23:18
Garrylyk hem Berdi aga hakda erteki
GARRYLYK HEM BERDI AGA HAKDA ERTEKI

Hilegär Garrylyk gazaba mündi –
Kä güýje daýandy, käte haşlady.
Üflände, agaçlar ýapragyn dökdi,
Ne gözel şahalar döwlüp başlady.

Çäge dek owrandy polatdyr daşlar,
Demir penjesinde gysan pillesi.
Döz gelmänsoň Garrylygyň zulmuna,
Togalandy gaýalaňam kellesi.

Öz-özünden hoşal boldy Garrylyk,
Hoşal boldy, batly çykdy oň sesi.
Şeýle bir şatlanyp güldi Garrylyk,
Töweregi ýaňlandyrdy gülküsi.

Ýöne welin dykylan dek bogazy,
Sem boldy, Garrylyk, sem boldy birden.
Keýpi ýele gaýdy, gyzardy gözi,
Oňa beýle täsir ýetdikä nirden?

Oňa beýle täsir ýetdikä nirden?
Haýsy jady öň sesini sem etdi?
Gamaşan ýüzüni galdyrman ýerden,
Pikir girdabyna batdy-da gitdi.

Dogry bir hepdäni atansoň arka,
Ol zordan özüni aldy eline,
Diýdi: «Meniň şeýle gudratym barka,
Badak salyp bilmeýän şo-oň diline.

Wah, ýogsam ýaşy-da ýetipdir çene,
Ýüzüne-de gasyn düşüpdir biraz.
Arman, ýaşlyk guýupdyr oň göwnüne
Ömürbaky diňmejek bir şat owaz.

Ýaşlyk bolsa meniň ganym duşmanym,
Eýsem, ol ýaşlyga bolarmy hemdem...»
Garrylyk pikirin jemledi ahyr –
«Synanyp görmeli... Wagt bar şindem»

* * *

...Ýyldyzlaň öňüni duman tutupdy,
Gije garaňkydy, gije ümürdi.
Aşgabat bireýyäm uka batypdy,
Ýokdy ýolda yns-jyns, hümürdi.

Diňe bir zat töweregne ýaltaklap,
Öz-özünden ejap edip barýardy.
Ullakan daňyny ykjam goltuklap,
Şol gidip barýardy, gidip barýardy.

Hawa, bu ýolagçy şo Garrylykdy,
Berdi agalara haýdap barýardy.
Goltugynda bolsa «täsin» sowgady –
Hyk-çoky, hasasy, äýnegi bardy.

Diňe şolar bardy, ýokdy başga zat,
Şoň üçinem garaňkyda gaýdypdy.
Görünäýse birden örüp Aşgabat,
Ýolun beklär, öňün saklar öýdüpdi.

* * *
...Bu jaýyň yşygnyň nury bar, nury,
Bu jaýyň yşygy sönmeýär gije.
Göribiň oň bilen bolmasa ugry,
Puşman eder, alabilmez netije.

Bu jaýyň yşygny gabanyp gyşdan,
Ülkäme howlugyp gelýärmiş bahar.
Bu jaýyň yşygna guwanyp daşdan,
Baş egip salamyn berýärmiş säher.

Bu jaýyň yşygny görýärmiş dünýä,
Gör, häzirem seçelenýär yşygy.
Şol yşykdan heder eden Garrylyk
Ýaýdanyp dur, açabilmän işigi.

Ýaýdanyp dur, açabilmän işigi,
Ýaýdanyp dur, gaýdaýasam gelenok.
Bu ne waka? Ýa-da arwah işimi,
Gagşaýar... Göwresin saklap bilenok.

Gagşaýar... Ahyram dürsäp özüni,
Bat bilen gapyny çekdi Garrylyk.
Gaşyn çytyp, alarydyp gözüni,
Berdi aga syrly bakdy Garrylyk.

Berdi aga bolsa bihabar ondan.
Kagyzdan, galamdan dolduryp daşyn,
Bir zat ýazyp otyr... Ýylgyrýar çendan,
Käte-de gamlanýar sypalap başyn.

Beýle arkaýynlyk, beýle äwmezlik
Ýaryp barýar Garrylygyň ödüni.
Özüniň güýjüni görkezmek üçin
Öňe garap, ätmekçidi ädimi...

Hernä şkaplardan kagyzlar çykdy,
Çykdy, böwet çekdi onuň öňüne,
Aljyran Garrylyk bir nagra çekdi,
Çekdi, kän zatlary şordy demine.
Bu gözel jaýdaky zatlara welin,
Ýetirip bilmedi birje zeperi.
Ejizläp, maňlaýna urdy-da eli,
Oýlandy: «Öljekmi, ýitjekmi, ýeri...»

Berdi aga bolsa bihabar ondan,
Pikirlere gümra edip serini,
Ýazyp otyr, ýazyp otyr henizem,
Kä daýanyp, syrýar maňlaý derini...

Kä daýanyp, syrýar maňlaý derini,
Ýene-de galamyn alýar dessine.
Bu görnüşi synlap duran Garrylyk
Bir zat alyp zyňdy onuň üstüne.

Zyňylan zat gaýyp düşdi başyna,
Zyňylan zat gara saçyn darady.
Şonda dyngy bermese-de işine,
Berdi aga töweregne garady.

Görse Garrylyk dur gapyny saklap,
Onuň betniýetin şobada duýdy.
Ýöne nämüçindir synlanda ony,
Berdi aga ýylgyraýdy, güläýdi.

Soňra bolsa galamyna ýapyşdy,
Gaýdyp bilmedi ol ylham kejine.
Ýazdygyça, hälki gaýyp düşen zat
Bir enaýy reňk çaýdy saçyna.

Kagyzyň ýüzünde hiňleňdi galam,
Ýene ýaşlyk hakda aýdym döredi.
Ony diňläp, saňňyldady Garrylyk,
Şaňňyldady, gazap bilen garady.

«Gazaba tut, gazaba tut, eý melgun,
Gurbatyny gaçyr onuň dyzyndan»
Şeýdip «hyk-çokuny» zyňdy haýbatly,
Hasasynam iberdi oň yzyndan.

Bu nä gudrat! Zyňlan zatlaň barysy:
Gaýdyp, öz maňlaýna ýelmeşdi birden.
Aljyran Garrylyk, lagşan Garrylyk,
Gaçyp bilse, kaýyl boldy bu ýerden.
Hernä, onuň bu hyýalam paşmady...
«Päheý, indi görersiňiz oýny siz»
Diýip, Garrylygyň ýolyn bekledi
Annatuwak, Artyk, Begenç, Gaýgysyz.

Heniz eşdilmedik söweş başlandy,
Batyrlyk görkezdi ençeme gyzam.
Berdi aga bolsa bihabar ondan,
Ýazyp otyr, ýazyp otyr, henizem.

* * *

Aşyklar şäheri turdy ukudan,
Köçelerde durmuş joşdy daň bile.
Bu gözel görnüşi wasp etmek üçin
Guşlar hemra boldy şirin heň bile.

Arman, günbatardan öwsüp gelen ýel
Birden ümsümligi bozup başlady.
Ol agşamky bolup geçen wakany
Gören eken, jemagata buşlady.

Göripler begendi, kakdy heşelle,
«Garrylyk ödäpdir ahyr tamany.
Oň ýanynda Berdi aga kimmişin,
Bu söweşiň ýeňişli bor dowamy...»

Beýlekiler gazap donun geýdi-de,
Garrylygyň gözlegine çykdylar.
Ýöne ony gördüm-bildim bolmady,
Ýogsam, olar kän ýerlerem sökdüler.

Alaç-näme, oýlandylar, durdular.
Oýlandylar, agtardylar bar ýoly.
Şol mahalam Gündogardan lowurdap,
Dogan Günüň görünýärdi jemaly.

Dogan Gün diňe bir güneş paýlaman,
Ýyljak gujagynam gerdi pellere.
Hyjuw bilen, höwes bilen gygyryp,
Bir aýdymam aýdyp berdi illere.

«Gulak salyň aşgabatly ezizlem,
Agşam ýaman ýola düşdi Garrylyk.
Söweşde bäsdeşin tanaman zalym,
Güýçliniň oduna bişdi Garrylyk.

Şöhraty mälimdir zemine, göge,
Başy çalym etse-de gojaman daga,
Garramaklyk gadagandyr Berdi aga,
Haýp «öz kepenin biçdi Garrylyk...»

Täze Günüň aýdyp beren aýdymy.
Meýlise, dabara, toýa ulaşdy.
Emma toýdan özlerine ýer tapman,
Namartlar gizlendi, göripler gaçdy.

Olaryň gidenni duýmady ilat,
Duýmady, topragam, galmady yzam,
...Bu zatlardan bihabardy Berdi aga,
Ýazyp otyr, ýazyp otyr henizem.

Italmaz NURYÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 32 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Italmaz Nuryýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 1
0
1 Revo   [Mowzuga geç]
Şahyr Italmaz Nurynyň goşgylarynyň ýalyny barda közi ýok. Ýa-da joşup akýan akar suwda, düýbi görünmez derýa däl. Hezil edip çümüp, ýüzüp bolmaýar. Ýogsa dürli temalarda, dürli žanrlarda ýazan şahyr. Haýsy temadan ýazsada, haýsy žanrdan ýazsada, şol adam kalbynda näzik perdäni tapyp, çalyp bilmändir. Birem goşgylarynda bir äheňlilik, bir manylylyk okaýjyny ýadatýar...

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: