20:21
Täze hojaýyn: "JP MORGAN"
TÄZE HOJAÝYN: "JP MORGAN"

Burak Ýylmaz, Ýusuf Ýazyjy, Zeki Çelik, Mustafa Kapy, Ferhat Çogalan…
Futbol bilen içgin gyzyklanýan uludan kiçi herkes bulary gowy bilýändir. Olar Fransiýanyň “Lille” futbol klubynda oýnaýarlar.
Klub Lill şäherinde iki futbol toparynyň bileleşmeginde – 1944-nji ýylda guruldy.
“Lille” buržuazlaryň kluby (onuň hemişelik basdaşy “Lens” magdançylaryň kluby).
Togsanynjy ýyllaryň ahyrynda “Lille” ikinji liga düşdi. Üç möwsümden soň fransuz birinji ligasyna çykdy.
Bir-iki möwsümi erbet geçirenem bolsa, ligada gazanan üstünlikleri netijesinde 2002-nji ýyldan bäri Ýewropanyň Çempionlar ligasyna gatnaşyp gelýär.
Ýewropanyň Çempionlar ligasyna gatnaşmak bähbitli bolsa-da, munuň millionlarça euro girdejili tarapy-da bar, diňe “gatnaşanyň üçinem” 15,2 euro kisäňe girýär...
Jerar Lopez Fokaha (1971-nji ýylda doglan).
Lýuksemburgly işçi maşgalasyndan çykan.
ABŞ-nyň Miami uniwersitetinde basketbol ugrundan okady.
Internetde söwda etme ýaly täze ugurlara we yzyndanam energetika pudagyna maýa goýumlaryny goýdy.
“Mangrove Capital Partners”-i, “eBay/ Skype”-i, “Genii Capital”-y, “Rise Capital”-y we “Nekton”-y gurdy…
2007-nji ýyldan bäri sport industriýasyna maýa goýumlaryny goýmagyň düşewüntli boljagyny çaklap – ýaşka futbol oýnan “CS Fola Esch” futbol klubyny satyn aldy. (Diňe futbolda däl, “Formula-1”, “Lotus F1” toparlarynyňam başlygy boldy. Şeýle-de ol, awtoulaglar boýunça dünýäniň iň gowy kolleksioneridi.)
Ol futbola “industriýa” – maýa goýum pudagy hökmünde garaýardy, şonuň üçinem 2016-njy ýylda “Lille” klubyny satyn aldy. Maksady belli: pul gazanmak!

AMERIKAN ÇAÝKELLER

“Lille” toparynyň otuz futbolçusyndan bary-ýogy fransiýaly. Klubyň on dokuz futbolçusy başga klublarda kärendesine oýnaýar. Klubyň arasynda Mustafa Kapydyr Ferhat Çogalanyň hem bolan on dokuz adamlyk ätiýaçlyk düzümi bar. Global futbol zawody diýip goýaýmaly!
Bu jikme-jiklikleri şunuň üçin ýazýaryn: Lopez diňe Ýewropanyň Çempionlar ligasyna gatnaşmak we ş.m-ler däl, oýunçy satybam pul gazanjak bolýar...
Ýöne... Dört aý öň “Lille klubyny iňlisleriň “Merlin Partners LLP” maliýe şereketine satdy.
Lopez kluby satuwa çykarmagynyň sebäbini düşündirende, agzap geçen iki ady ünsümi çekdi.
Birinjisi, dünýäniň iň uly hedgesi – “Çaýkel” fondlarynyň iş dolandyryjysy amerikan “Elliot Management”...
Ikinjisi, dünýäniň iň uly maliýe banky - (“Rockefeller/Chase Bank”-yň şärikdeşi) amerikan “JP Morgan” şereketi…
“Lille”-niň başlygy Lopez öňünden çykany ýuwdup barýan bu iki şereketiň gysyşyna bäs gelip bilmeýändigini aýtdy.
Futboly maýa goýumlaryna amatly mümkinçilik hökmünde garaýan diňe Lopez däldi, amerikan “çaýkelleri” ýaşyl meýdança çozdy... Bu jümlämi diňe “Lille” toparynyň satylandygy üçin aýdýandyr öýtmäň.
Geçen gün...
“JP Morgan”-yň wekiliniň çykyşy futbol dünýäsinde sarsgyna saldy!
“JP Morgan” ýigrimi ýyllyk tagallasynyň miwesini aldy – Ýewropa futbol meýdançalaryna amerikan baýdagyny dikýär. Nädip diýýäňizmi?

■ [b]OTUZ MILLIARD EURO

Ýigrimi ýyl bäri dilden düşmän gelýän bir hyşy-wyşy bardy:
“JP Morgan” (Ýewropanyň Çempionlar ligasyna alternatiwa hökmünde) “Barcelona”, “Real Madrid”, “Liverpool” we “Manchester United” ýaly on sekiz sany uly klubyň üýşen Ýewropanyň saýlama ligasyny döretmek isleýärdi.
Hiç kim muny bolar öýdenokdy, sebäbi muňa futbolyň düýp ketdeleri garşy çykýardy:
- Halkara futbol federasiýalarynyň bileleşigi – FIFA...
- Ýewropanyň futbol federasiýalarynyň bileleşigi – UEFA...
Emma:
Ýekşenbe gijesi ýüpler üzüldi. Ýewropadan on iki klub Ýewropanyň Saýlama ligasyny gurmak üçin “ylalaşyga gelnendigini” mälim etdi.
Angliýadan “Manchester United”, “Manchester City”, “Chelsea”, “Arsenal”, “Liverpool” ee “Tottenham”…
Italiýadan “Inter”, “Milan”we “Juventus”…
Ispaniýadan “Barcelona”, “Real Madrid” we “Atletico Madrid”…
“JP Morgan”-yň döretjek ligasyna ýene-de goşuljaklar bar. Meselem, “Galatasaraýyňam” şolaryň biridigi aýdylýar.
Ýewropanyň saýlama ligasyna goşuljakdygyny mälim eden on iki liga jem bolup, Ýewropanyň klublar bileleşigindenem çykdylar. “Juventus”-yň başlygy Andrea Agnelli Ýewropanyň klublar bileleşiginiň başlygy wezipesinden öz islegi bilen taşlaýandygyny aýtdy.
UEFA berk garşylyk berdi. Resmi web saýtyndan bildiriş paýlaşdy. Gurama eger şeýle bileleşigiň dörediläýen ýagdaýynda hem-ä öz ligalarynda, hemem Ýewropada, hem-de dünýäde hiç bir futbol duşuşygyna çykjak däldiklerini, aýratynam futbolçylaryň öz milli ýygyndylarynda hem oýnamajakdyklaryny duýdurdy!
Bar zat puluň üstünde turýar. Pul, pul, pul!
Koronariwus ýokanjy zerarly janköýersiz geçirilýän oýunlara we ş.m. sebäplere garamazdan bu on iki toparyň ýyllyk giredijisi 331-715 million euro aralygynda üýtgäp durýar...
Ýewropanyň futbol bazarynyň ululygy 30 milliard euro golaýlaşdy. Bular futbol dünýäsine “amerikan çaýkelleriniň” nämüçin girendigini görkezýär.
Munuň ýerli ligalarda we kiçi klublarda nähili potansial ýykgynçylyklary döretjekdigi kimiň piňine!
Wagşyýana kapitalizm futbolyñam ganyna galmagyñ kül-külüne düşüpdir...

Soner ÝALÇYN.

“SÖZCÜ” gazeti, 20.04.2021 ý.
Категория: Sport we turizm | Просмотров: 35 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: