12:31
Yşk -6/ romanyñ dowamy
Ikinji bölüm

SUW
Ýaşaýyşdaky suwuk, typançak we durnuksyz zatlar


Rumy Konýa, 1244-nji ýylyň 15-nji oktýabry

Bu gije asmandaky Aý diýseň ajaýyp. Ol şeýle parlak, şeýle bir owadan welin, äpet hünji dänesi ýaly bolup, depämizden asylyp dur. Düşegimden turdum. Penjireden daşaryk, aý aýdyňlyga çümen howla seretdim. Şeýle gözellik datly hörek ýaly, gözüňem, göwnüňem dokundyrýar. Ýöne Aý her näçe ajaýyp bolsa-da, ýüregimiňem, ellerimiň-de titremegine kär edip bilenok. Bu gije-de ukymdan tisginip oýanypdyryn.
− Tagsyr, ýüzüňde gan-pet ýok welin, ýene şol düýşi gördüňmi? – diýip, Kerra pyşyrdady. – Bir käse suw getirip beräýeýin?
− Alada etme, sen ýatyber – diýdim.
Onuň elinden näme gelsin? Ikimiziňem elimizden geljek zat ýok. Düýşlerimizem takdyrymyzyň bir bölegi dälmidir? Takdyrymyz bolsa, onsuzam, biziň elimizde däl. Has beterem, yzly-yzyna şobir düýşi görmegimiň hökman bir sebäbi bardyr diýip pikir edýärin. Kyrk gije bäri şol bir düýşi görüp gelýänim üçin, elbetde, äşgär boljak hikmeti, gören zatlarymyň nämäniň alamatydygyny bilerin. Ýa-ha häzir, häzir bolmasa-da bahym. Düýşümiň başy her gijeüýtgeýän hem bolsa, soňy hemişe şonlugyna galýar. Göýä düýş ullakan bina bolup, men oňa her gije bir gapydan girýän ýalydym.
Bu gezekki düýşümde teýine ajam halylary düşelen, juda tanyş bir otagda, haçjanyň başynda kitap okap otyryn. Göni garşymda bolsa, bir derwüş otyrdy. Ol uzyndan inçemik syratlydy, ýüzi galyň nikap bilen örtülgidi. Elinde-de bäş şemli bir şemdan bardy. Ol kitaby arkaýyn okarym ýaly, şem tutup durdy.
Biraz soňra başymy galdyryp, derwüşe seretdim. Okap oturan sahypamdan Hazine-i Gaýba düşünjek bolup dümtünip otyrdym. Şu sözden özümçe many almaga çalyşýardym, şonda haýran galmak hem gorky bilen bir zady bilip galdym: meniň şemdan diýýänim derwüşiň sag eli bolsa nätjek?! Bäş şemiň deregine bolsa, bäş barmagy ýylp-ýylp edip ýanyp dur. Derwüş öz bedenini ýakyp, maňa yşyk tutýar. Howsala düşüp, suw tapjak boldum, ýöne golaý-goltumda ýeke owurdam suw ýokdy. Ne küýze bar, ne-de golça. Hyrkamy çykaryp, oduň üstüne okladym. Ýöne ony gaýtadan galdyryp görsem, aşagynda tüssesi burugsap duran şemdandan başga zat ýok. Derwüş ýitirim bolupdyr.
Düýşüň mundan soňraky böleginde bolsa, her gije şobir zatlar, gaýtalanyp dur. Öýümde. Otaglara ýekän-ýekän aýlanyp, şol derwüşi gözleýärin. Barlamadyk ýerim galmady. Soňra howla çykýaryn. Daşary durşuna kümüşsöw sary gülleriň deňzi ýalydy. Saga seslenýärin, sola gygyrýan, ýöne gözleýän adamym sumat bolupdyr.
− Gitme, ýalbarýan, gadyrdanym, sen nirede? – diýip özelenýärin.
Ýakymsyz bir ses eşidip, howpurgap guýa ýakyn barýan, onuň düýbündäki tolkun atýan gara suwa tiňkämi dikýän. Birbada hiç zat görmesem-de, Aýyň şuglasy ýalpýalp edip, çabga ýaly bolup, üstüme dökülensoň, howly birden nura döndi. Ynha, şol pursat bir zady saýgardym. Guýynyň düýbünde bir jübüt gara göz bar. Şol jansyz gözler göni gözüme garap, bu älem bilen hoşlaşýar.
− Ýetişiň! Kömek ediň! Janyna kast edipdirler! – diýip, biri gygyrýar. Kim bilýär, belki, ol ses meniň öz sesimdir? Hasratdan ýaňa şeýle bir üýtgäpdir welin, öz sesimi özümem tanamaýardym.
Onsoň şol wagt gygyrýan. Yzly-yzyna, özümem der basyp, gaýta-gaýta gygyrýaryn. Bu ýagdaý tä aýalym ukudan oýanyp, başymy döşüne goýan mahalym, meni berk gujaklap:
− Tagsyr, näme bolýar? Ýene şol düýşi gördüňizmi? – diýip, mähir bilen pyşyrdaýança dowam edýär.

***

Gijäniň bir wagty Kerra gaýtadan uka gidensoň, howla çykdym. Gije ümüş-tamyşdy. Guýyny görüp tisginip gitdim, ýöne şonda-da onuň ýanyna bardym-da, golaýjagynda oturdym. Agaçlaryň arasyndan öwüsýän şemala ýapraklar çalaja şygyrdaşýardylar.
Şeýle pursatlarda içimiň gysyşy diýip-aýdar ýaly däldi, sebäbini bilemokdym. Ýöne meniň durmuşym gülala-güllükdi, işim şowuna, dokuzym düzüwdi. Rebbim maňa ýokary baha kesýän üç zadymy bagyşlady: ylym, yrfan hem adamlara dogry ýoly görkezmäge ygtyýar.
Otuz ýedi ýaşaýançam, Allah dilänimdenem köp berdi. Pygamberlerden, welilerden, alymlardan gözbaş alyp gaýdýan Ylahy açmak ylmyndan – Ylm-y Keşf-i Ylahydan nesibäme ýetdiginden paý aldym. Ýatan ýeri ýagty bolsun, kakam golumdan tutdy, döwrüň iň gowy halypalarynyň elinde sapak alyp, basgançak-basgançak beýgeldim. «Okamak, işlemek we beýlekilere nur çaýmak bendäniň Allaha bolan borjudyr» diýip, düşünjämi çuňlaşdyrmak üçin, köp okadym, köp yhlas etdim.
Halypam Seýýit Burhanetdin maňa elmydama bir zady aýdardy, Haky halka wagyz etmek we adamlaryň haky nähakdan tapawutlandyryp bilmeklerine goldaw bermek ýaly hormatly wezipäni boýnuma alýandygym üçin, men Allanyň söýgüli bendesimişim.
− Şükür etgin, Jelaletdin, bu öňýetene nesip edýän däldir – diýerdi.
Ençeme ýyllap medresede müderrislik etdim, onlarça şerigat alymy bilen ylahyýet barada çekişmä girdim, fykyh hem hadys babatda esli ýol geçdim. Her hepde şäheriň iň uly metjidinde wagyz edýärin. Sapak berip ýetişdiren talyplarym şeýle bir köp welin, sanyny-da, atlaryny-da ýadymda saklap bilemok. Adamlaryň gelip, sözlerimiň ýüreklerine giňlik berip, özlerine ýol görkezýändigini aýdanlarynda, bilimimi we başarnygymy öwenlerinde özümi guwançly duýýardym. Allaha köp şükür, rahat maşgalam, tegmil düşmedik abraýym, köne dostlarym, sadyk müritlerim hem-de menden hümmet alýan talyplarym bar. Ömrüm boýy garyplyk diýen zady görmedim.
Dogry, basdaş aýalym aradan çykanda dünýä başyma ýumrulypdy. Ýöne Alla Kerradan razy bolsun, şonuň kömegi bilen ýene-de mähire hem hoşwagtlyga gowuşdym. Ogullarymyň ikisi-de päk ojakda ýetişdi. Şonda-da biriniň beýlekisinden büs-bütin üýtgeşikligine häli-häzirem haýran galman durup bilemok. Hamala, iki däne tohum şol bir topraga ýanaşyk ekilip, olara birmeňzeş ýagtylyk düşüp, şol bir suwdan berlenem bolsa, bütinleý başga-başga ösümlikler boý beren ýaly. Edil öweý gyzyma guwanyşymça, ikisine-de guwanýan. Mähirlije Kimýajyk diýseň täsin, akyllyja, rehimdar hem göwnaçyk. Il içinde bir aýry bagtym bar, öýde, çagalaryň arasynda başga bir hili. Şeýle welin, şonda-da näme üçindir, içimde nämedigine düşünmeýän, aýdyňlaşdyrybam bilmeýän bir boşlugym bar. Ol boşluk gün-günden ulalyp barýar.
Özem ol syçan ýaly assyrynlyk bilen hereket edýär, ümsüm, açgöz hem doýmazdolmaz; şeýdip, bir zatlaryň ýetmezçilik edýändigini duýmagym hem meniň ruhumy gemirýär. Nirä gitsemem, şol boşluk ýanymdan galanok.
Adam dokuzy düzüw mahaly-da, özünde gowuzlyk duýup bilýärmikä? Ýa-da bagtyýarka-da, gaýgy-gussa çekip bilermikä? Gündizlerim şeýle ýagty, kanagatlandyryjy hem kem-kössüz mahaly, üstünlikden-üstünlige, mertebedenmertebä beýgelýärkäm, her gije düýşümde gözýaş döküp, birini gözlemäm näme üçinkä?
Göýä içimde başgalardan däl-de, esasan, özümden gizlenen bir syr göterýän ýalydym. Birden bir gün düýşümde şol derwüşe duşsam, ol syryň sebäbini ondan hökman soraryn.
Eýse, şol hakykaty göterip bilmesem näme? Ýa-da gerdenime götererden çökder geläýse?
Haýran galaýmaly, men özümi gorky ýa-da waswasy diýlen zady bilemok hasap edip ýördüm.

Şems Konýa, 1244-nji ýylyň 16-njy oktýabry

Bir şähere barmazdan ozal, hiç haçan bozman gelýän, öňden dowam etdirip ýören bir endigime eýerýärin. Şäheriň derwezelerinden girmänkäm, biraz durup, şol ýerdäki welileriň ählisine salam berýän. Ozaly bilen, hala merhum bolsun, hala diri, isle belli bolsun, isle näbelli, şol şäherde ýaşap geçen ýa-da ýaşap ýören ähli welilere salam ýollaýaryn. Olardan ejaza dileýärin. Şunça ýyldyr, welilerinden rugsat alman, aýak basan ýekeje-de şäherim, şäherçäm ýa-da obam ýokdur. Baran ýerimde ilatyň agramly bölegi musulmanlar, hristianlar, jöhitler ýa-da mejusi-otparazlar bolsun, tapawudy ýok. Her ýerde hökman bir weli bardyr we olar dini, dünýewi hem-de jismany-bedeni tapawutlylyklardan aňryk geçendirler. Weli diýilýän bütin adamzadyň ýolbeledi, öňbaşçysydyr.
Şunlukda, uzakdan Konýany görüp, hemişeki endigime eýerdim. Ýöne soňra haýran galaýmaly bir zat boldy. Şäheriň welileri adat bolşy ýaly, salamyma jogap bermäge derek, ýykyk-ýumruk mazar daşlary ýaly, lal-jimdiler. Eşitmedik bolaýmasynlar diýip, gaýtadan has belent sesde salam berdim. Konýa welileri meniň sesimi eşitmesine eşidipdiler, ýöne bilmeýän bir sebäbim zerarly, şähere girmäge rugsat etmeýärdiler.
Sözlerimi äkidip çar tarapa sepelesin diýip, olary şemala tabşyrdym:
− Eý, Konýanyň welileri, näme üçin bu ýolagça rugsat bermeýärsiňiz?
Esli wagtdan soňra, şemal şeýle jogap bilen gaýdyp geldi:
− Eý, derwüş, rugsat bereris welin, bilip goý, şäherde seniň üçin biri-birine bütinleý gapma-garşy iki zat garaşýar. Aralyk ýol ýok. Ýa-ha sap yşk bilen, ýa-da bütinleý ýigrenç bilen garşylanarsyň. Isleseň, şu barada-da oýlanyp gör.
− Ýagdaý şeýle bolsa, kelläni agyrdyp oturasy iş ýok – diýdim. − Arasynda sap yşk bar dälmi, şol ýeterlik.
Muny eşiden badyna, Konýanyň welileriniň ählisi biragyzdan rugsat berip, haýyr dogasyny okady. Ýöne göni şähere girmek islemeýärdim. Bir depäniň üstünde gojaman meşe – dub agajynyň aşagynda oturdym. Atym töwerekdäki selçeň otlukda otlap ýörkä, men öňümde ör galan şäheri synladym. Konýanyň minaralary döwük aýnanyň bölekleri ýaly bolup, Güne ýalpyldaşýardy. Käte bir itiň wowfuldysyny, eşek aňňyrmasyny, çagalaryň gülki sesini, bokurdagyna sygdygyndan gygyrýan söwdagärleriň gohuny eşidýärdim – bu gaýnap-joşýan şäheriň adaty sesleridi. Eýse, ýapyk gapylaryň, örtülen penjireleriň aňyrsynda nämeler bolup geçýärkä, nähili wakalar gopýarka? Asla tanamaýan bu ýerime aýak basmagyň öňüsyrasyndadym. Sähel biynjalyk bolsam-da, şol pursat kyrk kadadan birini ýatladym:

On dördünji kada: Hakyň öz ýoluňda goýan özgerişliklerine garşy çykmaga derek, olara boýun bol. Goý, ýaşaýyş garşyňa däl-de, seniň bilen ugurdaş aksyn. «Tertipdüzgünim bozular, durmuşym agdar-düňder bolar» diýip gaýgy etme. Durmuşyň aşagynyň ýokarsyndan has gowy bolmajagyny sen nireden bilýärsiň?

Meni gümra bolup oturan pikirlerimden dostana bir ses sogrup aldy.
− Selamünaleýküm, derwüş!
Öwrülip seredenimde arabanyň üstünde oturan salpy murtly, garaýagyz, irimçik, ýaş obaly ýigide gözüm düşdi. Araba goşulan öküz gaty garrydy hem örän hordy, ömrüniň ahyrky günlerini ýaşaýany görnüp durdy.
− Aleýkümsalam − diýip jogap berdim.
− Näme üçin bärde ýeke otyrsyň? At sürüp ýadan bolsaň, arabama münäý, seni Konýa çenli elteýin.
Ýylgyrdym.
− Teklibiňe sag bol, ýöne pyýada gitsem hem seniň şu öküziňden-ä tiz bararyn.
− Öküzime göwniýetmezçilik etme. – Obaly ýigidiň gahary geleni görnüp durdy. – Garrydyr, hordur welin, ol meniň iň wepaly dostumdyr.
Muny eşidip, özümiň öte geçenimi duýdum. Derrew ýerimden turup, obalynyň öňünde baş egdim. Allanyň uç-gyraksyz barlyk äleminde kiçijik dänejik halyma, meniň oýun edibem, adam bolsun, hahaýwan bolsun parhy ýok, başga bir jany kiçeldip, kemsitmäge nä hakym barmyş? Hata iş edip, göwün ýykanym üçin ötünç soramalydym.
− Özüňden hem öküziňden ötünç soraýaryn – diýdim. – Ýalňyşypdyryn, bagyşla!
Obaly ýigit agzyny açyp aňalyp galdy. Bolşundan aljyrandygy bildirýärdi. Esli wagtlap ýöne seretdi durdy. Oýun edip-etmeýänimi biljek bolup:
− Öň hiç kim beýle etmändi − diýip pyşyrdap, çekinjeňlik bilen çala ýylgyrdy.
− Diýmek, hiç kim öküziňden ötünç soramandyr-da, şeýlemi?
− Eh, o diýýäniňem üstesine. Ýöne diýjek bolýanym başga zat. Aslynda hiç kim menden ötünç soramandy. Umuman alanyňda, tersine. Hemişe ötünji özüm soramaly bolýardym. Başgalar bolmaz iş etse-de, hemişe bagyşla diýýän özüm.
Muny eşidip gynandym.
− Ýagşy ýigit, Gurhan-y Kerim: Biz ynsany iň gözel görnüşde ýaratdyk diýýär. Ynsan uludyr, gymmatlydyr, biçäre-de däldir, ejizem. Onsoňam Allanyň togsan dokuz adynyň arasynda ejizi ýokdur. Üstesine, bu kadalaryň biridir − diýdim.
−Nämäniň kadasy? − diýip, kellesini gaşady.
− On bäşinji kada: Alla hemmämiziň içimizi hem daşymyzy her pursatda kämilleşdirmek bilen meşguldyr. Biziň herimiz bir tamamlanmadyk sungat eseridiris.
Başymyzdan geçen her waka, ýeňip geçen her bir kynçylygymyz ýetmezçiligimizi aradan aýyrmak üçin taslanandyr. Haktagala biziň kemçiliklerimiziň hersini aýratynlykda iş edinýär, çünki adamzat diýen eser çirksizligi maksat edinýändir. Obaly ýigit gözlerini gyrp-gyrp etdi.
− Ýa, senem wagyz diňlemäge geldiňmi? – diýip sorady. – Şeýle bolsa, ýola düşseň gowy bolar. Bu gün adam öňkülerdenem köp boljakmyş. Ýöne ol nähili ajaýyp hatyp, şeýlemi?
Kim barada gürrüň edýänini bilenimde ýüregim tasdanam durupdy.
−Aýtsana, Rumynyň wagyzlary seni näme üçin beýle özüne çekýär?
Obaly ýigit esli wagtlap dymdy. Nazary gözýetime dikildi. Onuň seri hem hemme ýerde, hemem hiç bir ýerde däl ýalydy. Soňra şeýle diýdi:
− Biziň obamyz dürli apatlary başdan geçirdi. Başda gytçylyk geldi, soňra mongollar. Ýakdylar, ýykdylar, taladylar. Şäherleri hasam berbat etdiler. Arzyrumy, Siwasy, Kaýserini basyp aldylar, erkek göbeklini gylyçdan geçirip, aýallary äkitdiler. Men bolsam gowy görýän hossarymam ýitirmedim, öý-ojagymy hem. Ýöne şonda-da, göwnüme, bir ýerde möhüm bir zadymy ýitiren ýaly. Içim hemişe hasratdan doly. Düşündirip biljek däl, ýöne näme üçindir, men elmydama gaýgyly.
− Eýse, munuň Ruma näme dahyly bar? – diýip soradym.
Obaly ýigit alňasaman, oýlanyşykly mydyrdady:
− Hezreti Möwlananyň wagyzlaryny diňleseň, gaýgy-hasratyň dep bolýar diýip hemmeler gürrüň edýär.
Hasrat çekmekde meniň özüm-ä aýyp göremok. Tersine, göz üçin iş etmek – yrýakärlik hem-de oýun-degişme adamlary şadyýan edýär, hakykaty bilmek bolsa, adamy sustlaşdyrýar, hasrat çekdirýär. Bu durmuşda has köp bilýän adamlar birneme sust, hereketsiz bolýar. Ýöne bu zatlary obaly ýigide düşündirmegi zerurlyk görmedim:
− Gel, Konýa çenli bile gideli − diýdim. – Senem maňa ýolda Rumy barada gürrüň berersiň, bolýarmy?
Atymyň uýanyny araba daňyp, obaly ýigidiň ýanynda oturdym. Görsem, garry öküz ýüküniň agralanyny bilenogam. Şol bir bolşuna, äwmän basyp, öňki bezginligi bilen mytdyldap barýar; obaly ýigit maňa çörek bilen geçi süýdünden edilen peýnir hödür etdi. Ony gürleşip barýarkak iýdik. Ynha, şeýle ýagdaýda nilreň asman depämizde mejime ýaly parlap durka, welileriň howandarlygynda Konýa gadam basdym.
Arabadan düşen mahalym:
− Özüňe esewan et, dost – diýdim.
− Wagza hökman gelgin – diýip, obaly ýigit höwes bilen dillendi. El buladym.
− Häzir bolmaz, soň bir gün...
Hutbasyny diňläsim gelip, ölüp-öçüp barsam-da, Möwlanany görmegi ýürekden küýsesem-de, ozaly bilen berjaý edesim gelýän başga bir zat bardy: şähere belet bolmalydym, bu uly wagyzçy barada şäher halkynyň pikirini öwrenmelidim. Ruhdaşymy öz gözlerim bilen görmezden ozal, Rumyny görmedik ynsanlaryň oňa neneňsi baha berýändigine göz ýetirmelidim.
Bu zatlar maňa ýagdaýlara doly göz ýetirmegim üçin zerurdy.

Hasan gedaý
Konýa, 1244-nji ýylyň 18-nji oktýabry

Görmedigim görde galandyr. Haçan görseň dirilik bilen ölümiň arasynda elewräp ýörün, men hemişe jennet bilen jähennemiň arasynda rafda. Heýwere keseli adamy şeýle bir derejä ýetirýär welin, ölmänkä öldürip, adamyny diriligine mazara dykýar. Köçelerde ejeleri çagalaryny gorkuzmak üçin barmagyny çommaldyp, meni görkezýär; çaga garagol bolsa, kesekläp, üstümden gülýär, masgara edýär. Senetkärleriň, satyjylaryň dükanyna ýakynlaşdygym, «Küş-küş, gideweri, şumluk getiräýme» diýip, kowýarlar, kowalaýarlar. Hamyla aýallar ýüzüni sowýar, hamala gözleri maňa düşäýse, göwresindäki çaga şikesli dogaýjak ýaly. Ýöne bu adamlaryň hiç biriniň düşünmeýän bir zady bar: olar biz heýwere kesellileri görmejek bolup, ellerinden geleni edäýsinler, esasy zat biziň özümiz − heýwere keselliler olaryň özlerinden hem, olaryň nebsagyryjylykly, dözmezek nazaryndan hem uzagrak duranymyzy kem göremzok!
Heýwere − barypýatan azap. Ol her gün bedeniň, ruhuň bir bölejigini gemirýär. Başda teniň üýtgeýär, deriň reňki garalyp goňraslaşýar, eýlenen deri ýaly galňaýar. Eginlerde, dyzlarda, gollarda, ýüzde julk ýumurtganyň reňki ýaly reňk besse-besse bolýar durýar. Keseliň şu tapgyryndakaň, zol-zol gyzyp duran endamyňda, garynja ýöreýän ýaly alamatlary duýarsyň. Soňra nämedendigi bildirmez, ezýeti gowşap, agyrylar azalar, öwrenişip ugrarsyň. Birden mäzler ulalyp çişer, ullakan çykuwa öwrüler. Eller penjeleşip, ýüz-göz şeýle bir bozulýar welin, tanar ýaly bolanok.
Men häzir keseliň soňky tapgyrynda, gözümiň gabaklaryny ýumup bilmejek derejä bardym. Gözüm özümden bidin aglaýar, agzymdan elmydama sülekeý akyp dur. Saklap bilemok. Ellerimden alty dyrnagym düşdi, ýedinjisem şoňa golaý. Ýöne geň galaýmaly, saçym entegem öz ýerinde. Her hal, özümi bagtyçüwen saýmaly.
Eşidişime görä, pereňliler heýwere kesellileri gala diwarlarynyň daşyna kowýarmyşlar. Şäheriň derwezelerini bolsa, ýene giräýmesinler diýip, sürgüsini sürüp baglaýarmyşlar. Ýöne Konýada welin, beýle däl. Bu ýerde boýnumyzdan jaň asyp gezýäris. Şeýdip, adamlara duýduryp gezenimizden soň, şäherde aýlanmaga rugsat edýärler. Gedaýçylyk etmäge-de hernä ygtyýarymyz bar. Bolmasa, açlykdan ölerdik. Heýwere keselli bolsaň, diri galmagyň iki ýoly bar: birinjisi, dilegçilik edip gezmek, ikinjisi başgalara doga-dileg etmek. Ikisi-de garnyňy aç edenok.
Hernä, ilat biz heýwere kesellileriň dogasynyň kabul bolýandygyna, Allanyň bize aýratyn göz bilen bakýandygyna ynanýardy. Nähili bidereklik! Şeýledigi çyn bolsa, biz şu ýagdaýa düşjekmi? Ýöne şoňa ynanýarlar. Bizi ýigrenseler hem, özleri üçin doga etmegimizi isleýärler. Näsaglaryna, ysmazlaryna, garrylaryna, her jüre derde ýoluganlaryna ýagşy dileg-doga edip ber diýip, biz heýwere kesellileri çagyrýarlar. Aklyk deregine pul berip, garnymyzy doýurýarlar, hoşamaýsyraýarlar. Şu adamlara düşünip bolsady! Köçelerde heýwere kesellileri itçe görmedik adamlar agyr kesele duçar bolaýsalar ýa-da ölüm howpy abandygy, biziň ýagşy dogamyzdan medet hantama. Jemgyýetde ýeke dirhemlik gymmatymyz bolmasa-da, ajalyň elini gezdirýän öýlerinde hanam özümiz, soltanam!
Heran-haçan doga-dileg edip ber diýseler, başymy egip, arapça manysyz sözler aýdyp, hüşýärlik bilen dileg edýänden bolýan. Başga näme edeýin? Şeýtmekden gaýry çäräm ýok, sebäbi Allanyň biz heýwere kesellileri eşidýändigine ynanamok. Maňa munuň beýle däldigi hakynda oýlandyryp biljek wakany hem heniz başymdan geçirip göremok.
Girdejisi gaty ujypsyzja bolsa-da, pul üçin doga-dileg edenimden, el serip, dilegçilik edenim gowy görýän. Bolmanda, gedaýçylyk edýärkäň, hiç kimi aldaňok. Juma günleri hepdäniň iň girdejili günüdir. Elbetde, aýlardan Oraza aýy bolmasa. Mübärek Oraza aýy geldimi, gedaýlaryň güni gelýär, gazanjy goşalanýar. Ylaýta-da, Orazanyň ahyrky güni, şäherdäki gedaýlaryň bary jübüsini doldurýar. Şol gün iň ýeksurun syrnyhlar hem, jübüsinde içýan saklaýan kişilerem, sadaka bermek üçin ýaryşa goýberilen ýaly bolýarlar. Her näçe günä iş eden hem bolsalar, bagyşlanar umydy bilen, Oraza tamamlanmanka, hökman haýyr iş etmek üçin alňasap, elimize ýa-ha iýer ýaly bir zat, ýa-da sähelçe-de bolsa pul tutdurýarlar. Şol gün ýylda bir gezegem bolsa, adamlar gedaýlardan gaçanoklar. Tersine, köçä çykyp, ondan-mundan gedaý-dilegçi gözleýärler. Olar tapan gedaýlary näçe eleşan, näçe ülhit bolsa, şonça-da begenýärler. Wyždanlary şonça-da rahatlyk tapýar. Näderejede eli açyk, haýyrsöýer adamdyklaryny subut etmek höwesi bilen, bir günlügem bolsa, olar bizi ýigrenmegi goýbolsun edýärler.
Dogrusy, bu günem örän düşewüntli gün boljaga meňzeýär. Sebäbi Möwlana Rumy hem wagyz, hem hutba üçin münbere çykýar. Metjit bireýýäm doldy, adamlar gysylyşyp durlar. Içerde ýer tapmadyklar hatar-hatar bolup howluda düzüldiler. Möwlana Rumy nirede wagyz etse, şäheriň gedaýlarydyr jübükeserleri bala üýşen siňekler ýaly bolup, şol ýere ýygnanýarlar. Hakykatdanam, bary bärde. Men ýaly, olaram desbi-dähil taýýar.
Arkamy kerkaw agajyna berip, metjidiň girelgesiniň göni garşysynda oturdym. Ýagşyň ter hem tämiz ysy uzakdaky baglardan gelýän hoşboý ysa garyşyp gidýärdi. Ýaglygymy öňüme ýazdym. Men beýleki gedaýlar ýaly, gygyryp-çagyryp, ýalbarypýakaryp dilegçilik edemok. Gürlemäge-de zerurlyk duýamok. Öňümde gedaý okaramy goýýan-da, sabyr edip garaşyp başlaýan. Heýwere keselli bolmagyň gowy tarapy bar bolsa, meger, şu bolsa gerek. Iňläp, ýalbaryp-ýakarmagyň, gözýaş dökmegiň, nähili betbagtdygyňy ýa-da halyň harapdygyny düşündirmegiň geregi ýok.
Ýüzümi açyp, birje gezek görkezsem, onlarça sözüň ýerini tutýar.
Şu günem şeýtdim. Köp wagt geçmänkä, okarama birnäçe şaýylyk düşdi. Ählisi-de gädik misden. Käşgä, arasynda birje altyn teňňe bolaýsady. Ýüzündäki tugrasynda Günüň, ýolbarsyň ýa-da täze dogan Aýyň şekili bolan nyşanlaryň haýsy biri bolsa-da tapawudy ýok. Alaetdin Keýkubat kanunlaryny ýumşadaly bäri, Halap begleriniň zikgeleri, Fatymy dinarlary, Bagdat halyfynyň şaýylyklary, hatda italýan ory hem ulanylýan puluň hasabyna goşuldy. Olary Konýa häkimiýeti ykrar edýärkä, heý-de, gedaýlar kabul etmezmi? Pullar bilen birlikde gujagyma birnäçe gury ýaprak gaçdy. Aşagynda oturan kerkaw agajym gyzyl-sary ýapraklaryny dökýärdi. Şemal her gezek öwsende olar okarama düşüp duransoň, bu agaç bilen umumy taraplarymyzyň köpdügi barada oýlandym. Güýzde ýapraklaryny dökýän agaç her gün bedeninden bir zatlar kemelýän heýwere keselli näsaga meňzemeýärmi, eýse?
Menem çyp ýalaňaç agaç. Derim, beden agzalarym, ýüzüm dargap dökülýär. Bedenimiň her gün bir parçasy meni terk edýär. Ýöne agajyň tersine, men ýitiren zadymy yzyna alyp bilemok. Meniň üçin şine atara bahar möwsümi ýok. Şu gün elden gideren islendik zadymy müdimilik ýitirýärin.
Kimdir biri okarama pul oklaýsa-da, ony howul-hara, howsalaly, çekeräk durup, özide nazaryny nazaryma düşürmejek bolup taşlaýar. Adamlar pul beren mahaly, gedaýlaryň ýüzüne näme üçin seretmeýändir öýdýäň? Gözlerimize seredäýseler, nazarymyz arkaly özlerine kesel ýa-da bişowluk ýokuşar öýdüp gorkýarlar.
Jemagatyň gözüne biz ogrulardan, jenaýatkärlerden, hatda ganhorlardan hem beter. Şeýle gorkuly etmişli adamlary oňlamasalar-da, bolmanda, olara görünmeýän adama çemeleşilişi ýaly garamaýarlar. Ýöne nobat biz ýaly adamlara geläýse, biz olaryň gözlerine-de ilemzok. Bize bakanlarynda olar diňe ölümi görýärler. Onsoňam ölümiň şeýle ýakyn hem betnyşan bolup biljekdigine ynanaslary gelmeýär. Şonuň üçinem gözlerini nazarymyzdan bukýarlar. Şondan ötri-de ýanymyza gelip, pul oklajak mahallary, hamala, biz ýok ýaly hereket eden bolýarlar.
Men şular ýaly pikirlere çümüp otyrkam, ýeňsede bir ýerde uly galmagal gopdy. Biriniň: «Gelýär! Gelýär!» diýip, gygyrýan sesini eşitdim.
Elbetde, Rumy gelipdi. Onda-da nähili geliş! Aýagynyň aşagynda süýt ýaly ap-ak at bar. Dury sary reňkden tikilen donuna zer nagyşlar salnyp, hünjüdir merjenler tutulypdyr. Yzynda mürşitleri, muşdaklary, bilesigelijiler basgy, özi bolsa öňden buýsanç, paýhas hem asyllylyk ýaýyp gelýärdi. Töweregine mähir-mylakat, ynam hem-de paýhas saçyp gelşine gowuja syn etseň, ol alyma garanyňda hökümdara has köp çalym edýärdi. Ol − şemalyň, oduň, suwuň hem topragyň soltany! Aty hem dimdikdi, oňa tüýs mynasyp atdy, üstündäki adamyň hormatlanýan adamdygyny bilýän ýalydy. Okaramdaky zikgeleri dessine jübüme atdym. Ýüzümiň ýary açyk durar ýaly, bürenjegimi berk daňdym-da, köpçülige goşuldym. Metjidiň içi adamdan ýaňa hyň berýärdi welin, hatarlar juda gysbydy. Ýer tapmag-a beýlede dursun, dem almak hem mümkin däldi. Ýöne, heýwere keselli bolmagyň artykmaç taraplarynyň biri, o-da iň mähelleli ýerlerde-de orun tapmagyň aňsatlygydy! Sebäbi hiç kim golaýyňda oturmak islänok, meni görenler dessine yza çekilip, uzaklaşma bilen bolýardylar. Şeýle bolany üçin, özüme bir ýerjagaz tapyndym-da, çöke düşüp oturdym.
Az salymdan wagyz başlandy.
− Eziz jemagat – diýip, söze başlan Rumynyň sesi kä belent, kä haýaltaň çykýardy. – Mahal-mahal hemmämizem şübhä düşüp, özümizi agyr derdiň aşagynda galan ýaly duýýarys. Biz uç-gyraksyz älem bilen deňeşdireniňde kindiwanja nokatjykdyrys. Bedenimiziň mümkinçilikleri çäkli, aň-düşünjämiziň, isleg-arzuwlarymyzyň, akylymyzyň serhetleri äşgär. Ynha, diňe şu zatlara garap, käbirleriňiz: «Amanat janymyň Alla üçin näme manysy bolsun? Aýbygadym dünýäde meniň näme ähmiýetim, agramym bolup biler?» diýip sowal berýär. Şu günki hutbamyzda, ine, şeýle sowallara jogap bermäge synanyşarys.
Iň öňdäki hatarda Rumynyň iki ogly otyrdy. Agyn merhum ejesine meňzäp dur diýilýän uly ogly Sultan Welet bilen dury ýüz-keşpli, kirpikmen, badam gözli, giň maňlaýly, ýöne töweregindäkileri gaharly nazaryndan geçirip oturan inisi Alaatdin. Olaryň ikisiniňem kakalaryna guwanýandygy görnüp durdy.
Möwlana Rumy sähel säginenden soň dowam etdi:
− Adam atanyň ogullary, How enäniň gyzlary şeýle bir ylym bilen mertebelendirilendir, ýagny ony daglar hem, gökler hem göterip bilmez. Şonuň üçinem Gurhanda şeýle diýilýär: «Biz şol amanady göklere, ýere we daglara teklip etdik, olar ony götermäge het edip bilmediler, ondan gorkdular, ony ynsan boýnuna aldy». Ynha, şeýle gymmatly bir dereje – makam hem wezipe berlip, şeýle möhüm gadyr goýlan ynsan ne sebäpden Allahyň özi üçin isleýäninden has pes zady maksat edinsin? Näme üçin özüni aşak çeksin? Näme sebäpden şa halyny geda etsin? Rumy däne-däne seçelendirip gürleýärdi. Sözleri birneme kitap agtaran adamlara mahsus ynamlylyk bilen saýlap-seçip aýdýardy. Säginmän, sakawlaman gepleýärdi, bir gezek ulanan meňzetmesini ikinji gezek aňsat-aňsat gaýtalanokdy.
Ol şeýle diýdi:
− Alla ýedi gat asmanyň çürbaşynda, tagtyň üstünde oturanok. Ol biziň her birimize birin-birin ýakyndyr hem dostdur.
Soňra ýene:
− Şu çekýän hasratlarymyz, ýüzbe-ýüz bolýan şunça ejir-azaplarymyzdyr hupbatlarymyz, aslynda bilseňiz, bizi Ýaradana has ýakyn edýändir.
Ellerimize üns beriň, barmaklarymyz hemişe açylyp-ýumlup durandyr. Tutupgoýberip, goýberip-tutup durýandyrys. Biri iç tarapa, biri daş tarapa. Ýumrugymyzy düwdükmi, hökman yzyna-da açylýandyr. Şeýle bolmadyk bolsa, ysmaz ýaly bolardyk. Biziň barlygymyz hem şeýledir. Şeýle bir pursat bolýar − ýumrugymyz açylýar, ýene bir pursat bolýar − ýumulýar. Ýüregimiz kä gysar, kä rahatlanar. Bu gapma-garşylyk ýaly görünýän ýagdaýlar barlygyň özenidir. Ganat kakýan guşlary synlaň. Ganatlarynyň hereketine üns beriň. Bir aşak, birem ýokarykdyr. Bir hasrat, birem bagtyýarlyk. Durmuşam şeýledir. Iňňän jaýba-jaý, sazlaşykly hem deňagram ýagdaýdadyr.
Başda eşiden zatlarym gulagyma ýarady. Şatlyk bilen hasrat bir guşuň goşa ganaty ýaly, biri-birine bagly hem garaşly zatlar. Bu barada oýlananymda ýüregim ýylap gitdi. Ýöne şol bada başga bir sorag beýnimi dyrmalady. Möwlana Rumy mahrumyýetiň, gaýgy-gamyň, hasratyň hem şübhäniň nämedigini bilýändir öýdýäňmi? Ol täsirli adamyň ogly bolup dünýä indi. Arkasynda hemişe kakasy, ýedi arkasy, abraýly nesilleri durdy. Kynçylygyň nämedigini bilmän, bolelin hem gurply durmuşda ýaşady. Dogry, başdaş aýalynyň aradan çykmagy ony hasrata bogandyr. Ýöne, meniň pikirimçe, şondan başga hiç hili kynçylyk gören däldir. Gözüni açyp göreni bol-telki durmuş; abraýly jemgyýetde ösüp-ulaldy, iň gowy alymlar tarapyndan bilim berlipdir. Hemişe halanyp-söýlüp gelipdir, elmydama läliksiredilipdir, hemişe hormat görüpdir. Gel-gel, indi men ýaly heýwere keselliniň öňüne geçip, hasrat çekmegiň nämedigi hakda takal okamaga nä gaýraty çatýarka?! Ýüregimde ýigrenç ody alawlady, agzymda ajy tagam peýda boldy, ýuwdup bilmedim.
Ýüregim mynçgalanyp, Rumy bilen aramyzdaky tapawudyň nähili gorkulydygyna düşündim. Dogrusy, Alla näme üçin gapma-garşylygy ugurdaşlykdan, näsazlygy sazlaşyklylykdan, adalatsyzlygy adalatdan has gowy görýärkä? Ýa aşa köp, ýa-da çenden kem. Ýa çürbaşy, ýa-da düýp teýkary. Ynha, meniň paýyma pakyrpukaralygy, açlyk-horlugy, güzaby beripdir. Möwlana Ruma gezek gelende abadançylyk, yrfan, bagtyýarlyk-sagadat, jany sagatlyk hem üstünlik. Men adamlaryň ýüregini bulamazlyk üçin ýüzümi gizleýän, ol ortarada durup, bahasyz jöwher ýaly, ýalkym saçyp dur.
Bir zady bilesim gelýär, Möwlana Rumy meniň ýerimde bolanda, näme gaýryp, nähili ýaşardyka, kim bilýär? Eýse, özi ýaly aýratyn abraýdan peýdalanýan biriniň − ynanç öňbaşçysynyň hem günleriň birinde ýalňyşyp, büdräp ýykylmagynyň ahmaldygy, heý, kellesine geldimikä? Çetleşdirilmegiň, hor-zar düşürilmegiň, ýanalmagyň, döşüňden itilmegiň, ýersiz-ýere äsgermezlik edilip, biderek gepleri eşitmegiň nämedigini bilýärmikä? Birje günem bolsa, kesekileriň zäherli diliniň awusyny dadyp gördümikä? Maňa berlen şu durmuş oňa berlen bolsa, şonda-da ol tagsyr Möwlana bolup bilermidikä?
Aňyma gelýän her sorag bilen birlikde oňa bolan görübilmezçiligim hem artdy. Ahyrynda Möwlana Ruma bolan ýigrenjim oňa muşdaklygymdan üstün çykdy.
Ornumda oturyp bilmedim, aýak üstüne galdym. Jemagaty iteleşdirip-basalaşdyryp daşaryk çykdym. Maňa töwerekdäkileriň kimisi igenç bilen, kimisi-de düşünmän seredişdiler. Şunça adam wagyz diňlemek üçin metjide girjek bolup çyr-çytyrka, diňleýjileriň arasyndan biriniň näme üçin daşaryk çykyp gidenine hiç kim düşünip bilmedi.

Şems Konýa, 1244-nji ýylyň 18-nji oktýabry

Bu şäherden özüme bolar ýaly ýer tapmalydym.
Obaly ýigit meni şäher merkezine düşürip gidensoň, ilkinji işim ýaşara ýer gözlemek boldy. Aýlanyp gören düşelgelerimiň arasyndan Şekerçiniň myhmansaraýyny tüýs özüme laýyk ýer hasap etdim. Saraýman dört otag görkezdi. Goş-golamy iň azyny saýlap aldym. Onda bir boýra düşek, zeňläp ugran ýorgan, peltesi ýanyp gutaran çyra, ýassyk deregine güne guradylan kerpiç bardy, onsoňam onuň manzary ajaýypdy. Balahanadan sereden mahalyň onuň tutuş şäheri töweregindäki depeleriň eteklerine barýança uzap gidýän düzlük bilen birlikde synlap bolýardy.
Şeýdip, bir günde ýyllar boýy ýaşap gelen sergezdançylykly durmuşymy taşlap, oturymly ýaşaýşa geçdim. Saraýa ýerleşenimden soň, ilkinji işim Konýanyň köçelerine aýlanmaga çykmak boldy. Her ädimde üýtgeşik bir dil, başga din, her dürli adat bilen ýüzbe-ýüz boldum. Sigan sazandalaryna, arap syýahatçylaryna, hristian zyýaratçylara, jöhit söwdagärlere, buddaçy monahlara, pereň ozanlaryna, çynmaçynly hokgabazlara, ýylan oýnadýan hindi fakirlere, efsunparaz mejusilereotparazlara we rum pelsepeçilerine gabat geldim. Gul bazarynda teni süýt ýaly ap-ak gyrnaklary hem-de başyndan geçiren zulumdan ýaňa dilden galan, daýaw-daýaw, gap-gara harem agalaryny gördüm. Elleri gan alýan neşterli irikgä bolup duran gezende sertaraşlara, billur şarly gözbagçylara we ot ýuwudýan jadygöýlere duşdum. Ýolda Kudüse (Ierusalim) barýan hristian zyýaratçylar, soňky Haçly ýörişlerden galan gaçgak esgerler gabat gelýärdi. Ilat wenesiýança, pereňçe, grekçe, parsyça, türki dilde, kürt, arap, ermeni, sürýany, ybrany we haýsy dile degişlidigi bildirmeýän her dürli şiwelerde gürleşýärdi. Tükeniksiz tapawutlaryň bardygyna garamazdan, bu adamlaryň ählisine umumy bir zat − kämil dällik mahsusdy. Olaryň her biri kämilleşdirilmegi dowam edýän eser ýalydy. Konýa şäheri Babyl diňini ýadyňa salýardy. Munda ähli zat her pursatda aýagaldygyna özgerýär, bölünýär, dargaýar, bozulýar, täzelenýär, gaýtalanýar, aýdyňlaşýar, üstün çykýar, jan alyp, jan berýärdi. Durşuna ber-başagaýlykdy. Gaýgygam, kim öň barmaşak... Her kimiň bir derdi bar. Hiç kim hiç kime derman-dowa uzadanok! Adamy adamdan aýra tutman, hemmeleri we hemme ýeri synladym. Dertlerinden uzak, ýöne ýüreklerine ýakyn durdum.

On altynjy kada: Allah kemçiliksizdir, ony söýmek aňsatdyr. Iň kyny günäsi, sogaby bilen birlikde ötegçi ynsany söýmekdir. Ýatdan çykarma, adam islendik bir zady näderejede söýýän bolsa, ony diňe şo derejede tanap biler. Diýmek, özgeleri ýürekden gurşap almazdan, Ýaradan üçin ýara dylany söýmezden, ony mynasyp derejede tanap hem bolmaz, bolmalysy ýaly söýüp hem.

Her dürli ýaşdaky, dürli ugurlardan günuzyn zähmet çekýän senetkärleriň ownuklyirili horaşaja dükanlarynyň ýerleşýän darajyk köçelerine aýlandym. Her künjekde kimdir biri hökman Möwlana barada gürrüň edip durdy. Eýse, beýle halanmak, söýülmek nähili zatka? Şeýle meşhur bolmak, elmydama adamlaryň aýasynda saklanmak adamyň nebsine nähili täsir edýärkä? Şu sowallar aňymdan geçýärkä, Rumynyň wagyz edip duran metjidine tarap däl-de, bütinleý ters ugra barýandygymy bilip galdym. Töweregimdäki manzar üýtgäp başlady. Şäheriň gaýra çetine tarap gitdigiňçe, öýler haraba, bag-bakjalar weýrana öwrüldi. Köçelerde goh-galmagalyň, takyr-tukuryň içinde oýnap ýören garyp, garawsyz çagalara gabat geldim. Diňe bir öýlerdir adamlar däl, yslaram üýtgedi, barha ýitileşdi, her dürli işdäaçarlaryň, ýagyň, sarymsagyň ysy köpeldi. Ahyrynda bolsa, darajyk köçä düşdüm. Bu ýerde üç ys –– müşküň, deriň hem şöhwetiň ysy agdyklyk edýärdi. Diýmek, Konýanyň ady erbetlikde tanalýan mähellesine gelen bolmalydym.
Daş düşelen ýanýodaly, dik ýapyly köçäniň başynda emelsiz salnandygy bildirip duran bir jaý bardy. Çökgün üçegi gamyş bilen berkidilipdir. Öýüň öňünde dört-bäş sany aýal gürleşip durdy. Golaýlaryna baranymy görüp, gürrüňlerini bes edip, üşerilişip seredişdiler. Olaryň ýüzünde ýarym howsala, ýarym ýigrenç alamaty peýda boldy. Aýallaryň golaýynda bir howly bardy. Onuň içi akylyňy haýran edýän owadanlykda gat-gat açylan güllerden doludy. Bagyň bagbanynyň kimdigini bilesim geldi.
Howla ýakynlaşanymda onuň gapysy gürpüldäp açyldy-da, ondan syryk ýaly uzyn boýly, irimçik, ýüzi salyk aýal daşaryk atylyp çykdy. Onuň alkymynyň aşagy gasyngasyn bolup sallanyp durdy, garny ýap-ýasydy. Gözlerini ýumanda onuň ala gözleri et gatlaklarynyň arasynda ýitip gidýärdi-de, yzynda iki sany inçejik çyzyk emele gelýärdi. Galyň dodaklary salparyp durdy, tegelek ýüzi dolmuşdy, duluklary halpykdy.
Ýokarky dodagynyň üstünde tüýjerip duran gara murty bardy. Aňlaýşymça, garşymda duran ynsan bu dünýä hem erkek, hem aýal bolup gelen bolmalydy − hünsady.
− Sen kim borsuň? Näme gerek? – diýip, hünsa şübhe bilen sorady. Onuň ýüzi üýtgäp durdy, kä joşup, kä çekilip duran deňiz ýaly, bir görseň erkege, bir görseň hem aýala öwrülýärdi.
Özümi tanatdym. Hiç zat diýmedi. Adyny soradym welin, eşitmedik boldy.
Bir eli bilen siňek kowan ýaly, küş-küş eden hünsa:
− Bu ýerler seniň geljek ýeriň däldir – diýdi.
− O näme üçin? – diýip soradym.
− Heý, bärisiniň bozukhanadygyny göreňokmy? Siz derwüşler hemişe «Huw-Hak» diýip zikir çekip, aýal-gyz görseňiz, jyn gören ýaly gaçýaňyz ahyry. Bärde näme işiň bar? Bilip goý, duýdurdygym bolsun. Ýene-de maňa bozukhananyň hojaýyny bolanym üçin zowky-sapadan başga zady bilmeýän ahlaksyzdyr öýdýärler. Ýöne menem her ýyl hökman zekatymy berýän, Oraza aýynda gapymy bent edýärin. Häzirem seni günäden halas etmegiň aladasynda. Bizden daşrak dur. Bu ýer şäheriň iň erbet, iň pis ýeri. Bu ýere golaýlaşma!
− Ýöne, meniň pikirimçe, erbetlik, pislik adamyň daşynda däl, içinde bolýandyr – diýip, garşylyk görkezdim. – Bu-da kadalaryň biridir.
− Sen haýsy kadanyň gürrüňini edýäň, hä? –– diýip teýeneli dillendi.

On ýedinji kada: Esasy hapalyk daşyňda däl-de, içiňde, köýnegiňde däl, kalbyňda bolýandyr. Şulardan başga islendik tegmil näçe erbet görünse-de, ýuwlan badyna arassalanar, suw bilen päklener. Ýuwanyň bilen aýrylmaýan ýeke-täk hapa ýürekde gert baglan görübilmezçilik hem betpällikdir.

Ýöne hünsa aýdanlarymy eşitmedik boldy.
− Siz derwüşleriň aňy üýtgäpdir. Bize her jüre müşderi gelýär. Ýöne derwüş kysmy hiç haçan aýagyny sekenok! Bärde entäp ýörseň, Alla bu ýeri weýranhana dönderer. Dinli-imanly adamy ýoldan çykardylar diýip, bize lagnat eder. Ojagymyzy başymyza ýumrar. Şonuň üçinem tizräk garaňy saýla!
Güldüm.
− Bu bolgusyz pikirleri nireden tapýaň? Sen Allagökden seredip duran gaharly, birehim atadyr öýdýäňmi? Her gezek etmiş edenimizde başymyzdan daşdyr gurbaga indirer öýdýäňmi? Beýle-de bir Haktagala ýalňyş düşünmek bolarmy? Bozukhananyň eýesi hünsa ýüp ýaly murtunyň ujuny burdy. Hamala, ýenjäýjek ýaly bolup, gaharly seretdi.
− Alada galma, bärik bozukhanaňy görmäge gelemok. – diýdim. – Men şu gül bagyny sulhum aldy. Şony synlaýyn diýip golaýlaşdym. − Hä, omy? – diýip, hünsa biperwaý gürledi. – Gyzlaryň biriniň işidir, gül ekeliň diýip günüme goýmady. Sesimi çykarmadym. Bu güller Çöl Gülüniň eliniň hünäri.
Ol beýleräkde aýallaryň arasyndan duran bir ýaş zenana yşarat etdi. Ol inçemik duran ýüzli, sadap ýaly düz bedenli, gussaly garaýan gözleri mähirden doly zenandy. Göreniň akylyny-huşuny alar derejede owadandy. Sereden mahalym ol zenanyň uly öwrülişigi başdan geçirýändigini syzdym.
Eglip, diňe hünsa eşider ýaly, onuň gulagyna pyşyrdadym:
− Bu gyz arassa kalply zenana meňzeýär. Bir gün geler, ol ruhana syýahata çykyp, şu batgalygy büs-bütin taşlap gider. Şol diýýän günüm gelende, hergiz oňa päsgel beriji bolaýmagyn.
Hünsa yza çekilip, meni gaharly nazaryndan geçirdi.
−Jähennem bol şu ýerden! Diliňe bismil çyksyn! Sen özüňe kimdirin öýdýäň? Bu gyzlar meniň bar baýlygym. Haýsyny näme etmelidigini özüm gowy bilýän, düşündiňmi? Bu ýeriň hojaýyny – men. Ýeri, owarra bol! Gaýdybam garaňy göräýmäýin! Ýogsa Şagalkelläni çagyrýan, eşitmedim diýme!
− Ol kim bolýar? – diýip soradym.
Hünsa barmagyny bulaýlap:
− Omy? Bela-beter, onda-da hele-müçügem däl! Ynanaý maňa, tananyňa ökünersiň – diýdi.
− Kim bolsa, şo bolsun – diýip, ähmiýet bermedim. – Gidýän, ýöne ýene-de gelmegim ahmaldyr. Şu töwerekde meni ýene göräýseň, geň görüp durmagyn. Men ömrüni namazlygyň üstünde sežde edip geçirýän derwüşlerden däldirin. Şeýle adamlar Gurhany ýüzleý okaýandyr. Men bolsam Gurhany ähli ýerden − her bir sümmülden, garynjadan, bulutdan okaýaryn. Meniň okaýanym janly Gurhandyr.
− O nähili? Adamlary kitap ýaly okap bilýäň-dä, şeýlemi? – diýip, bozukhananyň eýesi haşşyldady-da, hahahaýlap güldi. – Biderek gürrüň edýärsiň!
− Aslynda her bir ynsan açyk duran kitapdyr. Özi-de okalmagyna garaşýandyr. Biziň her birimiz ýöräp ýören, dem alýan kitapdyrys, esasy zat özümiziň kimdigimizi bilsek bolýar. – diýdim. – Hala bozuk aýal bol, hala başyboş, gözden düşen bol ýa atly-abraýly, Allany tapmak islegi ählimiziň ýüregimiziň düýp töründe gizlenip, bukulyp ýatandyr. Dünýä inen pursadymyzdan kalbymyzda yşk jöwheri bardyr. Ol şol ýerde ýatyşyna, äşgär edilmegine, üstünden barylmagyna garaşýandyr. Bu kadalaryň biridir.
Bu gezek haýsy kada barada gürrüň edýändigimi soramady. Menem dowam etdim: − On sekizinji kada: Tutuş älem ähli barlygy, ýagşy-ýamany bilen birlikde ynsanyň içinde gizlenendir. Şeýtan daşymyzda bizi azaşdyrjak bolup ýören eýmenç mahluk bolman, hut içimizde ýerleşýän sesdir. Şonuň üçin şeýtany daşyňdan, başgalardan däl-de, özüňden gözle. Onsoňam bir zady unutma, özüni bilen Rebbini-de biler. Başgalara däl-de, özüne garşy göreşen adam ahyrynda zähmetiniň rehneti hökmünde Ýaradany tanar.
Hünsa bu gezek gollaryny çilşirdi, öňe egildi, gözlerini süzüp, haýbatly görnüşde meni depämden dabanyma çenli synlady.
− Bozuk aýallara akyl öwretjek bolýan akmak derwüş! – diýip, hüňür-hüňür etdi. – Kimdigiňi, nämedigiňi, Konýadan näme agtarýanyňy bilemok, ýöne düzüwlije bol! Şu töwerekde hiç kimiň gözüni-başyny aýlamaga ýol bermen, bilip goý! Bozukhanamyzdan daşrakda şaýra! Şeýtmeseň, söz berýän, Şagalkelle geler-de awuly diliňi kesip taşlar, menem ony duzlap hezil edip iýerin.

Ella
Boston, 2008-nji ýylyň 28-nji maýy

Ella bu gün öňkülerden tukat oýandy. Ýöne bu beýle bir agyr gamgynlyk däldi. Hiç zada höwesi ýokdy, bar zatdan göwnügeçgindi, keýpsizdi. Göýä asla barasy gelmeýän bosagasyna ýakyn baran ýalydy. Durmuşynda bir zatlar özgerýärdi. Muny syzansoň, nämedir bir zatlara garaşýardy. Aşhanada kofe taýýarlaýan mahaly, öňräk oturyp ýazan, soňam bir çekmä taşlan sanawynyň üstünden bardy, onda berjaý etmegi ýüregine düwen zatlary ýazylgydy. Ýazan zatlaryny gyzygyp okady. Berjaý edenleriniň gapdalyna gyzyl galam bilen bellik etdi.

Kyrk ýaşym dolmanka, hökman berjaý edilmeli on zat:

Mundan beýlä has düzgün-tertipli bol, wagtyňy has ýerlikli peýdalan, özüňe täze bir gündelik ýazgy depderini al. (Berjaý edildi!)
Iýip-içgide agzyňy çek, ýagy, şekeri, hamyry, duzy kes, mineral goldawy we antioksid al. (Berjaý edildi!) Ýüzüňdäki ýygyrtlara garşy uruş yglan et. Alfa gidrooksil önümlerini ulan, «Lorealyň» täze çalgysyny gözden salma. (Berjaý edildi!)
Kürsüleriň örtügini çalşyr, öýe täze ýasama bezeg ösümliklerini al, ýassyklary täzele.
(Berjaý edildi!)
Durmuşyňa ser sal, gözden geçir. (Berjaý edildi diýse boljak!)
Et iýmegi bes et. Her hepdede sagdynlyk menýusyny düz, bedeniňe gerekli idegi ýola goýup başla. (Berjaý edildi diýse boljak!)
Rumynyň kitaplaryny satyn al, her gün azyndan iki şygryny oka. (Berjaý edildi!) Çagalary Brodweý sazyny diňletmäge äkit. (Berjaý edildi!)
Dürli naharlary bişirmegi öwredýän kitap ýazmagyň ugruna çyk. (Berjaý edildi!)
Ýüregiňi yşka aç!!! Ella esli wagtlap gymyldaman durdy, nazary sanawyň ahyrky maddasynda eglenipdi.
Muny ýazan mahaly näme hakda pikir etdikä? Aňyndan nämeler geçdikä? «Yşk şerigatynyň» täsiri bolmaly» diýip, öz ýanyndan pyşyrdady. Aziz Zaharanyň romany sebäpli soňky wagtlarda yşk hakda köp pikir edýärdi.

***
«Gadyrly Aziz, şu gün meniň doglan günüm! Özümi bir öwrülişik nokadyna gelen ýaly duýýaryn. Kyrk ýaşa ýeteniňde doly manysynda ýaşyň bir çene barandygyna düşünýän ekeniň.
Ylaýta-da, biz aýallar üçin bu şeýle. Dogrusy, Amerikadaky aýallar žurnallary zol-zol ynsan ömrüniň esli uzandygyny, ozallar otuz ýaş nähili bolsa, häzir kyrk ýaşyň hem şolar ýalydygyny ýazýarlar (ozallar kyrk ýaş nähili bolsa, häzir altmyş ýaş hem şolar ýalymyş). Ýöne kimi aldaýarys? Kyrk ýaş kyrk ýaş bolar-da. Indi men ähli babatda has köp zada eýe: has tejribeli, has goýalyşan, has sagdyn pikirli. Onsoňam ýüzümdäki ýygyrtlaram, başymda ak sepen saçlaram öňkülerden has köp. Indi men has ynjyk, has argyn...
Doglan günlerimde men elmydama begenerdim, ýöne, näme üçindir, şu gün irden oýananymda özümi agyr duýdum. Ömrümiň hemişe, şeýdip, şular ýaly geçip gitjekdigi barada oýlananymda howpurgadym.
Eýse, men durmuşymyň özgermegini, hakykatdanam, isleýärmikäm? Birden bir zada düşündim, bu sowala «hawa» diýseň bir hili, «ýok» diýseň ýene birhili. Jogaplaryň ikisi-de meni eýmendirýär.
Menden has şähdaçyk bolmagyňy arzuw edýän dostuň Ella.
Hatsoňy: biraz gussalyrak boldy öýdýän, bagyşlaweri. Soňky döwürde özüm bilen gidişýän, seniň romanyň täsiri bolmagam ahmal. Belki, orta ýaşyň ruhy
sarsgynlaryndan başga zat däldir...»

***

«Gadyrly Ella, doglan günüň gutly bolsun! Erkek adam üçinem, zenanlara-da kyrk ýaş iň gowy ýaşdyr. Meniň pikirimçe, kyrk − jadyly san.
Ýöne ýere däl, Nuhuň tupany kyrk güne çekipdir. Ähli ýeri suw basdy, ýöne şol bir wagtda bu ählumumy heläkçilik üýşen hapalaryň baryny süpürip aýryp, ýaşaýşa täzeden başlamaga mümkinçilik berdi. Yslam tasawwufynda kyrk san bir mertebäni geçmek üçin sarp edilen wagty, ruhy taýdan oýanyşy aňladýar. Aň-paýhasyň dört sany esasy basgançagy bolýar. Her birinde-de on dereje bar. Şunlukda, bular jemi kyrk bolýar. Hezreti Isa kyrk gije-gündizläp, çölde ejir çekip gezdi. Hezreti Muhammet kyrk ýaşynda pygamber boldy. Budda yhlamur (lipa) agajynyň aşagynda kyrk günläp pikir derýasyny boýlady. Onsoňam, elbetde, Şemsiň kyrk altyn kadasynyň bardygyny-da ýatdan çykarmaly däl.
Kyrk ýaşynda adam täze bir wezipäni boýnuna alýar. Meniň pikirimçe, sen ajaýyp ýaşa ýetdiň! Garrap barýan diýip gama batma, kyrk şeýle bir gudratly sandyr welin, ýüzüň ýygyrtlary hem, ak saçlaryň-da onuň ýanynda ähmiýetsiz bolup galar.
Özüňe ýagşy esewan bolmagyňy arzuw etmek bilen, Aziz».

Çöl Güli
Konýa, 1244-nji ýylyň 18-nji oktýabry.

Şunça ýyllap şu bozuk ýoluň ýolagçysy, bolsamam, düşünmeýän bir zadym bar. Näme üçin adamlar hemişe zenanlaryň ters ýola düşmegini ýazgarýandygyny, olara nebsi agyrýandygyny aýdýanam bolsa, şeýle ýola düşen zenanyň toba gelip, durmuşa bütinleý başdan başlamagyna mümkinçilik bermeýärkäler? Hamala: «Batga batdyňmy, hemişelik şo ýerde galyber» diýýän ýaly. Näme üçin beýle bolýanyna düşünemok. Bir bilýän zadym: bu dünýäde örän köp adam özgeleriň betbagtlygynyň arkasyndan gün görýär. Ýykylanyň aýak üstüne galyp, özüni tutmagyny islemeýär, ýer ýüzünde bir betbagt kemelse, birahat bolýar. Ýöne kim näme diýse diýibersin, ýüregime berk düwendirin. Bahym şu bozukhanany taşlap giderin. Hökman giderin bu ýerden...
Şu gün irden oýananymda, janyma jaý tapmadym. Möwlananyň wagyzlaryny diňläsim gelip ölüp-öçüp barýardym, gözüme başga hiç zat görnenokdy. Hojaýyna baryp aýtsam, «Ýoldan çykan heleýler haçandan bäri metjide wagyz diňlemäge gidýän bolupdyr?» diýip, üstümden güljegini bilýän. Ol şeýdip, sözüňi ýaňsa alyp gülüp ugradygy mürşeren badamjan ýaly, ýüzüniň reňki üýtgäp gidýär.
Şonuň üçinem ýalan sözlemegi ýüregime düwdüm. Gülli bagyň bagbanynyň kimdigini soran uzyn boýly, saçy syrylan derwüş gideninden soň, bir görsem, hünsamyz oýa batyp oturan eken. Şular ýaly oý-hyýala çümen mahaly, ol pähimlenen ýaly bolýar. Tüýs amatly pursat diýip, ýanyna bardym. «Bazarlyk işim bardy, rugsat berseňiz, baryp gaýdaýyn-la» diýdim.
Sözüme ynandy. Herhal, dokuz ýyl bäri ýanynda it wepasy bilen işläp gelýänim üçin, özümi azda-kände ynam gazanan adam hasaplap biljekdim.
— Ýöne bir şert bilen — diýip, hojaýyn aýtdy. — Susam hem seniň bilen gider.
Onuň işi haýyr-la. Susamy gowy görýärdim. Ol ýüregi arassa, akyly alty ýaşly çaganyňky ýaly hem bolsa, deşli adamdy, haýynlygyň nämedigini bilmeýänligi üçin, örän namysjaň hem ygtybarlydy. Onuň hakyky adynyň nämedigini hiç kim, megerem, özi-de bilmeýärdi. Halwany ölemen gowy görýäni üçin, oňa hemmeler Susam diýýärdiler. Heran-haçan bozukhanadan bir zenan bir ýana gidermen bolsa, Susam hem kölege ýaly bolup, onuň yzyndan galmazdy. Özüň saýla diýlende-de, men özüme şondan laýyk gözegçi tapyp biljek däldim.
Biz ekinçiligiň içinden geçýän tozanly ýoldan gitdik. Birinji çatryga ýetenimizde Susama garaşmagytabşyrdym-da, gyrymsy agajyň ýeňsesine aýlanyp, öňden gizläp goýan, içine erkek lybasy salnan torbamy çykardym. Ýöne erkek kişiniň lybasyna girmek pikir edişimden kyn düşdi. Ilki uzyn ýaglyk bilen göwüslerimi bildirmez ýaly saramaly boldum. Soňra goňur reňkli balak, ýüň keltekçe, kaştan reňkli jüpbe geýdim. Kelläme-de selle oradym. Ahyrynda-da, syýahatçy arap hasap etsinler diýip, çarwa-bedewi araplar ýaly, ýüzümiň ýaryny saradym. Soňra Susamyň ýanyna bardym. Gözlerini pal daşy ýaly tegeläp, ýüzüme çiňerilip bakdy.
— Ýör, hany, gideli — diýip, golundan tutup çekip ugradym welin, gymyldaýyn hem diýenok. Ýüzümden sargyny aýryp:
— Bu men-how, tanamadyň-maý? — diýdim.
Susam bir elini agzyna ýetirip, aňk bolup durşuna:
— Çöl Güli, bu senmi? Näme üçin beýle geýindiň? ― diýdi.
— Çüşş! Saňa bir syr aýtsam, saklap bilermiň?
Susam «elbetde» diýýän manyda baş atdy.
— Gulak as— diýip pyşyrdadym. — Hiç kime aýdaýmagyn, ylaýta-da, hünsa ýeke agyz dil ýaraýmaly däldir! Häzir biz bazara däl-de, metjide gidýäs.
Susamyň aşaky dodagy titredi:
— Ýöne bazara gidýäs diýdiň-ä? — diýip, çaga ýaly mydyrdady.
— Bolýar, o ýere-de gideris, ýöne häzir däl, soň. Ilki Möwlana Rumyny diňlemäge metjide gidýäris.
Susam ýüzüme gorky bilen seretdi.
— Haýyş edýän, bu meniň üçin örän möhüm — diýip ýalbardym. — Eger «bolýa» diýip, hiç kime aýtmasaň, saňa ullakan halwa alyp bereýin.
— Halwa — diýip, Susam gaýtalady-da, agzyna ýakymly tagam gelen ýaly, dilini şapbyldatdy. Ynha, biz şeýdip, şolar ýaly süýji umyt bilen Möwlananyň wagyz edýän metjidine tarap ýola düşdük.

***

Nikeanyň golaýynda kiçijik obada dünýä inipdim. Ejem maňa hemişe: «Dogry ýerde dünýä inenem bolsaň, ýalňyş zamanada doglupsyň» diýerdi.
Döwür erbetdi, ertir näme boljagy belli däldi. Bu ýyldan indiki ýyla çenli ähli zatlar üýtgeýärdi. Ilki Haç göterijileriň yzyna gaýdyp geljekdigi baradaky habarlar dünýämizi daraltdy. Olaryň Konstantinopolda eden zalymlyklary barada eşidipdik. Mülk ýerlerini talap, kiliselerdäki ikonalary uly diýmän, kiçi diýmän, kül-uşak edipdirler. Soňra Seljuklylaryň çozuşlary barada gürrüň edip ugradylar. Heniz Seljukly goşunlarynyň döreden howpy sowlup ýetişmänkä, birehim mongol çozuşlary başlandy. Duşmanyň ismidir jismi yzygider üýtgäp duran-da bolsa, kesekiler tarapyndan ýok edilme gorkymyz Ida dagynyň başyndaky gar üýşmekleri deý üýtgewsizdi.
Ejem bilen kakam çörekhananyň eýesidi. Olar ynançly adamlardy, oňat hristiandy. Çagalygymdan ýadymda galan ilkinji zat, ýaňy tamdyrdan çykan çöregiň ysydy. Biz baý däldik. Muny kiçijikkämem bilýärdim. Ýöne juda garyp däldigimizem bilýärin. Çörekhana dilegçilige gelen pakyr-pukaranyň gözügidijilikden doly bakyşlaryndan ýagdaýymyzyň niçikdigini aňýardym. Her gije ýatmazdan öň, çöküme düşüp doga okap, bizi aç ýatyrmaýany üçin Taňra şükür edýärdim. Onuň bilen dostuma ýüzlenýän ýaly gürleşerdim. Sebäbi şo döwürde Haktagala meniň dostumdy.
Ýedi ýaşymdakam, ejem hamyla boldy. Häzir oýlanyp görýän welin, kim bilýär, öň näçe gezek göwresinden çaga aýrylandyr, ýöne ol döwürler bu zatlara akylym ýetenokdy. Men şeýle bir günäsizjedim, hatda «bäbekler nädip dünýä gelýärler?» diýip sorasalar, Taňrynyň olary ýumşajyk, täzeje palçykdan eýläp ýasaýandygyny gürrüň berýänim çala ýadyma düşýär.
Ýöne ejemiň garnyndaky eýlenen palçyk weli, äpet bir zada meňzeýärdi. Köp wagt geçmänkä, onuň garny burnuna ýetip duran boldy. Şeýle bir ulaldy welin, ýöräp bilmez hala düşdi. Obamyzyň göbegenesi ejemiň bedenini suw alandygyny aýtsa-da, näme diýmekçi bolandygyna düşünmändim, «Suw almagyň nämesi erbetkä?» Emma ejemiň hem, göbegenäniň hem bilýän zady ýokdy: ejemiň göwresinde bir dälde, üç bäbejik bar eken. Üçüsi-de oglan. Doganjyklarym ejemiň garnynda oňuşmandyrlar. Dünýä inmeklerine az galanda üçemleriň biri beýlekisini göbek bagy bilen bogupdyr, boglan bäbegem ar almak üçin çykyş ýoluny baglapdyr. Şeýlelikde, bäbekleriň ählisi çykyp bilmän, gysylyp galypdyr. Ejem dört günläp doganjyklarymy dogurmak üçin kösendi. Tä sesi-demi tükenýänçä, gije diýmän, gündiz diýmän ejemiň ahy-nalasy kesilmedi.
Göbegene ejemi ölümden alyp galyp bilmänsoň, doganjyklarymy halas etmegiň ugruna çykdy. Ol eline gaýçy alyp, ejemiň garnyny ýaranam bolsa, diňe bir bäbejigi halas etmegi başardy. Oglan doganjygym, ynha, şeýle ýagdaýda dünýä geldi. Kakam «belaň körügi şonda» diýip, doganjygymy dünýä inen gününden halamady. Hatda onuň çokundyryş dabarasyna-da gatnaşmady.
Ejem aradan çykandan soň, kakam haçan görseň haly teň, gödeňsi adama öwrüldi. Onsoň durmuşyň hezili gaçdy, çörekhanamyzyň işleri hem gaty bahym ýaramazlaşdy. Günleriň birinde çörekhana gelýän dilegçiler ýaly bolarmykak öýdüp gorkýardym. Düşegimiň aşagynda çörek gizläp başladym; çörekler şol ýerde gurap, gatap galardy. Ýöne esasy kynçylygy menden beter doganjygym çekdi. Men bolmanda, birmahal mähir, hamraklyk görüpdim. Doganym bu zatlaryň tagamyny hem datmandy. Oňa beýle erbet çemeleşilmegi meni gynandyrýardy. Ýöne, dogrusy, kakamyň gazabyna özümiň sezewar bolmanym üçin, özümi bagtly hasap edýärdim. Ýöne şonda doganyma goldaw berip bilen bolsadym, belki, häzir bar zat başgaça bolardy. Menem, belki, bu gün Konýadaky bir bozukhanada bolmazdym. Durmuş nähili geň!
Bir ýyl soňra kakam täzeden öýlendi. Doganymyň durmuşynda üýtgän zat ýeke şu boldy: ol öň diňe kakamdan ejir görýän bolsa, indi onuň üstüne öweý ejemiň hem görkezýän hunabasyny ýuwutmaly bolýardy. Wagt geçdi. Indi jigim mümkinçilik tapsa, öýden gaçýardy. Yzyna gaýdyp gelende öňküdenem erbet ýoldaşlar tapynyp, häsiýeti hasam ýaramazlaşýardy. Bir gezek kakam ony şeýle erbet ýençdi welin, diri galanyna haýran galaýmalydy. Şol günden soň, doganym gaty tiz özgerdi, seredişinde ýowuzlyk peýda boldy. Serinden nähili oý-pikirleri geçirýändigini syzýan hem bolsam, neneňsi erbet işleri ýüregine düwüp ýöreninden habarym ýokdy. Wah, men ony bilen bolsadym. Käşgä, bu pajyganyň öňüni almagy başaran bolsadym.
Köp wagt geçmänkä, kakam bilen öweý ejemiň jansyz jesediniň üstünden bardyk. Biri iýýän çörekleriniň ununa syçan zäherini goşupdyr. Habar ýaýran badyna hemmeler muny doganymdan gördüler. Ýasawullar sorag-idege başlansoň, olam gorkup gaçyp gitdi. Doganymy gaýdyp görmedim. Şeýdip, bu dünýäde birden ýalňyz galdym oturyberdim. Ejemiň ysy siňen öýde durup bilmedim. Çörekhanamyza aýagymy sekesim gelmedi. Ahyry bu dünýädäki ýeke-täk garyndaşym bolan kakamyň aýal doganynyň ýanyna gitmegi ýüregime düwdüm. Ol durmuşa çykman garran gyzdy, Konstantinopolda ýaşaýardy. Öýümizidir dükanymyzy taşladym-da, niredesiň şonuň ýany diýip ýola düşdüm. Şol wagt on üç ýaşymdadym.
Konstantinopola gidýän bir ýolagçynyň arabasyna mündüm. At arabasynda iň ýaş ýolagçy özümdim. Ýola düşenimize birnäçe sagat bolanda, öňümizi galtamanlar kesdi. Ähli zadymyzy aldylar: ýantorbalarymyzam, çuwallarymyzam, başgaplarymyzam, ädikdir aýakgaplarymyzam, jöwherlerimizem, hatda arabakeşiň şöhladyna çenli sypyryp aldylar. Berere zadym bolmansoň, ses-üýnümi çykarman, bir çetde durdum; özüme azar bererler öýtmedim.
Ýöne ugrajak bolup durkalar, garakçylaryň baştutany maňa tarap öwrülip:
— Owadanja gyz, bäriňe gara, heniz boý gyzmyň? — diýdi.
Utanjymdan gyzardym. Beýle gelşiksiz sowala jogap berjegem bolmadym. Meniň ýüzümiň gyzarmagy ol adamyň garaşýan jogaby bolsa nätjek.
Garakçylaryň baştutany:
— Hany, ugralyň — diýdi. — Atlaryň ählisini alyň, şu gyzam alyň! Men dady-perýat edip aglasam-da, ýoldaşlarymyň hiç biri kömek edeýin diýmedi. Garakçylar meni gür tokaýlyga alyp bardylar. Tokaýyň ortarasynda olaryň obasy bar eken. Ol ýerde bir topar aýaldyr çaga bardy. Töwerekde ördekler, gazlar, geçiler, doňuzlar moýmuldaşyp, ýaltalyk bilen iýmit çöpläp, otlap ýördüler. Içinde garakçylar bolmasa, bu ýeri dünýäniň iň gözel künjegi hasaplap boljakdy.
Köp wagt geçmänkä, garakçylaryň baştutanynyň näme üçin boý gyzdygymy soranynyň manysyna düşündim. Olaryň bir serdary bar eken. Ol garahassa keseline uçrap, ýagdaýy agyr eken. Uzak wagtdan bäri düşekde ýatan eken. Her dürli em edip görseler hem peýdasy degmändir. Ýöne biri oňa jadyly bir dermany salgy beripdir: «El degmedik gyz bilen bolsaň, keseliň şoňa geçer, derdiň el bilen aýrylan ýaly, şypa taparsyň».
Ömrümde ýatlasym gelmeýän nijeme zatlar bar. Tokaýda geçiren günlerim hem şolaryň arasynda. Häzir hem haçan tokaýy ýadyma salsam, diňe arça agaçlary barada oýlanýan. Obadaky aýallaryň ýanynda bolman, gidip agaçlaryň arasynda ýeke özüm oturyp aglaýardym. Bu ýerdäki zenanlar garakçylaryň aýallarydyr gyzlarydy. Onsoňam bu ýere öz islegi bilen gelen bozuk aýallar hem bardy. Olaryň bu ýere näme üçin gelendiklerine asla düşünip bilmeýärdim.
Men bir zady ýüregime berk düwüpdim, maýyny tapsam gaçmakçydym.
Mahal-mahal tokaýyň içinden geçip gidýän atarabalaryny görýärdim, köpüsi-de asylzadalara degişlidi. Şol arabalaryň näme üçin talanmaýanyna hiç düşünip bilmeýärdim. Soňra bilip galdym, arabakeşler tokaýa girmänkä, garakçylara parapeşgeş berip, bu ýerden aman-sag geçip gidýän ekenler. Ýagdaýyň nähilidigine göz ýetirip, ähli zady ölçerip-dökdüm. Şeýdibem, uly şähere barýan bir arabakeşi saklap, özi bilen alyp gitmegini ýalbardym. Ol pulumyň ýokdugyny bilse-de, ummasyz köp ýolkireý talap etdi. Men ony başga görnüşde töledim.
Konstantinopola baryp, ol ýerde birnäçe gün bolanymdan soň, tokaýdaky bozuk aýallaryň şol ýere näme üçin meýletin barýandyklaryna düşündim. Şäher tokaýdan hem beterdi. Kakamyň aýal doganyny gözlemäge zerurlyk hem duýmadym. Ol özüm ýaly ters ýola düşüp, entäp ýöreni öýünde göresi gelmez ahyry. Ýalňyz galdym. Şäheriň ruhumy ezmesi uzaga çekmedi. Indi men bütinleý başga dünýäde; ýowuzlygyň, şeriň, zorlugyň, zulmuň, keselçiligiň dünýäsindedim. Yzly-yzyna näçe gezekler hamyla boldum. Çişläp-çişläp, näçe çaga aýyrtdym. Bedenim şeýle bir lagar düşdi, görüm görmeden galdym, ýaş başyma göwreli bolmakdan mahrum düşdüm.
Şol köçelerde şeýle bir zatlara şaýat boldum welin, beýan edere söz tapamok. Şäheri taşlap gaýdanymdan soň, esgerler, hokgabazlar, oýunçylar, gözbagçylar, siganlar bilen gezdim, hemmesiniňem keýpine köle boldum. Soňra Şagalkelle atly bir ämert duşdy-da, meni Konýadaky şu bozukhana getirdi.
Işine ýarap ýörenim üçin, hünsa hojaýyn meniň nireden gelendigime ähmiýet berip durmady. Çaga dogrup bilmeýändigimi eşidip örän begendi, göwrelilik meselesi boljak däldi. Önelgesizligimi aýratyn nygtamak üçinem, ol maňa «Çöl» lakamyny dakdy. Ýöne bu adyň bir özüniň guraksy eşidiljekligi sebäpli, ýanyna owadanlyk üçin «Gül» sözünem tirkedi: şeýdip, Çöl Güli boldum galyberdim. Men muňa üns hem bermedim, gatam görmedim. Gülleri gowy görýärdim. Eýse, ýitirere başga nämäm bar?
Oýlanyp görýän welin, iman hem ýaşyryn gül bakjasy ýaly bir zat eken. Öz döwründe şol bakjanyň içinde gezim edip, beýhuş ediji ysyny içime sorardym. Ýöne, ynha, bir gün özümi jennetden kowlan ýagdaýda ― daşarda gördüm. Taňrynyň maňa ýene gujak açmagyny näler isleýän; käşgä çagalygymdaky ýaly, oňa ýönelsemdim.
Şu arzuw bilen iman bagynyň töwereginde gezip, açyk gapy gözleýärdim.
Ýöne tapdyranokdy.
Категория: Romanlar | Просмотров: 15 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Elif Şafak | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: