13:40
Bagşyñ aýdymy
BAGŞYŇ AÝDYMY

Il-günüm bar,
Aýym-Günüm dogup dur,
Aýdymmyň aşygam köpelýär barha.
Heý, meniň kalbymda galarmy arman,
Janym sagka
Hem-de şu zatlar barka.

Men muňa müň gezek şükür edýärin,
Ylhammyň gözbaşam buýsançdyr, belki.
Bu güýjüm,
joşgunym,
golum,
bogazym,
Bilýänsiň, il-günüm,
Bary seniňki.

Şatlygym seniňki, gaýgym seniňki,
SeŇkidir saz bilen urýan ýüregim.
Senden jinnek ýaljak zat gizlän bolsam,
Haram bolsun iýen duzum-çöregim.

Haram bolsun senden alan alkyşlam,
Kärimden el üzmäge-de taýyn men.
Günäm barmy?
gaýgyrma-da,
buýruk ber,
Iň bir agyr jezaňa-da kaýyl men.

Çekerin,
ählisin götär gerdenim,
Aýan etseň bes günämiň hakdygyn.
Ýöne sen meň bilen deň bolmagyn-da,
Şonda-da bir zatdan gorap saklagyn.

Ak bilen garanyň parhyn duýmaýan
Nadan golaýyma aýak basmasyn.
Dünýäni bäş şaýa çalyşýan dellal
Meniň sungatyma baha kesmesin.

Goragyn şolardan...
Eger-de birden
Şeýle jezaly gün gelse golaýa.
...Gowsy, bogazyma guýgun gurşuny,
Hem döndergin meni Hajygolaga.

■ ÖDENÝAZ NOBATOW AÝDYM AÝDANDA

Ödenýaz Nobatow aýdym aýdanda,
Göräýmäge hiç zat bolmaýan ýaly.
Hakykatda welin agyr märekäň
Bir ýere jemlenip arzuw-hyýaly,
Bir göwrä öwrülýär. Ol göwre kem-kem
Gudratly aýdymdan alyp dur ylham.

Ödenýaz Nobatow aýdym aýdanda,
Süňňümiz ýeňleýär batsak-da dere.
Käte bürgüt bolup daglara çykýas.
Käte-de sil bolup eňýäs biz ýere
Soňra bolsa böwet bolup sile biz,
Topraga suw, bagt gözleýäs ile biz.

Ödenýaz Nobatow aýdym aýdanda,
Özlerne ýol ýasap gülden-çiçekden,
Uzuklar gopuzyn çalýar-da gelýär,
Arzygüller gülüp düşýär üçekden,
Ýigitler gerdenne goýsa «yşk dagyn»,
Gojalar unudýar sakgalnyň agyn.

Ödenýaz Nobatow aýdym aýdanda,
Gül örtýär Pendiniň belendin-pesin.
Şol gül örten sähra bir adam gelýär.
Baş atyp, makullap bagşynyň sesin,
Tanap, oňa hormat baryn goýýarlar,
«Nobat bagşy dirilipdir» diýýärler.

Ödenýaz Nobatow aýdym aýdanda
Duşýan gudratlarma san ýetmez, belkäm,
Özüniň geçmişi, geljegi bilen
Galýar ör-boýuna mähriban ülkäm,
Hasam görke gelýär şahyr beýdinde.
Ödenýaz Nobatow aýdym aýdanda.

Italmaz NURYÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 7 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Italmaz Nuryýew | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: