02:23
Täsin joram Annagül / hekaýa
TÄSIN JORAM ANNAGÜL

Uniwersitete okuwa girdim.
Ilkinji tanyşlyk. Täze joralar.
Sentýabrdan birki gün öň umumy ýaşaýyş jaýyna baryp, ýatmak üçin otag aldym. Meniň ýerleşen otagymda menden başga-da üç gyz bar eken. Men dördünji gyz boldum.
Tanyşdyk. Sentýabr güni okuwa başladyk. Otagdaky gyzlaryň içinde Annagül atly bir gyz turuwbaşdan biziň hemmämiziň ünsümizi özüne çekdi. Ol aýratyn-da meni haýran galdyrdy. Alçakdy. Galjaňdy. Çaý içmekçi bolsak hem «Kitire suwy özüm güýup gelerin, çaýy özüm demlärin. Siz oturyň, men ederin» diýip, ähli işi öz üstüne alyp durdy. Ol nahar bişirmäge-de ýaltananokdy, otagy arassalamagam kyn görenokdy. Poly ýuwýardy. Bazara, magazine gidip, çöregi, gök-sögi, beýleki gerekli zatlary özi alyp gelerdi.
— Siz oturyň, gyzlar, ähli getirmeli zatlary özüm getirerin —diýip, ol bizi haýran galdyrardy.
Birki hepde okanymyzdan soň, üýşüp, käte kino gidip başladyk. Kino barlan çagy hem Annagül bizi çetde saklap, biledi özi alardy. Ol biziň hemmämizi gowy görýärdi. Aýratyn hem ol maňa ýapyşak bolup ýapyşdy. Kino gitsegem, okuwa gitsegem, ol meniň goltugymdan tutup ýörärdi. Bir ýerde dursagam, maňa ýelmeşer durardy. Ýa gujaklap durardy, ýa golumdan goluny geçirip durardy. Ýa-da meniň goşa örülen saçlarymy oýnap-sypap durardy. Men käte oňa gatyrganardym:
— Annagül, sen meniň ýüregime düşjek bolýaň. Maňa kän dykyljyramasana. Saçymam elleme. Saç oýnasyň gelse, özüňde-de bar-a saç. Özem seniň saçyň hemmäniňkiden uzyn.
Dogrudanam, Annagülüň saçlary biziň hemmämiziň saçymyzdan uzyndy. Dyzlaryndan geçip durdy. Şonda-da ol biziň saçymyzy oýnamagy gowy görerdi. Aýratyn-da meniň saçymy köp oýnardy. Tebigatyň kanuny şeýle: gyzyň gözi oglanda, oglanyň gözi gyzda.
Aýratynam, ýaşlykda oglanlaryň, gyzlaryň biri-birini synlamasy, biri-biri bilen tanşasy gelmesi ýaly wakalar kän bolýar. Gyzlar oglanlary biparh goýanok. Geýnüwlije, edeplije oglanlara gyzlar hem göz astyndan ogryn-ogryn bakýar. Göwünlerine ýaraýan gyzlara oglanlaryň lak atasy gelýär. Bir gün okuwa gidip barýardyk. Annagül meniň elimden tutup, maňa gysmyljyrap barýardy. Şol wagt biziň gapdylymyzdan ýöräp barýan ýigitleriň biri bize gep goşdy:
— Salam, gyzlar. Annagül ýigide gözlerini alartdy, ýöne oňa jogap bermedi. Men ýigidiň salamyny aldym:
— Salam.
Annagül maňa käýedi:
— Her bir geçip barýanyň gepini diňläp, salamyny aljak bolup dursaň-a saňa kyn bolar, gyz. Ondan ýöräber öz ugruňa.
Men Annagüle pessaý jogap gaýtardym:
— A gyz, bolşuň nähili seniň. Salam bereniň salamyny almaly bolar-a.
— Hökman däl tanamaýan kişiň salamyny almak — diýip, Annagül sesini gataldyp, gödek gepledi. Soň bolsa bize salam beren ýigide azgyryldy.
— Bar, öz ýoluň bilen ýöräber. Bize seniň salamyň gerek däl. Ýigit bizden ara açyp gitmedi. Ol hem uniwersitete barýardy. Studentligi, uniwersitetiň bir fakultetinde okaýanlygy bildirýärdi. Golunda student portfeli bardy. Özi biziň gapdalymyz bilen ýöräp, biziň barýan ugrumyza barýardy. Ol indi Annagüle ýüzlendi:
— A gyz, görküňem erbet däl, saçlaryňam uzyn eken. Ýöne şonda-da seni hiç kim söýmezmikä diýýän. Sebäbi seniň gylygyň erbet eken. Berlen Taňry salamyny alarlar-a, a gyz!
— «Seniň salamyň gerek däl» diýip, aýtdym-a men saňa — diýip, Annagül ýene ýigide gödek jogap berdi.
— Senem bir söýüljek zada meňzäňok. Senem biri söýer öýdemok men. Pyşdyl ýaly bolup. Özüňem ýok bol şu ýerden.
Annagülüň ýigidiň ýanynda beýle edepsiz gürlemeginden men utandym. Gapdalymyzdaky joralarym Annagülüň sözüne gülüşdiler. Men bolsa oňa ýene köşeşdiriji sözleri aýtdym:
— Annagül, uruşma oglan bilen. Aýyp bor-a oň ýaly sözleri agzasaň.
— Öz ugruna gitsin agzatmajak bolsa — diýip, Annagül ýene hüňür-hüňür etdi. Ýigit hem ondan kem galmady. Ol Annagüle:
— Meni söýjek adam kän. Sebäbi meniň adamçylygym gowy. Men seň ýaly gödek däl — diýdi.
— Ine, mysal üçin tanşanymdan soň seniň şu joraňam söýer meni.
Annagül meniň golumy goýberdi-de, ýöremesini goýdy. Ýigidiň alkymyna dykylyp bardy. Oňa:
— Meniň joram seni söýmez — diýdi.
Ýigit öz ýoluna gidibermedi. Ol hem Annagül bilen kejeşmäge durdy:
— Söýer seniň joraň meni.
Annagül birden ýigidiň ýakasyndan tutdy-da, ony itip goýberdi. Annagülde şeýle bir güýç döredi. Annagülüň itmesinden ýigit arkanlygyna entirekledi. Birdenem büdräp ýykyldy.
Men Annagüle ýapyşdym:
— A gyz, «Utanaňokmy ýigit bilen uruşmaga» diýýän-ä men saňa. Ýör indi, dawalaşma. Ýigit ýerinden turup, üst-başyny kakyşdyrdy-da, gaty-gaty ýöräp, bizden ara açyp gitdi.
Gidip barşyna hüňürdedi:
— Däli gyz diýsä. Däli öýdýän bi. Şunam bir betbagt alar bir gün.
— Indi bi oglan şu töwerekde hiç kim bilen söýüşmänjik geçer — diýip, Annagül oglanyň yzyndan seredip barşyna ýylgyrdy.
— Näme üçin ony beýtdiň, Annagül — diýip, men ýöräp ugramyzsoň, ýene Annagüle igendim. - Belki, ol gowy oglandyr. Tanyşsa, belki, meniň ony söýmegim mümkin. Gyz maşgala ahyr birine barmaly ahyry.
— Okuwyňy gutarýançaň hiç kimem söýeňok sen — diýip, Annagül maňa käýedi.
— Sen okuwa geldiňmi ýa söýüşmäge?
Annagülüň sözüne iki joram güldi. Men bolsam, Annagüli iten boldum:
— Waý-waý, ine, maňa garawul gelipdir. Sen näme, meniň ejemmi ýa kakammy, a gyz?!
— Ikisem — diýip, Annagül bir bolşuny saklap gepledi. Ýylgyrjagam bolmady. — Haýsy diýip, kabul etseň, edäý meni.
Men ýylgyrdym:
— Bolýa, men saňa «kaka» diýäýjek. Sebäbi ejem-ä birini söýüp, ýalbarsam, onuň bilen duşuşyga-da ibermegi mümkin. Kakam bolsa asla söýüşdirmez. Ol asyl oglana tarap seretdirmezem.
— «Diýäý «kaka» diýip» durun-a men — diýdi-de, Annagül ýene meniň goltugymdan tutdy.
— Oglan bilen gepleşmegem gerek däl, tanyşmagam.
— Bolýa, kaka jan — diýip, men Annagüle jogap berdim.
Uniwersitetde okanlar bilýändir, uniwersitetde mekdepdäki ýaly belli bir partada okamak düzgüni ýok. Uniwersitetde her kim islän partasynda, islän kişisiniň ýanynda oturybermeli. Sulhy alan oglan gyzyň ýanynda, gyz oglanyň ýanynda oturyberýär. Bir sagatda biriniň ýanynda otursaň, ikinji sagatda ýene başga biriniň ýanyna geçip oturyp bolýar. Kursdaşlar-da. Kursdaşlar hem edil klasdaşlar ýaly, biri-birine dost, mähriban bolýarlar. Ýolda bize lak atan ýigit bilen gaharlanyşyp baranyndanmy-nämemi, Annagül auditoriýa girenimizde hem gaharlydy, keýpsizdi. Biz dört jora bolup, dördimizem bir parta çökdük. Leksiýa geçilýän auditoriýalaryň partalary-da köp student ýerleşer ýaly, uzyn-uzyn bolýar.
Auditoriýanyň içinde öňden yza üç hatar edilip goýlan partalaryň hersinde sekiz-on adam bolubam ýerleşip bolýar. Ýeke oturasy gelýänler iň yzky partalarda ýeke öýliniň horazy ýaly, ýeke-de oturyp bilýär. Jaň kakylyp, mugallym gelmezindan öň studentler degşip-gülşüp, partalarda ornaşýardylar. Biziň oturan partamyza kursdaş oglanlaryň biri gelip oturdy. Özem meniň gapdalymda oturdy.
Onuň meniň gapdalymda oturasy geldimi ýa-da tötänden oturdymy, kursdaşyň ýanymyza gelmegine Annagülüň myrryhy tutdy. Kursdaş gelip oturdy welin, Annagül oňa ýüzlendi:
— Eý, bar başga parta geç.
Annagülüň bolşuna kursdaş aňk-taňk boldy.
— Näme üçin? — diýip, Annagülden gözlerini tegeläp sorady.
Annagül oňa-da godeklik bilen jogap berdi:
— «Geç» diýlende geç-dä. Uçini bilen näme işiň bar?
Kursdaş ýerinden turmady:
— Näme üçinligini aýtmasaň, geçjek däl. Nirede oturylanda näme saňa?! Annagül dazzarylyp, ýerinden turdy-da, ony itdi:
— Gyzyň ýanynda oturasyň gelýän bolsa, geç meniň ýanyma. Güljemalyň ýanynda oturmak bolmaýa.
Annagülüň diýýän sözlerine kursdaşyň agzy açyldy:
— Ikiňizem gyz. Tapawudy näme haýsyňyzyň ýanynda oturanymda.
Annagülüň bolşuna biz gyzlar bolup, mys-myslaşyp gülşüp başladyk. Annagülüň bolşy urşa ýazarlydy. Ýöne kursdaş adamkärçilik etdi. Ol ýerinden turdy-da, hemmämiziň öňümizdäki ýörelýän ýoljagazdan geçip, Annagülüň ýanyna baryp oturdy.
— Boldumy indi?—diýip, Annagülden sorady.
— Boldy — diýip, Annagül ornaşykly oturdy. Kursdaşa ýüzlendi. — Seni gujaklabam oturaýynmy?
Kursdaşyň ýene gözleri tegelendi:
— Eý, Çüriýewa, bolşuň nähil-aý seniň. Men hiç kim bilen gujaklaşmaga gelemok. Ýöne gelip oturaýdym şu partada.
Onýança Annagül kursdaş oglanyň boýnuna gol saldy. Biz Annagülüň bu bolşuna hikirdeşip gülüşdik. Kusdaşymyz gyz maşgalanyň öz boýnundan aslyşmasyna hasanaklap ýerinden turdy-da, biziň partamyzdan gitdi. Yzky partalaryň birine geçip oturdy.
— Däli-leý sen, Çüriýewa — diýip, hüňürdedi.
— Däli bolsam, gelmäň meniň ýanyma — diýip, Annagül ol kursdaşa jogap berdi.
— Şu gyzlaňňam ýanyna oglan gelmeli däl. Men goraýan olary.
— Sen olaryň ejesimi?—diýip, meniň ýanymda oturjak bolan kursdaşymyz Annagülden sorady.
— Kakasy — diýip, Annagül oňa jogap berdi.
Annagülüň bu sözüne töwerekde oturanlar gülüşdi.
— Gyzlaryň ýanyna oglan eltmeseňem, özüň-ä oglany gujaklabam dursuň. Oglan bilen gürleşmek saňa bolýar-da, beýleki gyzlara bolanokmy?—diýip, kursdaşlaryň başga biri Annagüle gep goşdy.
— Maňa bolýar oglan bilen gepleşmegem, gujaklaşmagam — diýip, Annagül hondanbärisiräp gepledi. — Başga gyzlara bolanok.
Mugallym gelip, sapak başlansoň, hemmeleriň sesi galdy. Annagül nahar iýip otyrkak, çaý içip otyrkak, ýa-da sapaklary okap bolup, ýöne mesawy gürrüň edip otyrkak, bizi synlar oturardy. Ol bize şeýle bir gözüni dikýärdi welin, gözleri içimizden geçip barýardy. Hatda onuň gözlerine seretmäge bizde ragbat bolmazdy. Onuň gözlerinden nazarymyzy sowmak üçin bir tarapa bakan bolardyk. Ol bolsa bizi synlap oturyşyna biziň herimiziň synamyz hakda bir zat diýerdi:
— Güljemalyň aýaklary owadan. Tawusyň agzy owadan. Geplemän, iýip-içmän, ýöne otyrkaň seniň agzyň açylmadyk gunça meňzeýär, Tawus. Jereniň gözleri owadan.
— Seniň nirän owadan?—diýip, biz hem onuň öz üstünden düşerdik. — Hany indi özüň hakda-da aýt-da.
— Meniň nirämiň owadanlygyny siz aýtmaly bolarsyňyz-a—diýip, Annagül bize ýylgyryp bakardy. — Nirämiň owadanlygyny meniň özüm aýdyp bilmen-ä.
— Ýok, aýt niräň owadanlygyny—diýip, biz ony gününe goýmadyk. — Gyzlar aýna bakyp daranýarlar, garanýarlar. Özüniň haýsydyr bir owadanlygyndan razy bolup, geýnip, toýa, okuwa çykýarlar. Senem öz gözelligiňi duýýansyň-a.
— Meniň beýnim owadan—diýip, Annagül bizi gülüşdirdi. — Ýöne ol kellämiň içinde bolansoň, ony hiç kim duýanok.
Annagülüň hem öz owadanlygy bardy. Ýöne ol agajetdi. Hordy. Horlugyndan ýaňa onda iliň gyzynda bar zat hem ýokdy. Döşüniň galyp duran ýeri ýokdy. Döşi tep-tekizdi. Käte gyzlar oýun edip, oňa degerdiler:
— A gyz, Annagül, sen durmuşa çyksaň, çagaňy nädip emdirerkäň? Sende çaga emdirer ýaly zadam-a ýok. Ol biziň diýýänlerimizi gaty görmezdi. Biziň beýle sözlerimize ýylgyrardy.
— Çagamy her gün biriňiziň üstüňize eltip emdirderin—diýerdi.
Annagülüň jüýk burny bardy. Gözleri uludy, ýitidi. Ýöne näme üçindir onuň gözlerinde gussa bardy. Gözleri pikirlidi. Ol nirädir bir ýere seredip otyrka-da pikire batar oturardy. Ol käwagt meni gujaklap oturardy.
— Seni gowy görýän, Güljemal. Otaga gelip giren pursadyňdan seni gowy gördüm — diýip, ol maňa ýapyşanda aýdardy.
Kä günem ýatyrkam, meniň krowatyma münüp, meniň ýanymda ýatardy:
—Bile ýataly-la. Gowy bolýa. Men özümi şeýle gowy görýän joramyň göwnüne degmejek bolup, onuň ýanymda ýatmagyna zat diýmezdim.
— Ýataý ýanymda — diýerdim.
Ol meniň ýanymda süýnerdi hem meni gujaklap ýatardy.
Men oňa degýärdim:
— A gyz, Annagül, daşary ýurtlylara öýkünjek bolýaňmy sen? Joraň bilen nikadan geçäýjek bolýaňmy?
- Geçsem geçerinem: — diýip, Annagül meniň sözlerimi ýokuş görmän, meniň ugrumdan turup gürleýärdi.
— Dogrudanam, gel, ikimizem bile nikadan geçeli.
— Studentlik bir gowy zat. Agzyňa gelenini sepeleşip ýaşabermeli — diýip, men Annagülüň üstünden düşdüm. — Ine, bir ýigitjigi taparsyň welin, şol wagt-a joraňam ýadyňa düşmez, onuň bilen nikalaşjagyňam. Gidersiň şonuň yzyna düşüp, bizem unudyp.
— Seni hiç wagtam unutman—diýip, Annagül meni barha gujagyna gysardy.
— A gyz, siziň ikiňizem bir ýigide baryň, beýle biri-biriňizi gowy görýän bolsaňyz—diýip, beýleki joralarymyz hem bize degerdiler.
— Hiç kime-de barjak däl biz. Biz ikimiz bile ýaşajak—diýip, Annagül ýene maňa gysmyljyrardy.
— Biz biri-birimizden hiç wagt aýrylmarys.
— Bor, şeýdäýersiňiz — diýip, gyzlar bizi ýaňsylardylar.
Annagülüň ýene bir geň häsiýeti bardy. Ol hiç wagt biziň bilen hammama gitmezdi.
— Men köplük bolnup suwa düşülýän ýerde suwa düşmäge utanýan — diýerdi.
Ýeke adamlyk hammamlara gidip, suwa düşerdi. Sentýabr orta bolandan studentleriň baryny pagta sürdüler. Biz pagta ýygmak üçin Tejen etrabyna düşdük. Bizi oba mekdebinde ýerleşdirdiler. Bir klas jaýyna ýedi-sekiz, on gyz bolup ýerleşdirýärdiler.
Annagül pagtany hemmelerden köp ýygýardy. Elleri çalasyn gyzdy. Oktýabr gelip, howa çigrekläp başlady. Gijelerine howa mazaly sowaýardy. Pagta ýygýan studentler üçin peçler heniz ýakylanokdy. Gijelerine gat-gat geýnip ýatsagam, üşärdik. Men bir gün gyzdyryp başladym. Gaty ýaramadym. Ýanymyz bilen alan dermanlarymyzdan hem atdym. Haýry bolmady. Syna bir ýylylyk gerekdi. Ýylnyp, bir derläp açylmasaň, dümewden açylyp bolmajagy görnüp durdy. Gaty daş hem bolsa, obalaryň jaýlary bize görnüp durdy. Men bir ädim ýeriň pagtasyny ýygyp oturýardym. Gyzdyrmadan ýüzüm, maňlaýlarym lap-lap gyzýardy.
Annagül bize ýolbaşçy goýlan mugallym bilen gepleşdi:
— Mugallym, sowuk klaslarda näçe derman atsa-da, Güljemal bu dümewden açylmaz. Muny birki gün saklap bermeklerini haýyş edip, hol oba äkitmeli. Rugsat berseňiz, men muny eltip geleýin.
— Äkit-äkit — diýip, mugallym Annagüle meni oba äkitmäge rugsat berdi. — Joraň gutulsa bolýa.
Pagta ýygýan fartuklarymyzy gyzlara tabşyryp, biz Annagül bilen tirkeşip, oba tarap ugradyk. Meniň ysgynym ýokdy. Biraz ýöräp, oturýardym. Birki gezek şeýdenimden soň, Annagül meni arkasyna aldy. Çaga göteren ýaly, arkasyna hopba etdi. Onuň bu bolşuna men hem utandym, hem gülkim tutýardy. Ysgynsyzlykdan zordan gülýärdim.
— Goýber meni, Annagül. Saňa-da agyrdyryn men — diýip, men aldygyna oňa ýalbardym. — Düşür meni ýere. Saňa-da kyn ahyry.
— Sen meniň horjalygyma seretme — diýip, Annagül meni arkasyndan düşürmän, ýoluny dowam etdi. — Meniň güýjüm özüme ýetik. Seniň agramyň meniň üçin guşuň agramy ýaljak.
Annagüle haýran galmalydy. Ol meni arkasyna alyp, tä oba çenli dynç alman gitdi. Asla «Dynç alaýyn» diýip, agzamadam. Ilki gabat gelen öýe bardyk. Hut öýüň düýbüne eltip, Annagül meni arkasyndan düşürdi. Öý eýeleriniň ýanyna bardy. Bir gelin bilen bir garry aýal daşarda nahar bişirmedir kir ýuwma bilen güýmenip ýördüler. Men ysgynsyz bolamsoň, derrew ýere çökdüm.
Annagül öý eýelerine salam berdi:
— Salam, gelneje, salam, daýza.
— Salam — diýip, gelin Annagülüň salamyny aldy-da, bize märähet etdi.
— Geliň, geliberiň.
— Gurgunmysyňyz? — diýip, garry aýal hem biziň bilen salamlaşdy.
Annagül biziň nämä gelenimizi duýdurdy:
— Biz-studentler, daýza. Ine, şu gyzymyz dümewledi. Bizi mekdepde ýerleşdirdiler. Okuwçylar bolmansoň, häzir mekdebiň pejini ýakanoklar. Näçe derman atsa-da, bu gyz sowuk ýerde dümewden açyljak däl. Yzyna, okaýan ýerimize ibereli diýsegem, bu wagt bi, näsag janyna ol ýere aşyp biljek däl. Mugallym hem oba äkitmäge rugsat berdi. Siz şuny birküç gün, gutulýança, ýyly ojagyňyzda saklaýyň-da. Haýyş sizden. Peç ýanyp duran ýerde bi basym gutular.
— Wah, gyzym, bolýa, bolýa — diýip, garry daýza biziň bilen mylakatly gepleşdi. — Giriň öýe. — Garry daýza soň gelnine ýüzlendi. — Aýgül, bar, gyzlary öýe sal. Düşek ýazyp ber olara. Ýerleşdir.
Daýzanyň gelni bizi öýe saldy. Meniň üçin düşek ýazdy. Men düşege geçenimden soň, üstüme ýorgan atdy. Peçlije jaý janyma hoş ýakýardy. Meni meýmiredip barýardy. Men uka meýil etdim. Annagül maňa ýanymyza alan dermanlarymyzdan içirip, yzyna gitdi. Sebäbi sebäpsiz pagta ýygmakdan galmak bolanokdy.
— Gelneje, şu gyza gowuja seredeweriň. Kyn görmeseň, aşjagaz edip beräý — diýip, Annagül gitmänkä öý eýesi gelne ýalbardy.
Annagül gidensoň, ýyljajyk jaýda meýmiräp, uklapdyryn. Öý eýeleri gowy eken. Olar günortan naharyna maňa aş bişirip berdiler.
Günortan Annagül hem menden habar tutmaga geldi. Oňa-da öý eýeleri aş bişirip berdiler.
Annagül aşyny içip bolansoň, meniň kellämi, aýaklarymy basyp berdi. Arkamy owkalady.
— Uzak ara beýdip, gelip durma, ýadarsyň — diýip, men Annagüle tabşyrdym. — Indi men gowy. Gelme. Ara daş ahyry.
— Meniň üçin daş däl bu aralyk. Men ol ýerden bu ýere bir bökemde gelýän — diýip, Annagül ýol geçip ýadamanyny aýtdy. — Sen ýaramaňsoň, ol ýer saňa daş göründi.
Men Annagüle «men gowy» diýsem-de, dümew meni gaty aljyradýardy. Men hem gyzdyrýadym, hem üşüdýärdim. Titräp ýatyrdym. Annagül endam-janymy owkalap, meni ukladansoň, ýene pagta ýygmaga gitdi. Ol agşam ýene geldi. Öý eýelerinden kitir alyp, bir çäýnek suw gaýnatdy. Ony legene guýdy-da, meniň aýaklarymy gyzgyn suwa sokdurdy. Üstüme ýorgan büräp oturtdy. Az salymdan men myžžyk bolup derledim. Suw sowansoň, ol meniň aýaklarymy suwdan çykaryp, meni ýene gowy basyrdy. Suwly legeni daşaryk äkidip, suwuny döküp gelensoň, ýene meniň aýaklarymy basdy. Özem aýaklarymy şeýle bir sypap basýardy welin, meýmiremezlik mümkin däldi. Meniň aýaklarymy gowy basyp, gije bir çene baransoň, Annagül ýene yzyna gitjek boldy. Öý eýesi daýza ony goýbermejek boldy.
— A gyz, daşary garaňky, ýol uzak. Senem ýatyber joraň ýanynda — diýip, ol Annagüle ýatyp gitmegi tabşyrdy. — Gorkarsyň. Gitme bu wagt. Gyz maşgalasyň. Öňüňden biri çykmagy mümkin.
— Alada etme, daýza. Öňümden çykanda kim meni başyna ursun — diýip, Annagül öý eýesi daýza «gal» diýse-de, gidermen boldy. — Ylgap giderin. Men bir bökemde mekdebe barýan. Joramy saklasaňyz bolýa. Size men bir ýük bolmaýyn.
Öý eýeleri:
— Ýük bolaňok, a gyz. Gal — diýselerem, Annagül diňlemän, öz bolýan ýerimize gitdi. — Joraň seni nähili gowy görýän eken—diýip, öý eýeleri hem Annagülüň maňa hyzmat edişini geňlediler.
Irden gözümi açsam, ýene ýanymda Annagül otyr.
— Wiý, sen eýýäm geläýdiňmi? — diýip, men gözümi açalak-ýumalak edip, oňa gep goşdum. Annagül meniň maňlaýymy elläp gördi:
— Gyzgynyň-a indi birneme gaýdypdyr. Düýn gaty alada etdim seni. Düýn gyzgynyň beýikdi.
Annagül bu gün hem günortan, agşam menden habar tutdy. Bir hepde diýlende dümew menden aýryldy. Men tä özüme gelýänçäm, Annagül günde üç wagtyna menden habar tutup durdy. Meniň gutulan günüm ol meniň bilen gujaklaşyp ýola düşdi. Biz öý eýelerine minnetdarlyk bildirip gaýtdyk. Ene bir hepde pagta ýygyp, biz pagta ýygymyny tamamlap, okuw jaýymyza gaýdyp geldik. Hernäçe deňimizden geçiresimiz gelmese-de, gyzykly hem mähriban studentlik döwri bizdenem geçip barýardy. Biz dört jora bolup, her ýyl şol bir otagymyzda ýaşaýardyk.
Aý-günüň nädip geçenini bilmedik. Eýýäm biz hem bäşinji kursuň studentidik. Bäşinji kursda filologlaryň gapdalynda ýaşaýan ýuristleriň fakultetinden bir oglan meniň bilen tanyşlyk açmak isledi. Ol oglan ýat oglan däldi. Biziň goňşy obamyzdandy. Öýe gaýdanda, yzymyza, okuwa gidenimizde köplenç ýolda gabat gelýärdik, salamlaşýardyk. Ol bir gün agşamlyk otagymyza geldi. Gapyny kakdy.
— Giriberiň — diýip, biziň dördimizem gygyryşdyk.
Içerik şol oglan geldi. Bile ýolda gidip, salamlaşyp ýörsegem, men onuň adyny bilemokdym. Ol hem meniň adymy bilmeýän eken. Ýöne ol gapyny açanda, maňa gözi düşüp, meni daşaryk çagyrdy:
— A gyz, seniň bilen birje mint gepleşmek mümkinmi? Men oglanyň ýanyna göni barsam-da boljakdy. Ýöne Annagül bizi oglanyň ýanyna goýbermän ýörensoň, hamala ondan rugsat soraýan ýaly, men onuň ýüzüne seredipdirin. Soň okap oturan kitabymy goýup, ýerimden turdum. Ýöne men ol oglanyň ýanyna barmankam, Annagül onuň näme üçin gelenini sorady:
—Näme etjek ol gyzy?
— Gürrüň bar—diýip, oglan Annagüle jogap berdi.
Annagül ony sypdyrmady:
— Nämäniň gürrüňi?
Annagülüň ara sokulyp, gepini tükelläp durmasyna oglanyň gahary geldi:
— Ýat oglan bilen gyzyň arasynda näme gürrüň bolar öýdýäň? Gürrüň-dä.
— Ýat oglan bilen şu otagyň gyzlarynyň arasynda hiç hili gürrüň bolmaýar — diýip, Annagül oglany gapa tarap itdi. Sen gelen ýoluňa gidiber.
Oglan Annagülüň bolşuna gözlerini mölertdi:
— O näme üçin?
— Üçini şol — diýip, Annagül oglana belli bir zat aýtman durdy.
— Aýt-da «üçinini» diýip, oglan hem Annagüli sypdyrmady.
— «Üçini ýok» şonuň — diýip, Annagül oňa jogap gaýtardy.
Annagülüň oglany aýlandyryp durşuna biziň barymyz mys-myslaşyp gülýärdik.
— Aýdyljak gepi bir ol gyza diňlemäge goý sen, a gyz—diýip, oglan Annagüle ýüzlendi. — Jenaýatkäriňem gepi diňlenýär-ä. Onsoňam, men seniň bilen däl-de, bu gyz bilen gürleşmäge geldim.
— Hawa, aýt gepiňi — diýip, Annagül soňra ol oglana gepini aýtmaga rugsat berdi. — Ýöne ol gyz seniň bilen gürleşmeýär.
— Näme üçin gürleşmeýär? — diýip, oglan Annagülüň bolşuna gaharlandy. — Ýöne «gürleşmeýär» diýip dursuň. Daşaryk çyksyn şol bir mint. Men onuň bilen daşarda gürleşjek.
Oglan maňa tarap bakyp goýberdi. Annagül ýene onuň myrryhyny tutdurdy:
— Aýtdym-a men. Ol gyz daşaryk çykanok. Näme gepiň bar bolsa, şu ýerde aýdyber.
— A gyz, adyň näme seniň? — diýip, oglan meniň ýüzüme bakyp sorady. — Oba gidenimizde bile gidip-gelsegem, adymyzy soraşaýmandyrys. Ýigit uzyn boýludy. Syratlydy. Ol meniň bilen tanyşmak islese, men ýüz öwrerinem öýdemokdym. Sebäbi gyz görgülem ahyr bir gün biriniň üstüne garamatyny atmaly ahyry. Sulhy alany bilen tanyşmaly, onuň bilen durmuş gurmaly. Durmuşyň şerti şeýle. Indi okuwlaram gutaryp barýardy. Ýuridiki fakultetde okaýan syratly oglan meniň gözüme erbedem görnenokdy. Men ol oglana öz adymy aýtmakçy boldum. Onýança Annagül menden öňürtdi:
— Ady Annagül ol gyzyň—diýip, ýigide jogap berdi. Biz joralar bolup, ýene mys-myslaşyp gülşüp başladyk. Annagül bolsa, gülmeg-ä aňyrda dursun, hatda ýylgyranokdam.
— Annagül — diýip, oglan meniň ýüzüme seretdi.
— Gitjekmi, men seni kino äkitmäge geldim.
— Ol seniň bilen kino gitmeýär — diýip, meniň ýerime ýene Annagül oglana jogap berdi.
— O näme üçin? — diýip, oglan Annagülden sorady.
Annagül:
— Kakasy ibermeýär — diýdi.
Oglan gözlerini tegeledi:
— Obadaky kakasy gyzynyň Aşgabatda kino gidenini bilip durmaz-a.
— Biler — diýip, Annagül oglana ýeň bermedi. — Kakasy hemme zady görüp-bilip ýör.
Oglan suslandy:
— Yzyna düşýärmi?
— Hawa — diýip, Annagül oglana jogap berdi.
Oglan meniň bilen her hili ýagdaýda-da kino gitse, razy boldy:
— Onda joraňyzyň gapdaly bilen sizem gidäýiň. Men siziň hemmäňizi äkideýin kino.
— Bolýa, Annagül joramyz gitse, bizem gidäýeris kino — diýip, Annagül ýigide köşeşdiriji söz aýtdy. — Bar, sen daşaryk çyk. Biz maslahatlaşaly.
Ýigit daşary çykdy. Men Annagüle ýüzlendim:
— Annagül. Seniň ne işiň bar biziň ýanymyza gelýän oglanlar bilen? Seniň beýdip, bizi gorap ýörşüň bilen bizi hiç wagt hiç kim söýmezem, bizi är hem almaz.
— Almasa almasyn — diýip, Annagül maňa-da gödek jogap berdi. — Ejeňiziň ýanyna baraňyzsoň, bararsyňyz äre. Häzir oglanlar siziň bilen tanşan bolardar. Söýşen bolarlar. Gujaklaşan bolalar. Soň bolsa olaryň köpüsi bi, okap ýören gyzlary zyňyp, öýde gün görmän oturanja gyzlary alýar. Okuwly gyzlara öýlenmegi olaryň köpüsi halap baranoklar. Men gaty kän oglany tanaýan şeýdip ýören. Şonuň üçin bi, aşyksumaklar daşrakda gezsin. Size-de okuwyňyzy gutarman, hiç kim bilen söýüşmek gerek däl. — Annagül şu sözleri aýdyp, biziň hemmämiziň ýüzümize seredip çykdy. — Düşnüklimi, gyzlar?
- Düşnükli, kaka — diýip, biz Annagüle hor bolup, jogap berdik.
Dogrusy, Annagülüň aýdýanlary bizi gorkuzdy. Söýşüp, soň aýrylyşýanlar gaty kändi. Annagül dogry aýdýardy. Ony özümizem görüp ýördük.
Annagül ýene biziň ýüzümize bir laý seredip çykdy:
—Hany, indi daşardaky aşyga näme diýeli? Onuň bilen kino gidýäsmi?
Annagül ejemiz ýaly bolup, bizi gorap duransoň, biz kino gitmek-gitmezlik meselämizi hem Annagülüň özüne goýduk.
— Annagül kino gitmegi ýa gitmezligi özüň çöz — diýip, men Annagüle ýüzlendim. — Sen «gideli» diýseň, gidäýeris. Seniň gidesiň gelmese, gitmeris.
— Oh, berekella. Ine, akylly gyz — diýip, Annagül meniň arkama kakdy. — Seniň şu jogabyň üçin, ol oglanyňam garaşyp durany üçin men size ol oglan bilen kino gitmäge rugsat berýän. Seniň-ä birbada onuň bilen gidesiňem geldi, Güljemal. Hem neneň-niçik ýigit ol, synlaly, göreli. Gylygy dagy bildirermikä?
— Gylyg-a bildirmez onuň — diýip, Tawus gepe goşuldy.
Men bolsam:
— Kaka jan, bagyşla meni — diýip, Annagülüň boýnundan asyldym.
— Görýäňmi, bizde seňki ýaly akyl ýok. Ýigit görsek, üýtgäberýäs biz samsyk gyzlar. — Onda kino gidýäs — diýip, Annagül hem kino gitmäge razy boldy. — Okuwlaram azalyp barýa. Hat-peteklerimizem bolduk. Kino-da göreliň-dä üýşüp.
Annagül gapydan kellesini daşaryk uzatdy.
— Eý, seniň adyň näme?—diýip, oglana ýüzlendi.
Oglanyň «Azat» diýip, Annagüle jogap berýän sesi eşidildi.
— Azat bolýan bolsaň, sen bize daşarda garaş — diýip, Annagül oňa jogap berdi.
— Biz häzir geýnip çykýas. Biz geýnip, köçä çykdyk. Azat biziň umumy ýaşaýyş jaýymyzyň gapysynda bize garaşyp dur eken. Ol hem owadan eşikleri geýnipdir. Barymyz tirkeşip, köçä çykdyk. Soň trolleýbusa münüp, «Watan» kinoteatryna bardyk. Azat kino bilet aldy. Barymyz üýşüp, kluba girdik. Annagül oturmaly hatarymyza baryp, çet gyrada oturmaly ýere meni geçirdi. Soň meniň gapdalymda beýleki iki joramy oturtdy. Soň özi oturdy. Öz gapdalynda-da Azady oturtdy. Azat Annagülüň bizi beýle oturtmasyndan nägile boldy öýdýän. Ol kürşerip, bir meniň, bir Annagülüň ýüzüne seretdi. Soň meni Annagül ady bilen kabul edip duransoň, nägileligini bildirdi.
— Annagül bärde oturaýmaly eken. Ony geçiräý bärik — diýip, Annagüle ýüzlendi.
Annagül ýene gödek gepledi:
—Annagül otyr ýanyňda. Oturyber. Azat gözlerini tegeledi:
— Annagül seniň adyňmy?
Biz Azat bilen Annagüle seredişip, ýylgyryşýardyk.
— Biziň hemmämiziň adymyz Annagül — diýip, Annagül Azada jogap berdi.
Azat ýene gözlerini elek-çelek etdi. Ýene nägile ýagdaýda gepledi:
— Täsin ýagdaý. Beýle gabat gelme-de bolar eken.
— Hawa, şeýle gabat gelme-de bolaýýar — diýip, Annagül Azadyň gepini makullady.
— Meniň ýanyma ol Annagül geçsin-le — diýip, Azat maňa ýene gözüni dikdi. — Bile oturaýyn-la şonuň bilen.
— Tapawudy näme ýanyňda kim oturanda näme?! — diýdi-de, Annagül meniň bilen ýerini çalyşmady. Özem birinji kursda ýanymyzda oturjak bolan kursdaşymyzy edişi ýaly, Azadyň goltugyndan tutdy. — Ine, menem gyz-a. Sen meniň bilen oturaý nädip otursaň. Gujaklaşyp oturasyň gelýämi gyz bilen? Kinoda oglanlar şeýdip, gyzlar bilen gujaklaşyp oturýalarmy?
Şeý diýip, Annagül Azadyň goltugyndan goýberip, soň onuň boýnundan gujaklady. Azat Annagülüň elinden itdi:
— Eý, bolşuň nähil-aý seniň, a gyz! Birdenem ol ýerinden turdy-da daşaryk ugrady. Gidip barşyna-da: — Däli öýdýän bu gyz — diýip, hüňürdedi.
Ol kinodan çykyp gitdi. Kino görmäge biziň özümiz galdyk. Kinodan soň trolleýbusa münüp, umumy ýaşaýyş jaýymyza gaýtdyk. Trolleýbusyň aýnasyndan daşaryny synlap gelýän Annagül birden bize daşaryny görkezdi.
- Gyzlar, serediň. Köçede bir hezil zat bar.
Biziň üçimizem Annagülüň oturan ýerinden trolleýbusyň aýnasyna ýüzümizi berdik. Daşary seretdik. Azat bir gyz bilen goltuklaşyp ýöräp barýardy.
—Eý, Hudaý jan-eý, bizi Güljemalyň gözýaş dökmesinden Alla gorapdyr. Ol eýýäm birini tapypdyr. Ertire-de garaşmandyr — diýip, Annagül Azat hakda pikirini aýtdy. — Belki, ol gyz onda öňden bardyr. Ana, gyzlar, oglan diýen zadyň kimdigine göz ýetiriň siz. Olaryň belli bir gyza wepalylaram-a bardyr welin… — Şeý diýip, Annagül uludan dem aldy. — Aý, garaz, gyzlar, oglanlara seresap ýanaşmaly. Olardan çekeräk, gaçarak durmaly. Gyz ýigidi söýende, ýüregi bilen söýýä. Söýenini unudyp bilenok. Oglan gyzy gözi bilen söýýär. Owadandan-owadan gyzlar duşuberse, oglan gyz çalyşmagy hiç zatça görenok.
Biz bäşinji kursy hem tamamladyk. Hem mähriban, hem eziz studentlik ýyllary bizdenem geçip gitdi. Gülüp, oýnap, degşip ýaşan ýyllarymyz bizdenem ara açdy.
Guşlar ýaly, biziň herimiz öz gelen ýerlerimize ganat ýaýdyk. Öz obalarymyza, işe iberilen ýerlerimize ugradyk. Menem öz obamyza mugallym bolup işe geldim. Bir ýyl işledim. Bir ýyl işläp, zähmet rugsadyna çykdym. Okuwçylar kanikula çykdylar. Bir gün bize iki sany del daýza geldi. Olaryň biri maňa birhili, tanyş ýaly göründi. Onuň ýüzi maňa kimdir birini ýatladýardy. Ýöne ony kime meňzetjegimi hiç hakydama getirip bilmedim.
Aýallar esli oturdylar. Myhmanlara çaý-suw, nahar goýuldy. Oturmaly wagtlaryny oturyp, soň olar turup gitdiler. Ejemiň ýüzi salykdy. Gaharlydy. Aýallar gidenden soň ol meni ýanyna çagyrdy.
— Men «Meniň gowy gyzym bar» diýip ýördüm. Ýöne meniň masgara gyzym bar eken — diýip, ejem men ýanyna baryp oturamsoň, gaharly gepledi. — Saňa gudaçylyga gelipdirler. Sen ol aýalyň ogly bilen bir otagda ýaşanmyşyň. Men ejemiň bu sözlerine aňka-taňka boldum.
— Eje, saňa biri ýalan gep getiren bolaýmasyn — diýip, ejeme ýapyşdym. — Ynanma, eje jan. Bir otagda oglan-gyz bolup ýaşamaga mugallymlar hem rugsat etmeýär.
— Bilemok. Sen-ä şol oglan bilen bir otagda ýaşapsyň—diýip, ejem hem öýkeli, hem gaharly gepledi.
— Gelen daýzanyň oglunyň ady nämekä, eje? — diýip, men ejemden soradym.
— Adyny soramandyryn — diýip, ejem gelen aýalyň oglunyň adyny soramanyna müýnürgedi.
Aýallar ýene yzlaryna köwlendiler. Ejem olara «Gyzym ogluňyzy tananok. Tanamaýan ýerimize gyz berip biljek däl» diýen sözi aýdyp goýberdi. Aradan bir gün geçensoň, bize inçesagt bir oglan geldi. Tomsuň günüdigine garamazdan, oglanyň egninde gara kostýumy bardy. Gara balaklydy. Ejem maňa «Kursdaşyň geldi» diýen sözi aýdansoň, men ýigidiň öňünden çykdym. Ýigidiň murty hem bardy. Ýüzem maňa gaty tanyşdy. Bile okan bolsagam, tanamadym. «Bir ýylda kursdaşlaryň hem ýatdan çykyşaýşyny» diýip, içimi gepletdim. Ýigit maňa bakyp ýylgyrýardy. Ol ilki maňa elini uzatdy. Men hem görüşmek üçin oňa elimi uzatdym. Ol meniň elimi gysdy. Soň bolsa, meni özüne tarap çekip, meni gujaklady-da, ýaňagymdan öpdi.
— Güljemal jan — diýip seslendi.
Kursdaşym bolsa-da, ýigidiň bolup durşuna, onuň özümi güjaklamasyna meniň gaharym geldi.
— Kursdaşam bolsaň, beýdiberm-ä sen — diýip, men ondan yza çekilip, oňa igendim. — Kim seň özüňem? Men tanamadym seni?
Ýigit ýene ýylgyrdy:
— Tanamadyňmy?
— Ýok, tanamadym — diýip, men ýene önki sözümi gaýtaladym.
— Murt-zadam goýduramsoň, tanar ýaly bolmandyryn-ow men—diýip, ýigit murtuny sypady. — Hany, gowuja seret. Bäş ýyllap bir otagda ýaşan kursdaşyňy tanaňokmy sen?
Meniň gaharym geldi:
— Sen başga bir kursdaşy gözläp, bize ýalňyşyp gelen bolaýma. Ýa sen kellesi üýtgän biri. Özüňem gelen ýeriňe gidäý. Men seni «tanamadym» diýip aýtdym-a. Tanamagam islämok.
— Kesellän wagtyň arkama göterdim. Aýaklaryňy gyzgyn suwa sokup, soň gijesi bilen arkaňy, aýaklaryny basyp çykdym — ýigit meniň başyma düşen zatlary sanady. — Şonda-da tanajak dälmi sen meni?
— Ol zatlary sen däl, Annagül diýen bir gyz edipdi — diýip, men ýene gaharly gepledim. — Ýa sen Annagülüň doganymy?
— Men Annagülüň dogany däl, Annagülüň özi — diýip, ýigit ýene maňa tarap süýşüp, meniň bilimden gujaklady.
Annagülüň özi men» diýip, bir ýigidiň meni gujaklamasy meniň zährämi ýardy. Özem indi ol, seretdigimsaýy Annagüle meňzäbem barýardy. Meniň ýüregim bökdi-de, titräp gitdi. Eşidip duran zatlarymdan gaty gorkdum.
— Waý, eje! — diýip, gygyrypdyryn.
Ýanymda kursdaşym däl-de, şeýtan duran ýalydy. Men ylgap, öýe gaçdym. Öýe giribem, essimden gidipdirin. Meniň özünden gorkanymy görüp, Annagül yzyna gidipdir.
Ejem meniň ýüzüme suw sepip, meni özüme getirdi.
— Waý, eje jan, men gorkýan — diýip, men özüme gelenimden soň ejemi gujaklap agladym.
Ýüregim titräp, esli salym özüme gelip bilmedim. Ejeme uniwersitetde okan döwrümdäki ähli bolan wakalary gürrüň berdim.
— Annagül atly, biziň bilen bir otagda jora bolup ýaşan gyz, hana, öýe oglan bolup gelipdir. Ejesini bize gudaçylyga iberipdir. Bu näme boldugy, eje? Ol oglan bolup, nädip özüni biziň ýanymyzda gyz saýyp ýaşadyka? Mugallymlar ony näme, bilmedilermikä? Ýa şeýdip, özüne gyz saýlajak boldumyka? — Biraz dymyp, men pikirimi başgaça dowam etdim. — Aý, ýok, oglan bolub-a ol biziň aramyza girip bilmezdi. Sebäbi onuň familiýasy žurnallarda gyz familiýasylygyna ýazylardy. Ady hem Annagül.
Ejem ikimiz bu ýagdaýa näme diýip, näme aýtjagymyzy bilmedik. Bize Annagülüň oglan sypatynda gelmegi biziň üçin düýş ýaly bir zat bolup geçdi. Agşam naharymyzy iýip otyrkak, bize başga bir ýigit geldi. Ol meniň elime hatly bukjany tutduryp gitdi. Bukja salnan bolsa-da, hatyň ýüzünde hiç hili möhür ýokdy. Diňe meniň adresim bardy. Hat elin uzadylýan bolmalydy. Haty açyp, okap başladym. Haty joram Annagül ýazýardy. «Oglan eşigini geýip baryp, seni gaty gorkuzdym öýdýän, Güljemal jan» diýip, Annagül hatyny başlaýardy.

«Şeýdenime öt günämi. Sen gorkarsyň öýtmedim. Meniň bilen oturyp, düşünişermikäň öýtdüm. Oglan eşikli baranym üçin öt günämi! Durmuşda adamyň başynda her hili günler bolýan eken. Başyna meniň günüm düşmedik adamlar beýle zatlaryň barlygy hakda pikirem etmeýärler. Eşitseler, ynanarmy-ynanmazmy, bilmedim. Men çagajykkam özümi ilden üýtgeşikdirin öýtmeýärdim. Ýöne ulaldygymsaýy özümiň ilden üýtgeşikligimi duýdum. Ulalamsoň, meni sypap-sermäp ulaldan ejem hem maňa ýagdaýy düşündirdi. Siam ekizleriniň bitişik döreýşi ýaly, bitişik käşirleriň bolşy ýaly, adam nesillerinde hem jynsy goşalanmalar bilen dogýan çagalar bolýan eken. Ýöne beýle zatlar hakda bize aýtmadylar hem aýtmaýarlar. Şeýdip menem hem oglan, hem gyz bolup, dünýä inipdirin. Lukmanlar ejemi köşeşdiripdirler. Bu ýagdaýyň hiç hili zyýanly zat däldigini, ulalansoň, çagany operasiýa ýoly bilen haýsydyr bir jynsa ugrukdyryp bolýandygyny aýdypdyrlar. Çaga kämillik ýaşyna ýetensoň, organizm haýsy ugra gönükjek bolsa, çaga şol ugra ukyply bolýan eken. Onsoň, organizmiň ösmedik ugruny operasiýa arkaly ýok edip bolýan eken. Ejem gyz küýsäpdir. Şonuň üçinem hem ogul, hem gyz bolup dünýä inen perzendine gyz adyny dakypdyr. Oňa gyz eşiklerini geýdirip ugrapdyr. Men bolsam, ulaldygymsaýy erkek ugruna ýykgyn etdim. Erkek oglanlar bilen bokslaşyp oýnasym gelýärdi. Göreşesim gelýärdi. Sülmüremäge mende ukyp ýokdy. Gyzlary synlamagy gowy görýärdim. Oglanlar maňa süýkenip, meniň bilen gepleşjek bolsalar, halamazdym. Olaryň ýakasyndan alasym gelýärdi. Men uniwersitete girenimde gyz köýnegi bilen bardym. Gyz familiýasy bilen bardym. Ýöne men şonda eýýäm ýigitlik duýgusy bilen joşýardym. Maňa murt çykýardy. Ýöne az-owlak. Kän däldi. Size bildirmejek bolup, ony ogryn ütüşdirýärdim. Yzy bildirmez ýaly, üstünden her hili krem, pudra çalardym. Hammama gideniňizde meniň siziň bilen gitmeýänim şol ýagdaý üçindi. Özümiň kimdigimi hiç kime bildirmejek bolup, ýeke adamlyk hammama giderdim. Okuwa girdik. Otagymyza sen gelip girdiň welin, seni görüp, meniň ýüregim jigläp gitdi. Men şol pursatda seni söýdüm, Güljemal jan. Seni görenimde ýüregime hanjar urlan ýaly boldy. Men sensiz bir salym hem oňup bilmeýärdim. Uniwersiteti gutaryp, men özümi operasiýa etdirmek üçin Leningrada gitdim hem ymykly oglan bolup geldim. Indi men arkaýyn öýlenibermeli. Eger sen maňa gelmäge razy bolsaň, hatyma jogap ýaz, Güljemal. Hatyma jogap ýazmasaň, men seniň maňa durmuşa çykmaga razy däldigiňe düşünerin. Hem saňa gaýdyp azar bermen. Meniň ýaly ykbally adamlaryň başga-da bolýandygyna men ulalamsoň göz ýetirdim. Meniň ejemiň bir oglan dogany ilki Jumaýew bolup ýaşaýardy. Ol soňra Jumaýewa öwrüldi hem gowy oglana durmuşa çykdy. Ejemiň bir ýegeni Maral Myrada öwrüldi hem gowy gyza öwrüldi. Ine, menem Çüriýewa Annagülligimden Annaguly Çüriýew boldum. Gabat gelmesek, biz näme, bilip durusmy?! Ilde-günde-de maňa meňzeşler tapylýandyr. Meseläni çözmegi özüňe goýýaryn, Güljemal jan. Haty ýazan öňki joraň Annagül Çüriýewa, häzirki dostuň Annaguly Çüriýew»

Bize şeýle zatlaryň hiç wagt gürrüň berilmeýänindenmi-nämemi, men Annagülüň hatyny okap, ençe günläp özümi tutup bilmedim. Ondan gaty gorkdum. Hatyny ýyrtyp zyňdym hem-de onuň hatyna jogap ýazmadym.
Men Aşgabada durmuşa çykdym. Bir gün ýolda mugallymlarymyň birini gördüm. Onuň bilen saglyk-amanlyk soraşdym.
Mugallym maňa:
— Çüriýewa hakda eşitdiňmi?—diýdi. — Ol dokumentlerini düzetdirip gitdi. — Çüriýew Annaguly bolupdyr.
— Aý, mugallym, şonuň adynam tutmaň — diýip, men mugallymy Annagül hakda gürrüň etmäge goýmadym. — Ýüregim erbet bolýa.
— Onuň üçin ýüregiň erbet bolup durmasyn—diýip, mugallym ýylgyrdy.
— Daşary ýurtlarda onuň ýaly zatlary geňem görüp duranoklar. Telewizorlarda görkezip durlar. Biziň eşitmeýänimiz üçin oň ýaly wakalar bize täsin eşidilýär. Bu ýerde hiç hili gorkunç hem üýtgeşik zat ýok. Olar ýalylar hem biziň ýaly adamlar. Bir kiçijik operasiýa bilen olar hut biziň ýaly adamlara öwrülýärler. Özem Çüriýew Annaguly öýlenipdir. Men göremde, ýanynda gül ýaly, owadan gelnem bar eken.
— Ol hem ile goşulan bolsa, bolaýypdyr — diýdim-de, men mugallym bilen hoşlaşyp gaýtdym. Ine, meniň täsin joram Annagül şeýle adam bolup çykdy.

* * *

Hekaýanyň özeninde bolan waka ýatyr.

1993 ý.

Ogulsenem TAÑÑYÝEWA.
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 129 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Ogulsenem Taññyýewa | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 15
0
15 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Hyýalkeş, öňki nigin namedisen?

0
14 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Kabir yerleri gyzyklarak bolsada, umuman alanda hekaya baryp yatan biderek

0
13 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Meñ pikirimçe bärde Güljemal Annagula baraýanda da häli şindi onuñ bilen gyzlygyndaky başdan geçirmeleri ýadyna düşer durardy.Özi ýaly gyz bilen ýakynlaşýan ýaly duýguny bašdan geçirerdi.
Bu ýerde Annaguly özüni gyzlygynda tanamaýan gyz bilen durmuş gurmaly.Goý ol onuñ bu geçmişini bilmesin.Bilmegiñ peýdasy bolmazmyka diýýän.Şeýlede bolandyr.

0
12 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
"Ãr aýal diýip yglan edýärin"diýãrmikä?
Jynsy meñzeşlere gyýlan nikanyñ ýeke meselesi şodu da.Bar är aýal diýýämişdä.Çözüläýdi mesele.

0
11 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Belki çagany siz emdirýänsiñiz.

0
10 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Hyýalkeş, lezbiyanany bilip nametjek, bar cagany emdirsene sen

0
9 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Gopdygaymagyn gomeseksualistleri

0
8 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Yewropa yurtlarynda jynsy meňzeşlere nikalaşmak rugsat edilyarmiş. Onsaň bi nika dabarasynda "sizi är-är diyip yglan edyarin" diyarmika?

0
7 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Lezbiýanlyk we gomoseksuallyk?
Goý dowam etsin şolardan.Ikisiniñem añladýan manysyny doly bilemok.

0
6 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Mango, Lezbi bolanda sakal syrylyan päki bolyarmy?

0
5 mango   [Mowzuga geç]
Tema germafrodizmden başlady,
Dowamy boljak bolsa lezbiýanlyk we gomoseksuallyk bilen dowam etmeli.
Oraza gutarmaka :-)
(Orazaň soňunda içimizdäki şeýtanlaryňam zynjyry gowşap başlaýan borly).

0
4 mango   [Mowzuga geç]
1) Köçede duşan oglan;
Däli gyz diýsä. Däli öýdýän bi. Şunam bir betbagt alar bir gün.
2) Auditoriýadaky oglan:
Däli-leý sen, Çüriýewa — diýip, hüňürdedi.
3) Kinoteatrdaky oglan:
— Eý, bolşuň nähil-aý seniň, a gyz! ...Däli öýdýän bu gyz — diýip, hüňürdedi.

Oglanlaryň üçüsem agzybirlik bilen “däli” diýip meňzeşje söwýän ekenler.

——
Soň trolleýbusa münüp, «Watan» kinoteatryna bardyk. Azat kino bilet aldy. Barymyz üýşüp, kluba girdik.

Kinoteatr bilen klubyň tapawudy bar.

——

1) Kä günem ýatyrkam, meniň krowatyma münüp, meniň ýanymda ýatardy:
Bile ýataly-la. Gowy bolýa. Men ...joramyň göwnüne degmejek bolup, ...ýanymda ýatmagyna zat diýmezdim.
Ýataý ýanymda — diýerdim.
2) Ol meniň ýanymda süýnerdi hem meni gujaklap ýatardy.

1) “Kä günem krowatyma münüp, ýanymda ýatardy” - diýilse-de boljak eken.
2) “Ol ýanymda süýnip, meni gujaklap ýatardy” - diýilse-de boljak eken.

Bar, Annagül “krowadyňda seni gujaklap ýatjak” diýenem ekendä, Güljemalyň razy bolmagy geň. Haýsy biriniň haýsy bir islän zadyny etjek? Şo ýeri ynandyryjy däl.
Galýan otaglarynda azyndan üç kişi bolýandyr, şeýle ýagdaýda üçünjiň ýanynda beýleki ikisi bir krowatda ýatmazmyka diýýän (teklip bolsa-da, üçünji kişiden utanarmyka diýýän).

Umuman, hekaýa hökmünde güýçli bir zada däl. Ýöne, bize okamaga bolýa...

0
2 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Örän ajaýyp boldy söýgünin syry, yigrimbash yaşymda soygulim ury. Dolonmoson...

0
Onda indi sen görersiñ)) Öñem nä günlük bilen gaçandyr :D

0
Bäh, hayran galaymaly waka ekeni. Gyzykly gördüm .gülüp hezil etdim Annagüle. Govy hekaýa

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: