14:09
Gonambaşy -3/ romanyñ dowamy
8.

Ynha, indi bi görgüsi ýaman Suraý näme etmeli?
Şalar-a türmede ýatyr. Ol “Soňun saýan batyr bolmaz” diýen ýörelgäni ýalňyş ulandy. Badyhowalygyň we kelesaňlygyň az salymlyk lezzeti oňa arzan düşmedi. Ömrüniň ne gözel çaglaryny, ýaşlygynyň güýje girip, gujur toplaýan ýyllaryny dar kapasada ahmyra-armana öwürmeli boldy.
Şalara ýyl kesilýänçä Suraý urunyp, ot-elek boldy. Ukusy gaçdy, işdäsi kemeldi. Gül meňzi soldy. Başyny gara-gara oý-pikirler hekem edindi. Içki hesretini gözýaşa öwrüp, tenha özi içigip-içigip aglady. “Eý, Hudaý jan! Şalar bilen deň bolma! Ony özüň gora! Şalary türmä basmasynlar, ony basylmaz ýaly et, Alla jan! Şu gezek ony gora, ýekeje gezek gora! Soň men onuň elini kişä uzamaz ýaly ederin. Men saňa söz berýän, Alla jan! Ol indi gaýtalamaz” diýip, özelenip-özelenip Hudaýa ýalbardy.
Şu başagaýlykda, nireden kellesine geleni belli däl, ol palça-da gidip geldi.
Birki ýyllykda goňşy obada palçy aýal döräpmiş diýdiler. Hakyt suratyna seredip, adamyň geçmişini, geljegini edil ýanynda bolup gelen ýaly, ap-aýdyň edip otyrmyş. Ýiten, ogurlanan zatlary bolsa üsti duzly ak mata seredip, tapýarmyş. Elbetde, gözlenýän zadyň duzuň içinden çykmajagy düşnükli, ýöne palçy aýal şo duzda ýitgiň suratyny görýärmiş, görübem kimiň ogurlanyny ýa-da nirede ýatanyny aýdyp berýärmiş diýýärdiler.
Şalaryň suratyny gözläp, kösenmeli bolmady. Ol Suraýyň özünde bar ekeni. Şar-gara, ýumşak saçlary maňlaýyna dökülip duran, gözleri we dodaklary ýeser gülümsireýän tanyş keşbiň suratyny bagryna basyp, alakjap, Suraý goňşy oba gitdi. Göz-dilden, gep-gürrüňden çekinip, biýol gitdi. Goňşy obaň çetinden giräýen ýerinde ilkinji gabat gelen goltugy çagaly gelinden salgysyny alyp, palçy aýalyň öýüni aňsat tapdy. Baryp, niýetini äşgär etdi, derdini aýtdy, Şalaryň suratyny öňünde goýup:
-Şu oglanyň täleýine garap beräýseň! – diýdi.
Palçy aýal surata jiňkerilip, biraz oturdy, käbir zatlary soraşdyransoň, Suraýy uzak eglemedi.
-Öňünde bir garaňkylyk bar – diýdi. – Ýöne gorkuly zat ýok, soňy düz. Başyndan gara towuk aýtsaň, hemmesi düzeler gider. Aňyrda uzyn ýol görünýär, ýol ýagty, çarkandak däl, aýna ýaly tem-tekiz, özem gitdigiçe ýokaryk dyrmaşýar. Bi gowulygyň alamaty.
Suraý, garaz, takyk jogap eşitmek isledi.
-Türmä düşmez dälmi? Basmazlar gerek? – diýip sorady.
Palçy aýal çal sepen hem gulaklarynyň arkasyndan hüwjerip çykyp duran saçyny başbogusynyň astynda gizleşdirip oturyşyna ýene-de Suraýyň garaşýan sözlerini diýmedi.
-Men saňa näme diýsemkäm, keýgim?! Maňa görünýän zat – gap-gara zolak. Maňlaýynda bir garaňkylyk barlygy şü. Türmemi, dälmi, saýgardanok. Ýöne soňsuz garaňkylyk däl. Aňyrsynda suw ýaly giň ýol bar. Ýap-ýagty, ýalbyrap ýatyr – diýip, takmyn gürrüň etdi.
-Gara towugy nätsemkäm? Ulugyz halyma kyn boljak – diýip, Suraý birsellem dymyp oturansoň, ýaýdanjyny duýdurdy.
-Obaňyzda ýetim-ýesir ýa gününi aýlap bilmeýän, ýekelli garry-gurty ýokmy? Eltip ber şolara. Şolar ýalyň kabul bolsuny çalt ýetişýändir – diýip, palçy aýal aňsat ýol salgy berdi.
Goldan gidip barýan bagtyny näler dolamak isleýän we ýagty geljege atygsaýan ýüregi az-kem teselli tapan Suraý oba arasyndan gara towuk satyn aldy-da, ony Aktakyryň ileri çetinde nijeme ýyllardan bäri ýeke ýaşaýan, akly çaşyp ugran Ajap atly garra eltip berdi.
Iki günden soň Şalara ýyl kesilenini eşidip, Suraý serpmeden gaýdan ýaly seňseledi. Dünýesi agdar-düňder boldy. Palçy aýalam, gara towugam ýatdan çykdy. “Indi men näme edeýin, Alla jan? Üç ýyllap oňa nädip garaşaýyn? Meni uzak gezdirmezler. Meni çykararlar. Masgara borun. Biabraý bolmaz ýaly maňa ýol görkez! Meni ýüzügara etme, Alla jan!” diýip, ol gözüni sykdy.
Şu ikarada-da göz agyrysy ýaly bolup, daşkynrak garyndaşlary Suraý üçin gudaçylyga geldi.
-Garyndaşlyk ýitmesin diýip geldik. Indi tanamaly däl. Belet ýerimiz. Gözümiz ýetip dur. Bizem näbelet ýeriňiz däl, sözümizi ýykmajagyňyzy bilýäs – diýip, sawçylar gorkuly gürrüň etdiler.
Amanýaz saňsar bu meselä kän bir goşulasy gelmänligi üçin belli-külli zat diýmedi. Ejesi Ogulgül bolsa sawçy gelenleri kemmagal gördi.
-Garyndaşlyk ýitmese, gowudyr welin... Biziňem welinimiz bar-da. Ilmyrat deň-duşundan galyp barýar. Ilmyrat mundan iki-üç ýaş dagy uly. Oň aýagyny deňlemän, muny nädip göçüreýin?! – diýip, sypaýyçylyk bilen göwnemeýändigine delil getirdi.
Sawçylar:
-Bu diýýäniň-ä ilde-günde ýok zat däl. Hany, entek oýlanyşyň. Biz ýene geleris – diýşip, gitdiler.
Aýby açylyp barýan adamyň aljyraňňylygy bilen Suraý maňlaýyna goşa ýumruk urup, özüni näletledi: “Kän jikjerdiň. Ýeňilkellelik etdiň. Garagyň aksyn! Bulam az saňa. Entek gözüň näme görýär?! Namys et-de, öl!”
Ol çalt lejikdi, tiz usurgady. “Bi zatlar maňlaýdyr” diýdi. Maňlaýa ýazylan bolsa, gaçyp gutuljak gümanyň ýok. Ozalebetde bagtyň pes bolmasyn, bagtyň pes bolsa, sen jikjerseňem, jikjermeseňem, ýa-ha Şalar, ýa-da şoňa meňzeş gurrumsagyň biri sebäp bolar. Nätseňem, maňlaýyňdakyny görmeli! Suraý: “Şalara hat ýazaýsammykam?” diýdi. Näme diýip ýazmaly? Türmede oturan adam näme edip biler öýdýäň? Onuň elinden geljek zat barmy? “Bar-da, biziň öýümizde oturyber!” diýende, sen şony edip biljekmi? Suraýyň alaçsyzlygyna içi ýandy.
Iki günden soň onuň kellesine täze pikir geldi: Jahanyň ýanyna barmaly-da, hemme zady bolşy ýaly aýtmaly! Güýzmyrat aganyň uly gyzy Jahan oba arasyna Atamyrat ýöwseliň ogly Seýitmyrada durmuşa çykypdy. Belkäm, Jahan bir çykalga tapar? “Taparmyka?” diýip, Suraý öz ýanyndan oýlandy. Şalar türmeden boşap gelmese, nähili çykalga bolsun? Jahan Şalaryň ganybir doganjygy ahyryn. Edil eli bilen düzetmese-de, dili bilen hökman bir ýol salgy berer. Ähtimal, ol Şalar bilen gepleşip görendir, bu zatlardan habarly bolsa bildiňmi? Arada Şalar: “Gudaçylyga Jahanyň baraýmagy-da mümkin” diýipdi. Güýzmyrat aganyň ýüzüni mama dişän, alçak, hoşgylaw gyzyny göz öňüne getirip, Suraý az-kem kanagat tapdy.
Onuň başga edip biljek zady ýokdy. Näbelli umydy yşyk edinip, ol Seýitmyratlara – Jahanyň ýanyna gitmegi ýüregine düwdi.

9.

Agşamlyk Amanýaz saňsaryň ýanyna oba geňeşliginiň başlygy Aky geldi.
-Amanýaz ýegen, saňsarlaň içinde iň düşbüsi sen. Ýöne senem käte nyrhyň soralmanka bahaňy aýdýaň. Sen kim diýip soramankalar, men saňsar diýip gygyryp dursuň. Beýtme ahyryn! – diýip, ol heniz dyzyny epip-epmänkä gahar gatyşykly igenjini orta dökdi.
Daýysynyň çynlakaý gepinden, agras hem ýadaw görünýän ýüz keşbinden elheder alyp, Amanýaz:
-Näme edipdirin, daýy? – diýdi.
-Kelte kakýaň, ýegen, kelte! Hiç kimden soraman-zat etmän, kelläňe gelenini edip goýberýäň.
Amanýaz nirede näme edenini ýadyna saljak bolup, hakydasyny dörüşdirip ugrady welin, Akynyň özi:
-Öwlüýäde näme iş edip gaýtdyň? O ýazyp gaýdan hatyň näme? – diýip, ýatladaýdy.
-Ýa-he-eý, daýy, şü tozan turzup gelmäň bär sebäbi şo dälmi? – diýip, Amanýaz biraz ynjaldy.
Akynyň has-da gahary geldi.
-Amanýaz, men entek öýe-de baramok. Özümem gyzyl aç. Öwlüýäden gelşim şü. Ilki hyýalym-a hatyňy getirip, işigiňde çüýläp goýaýynam bir diýdim. Öňümden biri çykyp, munyň näme diýer öýdüp, utandym, il-günden çekindim. Ýene-de aý, bor-la, saňsardan geň däl, üstesine-de daýy-ýegen bolup otyrys diýip, goýbolsun etdim. Ýazgyňam owum-döwüm edip, otladym, tüssesini asmana sowrup, külünem igdäň aşagynda gömüp gaýtdym.
Amanýaz ilki-hä öz gapysynda “Men-men diýen ärler ýatyr gum bolup” diýen sözler ýazylgy tagtanyň çüýlengi suratyny, soňam Akynyň eli ýazgyly alakjap gelýän keşbini göz öňüne getirip gördi. Gijara gonamçylygyň ýakasynda gara başyna gaý bolup, tagtany döwüşdirip, otlap ýören daýysy hyýalynda janlananda gülküsi tutdy.
-Otlamakaň okadyňmy, daýy? – diýip, ol göwnübir sorag berdi.
Henizem hum ýaly çişip oturan Aky:
-Okadym – diýip gysga jogap berdi.
-Hm, bolýa okan bolsaň. Okap otlan bolsaň, ýene gowy – diýip, Amanýaz ýüzüni aşak saldy.
-Ýene göwi – diýip, Aky onuň agzyna öýkündi. – Ýagşam bir pohuňy iýipsiň!
-Daýy, näme pohluk gördüň-aý o ýazgyda? Düşünseň, möňňürip aglap oturmaly sözler ýazdym. Nämesini halamadyň?
Aky başam barmagy bilen süýem barmagyny tegeläp görkezdi:
-Seň syýasy taýdan düşünjäň nol! Ýöne ýere okuwdan kowulmadygyňy öňem çak edýädim welin, ind-ä hasam aýdyň boldy.
Amanýaz güldi.
-Aý-ow, daýy, meň tapan zadym däl ol, Magtymgulyňky – diýip janykdy.
-Itiňki bolsun! Ýedi ýoluň ugrunda agaja çüýläp goýan sen! Erteki gün o ýokardaky ýaşulylaň gözüne ilse, Magtymgulyň adyny tutmazlar, seň şahyňa kakarlar. Sendenem öň maňa gep geler. Düşünýäňmi şo zatlara?
-Düşünemok, daýy, düşündir!
-Erteki gün diýýä-än, ýaşulylar okasa, näme pikir eder? O-ol men-men diýip ýören ýaşulylar özüne çekmezmi? Nämä kakdyrýaň, kime pitjiň atýaň diýip, ýakaňdan tutsalar aman syparyn öýdýäňmi? Külüňi sowyrlar, Amanýaz, külüňi!
Amanýazyň muňa hä diýesi gelmedi.
-Daýy, ýaman ýöwsel bolupsyň-aý! Kölegäňden gorkup aýlanyp ýörsüň. Men haýran saňa.
Aky dergazap bolup:
-Amanýaz! – diýip gygyrdy. – Saňsarlygyňy etme! Özüňe geljek gepi bil! Şu wagt men şony saňa zyýan bolsun diýip goparyp, otlandyryn öýdýäňmi?
Daýysyna ynamy bolany üçin Amanýaz şo bada gowşady.
-Ýo-o, daýy, düşünýän. Seň zyýanlygyň ýokdugyny bilýän-ä. Ýöne o diýýän ýaşulylaň kesä çekip, erbet pikir ederler öýdemok.
-Be, be, sen-aýt, şü saňsar kelläň bilen ýaşululaň näme pikir etjegini näbilýäň? Şunam bileňok sen! – diýip, Aky düwülgi ýumrugyny somlady.
-Biz bir iş etsek, hökman telek bolaýýar – diýip, Amanýaz hüňürdedi. Soň dogumlanyp, Akynyň ýüzüne dikanlap:
-Meň-ä saňsar kemim ýok. Eger seň diýşiň ýaly, erbet pikir edýän bolsalar, olaň kellesi meňkiçe-de ýok – diýdi.
Amanýazyň şu sözleri Akynyň ozalky gaharyna urna boldy. Ol gözlerini agdar-düňder edip, bir zatlar diýmäge çemlenen wagty telefonyna jaň geldi. Onsoň Aky diline gelen sözleri bialaç ýuwudyp, telefony aldy-da, düýbünden başga – ýüzi-gözi ýylgyryp duran, mylaýym sesli adama öwrüldi.
-Ýok, ýok, he-he, işden häli gaýtdym. Amanýazyň ýanynda otyryn. Amanýaz ýegeniň... Maňa garaşman, iýiberiň. Bardym, ine, häzir barýan.
Telefony goýup, Aky Amanýaza diýmeli sözlerini hakydasyna getirjek boldy. Birbada ýadyna salyp bilmedi.
-Ana, çagalaram biynjalyk bolup jaň edýärler. Il ýaly çaý-çöregi wagtynda iýip bilemok. Sen bolsa bärde nokgy-nokgy edip, set-müň gepiň başyny agyrdyp otyrsyň – diýip igendi.
Hoşuň atasy ölmändir. Amanýaz daýysyndan başyny gutarmak üçin ahyry ylalaşyga geldi.
-Bor, daýy. Ýaşululara ýaramaýan bolsa, etmeris. Olar ýaly ters manysynyň bardygyny bilsem, ömür etjekmi men ony?! Bizi tanaman duraňog-a. Saňsar adyny güne ýatyp alan däldiris.
-Şeýt, ýegen! O-ol mekdepde okadylýan goşgyny alaga-da, öwlüýäň bir gyrasynda ýazyp goýsaň, bolmaz-a! Herki zadyň öz ýeri bar. Goşgy diýilýän zadyň mekdepde okamak üçin ýazylýanyny bizem bilýäs, hemme kişem bilýär. Senem bilmän duran dälsiň welin, käte kädiň terse alyp gaçaýýar.
Amanýaz özüne zor salyp, ajy ýylgyrdy.
-He-eýý, daýy!.. Dogry... Dünýeler düýşdir keýtige diýen ýaly, käte uly-il samsyk bolup, bir özüm akylly ýaly duýýan özümi. Şo wagt, çaky, kädim ters işleýän bolmaly.
Elbetde, şundan soň Akynyň gahary zym-zyýat boldy.
-Men-ä ýöredim onda, ýegen. Öýe baraýyn. Ýaman ýadaw şu gün – diýip, ol ýerinden turdy. Turdy-da, bir zat ýadyna düşen ýaly, çiňerilip, Amanýaza şübheli garady.
-Ýegen, göniňden gel, hany! Ikimizi gorpa iteklejek bolup ýören kümsügiň biri şony şeýt diýip öwreden-ä däldir-dä saňa? Şeýle bolsa, daýyňdan zat gizleme!
Amanýazyň ilk-ä gahary geldi, soňam gülküsi tutdy.
-Biri öwretdi, daýy. Şeýdip, Akyny işden kowduraly diýdi. Meňem saňsar kellämde şemal şuwlaýar, olar ýaly hilä akyl ýetirerlik çakym ýok. Ýöne seň daşyňa tor gurýanlaryny bilýän, aýagyň aşagyny köwýändiklerini özüňem aňýansyň... – diýip, ol kinaýaly gülümsiredi. Soň iki egninden demini alyp, nebsi agyrýan äňeňde gürledi:
-He-eý, daýy, halys was-wasa bolupsyň. Seni ýöwsellik bilen was-wasalyk mazaly zaýalapdyr. Bu keselden aýňalýan az. Emgek bolup geçsin! Birki ýyllykda-da gyzyl ýaly adamdyň.
Başga wagt bolanlygynda Aky bu sözler üçin telim gep-gürrüňiň başyny agyrdardy. Gyssanýanlygy sebäpli häzir ol gaharyna basalyk berip, ýalandan giňlige saldy.
-Bor, ýegen! Bu zatlar hiç-le. Garaz, seresap bol diýjek bolýan. Töweregiňde dostdan duşman köp – diýip, ol turmak bilen boldy.
-Men-ä indikime bek bolaryn welin, daýy, alsaň, saňa bir maslahat bar – diýp, Amanýaz ony saklady.
-Ýeri!
-Soňky döwür düýşüňde nähili zatlary görýäň? Düýşüň gorkunçmy, bulaşykmy?
-Düýşüň bulaşyk däli barmy nä? Düşnükli bolsa, kim oňa düýş diýjek?!
-Onsoň gara basýarmy? Uzak gije samyrdap çykýaňmy?
Aky ýegeniniň näme diýjek bolýanyna derrew düşündi. Ol göz-gaşyny çytyp, ýüzüni asyp, has-da gaharly keşbe girdi-de, süýem barmagyny gezäp, haýbat atdy:
-Saňsarlygyňy etme, ýegen, eşidýäňmi? Edil ýöne duran ýeriňde külüňi çykaryn! Häzir içiňden çykmaz ýaly bir zat diýerin welin, tä ölinçäň oýun ýadyňa düşmez!
-Nädýäň-aý, daýy?! Sen-ä indi oýnam götermejek bolup dursuň. Beýtm-ä!
-Oýnuňam çeni bar.
-Bor, daýy. Menden neme görme. Tanaman duraňog-a. Meň dlimi gömeýinden sogrup taşlasaňam azdyr. Şü iki gulaç dilim sebäpli kösenip ýörün-dä. Dilime dygy etdirip bilýän bolsam, menem sen ýaly bu çaka bir ýerde uly başlyk bolardym. Nesibede ýokdur-da.
Ýegeniniň dil ujundan diýen sözleri Akyny şo bada ýumşatdy. Onuň gahary gaçyp, ýüzi ýagtyldy. Haýpygelijilik bilen garap durşuna Amanýaza birazajyk nebsem agyrdy.
-Hawa, bu zatlaram nesibedendir. Gynanma – diýip, Aky gapa garşy ýöneldi.
Amanýazam daýysyny daşky işige çenli ugratmak üçin aýak üstüne galdy-da:
-Daýy! – diýdi. – Onsoň seň o diýýän ýaşululaň öwlüýä-zada baryp görýärlermi? Gölegçi bolup gidýälermi?
-Weý, ýegeniň aýdýanyny! Hawa gidýäler. Hökman gölegçimi? Zyýaratam edýäler. Ýörite-de aýlanýarlar. Onsoň seň ojagaz ýazan goşgyňy, bu gün bolmasa, erte hökman görerdiler. Minneti menden çek!
-Hm... Dogry... Bor, daýy, sag bol. Taňryýalkasyn! Sen-ä maňa gaty uly kömek etdiň. Menem bu ýagşylygyň astynda galman. Maýyny tapan wagtym hökman ýerine salaryn bu edeniňi – diýip, Amanýaz ýene kinaýa etdi.
Aky ýaňsyny duýmady, göwnübir gijäniň garaňkylygyna siňip gitdi. Sähel salymdan köçe tarapdan onuň kimdir biri bilen gürleşýän hümürdisi eşdildi. Hümürdi ýuwaş-ýuwaş uzaklaşdy, soň hiç zat eşdilmedi.

10.

Gyzlaryň äre çykansoň birsyhly görmegini artdyrybermesi-de bolýar. Ýazbibi ýaňy-ýaňy görk açyp ugrady.
Gyz döwürleri ol yşnaksyzdy. Garaýagyz, çepiksije, hordy. Gözleri alady, uludy, üstesine-de öçügsidi, inçemik ýüzüne birjigem gelşik berenokdy. Alçak däldi, geplemsek däldi, sustdy, dymmady.
Terliginden daşgary göze ilginç owadanlygy bolmasa, howalasy belent ýetginjekler gyzyň ugrunda oda-köze düşüp ýörmeýärler. Ýasawyna laýyk Ýazbibem ilki-ilkiler hiç bir oglanyň höwesi bolup bilmedi. Hiç bir oglanyň ýüreginde yşk oduny ýakyp bilmedi. Ýakjagam bolmady. Käbir joralarynyň açyklygy hem görk-görmegi bilen telim oglany oda oklap, suwa salyp, telbe edip, olaryňam içinden özleriçe iň bir edenlisini, dokuzy düzüwini saýlap-seçip, syrly-syrly bakyşlaryny, düşnüksiz, ýakymly, az-kem ezýetli duýgulara maýyl bolup, juwanlyga mahsus bir derde ýolugandyklaryny görende kemsinmedi. Ähtimal, bolup biljek zat, gözi gitse, gidendir, ýöne ol hiç kime görübilmezçilik etmedi. Ah çekmedi. Arman etmedi. Käte uludan bir demini aldy-da, oňdy. Kimdigi näbelli bolan biriniň haçanam bolsa bir gün ýassykdaşy boljakdygyna, onuň ömürlik meslekdeşine öwrüljekdigine welin ynandy. Hyýalynda bir araba münüp, alys ýollary bile sökmeli hemrasyny hemmelerden saýlanyp duran, syrdam boýly, nurana, mylakatly, dogumly ýigide öwrüp, özüçe göz öňüne getirdi. Ony ýüreginiň pynhan bir ýerinde oňly oýanyp bilmän ýatan söýgi bilen ezizledi. Käte-käte-de uýaldy, öz-özünden utandy.
Ýöne Ýazbibä-de söz aýtjak oglan bar ekeni. Şo döwürler goňşulary, özünden iki ýaş uly Jumadurdy girse-çyksa, içgin-içgin seredip, gözi bilen Ýazbibiniň taryna kakyp gördi. Sessiz habar gatdy. Ýazbibem ýetişen gyzyň üme düşbüligi bilen alaga-da, muny hyýalyndaky ýigit bilen deňeşdirip gördi. Öňden tanap, bilip ýörenden bolsa-da ahmal, Jumadurdy o ýigidiň ýanynda juda ýükisaman göründi. Geljegini Jumadurdylaň öýünden girip-çykyp ýören bagtyýar gelin hökmünde göz öňüne getirip bilmänsoň, Ýazbibi sessiz habar alşy ýaly, bada-bat sessiz habar berdi. Gaşlaryny gaharly çytyp, siltenjiredi, ýüzüni ajydyp, kese-kese sowdy. “Maňa ýanýoldaş bolmaly sen däl. Men başga birine garaşýan” diýen manyny oklady. Jumadurdy ýa-ha gaty tünt ekeni, ýa-da irizip alyp ýatmak diýen kör umyda ýesir düşdi. Yza tesmedi. Maýyny tapyp, lak atdy. Ýazbibem öz gezeginde jogabyny berdi. “Süýkenme! Men seň deňiň däl. Öz deňiňi gaşa!” diýdi. Jumadurdy ýüzüni küsserdip, zut gitdi. Ýöne umytdan ymykly düşmän ekeni. Iki günden soň çola ýerde Ýazbibi bilen gabatlaşdy, kagyza dolangy sowgadyny uzadyp, boýnuny burdy. Özelendi. Ýazbibi onuň sowgadyna seretjegem bolmady, terse döndi. Jumadurdynyň: “Beýtme-dä, Ýazbibi! Bir zat diýip git-dä!” diýen zarynlamasyna-da “Meni öz günüme goý! Meň halaşýanym bar” diýip ýalan söz bilen jogap berdi. Şeýdip, özüne söz aýdan ýeke-täk oglanyň ýüregindäki kiçijik ody üfläp öçürdi. Şeýdip, Jumadurdydan sowuldy.
Ýoňsuz wagt geçmänkä Jumadurdyny öýerdiler. Edil şuňa garaşyp duran ýaly, yzýany Ýazbibi üçinem goňşy Aktakyr obasyndan sawçylyga geldiler. Birem däl, bassyr üç gezek geldiler. Soraşyp, ideşip, ejesi ahyry olaryň saçagyny açdy. Hyýalyndaky syrdam boýly, nurana ýigit bilen deňeşdirmezden-zat etmezden, Ýazbibini Polat atly ýetim oglana durmuşa çykardylar.
Adamyň birgeňsi häsiýeti bar. Ygtyýarynyň ýetip-ýetmeýänligine garamazdan, ol ähli zady terezä goýýar. Başyna kürte atylansoň, Ýazbibi göwün ýüwürden ýigidi bilen Polady terezä salyp gördi. Görse, ullakan parh ýok ekeni.
Söýgi hesersiz bolmaýar. Ýazbibi Polady aýratyn hyruç bilen söýdi. Ýaşyryn söýdi. Yhlasyny kemmedi, mährini gysganmady. Ol bagty uzaltmagyň ygtybarly ýoluny tapypdy. “Ynha, bäbejigimiz bolar welin, durmuşymyz has-da süýjär” diýip, Ýazbibi göwün ýüwürdýärdi. Perzent küýsegi onuň utanjyna az-kem talaň saldy. “Çaltrak dogursam! Ýeňlesem! Bäbejigimi elime alsam!” diýip, ol bir gezek Poladyň ýanynda gyz haýasynyň özüni terk edenini bilniksiz boýnuna-da aldy. Ýaş gelniň çaga dogurmaga isleginiň şular ýaly güýçli bolup biljekdigine, ony häzire çenli aňşyrman gelendigine oturyp-oturyp geň galdy. Şu meselede hiç bir gelniň özünden üýtgeşik däldigine şübhe etmedi. “Dogurasy gelmeýän heleý ýokdur” diýdi. Şu pikir onuň buýsanjyny artdyrdy. Şol buýsanjy baýdak edinip, bagtyň hoş owazyna melul bolup ýörkä-de, ine, Polat bir ýerden ýataňda-turaňda kelläňe gelmejek myjabata ýugrulan gürrüň tapyp geldi. Şo gürrüňe ynanybam Ýazbibini kowdy. Änigine-şänigine ýetmän: “Sen tetelli heleý gerek däl!” diýdi.
Ýazbibi töhmete eýlenen gürrüň bilen Poladyň ýüregini çişirip goýberen Jumadurdydan başga hiç kim däldir diýip oý etdi. Şo-ol gezekki sözüne oňyn jogap berilmän, ýüzüne urlanlygy, niýetlän sowgadyna dagyn bir gezejigem seredilmänligi üçin dişinde et galandyr, gahar edýändir, ar aljak bolýandyr öýtdi. Ony gül ýaly hojalygy dagydyp, yşk bilen alawlap ýanýan ojagy ýumurmak hyýalyna münen näkes saýdy. Ýigrendi. Gargyndy. “Hudaýym, päliň ýoldaşyň bolsun! Tünegiň başyňa ýumrulsyn!” diýdi. Ýalňyşýan bolmaýyn diýmedi. Günä göterýändirin öýtmedi. “Häzir öýe bararynam, pälinden tapmyş pälazan bilen bellisini ederinem” diýip, ýolda gylaw aldy. Ýöne öýlerine barandan soň ejesine derdini aýdyp, içigip-içigip aglajakdygyna gözi ýetse-de, bellisini etmek üçin Jumadurdylar tarapa aýagynyň ädilmejekdigini, ädiläýende-de häzirki diýäýsem-diýäýsem diýip gelýän sözlerini aýtmaga gaýratynyň çatmajakdygyny güman etdi. Kejikdi. Adalatsyzlyga jany ýandy. Çäresizligi üçin dodagy kemiş-kemiş etdi. Öz ýanyndan Jumadurdyny ýene bir öwre pisledi. Näletledi.
Eýse, onuň Polada gahary gelmedi. “Polat tora düşdi, oňa al saldylar” diýdi. Polat akyl etmedi, Ýazbibä ynanmalydy. Ynanmady. Bir ýassyga baş goşup ýören söwer ýaryny ynandyryp bilmänligi üçin Ýazbibi özüni kötekledi. Äriniň namysdan ýaňa ýarylyp bilmän, hum ýaly çişip oturanlygy üçin, ýüreginiň bir ýerinde agyry-yza sebäpli nähak ezýet çekýänligi üçin özüni günäkär hasap etdi.
Häzir ol kalbynda Polada hiç hili ýigrenjiň ýokdugyny, tersine, onuň halyna nebsi agyrýandygyny duýup, geň galdy. Gahar etse edibersin, Polat ony çyny bilen kowan däldir. Gidişleýin gitsin diýen däldir. Ynha, görersiň, eýýäm ol eden işine ökünýändir. Puşman bolandyr. “Häk, kowmaly däldim. Kelte gaýtdym. Ýalňyşdym” diýýändir. Söýýän adamyňy “Göteril!” diýip kowup goýbermegiň, ondan geçmegiň öwezini dolup bolmajak ýitgidigine Polat düşünýändir. Onuň durky bilen Ýazbibini söýýändigi gözünden belli. Göz ýalan sözlemeýär. Göz iň bir pynhan syryňa çenli aýan edýär. Eger dünýäde adalat diýilýän zat bar bolsa, söýgiň hatyrasyna, bu-gün erte dünýä inmeli çaganyň hakyna Polat Ýazbibiniň yzyndan hökman geläýmeli. Gelmejek gümany bolmaz.
Uly ýola çykyp, biraz ýöränsoň, Polat onuň yzyndan ýetdi.

11.

Sähet ak öýlänler bazardan çykdy. Bir çetde oturyp, jübülerindäki pullary orta döküp, sanady. Kanagat tapdy. Geçip barýan kireýkeşleň birini saklap, şäheriň atly meýhanalarynyň birine gitdi.
Ilki garbak-gurbak edindi. Soň çakyr getirtdi. Köne ülpetleriniň biri gabat geläýjek ýaly, ýaltaklap, gözi töwereginde boldy. Ol gije bir çene baryp, meýhana çolarýança ýeke özi iň çetki stolda arpa suwuny süzüp oturdy. Iş wagtynyň gutarmagyna az salym galanda hyzmatçy gyz eýdip-beýdip onuň bilen hasaplaşdy. Seri mazaly sämän bazar gedaýynyň ýadyndan çykaryp ötäýtmezi ýaly onuň telpegini eline tutduryp, ýasama mylaýymlyk bilen daşky gapyny açyp berdi.
-Sag boluň! Gelip duruň! - diýip çykaryp goýberdi.
Kesesinden hüýli görünýän, dymma, egin eşigi-de sary giden we kirläp garagäz bolan bu müşderiniň daş çykansoň, ýykylmazlyk üçin diwara söýenip durmasyna hyzmatçy gyz adaty ýagdaý hökmünde perwaýsyz seretdi. Täzelikde peýda bolan gojanyň aýlawly kellesiniň badyna ýaňadan yzyna dolanyp giräýmeginden ätiýaç edýän ýaly, gapyny içinden temmeledi, penjiräň öňüne baryp, ýadaw hem keýpsiz garaýyş bilen az salym Sähede äňedip durdy.
Birsellemden Sähet garaňky köçe bilen ýöräp, meýhanadan daşlaşdy. Onuň äwmezek hereketleri, haýal ädimleri wagtyň gymmatyny gaçyrdy. Garaňkylyk, garrylyk hem serhoşlyk ony jaýyň diwaryna ýapyşyp ýöremäge mejbur etdi. Sesýetim aralygy serhoş bolýançaň çakyr içerlik salymda zordan geçdi. Ysgyn-mydardan gaçan aýaklary diýen edesi gelmedi, üç-dört gezek entirekledi, her hal, ýykylman, köçäniň aýagujyna çykdy. Onsoň ol bulaşyk aňy bilen uzakly gije dyngysyz ýol ýörändirin diýip pikir etdi, öz ýanyndan abyrsyz menzil geçendirin öýtdi.
Sähet köçäniň petige direýän ýerinde yraň atyp durşuna haýsy tarapa gitmelidigini bilmedi. Ol şalkyldap ýykylaýmakdan zordan saklanyp, çöňňelen göreji bilen bir zatlar saýgarmaga synanyşdy. Ýolunyň hanjakdygyna ähmiýetsiz garaýandygy äşgär bolansoň, kese köçä düşüp, ýanýodanyň ugry bilen sag tarapa ýöräp ugrady. Haýal gitdi. Bir haýatyň başlanýan ýerine ýetip, biygtyýar aşak çökdi. Tapdan düşen göwresine täzeden güýç toplamasa, mundan aňryk gidip biljek däldi.
Sähet arkasyny haýata berip oturdy. Oturdygyça gyşarasy geldi. Gyşardy. Ukusy gelmeýärdi. Ýadapdy. Dynç almalydy.
Onuň çöken ýeri goýy tümlüge örtülendi. Bäş ädim beýlesinde egrelip ösen garry agaç gollaryny gerip, iri ýapraklaryny perde edinip, süýr depä çykan Aýyň şöhlesini saklap otyrdy. Töwerek bolsa zir-zibilden doludy. Ýogsa, bu ýeri zibilhana däldi, zibilhana däldigini ýatladýan iki sany ýazgy hem bardy. Sähediň ýaplanyp ýatan haýatynyň ýüzüne uly hem gödeňsi harplar bilen gyzyl reňkde: “Haýyş! Zibil dökmäň!” diýlip ýazylgydy. Beýlekisi bolsa ýuka demir bölegine ýazylyp, aňyrrakda, köçe bilen ýanýodanyň serhedinde dikilen bilek ýogynlygyndaky tagta çüýlenip goýlupdyr. Onuň ýüzünde gözilginç gara reňkler bilen “Zibil dökmek gadagan!” diýen ýazgy bardy. Elbetde, Sähediň bu ýazgylary gözi kesjek däl, okamaga islegi hem ýok. Ol biraz oýa ýatyp, bedenine inen argynlygy ýeňletse bolýar, onsoň bu zir-zibiliň içinde ýatmaz, gider.
Kän mahal geçmänkä hol aňyrdan çaga jedirdisi bilen aýak sesi eşidildi. Yzyna kiçijik oglanjygy tirkäp, eli zibil bedreli aýal maşgala ýetip gelýärdi.
-Öňüňi görýäňmi? Dur indi şo taýda. Ýykylarsyň – diýip, ol yzyna garaman çagajyga habar gatdy.
Oglanjyk galar ýaly däl. Haýdap gelşine ejesiniň elindäki bedreden aslyşdy:
-Ej-je, getir men dökjek. Men dökjek diýýä-än.
-Aýryl, bala, goýber, häzir üstüň hapa bolar. Aýryl. Sen gaýdyşyn boş bedräni göteräý.
-Menem dökeýin – diýip çaga aglamjyrady.
-Ana, ho taýda gedaý bar, häzir seni şoňa berip gideýin-le. Torbasyna salyp, äkider – diýip, aýal ogluna ýalandan haýbat atyp, Sähediň ýatan tüm garaňky ýerine elini uzadyp görkezdi.
Oglanjyk tapba sesini goýdy, ejesi bedresini boşadýança bärligine seredip durdy, şonda ol torbasyny görmese-de, kellesini gyşardyp, egrerlip ýatan Sähedi anyk saýgardy. Üýşendi. Eýmenç tümlükde bir özi ýatan gara belanyň özüni alyp galaýmagyndan gara çyny bilen howatyr etdi, elheder aldy. Tas wägirip aglapdy. Ejesiniň arkaýynlygyndan az-kem teselli tapansoň, onuň köýneginden berk tutup, aslyşdy. Tiziräk bu ýerden gitmäge gyssandy. Gidip barýarkalaram hamana, gedaý laňňa ýerinden galyp, yzlaryndan ýetip, özüni torbasyna atyp äkidiberjek ýaly, zol-zol gaňrylyp, gorky bilen Sähediň ýatan ýerine seretdi. Esli arany açansoňlar:
-Eje! – diýdi.
-Hä, bala, näme?
-O gedaý nämüçin ýatyr o taýda?
-Betlik edýän çagalary alyp gitmäge gelipdir. Şolara garaşyp ýatyr – diýip, Sähetden bihabar ejesi göwnübir jogap gaýtardy.
-Şumat torbasynda çaga barmy?
-Hawa, bar. Betlik edýän çagadan doly torbasy.
-Onda nämüçin olar aglaşanok?
-Aglasa, gedaý olary öldir ýaly urýa.
-Gedaý çagany näme edýär? Gedaýyň öýünde çaga känmi? Oň öýi nirede, eje?
Ejesi çagaň sowallaryndan irdimi, nätdimi, siltenip, onuň ýüzüni aldy:
-Goýber-ä köýnegimi! Ezenegimi ýyrtdyň, gabyr bolan! Aslyşaýşyň ne bela?
Soň oglanjyk ýykyldy öýdýän, çaga agysynyň arasy bilen aýalyň:
-Gözüňe seret, garagyň gapylmadyk bolsa! Tekiz ýerde ýöräp bileňok, teýsiz tohumy tükenen!.. Tur indi! Getir eliňi! – diýýän igençli hüňürdisi eşidildi.
Soňrak bir ýerlerden zaryn aýdym sesi geldi. Ýuwaş-ýuwaş ýakynlaşdy. Aýdym bir ýaş gyzyň biwepa söýgülisi baradady. Gyz aşyk bolupdyr, ýigidi jan-tenden söýüpdir, onuň üçin ähli zatdan geçmäge, islendik kynçylyga döz gelmäge kaýyl bolupdyr. Ýöne, haýp, ýigit deýýus bolup çykypdyr, gyzyň päk söýgüsine hyýanat edipdir, başga birine göwün beripdir, gyz bolsa örtenipdir. Şoň üçinem aýdýan aýdymlary zaryn heňe ýugrulypdyr...
Sähet gabagyny galdyryp, äňetse, hüwjük saçly bir ýigdekçe haýal ädimläp, el telefonynda aýdym diňläp barýar ekeni. Özi-de aýdymçy gyz bilen bir perdeden gopjak bolup saza görä başyny yralaýar.
Onuň yzýany iki sany aýal maşgala göründi. Olar ellerinde zibil bilen doldurylan gaplary göterip gelýärdiler. Aýallaryň diňe birisi gürleýärdi, beýlekisi bolsa häsini ýetirýärdi.
-A gy-yz, dur-a, yzyny diňl-ä!
-Diňleýän-le.
-Meň oňa näme diýenimi bileňog-a.
-Aha, näme diýdiň?
-Heleýiňden gorkaňokmy diýdim. Heleýiň biläýse, nätjek diýdim.
-Hä-ä, onsoň?
-Şeý diýsem, meýit näme diýýär diý. Sen äriňden gorkaňokmy diýýä.
-Saňamy?
-Hawa-la. Maňa.
-A gy-yz, o seni başga birine meňzeden bolaýmasyn, gyz?
-Ýok, hiç kime-de meňzedenok. Düýnki çypar oýnatga ärimdir öýdüpdir.
Ikisi-de çasly güldi. Gülküleri çylkasyz çykdy.
Golaý gelenlerinde olar gülkülerinem, hümürdilerinem kesip, burunlaryny tutdular. Getiren hapalaryny döküp, yzyna gitdiler.
-Bigaýrat-la, gyz. Bitini iýme, syrnyh. Telefonyma pul geçirip bilenok. Menem ýüzümi saraldyp, sözümi zaýalap... – diýip, uzaklaşyp barýan aýal sesi nägilelik bilen zeýrendi. Soň hiç zat eşidilmedi.
Sähet tas irkilen ekeni. Asyl ymyzganypdyr. Gözüni açsa, daýaw bir jahyl üstüne abanyp, Sähediň jübülerini dörüşdirip duran ekeni. Garşylyk görkezere, gaýtawul berere mejaly bolmansoň, Sähet ses-selemsiz gabagyny ýumdy. Iň bolmanda dili bilen bir zatlar diýmäge-de rowgaty çatmady. Daýaw jahyl bolsa Sähediň oýananyny bilmän, bilse-de, hiç hili gypynç etmän, arkaýyn barlady. Alňasamady. Ahyrynda bilbiliň ketegi ýaly kiseden zat tapmanlygyna sögünip, tüýkürinip zut gitdi.
Sähet ähli puluny meýhanada sowurtlanyny, aslynda puluny iň soňky teňňesine çenli gutarmak üçin şunça çakyr bilen arpa suwuny içenini ýadyna saldy. Hemmesini sowman, biraz goýaýmaly ekenim diýdi. Az içen bolanlygynda pul galardy, kellesem häzirki ýaly hüňläp durmazdy, süňkleri diýenini ederdi. Ýaňky jahylam sögünip gitmezdi. Gedaýyň jübüsini dörmäge mejbur bolan oglana Sähediň azajyk nebsi agyrdy.
Ony uky basmarlap ugrady. Bilse, indi ýerinden turmalydy. Gidip, dagy gaýry ýer tapmasa, şäher bagynyň içindäki uzyn oturgyçlaryň birinde süýnüp ýatybermelidi. Baga aşar ýaly güýç-gurbat tapylmasa, iň bolmanda hol beýleräge geçip ýatmalydy. Gaýrat etmelidi. Öýsüz-öwzarsyz bolaňda-da, gedaý güne düşeňde-de, beýdip zir-zibiliň içinde bulaşyp ýatmak bolmaz ahyryn.
Sähet: “Azajyk irkilip turaýyn. Gözümiň awusyny alaýyn. Onsoň turaryn” diýdi.
Ol uklamaga ýetişmedi. Köne-küşül çöpläp ýören kemmagalyň biri aňyrdan sykylyk atyp geldi-de, köçäniň aňry ýüzüne geçip, aýak üstünde buşukmaga durdy. Soň elindäki çeýe çybyk bilen zibilleri dörüşdirip, Aýyň ýagtysyna iki sany çüýşe tapdy. Olary torbasyna saldy-da, Sähedi görmän, sykylyk atyp, megerem, indiki zibilhana garşy gitdi.
Gabagy ýumlup barýan Sähet zibil dörüp, çüýşe çöpläp ýörmekden pişe bolmajakdygy, ondan-a gowusy, bazara gidip, dilegçilik edeniniň müň paý gowy boljakdygy, ýaňky torbaly ykmandaň şonam bilmeýändigi barada garjaşyk pikir edip, uka çümdi.
Näçe wagt ýatanyny-ha bilenok welin, Sähet ýiti gümpüldä ukudan oýandy. Gözüni açyp, garaňkylyk bilen öwrenişýänçä ýene gümpüldi boldy. Yzýanyndan edil ýokary ýanyna, haýata gütläp daş degdi. Sähet ilki kimdir biri özüni daşlaýandyr öýdüp gorkdy. Seredip görse, hol aňyrrakda durup, üç sany ýetginjek ýetişibildiginden “Zibil dökmek gadagan!” diýen ýazgyly ýuka demri nyşana alyp, daş ýagdyryp duran ekeni. Haýatyň düýbünde kimdir biriniň ýatandygyny oslamaýandyklary üçin Sähet göze ilmeýän bolarly. Olaryň esli aralykdan zyňýandygy sebäpli bolsa, kän oky boş geçýärdi-de, gelip Sähediň arkasyndaky haýata degýärdi.
Ýetginjekler ahyry nyşanany urup ýykdylar. Onsoň “Men ýykdym-da, men ýykdym” bolşup, wagyrdaşyp, jedelleşdiler. Ahyry jedeliň ähmiýetsizligine düşündiler öýdýän, nyşanany kimiň urup ýykanlygyny belli edip bilmän, öz ýollaryna gitdiler.
Şundan soňam Sähet ýerinden gozganyp bilmedi. Usurgamakdan ýaňa ýere siňip barýardy. Ýüregi bulanyp, kellesinde ýiti agyry bardy. Üstesine zir-zibiliň porsy, dymyljak, ýakymsyz ysy onuň aňyrsyny bärsine getirdi. Serhoş beýnisi bilen halynyň egbardygyny aňdy. Ýüreginiň gürsüldisi güýçlendi. Onsoň ol ýatan ýerinden başyny çalarak göterdi-de, aşgazanyndamy, bir ýerinde özüni nirä urjagyny bilmeýän ajy suwuklygy mundan beýläk saklap bilmän döşüne gaýtardy. Gözüniň öňünde akja uçgunjyklar peýda boldy. Ümezledi. Ýaşardy. Birbada hiç zat saýgaryp bilmedi. Az salymdan ynjaldy. Eliniň aýasy bilen agzyny süpürdi. Tüýkürindi. “Azajyk suw bolaýsa, sowujak suw!” diýip arzuw etdi.
Daň agaryberende it sesi onuň ukusyny bozdy. Ygyp ýören iki sany eýesiz köpek zibilden bir zat tapyp, oňuşman, gabyr-gubur edişdi. Sähet telpegini eýläk-beýläk galgadyp, ýatan ýerinden itlere haýbat atdy.
-Küç-aýt! Ýit, jähennem bol! – diýdi.
Ol halynyň hälkisinden has ganymatlaşandygyny duýdy. Kellesiniň bir ýerlerinde samsyk agyry bolsa-da, oňuşmazça däldi.
Sähet şondan soň uklamady. Biraz oýa ýatyp, suwuň gözlegine çykdy.
Категория: Romanlar | Просмотров: 36 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Kakamyrat ATAÝEW | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: