21:09
Altyn balyk
ALTYN BALYK

Altyn balyk, eger bütin ömrümde
Bir gezek düşäýseň toruma meniň
Hem diýseň: «Kömege taýyn men, taýyn,
Aýt, ýigit, arzuwyň nämedir seniň?!.»

Diýerin: «Enemiň hüwdülerinde
Arzuw eden ýigdi bolup ýetişsem,
Besdir maňa gaýry baýlyk derkar däl,
Özgelere paýlaber sen başgasyn...»

Sebäbi şol ýigit bolup ýaşasam,
Il-günüň derdine ýarap, balygym,
Meniň ömrüm meňzär hakyky ömre...
Ýokdur seňem şondan uly baýlygyň!

Italmaz NURYÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 36 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Italmaz Nuryýew | Рейтинг: 3.5/2
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: