07:12
"Adaty halyny saklaýar barlyk..."
"ADATY HALYNY SAKLAÝAR BARLYK..."

Adaty halyny saklaýar barlyk,
Çylşyrymly mesele deý çözülmän.
Adamyň ýerine adam döreýä,
Ýaşaýyşyň berk zynjyry üzülmän.

Deňlik bolsa öz kaddyny goraýar,
Ähli zady  eleginden geçirip.
Nebisden goranan dana sahylyk,
Otyr rysgalynyň ýa:ryn eçilip.

Asman gümmeziniň çyrasyn ýakyp,
Gije myhman bolup gelen wagtynda.
Dertlerini diňläp, teselli berýär,
Ilkinji däl, ýüz müňünji agtygna.

Säher bilen aýdym aýdýan guşlaryň,
Sesi bilen goja tebigat örýär.
Ene mähri kimin yssy kalbyndan,
Ýaşaýyşyň gursagyna dem berýär,

Şonda agras adamlaram ýeňleýär,
Sahawatyň boýy ýetip asmana.
Eýsem sadalyk däl ,çylşyrymlylyk,
Gelişýär barlyga hem-de ynsana

Şonuň üçin adaty haly bilen
Adamlaryň yhlasyndan bu dünýä,
Özüni ýaradan Biribaryndan,
Has-da köp ýaşajak ýaly görünýä.
                         
Isa HOJAMERDANOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 23 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Isa Hojamerdanow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: