22:14
“Men ýitmerin...”
"MEN ÝITMERIN..."

Men ýitmerin.
Dolanaryn ýene-de,
Ýene dünýä aşyk bolup inerin.
Sataşýançak nesibeli pursatda,
Her gün daňdan düýşleriňe girerin.

Şonda, belki, ýazgydymyz başga bor,
Durmuş, meger, bagt eçiler maňa-da.
Belki, şonda nesip eder toýumyz,
Belki, şonda dabaraly çagyryp,
Myhmanlara gutlag aýtdy:r tamada.

Çagalaň şowhuny oba ýaň salyp,
Gapymyzda häzir bolsa kejebe,
Umydynyň köýmänine begenip,
Şeýle bir buýsançly garasam şol gün
Atgulagyn paýlap ýören ejeme.

Batbörek deý gaýyp ýörkä asmanda
Könelişen şlýapasy kakamyň,
Ýaryndan aýrylan dostumam şol gün
Tans oýnasa gyra zyňyp bar gamyn,
Doganlamam hyzmat etse ýeň çermäp,
Käte-käte henek atyp maňa-da,
Ana, şonda, belki, bähbide bolar
Seniň üçin dogulanym ýaňadan.

Sapa HOMMADOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 115 | Добавил: Pegas | Теги: Sapa Hommadow | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 16
0
16 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Goşgy babatda aýdaýyn.
Goşgyñ pikri ilki bilen ýetginjekkäm görýän hindi kinomy ýada saldy.Iki dost bir gyza aşyk bolýa.Gyz dostlañ birini söýýär.Beýleki muña görüp bolup söýülýän oglany uçut gaýadan aşaklygyna oklaýar.Muny gören gyzam özüni uçut gaýadan oklaýar.oklan oglan ýaşamagyny dowam edýär.Ýigrimi ýyl töweregi geçenden soñ ýañky adam bulara gabat gelýär.Ikisem täzeden ýaradylypdyr.Soñ aşyklar geçmişini ýatlaýar .Soñunda da hälki oklan adamyñ özüni gaýadan oklaýarlar.Sazam gaty ýatda galyjydy šol filmiñ.
Täzeden dünýä inmegi näme üçin isleýär liriki gahryman?Bir ýalñyş netijesinde gyzdan aýrylan bolsa šol ýalñyšy ikilenç gaýtalamajagyny nireden bilýär?Diýmek,has kämil bolmaly.Gyzam şoñ bilen deñ wagtda täzeden dünýä inmeli.Bular bir territoriýada bolmaly.Garaz kän zat isleýär gahrymanymyz.Oña derek ýalñyšy dûzedilýän bolsa dûzetse düzedilmeýänem bolsa nesibe däldir diýip geziberse,ýalñyşyndan sapak alsa has gowy bolaýjak ýaly.
Ikinji bentde "mañada -tamada"kapyýasyny ulanypdyr.Hemmämize bir tanyş goşguny ýatlatdy.
Ýöne men goşgyñ çuñlugyny gaty haladym.Ejesiniñ atgulak paýlamak detalam owadan bolupdyr.Şlýapasyny zyñýan kaka?Döwrebap kakamyka ol?Öñä ýaşulylar göge telpek zyñardy:)
Berekella awtor!Galamyñyz ýiti bolsun!

0
15 myhman   [Mowzuga geç]
goşgyny haladym

0
14 myhman   [Mowzuga geç]
@eatayew, minnetdar. ýazanlaryňyzyň köpüsine goşulýan, aýratynam şu ikisine:

"Biz entek diri gezip ýörkägem her günüň dowamynda-da ençe gezek üýtgäp bilýäs"

"durmuşymyzdaky ýalňyşlaryň-a hetdi hasabam ýok"


jedele gyzyp (jedelde azart bar diýýälermi : ) ) goşgy hakynda zat aýtmandyrynam. goşguda şuňa meňzeş zat ulansalar, men-ä awtor şoňa ynanany üçin ulanýandyr öýdemok. duýgusyny güýçli beýan etmek üçin ulanýan ýaly. meň pikirim ýalňyşam bolup biler. iň dogrusyny awtor biler.

Ezizowda-da bar şeýleräk

Beýle bolsa kimkä meniň geçmişim?
Şahyrmykan?Aşykmykan?Ýa daýhan?

Goşgudaky ýagdaý bolsa — ýetilmedik miwäň has datly bolup görünmeginden başga zat dälmikä diýýän

bu pikiriňizem gyzykly boldy.

0
13 eatayew33   [Mowzuga geç]
@Myhman, başga postdaky teswirime şu ýerde jogap berýär diýme: bärde-de aýdaýjak zatlarym bar. Ol ýerde-de men seni nämedir bir zatlarda günälejek bolmadym, gaýta seniň gozgan pikiriňi dowam etdim. Bu ýerde bolsa...
Gaty jedelli mesele. Iki tarapyňkam. Ýöne gep onda däl-de, şol täzeden dogulyp-dogulmazlygyň ähmiýetiniň nämededigi. Aýdalyň, adamlar bir ýa iki gezek däl-de, ýüzlerçe gezek täzeden dogulýan ekenem diýeliň-dä. Ähmiýeti näme? Ýene-de şol duýgularydyr şol pikirleri bilen dogulan adam barmy? Biz entek diri gezip ýörkägem her günüň dowamynda-da ençe gezek üýtgäp bilýäs, durmuşymyzdaky ýalňyşlaryň-a hetdi hasabam ýok. Onuň sebäbem — biziň hem duýgy, hem pikir ýaşaýankygymyz. Bir ýerde duýgularymyzdan ýeňilmejek bolup, pikirmiz bilen ýalňyşsak, başga bir ýerde pikirmize gulak asamzok. Indi akyly goýalyşandyr diýilýän adamlaram her-hili duýgularyň pidasy bolmasyny dowam edip ýör. Bize düýnki günümiz doly dereje-de sapak bolup bilmeýärkä, şol durkumyz bilen täzeden dogulyp geläýemizde-de, şol bir adamy täzeden söýjegimiz ýa-da şol bir hünäri täzeden saýlajagymyz gaty şübheli, sebäbi häzirem birnäçe ýyl mundan öň pylanyny nädip söýüp, şoň ugrunda nädip we näme üçin köýüp bildimkäm diýen sorag islesek-islemesek kellämize gelip bilýär.
Goşgudaky ýagdaý bolsa — ýetilmedik miwäň has datly bolup görünmeginden başga zat dälmikä diýýän

0
12 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Dinler şol bir maksata gulluk etyan aýry-aýry yollardyr diyar

0
10 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Ynançlaryñ ady meñzeş?
Yslamy göz öñünde tutan bolsañyz gerek.
Asla goşulamok.
Yslamyñ ilkinji ynanjy näme?
Allanyñ birdigine Muhammediñ onuñ pygamberidigine ynanmak.
Siz ynanýañyzmy?
Ynanýansyñyz.
Menem ynanýan.
Soñ kitaby Kuranyñ mukaddesdigine ynanmak.
Siz ynanýañyzmy?
Ynanýansyñyz.
Menem ynanýan.
Alladan bidin çöp başynyñ gymyldamajagyna,bu günki eden etmişlerimiz üçin wyždanymyzyñ öñünde jogapkär boljakdygymyza ynanýasmy?
Ynanýas.
Iki sany egnimizde otyran perişdäniñ amal depderçesine biriniñ sogaplarymyzy biriniñ gûnälerimizi ýazýandygyna ynanýasmy?
Ynanýas.
Şolaryñ netijesinde dowzaha ýa da jennete gitjekdigimize ynanýasmy?
Ynanýas.
Kyýamatyñ bir gün gopjagyna ynanýasmy?
Ynanýas.
Şundan başga ýene ençe dini ynanjymyz meñzeşmi?
Meñzeş.
Onsoñ nädip biziñ ynanjymyzyñ diñe ady meñzeş bolýar,daýy?
Meniñ renkarnasiýa ynanýanlygym üçinmi?
Renkarnasiýa ynanmak yslamyñ çäginden çykmak däldir.Renkarnasiýanyñ ýoklugyna degişli hiç ýerde hiç bir fakt ýokdur.Bärde meniñ ynanjymy başgalaşdyrmaga hiç hili esas ýok,daýy.

0
11 myhman   [Mowzuga geç]
OK, ýegen

0
8 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Myhman daýy,dinimiz diýip elbetde yslam dinini göz öñünde tutýan.Käbir professorlaryñ aýdanyny öñe sûrmek arkaly meniñ olara ynanýandygymy däl de bu meseläniñ jedelli meseledigini dûşündirjek boldum.Yslamda renkarnasiýa ýok diýýänligiñize garamazdan hiç hili fakt getirip bilmeýärsiñiz (getiren hadysyñyz kyýamat magşar gûnüne degişli.Galyberse de hadys)(hadys-pygamberimiz we onuñ sahabalary barada gören eşidenlerden getirilýän rowaýat)
Diýmek siziñkem ynanç.
Onsoñam hadys däl de Kurandan sûre getirdi diýipdim.

0
9 myhman   [Mowzuga geç]
@Hyýalkeş ýegen,
dogry, meňki ynanç. men öz ynanýan zadymy aýdýanda.

käwagt daýy-ýegenleň pikirleri, ynançlary gabat gelmän bilýär. mysal üçin:

ýegeniň pikiri: "Gaýtadan dogulmak pikrini dinimiz inkär edenok"
daýyňky tersine: "dinde onýaly zat ýok"
ýegeniňki: "Bu jedelli mesele"
daýyňky tersine: "jedelem ýok"
ýegeniňki "getirlen (70 bölege bölünmek hakdaky) hadys kyýamat magşar gûnüne degişli"
daýyňky tersine "ol hadys (70 bölege bölünmek hakdaky) ol güne degişli däl"
ýegeniňki "hadys-pygamberimiz we onuñ sahabalary barada gören eşidenlerden getirilýän rowaýat"
daýyňky ýakynyrak "hadys-pygamberimiziň aýdan sözleri"
ýegeniňki "daýy hadys getirdi diýýä" ("Onsoñam hadys däl de Kurandan sûre getirdi diýipdim")
daýyňky tersine "men beýle zat diýemok" diýýä
ýegen "renkarnasiýa ýoklugyna fakt ýok" diýýä
daýy "ne Kuranda, ne hadysda renkarnasiýa hakynda zat ýok bolsa ýetik borda" diýýä
ýegen "ýokdugyny nädip bilýäň" diýýä
daýy "mantykly pikirlenseň bilme kyn däl. eger şolarda çala yşaradam bolsa "hana gördüňmi, näme, näme, näme..." diýip heşelle kakjaklaň gaty köpdügini bileňokmy" diýýä.
opşom aýdaňda ýegen bir zat diýýä, daýy başga zat.

onsoň, kawagt daýysy ýegenine, ýegeni daýysyna maslahat beren bolýa, ynançlarynyň ady meňzeş bolansoň. köplenjem, barybir her kim öz pikirinde, ynanjynda galýar.

0
5 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Gaýtadan dogulmak pikrini dinimiz inkär edenok.Bu jedelli mesele.Muny goldaýan din adamlary da bar goldamaýan din adamlaryda bar.Ýöne meniñ bilşimçe iki tarabam bu pikrini doly kanagatlanarly delillendirip bilenok.
Öñler Saba Tümeriñ bir gepleşigi bardy.Şonda her bäşinji gün Din ugrundan professor Ýaşar Nuri Öztürk gelerdi.Özüniñ renkarnasiýa ynanýandygyny aýdypdy(bir soraga jogap hökmünde)
Özüçe şeýleräk düşündiripdi.Bir çaga çendenaşa zehin berilýär birine berlenok.Bu pikri ösdürsek kimi baý kimi garyp kimi gözel kimi bigörk.Ýagny Tañrynyñ adalaty dikeltmegi üçin ynsana ilki ömründe berilmedikleriñ soñky ömründe berilýändigine ynanýan diýipdi.Ýöne diñe ynanç.Hiç hili fakt ýok.
Şol gepleşikde bir tomaşaçy Kurandan bir süre getirerdi mysal.Şu renkarnasiýany göz öñünde tutýan bolaýmasyn diýip.
Başga bir gepleşikde doktor (ylmy dereje) Ömer Çelakyla bu sorag berlende "Bu babatda jedelleşeliñ" diýip jogap beripdi.Ýagny renkarnasiýa babatda her kelleden bir ses çykýar.
Indi ýañky görmedigimem öñ gören ýaly diýýän zadyñyzyñ renkarnasiýa bilen baglanyşygynyñ ýoklugyny bir ýerde okapdym.Ýagny "käte azajyk sekundam bolsa beýni bilen duýuş organlarynyñ arasyndaky baglanyşyk ýitýärde beýin duýlan zady gijräk habar berýär.Şonuñ üçin adamyñ añasty ony öñ duýanlygyny ýatlaýar"diýen ýaly dûşündiriş.(Elbetde doly düşündirip bilen däldirin ýadymda şeýle galypdyr)Ýagny kabul etme giç bolup geçýär diýen ýaly bolsa gerek.Goşgy babatda soñ aýdaýyn belligimi.Sebäbi iki ûç sagat bäri dedektiw roman okan beýnim pikir öndûrmän başlady.

0
7 myhman   [Mowzuga geç]
@Hyýalkeş, nämä ynanýanyňy bilmämsoň "Gaýtadan dogulmak pikrini dinimiz inkär edenok. Bu jedelli mesele" diýýäniňe hiç zat ýazjak däldim. soň "birden şu yslam dinini gözöňünde tutýan bolaýmasyn" diýip pikir etdim.

maslahatym: hemme kişiň (daže meňem : ) ) aýdanyna gulak gabardyp ýörmeli däl. hemme "men musulman alymydyryn, ahundyryn" diýýän kişiň aýdýanlary dogry diýen zat ýok. igilem (yşid) özleriniňkini dogry hasap edýä. düşündirip bilýänmi?!

bir hadys bar sözme söz ýadyma düşenok "kyýamata ýakyn wagtda yslam dini ýetmiş bölege bölüner, olaň diňe biriniň ýoly dogry bolar (galanynyňky ýalňyşdyr)" diýen ýaly. ol ýolam pygamberimiziň ýoly. onam iň gowy başaranlar sahabalar, tabiinler, tebei-tabiinler. häzir başarýanlar hadysdan-sünnetden habarly kişiler. men-ä entek renkarnasiýa barada hadys eşidemok.

şonuň üçin "gaýtadan dogulmak" diýmän "gaýtadan direlmek" diýseň has dogry bolar. olam, elbetde, magşar gününde.

0
4 Jumjume   [Mowzuga geç]
...Gaýtadan dogulmak pikiri bilşime görä,dinimiz inkär edýän bolmaly,ýöne şol duýguny başdan geçirmäge näme sebäp bolýaka? Näme üçin ömrüñde bir gezek baryp görmedik ýerlerde öñ gezen ýaly,düýbünden ýat däp-dessurlar(häzirki wagtda düýbünden ynanmaýanyñ),medeniýet(häzir düýbünden başga medeniýetdekäñ) öñ bir wagtlar özüñe degişli bolan ýaly duýgy bolýarka ynsanda???! Pikirler bar bolsa sizi diñleýän,Saýtdaşlar!

0
6 myhman   [Mowzuga geç]
"Gaýtadan dogulmak pikiri bilşime görä,dinimiz inkär edýän bolmaly"
eger dinimiz diýip yslam dinini gözöňünde tutýan bolsaň, dogry bilýän ekeniň.

"...öñ bir wagtlar özüñe degişli bolan ýaly duýgy bolýarka ynsanda?"
bu barada (dežawu diýýälermi?!) meňem iki sany pikirim bar. "Pikirler bar bolsa sizi diñleýän,Saýtdaşlar" diýeňsoň aýdaýyn. ýöne bular meň şahsy pikirimdir, ýalňyş bolma ähtimallygy uly.
birinji pikirim: biziň okaýan kitap okamyzda, kino görenimizde şol ýerdäki wakalar, medeniýetler, duýgular, gepiň gysgasy, hemme zady beýnimiz özi ýaşan ýaly kabul edýär. soň biz o zatlary ýatdan çykarandyrys öýtsegem, beýni ýatdan çykarmaýar. aňastymzda (подсознание, subconscious) galýar. onsoň "ömrüñde bir gezek baryp görmedik ýerlerde öñ gezen ýaly,düýbünden ýat däp-dessurlar(häzirki wagtda düýbünden ynanmaýanyñ),medeniýet(häzir düýbünden başga medeniýetdekäñ) öñ bir wagtlar özüñe degişli bolan ýaly duýgy bolýar"

birden şeýle sorag çyksa "heniz telewizor ýok wagtlary adamlarda dežawu bolmandyrmy?" meň jogabym "bolupdyr. olaram kitap okapdyrlar, erteki diňläpdirler, syýahatçylaryň gürrüňlerini diňläpdirler... beýnem okalýan ýa gürrüň berilýän zatlary janlandyrýar"

ikinji pikirim: aýtmaýyn. sebäbi hem gaty çylşyrymly. biraz ynanç bilen bagly. öz gowy düşünip bilmeýän zadymy düşündirjek bolmak gaty kyn.

0
3 Jumjume   [Mowzuga geç]
Gowy goşgy! Galamyñ ujy kütelmesin!

0
2 Gumlygelin   [Mowzuga geç]
Owadan arzuwlar.Emma,arzuwlaryñ amala aşmagy üçin iñ soñunda ýañadan dogulmak ýüregñe gussa çaýýar.
Enşalla,bu arzuwlan amala aşmagy üçin ýañadan dogulmak gerek bolmaz.
Ýakynlaryñ toýdaky keşbi juda owadan janlandyrylypdyr.
Galamyñ kütelmesin Sapa!

0
1 mango   [Mowzuga geç]
Ýene dünýä aşyk bolup inerin.
—-
... belki, bähbide bolar
Seniň üçin dogulanym ýaňadan.
—-
Sapa kaka. Goşgyň gahrymany birinji ömründe ýetip bilmedik arzuwyna ikinji gezek dünýä gelip ýetmek isleýämi?
“belki, ýazgydymyz başga bor,
Belki, ...nesip eder toýumyz,
Belki, ...myhmanlar gutlag aýdar,
belki, bähbide bolar Seniň üçin dogulanym ýaňadan...”
Belkilerem näbellilikden nyşan bolansoň, belki gahrymanyň arzuwlaram arzuwlygyna galyp, umudyny üçünji dogulyşa baglaýmasa...
—-
Arzuwlaryny suratlandyryşyň owadan bolupdyr.
Toý, tamada, çagalar, kejebe, atgulak paýlaýan eje, şlýapasy asmandan gaýýan kaka, hyzmatdaky doganlar... garaz gyzykly, reňkli, hereketli...

Batbörek deý gaýyp ýörkä asmanda
Könelişen şlýapasy kakamyň,
Ýaryndan aýrylan dostumam şol gün
Tans oýnasa gyra zyňyp bar gamyn,

Şu suratlandyrmaňy aýratyn haladym.
Begençden ýaňa asmanda gaýýan şlýapa we derduni bir ýana zyňyp tans oýnaýan dostuň.... bet. Şatlygyň we gamyň kontrasty. Ikisi bir günde, bir ýerde...
Ýöne, ikinji gezek dogulmak düşünjesine ynanmaýanlygym üçin ol ýerini halamadym.
Ruhuň hasam joşmagy üçin, eliňi gysýaryn we ýeke gezek berlen ömrüňde ähli arzuwlaryňa ýetmegiňi dileýärin.
Üstünlikler.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: