geçirilen ylmy seljermelere laýyklykda, şu aşakda görkezilen, meşhur ýazyjylarda we pelsepeçilerde-de ruhy keselleriň dürli görnüşleri bolupdyr.

Syrkaw №1

Edgar Allan Po (1809-1849), amerikan ýazyjysy, şahyr.

Kesel kesgitlemesi: Ruhy bozulma, keseliniň anyk diagnozy kesgitlenmedik.

Keseliniň alamatlary (simptomlary): Garaňkylykdan gorky, öwran-öwran ýüze çykýan huşsuzlyk, özüniň yzarlanylýandygyndan elheder almak (maniýa), ýarymdäli hereketler, gözüne dürli zatlaryň görünmesi (gallýusinasiýa).

Keseliniň taryhy: Eýýäm 1830-njy ýylyň ahyryndan başlap Edgar Po göwnüçökgünlik pursatlaryndan (depressiýadan) kän ejir çekip başlapdyr. Ondan başga-da alkogolly içgileri yzygiderli içmegi, onuň ruhy ýagdaýyna ýaramaz täsir edipdir. Serhoş bolanda ýazyjy zyrrajym dälilik hetdine ýetip, hiç kime baş bermändir. Soňra ol spirtli içgileriň üstüne tirýek ulanyp ugrapdyr.
Ýazyjy özüniň 13 ýaşly ýegençisi Wirjiniýa öýlenipdir we olaryň nikasyna 7 ýyl dolanda, 1842-nji ýylda ýazyjynyň aýaly inçekesel bilen syrkawlapdyr we ýene-de bäş ýyldan aradan çykypdyr. Wirjiniýanyň ölüminden soňky iki ýylynda Edgar Po birnäçe sapar aşyk bolupdyr we iki gezek öýlenmäge synanyşypdyr.
Onuň bu synanyşyklarynyň birinjisi ýazyjynyň gelinliginiň Edgar Ponuň dälilik hetdine ýeten pursatyndan gorkup, oňa durmuşa çykmakdan ýüz dönderendigi sebäpli şowsuz tamamlanypdyr. Ikinjisi bolsa Edgar Ponuň özüniň nikalaşmak üçin ybadathana barmandygy sebäpli başa barmandyr.
Ikinji gezek öýlenmekçi bolanda Edgar Po toý gününiň öň ýanynda özüniň näme edip, näme goýýandygyny bilmez derejede lül-gammar bolupdyr. Diňe onuň paşmadyk toýunyň senesinden bäş gün geçenden soň ýazyjy, Baltimor şäheriniň arzan meýhanasynda, elhenç gözüne görünmelerden (gallýusinasiýalardan) ejir çekýän halda tapylypdyr.
Şondan soň ýazyjyny hassahana ýerleşdiripdirler we ol şol ýerde-de bäş gün ýaşap, amanadyny tabşyrypdyr. Ýazyjynyň soňky günlerem aýylganç göze görünmelerden (gallýusinasiýalardan) doly bolupdyr. Onuň bütin ömrüne iň elheder alýan zadam, ýalňyzlykda ölmek ekeni.
Ol özüniň gysga ömrüniň dowamynda gaty köp tanyş-bilişlerinden, garyndaşlaryndan öz ömrüniň soňky pursatlarynda öz ýanynda bolmak barada wada alypdyr. Ýöne, 1849-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda, gije sagat üçde onuň ýanynda ýekeje-de ýakyn adamsy bolmandyr. Hassahananyň işgärleriniň görkezmelerine görä, Edgar Po soňky deminde Demirhazyk polýusy öwreniji Jeremi Reýnoldsy üznüksiz çagyryp durupdyr.

Edebiýata getiren täze ideýalary: Iki sany meşhur edebiýat žanryny döredipdir:
Birinjisi – gorkunçlyklar eseri (horror žanry);
Ikinjisi – detektiw eser.
Soňky öwrenijileriň seljermelerine görä, hut Edgar Ponuň hekaýalarynyň gahrymany jenap Ogýust Dýupen derňewiň deduktiw usulyny dörediji bolupdyr we Şerlok Holmsyň çeper keşbiniň emele gelmegine düýpli täsir edipdir.

Syrkaw №2

Fridrih Wilgelm Nisşe (1844-1900), nemes filosofy.

Kesel kesgitlemesi: Düzümleýin (mozaiki) şizofreniýa (edebi dilde aýdylanda “jynlamak”).

Keseliniň alamatlary: Beýiklik maniýasy (öz tanyşlaryna: “Men ýene-de iki aýdan Ýeriň ýüzünde birinji adam bolaryn” diýen ýazgyly hatlary ýollapdyr, öz öýüniň diwarlaryndan suratlary aýyrmagy talap edipdir, çünki onuň öz aýdyşyna görä onuň öýi “ybadathana” ekeni); Aklynyň garjaşmagy (şäheriň merkezi meýdançasynda ýol hereketine päsgel berip, alaşa bilen gujaklaşypdyr); Güýçli kellagyry, tenteksi özüňi alyp baryş.
Nisşäniň lukmançylyk kitapçasynda syrkawyň öz ädiginden öz peşewini içýändigi, düşnüksiz, ugur-utgasyz gygyrýandygy, hassahananyň garawulyny Germaniýanyň Beýik kansleri Otto fon Bismark diýip hasap edýändigi, ýatymlaýyn bejergi alýan otagynyň gapysyny döwlen bulguryň bölekleri bilen bentlemäge çalyşýandygy, düşegini sekiden sypyryp, ýerde ýatýandygy, geçi kimin bökjekleýändigi, maýmyn ýaly ýüzüni-gözüni oýnadyp, çep egninem öňe somlap gezýändigi hakynda bellikler bar ekeni.

Keseliniň taryhy: Nisşe birnäçe gezek apopleksiki urgulary (gan basyşynyň duýdansyz ýokarlanyp, ganyň beýnä urmagy) geçiripdir. Ol ömrüniň soňky 20 ýylynda ruhy kesellerden ezýet çekipdir. Hut şol döwürde-de onuň iň ähmiýetli eserleri ýazylypdyr. Mysal üçin, “Zaratustra şeýle diýipdi”. Şol 20 ýylyň 11 ýylyny bolsa Nisşe dälihanada geçiripdir. Öýünde oňa ejesi idi-yssywat edipdir. Onuň ýagdaýam ýyl-ýyldan erbetleşipdir. Ömrüniň soňky ýylynda bolsa Nisşe hatda geplemek ukybynam ýitirip, edil täze dil biten çagajyk ýaly iň gysgajyk jümleleri diýmegi başarypdyr.

Dünýäniň pelsepe ylmyna goşan goşandy: Superadam ideýasy (Nisşäniň bu ideýasynyň mazmuny, ýagşylyk hem-de ýamanlyk hakda umumy ykrar edilen ahlak garaýyşlaryndan ýokarda durýan, kämil, doly erkin adamyň nähili bolmalydygy hakyndaky garaýyşlardan ybaratdyr).
Adamzadyň täze ahlak gymmatlyklary barada ideýa – öňki, Gullaryň ahlagyna derek Hojaýynlaryň ahlagy (Nisşäniň bu ideýasynyň mazmuny, her erkin adamyň (superadamyň) sagdyn ahlagynyň ynsana mahsus bolan häkimiýete ymtylmagyň tebigy höwesini berkidip, şöhratlandyrmalydygyndan ybaratdyr. Çünki, Nisşäniň pikirine görä, şundan tapawutly ahlak kadalary kemisli we çüýrük bolup, adamzady ösüşe däl-de, pese düşmeklige getirýär). Bu ideýalar faşizmiň aňyýeti üçin esas bolýar – hassalar we ejizler ýok bolup gitmeli, güýçlüler üstün çykmaly.
Ondan başga-da Nisşäniň ýene-de bir akyl ýetiren açyşy – Hudaý öldi! – diýen açyşdyr. Çünki, şol güne çenli Hudaýa bolan ynanç adamzat jemgyýetinde güýçli bolandygy üçin Hudaý adamlaryň arasynda ýaşap gelipdir. Emma, ylmyň, ynsan aňynyň ösmeginiň netijesinde adamlaryň aglaba köpüsi köre-kör ynançlardan azat bolup, erkin, ýagny superadamyň ahlagyna eýermäge başlapdyrlar. Şonuň netijesinde Nisşe Hudaýyň ölendigi hakynda netijä gelipdir. Diýmek, Hudaý ölen bolsa, onuň ýaradan kada-kanunlarydyr, ahlagam “öldi”. Diýmek, öz düşünişiňe, öz aklyňa görä, edeniňi edibermeli möwrit gelip ýetdi.

Syrkaw №3

Ernest Miller Hemingueý (1899-1961), amerikan ýazyjysy.

Kesel kesgitlemesi: Ýiti depressiýa, aklyndan azaşmak.

Keseliniň alamatlary: Öz janyňa kast etmäge (suisidal) ymtylmalar, hemişe yzarlanylýanlyk duýgusy (yzarlanylma maniýasy), beýni bozulmalary.

Keseliniň taryhy: 1960-njy ýylda Hemingueý Kubadan ABŞ dolanyp gelipdir. Şol döwürler oňa köp sanly depressiýalar, was-waslyk we özüne ynamsyzlyk duýgulary yzygiderli azar beripdir. Ol düýbünden diýen ýaly özüniň eý görýän ýazyjylyk işi bilen meşgullanyp bilmändir. Özüne hernäçe zor salsa-da, hatda ýekeje setir hem ýazyp bilmändir. Şonuň üçinem ol dälihanada meýletin bejergi alyp başlapdyr.
Ol ýerde Hemingueý 20 seans elektroşok bejergisini başyndan geçiripdir. Soň ol bu bejergi barada şeýle ýazypdyr: “Maňa elektroşok ulanan lukmanlar ýazyjylara düşünmeýärler. Ýeri meniň ýeke-täk maýalyk gorum bolan beýnimi dyr-pytrak edip, meniň durmuş ýolunyň gyrasyna zyňanyň ne peýdasy bar? Elbetde, olaryň bejergisi ajaýyp, ýöne olar her näme diýseňem hassany ýitirdiler”.
Dälihanadan çykandan soň Hemingueý barybir ýazyp bilmeýändigine düşünipdir. Ol şonda öz janyna kast etmäge synanyşypdyr. Emma ýakyn adamlary ony halas edipdirler. Soňra ol aýalynyň haýyşy bilen ýene-de gaýtadan bejergi alypdyr. Ýöne, hassahanadan çykanyna birki gün geçenden soňra ol öýde ýeke özi wagty özüniň aw edýän söýgüli goşaniliniň iki gözünem oklapdyr-da, kellesine diräp mäşäni gysypdyr.

Edebiýata getiren täze ideýalary: “Ýitirilen nesil” ideýasy. Hemingueý, şol sanda onuň döwürdeşi Erih Mariýa Remark hem, öz eserlerinde belli bir urşuň (Birinji Jahan urşy) çarhynda üwelen anyk nesli göz öňünde tutupdyrlar. Emma, bu adalga juda özüneçekiji bolandygy sebäpli, şondan soň her bir täze nesil özüni “ýitirilen nesil” diýip hasaplamak üçin bahana tapmagy başaryp gelýär.
Hemingueýiň edebiýata goşan ikinji goşandy, edebiýat ylmynda “aýsbergiň usuly” diýlip atlandyrylýar. Bu usulda ýazylan eserlerde, gysyk, jebis gysylan tekstde ýürek paralaýjy many we duýgy berilýär.
Hemingueý üçünjiden edebiýatda “maçizm” (ispança “macho – erkek haýwan”) şekilini edebiýata we durmuşa girizýär. Hemingueýiň nusgawy gahrymany, adatça, zabun we az sözli göreşiji bolup, ol şol bir wagtyň özünde-de öz göreşiniň bimanylygyna düşünýär, ýöne şonda-da nämäniň garşysyna söweşýänem bolsa soňky demine çenli garpyşýar.
Hemingueýiň iň bir durmuş bilen jinnek ýalam eglişige gelmeýän maço – gahrymany onuň meşhur “Goja we deňiz” powestindäki Santýago atly garry balykçydyr. Beýik Hem (Hemingueýiň lakamlarynyň biri) onuň dili bilen adamzada şeýle sözleri aýdýar:
“Adam ýeňilmek üçin ýaradylan däldir! Adamy ýok edip bolar, ýöne ony ýeňip bolmaz!”.
Hemingueýiň özi bolsa – durmuşda awçy, esger, türgen, deňizçi, balykçy, syýahatçy, Nobel baýragynyň eýesi – endam-jany ýara yzlaryndan doly bolsa-da, öz muşdaklarynyň aglaba köpüsiniň göwnigeçmesine sezewar bolup, soňuna çenli göreşmegi başarman, gitdi. Emma ol, her niçigem bolsa, ömrüniň ahyrky pursatyna çenli öz ynançlaryndan ýüz öwürmändir. Ol: “Erkek kişiniň düşeginde ölmäge haky ýokdur. Ýa jeň meýdanynda ölmeli, ýa-da maňlaýyňa bir ok...” diýip, Beýik Hem käte-käte aýdar ekeni.

Syrkaw №4

Frans Kafka (1883-1924), çeh ýazyjysy.

Kesel kesgitlemesi: Ýüze çykan newroz, hereket ediş häsiýetli psihasteniýa, yzygiderli däl depressiw ýagdaýlar.

Keseliniň alamatlary: Düýpgöter göwnüçökgünlik bilen aralaşýan aşa tolgunjaňlyk (gyjyr-gyjyrlyk), ukynyň bozulmalary, çenden aşa ýöwsellik, pynhan jynsy gatnaşyklar çygrynda psihosomatiki kynçylyklar.

Keseliniň taryhy: Kafkanyň ruhy taýdan bozulmalarynyň özeni onuň öz kakasy bilen ir döwürden dowam edip gelen düşünişmezliklerinden, olaryň maşgalasyndaky bulam-bujar gatnaşyklardan hem-de kyn, çylşyrymly aşyklyk wakalaryndan gelip çykýar.
Kafkanyň maşgalasynda onuň ýazyjylyk bilen gyzyklanmagy düýbünden halanylmandyr. Şonuň üçinem Kafka bu pişesi bilen ýaşyryn meşgullanmaga mejbur bolupdyr.
“Meniň üçin bu örän aýylganç ikiýüzli durmuşdy” diýip ol gündeliginde ýazgy galdyrypdyr: “Bu çykgynsyz ýagdaýdanam maňa diňe birje çykalga bardy – aklyňdan azaşmak”.
Haçan-da kakasy, Fransyň ýazuw-pozuw ýaly bolar-bolgusyz zatlara gümra bolup ýörmän, işden gelenden soňra özüniň dükanjygynda-da işlemegini talap edip başlanda, Frans öz janyna kast etmegiň kül-külüne düşýär. Ol öz dosty Maks Broda bu barada hat ýazýar.
“Iň soňky pursatda maňa olaryň gatnaşyklarynyň arasynda edepsizlik bilen goşulyp, ony “mähriban ata-enesinden” halas etmek başartdy” diýip Maks Brod özüniň Kafka hakyndaky kitabynda ýazypdyr.
Kafkanyň ruhy hal-ýagdaýynda çuňňur we kadaly rahatlyk döwürleri, edil şolar ýaly uzaga gidýän keselbentlik tapgyrlary bilen çalşyp durupdyr. Şeýle ruhy tapgyrlar barada onuň gündeliginde şeýle ýazgylar galdyrylypdyr: “Men uklap bilmeýärin. Diňe alasarmyk hyýallar, hiç hili uky ýok. Meniň tutuş içki durkumyň täsin yrgalygy. Men ondan nädip azat bolmaly we ony çym-pytrak etmän nädip azat etmeli?”.
Ýazyjy 41 ýaşynda inçekeselden ýogalýar. Ol üç aýlap janhowluna urnup ýatýar. Şol wagtyň içinde-de onuň diňe bir bedeni däl-de, eýsem paýhasam derbi-dagyn bolýar.

Edebiýata goşan täze ideýalary: Kafka dirikä onuň ady düýbünden diýen ýaly mälim bolmandyr. Ýöne, ol aradan çykandan soň, onuň döredijiligi okyjylary imrindirip, edebiýatda täze bir akymy emele getirýär. Kafkanyň çeper dünýäsi – ony döredijiniň şahsy betbagtlygyndan emele gelen, aňrybaşy ruhdan düşmegiň, we eýmenç wehimiň älemi bolup durýar. Onuň döredijiligi “diagnozly edebiýat” adalgasy bilen atlandyrylyp, 20-nji asyryň başlaryna mahsus bolan Hudaýa ynamyny ýitirip, onuň deregine-de ýaşaýyşyň bimanylygy, absurdlygy hakyndaky düşünjäni alan nesliň kemisli, estetiki dünýägaraýşynyň aýdyň beýanlarynyň biridir.

Syrkaw №5

Jonatan Swift (1667-1745), irland ýazyjysy.

Kesel kesgitlemesi: Pikiň ýa-da Alsgeýmeriň keseli (Muny gutarnykly kesgitläp bilmän, hünärmenler henizem jedelleşýärler).

Keseliniň alamatlary: Baş aýlanma, giňişlikde ugur-utgasyny ýitirmek, huşsuzlyk, adamlary we daş-töweregindäki goş-golamlary tanaman başlamak, özüne aýdylýan sözleriň manysyna düşünip bilmezlik.

Keseliniň taryhy: Ýokarda görkezilen kesel alamatlarynyň durnukly beterleşmegi we ömrüniň ahyrynda doly kemakyllyga öwrülmegi.

Edebiýata getiren täze ideýalary: Syýasy satiranyň täze görnüşi. “Gulliweriň syýahaty”, aň-düşünjesi ösen bilimdaryň daşyny gurşaýan jemgyýete bolan sarkazmdan doly garaýşyny özünde jemleýär. Öz döwrüniň satira eserlerinden tapawutlylykda Swift jemgyýetiň kemçiliklerini ulaldyp, üstünden gülmän, olary dürli görnüşde gyşyk-çaýşyk hem geň çeper galyplara salýar. Swiftiň bu usulyny soňra Nikolaý Gogol hem-de Saltykow-Şedrin ýaly meşhur satirik ýazyjylar giňişleýin ulanýarlar we baýlaşdyrýarlar.

Syrkaw №6

Žan-Žak Russo (1712-1778), fransuz ýazyjysy we filosofy.

Kesel kesgitlemesi: Paranoýýa.

Keseliniň alamatlary: Yzarlanylýandygy hakynda duýgy (yzarlanylma maniýasy).

Keseliniň taryhy: 1760-njy ýyllaryň başynda Russonyň “Emil ýa-da Terbiýe barada” atly kitaby çykandan soňra, ýazyjy bilen hristian ybadathanasynyň hem-de ýurduň hökümetiniň ýolbaşçylarynyň arasynda dartgynlylyk emele gelýär. Şondan soň Russo dogabitdi mahsus bolan müňkürlik hasam ulalyp, kesele öwrülip başlaýar.
Ol hemme ýerde özüne garşy dildüwşükleri görýär. Hiç ýerde uzak ýaşap bilmän, sergezdan durmuşda bolýar. Çünki Russo özüniň hemme dostlarynyň we tanyşlarynyň öz garşysyna duzak gurýandyklaryna hem-de özüni nämedir bir zat güman edýändiklerine şübhelenýär. Munuň mysaly hökmünde bir wakany beýan edipdirler. Bir gezek Russo bir asylzadanyň galasynda myhmançylykda wagty, hyzmatkärleriň biri jan berýär. Şonda Russo öý eýeleri özüni şol hyzmatkäri zäherlemekde güman edýärler diýen pikir bilen, hyzmatkäriň jesedini kesmegi talap edýär.

Dünýäniň pelsepe ylmyna goşan goşandy: Mugallymçylygyň (pedagogikanyň) täze usullary we görnüşleri. Hünärmenleriň bellemeklerine görä, çagalary terbiýelemek boýunça gollanmalaryň aglaba köpüsi Russonyň “Emilini” gaýtalaýarlar.
Terbiýe bermekde Russo, öňden ulanylyp gelinýän temmi bermek usulyna derek höweslendirmek we mähirli garamak usulyny teklip edipdir. Ondan başga-da Russo çagany guraksy maglumatlary köre-kör ýat tutmakdan boşadyp, oňa hemme zady diri mysallaryň kömegi bilen öwretmegi we düşündirmegi teklip edipdir. Russonyň pikirine görä, diňe şonda çaga täze maglumaty ýeterlik derejede özleşdirmäge taýýar bolup bilýär.
Russo mugallymçylyk hünäriniň esasy wezipesi hökmünde, çaganyň şahsyýetini “ýonup-taraşlamagy” däl-de, çaga tebigat tarapyndan berlen zehinleriň ýüze çykarylmagyny we kämilleşdirilmegini ykrar edipdir.
Russonyň edebiýata goşan goşandy, ol täze edebi gahrymanyň çeper keşbini hem-de täze edebiýat akymyny hödürläpdir.
Russonyň täze gahrymany – päkize kalply, mydama gözi ýaşly, köplenç aňynyň däl-de, duýgularynyň emrine tabyn şahsyýet, soňra uzagyndan edebiýatyň sentimentalizm we romantizm akymlarynyň nusgawy gahrymanlarynyň döremegine sebäp bolupdyr.
Görkezilenler bilen birlikde, Russonyň “Jemgyýetçilik şertnamasy hakynda” atly ylmy işinden gelip çykan demokratik, hukuk döwleti hakyndaky pikirler, adamzadyň döwlet düşünjesiniň düýpli kämilleşmegine getiripdir.

Syrkaw №7

Nikolaý Wasilýewiç Gogol (1809-1852), rus ýazyjysy.

Kesel kesgitlemesi: Şizofreniýa, tapgyrlaýyn psihoz.

Keseliniň alamatlary: Ses we görüş gallýusinasiýalary, aşa tolgunmalar bilen çalyşýan apatiýa (doly lapykeçlik) we doňňara-daşlyk döwürleri, depressiw ýagdaýlar, ýiti görnüşli ipohondriýa (Gogol öz bedeniniň içki agzalarynyň öz ýerinde däldigine ynanypdyr. Onuň ynanjyna görä onuň aşgazany tersligine ýerleşýänmiş), ýapyk ýerlerden elheder alma (klaustrofobiýa).

Keseliniň taryhy: Şizofreniýanyň ol ýa-da beýleki ýüze çykmalary Gogolyň bütin ömrüniň dowamynda bolup geçipdir. Ömrüniň soňky ýylynda bolsa onuň ruhy keseli hasam möwjäpdir. 1852-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Gogolyň ýakyn dostynyň uýasy Ýekaterina Mihaýlowna Homýakowa gyzamykdan ýogalypdyr. Bu waka ýazyjynyň ipohondriýa keseliniň güýçli möwjemesine sebäp bolupdyr.
Gogol yzygiderli mynajat etmäge başbitin berlip, iýmitden düýpgöter ýüz dönderipdir, ysgynsyzlygy we ýarawsyzlygy barada yzygiderli zeýrenip, özüniň ölüm howply keselländigini aýdypdyr. Ony birnäçe gezek barlagdan geçiren lukmanlar Gogolda, howpsuz, adaty içgeçmeden başga kesel tapmandyrlar.
Şol ýylyň 11-nji fewralyndan 12-sine geçilýän gijesi Gogol özüniň ähli golýazmalaryny ýakypdyr. Ertesi gün irden ol özüniň bu hereketini Şeýtanyň alyna gidendigi bilen düşündiripdir. Şondan soň onuň haly hasam haraplaşypdyr. Lukmanlaryň onuň ruhy ýagdaýyny gowulamak üçin edýän bejergileri (burun deşiklerine sakyrtgalary ýelmeşdirmek, myžžyk edilen buz ýaly sowuk örtüklere (prostynlara) dolamak, kellesini buz ýaly suwa sokup çykarmak we ş.m.) hiç hili peýda bermändir.
1852-nji ýylyň 21-nji fewralynda ýazyjy aradan çykypdyr. Onuň ölüminiň hakyky sebäbi häli-häzire çenlem syr bolmagyna galýar. Ýöne, hünärmenler Gogolyň öz-özüni doly we gutarnykly nerw hem-de fiziki deramatsyzlyga ýetirendigini çaklaýarlar.
Edebiýata goşan goşandy: Kiçijik adamyň içki dünýäsiniň çeper keşbini sünnäläp beýan etmek arkaly jemgyýetde oňa mähir oýarmak, şol kiçijik adama bolan söýgüniň ýarysyn-a ony ýigrenmegiň, ýarysynam oňa dözmezçiligiň emele getirýändigini açyp görkezmek. Rus dünýäsiniň dürli keşplerini ussatlyk bilen şekillendirmek.

Syrkaw №8

Gi de Mopassan (1850-1893), fransuz ýazyjysy.

Kesel kesgitlemesi: Kelle beýnisiniň beterleşýän paraliçi.

Keseliniň alamatlary: Ipohondriýa, öz janyna kast etmäge ymtylyş, zyrrajym dälilik tutgaýlary, samrama, gallýusinasiýalar.

Keseliniň taryhy: Mopassan bütin ömrüne ipohondriýadan ejir çekipdir. Onsoňam ol aklyndan azaşmakdan hemişe gorkup gezipdir. 1884-nji ýyldan başlap Mopassanyň ýygy-ýygydan tutgaýy tutup, gözüne her dürli zatlar görünmäge başlapdyr. Ol çensiz beýni tolgunmasynyň nobatdaky tapgyrlarynda iki gezek öz janyna kast etmäge synanyşypdyr (birinjisinde, sapança bilen özüni atmakçy bolupdyr, ikinjisinde kagyz kesilýän kagyz bilen janyna kast etmek isläpdir).
1891-nji ýylda ýazyjy lukman Blanşyň dälihanasyna ýerleşdirilipdir we şol ýerde ýarym bihuş halda tä amanadygyny tabşyrýança ýaşapdyr.

Edebiýata goşan goşandy: Edebiýatda fiziologizm we naturalizm ideýalarynyň çeper beýany, şol sanda erotiki suratlandyrmak usulam.

Syrkaw №9

Wirjiniýa Wulf (1882-1941), iňlis ýazyjysy

Kesel kesgitlemesi: Depressiýa, gallýusinasiýalar, gara basmalar.

Keseliniň alamatlary: Çuňňur göwnüçökgünlik (depressiýa) döwründe Wirjiniýa Wulf özüniň: “hemişe Gadymy Gresiýadaky zeýtun agajynyň şahalarynda saýraýan guşlaryň owazyny eşidýändigi” barada zeýrenipdir. Ol özüni basmarlaýan ukusyzlyk we gara basmalar zerarly köplenç hiç zat ýazyp bilmändir. Çagalykdanam öz janyna kast etmäge ymtylyşlardan ejir çekipdir.

Keseliniň taryhy: Wirjiniýa Wulf 13 ýaşanda ony özlerinde myhmançylykdaky doganoglanlary zorlamaga synanyşypdyrlar. Bu hadysa ýazyjy zenanyň ömürboýy erkekleri we aýal-erkek jynsy gatnaşyklaryny durnukly ýigrenmegine getiripdir.
Bu wakadan soň kän wagt geçmänkä onuň ejesi öýken sowuklamasyndan ýogalypdyr. Hemme zady öte ýiti we ynjyly kabul edýän gyzjagaz lapykeçlikden ýaňa öz janyna kast etmäge synanyşypdyr. Ony halas edipdirler, ýöne şondan soň çuňňur hem-de uzaga çekýän göwnüçökgünlik tapgyrlary onuň ömürlik ýoldaşyna öwrülipdir.
Ruhy bozulmanyň güýçli möwjemegi soňra 1904-nji ýylda Wirjiniýanyň kakasy aradan çykanda bolup geçipdir.
Ýöne, agzalanlara garamazdan, W.Wulf Leonard Wulfa durmuşa çykyp, onuň bilen 29 ýyllap agzybirlikde ýaşapdyr.
1941-nji ýylyň başynda, Londony gije uçarlar bilen bombalanlarynda ýazyjy zenanyň öýi partlaýar, kitaphanasy ýanýar. Şeýle hem ýanýoldaşy wepat bolman, zordan aman galýar. Bu waka ýazyjy zenanyň ruhy saglygyna düýpli urgy bolýar. Lukmanlar ony dälihana ýerleşdirmek barada teklip edýärler. Emma, adamsy oňa çenli doly akly üýtgän Wirjiniýany terk etmän, tä ol aradan çykýança, ýagny 1941-nji ýylyň 28-nji martyna çenli öýünde özi oňa idi-yssywat edip gezýär. Şol günem Wirjiniýa adamsynyň gözüne çöp atyp, öz eserlerinde onlarça gezek suratlandyran işini edýär – Ous derýasynyň kenaryna barýar-da, suwa böküp, öz-özüni heläkleýär.
Şu ýerde bellemeli ýene-de bir ýagdaý: Soňky tapylan maglumatlara görä, Wirjiniýa Wulf öz äri Leonard Wulf bilen birek-birege çirksiz wepaly hem-de äbe-de-jüýje bolup ýaşasalaram, olaryň arasynda hiç haçan jynsy gatnaşyk bolmandyr.

Edebiýata getiren täze ideýalary: Dünýäniň gündelik başagaýlygyny suratlandyrmakda, çeper keşpleriň içki dünýäsini açyp görkezmekde, ynsan aňynyň döwlüp üýtgeýşiniň onlarça usullaryny hem-de görnüşlerini beýan etmekde täzeçe çemeleşmeleri döredipdir. Wirjiniýa Wulfyň eserleri edebiýatyň modernizm akymynyň naýbaşy nusgasy diýlip hasap edilýär.

Çeşmesi: https://medium.com/@archivett/сумасшедшие-писатели-давшие-миру-великие-идеи. 30.04.2021ý.

Terjimesi biraz üýtgedilip edildi.
Категория: Edebiýaty öwreniş | Просмотров: 127 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 3.2/4
Всего комментариев: 23
0
Keyfe haluke? hemmelere salam

0
22 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Harshwardhan Ranne*

0
19 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Bolya, Sübsegozelim

0
Bolya, :D yashwardhan

0
Ay yone Jemilede bymat başga birine gidendirlay :D

0
16 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Sen diyjeksin mana, "seniň aşygyn kän" hawa bu dogry, yöne bilbilem bir gül bilen oňanok ahbetin)

0
Sergezzan govnuñ kap dagynda da özüñ sergezzan bolsañam. Men ä saña Seni tanamok, yoneSelbiniñ aydyşy boyunça sen Yaşwardhana meñzeyäñ diymekcidim. Hawa, sen öz3mynasyp taýyñy tapypsyñ yone name guluñe başga bilbil gonupdyrda.zaryn sayrap yormede taze bir guli gozle. Guller kandir taparsyñ hic bolmasa Jemilani cagyray

0
18 atayewabagul83   [Mowzuga geç]
Menin soygulilerim yokarky spisokda yazylgy dur. Sen o spisoga gireñok

0
15 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Elena, gymmatlyjam gel bile daga-duze gideli, sen daş töwerekdaki ýyrtyjylara seretme, esasy sen we men, biz bile

0
14 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Jek Londonyñ "Martin Ideni" onuñ öz prototipi ýaly duýulýar.Martiniñ kir ýuwulýan ýerde ûtük edýän bolup işlemegem muña bir mysal.Eseriñ soñunda Martinem özüni öldürýär.
Ýene bir okan zadym Jek Londonyñ hemme eserleriniñ soñunda gahrymanyny "öldürýänligi".

0
12 hoşowaz   [Mowzuga geç]
Şizofrenlik bilen tworçeskiligi aýyl-saýyl edip bilmezlik, pepsi-cola bilen coca-colany tapawutlandyryp bilmezlik ýalydyr - diýýä o taýda biri (ýa bu meň sesimmi-käýim, umuman eto ne wažno...)
Sag adama hem köp gaýtalap durmaklyk bilen ony özüniň näsaglygyna ynandyryp bolar...

0
10 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Elena, meni tanadynmy!?

0
11 atayewabagul83   [Mowzuga geç]
Selbini tapsam sorap görerindä:D

0
Ay şularyñ a hemmesem şeyle. Doglanda sag we sagat bolup dogulýarlar. Ýöne ýaşap näsag bolyarlar. Şu faktyñ ozem dişiñi gysdyryarda. Bulary söýmek gerek, sebäbi, ýerde kimdir biri söýgä mynasyp bolsa, onda bu şulardyr. My heart with you ❤

0
Edgar Ponuñ gyz jigisi Rosali Po bilen ayaly Wirjiniya Po bir keselden ejir çeken. Ýöne meselem Po näsag diymek ýalñyş. Ol näsaga öwrülen çydaman

0
Men Edgar Po hakda " Edgar Allan Ponuñ ìçinden parran geçip görmek ukyby" hakda atly seljerme ýazdym. Bir ýyl bari " Dünýa edebiyaty " zurnalynda ýatyr. Dostoýewskiy hakda yazan makalama 2 yyl boldy

0
6 Jumjume   [Mowzuga geç]
"Döredijilik bn meşgullanýanlar doly bolmaýa,ýa 99 ýa da 101" diýip şoñ ün diýäýdilermikä

0
5 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Sag bolay Serdar aga

0
4 guljancharyberdiyewa   [Mowzuga geç]
"Sheyle-sheyle täze epidemiya bamysh, ady hem yazyjylykmysh"

0
Bir tarapdan, seniñkem düşnükli. Bular ýaly menem yazybilyän diydiryan yerleri köpdä

0
Spisogyña ajaýyp ekeni. Ähli söygulimi diýen ýaly ýygnaýypsyñ. Örän minnetdar

0
Diñe bir yyzzyl basyp bilyandä

0
1 Bagabat   [Mowzuga geç]
Bulardan başga-da, öz janlaryna kast eden ýa-da däliräp aradan çykan ýazyjylar-şahyrlar ýüzlerçe: Sergeý Ýesenin, Bladimir Maýakowskiý, Marina Swetaýewa, Dewid Foster Uolles, Jon Kennedi Tul, Hanter Stokton Tompson, Ýan Potoskiý, Enn Sekston, miladydan öň 4-nji ýylda doglup, miladynyň 65-nji ýylynda özüne kast eden Kiçi Seneka Lusiý Anneý, Silwiýa Plat, üç gezek Nobel baýragyna hödürlenen ýapon ýazyjysy Ýukio Misima, Romen Gari, Aleksandr Fadeýew, Dominik Wenner, Ýanka Kupala, Jek London, Aleksandr Radişew, Nikolaý Uspenskiý, beýik gruzin şahyry Galaktion Tabidze. Stefan Sweýg, Akutagawa Rýunoske we ş.m...
Estagpurulla!

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: