10:02
Ukusyz gije
UKUSYZ GIJE

Çary Nurymowa

Köçe şagalaňyn zyňdy birýana,
Çagalaryň eýýäm uklany-da ba.
Sen bolsa işiňe başladyň ýene,
«Do re mi fa...
Do re mi fa...»

Ne beýle, ne beýle tiz geçýär wagt,
Akyp dur, atyp dur misli bir derýa.
Tersine, iş bolsa önenok bu gün,
«Do re mi fa...
Do re mi fa...»

Käte gaharlanýaň, käte ýylgyrýaň,
Käte maňlaýyňda der peýda bolýa.
Bu zatlardan habaryň ýok, hiňlenýäň:
«Do re mi fa...
Do re mi fa...»

Diňe Daň ýyldyzy ýaldyrýar gökde,
Galany bir mahal gidipdir umma.
Sen bolsa galamyň çeýnäp otyrsyň:
«Do re mi fa...
Do re mi fa...»

«Goý bu gije geçse geçsin hasylsyz,
Bes bu gün dörese «Do re mi fa...»-sy.
Erjellik şeý diýýär: «Ýazylar erte.
«fa, sol, lýa, si...
fa, sol, lýa, si...»

Italmaz NURYÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 27 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Italmaz Nuryýew | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: