21:49
Owarram
OWARRAM

Eçil maňa eçilmedik zatlarňy,
Eçil maňa açylmajak zatlarňy,
Eçil azabyny ýowuz dowzahyň,
Ejir çeksem sen gazabyň gowzasyn
Sen çekinmän, bar aýbymy aýdyp ber,
Şeýdip maňa geçmişimi gaýdyp ber,
Bu günüme jinnek umyt galmasyn,
Kalbyma guý ähli ýigrenç közüňi,
Bolaýyn men bilmez ýaly özümi,
Seniň berjek bar jebriňe kaýyl men,
Ýer ýüzünden ýok bolmaga kaýyl men...

Ýöne özüm bilen alyp giderin.
Özüňde bar bolan ähli zadyňy,
Seniň juda-juda bagtly boldugyň
Şondan soňam unutmasaň adyňy.

■ MEDET

Eger öçýän bolsa alawyň, közüň,
Sönen ataşyňy dörip bereýin.
Hiç peseltmez ýaly kalbyň howruny,
Mydam üfläp duran körük bereýin.

Özüňi ýitirýän men saňa garap,
Uçgun ýok gözüňde - meň halym harap,
Dal bedeniň göýä sökülen jorap,
Sarap ähli ýerin örüp bereýin.

Käte tekge bolýar ga :lan ýatlama,
Geçen günleň sen üstünden ätleme
Diýme: ''Gaýdyp gelmez ýaşlyk nätseň-de''
Gyzlygyňy ýatlatjak börük bereýin.

Ynsan hiç eger-de Hudaý gargasa,
Baý bolup toplanyň bary dargasa,
Umyt ölmez kalbyň bir saz sargasa,
Bir hemaýat berjek şärik bereýin.

Bir gezek açylan aýby ýapmarsyň,
Bir asmana uçan guşy gapmarsyň,
Bir höwürtgäni gaýdyp tapmarsyň,
Ýöne men kalbymyň törün bereýin.

■ OÝANYŞ

Baharda näzenin gyza meňzeýäň,
Söýgüden dem alýar düz, öleňiňem.
Ýüzüňe nur bolup, nur çaýylypdyr,
Ýaşmaklydyr çykýan kömelegiňem.

Häzir diňe dirilik bar ömür bar
Ýada düşmez gözellikden başga zat,
Diňe şatlyk, diňe joşgun, söýgi ýar,
Bent bolan duýgulaň barysy azat.

Bahar gelse, dünýäň durky üýtgeşik,
Giňeýär serhedi eziz Diýaryň.
Bu baharyň melhem howasyn garyp,
Leblerinde şirin bal ezdi ýarym.

■ KAÝYLLYK

Eger bir nokatda duşuşjak bolsak,
Şol nokatda kakjak bolsaň gazygy,
Heý, soňy bolmazmy berýän ejiriň,
Bu nämäň jezasy, nämäň gazaby?!

Düşünemok ýa düşünmek islämok,
Meniň ýan-ýoldaşym mydam çaklama
Öz kalbyny weýran edýär ekeni,
Ynam gulagyňa çawuş çakmasa.

Sen ilki geç sowulaýyn ýoluňdan,
Ine, ýol arçadym, sola çekildim,
Öz kalbymy saňa açyp bilmedim,
Bilmedim men, men nämeden çekindim.

◾HASAP

Uzakda duýdansyz uwlady möjek,
Adam girdi öýdýän onuň düýşüne.
Bitiniýme gysganç çopandan ýaňa,
Bir hepdedir et degenok dişine.

Käte-käte emläýmel-ä unutman,
Garran geçileriň çebşeklerinden.
Ýa agyz ursunmy undup däpleri
Tendar goýunlaryň ýumşak ýerinden.

Sürüň golaýynda möjek süreni
Güwäsidir - sürä asla çozulmaz.
Hernäçe geçse-de ýyllaň kerweni,
Ýazylmadyk bu kanun hiç bozulmaz.

Aç dişlerini şat-şat etdi-de möjek,
Duýdy öz agzynda guýruk yzasyn.
Bimaksat uwlady gurt edil häzir,
Şonda-da aldy ol çopan mazasyn.

Äpet çölüň ýyldyz gülli ýorgany,
Bolan, boljak ähli zady duwlady.
Sebäbini hiç kim bilip bilmedi,
Ýöne möjek näme üçindir uwlady.

◾HAÝYŞ

Iki sany bagtly başdan,
Birçak galan bagtly yzlar.
Ýitip barýar tekizlenýär,
Daman gözýaş damjalary .
Möhür ýaly buldurap dur,
Edil häzir gu :ramandyr,
Ganat gerip uçjak bolýan
Ak ýelekler saklap ýatyr
Hiç manysyz pyşyrdyny...

Ýatlamakdan çişipsiň sen,
Däl sen edil häzir myssyk
Geçen geçdi gaýdyp gelmez,
Aglama, ýassyk.

Garagum 2016/11
Категория: Goşgular | Просмотров: 56 | Добавил: Jeksparro | Теги: Orazguly Annaýew | Рейтинг: 1.0/1
Всего комментариев: 2
1
Not only that he appears in a journal, so he advanced in here tambien

0
1 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Aglama ýassyk!Gaty gowy goşgy bolupdyr.
"Ak ýelekler saklap ýatyr
Hiç manysyz pyşyrdyny"

Juda ýakymly we çuñ bolupdyr.

"Dal bedeniñ göýä sökülen jorap
Sarap ähli ýerin örüp bereýin"
Gulaga ýakymly owadan eşdilýär.Ýöne bedeni näme üçin sökülen joraba meñzetdikä şahyr?

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: