23:46
Aýlyk aldym
AÝLYK ALDYM

Aýlyk aldym.
Eýýäm “ýeri gazylgy”
Almaly zatlarym köpelip barýar.
(Öň-ä oňbam ýördüm) ýöne hut bu gün,
Gapjygym dolduryp uly bazara
Ýüregim suwlyja eselip barýan.

Ownuk-uşak zada harjan pullarym,
Hasabam edemok, nädeýin beýdip.
Barybir öz gerek zadym alýan-a,
Sowup ýörün her aý aýlygym şeýdip.

Ine, onsoň goşa gözli şkafym,
Köwüşdir, köýnekden doldular üýşüp.
Meni boýdan başa üýtgedip barýar,
Mähriban işim.

Heý, menmi, buşlaman oňup oturjak,
Aýdýan soranlara hut begenjimden.
Islesem-ä sowýan, islemesemem...
Indi aýlygym
Garaz, näme etsemem öz gazanjym-da.

■ OTYRYN...

Içgysgynç birmeňzeş günler,
Tanyş hem nätanyş ýüzler,
Men ýene nätjegim bilmän,
Otyryn...

Aýak sesler, tanyş sesler,
Tutupdyr aňymda mesgen,
Wah, işlemem kän-le etsem,
Otyryn...

Wagtlaýyn bu gülkülerem,
Ýetik derdi her kimiňem,
Artdyryp şol belkilerim,
Otyryn...

Çasly çykýar aýdym sesi,
Çyrpynýar köňül höwesi,
Dymmak diýip iň gowusy,
Otyryn...

Kümüş gije, aýly agşam,
Köp munda ýamanam, ýagşam,
Ýyldyzlaň ýaňagyn ogşap,
Otyryn...

Pyşyrdysy söwütleriň,
Hiňlenmesin goýupdyram,
Sessizligi söýüp ýene,
Otyryn...

Gün çykdy ýaşmagyn syryp,
Äkitdi düýşlerim düýrüp,
Içgysgynç günlerden irip,
Otyryn...

* * *

Şu bolşuňdan üýtgemegin,
Üýtgemesin sözleriňem.
Görkümizem beýle galmaz,
Ýol uzakdyr bilip bolmaz.
Alar ykbal beren zadyn
Haýry ýetmez melhem-emiň,
Ýyllar sorar, sograr senden
Müň dökseňem altyn-zeriň.
Bermez-bermez asla bermez,
Oňňutçyllyk dörär az-kem,
Tigirçek deý günler bilen
Gider kuwwat, gider görkem.

Saçlarymam öňki bolmaz
Gaşlarymam öňki bolmaz
Ýygyrdam düşer ýüzüme,
Gasynam düşer gözüme
Bilýän häzir gülkünçdigin
Me aýdaýyn, özüň bil soň,
Sanap bolup biljekleriň
Ählisini. Boýun bolsaň
(Bolman näme? Sen artykmy?!)
Seret, göz öňüňe gelýärmi,
Ýigrim ýyl soň men-ä ene
Senem ata eli agtykly.

Bu ýyllar bir ýerde durmaz,
Durmaz durmuş, ulalarsyň.
Boljaklary men-ä bilýän,
Hut üstünden baran günüň
Şonda senem ynanarsyň.

Ondan bärde eger-eger...
Süreli ýaşlyk sapasyn.
Bilýän, kän gezek g:er entek
Gara saçlarym sypasyň.

Durmuş gözel. Guşlar uçýar
Söýgi bilen ömür geçýär
Gijelerne arzuwlarym,
Meň keşbime zar gözleriň
Aýdylmaly söze derek,
Al-ataşly göze derek
Dörüp depderleriň gatyn,
Özüň hakda ýazyp goýan
Şygyrlamdan mähir içýär.

Üýtgemegin şu bolşuňdan,
Näme baky durjak barmy?!
Mama bolup garran çagym
Meň şeýle bilesim gelýär
Şonda meni şol keşbimde
Şu günkiň deý söýjek dälmi?!

Aýşat HOJAMUHAMMEDOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 53 | Добавил: Nurdan | Теги: Aýşat Hojamuhammedowa | Рейтинг: 3.0/1
Всего комментариев: 2
0
2 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Drux almagam unutma)

0
1 mango   [Mowzuga geç]
“Oturyşyňa” gyzykly eken, ýöne beýdip passiw bolup oturmada Aýşat hanym.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: