04:51
Çagalyk bilen duşuşyk
ÇAGALYK BILEN DUŞUŞYK

– Çepiksije oglan,
Hortaňja oglan,
Daýanyp inçejik baldyrlaryna,
Salgyma öwrüljek bolma sen, eglen,
Onsuzam belet men ýyndamlygyňa.

Gaçma-da,
Geç otur duzdur-çörekli,
Naz-nygmatdan doly saçak başynda.
Şokolad gerekmi,
Kemput gerekmi,
Seniň bar islegiň berjaý bor şonda.

– Şokolad diýýänňe,
Kemput diýýänňe
Düşünemok,
Olar nämedir-näme?
Bize birje käse un gerek diňe,
Garar ýaly ýygyp gelýän selmäme.

Başga zat gerek däl,
Goý, galsyn saňa,
Besdir bulamakdan,
Selmeden doýsam.
Aýt, neçüýn geň galyp bakýarsyň maňa,
Şolardan süýji zat barmydyr eýsem?

– Çepiksije oglan,
Hortaňja oglan
Ähli-pikirlerňi uçuryp. serden,
Nämedir gözleriň ýollara baglap,
Hem neçüýn tisginip gidýärsiň birden?

Ysgyn ýok aýakda.
Ysgyn ýok golda,
Şonda-da syrbermän, ýüwrüp gezýäň sen.
Gündiziň geçirýäň niçiksi balda,
Gijelerne nähili düýş görýäň sen?

– Wolganyň boýunda şuwlaýar gülle,
Bomba-da ýarylýar...
Tisginýän birden.
Nätjek-dä, gözlerim ýoldadyr-ýolda,
Meň esger kakama garaşýan her dem.

Wagtym ýok ejizlik derdin çekmäge.
Işim kän,
Ondan-da kändir yhlasym.
Huşumda howlukýan ýigit çykmaga,
Düýşümde geýýärin lybasyn.

– Çepiksije oglan,
Hortaňja oglan,
Seniňem ýüregiň däl ahyr daşdan.
Aýt, neçüýn käteler aglaýan çaglaň
Gözýaşyň gizleýäň töwerek-daşdan?

Ýene-de bir haýyş,
Meniň sözlerme
Geň galma
Hemem kän sowal berenmi
Bagyşla-da, seret hany gözlerme,
Heý, tanyş ýüzüňe meňzeýärinmi?

– Aglaýaryn käbir deň-duşlarymyň
Görmejegin duýsam kakasyn gaýdyp.
Şonda ejemjandan gözýaşlarymy
Gizleýän, ol hasam örtener öýdüp.

Saňa-da belet men,
Juda belet men,
Sen meniň dowamym...
Ýöne bil, şahyr,
Ýanyňa barmaga milt edip bilmen.
Çünki ikimiziň aramyzda, gör,
Otuz ýyl çemesi wagt ýatyr ahyr.

Italmaz NURYÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 39 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Italmaz Nuryýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 2
0
2 mango   [Mowzuga geç]
gowy goşgy.
---
daşoguzly bir ýaşulyň gürrüňi ýada düşdi.
olam uruş döwrüniň çagasy.
goýun bakyp (ýa-da oýnap) ýören ýarym-aç çagajyklar bolsady ekýämişler, "men Stalin bolsam näme ederdim" diýip.
şonda çagalaryň biri: Stalin bolan bolsam, gara çörekdenä doýardym" diýýämiş.
kyn döwür, kyn çagalyk...

0
1 Jumjume   [Mowzuga geç]
Öz çagalygyñ bilen ýüzleşmegi suratlandyrýan ajaýyp goşgy!

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: