21:46
Men daglaryñ arasynda
MEN DAGLARYŇ ARASYNDA

D.Haldurda we beýlekilere

Men daglaryň arasynda,
Gürrüňdeşim dag bu gün.
Gursagymda dyňzap duran
Arzuwlarym bar bu gün,
Gürrüňdeşim dag bu gün.

Dyrmaşýaryn belentlikden belende,
Gorkamok,
Diýemok «Tupan, gaý gele».
Çünki meňi öz ýanyna çagyrýar
Çal bulutdan telpek geýen gaýalar.

Dyrmaşýaryn,
Ýadamany duýamok,
Gaýtam barha gadam basýan batyrgaý.
Daşlaň meni ýykmajagny bilýärin,
Düýnki agram bersem çökýän baýyr deý.

Gygyrýaryn,
Açýan ýürek syrymy,
Çekinemok, töweregme ýaň salýan
Gaýalaň sesimi gaýtalaýanyn
Eşdemde begenýän, gülýän, diň salýan.

Gaýtalaýar,
Soňra dymýar gaýalar,
Hiç bir syry aňmadyk dek hamana,
Bilýän, daglar düýnki ýelli baýyr däl,
Meň syrymy peşgeş bermez şemala.

Dyrmaşýaryn,
Çykdygymça belende,
Täze belentlige dikýän gözümi,
Şu belent gaýaly daglaň içinde,
Dostlar, menem dag dek duýýan özümi.

Italmaz NURYÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 30 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Italmaz Nuryýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 1
0
My hearts in the highlands

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: