01:07
Ýene Maý
ÝENE MAÝ

Ýene kakdyñ penjirämiñ a:ýnasyn
Alyp gitdiñ kenaryna derýanyñ.
"Böwet bolma duýgularyñ aýnasyn,
Bilýäñmi özüñi undup barýanyñ?!"

Hossaryna gowşan çaga mysaly
Ýañagymdan ylgap gaýdýar gözýaşym.
Seni küýsäp gowşa:n ömrümiñ saly
Yraýa-yraýa ýaýkaýar başym.

Ine köçelerin barýarys syryp,
Hereket gaýnaýan şowhunly şähriñ.
Şol agaç sekide otyrýan irip
Aldyryp özüme ýetmedik mährim.

Ýylam,ýaşam artyp barýar her maýda,
Ýatlama öwrüldi şol ulugyzlyk.
Diñe biz hiç kimsä görünmez halda
Ýene-de ikiçäk galdyk, ýalñyzlyk!

* * *

Maý gününiñ biri
Jeýhun ýakasy.
Daşy gül bürenen
Bassyrmañ teýi.
Öñümde undulyp
Eräp galan buzgaýmak.

Maý gününiñ biri
Sumbaryñ boýy.
Alnymda synlanyp
Essi aýylan
Eräp barýan şapak.

Maý gününiñ biri
Henizem diri
Joşguny garran,
"Men", hemem
Şowhunyn unudan
Sessiz haýranlygy
bilen Aşgabat.

Maý gününiñ biri...
Nirde,neneñ bolsamam
Ş:ol "buzgaýmak",
"Şapak",
"Aşgabat".

Jümjüme.
Категория: Goşgular | Просмотров: 58 | Добавил: Jumjume | Теги: Meñli Aşyrowa | Рейтинг: 2.5/2
Всего комментариев: 5
0
5 Jumjume   [Mowzuga geç]
"şowhunsyz, sessiz Aşgabat kime haýran? "
Goşgydaky gahrymana haýran galýar (özüniñ şeýle şowhunlylygy bilen hem gyzyñ göwnüni götermäge güýji ýetmeýänligi üçin)

0
4 mango   [Mowzuga geç]
maý güniň kompozisiýasy gowja eken.
düşünmedim:
Şowhunyn unudan
Sessiz haýranlygy
bilen Aşgabat.


şowhunsyz, sessiz Aşgabat kime haýran?
ýa Aşgabat şowhunsyzlygy, sessizligi bilen haýrana galdyrýamy?

0
Bir yyllyzy basyp bilyan ekenim.

0
Maý diýen goşgyñ govy çykypdyr. Ýatda galyjy. Umuman, sadadan täsirli boldy maña

0
1 Gumlygelin   [Mowzuga geç]
Maý duýgylary barada söhbet acylsa şowhunly,şadyýan duýgylara şaýat boljakdym...
Üstünlik hemrañ bolsun Meñli!

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: