12:37
Atanazaryñ aýaly / hekaýa
ATANAZARYŇ AÝALY

Ýigrimi bäş ýaşly ogly eňek atyp, gidip barýan kempir hassanyň daşyna egele bolup oturan hossarlarynyň arasynda gündiz Hudaýa nalyş edenmiş: ”Gurbanyň boldugym, gudraty güýçli, görjegimi görüp, eşitjegimi eşitdim, nadyl bolmaýyn, alsaň, meniň janymy al, balama degme!”
Ýarygije beýleki jaýa geçip, kellesini ýere yryklan kempiriň başujunda betnyşan Ezraýyl dikilipdir… – ”Garry, men-ä gelendirin.” – ”Kim siz?” diýip, kempir allaniçigsi bolupdur. – ”Bu men, Ezraýyl…” Jany bokurdagyna gelip, huşy başyndan uçan kempir şonda beýleki jaýa ümlänmiş: – ”Hassa o tamda…”
Täçjemal eje bu tymsaly ilkinji gezek eşidende (bu kän ýyl ozal bolupdy): ”Toba, toba! – diýip, ýakasyny towlapdy. – Gulak eşidenini göz görmesin, göz göreni başa gelmesin! – yzyndanam, oturyp, şol ygrarsyz kempire gargapdy: – Süýdi ýanan! Öz janyny balasyndan ileri tutjagam bar eken-ow bu dünýede?! Toba, toba, diýmäýin diýsem, ýigrim bäş ýaşly ogluňdan yza galyp, nämesine guwanjak bu ýagty ýalançyň? Näme iş bitirjek? Daş edewersin… – Şol wagt tymsaldaky kempir onuň göwnüne albassy bolup görnüpdi. – Albassydyr ol lebzini ýuwdan, albassy bolmasa, beýtmezdi! Ynsanda beýtjegi ýokdur.”
Wazzyldaşyp, ütmän iýip gelýän siňeklerden elini kesewiläp süýjüli gapyrjagy gorap oturşyna, Täçjemal eje bu tymsaly ýaňadandan hakydasynda aýlady, albassy-kempiriň sypatyny göz öňüne getirjek boldy… Gülleri galdagyşyp, ygyldaşyp duran köneje gülli keçäni dyrmalap, birsalym böwrüni diňledi, oýurgandy. Ýylyň agramly bölegi kölegesine keçe atynyp oturýan nawy bir gujak eriginiň ýapraklaryna, guş bazaryna dönen şahalaryna göz aýlady. Soňra öz ellerini synlady, aýasy bilen maňlaýyny, ýüzüni sypalady. Gök çüýşe asman, ýaşyl baglar, guşlaryň saýrak dilde waspyny ýetirýän bu ýagty dünýesi gözlerine ozalklylardan has yssy göründi. Gussaly gözlerinden sowan çaýly käsesine bir damja şor gözýaş damanda, ol uludan demini aldy: älhepus, bu dünýäniň süýjüdigini! Nämüçin ol muny ozallar beýle ýiti duýmadyka? Nämüçin üns bermedikä?
Täçjemal eje bu dünýäni alagedin taşlap gidiberesiniň gelmeýändigini syzyp, ýene töweregine teşne nazar aýlady. Şonda tymsaldaky albassy-kempiriň sypaty ynsana ýakyn-ýakyn geliberdi… ”Toba, toba edýän! – diýip, ol ýene-de birwagtkysy dek ýakasyny towlady. Ýöne bu gezek onuň saly gowşakdy, hyjuwy pesdi, kellesine gelýän pikirler-de öňkülerden tapawutlydy: ”Wah, ”Bir gözümde juwazyň oky aýlanyp dursa-da, beýleki gözüm bilen ýagty jahany görsem bolýar” diýilmänmi näme – diýip, Täçjemal eje hamsygdy.
Bäbeneginden boýrap çykyp, ýygyrt atan ýaňaklarynda sowan gözýaşlaryny eliniň arkasy bilen dözümli syldy. Gahar-gazabyny irginsizlik bilen süýjä hüjüm edýän gara siňeklerden çykarjak bolup, elini batly aýlady. Onuň bilenem oňman, mellegiň aňry çetinde gümürdenip ýören adamsyna gygyrdy:
– Gel-uu, geljek bolsaň indi! Gel-ää, irikgä etdiň, garaşdyryp! Iýdi bi siňekler... Küş, artyp galmyşlar! Gel, ahyry! Ikindi bilen agşamyň arasynda köküni köwläp tükedesiň ýok şo artyp galmyş çaýryň!
Atanazar aga bir gobsunjak ýaly etdi-de, ýene aşak çökdi. Täçjemal eje çaýyň üstüni açdy, özüne bir käse guýundy, soň ýene basyrdy. Käsäniň gyrasyny elläp, agyr pikire batdy...
Öyde, içki jaýda onuň oba-gara gidende göterýän gara gaýyş sebedi eplenip ýatyrdy. Onuň içindäki köýük surat Täçjemal ejäniň böwründe kän günden bäri sanjydy.
Adamyň gapyrgalaryna çenli aýdyň görkezip duran düşnüksiz suraty ol ilki gezek iki köçe beýlelerinde ýaşaýan, geçen ýyl Aşgabatda lukmanlygy gutaryp gelen Tokganyň ogly Kakamyradyň elinde görüpdi. Kakamyrat gara köýük suraty elinde terslin-oňlyn öwrüp durşuna, garrynyň ýüzüne garap, oslanmadyk zady aýtdy:
– Täçjemal ene, öýkeniňizde gara bar!
– O nähili gara? – diýip, kempir zatdan bihabar sorady. – Nähili kesel bolýar, oglum ol? Araky sowuklamadan soň, hiç özümi alyp bilemok, işdämem yok meň, şähdim açylanok. Şondanmyka o gara diýýäniň?
Kakamyrat garrynyň ýakasyndan içýan oklan ýaly etdi:
– Tersine bolaýmasa, Täçjemal ene: işdäňiziň ýoklugy şol garadan bolaýmasa... Gowy kesel-ä däl... Ho-ol, Ballynyň enesi ýadyňyzdamy, ana, şonuňky ýalyrak...
Täçjemal eje edil ýöne lak bolaýdy... Gepden-sözden galdy duruberdi. O nä Ballyň enesniň nämeden ölenini bilenokmy? Düwünmeden öldi o bende.
Şodur-da – sudur, Täçjemal ejäniň bu dünýäden göwni geçeňkirledi, ýaşaýşa yhlasy azaldy. Ile syryny açmasa-da, şol günden soň özüni ”güni sanalgy” hassa, ”bir aýagyny göre sokup oturan” adam hasaplady. Indi onuň küýi-köçesi bu dünýäden ýagdan gyl sogrulan ýaly bolup, imisala gitmekdi. Ýöne bu gün ol gaýtadan syrkawhana baryp, şol mährewsiz suraty alyp gaýtdy. Bermejegem bolsalar, diläp-tirkäp, yrdy: «Oglumyňka gitjek, gelseň, reňňiliň suratyny getirgin diýdi. Ertmesem, özi gaýtmaly bor. Obalarynda eli yeňil lukman barmyş, şoňa-da bir görkezäýsem diýýän».
– Bolmaz, garry – diýip, ilki oňa garşy çykdylar, – biziň öz ispisalistlemmiz bar.
– Düşünýän – diýip, Täçjemal eje-de özüniňkini tutdy. – Meniňki ýöne bir jan durmazlyk. Jany bokurdagyna gelende, adam pahyryňky, akyp barýanyň sypaldan ýapyşyşy ýalydyr-da nä. Birki günden getirip, yzyna tabşyraryn, alada etmäň, ýitirmen.
Şondan soň, iki tarapyny deňlän garry bilen kejeleşip durman, bir kagyza gol çekdirdiler-de, ol hüýt gara suraty bukja salyp, eline berdiler. Indi ol bukja, hamana ölüm habary däl ýaly, içki jaýda, gaýyş sebetde sessiz-üýnsüz ýatyr.
Gün ikindine sanyp, aşaklap, mellegiň aýak ujundaky igde agajynyň şahalaryna ilişdi. Ol edil gyzgyn tamdyrdan çykan nan ýaly gyzaryp, tegelenip durdy. Gün bilen aralykda eglip, çaýyr köwläp oturan adamsynyň üstüne gyzyl şöhle düşende, ol gyzyl ot bolup tutaşdy. Bu görnüşden garrynyň gözleri ýaşardy. Onuň gojasy, hemişekisi ýaly, irmän-arman, pomidor-hyýarly atyzda gümürdenip ýördi. ”Şunuň şeýdip, gydyrdanyp ýörenine şükür – diýip, kempir içini gepletdi. – Iňir-iňir edip otursa, näderdim, ýeri?”
– Aýu-uu! Gel-ä, indi geljek bolsaň! Buz boldy çaýyň!
Täçjemal eje ýene oýa çümdi, ýene-de öz içki gaýgysyna dolandy: “Ýer ýuwutmyş, okaý senem iliň okaýanyny, gireňde nä pul bilen? Iliň öwrenini öwrenme diyýän bamy saňa? Gatnaber, ýykyl senem okuwyň ugruna, kellejigi kesilen. Wah, ädimi ýakdy oturyberdi-dä, ölümimi öňünden buşlap. «Hassa erbet habary aýtmaň» diýip, sarganokmyka mugallymlary bulara öňürti, okap ýörkäler? Burnuň gursun, susagyň sapy ýaly edip, ýer çekmiş! Baryp, ite diýmezimi diýip gaýdaýsammykam ýa ejesiniň gözüniň alnynda? Içim-ä sowardy. Indikisine berk bolsun-la, ýer çekmiş. Yogsam, onuň ulturatjak adamsy kändir».
El-ýüzüni ýuwup gelen Atanazar aga keçäniň bir çetinde çökdi.
– Guý, hany, bir käse!
Täçjemal eje oňa çaýly käsäni uzatdy. Adamsynyň ak sakgalyny gara ýanyk çekgelerini, synlady. «Ýeri, indi munuň haly neneň-niçik bor? – onuň gepsiz-üýnsüz ärine haýpy geldi. – Bu bir edenli, alyp-ýolup barýan haýranam-a däl ýene biri ýaly. Garaja kösem bor galanja ýaşy. Ýetim çaga ýaly boýny buruk bor tä ölinçä...”
Çaga diýende, onuň öz çagalary ýadyna düşdi: iki gyz, bir ogul, hersi bir obada. Gyz – kişi maşgalasy diýseň, ogla näme gerek? Olam «okady-dokady-da”, çet obalaryň birinde ornaşdy galyberdi, nämemiş, okuwyny gutaransoň, şo taýyk ýörite işe iberilenmiş.
Indem, ynha, kemal tapdy, asyl o taýdan gaýdasy gelenok. Agyr hojalyk, çül çaga, gurany gurşalan, gozga-da, hany, göreýin, gozgap bilseň! Wah: «Ogul ýetişer Buhara gider, gyz ýetişer – pukara» diýleni-dä. Ene-ataňky bakyp-bejerip, adam edip, soňam: nä haldaka, başy aman-esenmikä diýip, galan ömrüni dagdyrap ötürmek. Olam eýýäm görseň, bir yerlerde höwürtge tutunyp, özi telim başdyr, sen ýadyna-da düşýän dälsiň. Adam pahyryň bütin ömri döwek döwýän ýabynyňky ýaly, günüň-güni ertirden agşama şol aýlanyp ýörmeli…»
– Bäý, şu ilerki atyz-a iş berjeg-ow. Teý sabadyp bilemok çaýyrdan. Edil ýöne örjügäýipdir.
Täçjemal eje äriniň ýüzüne seretdi. Näme diýjek bolýanyny aňşyryp bilmedi. Ýüzi çytyldy. Onuň agaryp, asyl-asyl bolşup duran gaşlaryna tiňkesini dikdi. Ýene öz pikirine gümra boldy: «Şeýdip, indi ölüp gidibermeli bormuka? Heý, öz-ä garalyg-ow, şu ölüm diýlen zat. Süýjüje janyň gara guma garyljak bolup dur, garalyk bolmazmy onsoň? Ömür «kühhe-kühhe» edişip ýöränlerem-ä bar, şolar-a ölüp gidiberenok. Nämüçin meňki ala-böle degdigi algyç bolup çykaýdyka? Häý, ýer ýuwutmyş, tohumy kesilen, aldy-da, ýüzümejik aýtdy oturyberdi-ow, ejeň gursun, mynny-mynny edip, ýeten ýerde. Bolduň meň başyma etegi bäş garyş heleý! Ýaňy dälmi dula gelip, gözüňi sykyp ýöreniň, töweregiňden utanyp, süýdi ýanan!»
– Al, ýene bir käse iç! – Adamsynyň käsesiniň düýbüni serpenini gözüniň gyýtagy bilen gören Täçjemal eje çaýly çäýnegi göterdi. Çaýyň düýbüni adamsynyň elindäki nakysja gülli käsä sarkyrdy. – Goýma şuny, iç. Aş kesdim, ynha, iki baş gaýnasyn, gatyklap içeris. Iç, entek çaý, birneme ýüregiň syrylsyn gaýtam!
– Aý, heleý, ýüregimiziň syrylma kemi galan däldir, getiriber näçe unaşyň bolsa!
– Bolýa-da, sen iýseňem bor. Meň-ä şu günler iýip egisýän zadym ýok…
Bu sözleri aýdanda, Täçjemal ejäniň ýüregi gyýym-gyýym boldy. Äriniň ýüzüne naýynjar garady. Onuň öz halyny duýmagyny, iň bärkisi göwünlik bermegini isledi. Ýöne agyr kesellidigiňi aýtmasaň, ol seniň halyňy näbilsin?
Atanazar aga gaýta:
– Bäh, sadagasy gitdigim, gara ýeriň gudratyny! Näçe köwleseň, şonça-da ot ýetişdirip dur! – diýip, hemişekileri ýaly, ýap-ýaňyja çykyp gaýdan atyzyna, mellegiň aýagujuna tiňkesini dikip, ýassyk tirsekläp ýatyr.
Täçjemal eje uludan demini aldy. Äriniň gara zähmete göýügip giden gödeňsi ellerine esewan etdi. Şol gödeňsi eller ömürboýy onuň penasy boldy, olar onuň alyn saçyny sypanda, özüni gara dagdan arkasy bar ýaly arkaýyn duýdy. Adamsyndan nadyl bolmaga çaky ýok, göwni galan ýerem ýok, ýogsam, tüweleme, ömür sürüp bildiler, başlary çatylanyna kän ýyl geçdi, urşa-sögüşe-de, göwün-kinä-de maý boldy. Toý edenlerine elli ýyldan-a geçendir, altmyşam alkymlap ýören bolmasalar. Bolandyr-la... Öz göwnüne degilmese, iliň göwnüne degjek adammy bi, gümbaş. Işgär wagtam dänjiränini görmedi, pensiýa çykaly bäri-hä – bileni-biteni, artyp galmyş, mellegiň şol gara çaýry. Köwläp gutarsyň-ow sen şony! Sakgalyň-a agardy şony köwläp.
– Al, bir düwür nabat! – ol süýji gapyrjagy eliniň arkasy bilen ärine garşy süýşürdi. – Al, süýjüläp iç!
– Äý, ýok, men-ä şuny gury içsem, kem göremok, suwsapdyryn. – Atanazar aga bir owurt çaýy ýogyndan owurtlady. – Naharyň öňünden süýji iýseň, işdäňi kesäýýär.
– Oň ýaly bolsa, içme. Biz-ä soňky döwürde mydama süýji içen ýaly, nahar bilen serimiz ýok.
Täçjemal eje ýene-de adamsynyň öz gepine gulagyny üşertmegine garaşdy, emma ol welin, adaty äwmezekligi bilen aýalynyň diýenini ýene-de gulagynyň duşundan geçirdi. Dogrusy, gyzyklanaýanda-da, ärine içki hasratyny döküp, Täçjemal ejäniň ony wagtyndan öň ýasa batyrmak küýi ýokdy. Iň bärkisi, oglunyňka gidip-gelýänçä, bu syry adamsyna aýtmaz. Onsoň edil häzir, belki, onuň gyzyklanmany gowudyr. Şu pikir bilen kempir töweregine göz aýlady, onuň nazary öz üç otagly tüneklerinde eglendi. Könelipdir. Töwerek-daş bilen deňeşdirseň, hasam egba görünýär, dogrusy, utanarlyk haly bar. Emma Atanazar aga ikisine bolubam dur. Ömür paýawlap barýar. Çagalar uçurym bolup, bu mellekden göterilip gidensoňlar, bu tamyň kesegini täzelälem diýmediler. Göwün tutaýanlarynda-da, güýç-gurbatlary azalypdyr, kösenç boljak. Ýogsa, bäş-üç manat süýşürintgileri ýogam däl beýlelerinde. Onuň ýaly hyýala münseler, elbetde, çagalaram elleriniň kirini çalman durmazlar. Äý, ýöne, öz çagaň bolanda-da, olara azar berip nätjek? Sag gözümi çep gözüme mätäç etme diýlenidir-dä, azaryňy ýetirme diýsene hiç kime. Öz ýanyňdan göwnüň bitinmi – gez-de ýör. Ýöne çynmyka diýip, barlajak bolma, bilip bolmaz, göwnüň geçmegi ahmal, bi çagalardan görüňe gümmez galdyran ýokdur-la indi.
Taçjemal eje öýe girip, hamyr eden ýeriniň yzyny ýygnaşdyryp çykdy. Ojagyň başyna baryp, elindäki gyralary gemrik-gemrik köneje agaç kersene unaş guýup, soňam ony agaç sekiniiň üstünde goýup, susaklap, adajadan sowurdy, gyzgyn naharyň demini çykardy.
Är-aýal saçagyň başyna geçdiler, dyzba-dyz oturyp, unaş içdiler. Dogrusy, Atanazar aga içdi, Täçjemal eje-de, hamana, içen kişi boldy. Syr bildirmedi.
Ýanlarynda agtyklary, oglan-uşak ýok, ençeme ýyl bäri – höwri biri-biri. Agtyklary nega-da bir geläýselerem, özlerine mazalyja öwrenişdirip, soňam öýi gym-guk edip gidýärler. Şoň üçinem gelenlerinden gelmänleri gowy diýdirýär. Şujagaz tigirlenip gidip oturyşlary ýene biçeme däl. Başbitin göçüp gelmejek bolsalar, öňňesi gerek däl: ýarym bagtdan bitin betbagtlyk ganymat diýenleri. Ynha, ýöne özüne bir zat bolsa welin, bujagaz tünekden näme galaýarka? «Bileje ahyrlaýarmykak diýdim-dä welin, bu hazan almyş ömri… Gaýtmyşym, gara guşum! Taňrym, toba etdim, toba diýdim! El tutuşyp giden barmy diýsene bu jahandan? Ikibaşdan ir-u giç bu aýralyk hemmäniň başynda bar. Süýjüje ömrüň beýle-bela ajy gutaryşyny diýsene... Wah-wah, gal, indi şeýtde, Agym...” diýip, ol adamsyna sakgaly agaraly bäri diýýän sözüni içinden gussaly gaýtalady.
Agyr oýlaryň içinde täk özi gulaçlap ýüzýän Täçjemal eje, ýüregi howlap, äriniň ýüzüne garady. Onuň tüýs gümbaşlygyny edip, dünýeden bihabar gezip ýörşüne çökder jany ýandy. «Görsene, bi bedibagty! Ýanýoldaşy düwünmä ýolukdy, aý ýarym bäri bogazyndan düzüwli iýmit ötenok. Emma munuň welin, azaryna-da däl, hatda kemteresinden syzanogam, eger-eger. Şüý-ä, gyz, gatap galsaňam, duýjak däl, nahar wagty gelmese. Bä-äý, är-ä tüýs ärjan-ow bolsa-da! Hä, bir satyp, başgasyny alynsaň diýsene, bazara baragada! Mal-hal bolsa diý! Içiň-ä sowardy-da welinim. – Garrynyň öz pikirine tasdanam özi pyňkyrypdy, bir dem gaýgysam ýadyndan çykdy. Öz ”Agyny» idirdedip-idekläp, bazara alyp barşy göz öňüne gelende, tasdanam işdäsiz owurtlap oturan unaşyna düwünipdi.
– Daş edwersin-eý, Taňrym! – diýdi. – Gäbimem azyp ýör öýdýän meň-ä soňky döwürde, gowusy bolawersin hernä. Aýalyň iki Hudaýy bormuş diýer eken köneler: biri uly iliň Taňrysy, birem – öz äri. O dünýede aýaldan sorag-jogap edilende, Älemiň Taňrysynyň gapdalynda ärem otyrarmyş, aýalyň günä-sogaby hasap-hesip edilende, bir soragçysy aýalyň öz äri bolarmyş. Gurbany gitdigim, perişdä deňelýän bolsalar, onda bu erkekleň bipeýanlygy nämedenkä? Ygrar ýok-la bularda, özüni oňarany ýeten ýerine agyz saljak. Heýjan-eý! Edil ýöne ynsabyna güýe düşen ýaly-la bulaň, eleme deşik-le bulaň ygrary! – Täçjemal eje özüne göwünlik berdi. – Ah-heý, perişdelik nätsin bulary, «erkek – eşek!» diýilmänmi nä? – Bu pikir oňa edil söýget bolana döndi, onsoň ol özüni ärinden belent saýyp, göwresini birneme dikeltdi: – Men geçirimli bolmaly – diýdi. Öwrülip, ýene äriniň gaýgysyny etdi: – Näderkä bi, nähili ýaşarka, güni nähili geçerkä? Bolmasa diýýän-ä… muňa şol gyňajy kesilen Gurbanjemaly agzaýsammykam usullyk bilen? Şeýdäýsemmikäm, gözüm ýumulmanka? Näderkä? Ýa zyrrajym gahary geläýermikä? Şo gürrüňiň çykanyna-da, ýatanyna-da kyrk ýyl-a bolandyr. Saçak başynda orta atan-a däldirin. Indi näme? Äý, indi boljagy boldy: men beýdip, ölüp gitjek bolsam, bi beýdip boýnuny burup galjak bolsa... Yzym dagap gideninden, goý gaýta biri otursyn kesewisini ojagagyzda oýnadyp. Myrryhy tutaýarmyka ýa bi işi gaýdanyň? Göhertdir öz-ä gahary gelse. Waý-eý, biajal öldir meni, gepim sowaşyk düşäýse! Öz ajalyma bir öleweräýin-le! Munuňky nä görgi, müjerret ötsün-le, müjerret öten!”
Gargynsa-da, Täçjemal eje bu pikirinden uzaklaşyp bilmedi. Onuň öz ärini ýeke goýup gidesi gelenokdy. ”Şu çaka çenli horlamajak bolup eden azabym biderek bor, ahyr ýaşynda saýyla döner – diýdi. – Gurbanjemal özi bilen gözlüje ýaşyt bolmaly, ikisem goýun ýyly ýalançynyň çetinden giren. Emma Gurbanjemalyň bagty pes eken: hem pes, hem beýik diýseňem boljak. Görke galanda, ol heleý ugruny ompa oturtjak, dilewaram. Arman, bagty şora çökdi: agyr uruş turanda, pronta giden äri, iliňki gelende, gaýdyp gelmedi. Gurbanjemal görgüli gyzyl güllügine galdy, ýaňaklarynyň dagyn reňkem solgunlap ýetişmedi. Çaga-beýlekem ýok, turup gidiberse-de boljakdy, ýöne ”gaýynym” diýdi, ”gazagym” diýdi, oturdy-da gozganman, garrylary razy etjek boldy, garaz. Ýogsa, gaýynlaram-a aslyşyp oturandan däldi-le welin. Hawa-da, o döwürde, turaýyn diýäýeňde-de, üýşüp ýatan erkegem ýokdy-da. Erkegi pürreled-ä orsuň ol ganym nemis bilen urşy, ol urşdan soň, obalar telpeksiz galmadymy nä, onsoň alma bolup atylsaňam, gapjak ýokdy.
Ýöne çen bilen kyrk yyl çemesi ozal obaň içine ýakymsyz bir gep ýaýrady, hamana, Atanazar Gurbanjemala göz gyzdyrýarmyş diýdiler. Il munuň gybatyny etdi, emma özi welin, sepini bildirmedi, oturşynda-turşunda, gepinde-sözünde eger-eger aňdyraýsa nädersiň. Başga biri bolsa, elbetde, aňmazdy, emma Täçjemal eje aňmajak gümany barmy?! Ol adamsyna bäbekliginden emme beren ýal-a! Onuň ähli bolşuna belet, edil ýöne demini gaýra goýup alsa-da, duýup otyr. Goý, indi ahyr ýaşynda ýeke galjak bolsa, bir öýdenem örüp görsün şonuň bilen. Zeri pozulaýasy ýok-la, süňki meniňkidir. Mundan indi näme artyp-kemjek zat bar, boljagy bolup, boýasy inine siňen... Men-ä müň-de bir razy şu dünýämden, bu-da arman edinip geçmesin hiç zady. Dokuzyny düzlän-ä ýokdur, ýogsa bi ýalançyda welin. Ýöne, gyz, ol ak daban entegem gyzylly şaý ýaly, imrindirem bi işigaýdany...
Täçjemal ejäniň ýüreginde gasyn-gasyn gabanç oýandy. Etmen – diýdi. – Goý, kösensin, ýöne bäş gün artyk ýaşadym diýip, adyny zaýalap ýörmesin, horlansa, baraýjak ekeni-dä yzymdan eglenip ýörmän.

* * *

Şondan iki gün geçensoň, Täçjemal eje ýylan göteren ýaly edip, içi gara köýük suratly gaýyş sebedini alyp, öz obalaryndan kyrk kilometr daşlykdaky Çöňüre, ogly Saparyň ýaşaýan obasyna garşy ýola düşdi. Täçjemal eje ugramanka, ölümine ymykly taýýarlyk gördi: ýuwuşdyrdy, ýylmaşdyrdy, içersini syryp-süpürip, tämizledi. «Bardy-geldi gidişim-gidiş, dolanyp gelmesem, zatlam, görene göz bolup, pytraşyp ýatmasyn» diýip, gap-çanaklaryň köpüsiniň daşyny saraşdyryp, sandyga atdy. Diňe bir özi galsa, «Agynyň» ulanmaly bolaýjak zatlaryny el-ýüzde goýdy. Galan akyr-ukury saýhallap, düwüşdirip-daňyşdyryp, mäkäm ýygnady: özüm etmesem, soň muny kim etsin? – diýdi.
Öýden çykansoň, ol taýak atym ýerden yzyna gaňryldy, ädimini togtatdy «Aman gal, öýüm, öýjagazym, tünegim! Aman gal, odum, otjagazym, tüssäm! Ýaşadym nadyl däl, ölýänäm – nadyl gidemok, berlen ömürdir-dä, artygyny nädeýin?! Her niçigem bolsa, çagalarymyzy oda-suwa ýykylmaz ýaly etdik, ýetişdirdik, öýerdik-çykardyk, ile goşduk. Biwagt ölüm däl, galamasam nä, bu dünýäden doýup giden barmy? Doýdum ekeni-dä...»
Şeýdip, ol öz öýi bilen hoşlaşdy. Göwnüni bire baglady. Öýkenem git-gide barha daş asylan ýaly bolup barýardy, garry ölümine birkemsiz ynandy, oňa boýun syndy. Ýaňadandan ädim urup ugransoň, pikiri öňe dabyrap gitdi: aý, näme, ”getir” diýipdir, elteýin, ýene bir lukman göräýen ekeni-dä. Ýogsa, Saparam-a aňar öz-ä welin, bi suratyň oňlulyga däldigini, haýran galmyşy beýdip eltsem. Ýöne indi eltmeli bor. Aý, bormuş-da, erkek adamdyrlar-la, ýüregi sarlydyr-la bulaň. Heleýleri ölmese bor bulara, eje nämesine gerek?
Ystudentkä, okap ýörkä, allowarradanam aýda bir gezek gelmese oňmazdy. «Gelme, heläk bolup» diýseňem, geläýerdi. Indi ”siýdik çüwdürim” ýerdenem şonça ýygy gelenok, özüň barmasaň, telim aý gelmänem oňýar. Eje-kakaň mährinden doýandyr-la indi bular, o bolmanam, ejesini goraglap, şonuň göwni diýip ýören çaga barmy indi bu çakda? Öt-dä o zatlaň möwriti. Her kim heleýiniň göwnüni görjeg-u, özünden uly başlygynyň...”
Täçjemal eje ulaga münüp obadan çykansoň, maşyn öňe tigirlendigiçe, göwni tersine, yza depdi: gözüniň öňünde ýene egnini gysyp galan tünegi, gümbaş adamsy, mal-garasy... Nämäni nirede goýany, ähli zadyny ýerbe-ýer edeni-etmäni serinde aýlandy. Çöňüriň ýoly bu gezek oňa hemişekisinden has uzak bolup göründi. Geljek ýerine gelinçä agzy kepedi, ysgyndan gaçdy. Her halda hassa – hassa bolýar-da.
– Geldiňmi, eje? – diýip, Sapar ony ýyljyraklap garşy aldy.
– Gelsemem-ä geldim welin, ýöne gaty ýadap geldim, oglum. Maňa “gelem” diýmeli däldiň. Halys ugrum ýok. Bu gün bir gideli diýme o dogtoryň ýanyna. Dogtoryň ýanyna-da aşa ebla bolup barmanyň gowy, göwni geçermi-nädermi, oňly seretmez onsoň.
– Ýa-heý, eje, senem-a, Artyk bir gyzyl ýaly oglan-a! Onuň göwni, ynha, şu agtyklaň göwni ýaly: ulam bir oňa, kiçem bir.
– Şeýledir welin, oglum, onda-da, özüm gaty ýadaw-da. Agtyklammyň arasynda bolaýyn bu gün, ertirjik gidäýeris.
Enesini gören agtyklarynyň welin, geçisi daga ýaýrady. Guduz açdylar. «Enem geldi-de, enem geldi!» goňşy-golama çenli buşlap çykdylar. Enelerini paýlaşyp bilmänem, tüpgen turuzdylar. Ýyrş-ýyrş edip, Saparyňam erni bir ýere gelenok, olam begenýär.
– Kim diýýäler diýdiň, oglum, o dogtoryň adyna?
Gelniniň demläp getiren gök çaýyndan käsäni dolduryp ejesine uzadan Sapar:
– Artyk dogtor diýýäler, eje. – diýip, oňa has golaý süýşdi. – Il-gün-ä şondan haýyr tapýa. Käbiri ýaly däl, sypatyny göreniňde, pisindiň oturýar. Eli ýeňil diýip, uly il şonuň ýanyna gatnaýar, goňşy oabalardanam gelşip durlar. Adamyňkam näme, ynam bilen-dä. Görersiň, ynha, barsaň, göwnüň suw içer. Baý, yhlaslydyr-a!
Täçjemal ejäniň ýene Tokganyň burunlak ogly Kakamyrat ýadyna düşdi. «Häý, ýer çekmiş, burnuň gursun, haram guşuň çokjasy ýaly edip! Ejeň gursun, diýmäýin diýsem! Ýeri, aýdyp ädimi ýakmadyk bolsaň-a, ynha, allanäme gowy dogtoram duşjak eken. Ynanardym, belki-de, edeni em bordy. Dogry aýdýa Sapar jan, eliniň haýryna ynansaň, galnyp gidibermegiňem ahmal. Aýdylypdyr-a: «bendäm bendäme – sebäp» diýlip. Ýetmese, öläýesim ýokdy-la her neneň erbet keselem bolsa. Sen meni öldüren, ganyma galan, ýer ýuwutmyş!»
Gije ýatdylar, ertir turdular. Guşluklar eneli-ogul tirkeşip, oba dogtorhanasynyň gapysyndan geldi. Sapar düýduryp goýupdyr. Artyk dogtor habarly ekeni, ýitirip-tapan ýaly garşylady. Bir göräýmäge, ine, gaşlary bürjeşik, hüžžük saçly bir ýigit, emma durşy bilen gara gadyr, sypaýyçylykly. Özem gürrüňçi, ala-ýaz, Täçjemal eje: «Erbet kesel bolmasam, bu meni hökmän bejererdi – diydi. – Arman... arman, men eýýäm o dünýäň adamsy, göwnüm bölek, gidermen. «Agyma-da sargajagymy aýlap-dolap, sargap gaýtdym, kim bilýär, kysmatda görüşmek ýok bolsa… Ol meniň sözlerime, ölemsoň, düşüner… Ah-heý, düşünermikä beri? Häli görseň, «ölüpdir» diýseler, gaýta: «nämüçin ölüpdir?» diýäýmese. Etjegidir onuň. ”Atanazar” diý-de goýaý ýöne, yzyny aýtma-da. Tanaýan adam: «He-ee, boldy-boldy. O bolsa, bolýa...» diýäýer. Il beletdir-le. Men ony daşyny ýuwup-ýylmap, är edinip gezen. – Soň Täçjemal eje rentgeniň suratyny çyra tutup, geňirgenip, içginden içgin synlap oturan Artyk dogtora garady, uludan demini aldy. Içini gepledip oturşyna, öz gepini özi ýuwmarlady: – Ýeri, kimiňki seňkiden artyk diýsene? Näme, iliňkiden gazanjy ýa abraýy pesmi, ýok. Özi dogabitdi pespäl, kiçigöwünli bolsa-da, nadyl eden ýeri ýok, obada-da sarpaly. Maňa-da ömür: «Atanazaryňky» diýdiler, öz adymy tutýandan ”Atanazaryň äýaly” diýýän kän. Şodur-da aýal adamyňky nä... Küpür gepletmesin ýöne, Allajanym... Indiden eýläk düşegim gara ýer bolar, ýorganym gara gum...»
Täçjemal ejäniň ýüzi görnetiň garaldy, burny çüreldi. Gözleri köreçel ýyldyrady. Maňlaýyndaky gasynlar üstünden aýasyny ýöretdigiçe gaýta çuňaldy. Suw akan ýerde galan gyrmança ýaly, olar çylgym-çylgymdy. Onuň ünsi ýene-de irgınsiz dümtünip oturan lukmanda eglendi: «Her kimiň işi-dä, nämäň-nämedigin-ä bilendirem-le eýýam welin... – diýip, içini gepletdi. – Bir döwüm çöregi şondan iýeňsoň, yhlasyňy bermeli-dä her zeýilli. Taňrym, şulaň bir başyny dik et, galyň bendäň başy agyryp, baldyry syzlan güni göwnüne teselli hem bir ýetmedige sebäp».
Onýança Artyk dogtor, aňyrsy görnüp duran gara suraty elinde terslin-oňlyn aýlap, geňirgenip sorady:
– Garry, aý, garry! Bu suraty size kim berdi? Kim size şu surat siziňki diýdi?
Onuň şadyýana ýakyn äheňini o diýen oňlamaýandygyny bildirip, kempir agras jogap gaýtardy:
– Kim berer, hanym, Täçjemal eneň ýaşynyň soňunda surathana gatnamajagy-ha çyn. Raýon merkeziniň syrkawhanasynda düşürdiler ol artyby. Soňam şony görüp, özleri oda düşdüler, näbileýin...
Artyk dogtor, hamala, öňünde ölümlik hassa däl-de, eýse şatlygyna şärik biri oturan ýaly, ellerini hereketlendirip, janykdy:
– Aý, garry, şuny görüp oda düşýän bolsalar, onda siziň bagtyňyz getiripdir! Bu siziň suratyňyz däl ahyry!
Lukmanyň diýýän gepiniň manysy ugrybir akylyna ýeterden garrynyň göwni häzir has çökgündi. Şonuň üçinem bu habary eşidende, kemteresinden onuň ýüzüniň bir damarjygam tirsildemedi, oturşy-oturşydy. Sesi hatda nägile-de çykdy:
– O nähili? O nähili meňki bolmaly dälmiş? Beý diýme, hanym, men oglan-oglanjyk däl-ä, keselhanadan kesekiň suaratyny göterip alyp gaýdar ýaly. Özümjik baryp düşdüm.
Artyk dogtor hahahaýlap güldı.
– Bolsa-da, bulaşdyryb-a bilipdirler-ow, gara zaluwatlar! Suratyň etegindäki at, familiýa siziňki, ýöne suratyň özi welin, garry, siziňki däl...
Täçjemal eje jyňkyny çykarman, dogtoryň ýüzüne tiňkesini dikdi. Lukman gara plastinkany alyp, aýnaň öňüne bardy-da, ony gündiziň ýagtysyna tutup, ýene bir gezek synlady. Soňam onuň hereketleri gaýtadan gülkä ýazdy.
– Bu erkek adamyň döşi, garry!
Kempir bu gepe aňk-taňk bolup, aljyraňňy seslendi:
– Näbileli, hanym, seňki diýdiler, keseliň gowy däl diýdiler. – Ol, hamala, özi nämedir bir zatlary bulaşdyryp, ogluna hem lukmana dert bolan görnüşde olaryň ýüzüne garap, ýazykly ýaly dymdy.
Artyk dogtor suratyň bir ýerine barmagyny dürtdi.
– Öýkende gara ýeri bar. Ol dogry. Ýöne bu aýal adamynyň gursagy däl däl. Özem, kimem bolsa, çilimi zor çekýän eken. Keseliniň ugruna çykmasa, ýagdaýy gowy däl, gijä galmasa ýagşy.
Lukman ýaý ýaly egrelişip duran çylgym-çylgym gapyrgalara soňky gezek göz aýlady-da, ony bukja salyp, Saparyň eline tutdurdy. Şondan soň ol Täçjemal ejäniň öýkenini diňläp, oňa içer ýaly birki sany derman ýazyp berdi.
– Şulary içseňiz, 10-12 günden işdäňizem açylar, ysgynyňyza-da gelersiňiz. Siz agyr dümewi aýak üstünden geçiripsizňiz öýdýän, şeýlemi?
Garry hüňürdäbräk jogap gaýtardy:
– Hawa-da, gyşyň soňragynda dümewläp, hepdeläp üsgürip gezdim.
– Ana, şonda öýkeniňizde azajyk heser galypdyr, onsoň olam umumy ysgynsyzlyga getiripdir. Ýöne hiç hili gorkuly zat ýok.
Täçjemal eje oba dogtorynyň ýanyndan öňküdenem beter ysgyndan gaçyp çykdy. Soňky birki aýda asyl ölümini höwür tutunaýan bolsa nätjek?! Indem, ynha, ölüm penjesini ýazdyryp, ony erkinlige goýberdi welin, ýoluny ýitirip, aljyrap dur, gaýta haly öňküdenem teň, haýsy tarapa ädim urjagynam bilenok, iki jahan owarrasy boldy galyberdi.
“Garry gaty biynjalyk” diýlensoň, Saparyň yzyna düşüp gelip, hoşgylaw oba doktory garryny agşamlyk öýde-de barlap gitdi: öýkenini, ýüregini diňledi, gan basyşyny ölçedi. Bolan işi syrkawyň özüne ýene bir gezek düşündirdi: «Bar edeniňiz, öýkene sowuk degrip, onam ötüşdiripsiňiz. Işdäňiz kesilendir, ony bilýän, umumy ysgynsyzlyk aralaşypdyr. Siz garrylaň öz-özüňizi bejermäňiz bar, ana, şol bizi heläk edýär, köplenç keseliňizi ötüşdirip gelýäňiz. Gorksaňyz, ana, şondan gorkmaly. Başga, gorkuly zat ýok, dermanlary wagtly-wagtynda içseňiz, bir hepdeden tut ýaly bolar gidersiňiz!»
Bu gijäni oglunyňkyda geçiren Täçjemal eje daň bilen ýola şaýlanyp, ogluna, agtyklaryna, gelni Sonagüle gözüniň owasyny ýaşdan gyrmalap seretdi.
– Meni öýe äkidip gel, oglum, işe gitmänkäň. Gideýin, kakaň garaşýandyr. Maňlaýymyzdakyny göreris-dä.
Sapar güljek boldy. Soňam ejesiniň perişan halyny görüp, gözüni tegeledi. Täçjemal ejäniň gelnem, agtyklaram gözlerini tegelediler.
– Eje, maňlaýyňdakyny görüp-görmän, sag adamyň maňlaýydyr-da, ýaşabermelidir-dä! Seniň bolşuň nätüýsli?
– Ýok, oglum, hiç tüýslem däl. Ýöne öýe aşasym gelýär, kakaň ýekedir.
Sapar işdan öň ejesini öýe eltip gaýtdy. Gyssanmaç gelen ogullaryny ugradyp, är-aýal biraz soňrak bir çäýnäk gök çaýy ara aldylar. Atanazar aga aýalyndan içginräk sorady:
– Dogtora göründim diýsene?
– Hawa.
– Näme üýtgeşik diýen zady bar?
– Ýalan aýdypdyrlar diýdi! – Soňra ol adamsynyň hiç zada düşünmän, gözlerini tehgeleýändigini görüp, özüne geldi, gepini düzetdi: – Gutularsyň diýdi, derman ýazyp berdi...
Atanazarmy şondan soň oňa artykmaç sorag berjek? Ol, hemişekisi ýaly, çaýyň soňuny – iň ajy ýerini käsesine sarkyryp, lezzet bilen owurtlady-da, mellege ýöneldi. Onuň öňki bolşy: kemteresinden aýalynyň ýanynda birsalym oturaýyn, ümmüldeşeýinem diýmedi.
Adamsy mellege gidensoň, daň howasyna serginledilip, garaňkyradyp goýlan otaga girip, Täçjemal eje hünübirýan aglady. Aglap-aglap, içini gowzatdy. Soňra gaýdyp ulanmaryn öýdüp, daşyny mäkäm saraşdyryp sandyga salan gap-gaçlaryny çykaryşdyryp ýörkä-de, onuň bäri-bärde gözýaşy kepemedi.
Emma eýýäm mellegiň aňry başyndan towuklaryň käkäläp turuzýan galmagallary gelýärdi. Jaýyň arkasynda eşek aňňyrdy. Agyldan goýunlaryň ot-suw sorap, hokranýan sesleri eşidilýär. «Hä» diýmän, Atanazar aga-da, ertir guşluga çykyp, gojaman erigiň kölegesine atylan, gülleri ygyldaşyp duran köneje keçäniň üstünde aýbogdaşyny gurup, guşluk çaýyna garaşar. Çaýyr köwläp, çaýsyramasa ýa-da mazalyja içi gorulmasa, ol nä atyzdan çykjakmy? Erigiň kölegesinde ornaşdymy – damagyň ugruna çykybermelisiň. Bu ownuk aladalara hiç tükenme ýok, olaryň hemmesi-de – dirileriň gündelik aladalary. Eýse nä, dirä diriniň aladalaryndan gutulma barmy: «Döwege giren ýaly, aýlanyber onsoň ýene, Täçjemal!»

”Edebiýat we sungat” gazeti, 1987-nji ýyl, 20-nji noýabr.
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 44 | Добавил: Taryhçy | Теги: Akmuhammet Welsapar | Рейтинг: 4.0/1
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: