06:21
Yşgyñ pasly
Yşgyñ pasly

Gülälek köýnegin geýinen ülkäm,
Dakynypdyr jümjümeden ysyrga.
Bu bagtyñ hakyky keşbidir belkäm
Pähim deý yşk baky,hebesler yrga.

Zemin ýene ýaşlygyna dolandy,
Giñ ýaýlanyñ gyzarypdyr ýañagy.
Joşgun-hujuw büräp pesi-belendi,
Gussalañ aýasy galdy ýalazy.

At çapýar duýgular juwanlyk bilen,
Mähir duýan baglar ýarýar pyntygyn.
Ýeñmesi kyn keçirlik kimin garlar
Dag başynda gomparyp dur entegem.

Çeşme-çaýlar dolup,hetdinden aşar,
Aşyk bolup reýhan ýazyñ keşbine.
Göýä,älemgoşar zemine düşer,
Gül-gülälek biter sährä-deşdiñe.

Şeýle bir owadan daglar-depeler,
Duýarsyñ goluñ guş,aýaklaryñ at.
Guş-gumrulañ jürküldisi köpeler,
Bahar bize gaýyplardan yşarat.

Jümjüme
Категория: Goşgular | Просмотров: 22 | Добавил: Jumjume | Теги: Jümjüme | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: