15:00
Betgüman / hekaýa
BETGÜMAN

Işgärler bölüminiň müdiri – özünden birki ýaş uly gelin, ony yzyna düşürip, işdeşleri bilen tanyşdyryp çykdy.
Işewürlik merkeziniň tutuş gatynda ýazylyp-ýaýrap oturan hususy kärhananyň hemme iş otaglaryna aýlanyp çykýançaňam wagt gerek.
Okuwyny tamamlandan soňam birki ýyllap bäbek bahanasy bilen öýde oturan tosun gelin, ýadawlykdanmy ýa-da birtopar nätanyş adamlaryň arasynda ýadyrgamakdanmy, iş ýerine baranyna mähetdel, el ýuwulýan otaga ýöneldi.
Birhaýukdan soň elini ýuwup durka, eli çäýnek-käseli başlygyň kätibi – orta ýaşlaryndaky görmegeý zenan işikden girdi. Elýuwarlaryň birine geçip, getiren zatlaryny ýuwmaga başlanyndanam alçaklyk bilen oňa lak atdy:
-Hä, täzeje, nädýäň? Girişip başladyňmy? Öwrenişýäňmi?
-Hawa-la,-diýip ol, gysgajyk jogap berdi.
-Wiý, a gyz, näme beýle keýpsiz-le? Ýa näme etmeli işiň, işlemeli ýeriň göwnüňden turmadymy?-diýip, kätip zenan içginsiredi.
-Äý ýok-la, gowu-la! Aýlygam gowy!-diýip ol, beýlebir gepleşesi gelmese-de, işe başlan ilkinji gününden özüne “domma, garasöýmez” diýdirmezlik üçin, özüne zor salybragam bolsa, soragy jogapsyz goýmady.
-Hawa. Kärhanamyzyň aýlyg-a gowudyr. Onsoňam, düýn başlygymyz söhbetdeşlik geçirende, her alty aýdan işeňňirligiňi görkezseň aýlygyň galdyrylýandygynam duýdurandyr-a?!-diýip kätip gelin, hamana iş ýeri barada däl-de, howlusyndaky ýylda ekiz-ekizden guzlaýan süýtlek sygry hakynda gürrüň berýän dek, nähilidir birhili süýjümtik guwanç bilen gepledi:-Kärhanamyzyň alyp barýan işgärler syýasaty şeýle! Işleýäňmi dişlemelem! Başlygymyz şeýtmek bilen işgärleri öz işlerine hasam yhlasly ýapyşmaga höweslendirýä!
Kätip hatynyň “başlygymyz”, “kärhanamyz” diýende sesinden dagy şire akdyraýjak bolup, şelaýyn gürlemesi, ony ünsli diňlesireýän gelne ýaramady.
“Bolan dagy bolaýyşjygyny! “Bäşlygymyz-z-z”, “kär-r-r-hän-n-nämiz-z-z” diýen bolup! Edil söýünip-buýsanyp, guwanyp-begenip, depesine täç edip, doýup bilmeýän ärjagazydyr-çagajyklary barada aýdyp berýän ýaly!” diýip, içinden kinaýaly oýlansa-da, daşyndan diňe:
-Hawa, başlyk hemme zady düşündirdi-diýmek bilen çäklendi.
-Hawa, şeýledir-le, hökman aýdandyr! Biziň şu başlygymyzyň her bir owunjak zada çenli hetjiklemegi eý göräýşini-i-i! Sen aýtmagyn jora jan! Hamana, özi şeýdip her bir jinnejige çenli ilik-düwme ýanjamasa, aýdan işi hökman ýalňyş-ýulňuş ediläýjek ýaly! Hi-hi-hi...-edip, çäýnek-käsesini ýuwup bolup, suwuny sarkyrýan kätip hatyn, keýpihon hikirdedi:-Ýöne, nämedir bir zady düşündirende hernäçe ýüregedüşgünç bolsa-da, bendäniň ýüreginde zat ýok-la! Çaga ýaly sada-la!
Gürrüňdeşiniň kärhananyň hojaýynyny ýakyndan tanaýan kişisiräp, öz-özüne mahabat berýäne çalymdaş sözleri, näme üçindir gelniň gaharyny getirdi. Şol sebäpsiz hem düşnüksiz gaharam onuň aňynda, kätip hatynyň şeýle buýsanýan başlygy hakynda nähilem bolsa ýakymsyz bir zat diýip, onuň guwanç aşyna sirke damdyrmak islegini döretdi. Bada-badam ol, özüniň näme üçin beýdýändigine-de düşünmän, ilkinji kellesine gelenini gepläp goýberdi:
-Wah, sadalygyn-a sadadyr-la welin, gelneje,-diýip ol, ýüzüne-gözüne timar berip, ýaşyndan has ýaş görünýän kätip hatyny, diňe zenanlaryň oňaryşy ýaly, assyrynlyk bilen “çakdy”:-ýöne, başlygam bolsa sypatyn-a seretmeýä ekeni! Garny alaň ýaly güberip dur, depesiniň tüýüniňem ýarysy ütülip aýrylana meňzeýär. Ondan-a, tekiz syrdyran bolsa oňat gelşerdi. Gözem semremekden ýaňa ýumlup gidipdir...
Gelniň bu gödek gepine kätip hatynyň ýüzüne kül urlana döndi. Gara-ört boldy. Gany depesine urdumy nämemi, ol dili tutulana dönüp, göz açyp-ýumasy salym söhbetdeşiniň göni garaçygyna dikilip durdy. Soňam:
-A gyz, beýdip, özüňe iş beren, indem elinden çörek iýmeli adamyň barada agzyňy-burnuňy towlap, gök beýniňe gelenini eňterip oturma, bolýamy?! Geleniň şu gün welin, eýýäm nan iýjek ýeriň eýesine at dakan bolup, özüňi nämedirin öýdýäň, hä?! Bilip goý, bu gezeg-ä geçireris welin, ýene-de bir ýola bujagaz şalpar diliňi salajyn goýberäýseň, bu jelegaýlarda uzak eglenmersiň! Hatda, zynjyra daňlan item ýal berýän eýesine üýrýän däldir, sen bolsa it däl-de adam ahyry!-diýişdirip, kätip hatyn, edil bir ýerlerine ot basylan dek, özüne bakyp duran gelne dil ýarmaga maý bermän, suňşuryp-suňşuryp, onuň al-petinden aldy-da, tasanjyrap, çykyp gitdi.
“Daýza! Näme beýle, agzyňdan ak köpük saçyp bagyryberdiň-le? Ýa, nä, başlyk garyndaşyň-ýakynyň dagymy? Ýa ol, garynlak pyýada-da başga bir, il gözünden ýaşyrynja hantamaçylygyň barmydy? Edil ýöne, mellegiňe daş atylana dönüp, tutaşyberdiň-le!” diýen awulyja, teýenelije jümleler diline gelse-de, ol hiç zat geplemäge ýetişmedi. Jarkyldap ýapylan gapa garap, kätip hatynyň bolşuna betgümanlyk bilen başyny ýaýkady-da, iş ýerine ugrady.
Dogrusy, ornuna geçip oturandan soň, birneme köşeşip, özüniň biderek ýerden ýaňy tanşan işdeşiniň göwnüne degenine müýnürgejegem boldy. Emma, bu hakda az-kem naşyja kellejigine agram salandan soň, başyny silkdi-de, işine gümra boldy. Misli, öz-özüne: “Bolýa-la. Jähenneme gitsin-le. Hemme zadam özünden. Mugt lukmadan tamakin güjük ýaly ýalym-ýulum eden bolup...” diýýäne çalymdaş.
Günortanky arakesmä ýakynlanda bolsa, bölüm müdiri geldi-de, elindäki resminamalary oňa uzatdy:
-Jigim, bar şuny kabulhana eltip gaýt. Başlyga gowşursynlar.
Ol sesini çykarman ýerinden turdy-da, tabşyrygy ýerine ýetirmäge ýöneldi.
Dälize düşelen galyň, ýumşak, gyzyl palasa köwşüniň ökjesini çomduryp gelşine-de, gapyny assaja kakyp, özüne çekdi. Ýarym açylan işigiň yşyndan içerik gözüni aýlan dessine-de, ýüzi boz-ýaz boldy.
Başlyk bilen hälki kätip hatyn ikisi dünýeden bihabar birek-birege gysmyljyraşyp durlar. Ol wejera bolsa bolup durşuna namys etmekden ýa-da özüniň iş ýerinde şeýdişip duranyna utanmakdan geçen, gaýta garynlak başlygyň içine giräýjek bolup, dykyljyraýar. Özem hälkisi ýaly, keýpiçaglyk bilen pessaýja kikirdeýär. Başlygam, eýemseklik bilen onuň gümmezekläp duran sagrysyny gysymlaşdyryp, sypaýar-da, onuň gulagyna nämedir bir zatlar pyşyrdaýar...
“Ogurlyk eden uýalmaz, üstüne gelen uýalar” diýleni.
“Häý, sypaty guramyş bisyratlar diýsäni!” diýip oýlanan gelin, ýaňaklaryny lap-lap gyzdyryp, gapyny tyrkyldadaýman haýaljakdan ýapdy-da, hyrra yzyna aýlandy.
“Hä-ä, asyl gör näme üçin, häldenem başlyga birki agyz söz diýenimde, bu haýasyzyň ýumry ýerine köz basylana dönäýdi!” diýip içinden käýinjiräp barşyna otly köýnek geýene dönen gelin, iş otagyna kürsäp girdi. Işigi içinden temmeläbem, kürsüsine özüni oklady.
“Hernä, Hudaý diýen ýerim, üstlerinden baranymy aňşyrmadylar! Ýogsa, it masgarasy ederdiler!” diýip içinden şükür etdi. Bu oýlanmasy ony biraz köşeşdirenem bolsa, beýnisinde emele gelen täze pikir ýene-de kalbyny howsalaly alas-gopaslykdan doldurdy.
“A birdenkä, o garynlak wejera, barypýatan aýalbaz bolup, öz kärhanasyna işe alýan hemme aýal-gyzlaryny, şol kätibi bilen edişi ýaly özüne “oýnawaç” edinýän bolaýsa nätjek?!”.
Bu çaklamasy ýaş gelni elheder aldyrdy.
“Hiýh! Toba-toba! Daş edewersin!” diýip, ol içini çekdi. Bada-badam onuň hakydasynda ýaňky pisint sahnaly, mejbur edişli gören çeper filmleridir, okan kitaplary, harassment hakynda internetden okan-gören zatlary janlandy.
“Wa-eý! Daş edewersin-eý! Gerekgä maňa-ha munuň ýaly iş! Hudaýa şükür, ärim ba, çagalam ba! Inni bir, kel kelleli, garry göherde oýnaş bolmanymda-da bir döwüm çöregimizi taparys-la!” diýip, ol gyssanmaç kompýuterini açdy. Göz açyp-ýumasy salymda klawiaturasyny ala-şakyrdy edip, öz islegi boýunça işden boşatmak hakynda arzasyny ýazdy. Arzasyna gol çekibem, işgärler bölümine eňdi.
Işgärler bölüminiň müdiri, onuň arzasyny somlap, öňünde ýüzüniň ganyny gaçyryp durşuna aňk-taňk boldy.
-A gyz, bi nä işe geleniň şu gün welin, eýýäm “çykjak, gitjek” diýip durmaň näme? Ýa nä, kärdeşleň biri göwnüňe dagy degäýdimi?!
Gurruk guýa agzyny tutup gygyrýan Isgenderiň sertaraşy deýin, onuňam şaýat bolan masgaraçylygyny kimdir biri bilen paýlaşasy gelip içini it ýyrtyp barsa-da, ol özüne zor salyp: “jukk” etdi.
-Ýo...men...neme...bärde işläsim gelmän galdy...-diýip, ol burnuna salyp eşidiler-eşidilmez myňňyldady.
-Hä, näme üçin?-diýip onuň bu gümürtik jogaby bilen kanagatlanmadyk müdir gelin çintgedi.
-Äý...neme-dä...-diýip, ol ýene-de myňňyldap, ýüzüni kese sowdy.
Şundan soň, bu ýerde nähilem bolsa juda gyzykly bir syryň-a bardygyny ýetmiş ýedinji zenan duýgusy bilen syzan müdir gelniň bilesigelijiligi lowlap tutaşdy. Ol ilgeziklik bilen ýerinden turdy-da, otagyň işiginiň gulpuny towlady.
-Hany, hol oturgyja geç hany, jora jan! Bu bolşuň-a bolmaýandan bolup dur. Şu iki aralykda näme bolanam bolsa aý dogan ýaly etmeseň, men-ä bü seniň: “äý ýöne, işden gitjek” diýýän myňňy-myňňyň bilen başlygyň ýanyna arzaňy eltip bilmen...-diýip ol ony aňyna-maňyna garaman oturtdy.
Soňam, bir çäýnek çaý içer salymyň içinde, jenaýat iş ýörediş kanunçylygynyň dilinde aýdylanda, hiç bir: “anyklaýyş geçirýän adamyň, sülçüniň, prokuroryň ýa-da kazynyň” elinden gelmejek inçeden ezber ussatlyk bilen, oňa hemme zady bolşy-bolşy ýaly aýtdyrmagyň hötdesinden geldi.
Gelin içini döküp bolandan soňam, onuň aýdýan zatlary aňyna ýetmedik ýaly birsellem sesini çykarman gözüni ýumjukladyp oturdy. Birdenem, içini tutup, “hahahaýlap” gülmäge başlady:
-Gyýw, jora! Ha-ha-ha...Dagy nä, o biziň haçan görseň başagaý başlygymyz, öz nikaly heleýiniň ýumşak ýerini sypaman kimiňkini sypasyn?! O bendeler, ikisi iki ýerden şu kärhanalaryny baýatjak bolup, gije-gündiz işde ýatyp-turup diýen ýaly hars urup ýörüşlerine, şu taýda gysmyljyraşaýmasalar, dagy nätsinler?! Öýlerine myhman ahyry, olar...Ha-ha-ha... “Harassment” diýdiňmi? Ha-ha-ha...Nirden tapýaň-a, bü nä jüre sözi?! Hä?!...
Birsalym arkan-ýüzin gaýşyp gülenden soňam, müdir gelin, gözüniň ýaşyny süpürip, özüne agzyny öweldip garaýan gelne kinaýaly nazar oklady:
-A gyz, bujagaz gepleňňi başgalaň ýanynda bir agzyňdan sypdyraýmagyn! Gelnejemiz eşitse ýaman görer. O hälki el ýuwulýan otagda aýdanlaňň-a ol: “bilmezlikden, tanamazlykdan aýdylan gepdir-dä” diýip, içinde kitüw saklap ýörmez welin, soňky gürrüňiň üçin-ä ondan oňlulyk tamasyny etmegin...Hi-hi-hi...Gör-ä, sen görgüliňem, şeýtan pyglyna aldanyp, görmesiz zatlary görşüňi diýsene...
Özüne berilýän ündewe ýetişibildiginden baş atýan gelin, özüniň “Ajygan ölmez alňasan öler” edip, gaýa ýok, gopuz ýok ýerinden dowla düşüp ýörüşinden utanjyna, burç kimin gyzarýardy.
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 135 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 19
0
19 Jumjume   [Mowzuga geç]
Sergezdan,siziñ bolşuñyz hemmeler tarapyndan unudylyp,indem iliñ ünsüni çekmek üçin,"üýtgeşik biri" bolup görünmek ün,her dürli ýoly deñeýän birine meñzeýäñiz. Bu ýagdaý günbatarlylañ ösüp gelýän ...ýeleñlerinde köp gabat gelýär

0
13 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Elena, gulagny tut, hoş soz aytjak sana

0
Aydyber diñleyäs

0
Indi size bir sorag bar. Durmuşda şeýle hadysalaryñ näçe sanysy edil şu hekaýadaky ýaly gutarýar?

0
17 Bagabat   [Mowzuga geç]
Meniň pikirimç-ä, durmuşda munuň ýaly hadysa beýle tamamlanaýmazdy. Işgärler bölüminiň müdiri hökman baryp başlygyň aýalyna eşiden gürrüňini buşlardy. Olam el ýuwulýan otagdaky ýaly sesini çykarman, gaharyny ýuwdup gidip bilýän "dana aýal" bolup çykmazdy-da, bu işgäriniň depesini deşmäň bäri ýanyna barardy.

0
:D :D

0
Men yarsysyny okamankam, şeyle bolup çykjagyny bildim.

0
9 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Soňra men işden cykardylar weli, ol mana jan etmesi galaydy. Elbetde işsiz adam kime gerek? Ol şu wagta cenli menden habaram tutmady, belki ol ölendir, ya-da ol başganyn ugrunda koyip yorendir, kim bilyar. Eger ölenem bolsa men ona gynanmazdym. Sebabi normal yagday ahbetin

0
Seniñ ýeriñe barandan sorap goraymeli ekeniñ oña näme bolanyny

0
8 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Yene bir gezek ol mana "Aman men seni Hindi Aktiyor Harshwardhan Ranne" menzetyan diydi. Menem ona, menem seni Mawra Hokin'e menzetyan diydim weli, ol hasam mana berildi. Ol yene mana "Aman sen meni soyyanmi" diydi weli, menem elbetde yok diydim weli, ol mana geo galdy. Şondan son ol meni nace soymezlik kararna geljek bolsada, ol duygularna bäs gelip bilmedi

0
7 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Nähili uly başarnyk!

0
6 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Bir wagtlar edarada işleyan dowurlem, Selbi atly işdeş gelin bardy, ana şol ilki wagtlar edara öwrenşman, işdeşleri halaman işi taşlamakcydy. Soňra men onyň gözni başny aylap, mazalyja özume öwrenşdirdim welin, ol indi dine menin ucin işe höwesli gatnayan bolaydy. Bir gezegem men ony dana cenli begendirdim weli ol mana "Aman men senin ucin öz ärimden gecmane tayyn" diyip zol zol gaytalayan bolaydy

0
5 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Gyzyklyja bolupdyr,Serdar daýy.Ýöne şu hekaýa däl de nowella diýsek gowy bolaýjak ýalymy?
Menä eýýäm öwûp başlandan añdym šol aýalyñ ýoldaşydygyny.O gelniñ görenden soñam kellesine gelmeýşini diýsene.Arza ýazmaka ondan mundan gyzyklanyp göräýmeli ekendä.Beýdip üstünden güldürip ýörenden.

0
16 Bagabat   [Mowzuga geç]
Durmuşda bolan waka bolandygy üçin, "gördüm" diýsem-ä ýalançy, ýöne eşidişim ýalyrak edip, sähel owadanlap ýazaýdym-la. "Men-ä ýylgyrtdy. Belki, okanam ýylgyrdar" diýen niýet bilen. Ýöne, bu nowella däl.

0
4 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Edella

0
3 mango   [Mowzuga geç]
Serdar däde. ýüz berseň ýüzin düşýä diýme (manysyny doly bilemogam welin, şular ýaly ýerde diýilýän bolmaly), ýöne şu dialog meselesi.... dialoglary biraz "adamlaşdyrsaň" gowy dälmi?
meselem, tualetdäki gürrüň:
-Hawa. Kärhanamyzyň aýlyg-a gowudyr. Onsoňam, düýn başlygymyz söhbetdeşlik geçirende, her alty aýdan işeňňirligiňi görkezseň aýlygyň galdyrylýandygynam duýdurandyr-a?!-diýip kätip gelin ...gepledi.
-Kärhanamyzyň alyp barýan işgärler syýasaty şeýle! Işleýäňmi dişlemelem! Başlygymyz şeýtmek bilen işgärleri öz işlerine hasam yhlasly ýapyşmaga höweslendirýä!

"altyn asyrda" kino edip görkezilmejek bolsa, personažlary edil doly we dogry gepletmek biraz sowuk eşdilýär. hetdim ýok, ýöne özümçe şeýleräk edip gördüm:

-Hawa. Bärde aýlyg-a gowja berilýändir. Onsoňam, başlygymyz bilen gepleşeňde, gowja işleseň her alty aýdan aýlygyň galdyrylýandygyny duýdurandyr-a?!-diýip kätip gelin ...gepledi.
-Kärhanamyzda işgärleriň gadyry bilinýändir! Işleýäňmi dişlemelem! Başlygymyz şeýdip işgärleri hasam yhlasly işlemäge höweslendirýä!

0
15 Bagabat   [Mowzuga geç]
Gowy wariant, sag bol. Ýöne, bir gezek düzedeniň bilen bolmaýar-da. Muňa özüňi endik etdirmeli-dä. Gurbannazaryň: "Ölinçäň özümizi ýonup ýörmeli" diýşi ýaly, elmydama "hyrdalabermeli". Resmi dile bolsa halys endik edipdiris. Sebäbi şol dilde kän ýazylýarmy nämemi.
Ýene-de bir gezek minnetdar.
Ýüz bolsa beriber. Bizem ýaşlar aýtmyşlaýyn: "ýüz berilse iki ýüz soraýanlardandyrys". Smaýligi halamasaňyzam, ol jümläniň nähili äheňde aýdylandygyny sözsüz has gowy beýan edýär. Şonuň üçinem :-).

0
1 mango   [Mowzuga geç]
Serdar daýy, "Işewürlik merkeziniň tutuş gatynda ýazylyp-ýaýrap oturan hususy kärhananyň" özüniň aýratynja kuhnýasy ýokmyka, naharyny gyzdyryp gap-gaçlaryny ýuwar ýaly? çäýneklerini tualetdäki gyranda getirip ýuwmalary welin gelişmeýenden bolup du.

osoňam, işe girjek we işden çykjak arzalary (hemem awtobiografiýa) ýaňlyşmasam от руки ýazylýan bolmaly. sowet döwründä şeýledi. indi üýtgäp, kompýuterde ýazsaňam bolýan bolup duran bolmagam ahmal.

biderejik, ähmiýetsiz detalam bolsa, detalda.
minnetdar.

0
2 Bagabat   [Mowzuga geç]
Dogry. Ýöne, özümiň işlän köp ýerlerimde aşhana ýokdy. Soňky gurulýan binalarda bar. Emma, aglaba köp ýerlerde isleseň-islemeseň gap-gajy şol ýerde ýuwmaga mejbur bolunýa. Köpgatly binada daşaryk nädip çykjak?
Arza meselesinde, kompda ýazylýan ýerleri kän.
Üns bereniňe sag bol.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: