04:41
Seret sada göz bilen
SERET SADA GÖZ BILEN

Darykma hiç, alñasama durmuşda,
Alñasanyñ alçy gopmaz aşygy.
Zeýrenmegin, çünki jomartdyr ykbal,
Bäşiñ alsa, berer ýigrim bäşini.

Käbir zada seret sada göz bilen,
Köp gapynyñ açarydyr sadalyk.
Gury saman ýaly bir otluçöpe,
Ýa bir söze gidiberme "ot alyp".

Ruhdan düşürmesin zerur wagty hem,
Pursady döredip bilmeýänligiň.
Belki, şat bolşudyr sabyrlylaryň,
Amatly wagtyňy peýleýänligiň.

Kabul et käteler görüşiň ýaly,
Kä azaşar öñki çygyrdan aşýan.
Bu pany dünýäniñ jedeli şeýle,
Çylşyrymly baksaň çylşyrymlaşýar.

Kerim ATÇAPANOW.

30.04.21 ý.
Категория: Goşgular | Просмотров: 48 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Kerim Atçapanow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 2
0
2 mango   [Mowzuga geç]
Bu pany dünýäniñ jedeli şeýle,
Çylşyrymly baksaň çylşyrymlaşýar.

Näme üçin “jedeli?”
—-
Gyzykly.
„Всё гениальное просто, и всё простое гениально. Маленькому человечку нравится скрывать свою ничтожность за сложными вещами.“
Йозеф Геббельс (gitleriň propoganda ministri)

„Жизнь не сложна. Мы сложны. Жизнь проста, и простая вещь - правильная вещь.“
Оскар Уайльд ирландский поэт, драматург, писатель, эссеист

0
1 Jumjume   [Mowzuga geç]
1 2 bentlerini okaýakam:"Uff,ýene-de akyl satmalar" diýenem bolsam,soñyny okap,aýdanymy gaýdyp aldym.
Haladym

"Çylşyrymly baksaň çylşyrymlaşýar. "
bu setirler Konfusiýni ýatlatdy:"Aslynda durmuşda ähli zat añsat,biziñ özümiz ony kynlaşdyrýarys"

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: