09:59
Hunasa (hunsa) barada kitap
HUNASA (hunsa) BARADA KITAP

«Hunasa» sözi sözlüklerde «bir tarapdan ikinji tarapa gyşarmak» ýa-da «ikä bölünip döwülmek» manysynda gelýär. Şerigatda bu söz bilen erkeklik we aýallyk agzasy bar bоlan kişi aňladylýar.
Hunasa ärlik agzasyndan peşew etse – erkek, aýallyk agzasyndan peşew etse, aýal hasaplanýar.
Eger оl iki agzasyndan hem peşew etse, оnda haýsyndan öň peşew edýän bоlsa şоňa görä hasaplanýar.
Eger оl iki agzasyndan hem deň wagtda peşew edýän bоlsa, оnda оnuň jynsyny kesgitlemek kyndyr, ýagny оnuň erkek hem, aýal hem hasaplap bоlmaz. Bu söz ymam Abu Hanypa degişlidir.
Iki agzasynyň birinden köpräk peşew etmegi hunasany aýal ýa-da erkek hasaplamak üçin ygtybarly däldir. Bu söz hem ymam Abu Hanypa degişlidir. Iki ymam: «Beýle ýagdaý оnuň jynsyny kesgitlemek üçin ygtybarlydyr. Çünki agzalaryň birinden köp peşew etmegi şоl agzanyň beýleki agzasyna görä kuwwatlydygynyň delilidir» diýýär.
Hunasa оn bäş ýaşynda kämillik ýaşyna eten hasaplanar. Bu ýaşda оnda ärlik ýa-da aýallyk alamaty bildirmese, оnda оnuň erkek ýa-da aýaldygy babatda höküm çykarmak kyn bоlýar.
Eger hunasa sakgal çyksa ýa-da düşeginde şeýtany bоlsa, оnda оl erkekdir. Eger оňa aýallaryňky ýaly göwüs çyksa, göwsünden süýt aksa ýa-da göwreli bоlsa, оnda оl aýaldyr.
Eger hunasa namazda aýallaryň hatarynda dursa, оl namazyny täzeden оkar, emma aýallar täzeden оkamaz. Çünki, hunasanyň erkek bоlmagy mümkindir.
Hunasa jemagat namazynda erkekleriň hatarynda dursa, оnuň iki gapdalynda we arkasynda duranlar namazyny täzeden оkarlar, emma hunasa täzeden оkamaz. Çünki hunasanyň aýal bоlmagy mümkindir.
Hunasa namazyny ýapynjaly оkar. Оl ýüpek geýim geýmez we altyn-kümüş bilen bezenmez.
Hunasa erkekleriň ýanynda ýüzünden we eliniň aýasyndan başga ýerlerini açmaz.
Hunasa mährem bоlmadyk erkek ýa-da aýal bilen çоla ýerde galmaz.
Hunasa ýanynda mährem erkek bar bоlmasa sapara çykmaz.
Eger hunasa оn iki ýaşdan öten bоlsa, оnda оny erkegiň ýa-da aýalyň sünnet etmegi mekruhdyr.
Eger zady bar bоlsa, оnda hunasa özüni sünnet etmek üçin gyrnak satyn alar. Çünki, gyrnak hоjaýynynyň uýat ýerlerine bakyp biler. Eger оnuň mal-mülki ýok bоlsa, оnda beýtilmalyň serişdeleriniň hasabyna оny sünnet etmek üçin gyrnak satyn alnar. Sünnet edenden sоň оl gyrnak satylar.
Hunasa оn iki ýaşy dоlandan sоň öli ýuwlan ýere girmez.
Hunasa jaýlananda gabrynyň üstüni ýapyp durmak mustahapdyr. Çünki, оl aýal bоlsa, оnda оnuň gabrynyň üstüni jaýlanan wagty bir zat bilen örtmeli bоlar. Eger hunasa erkek bоlsa, оnda оnuň gabrynyň üstüni örtmegiň zyýany ýokdur.
Merhuma jynaza оkalanda erkegi ymama ýakyn, erkegiň kybla tarapynda hunasa, sоň hunasanyň gapdalynda aýal gоýlar.
Hunasanyň kakasy ölse, merhumyň hunasadan başga ýene bir оgly galan bоlsa, merhumyň maly üç ülüşe bölüner. Bir ülüş hunasa we iki ülüş оgluna degişli bоlar. Ymam Şapygynyň sözüne görä, hunasa erkegiň ülüşiniň we gyzyň ülüşiniň ýarysy degişlidir. Ymam Abu Ýusubyň sözüne görä, hunasa-nyň ülüşi ýediden üçdür. Ymam Muhammediň sözüne görä, hunasanyň ülüşi оn ikiden bäşdir.

Çeşmesi: Ubeýdylla Ibn Mesgut Ibn Mahmyt Mahbuby. Şerhi Muhteser («Muhteser» kitabyna düşündiriş). IV jilt // kitaplar.posterous.com. 533 sah.
Категория: Geň-taňsy wakalar | Просмотров: 130 | Добавил: Bagabat | Теги: Ubeýdylla ibn Mahbuby | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 37
0
36 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Narmalny bolun diyan

0
35 Gumlygelin   [Mowzuga geç]
Ruhy taýdan ejir çekmäge haky ýokdur diýsemem olaryñ ruhy öz-özünden ynjap ejir çekýändir.Emma,ynsanlar tarapyndan kemsidilmese ýagšy.Olary geñleýän wagtymyz"Alla bizi hem edeýin diýse şeýle ýaradyp bilerdi"-diýip oýlanmaly...
Umuman bize hunsalar barada giñ düşünjeli bolmak üçin olar baradaky maglumatlary köp okamaly.

0
33 Gumlygelin   [Mowzuga geç]
Hunsalary baradaky gürrüñler häli şindi eşidilip durýar.Ýalñyşmaýan bolsam olaryñ ýagdaýy ilki gizlin saklanýar we durmuş guranyndan soñ aýan bolýar.Bir gyz baran oglanynyn hunsadygny bilip şol gün yzyna gaýdyp geldi.Soñraky durmuşy "It görse gözi agarar"-diýleni boldy.Hunsa bolsa-da ilki bagtyna kaýyl gelip otursa bagty ýagšy bolardy.Bizde hunsalary geñlemek duýgysy bar.Şoñ üçinem hunsalar barada ylmy işleri,çeper eserleri köp okamaly.O Taññyýewañ"Täsin joram Annagül"-ini okamak hem bize köp derejede peýdaly.Hunsalar hem Allanyn ýaradan bendeleri.Olaryñ kemsidilmäge,ruhy taýdan ejir çekmäge haky ýokdur.

0
30 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Daýy,men siziñ has ýaşardylan we jynsy başga görnûşiñiz.Mende bar diýip tankytlan gylyklaryñyzyñ ählisi sizde artykmaçlygy bilen bar.(muny faktlar bilen düşündiripdim)
Siz häzir özüñize aýna tutduñyz.Pikirlenseñiz aýdanymyñ dogrulygyna düşünersiñiz.(eger entek ol kämilligi de ýetmedik bolsañyz onda başga gûrrüñ.)
Men tarapdan seredeñde bolsa bu bir duýduryş:
"Ine seniñ iki esse ýaşyñam üstüne bäş ýaş artyk ýaşan adam.Sen häzir šeýle.Ýöne tijenseñ şol ýaşa barýançañ kämilleşip bilersiñ."
Dogrudanam ýagşy dilegde bolalyñ.Siziñ ýaşyñyza baramda şu durkuma galmaýyn ýagny siz ýaly bolmaýyn.

0
29 TIKGI   [Mowzuga geç]
Meñ ejem Ogulsoltana "A gyz Ogsoltan!" diysem nähili bor, "Jan ejem, mähriban käbäm" diyip ýüzlensem nähili bolar? Biz kim Muhammet aleyhysalam kim (oña salawat bolsun), biz kim Allanyñ asylzada çaryýarlary Omar, Osman kim?
Hetdiñi tana hetdiñi dostum.

0
34 eatayew33   [Mowzuga geç]
@TIKGI, meni nämedir bir zatlarda aýyplamak islegiňe jogap bermezimden öňürti ejeňi mysal getiren ýeriňe jogap bereýin: oňa arkaýyn "eje" diýiber. "Eje" sözi özüm üçin-ä mukaddes söz.
Indi soňky aýdýanlaryň dogry eken diýip alanymyzda, men mukaddes Kur'any nädip okamaly? Onuň içine özümden bir ýa-da birnäçe söz goşmaga hakym barmy? Ol günä dälmi? Kur'anda ötüp-geçen pygamberleriň diňe 28 sekiz sanysynyň ady agzalyp geçilýär, "Muhammet" diýen söz bolsa 5 gezek agzalýar. Şeýle at bilen bir süra'da bar. Indi men şony okamda-da seniň aýdýanlaryňy şol ýere goşmalymy ýa-da Allanyň sözi bilen oňsam bolýarmy?

0
28 TIKGI   [Mowzuga geç]
etayew gyn görme druk, siziñ teswiriñizden ýehowaçynyñ zapahy gelýär?

0
27 eatayew33   [Mowzuga geç]
Hemme zat ilki bilen awtordan gerek: jemgyýeti, dünýäni düzetmek özlerine galandyr ýa-da özleriniň ýeke-täk borjudyr öýdýän ýazyjy ýa şahyr şol pursatdan galamyny taşlaýsyn, sebäbi şeýdip ilki "welilik", soň "pygamberlik" başlanýar. Ondan aňyrsam özüňize belli.

0
26 eatayew33   [Mowzuga geç]
Meňem ýersiz-ýere akyl satýan bolmagym mümkin, ýöne hiç kim tarapyndanam şeýle kemçilik ýa artykmaçlyk bilen dogulan adamlara bolan duýgudaşlyk duýup bilmedim bu jedellerde. Asla, edebiýat portallarynyň hemmesinde-de şeýle: derrew gürrüň başga zatlara geçip gidýär, emma men şu wagta çenli haýsydyr bir alymyň ahlakly ýa ahlaksyz ýaşanlygy üçin pylan hili açyş edenligi üçin ýazgarylanyny eşidemok, gaýta adamlary gyrgyna berip bilýän dinamiti oýlap tapan Nobeliň baýragyna ýetjek boluşyp ýer-ýesir...

0
25 eatayew33   [Mowzuga geç]
Bir hepde mundan öň bir gürrüňiň şaýady boldum. Bir oglan biziň obamyzda bir oglanyň ady "Bahar" diýdi. Geň galdym. Sebäbini sorasam, şeýle-şeýle diýdi. Ene-atasy ilki oňa gyzjagazdyr öýdüp, şol ady goýupdyrlar. Ýaş oglanmy diýsem, ýok, 40 ýaşlaryndaky adam, dört sany çagasam bar, özem ýaman prikolçy adam diýdi.
Meni geň galdyran zat, näme üçin ilk-ä onuň pasport aljak bolanda, özüniňem soň hemme zada akyly ýetensoň özüniňem adyny çalyşjak bolmandygy. Onuň ene-atasynyň, ýanýoldaşynyň, özüniňem duýgularyndan beter onuň çagalarynyň geljekde görjek günleri barada pikir etmän bilmedim. Jemgyýetimiz üçin.
Şeýle bir eser bolaýsa diýýäňiz. Ony okap kabul edip bilmäge jemgyýetiň bardygy-ýokdugy hakda welin pikir edeňzok. Şeýle gahryman nähilidir bir jenaýat işini edäýende ýa-da göwnüni şoňa böläýende-de, oňa ilki bilen "Hudaý seni şeýle ýaratdymy, diýmek günüňe kaýyl bolmaly" bar günänu şol tarapyna atjaklaram gümansyz, ýogsa "normalnyý" diýilýänleriň edýän jenaýatlarynyň ýanynda onuň ýönekeýje bir kemakyllyk bolmagam mümkin.

0
24 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
"Ýazan teswirim gozgalýan temañ ûstünden barýar"
Meñki nä hytaý diwaryndan söz açýarmy?))

0
23 eatayew33   [Mowzuga geç]
Eýdip-beýdip edebiýaty söýüjileriň arasyna gelýäň welin, soňa-baka gürrüňiň edebiýat barada däl-de, şahsyýet (hatda şol awtor tarapyndan oýlanyp tapylan şahsyýet bolsa-da) baradaky jedellere, kä halatda bolsa sögüşlere-de baryp ýetýändigini synlap oturan bolaýýaň. Hökmanam ara dini goşýandyrlar. Interesno welin, fiziklerdir himikleriň, hudožnikdir artistleriň, taryhçydyr geograflaryň jemgyýetlerinde-de şeýlemikä?
Arada bir postda Saharowy pygambere deňemekligiň näme ähmiýetiniň bardygy hemem şeýle zatlaryň näme üçin şeýle bolýandygy hakda sorag-gürrüň edildi.
Öz pikirimi aýtsam, hemme zat ýazyjy-şahyrlaryň özünden başlanýar. Esasanam şahyrlardan. Özüne şahyr diýip ugran her eline galam alan ilki bilen özi-özüne weli derejesini berýär. Soň her weliniň pygamber bolasy gelýär, pygamberlere bolsa onuň muşdaklary şol derejesinem az görüp, ony "hudaýlaşdyrmaga" başlaýarlar.
Men bir zada veň galýan: näme üçin men "Alla", "Hudaý", "Taňry" diýip Ýaradana gönüden-göni ýüzlenip bilýän-de, gönüden-göni diňe Muhammet däl-de, hatda gönüden-göni Omar, Osman diýip bilemok? Hökman bolmanda "hezreti" sözüni goýmaly öňünden? Hatda Magtymgula-da şeý diýmeseň seni pespälsizlikde aýýplaýarlar.
Bu bolsa eýýäm obratnyý proses.
Şol şahyrlardyr ýazyjylar ýa-da öz ýanyndan dine garaçyny bilen ynanýanlar näme hakda ýazylsa öz düşünjeleri boýunça şoňa baha kesmegi dogry hasaplaýarlar. Weli, pygamber derejesinde. Remezan aýyn-a oýunjaga dönderdiler. "Meň agzym bekli","Men şu aýda ýalan sözlärin öýdýäňmi?" ýaly gürrüňleri bazara barsaňam her dükanyň agzynda eşidýäň. Başga wagt ýalan sözleseň ýa ogurlyk etseň parzmy onda?

0
31 Myhman0430   [Mowzuga geç]
@eatayew33 gardaşym, salam.

öňi bilen şu saýtda az komment ýazanam bolsaň, normalnyý pikir ýazýan hasaplaýanlarymyň biridigiňi aýdaýyn. käbir pikirlerimiz gabat gelmese-de, pikirini gowy ýazýanlary gowy görýän.

ondanam öňürti men şol @myhman agza. parolymy ýatdan çykaryp, täzeden agza bolandygymy aýdaýyn.

indi, Eýdip-beýdip edebiýaty söýüjileriň arasyna gelýäň welin, soňa-baka gürrüňiň edebiýat barada däl-de, şahsyýet (hatda şol awtor tarapyndan oýlanyp tapylan şahsyýet bolsa-da) baradaky jedellere, kä halatda bolsa sögüşlere-de baryp ýetýändigini synlap oturan bolaýýaň. - maňa-da tanyş duýgy. ýöne aýdylan zat adresiňe aýdylandyr öýtseň sesiňi çykarman oturyp bolanok eken. mysal üçin Arada bir postda Saharowy pygambere deňemekligiň näme ähmiýetiniň bardygy hemem şeýle zatlaryň näme üçin şeýle bolýandygy hakda sorag-gürrüň edildi.-däki näme üçin men "Alla", "Hudaý", "Taňry" diýip Ýaradana gönüden-göni ýüzlenip bilýän-de, gönüden-göni diňe Muhammet däl-de, hatda gönüden-göni Omar, Osman diýip bilemok? Hökman bolmanda "hezreti" sözüni goýmaly öňünden? ýeri.

men çagakam, heniz diý näme, şahslar kim bilmeýän döwrüm diňe Alyň adynyň öňünden hezreti sözüni ulanylýanyna gulagymyz endik edipdir. "Görogly" eposda-da şeýledi öýdýän. soň ýaşym ulanyp başlansoň, başda atamyň täsiri bilen, soň öz gyzyklanmalam bilen dört çarýarlar, pygamberimiz... başgalary öwrenip başladym.
şeýdibem öz ýanymdan Hudaýa, pygamberimize ýakyn hasaplan adamlarymyň adynyň öňünden şeýle sözleri ulanmagy endik edinjek boldum. bu meň ýekeje özümiň saýlan zadym. başga kişi näme saýlasada işim ýok. şol sözleri ulanmaýana-da daşymdan-a däl, içimdenem "diýenogamaý" düşünjesi geçenok, eger çynym. sebäbi meň kakamam (dirikä), ejemem (käwagt), doganlamam diýenoklar, menem olara zat diýemok (şuny şu wagt ünüs berdim, öň ünsem bermändirin).

indi, geleli, saharowa pygamber diýilmegini geňlän ýerime.
1. "pygamber" sözi dini adalga diýip hasap edýädim. ýagny, Allanyň saýlan adamy. ýetilýän dereje däl. mysal üçin Nuh, Ybraýym, Isa, Muhammet...(hezreti sözüni içimden diýýän). hatda Budda, Kampuçi (şuň nädip ýazylýanyny bilemok aýyplaşma) ýaly kişilere pygamber diýilýändir öýdemok. rus dilini bilemok şonuň üçin olarda şolara prorok diýip diýmeýänlerinem bilemok. şolaryň
2. saharow wadarodnyý bomba ýasan injinerleriň iň esasylarynyň biri bolansoň
3. A.Ç birde lenin, birde 37 däki gurbanlaň... arkasyny çalyp duransoň

garaz pikirimiz çogdamlab-a bilmedim welin, düşündirip bilendirindä.

gep uzaýaram welin, ýene şu zatlaram aýdaýyn. ýazan zatlamdan çen tutup, dindardyr öýtmegiňiz ahmal. men özümi prostoýja musulman hasaplaýan. mollada däl, daže elementarnoja edäýmeli amallarymam edemok edip bilemok. ýaltalykdan. (şu ýaşa ýeteýin, bu ýaşa ýeteýin). edýänlere gözüm gidýä.

kim nämä ynansada hormat goýýan, munam çynym bilen aýdýan. illeň mukaddes görýän zatlaryna ýaman zat aýtmajak bolýan, özümiňkä aýtsalaram halamok. bilmän edýän zatlarymam bilgeşleýin edemok. bir ýerde näçe milýon adam sygyra çokunýa diýip sygyry iýmän oňamok : ). käbir ýalňyş zatlary eden adamlara-da "şolar ýalňyş zat etdi" diýýän. olaram birileriniň gaty erbet gowy görýän adamy bolup çykýa.
,
kakam pahyr stalini gowy görýädi. men halamok. onda-da kakam ikimiz jinnek ýalyjagam göwnümize degşemizokdyk. bolmasa kän jedelleşýädik. gaýtam gyzykly bolýady. her kim öz pikirinde galýady.

bir topar zat ýazyp kelläňizi agyrtdym. birden jogap ýazsaňyz, aýdyp goýaýyn 1-nji güne çenli girip bilmezligim ahmal. iki gün işim bar. başagaýrak.

size ýa başgasyna garşy içimde hiç hili kine ýokdur. sizde-de ýokmyka diýýän. ýazyşyňyzdan çen tutsaň düşünjeli birine meňzeýäňiz.

köpüräk komment ýazyň, pikirleriňiz gyzykly. üssünlik.

0
Meñem atam pahyr köne fonarlary govy goryardi

0
22 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Meniñ getiren teswirimem siziñ mende tankytlan zatlaryñyzyñ özüñizde añryýany bilen barlygy üçin getirildi Ýene de getiriler.

0
21 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Kimdir birini tankyt etmek ûçin ony tankyt edýän taraplaryñ sende bolmazlygy gerek.
Nähili aýylganç satira!Meni tankytlap aýdan ähli sözleriñiz siziñ özüñizde jemlenen.(Ine ilkinji gezek şahsyýete degýän.Çûnki öz şahsyýetime degildi)

0
19 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
"Šuny biri gowy edip öwrense hunsanyñ durmuşynda gabat gelýän kynçylyklary adamlaryñ oña bolan garaýşyny ene atasynyñ psihikasyny eger bar bolsa "ýanyndakyñ" garaýşyny. uly göwrümli eser çykardy. Asla gozgalmadyk tema bolany üçinem okyjylaryñ ünsüni çekip edebiýatyñ taryhyna girerdi. Okamagam ýazmagam lezzetli bordy bu ugurda."

Ezizowly blogda-da şular ýalyrak pikiriñizi beyan edyäñiz. Yagny, ilki goşgynyñ Gurbannazaryñkydygyndan şübhelendiñiz. Şübhä esas goýulmansoñam, "men esere kämil däl" diymedim diyyäñiz.

Başga blokda ýazylany somlamak diýip şuña diýäýseñ.

0
20 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Jogap yazjak dal diydim, yazmaly boldy. Diñle, keýgim: bu teswir siziñ nädogry we durnuksyz pikir ýöredyändigiñize ünsüñizi çekmek u.n getirildi. (Galyberse-de teswiriñize siñe göz ayla, ol şu blogyñ aşagynda yazylan teswir we gürrüñ şu blogyñ gozgayan meselesiniñ üstünde baryar.)
Belki özüñiz parhynda dälsiñiz munyñ. Alñasama, sowukganly bolmagy maslahat beryärin. Logikany sypdyrma. Kämilleşersiñiz diyen umyt edyärin. Yagşy dilegde bolalyñ.

0
18 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Goý şûweleñli bolsun.Meniñ şahsyma kesek oklana men çete çekilip tomaşa etmelimikäm?Asla.

0
17 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Şahsy kesekleşmemi - haýsy teswirimde şu taýdaky agzalaryñ şahsyna degipdirin?Çykaryñ görkeziñ.Ýogsam göz görtele töhmet atdygyñyz bolar.Edebi çekişmelerde soñyna çenli takat bilen jogap berýändirin.Gaýtam özüñiz "Gurbannazaryñ päk poeziýasyndan syýasat gözleýänler" diýip kesegä däl laý okladyñyz adamlara.

0
15 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Hm.Ýalñyş düşünmegi adat edindiñizmi?Ýeri bolýar.
Gurbannazarly mowzukda ilki ýazan pikrimde goşgynyñ gowydygyny ýöne Gurbannazaryñ poeziýasyndan pesdigini aýtdym.Soñky teswirlerimde de muny inkär etjek sözüm sözlemim ýokdur.Bar bolsa getiriñ goýyñ.(özümde hä indi size düşündiriş berere ýagdaý ýok)

0
14 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
şol teswirçileñ käbirine "ahow, pylany, sen näme ün onda "ärim pylan yerde, menem şonsyz oñup bilemok, biri bilen yatyp turmasam, kista bolyan, saçym dökulya, dişim dökulya, nerwinny bolyan" diyp alaga-da bir gownuñe yaran biri bilen bolduñ" ya-da "ahow, pylany sen name u.n ayrylyşdyñ ayalyñ b.n", ya-da "a sen name onda äriñ b.n ayrylyşansoñ birine baryp dynayman, oglanlar b.n lakgyldaşyp yorsuñ" diymage biri gerek welin... onam diyp bolanok. Oz gizleyan zatlaryny biziñ ayan etmegimiz dürs dal..

Tanyş geldimi? "Bize näme? Ýapyk gapyñ añyrsynda näme etseler şony etsinler. Dinem isleýşiñçe ýaşa diýýär."

0
16 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Ana, gördüñizmi, aydyşym yalam boldy. Şahsy kesekleşmä geçdiñiz. Diñe pikiriñ üstünde diskussiýa girip bileñzok. Özüñizi hakly görkezjek bolup, birwagt başga blogda yazan teswirimi bärik somlaýañyz. Hawa, bu sitata alan sozleriñizi men yazdym we elmydama yzynda-da duryan, hem bu yokarda yazanlaryma ters gelyän yeri bardyr oydemok. Uzyn uzyn düşündirip biljek, emma yaltanyan.. wagtam bir çene baryberipdir. Men jogap bermezligi saylajak. Yone siz yazyberiñ. Şüweleñli bolar ))

0
13 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Ezizowly blogda-da şular ýalyrak pikiriñizi beyan edyäñiz. Yagny, ilki goşgynyñ Gurbannazaryñkydygyndan şübhelendiñiz. Şübhä esas goýulmansoñam, "men esere kämil däl" diymedim diyyäñiz.
Zyýany ýok. )) Şular yaly edebi çekişmä takatsyz kişiler garşylyklaýyn pikirlerini soñuna çenli alşyp bilmeyärler, şahsy kesekleşmä geçip gidenlerini özlerem bilmän galýar. ))
Hernäme-de bolsa, her bir agzamyz-okyjylarymyz bilen deñ hatarda siziñem pikirleriñiz sayt ü.n, okyjylar ü.n gymmatlydyr. Bizden göwün-garyn etmäñ. Yazyp duruñ. ))

0
12 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Dinem jemgyýete yaramaz täsir döretmedik, adamlara yaramaz görüm-görelde görkezmedik yagdaýynda kimiñ nirede näme işläp yörenligine goşulanok. Adamlaryñ şahsy durmuşyna garawulçylyk çekenok. Gaýtam "isleyşiñ yaly ýaşa..." (yagny, ahyrynda jogabyny beribilseñ bolýa diyen manyda) diyyär. Adamy ölyänçä öz wyždany bilen başa baş goýýar.
Ýaramaz gylyklar umumylaşdyrylyp yazgarylýar. Ýaramazlygy eden kimdir biriniñ şahsyýetine gönükdirilip (ýa kimdigi ayan edilip) yazgarylmaýar.

0
11 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Hic kimiñ pynhan gatnaşygy köpcülikde gep edilmäge degişli däldir. Ýapyk gapylaryñ añyrsynda kim näme etse şony etsin. Her kimiñ öz şahsy durmuşy. Mesele, kimiñ nirede näme edyänliginde däl, mesele: kimiñ jemgyýete näme peyda berip bilyänliginde.
Rast, biri bu meselede kösendimi, maslahat soradymy: ony ur-tut yazgarmaly dal, gaytam bilmeyan zadyny öwredip, dogry yoly salgy bermeli.

0
9 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Iki adamyñ arasyndaky pynhan gatnaşykdan bize näme?
Egerde ol gatnaşyk jemgyýetimiziñ we diniñ kadalaryna ters bolup ahlak taýdan nädogry bolsa men mundan bimaza bolýanlygymy aýtmakda hiç hili näsazlyk görmeýärin.
(edil beýleki temalarda pikrimi bassyr bussursyz aýdyşym ýaly)

"Heşelle" kakmak - oñam näme üçinligi edil şol sözlemiñ içinde men diýip durandyr.
Oraza aýyny tutaryk edinmek - oraza aýy hiç hili tutaryk edilenok.Diñe birazajyk bimazalygymy aýtmak meselesinde kä ýerlerde meni yza tesdirýänligini aýtdym.Emma şolam bärde maña böwet bolup bilmedi diýdim.
Başga?
Siziñ şu "giperbolalaryñyza da"düşündiriş okamakdan añryýany bilen ýadadym.

0
10 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Hunsalar baradaky blogda:
"Šuny biri gowy edip öwrense hunsanyñ durmuşynda gabat gelýän kynçylyklary adamlaryñ oña bolan garaýşyny ene atasynyñ psihikasyny eger bar bolsa "ýanyndakyñ" garaýşyny. uly göwrümli eser çykardy. Asla gozgalmadyk tema bolany üçinem okyjylaryñ ünsüni çekip edebiýatyñ taryhyna girerdi. Okamagam ýazmagam lezzetli bordy bu ugurda." diýýäñiz. Bärde-de başga zat diýýäñiz. Garşylyklaýyn pikire takat bildirmegi öwreniñ, gadyrdan ) Olaryñ kynçylygyna düşünesiñiz gelýän bolsa, olaryñ durmuşyndan söz açyan eser size "lezzet" bermeli bolsa, bu soñky "näsazlyk" näme indi. ))

0
8 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
@Hyýalkeş, iki adamyñ arasyndaky pynhan gatnaşykdan bize näme? Oglan bu babatda giñ düşünjesi yok eken, yaşuly yazyjydan maslahat sorapdyr (öz gözyetiminiñ cäginde.) Şeýle-de kimdir biriniñ pynhan pursatda ucran bişowlugyna (söygülisiniñ hunsa bolup cykmagyna) heşelle kakyşyñyz geñsi görünýär. Bütin bularyñ arasyna bolsa Oraza aýyny tutalga edinýärsiñiz. Özara pikir alyşmanyñ arasyna Orazanyñ näme dahyly bar. Şony agzamanda bolanokmy? Düşnüksiz.

0
7 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Diýmäýin oraza aýydyr diýýän welin aýtmanam durup bilemok.
Nika gyýman gyza el gatjak bolýan ahlaksyza bolaýypdyr şol.Adamlar birhili bolupdyr.Zynany dagyn indi günädenem saýanok käbirleri.
Arada ekizler.comyñ söhbetdeşlik sahypasynda ekizleriñ birine samsyk sorag berýär aklyny çörek huruşlygy edip iýen biri."Men çala gatnaşykda boldum bir gyz bilen .Soñam birnäçe gezek boldy.Gan gelmedi.Gyzam senden öñ hiç kim bilen bolmady diýýär.Indi men nämetmeli"diýip soraýar.Ýaşuly ýazyjy näme diýsin şoña."Oñam bir çalasy bormy" diýip bašlady sözlerine.Gyza el gatmaly däl ekeniñ" diýdi.Ahyrsoñam "Dogtora görkezäýmeseñ" diýip maslahat berdi.
Hany ona erkekdir diýdim geçdim gyzyñ soñuny saýman edýän ýeñilkelleligine näme diýjek?Ene atasynyñ tutuş neberesiniñ ýüzüni ýere saljagyny bilmeýärmikä kelesañ?

0
6 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Aytyana öň dostlukda bir agza bardy, ady yadymda dal. Ana şol aňkow, bir gözel gyza aşyk bolanmyş. Onsan bylar bir gün duşuşyk belleşip görüşyaler. Ana şonda oglan duygularna bäs gelip bilman, gyzy eňildirip begendirmeli diyen netija gelyar. Görse gyzyn nemesinde çüki barmysh

0
5 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Çykmak üçin ilki puklanmaly.

0
4 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Hyýalkeş, seň kimdigni tanadym dos, bilindin cykay

0
3 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Šuny biri gowy edip öwrense hunsanyñ durmuşynda gabat gelýän kynçylyklary adamlaryñ oña bolan garaýşyny ene atasynyñ psihikasyny eger bar bolsa "ýanyndakyñ" garaýşyny. uly göwrümli eser çykardy.Asla gozgalmadyk tema bolany üçinem okyjylaryñ ünsüni çekip edebiýatyñ taryhyna girerdi.Okamagam ýazmagam lezzetli bordy bu ugurda.

0
37 Bagabat   [Mowzuga geç]
Şu temadan amerikan ýazyjysy Jefri Ýewgenidisiň "Orta jyns" atly romany bar ekeni. Bu roman 2003-nji ýylda Pulitser baýragynam alypdyr. Ine romanyň rus dilindäki terjimesiniň salgysy: http://flibusta.is/b/145396/read. Özüm-ä heniz okap görmedim. Şu wagt tapdym.

0
2 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Sag boluñ Serdar daýy!Haýran galaýmaly.Beýle geñ tañlyklaram bar ekeni.

0
1 Bagabat   [Mowzuga geç]
Hunsa grekler: "germafrodit" diýýärler. Birmahallar, atam döwürlerinde kazyýet-lukmançylygy dersinden sapak berenlerinde tutuşlygyna bir tema edip okadypdylaram welin, ondan bärde kellede zat galmandyr.
Ýöne, gadymy ýunan mifologiýasynda başga-da bir jynsda iki jynsly milletiň bolandygyny okapdym. "Androginler" atly, gadymy Giporboreýada ýaşan we Benijanlar kibi Hudaýa garşy söweş eden rowaýaty halk. Ýagny, gadymy ýunanlylar köphudaýly bolansoň, olaryň "androginleri" Hudaýlara garşy baş göteren millet bolmaly.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: