18:35
Ýaş gelniň tehniki kömek kärhanasyna haty we şol hatyň jogaby
ÝAŞ GELNIŇ TEHNIKI KÖMEK KÄRHANASYNA HATY WE ŞOL HATYŇ JOGABY

Bir gezek, öz maşgalasynda ýüze çykýan meseleleri çözmekde halys kelebiniň ujuny ýitiren ýaş gelin, kim bilen geňeşjegini bilmän, kompýuter enjamlary boýunça tehniki kömegi ýerine ýetirýän kärhana henekli hat ýazýar. Mälim bolşy ýaly, şeýle kärhanalarda-da robotlar işlemeýär. Onsoň kärhananyň hünärmenlerem alçak gelne mümkin boldugyndan dogruçyl hem-de onuň hatynyň äheňinde wäşi jogap ýollapdyrlar. Ine şol hatlaryň ikisem:

Gelniň haty:

Gadyrly tehniki kömek berijiler!
Şu ýylyň başynda men özümiň “Maşgala” kysymly kompýuterimde öň ornaşdyrylan “Halaşýanym 5.0” kysymly programmanyň täze kämilleşdiriji goşundylaryny girizip, programmany “Ärim 1.0” kysymyna çenli kämilleşdirdim. Ýöne, täze programma üpjünçiligi herekete girenden soň biraz wagt geçirip, men tutuş “Maşgala” kompýuter ulgamymyzyň öňküsinden has haýal we pes derejede işläp başlandygyny ýüze çykardym. Esasanam, bu programmanyň “Halaşýanym 5.0” görnüşinde ýokary derejedäki tizlikde hereket edip gelýän “Çemen 1.1” hem-de “Sowgat 2.4” goşundylary düýbünden işlemesini bes etdiler.
Ondan başga-da “Halaşýanym 5.0” kysymly programmamy “Ärim 1.0” görnüşe çenli kämilleşdirenimden soňra onuň düzüminde öň bar bolan “Bälçireşme 9.5”, “Näzirgeme 10.10”, “Läliksiredilme 20.12”, “Aýdýanyň hemişe dogry 30.30” ýaly, juda peýdaly goşundylar bozulyp aýryldylar we olaryň deregine “Futbol 23.20”, “Hokkeý 01.30”, “Boks 02.50”, “Formula-1 03.40” ýaly düýbünden gerekmejek goşundylar öz-özünden biziň “Maşgala” kysymly kompýuter ulgamymyzda ornaşdylar we “Ärim 1.0” programma üpjünçiliginiň işjeňlik gorunyň agramly bölegini doly eýelediler.
Onuň deregine “Halaşýanym 5.0” kysymly programma üpjünçiligini “Ärim 1.0” programmasyna kämilleşdiriji goşundynyň lisenzion ylalaşygynda, haýal etmän ulgama ornaşdyrmak wada berlen “Hemişe bileje wagt geçirme 7.7”, “Öý işlerine kömekleşme 18.00”, “Näçe sowalga gerek bolsa alyber 30.01” ýaly iňňän gowy we kämil goşundylar, biziň kompýuter ulgamymyza düýbünden ornaşdyrylmady.
Men bu goşundylaryň ornaşdyrylmazlygy haýsydyr wirusyň täsiri zerarly ýüze çykandyr diýen çaklama bilen, “Ärim 1.0” programmamyzy “Iňirdi 40.40” antiwirus programmasy bilen bejermäge we ýaňky agzan peýdaly goşundylarymyzy ýüze çykarmaga synanyşdym. Emma, “Ärim 1.0” programmasyndaky bu näsazlyk meniň çaklaýşyma görä keseden ýokaşan wirus sebäpli däl-de, programmanyň elektron binýadynda ilkibaşda bar bolmaly. Çünki, meniň goýberen antiwirusym “Ärim 1.0” programmasyny bejermekden ejiz geldi.
Indem, men halys näme etjekdigimi bilmän, bu ugurdan ýokary taýýarlykly hünärmenler hökmünde sizden maslahat soraýaryn.
Gadyrly tehniki kömekçiler!
Men indi näme etmeli?

Ägirt uly hormat we örän çynlakaý umyt bilen,

Tamasy tala daňlan ulanyjy.

Tehniki kömek kärhanasynyň hünärmenleriniň jogap haty:

Mähriban Tamasy tala daňlan ulanyjy hanym!
Ilki bilen, şu aşakdakylary siziň dykgatyňyza ýetirmäge rugsat bermegiňizi haýyş edýäris:
Ygtyýarnama kitapçasyndaky ýazgylara laýyklykda “Halaşýanym 5.0” gysga wagtlaýyn häsiýetli, güýmenjelik programma üpjünçiligi bolup durýar. “Ärim 1.0” bolsa, ulanyjy tarapyndan degişli derejede serwis gözegçiligi amala aşyrylanda we tehniki gollanmalaryň talaplarynyň esasynda maksadalaýyk hem rejeli ulanylanda, uzak möhletleýin häsiýetli, binýatlaýyn programma üpjünçiligi bolup durýar.
“Ärim 1.0” programma üpjünçiliginiň ýokarda agzan “peýdaly we gowy” goşundylaryny herekete girizmek üçin, size “Özümi söýýänsiň öýdýärdim, hork.exe” kysymly elektron-bejeriş goşundysyny ulanmagyňyzy maslahat berýäris.
Eger-de bu elektron-bejeriş goşundysynyň “Ärim 1.0” programmasynyň siziň ýokarlandyrylan talaplaryňyza laýyklykda işlär ýaly etmegini isleseňiz, size görkezilen goşunda ýardamlyk “Gözýaşlar we Şumjarma 6.2” elektron goşundysyny hem özüňiziň “Maşgala” kompýuter ulgamyňyza ornaşdyrsaňyz islenilýän netijeleri gazanjakdygyňyzy öz tejribämize esaslanyp habar berýäris.
Görkezilenler bilen bir hatarda “Ärim 1.0” programmasynyň ulanyjylar tarapyndan ulanylmagynyň tejribesini iş ýüzünde başymyzdan geçiren hünärmenler hökmünde, ýokarda agzalan elektron-bejeriş goşundylarynyň “Müýnürgemäni oýarmak 23.10”, “Ökünç 24.00” goşundylary bilen bilelikde ulanylanda has ýokary netijeleriň gazanylýandygyny anyklandygymyza hem siziň ünsüňizi çekýäris.
Eger-de siz görkezilen bejeriş goşundylaryny öz “Maşgala” kompýuter ulgamyňyza dürs ornaşdyran halatyňyzda, onda size “Ärim 1.0” programmasynyň düzümine “Halaşýanym 5.0” programmasyndan kämilleşdirilip geçirilen “Çemen 1.1” we “Sowgat 2.4” goşundylarynyň hem öz-özünden elýeterli bolup başlajakdygyny mälim edýäris.
Ýöne, biz size ýene-de bir zady duýdurmaly. Eger-de siz “Ärim 1.0” programmasyny siziň isleýän derejäňizde dürs we kadaly işletmäge niýetlenen, ýokarda beýan edilen bejeriji goşundylary ýygy-ýygydan ulanyp başlan halatyňyzda, “Ärim 1.0” programmasynda “Gazaply dommarmak 10.00”, “Ülpetler 03.20” hem-de “Piwo 05.00” ýaly programmany öňküsindenem pes we haýal işledýän näsazlyklaryň ýüze çykmagy ähtimal.
Esasanam, “Ülpetler 03.20” we “Piwo 05.00” näsazlyklarynyň soňra bejermesi öte kyn wirus-programmasydygyny size duýdurýarys. Çünki, adatça, bu wirus-goşundylar bir gezek herekete girenden soňra olar soňam sebäpsiz ýerden öz-özlerinden herekete başlap, soňra “Ärim 1.0” programmasynda “Derde ýaramaz üflis 00.00” kysymly düýpli, binýatlaýyn näsazlygy emele getirýärler.
Onsoňam, ýene-de bir bellemeli ýagdaý, siz “Ärim 1.0” programmasyny öz isleýşiňiz ýaly çalt işletmek maksady bilen özüňizden öňki ulanyjylaryň “Kakam 5.00” programmasyny bejermekde gazanan üstünlikli tejribesinden peýdalanmak maksady bilen “Ejem 1.0” elektron-bejeriş goşundysyny, “Maşgala” kompýuter ulgamyňyza ornaşdyrmakdan zynhar saklanaweriň!
Sebäbi, bu goşundynyň örän çalt tutuş ulgamy dolandyrmak mümkinçiligini tutuşlygyna öz ygtyýaryna alýandygy soňky geçirilen barlaglaryň netijesinde ýüze çykaryldy.
Aýdylanlary jemlemek bilen, size ulanmagyň aňsatdygyna we gyzyklydygyna maýyl bolup, öz ulgamyňyza gaýtadan “Halaşýanym 5.00” programma üpjünçiligini hiç bir ýagdaýda ornaşdyrmaly däldigiňizi duýdurýarys. Çünki, “Halaşýanym 5.00” programmasy bilen “Ärim 1.0” programmasy bir wagtyň özünde bir ulgamda düýbünden hereket edip bilmeýärler we bu ýagdaý siziň “Maşgala” kompýuter ulgamyňyzy burugsap, ala-tütün bolup ýanmaga mejbur eder.
Iň esasy habar bermeli tehniki maglumatymyz bolsa, siziň “Maşgala” kompýuter ulgamyňyza ornaşdyrylan “Ärim 1.0” programmasy, çäklendirilen elektron we işjeň hakydasynyň bardygyna garamazdan, örän ygtybarly programma üpjünçiligi bolup durýar.
Size bolsa öz isleýän, ýokarda agzan “peýdaly we gowy” goşundylaryňyzy yzygiderli ulanmak üçin “Süýji tagamlar 88.88”, “Timarlanmak 23.00”, “Nepis içki geýim 23.30” ýaly, “Ärim 1.0” programmasyna has ýiti täsir edýän, ýokary derejede netijeli elektron goşundylary özleşdirip, öz ulgamyňyza ornaşdyrmagyňyzy maslahat berýäris.

Size özüňiziň “Maşgala” kompýuter ulgamyňyzda “Ärim 1.0” programmasyny peýdaly we netijeli ulanmakda ähli şowlulyklaryň hem-de lezzetleriň ýar bolmagyny arzuw etmek bilen, şeýle-de hiç haçan umytdan düşmezlik hakynda tüýs ýürekden dilemek bilen,

Tehniki kömek kärhanasynyň hünärmenleri

Çeşmesi: https://fit4brain.com/8985. 01.05.2021ý.
Terjime biraz üýtgedilip edildi.
Категория: Degişmeler | Просмотров: 151 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 4.0/1
Всего комментариев: 10
0
6 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Oňly düşünmämsoň näma guljegmi bilmedim

0
5 myhman   [Mowzuga geç]
gyzykly eken.

ýene bir gysgajyk jogap:

hormatly tamasy tala daňlan. ilki bilen iki zady size ýatladalyň.
1. siz özüňizi ulanyjydyr öýdüp ýalňyşypsyňyz. sizem maşgala komýuteriniň bir programmasy.
2. "ärim 1.0" programmasyndan tamakin bolmagyň özi hem, tama edýän zatlaryňa baglylykda, belli bir derejede, ýalňyşlyk.
häzirki döwürde "ärim 1.0" "aýalym 1.0" programmalaryndan düzülen kompýuterler juda gowşak bolýalar. oňam bilinýän bilinmeýän sebäpleri kän. üstünde işleýän hünärmenlerem bar.
biziňem käbir çaklamalarymyz bar.
1. programmalar heniz maşgala kompýuterini düzmänkäler tä-ä "ärim 1.0" programmasyna kämilleşjegini tapýança dowam edýän "halaşýanym 1.0", "halaşýanym 2.0", "halaşýanym 3.0", "halaşýanym 4.0"... programmalary bilen uýgunlaşjak bolýa. ol p-lar hem özleriniň diňe gowy, peýdaly taraplaryny görkezýäler. hatda özlerinde ýok gowy, peýdaly zatlary bar ýaly görkezmäge dyrjaşýarlar. ýaramaz taraplaryny gizleýärler. şeýdip birek birekde "tama" goşundysyny döredýäler. maşgala kom-i düzülensoň hemme taraplary görnüp başlaýar.
2. pro-laň haýsam bolsa biri (ýa-da ikisem) özüni ulanyjydyryn öýdýär.
3. pro-laň haýsam bolsa biri (ýa-da ikisem) özi üçin gowy, peýdaly hasap edýän zadyny "maşgala" kompýuteri üçinem gowy, peýdalydyr öýdýär.
başga-da sebäp kän.
gep uzatman indiki meselä geçeliň.
"maşgala" kompýuteri "jemgyýet" toruna baglydyr. ol torda bolsa "oýnaşym 9.9999999999999999999999999999999999999999" ýaly bir topar wiruslar bar. bu wirusyň "çemen" "sowgat" ýaly täsirlerem bardyr. şonuň üçin o zatlara gowy, peýdaly zatlardyr öýdüp ýörme. seresap bolmaly. programma özüniň esasy niýetlenen işleriniň esasylary bilen üpjün edýän bolsa, käbir zatlaryna göz ýumsaňam bolarmyka diýýäs.

öňler "ärim", "aýalym" programmalarynyň seriýasy kese ýatan sekizlikdi. aýratynam "aýalym" programmsy bu temada gaýratlydy. hatda, köplenç, programmalaň biri sandan çykanda-da.
indi çala sarsgyna tüsselejek bolup durlar durlar. şeýlede gyzyp işleýär.
sowadyjy bolmaly "gaýnene" "gaýnata" programmalary, indi tersine, has beter gyzdyrýar.

kompýuteriňize "çagalar 1,2,3,4" goşundysyny hem ýüklemegiňizi maslahat berýäs.
kompýuteriňizi aýaň. "çagalar 1,2,3,4" goşundylaryny ýükläniňizden soň, olary köýdürmäň. köýdürjek bolsaňyzam ýüklemäň.
size ýaşaýan kompýuterňiziň abatlygyny arzuw edýäris. biderek zatlar üçin "ärim 2.0" ýaly programmalar bilen uýgunlaşjak bolmaň. sebäbi başy "ärim" diýip başlaýan bolsa hemmesi meňzeşiräkdir.
iň howlysy "oýnaşym 9.9999999999999999999999999999999999999999"dyr. sebäbi ol wirus.

0
7 Bagabat   [Mowzuga geç]
Boljak. :-).
Ýöne, ýokardakydan tapawutlylykda, maslahatyň bu wersiýasynda tehniki kömek kärhanasynyň hünärmenleri näme üçindir öz konsultasiýalaryny ýumor bilen däl-de sarkazm bilen birneme gaharlanyp ýazypdyrlar.

0
8 myhman   [Mowzuga geç]
ýazyp bilemok-da serdar aga. bolmasa meňkem çyna berimsiz degişmedi : )

gyzykly bolsun diýip ýazaýdym. birem zenanlaram okansoň gelnejäňki 100 % dogrudyr öýdäýmesinler. başga taraplardanam (hatda meňkidenem başga) seretse boljakdygyny görkezeýin diýdim.

ýöne temaň aktual kemi ýok. jemgyýet maşgalalardan, maşgala adamlardan durýa. adamy hem maşgala terbiýeleýä.

znaçit, kilişä öwrülip, leji çykanam bolsa "sagdyn* nesil+sagdyn maşgala=sagdyn jemgyýet" diýýäleri dogry ýaly.

*bu ýerdäki sagdyn sözi giň manydadyr.

0
9 myhman   [Mowzuga geç]
şu ýokarky tehniki kömek kärhanasynyň hünärmenleriniň hemmesi ýa-da jogap ýazanlary zenanlar ýaly bolup dur. tutarygym

"iş ýüzünde başymyzdan geçiren hünärmenler hökmünde..."

0
3 Gurgencli   [Mowzuga geç]
Serdar aga, ýaltalyk keselinden saplanyp ýene-de hekaýa ýazyp başlapsyň, berekella:).

0
4 Bagabat   [Mowzuga geç]
O-how, @Gurgençli, bamyň inim? Ýitdiň-de gitdiň-ä! Janyň bir sagmy?!

0
10 Gurgencli   [Mowzuga geç]
Allaha şükür gowy. Telefonymy satyp kompýuter aldym şonuň üçin internede känbir girip bilemok. :)

0
2 Jhonson   [Mowzuga geç]
Вообще супер. Молодец! :)

0
1 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Gülüp gülüm içim gyryldy.Sag boluñ terjime edeniñize.Ömrüñiz uzak bolsun!Awtorsyz degişmemi?(gaty uzak bolansoñ soradym)ýa hakyky bolan zatmy?

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: