22:01
Şygyr kerweni
ŞYGYR KERWENI

Düňňür...
Düňňür...
Düňňür...
Diňle, jaň sesi
Ýaňlanýar,
Çar ýany ýanna çagyrýar.
Hut seniň kalbyňdan
Hem meň kalbymdan
Özüne ýol salyp bir kerwen barýar.

O kerwen şeýle bir täsin, geň kerwen,
Özge kerwenlere eýgertmän deňin,
Ýyllaryň,
Asyrlaň,
Eýýamlaň çaňyn
Ýuwup,
Gözellige bolansoň aşyk,
Barýar,
Öňe barýar,
Her bir sagatda
Onlarça,
Ýüzlerçe menzil ýol aşyp.

Düňňür...
Düňňür...
Düňňür...
Bu şanly kerwen
Güýçdür gaýratyny artdyryp her gün
Hem baýdak edinip döwrüň sargydyn,
Barýar,
Öňe barýar,
Ýolugra duşsa,
Bejerýär ejizlän ýürekleň derdin.

Barýar,
Alyslara salyp barýar ýaň.
Adamlar daşynda urýar pelesaň.
Kimler-ä kerwene iner goşýar-da,
Galkynýar, galkynýar, güýç alyp ýerden.
Kimler bolsa umydyndan el üzýär,
Goşan arwanasy galyp hatardan.

Nämeler garaşýar,
Bilemok häli,
Diňe ýagşy tutup niýeti-päli,
Menem bu gün şo kerweniň yzyndan
«Ýetsem» diýip, maňlaýymdan der syrýan.
Ýaňja aýaklanan köşejiklermi
Goşgujyklarymy idekläp barýan.

«Birden goşulaýsa, eýärmi yzyn,
Kerwenden üzülip gitmezmi soň bir?..»
Men şeýle pikiri öwürýän serde,
Kerwen bolsa, wah, säginmän hiç ýerde,
Barýar...
Alyslardan gelýär jaň sesi:
Düňňür...
Düňňür...
Düňňür...

Italmaz NURYÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 33 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Italmaz Nuryýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: