09:37
"Älem-25" eksperimenti
“ÄLEM-25” EKSPERIMENTI

1968-nji ýylda etolog-alym* Jon Kelhun, Ruhy sagdynlygyň amerikan milli institutynda üýtgeşik tejribe synagyny geçirýär. J.Kelhun syçanlaryň sosiumynyň (jemgyýetiniň) adam jemgyýeti bilen meňzeşligini (analogiýasyny) çaklamagyň esasynda, şu meňzeşlikden ugur alyp, tutuş adamzadyň geljegi barada garaýyşlaryny subut etmäge synanyşypdyr.
Munuň üçin alym, özüçe: “syçanlaryň jenneti” diýip atlandyran eksperimental zolagy oýlap tapypdyr we ýasapdyr. Barlaghana şertlerinde ýasalan “syçanlaryň uçmahy” – bu 2x2 metrlik inedördül meýdanly, beýikligi 1,5 metr bolan, onuň içine ýerleşdirilen syçanlar çykyp, gaçyp bilmez ýaly edilen, ýatak ekeni.
Bu ýatakda syçanlar üçin iň amatly howa şertleri, bol iýmit we suw, syçanlaryň özlerine hin gurunmaklary üçin zerur bolan serişdeler üpjün edilipdir. Ondan başga-da gemrijiler weterinarlaryň üznüksiz gözegçiliginde saklanyp, olaryň saglygyna hiç zadyň zeper ýetirmezligi ýola goýlupdyr. Umuman, syçanlar üçin bu emeli “behiştde” ähli howpsuzlyk çäreleri – syçanlara howp saljak ýyrtyjylaryň bolmazlygy, köpçülikleýin ýokanç keselleriň ýaýramazlygy doly derejede berk berjaý edilipdir. Üstesine-de ýatagy hepdede bir gezek doly arassalapdyrlar we hemişe tämiz ýagdaýda saklapdyrlar.
Şeýlelikde, J.Kelhun we onuň kömekçileri tarapyndan syçanlar üçin aňrybaşy ýaşaýyş üpjünçilik şertleri döredilipdir. J.Kelhun özüniň ýasan ýatagyny “syçanlaryň utopiýasy” hökmünde häsiýetlendiripdir we öz geçirýän eksperimentini “Älem-25” diýip atlandyrypdyr.
Bu ýatak 3840 sany syçanyň arkaýyn ýaşamagyna niýetlenipdir. Ýöne, tejribe geçirilýän döwründe syçanlaryň umumy sany 2200 baş bolandan soňra, olar öz-özünden köpelmeklerini bes edipdirler we azalmaga başlapdyrlar.
Tejribe synagy başlananda “syçanlaryň jennetine” 4 jübüt gemriji goýberilipdir. Şu pursatdanam synagyň A tapgyry – özleşdiriş tapgyry başlanypdyr. Şondan 55 gün soň syçanlaryň maşgalalary nesil öndürip ugrapdyr. Syçanlaryň ilkinji çagalarynyň dünýä inmegi bilen synagyň B tapgyry başlanypdyr.
Şondan soň, her 55 günden gemrijileriň sany iki esse artypdyr. Emma, eýýäm synagyň 315-nji gününde syçanlaryň köpelmegi peselip, olaryň sany her 145 günden iki esse artmaga başlapdyr. Şol pursatdanam synagyň S tapgyry başlanypdyr. Bu tapgyrda ýatakdaky boş ýer azalypdyr, syçanlaryň baş sany bolsa 600-e ýetipdir. Şonuň bilen birlikde-de syçanlaryň arasynda basgançaklaýyn gatnaşyklar (özara iýerarhiýa) we belli bir derejedäki jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň özboluşly ulgamy (sosial ulgam) emele gelipdir. Şol ulgamyň düzüm bölekleri şu aşakdakylardan ybarat bolupdyr:
1. Syçanlaryň arasynda “ýekirilenleriň tiresi (kastasy)” ýüze çykypdyr. Ol topar esasan ýaş syçanlardan ybarat bolupdyr. “Ýekirilenleriň tiresi” ýatagyň merkezine kowlup, dykylypdyr we hemişe diýen ýaly has garry syçanlaryň hüjüm etmeklerine sezewar bolupdyrlar. Tejribe geçirýänler bu ýagdaýyň sebäplerini öwrenenlerinde, aňrybaşy amatly şertlerde syçanlaryň tebigy ýagdaýdakydan has köp ýaşaýandyklaryny we şonuň netijesinde-de garry nesliň jemgyýetçilik meýdanyndaky orunlaryny wagtynda ýaşlar üçin boşatmaýandyklaryny anyklapdyrlar. Hut şonuň üçinem garry syçanlar esasan ýaş syçanlara hüjüm edipdirler. Ýaş syçanlary bolsa, gemrilen guýruklaryndan hem-de tüýi goparylan hamlaryndan tanamak mümkin bolupdyr. Şunuň ýaly zabunlyk bilen syçanlaryň umumy köpçüliginiň arasyndan ýekirilip, kowlanlaryndan soňra ýaş erkek syçanlar, ruhy taýdan ejizläp, pese düşüpdirler we öz tebigatlaryna laýyklykda özleriniň bogaz urkaçylaryny beýleki syçanlardan goramakdan boýun gaçyrypdyrlar.
2. Syçanlaryň urkaçylary öz tebigy boluşlaryndan has gaýduwsyz we yzgytsyz häsiýetleri edinipdirler. Çünki öz erkekleri tarapyndan ýeterlik derejede goralmaýandyklary zerarly, olaryň özleri, özlerini we nesillerini goramaga mejbur bolupdyrlar. Uzagyndan urkaçy syçanlaryň gahar-gazaby, keseki syçanlardan geçip, öz çagalaryna-da täsir etmäge başlapdyr. Olar öz çagalaryny öldürip, ýatagyň ýokarky (çetki diwaryna ýakyn) bölegine göçüpdirler we ýekemenlige endik edip, erkek syçanlar bilen bile ýaşamakdan hem-de çaga dogurmakdan ýüz dönderipdirler. Netijede, syçanlaryň köpelmegi bes edipdir, ýaş syçanlaryň ölümi bolsa barha artypdyr. Şu pursatdanam synagyň D tapgyry – “syçanlaryň uçmahynyň” ahyrzamany başlanypdyr. Bu tapgyrda syçanlaryň arasynda täze bir görnüşi emele gelipdir. Alymlar ol syçanlary “owadanlar” diýip atlandyrypdyrlar.
Ol syçanlaryň “owadanlar” diýlip atlandyrylmagynyň sebäbi – olar öz jynslaryna mahsus bolmadyk häsiýetleri ýüze çykarypdyrlar. “Owadanlar” erkek syçanlaryň zanny-ýasawyna laýyklykda urkaçy syçanlar hem-de ýaşaýyş mesgeni üçin göreşmändirler hem-de öz neslini dowam etdirmeklige düýbünden isleg bildirmändirler. Olar diňe iýip-içip, ýatyp-turup, gezip ýörüpdirler. Ähli meşgul bolýan pişelerem, diňe özleriniň akja, ýumşajyk tüýlerini timarlamakdan ybarat bolupdyr.
Uzagyndan syçanlaryň jemgyýetinde “owadanlaryň” we ýekemen urkaçylaryň sany juda köpelipdir. Syçanlaryň ortaça ömri bolsa 776 güne ýetipdir. Gemrijileriň ömrüniň bu dowamlylygy bolsa olaryň tebigy şertlerdäkisinden hem-de olaryň nesil galdyrmak ukyplaryndan 200 gün artykmaç ekeni.
“Syçanlaryň behişdiniň” ýaşaýyşynyň soňky tapgyrynda bogaz syçanlaryň sany 0,0 derejä ýetipdir. Ondan başga-da syçanlaryň özlerini öz tebigatlaryna mahsus bolmadyk görnüşde alyp barmaklary olaryň arasynda beçebazlygyň giňden ýaýramagyna getiripdir. Şeýle hem, syçanlaryň jemgyýetinde iýmitiňem-suwuňam bol-telki ýeterlikdigine garamazdan olaryň biri-birini iýmekligi (kannibalizm) pajarlap ösüpdir.
“Syçanlaryň jennetinde” ýaşaýan jemgyýet tejribe synagynyň 1780-nji gününde doly gyrlyp gutarypdyr. Şol gün bu ýatagyň iň soňky syçany jan beripdir. Syçanlaryň jemgyýeti öz-özüni ýok edipdir we olaryň jenneti dowzaha öwrülipdir.
Jon Kelhunyň bu tejribe synagyny “Älem-25” diýip atlandyrmagynyň sebäbi, bu tejribe synagy alymlar tarapyndan “syçanlaryň jennetini” döretmegiň 25-nji – soňky synanyşygy ekeni. 25-nji synagyňam netijesi öňküler ýaly bolupdyr.
Şeýlelikde, syçanlaryň sosiumynyň mysalynda alyma we onuň kömekçilerine “jemgyýetiň” ähli zerurlyklary üpjün edilen, dok we aladasyz durmuşda köpçüligiň nähili häsiýetleriniň ýüze çykýandygyny synlamak başardypdyr.

Çeşmesi: https://medium.com/@archivett/эксперимент-вселенная-25. 30.04.2021ý.

* Etologiýa (gadymy grekçe: ἦθος – etos “häsiýet” + -λογία – logos “öwrenmek”) – haýwanlaryň gan bilen geçýän özüňi alyp baryş häsiýetlerini we olaryň instinktiw özlerini alyp baryşlarynyň düzüm bölekleri bolan esasy reflekslerini, zerurlyklaryny we ş.m. öwrenýän, zoologiýa ylmynyň bir pudagy bolup durýar.
Категория: Geň-taňsy wakalar | Просмотров: 96 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 8
0
2 myhman   [Mowzuga geç]
znaçit, her utopiýaň soňy distopiýada onda : )

iliň çagasyny görýäňmi (bärde daşary ýutlylar manyda)!? her zatda her hili terjribeler geçirýäler. bir zat öwrenjek bolup bütin ömrüni sarp edýänleri kän. öwrenýälerem. şolaň käsiniň öwrenip başlan zady biz ýaly... wi men ýaly biri görse "biderek wagtyny ýitirýä" diýmegem ahmal. tutuş ömrüni çöllerde ýatyp-turup ýylanyň bir görnüşiniň yzyna düşüp ýöreni haýsy, adamyň saglygyna zyýanly himiki elementleri dörjeläp, rak bolup ýöreni haýsy... haýran galaýmaly.

"utopiki jemgyýet üçin diňe bir maddy bol-elinçiligi däl-de, aň-düşünje taýdanam ýeterlik ýüki bolmaly ekendigine ýene bir gezek düşündik" diýse bolýada. onuň üçinem 1. köp okamaly; 2. dogry zat okamaly; 3. okan zadyňa dogry düşünmeli 4. okap oňman, amalam etmeli 5... 6....

faşistik germaniýaň adamlaram köp okaýanlardandymyka diýýän. diňe okanyň bilenem bolanok bolmaly. iň dogrusy adalat = utopiýa.
işleseňem bar, işlemeseňem - adalatly däl.
işleseň bar, işlemeseň ýok - adalatly (görünýä ýöne) däl
işleseň köp bar, işlemeseň ölmez öde - adalatly.
bular meň şahsy pikirimdir.

0
3 Bagabat   [Mowzuga geç]
Meniň pikirimç-ä, ha kommunizm bolsun, ha nasional-sosializm, ha liberalizm, ha radikal-sosializm, tapawudy ýok, islendik jemgyýetçilik gurluşyny özgertmek hakynda utopistik binýatly taglymatlar, adamzadyň iki sany biri-biri bilen berk baglanyşykly düzüm bölegini üns merkezinden düşürýärler:
1. Adamyň psihologiýasy;
2. Adamyň tebigaty (zanny-ýasawy, instinktleri).
Şu ikisini göz öňünde tutmazdan, ol ýa-da beýleki bir ideýalaryň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylmagyny gazanmak düýbünden mümkin däl. Çünki, adam - ýyrtyjylar maşgalasyna degişli, onuň tebigatam hemme zady iýip bilýän ýyrtyjyň tebigaty.
Belli rus filosofy Nikolaý Berdýaýewiň bir sözi bar: "Döwlet zemini ýaşaýyşy Jennete öwürmek üçin däl-de, onuň gutarnykly dowzaha öwrülmegine päsgel bermek üçin hereket edýär".

0
5 myhman   [Mowzuga geç]
adam - ýyrtyjylar maşgalasyna degişli, onuň tebigatam hemme zady iýip bilýän ýyrtyjyň tebigaty. ýylgyrtdyňyz : )

adam hakynda ýene şeýleräk manyda bir zadam okapdym (ýa eşidipdim). ýagny, adam - perişdelerden ýokary derejeden tä-ä haýwanlardan pes derejelere çenli aralykda orny barmyş. onsoň özüňe bagly....

işim çykyp gitmeli boldum, yzyny soň elim degse ýazaryn.

aýyplaşmaweriň.

0
6 Bagabat   [Mowzuga geç]
"Ot iýijiler" bilen "et iýijiler" diýen düşünjeler bar. Adam bolsa, otam iýýär, etem iýýär. Şonuň üçin "hemme zady iýip bilýän" diýip ýazdym-la.

0
7 myhman   [Mowzuga geç]
Serdar aga, aýdýanyňyz dogry.

onda-da adama ýyrtyjy diýlende ýylgyranyňy duýman galýaň.

mysal üçin, adamlar üýşüp bir ýerde ýaşaýanyna "süri bolup ýaşaýan jandar" diýmän, "jemgyýet bolup ýaşaýar" diýlişi ýaly ýyrtyja-da bir söz bolaýsa, sypaýyçylygrakly. şoňa derek näme diýjek başga.

0
8 Bagabat   [Mowzuga geç]
Wikipediýa akga, adamyň doly ylmy klassifikasiýasyny şu aşakdaky görnüşde beýan edýär:
Домен: Эукариоты
Царство: Животные
Подцарство: Эуметазои
Без ранга: Двусторонне-симметричные
Без ранга: Вторичноротые
Тип: Хордовые
Подтип: Позвоночные
Инфратип: Челюстноротые
Надкласс: Четвероногие
Клада: Амниоты
Класс: Млекопитающие
Подкласс: Звери
Клада: Эутерии
Инфракласс: Плацентарные
Надотряд: Euarchontoglires
Грандотряд: Эуархонты
Миротряд: Приматообразные
Отряд: Приматы
Подотряд: Обезьяны
Инфраотряд: Обезьянообразные
Парвотряд: Узконосые обезьяны
Надсемейство: Человекообразные обезьяны
Семейство: Гоминиды
Подсемейство: Гоминины
Триба: Гоминини
Подтриба: Хоминина
Род: Люди

0
4 Bagabat   [Mowzuga geç]
Adalat düşünjesini bolsa, ilk-ä grek pelsepeçileri, soňam rim hukukçylary: "Her kime mynasybyny bermek" diýip kesgitläpdirler.
Lat. suum cuique - her kime özüniňkini;
Gadymy Rim hukukçysy Ulpianyň sözi:
Iuris praecepta sunt haec: honeste vivere, alterum non laedere, suum cuique tribuere -
Hukugyň görkezmesi şeýle: dogruçyl ýaşamak, özgelere zyýan etmezlik, her kime mynasybyny bermek.

0
1 Bagabat   [Mowzuga geç]
Şu tejribe synagy giden bir antiutopiýa romany üçin esas bolup biljek ekeni. Özem, meniň pikirimç-ä, başaryp ýazylsa, wakanyň originallygy hem-de köpmanylylygy, Orueliň "1984"-denem Bredberiň "Farengeýt-451"-denem peslär ýaly däl.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: