18:18
Matal
MATAL

– Dertlisiň, derman bar içäýmek welin
Howpludyr, onda-da çekersiň başa?!
– Ol derdem, dermanam söýgüdir, dogan,
Gör, meni nädipdir, et sen tomaşa!

– Gaçdygyça golaýlaşar, mährem bor,
Düýn görensiň, tanyşsyň sen ozaldan?!
–Ynan, dogan, başga hiç kim däldir ol
Bir bakyşda janym alan gözelden!

– Ol ne otdur, ýanar durar ýaldyrap,
Ýöne golaý bardygyňça doňdurar?!
– Şol gözeliň ýanyp duran gözleri
Meni buza öwürdi, wah, şoldur ol.

– Bir gün bar, şatlykmy, gussa paýlaýar,
Hiç bilip bolmaýar, duýup bolmaýar?!
– Ol meň ertirimdir, çünki şol gözel
Şu gün ne gaş çytýar, ne-de ýylgyrýar.

– Eý, dost, telbemisiň ýa Mežnunmysyň.
Bar zady bir gyza baglap goýduň sen?!
– Bilmedim... Her halam yşgyň oduna
Heniz seniň ýanmadygň-a duýdum men.

Italmaz NURYÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 28 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Italmaz Nuryýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: