18:38
Gaýtadan / nowella
GAÝTADAN

Aý aýdyň gijedi. Ýörär ýoluň göze dürtmedi, saýgarmak kyn däldi. Aýyň ýagtysyna möjekleriň ýanyp duran gözleri ýaly petreşýän ýyldyzlaram goşant goşýardylar.
Tomsuň howruny basyp, gaýradan pessaý şemal öwüsýärdi. Ol ýakymly we meýmiredijidi. Gijäniň ýary itlerem ses edenoklar. Bir çekirtgeleriň gijeki sazlary diýäýmeseň, hemme ýer ümsümlik. Ol rahatlyga goşulýan deý gaýrada bir jaýam çyralary sönük, başy uly papakly adamy ýatladyp, ümsüm dynç alýardy. Ýary gijeden agyberdende şol jaýdan biri çykyp, eýlesine-beýlesine garanjaklap ilerligine assa basyp ýöräp gaýtdy. Ol aşaklygyna akýan salmanyň üstündäki agaç köprüjikden iki ätläp ilersine geçdi. Gijedigine seretmezden, suwuň dury düýbi görünýärdi. Şol salmadan geçen ýerde jöwen atyz başlanýar. Ol şol atyzyň ilerligine gaýdýan çilinden gamyşlary ygşyldadyp ýöräp ugrady. Çiliň soňuna çykdy we eýlesine-beýlesine biraz seredip durdu-da, golundaky telefony ýakyp, telefon belgilerniň sanawyny dörjeläp durka, edil gapdaldan ses çykdy:
-Heýt, näme edýäň?
Onuň endamy titräp gitdi. Gözlerini çalt-çaltdan ýumup-açyp , ses gelen tarapa başyny aýlady-da:
-Eşek. Ýüregimi ýardyň-a! -diýip, ýakasyny tutdy.
-Kimdir öýtdüň, Leýlaş?!
Öýden çykyp gelen Leýlady. Ol şol öýde ýaşaýardy. Perman dükançynyň gyzydy. Maşgalada ulusy, has dogrusy ýeke gyzdy, diňeje ýekeje oglan jigisi bardy. Ol şu ýyl onunjy synpy gutarypdy. Leýla orta boýly, dolmuşja gyzdy. Onuň gür gara gaşlary bardy. Kirpikleri uzyndy. Onuň ýukajyk dodaklary bolup, ýaňagy pökgijedi. Şaçlary sarydy, gerdeniniň üstünden öňe aşyryp ýaýylyp goýulandy. Onuň şu wagt egninde ýukajyk, kelteräk, gysga ýeňli maýka bardy.
Ol telefonunyň yşygyny öçürip:
-Hiç, ýöne şeýdärmersiň-ä, Begenç! -diýdi.
Begenç goňşy obada ýaşaýardy. Ol okuwyny tamamlap, harby gulluga gidip gelipdi. Soň birki ýyldyr ynha häzire çen öýünde bellibir işiň başyny tutman, eýlä-beýlä köwsarlap gezip ýörşüdi. Ol ortaboýly saryýagyz oglandy. Saçlary gysgadan gyzgylt sarydy. Gözleri bolsa gyşdaky ýata suwlar ýaly göm-gökdi. Ol ellerini kisesinden çykaryp, Leýla golaýlaşdy-da:
-Aý, bolýa-la. Hany, bärräk süýş. Salamlaşal-a! -diýip, onuň ellerinden tutup özüne çekdi. Leýla bolsa onuň gursagyndan aňry itdi.
-Uff, aýryl.
-Bor-a, Leýlaş! Goýsan-a. -diýip, Begenç onuň başyny eli bilen egnine ýaplady. Birazdan soň ellerinden tutup:
-Ýör, sähel beýlä süýşeli, gabadraga geçeli. -diýip, aşaklygyna jöweniň ileri çetine geçirdi. Leýla ýüzüni salyp, iki elini biri birinden geçirip aňyrsyna bakyp durdy. Begenç bolsa:
-Nämä beýdýäň-aý. Näm boldy özi?
Leýla biraz seini çykarman gaşlaryny birleşdirip, gözüni süzüp aşak bakyp durdu-da, soň gözlerini giňden açyp:
-Nämä bilmedik ýaly soraýaň! Gowy bilýäň-ä.
-Leýla, biz şu meseläni näçe gezek gürleşdik. Biraz sabyr et!
Leýla aňyrsyna gaňrylyp duran ýerinde Begenje garap, ellerini siltäp goýberdi-de:
-Nädip sabyr edeýin? Aýt! Maňa galsa garaşjag-a. Ýöne şuňa nädip garaş diýip aýtjak? -diýip, elleri bilen garnyny görkezdi.
Begenç biraz dymdy-da, Leýlaň ýaňagyndan sypalap, ellerindan tutup:
-Düşünýäňmi, Leýla! Bu wagt öýlenmäge ýagdaýymyz çatanok. Häli öňümde agamam bar. Ol hiç zat diýmezem welin, ýöne ýere toý edip bolýamy? Biziň bolsa girdejimiz ýok, aýlyk ýok. Asyl aýlygam pulluja adamlara berilýän ýaly... Şu günki tapanymyz şu günümize gidýä. Düşünýäňmi...
Leýla:
-Onda men näme edeýin, hä?-diýip, Begenjiň gözlerine gözlerini dikdi. Begenç uludan dem alyp:
-Ehh. Bilmedim. -diýip, ýüzüni ýere saldy.
Leýla dogumly gürledi:
-Toýa gurbuň ýetmese, alyp gaç onda!
Begenç ýene biraz dymdy-da:
-Leýla, alyp gaçsam soň siziňkiler seň bilen arany keserler. Seni öýe eltsem öýdäkiler bizi öýden çykarar. Tägem, öýümiz üç gat. Birinde mamaş bilen pahan birinde doganlam birinde-de agam ikimiz ýatýas. Biz nirede ýaşaly onsaň. Häzir şu gymmatçylykda jaý saljak bolsaňam Hudaý medet bersin. -diýip, Begenç Leýlaň gözlerine seredip, indi men näme edeýin diýen ýaly soragly bakdy.
-Onda näme etjek bir alajyny tap-da! -diýip, Leýla tasanjyrady.
Begenç dymdy. Leýla-da. Bu ümsümligi telefon jyňňyrdysy bozdy. Leýla telefona garady.
Batyr doganym diýip duran telefon belgiden jaň gelýärdi. Leýla aljyrap, daş-töwregine garanjaklap:
-Garaş, jaň alaýyn. -diýip, on ädim öňe ýöredi we jaň alyp pyşyrdap gürleşdi. Soň Leýla Begenjiň ýanyna gelip:
-Begenç, derrew git sen! Jigim nirde diýip jaň etdi. Men aýak ýola çykdym diýdim. Bar derrew, göräýmesin. -diýip, Leýla gyssady. Begenjem:
-Bor, habarlaşarys. -diýip, ädimini ýeňil basyp gözden sumat boldy. Leýla uludan dem alyp:
-Uff, gitdi öz-ä. bulam gelip-gelip, gün gabşyryp şü gün geljek diýşini aýtsana. -diýip, telefonda Batyr jigim diýen belgä jaň aýlady. Jaň baran badyna jogap berildi:
-Aol!
-How, nirde?
-Ine, ýakynlap barýan öňki ýere. Iki minutdan barýan.
-Bol onda, derrew gel, garaşýan.
-Ähä, bor.
-Goýdum.
Jaň tamamlandy.
Leýla telefonuny dörjeläp gelen-giden jaňlary pozuşdyryp, käbir atlary üýtgedişdirdi-de, çiliň çöp-çalamsyzrak ýerinde oturdy. Onýança, şakyrt-şukurt edip, çalt-çaltdan her ýerden bir ätläp biri ýetip geldi-de:
-Köp garaşdyrmadymmy? Geldiňmi akylym! -diýdi.
Leýla oňa çala ýylgyryp:
-Ýok, garaşamok, şu wagtjyk geldim menem. Gel, otur, Maksat. -diýip, eli bilen ýer urup ýanyndan orun görkezdi.
Maksat Leýlaň obadaşydy. Iki öý gapdalynda ýaşaýardy. Goňşy diýse-de boljak. Ol Leýladan ýedi ýaş uludy. Onuň kakasy mugallymdy. Maksadam onuň ýekeje ogludy. Ol uzyndan, irisüýekli, dykyzdan gelen daýaw pyýadady. Özi akýagyz bolup, gyra aýlap goýan saçlary gaşyna golaýlap durardy. Ol agrasdy, üsti-başyna seredip pitikläp gezýänlerdendi. Maksat görkezilen ýerde oturdy. Leýla onuň egnine başyny goýup:
-Näme üçin iminni şu wagt geljek diýdiň. Öňünden aýtmadyňam?! -diýip, kellesini galdyryp oňa nazaryny dikdi.
-Aý, ýöne. Göresim geldi-dä!
-Goýsana.
-Howa.
-Öz söýgülim meniň! -diýip, Leýla maksadyň golundan berk gysyp, oňa has ysnyşdy.
Maksat ýüzüni salyp otyrdy. Leýla ony biraz silterläp:
-Hany agyrsyramasana! Duşuşyga geldiň-ä sen. -diýdi.
Maksat sowukgan sesli:
-Hmm, bolýa. -diýdi.
-Maksat, goýsana. Gürleşeli-le! Gyz ýaly bolup oturmasana. -diýip, arylary çozdurmak isleýän ýaly onuň öýüni dürtgülejek bolýardy. Maksat bolsa şol äheň bilen:
-Aýdyber, diňleýän. -diýdi.
-Diňläniň peýdasy ýok. Bir alajyny görmeli, Maksat!
-Nämäň?
-Maksat öliň soragyny berýäň-aý. Näme, eden işiňem bileňokmy indi? -diýip, Leýla kellesini galdyryp, Maksady biraz itip, tasanjyrady.
Maksat bolsa ýeene-de şol agras ses bilen:
-Näme etmeli? -diýdi.
Leýla bolsa ýene başyny Maksadyň gerdenine goýup:
-Näme etmeli bolsun, toý etmeli bolar-da. Maksat onuň sözlerini gaýtalady:
-Toý etmeli?
-Howwa, toý! Bolmasa ýene biraz wagtdan öýdäkiler habar tapýa. Soň meň ýagdaýym nähili bolar, seň dünýä gelmeli perzendiň ykbaly nähili bolar? -diýip, başyny galdyryp, maksadyň elini tutup öz garnyna goýdu-da, sözüni dowam etdi:
-Maksat, indi tijenmesek bolmaýa!
-Maksat biraz dymdy-da:
-Şu meň perzendimmi? -diýip, ýuwaş, gussaly gürledi.
Leýlaň gözleri uçganaklap gitdi. Tisginenini özem bilmän galdy. Gözlerini açalak-ýumalak edip, ýaňsylap:
-Ýok! -diýdi. Biraz dymdy-da, gepiň yzyny ýetirdi:
-Özünden döredi bi. Seniň hiç hili baglanşygyň ýok. -diýdi. Soň sesini has gataldyp:
-Näme, namartlaýaňmy indi, hiç zat bolmadyk ýaly. Berýän soragyňdagy näme. -diýip, aşak bakyp, ýüzüni tutup aglamjyrady.
Maksat şol oturan ýerinde hiç zady äwmeýärdi. Onuň hyýaly umuman başga ýerdedi. Diňe soraýardy, jogap berýardi. Başga hiç zat ýok. Ine, ol giden ýerinden gaýdyp geldi gözleri giňeldi we ýerinden turdu-da, gaharly gürledi:
-Begenjiňki bolaýmasyn bi? -diýip, Leýlanyň garnyna barmagyny çomaltdy.
Leýla ölüni gören ýaly duw-ak booldy. Göýäki buza dönen dek gatap galdy. Bir salym gürlemän, has dogrusy dili aýlanman durup, soň hiç zat bilmedik, görmedik, eştmedik ýaly
-Kim ol? –diýip, assadan gürledi.
Maksat dişini gysyp, soň çalajadan ajy gülüp:
-Haý... -diýip, başyny ýaýkady we ýene gepini alyp göterdi.
-Eee sen nähili adam. Näme indi kim bilen ýatyp-turanyňy bileňokmy? Ýaňja Begenç bilen gürleşip duranyňy gözüm bilebn görüp gulagym bilen eştdim-ä. Leýlaň buz ýaly bedeniniň üstünden gyzgyn suw guýulan ýaly boldy. Ýüzi-gözi boz-ýaz boldy. Hyrçynyny dişläp biraz gözüni ýumdy soň syçrap ýerinden tutup:
-Sen näme edeniňi bileňokmy indi? Näme, boýun almajak bolýaňmy indi. -diýip, sesini gataltdy.
-Men-ä näme edip-etmedigimi gowy bilýän. Ýöne sen bileňog-a. Ýok, sen bilýäň, gaty köp bilýäň. Şo köp bileniňden soň şeý diýýäň-dä sen! Näme indi boýnuma asyljak bolýaňmy?
-Bir zat etdiňmi indi yzynda eşek ýalam durarsyň, bilip goý!
-Seni ölsemem almaýan men. Bar git-de Begenjiňe aýt bu gepleňi.
-Almaýaň hä? Bolýa, alma. Almaýşyňy göräýeris. Ýa alarsyň ýa-da ömrüňi türmede çürederin!
Maksadyň ýüzüne urulan ýaly sesi tapba kesildi. Biraz salymdan öňküsindenem gaty, gaharly ses bilen:
-Eliňden gelse asmany ýere çek. -diýdi.
Leýla-da Maksada elini salgap:
-Almaýaňmy? Seret, häzir öýüňize baryp kakaňa hemmesini aýdyp bererin. Meni näme edeniňe çenli aýdaryn. Eşdýäňmi hemmesini aýdaryn. -diýip, aşaklygyna birki ädim ädenem şoldy welin Maksat onuň elinden tutup, batly siltäp yza çekdi we iki eli bilen egninden tutup gatydan siltedi hem-de:
-Leýla, eger birine aýdaýsaň öldürerin!
-Öldür. Eliňden gelenini et! Hemmesini aýdaryn. -diýip, ol ýöräp gitjek boldy, emma, Maksat ony saklap durdy.
-Goýber. Goýber diýýän saňa! -diýip, Leýla elini çekip aljak boldy ýene bolmady.
Leýla gülümjiräp:
-Göýbermeýäň-ä? Gaty gowy. Seret edişime. -diýip:
-Wa-aý... -diýip, gygyranam şoldy welin, sesi ýaňlanmanka Maksat onuň agzyny berk gysdy.
Leýla iki ýana urundy. Maksat ony ýere ýatyryp, agzyna iki elinem goýup, öňküsündenem beter gysdy. Leýlaň gözleri ýaşlanyp gitdi. Ol ýabany towşan ýaly iki ýana towusýardy. Emma, uly we daýaw göwre onuň üstünden, agzyndan basyp otyrdy. Maksat şunça Leýlaň agzyny beklese-de, onuň agysy bellibir derejede ýaňlanyp durdy. Maksat eýlesine-beýlesine seredip, näme etjegini bilmeýän ýaly aljyrap, biraz duransoň ellerini Leýlaň bokurdagyna geçirip onu bogup başlady. Özi hem onuň üstünde gowy ornaşdy...
Leýlaň gözleri hanasyndan çykaýjak ýaly bolýady. Iki ýana urunýardy, elleri bilen Maksadyň ellerini aýyrmaga synanyşýardy, aýaklary bilen iki ýana hereket edýärdi... Emma, sypar ýaly däldi. Onuň ýüzünde ökünç duýgusy dury suwa seredeniň ýaly adyň bolup durdy. Ýöne indi giçdi. Onuň hyk, kyk edip boguk sesi çalajadan eşdilýärdi...
Ine şol wagtam Leýlaň gülküsi ýaňlanyp gitdi we:
-Boldy, boldy, dur! -diýen sözleri eşdildi. Maksadam gülüp, kellesini yrap ýerinden galdy.
Şol wagt gapdaldan ses eşdildi:
-Beýtmäň-ä how! Leýla, gutaryp gelýädig-ä. bir minudam däl, ýarymam däl, on sekutjyk çydan bolsaň sýomkany dynýadyg-a. -diýip, rejisýor kellesini ýaýkap, bir elini beýleki eliniň aýasyna urdy we ýene sözüni dowam etdi:
-Leýla, Maksat, kameralar taýýar boluň!
-Gaýtadan.
-Mator...

Ahmet ARAZOW
Категория: Satiriki hekaýalar | Просмотров: 51 | Добавил: Ahmet | Теги: Ahmet Arazow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 2
0
2 Ahmet   [Mowzuga geç]
Başga bellik ýokmy?!

0
1 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Okanymy biderek etdiñizä awtor:)Nowella diýseñ nowella.Ýöne bizde mun ýaly kinolar düşürilmeýärmikä diýýän.Ýa internetde goýulýarmyka?
Ûýgeşijek sýužet bolupdyr özi.Berekella!

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: