21:17
Madrigal
MADRIGAL

Ýene-de çagyrdyň ýaşlyk döwrüme,
...Töweregňe şugla çaýyp, ýalbyrap.
Bütin durkun bilen näz bolup dursuň,
Saçlaryň ujuny barmagňa orap.

Derýa bolsa ýyllaň geçjegi hakda
Aýdym aýdyp, akyp ýatyr uzakda.

Dünýäde başga ot bardyr öýdemok,
Seniň gözleňdäki oda çoýunyp
Gezýän, ganatlaryň ýanjagyn duýman
Perwaz urýan bir perwana saýylyp.

Derýa bolsa ýyllaň geçjegi hakda
Aýdym aýdyp, akyp ýatyr uzakda.

Garaşmankam bir tüweleý geldi-de,
Meň çöşlän saçlarmy sypalap, ogşap,
Seni alyp gitdi, wah, çoýunmaga
Ot tapman, galdym men ýaz güni gagşap.

Derýa bolsa ýyllaň geçjegi hakda
Aýdym aýdyp, akyp ýatyr uzakda.

Soňra... Wadalarňa aldanan ýyllaň
Gulak salyp ahmyryna-zaryna,
Gijem bolsa uýan saljak bolýaryn,
Baş öwretjek bolýan duýgularyma.

Derýa bolsa ýyllaň geçjegi hakda
Aýdym aýdyp, akyp ýatyr uzakda.

Bu gün arzularym – ganatlam ýene
Per ýasanýar, uçsam diýip dyzaýar.
Diňe gözleňdäki oda çirkizlen
Ýüregimde birazajyk yza bar.

Derýa bolsa ýyllaň geçjegi hakda
Aýdym aýdyp, akyp ýatyr uzakda.

Italmaz NURYÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 26 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Italmaz Nuryýew | Рейтинг: 2.0/1
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: