21:43
Ölüp-direlen -5/ romanyñ dowamy
17.

Kowus dolanmady.
Ýeke gara başy bolsa-da, eli ýukalyk Gyrmyzynyň ezenegini agdyryp ugrady. Ýetde-gütdelik “Indi nätjek? Oňa-da pul-püçek gerekdir, muňa harjylygy nireden aljak?” diýip, her ädimde gyjalat berdi. Dükanyň tam süpürijiliginden alýan puly onuň täk özüniň gara bokurdagyny zordan oňarýardy. Kowusyň gidişleýin gitmesi onuň durmuşynda uly boşlugy emele getirdi. Köçä çykyp, gaş kakyp, göz oýnadyp, onuň öwezini dolup biljek gümany ýok. Hany, indi öňki Gyrmyzy barmy? O-ol birmahalky, towlanjyrap, owsunyp, ýüz-müň näz bilen ýigit baryny yzynda enteden, dyzmaç-dyzmaç jahyllaryň ýüreklerini gobsundyryp, ýüpsüz kökeren, belent başlaryny egdirip, dyzyna çökeren Gyrmyzy yok! Ol geçmişde galdy. Indi onuň ýerine orta ýaşap, ozalky görk-görmeginden az nyşan galan, egin süňki ýarsan, könelen ýüzüniň ýygyrdy köpelen, agyr aladalaryň astynda gerdeni gysylan, gözleri gussaly, mysapyr garaýyşly, goýnunda ýaňy jan giren perzendini göterip ýören başga Gyrmyzy peýda boldy. Munuň gündelik gara tötekden gaýry-da endişesi ýok däl. Azat diýip bir Taňry garganam türmede munuň geljek ýoluna gözüni dikip otyr.
Bir gezek köçede ýaşy çen bilen ellä ser uran, eginbaşy göwşüldän, maňlaý saçy düşen, düşmedik ýeri oňat çalaran, dişleri somalyşyp duran, aňňal burun, tüňňi maňlaý, erinlek nätanyş erkek kişi gabat geldi. Ol Gyrmyzyny saklap, ilki-hä dilini çeýnäp, çekinjeňlik bilen bir ýeriň salgysyny sorady. “Bilemok” diýen jogaby alansoňam, ters dönüp, gidibermedi-de, çalt-çalt gepläp, özüniň uzak bir obadan gelendigini, şäherde bir tanşyny gözläp, tapyp bilmeýändigini, maşgala ýagdaýynyň ýaramazdygyny, aýalynyň ir ölendigini, ýekelikden kösenýändigini aýdyp başlady. Nätanyş bir adamyň gapdalyndan galman, özi bilen egin deňäp gelşini halamansoň, Gyrmyzy sypaýyçylyk bilen ony başyndan sowmak isledi. O bolsa, alaga-da, ur-tut ozalbaşky niýetini diline getirdi. “Özüň ýaly maşgala tapsam, ara daş diýip durjak däl. Gatnaberjek. Hepdede bir gezek gelmäge asyl ýaltanman. Pulundan gaçamok. Iýip-içip otursak, keýp çeksek, oňatja dynç alsak...” diýdi. Şonda Gyrmyzy içiňden geçip barýan otlukly nazaryny onuň bäbenegine dikip, barmagyny gözüne dürtäýjek boldy. Bar dogumyny jemläp: “Ýüz-gözüňi ýyrtyk-ýirik etdirip, uly ile wejera bolmajak bolsaň, häziriň özünde gümüňi tap şu ýerden!” diýip, haýbat atdy. Alar awun aňlamadyk nätanyş haňk-huňk etdi-de, süzüberdi. “Haram, kirli ýerçeken! Olar ýaly gepiňi bajyňa aýtsaň bolmaýamy?” diýip, Gyrmyzy onuň yzyndan gygyryp galdy. Şonda-da wagty bilen köşeşip bilmedi. Tüýsi bozuk bir ülhidiň şeý diýmesi janyna batdy. Ýokuş gördi.
Soň bir gün Şirin til kakdy:
– Dirimiň, gyz?
– Howwa-la.
– Görünmän oňýaň?
– Biz pahyry ideýän barmy?
– Boşmuň?
– Howwa.
– Gel onda basymjak.
– Keýpinemi?
– Keýp etjek diýýän bar.
– Meň bilenmi?
– Dagy kim bilen bolsun?!
– Kim, gyz, ol?
– Aý, bar biri. Sen tanaňok.
– Pullujamy?
– Pul janyňy alsyn! Gaýt basymrak.
– Bardym.
Barsa, Şiriniň ýanynda hut altmyş ýaşlaryndaky, dişi dökülen garaýagyz bir adam aşaky dodagyny ýalap, gözüniň çorbasyny akdyryp, munuň gelerine garaşyp oturan bolsa nätjek? Gyrmyzynyň ýüzi ilki bir erbet agardy, soň gyzardy, aljyrady. Gapyň agzynda durşuna öye girjeginem, yzyna dönjeginem aýgyt edip bilmedi. Ahyram özüni dürsäp, aýak üstünde duran ýerinden Şirine üm berip, daş çykdy.
– Näm boldy, gyz, bi nä tazygyp, gaýdyberdiň-le? – diýip, Şirin ýüzüni asyp, onuň ýanyna geldi.
– Şol oturan üçin çagyrdyňmy?
– Hä, nämesi bar?
– Üstümden güljek bolýaňmy, gyz?
– Goýsana, Gyrmyzy!
– Atam ýaly edip, başyma ýapaýynmy ony?
– Puluny al-da, işini bitir-dä! Sen näme oň öňünde oturyp, boýuna-syratyna guwanmaga geldiňmi?
– Uf-f... Kelläň nirede? Şoňa kaýyl boljagymy-bolmajagymy bilmediňmi? A gyz, bir dişem ýok-da agzynda. Hudaý jan-eý! Gorkunçdygyny! Dodagynam şeýdip ýalaýar-a! – diýip, Gyrmyzy öýkünip görkezdi.
– Gyýw, pul gerek dälmi saňa?
– Puluny özüň alaý. Özüňe mynasyp zady maňa berme. Boş bolsa, är edinseňem bolýar-a, owadanja oglan eken. Gowja... – diýip, Gyrmyzy tekepbirlik bilen ýaňsylady.
Şirin içiýangynly hüňürdedi:
– Mes kemçin diýerler saňa! Ýene pul geregem diýýär-ä!
– Bor, gyz, gaty görme. Munyňy hiç keşdim çekenog-a. Hany, gowja zat tapsana, sary erik ýalyjak.
– Sary erik ýaly zadyň ýerine, ine, şuny alarsyň, mes baýtal! Özüňden habar al, kimdirin öýdýäň özüňe? – diýip, Şirin gahar bilen ýumrugyny somlady.
– Gitdim, gyýw! Bar senem gir indi ketegiňe, o tapan zadyňy ýeke goýma! – diýip, Gyrmyzy güldi. Eglenmän gaýtdy.
Başga bir gün dükandan çykyp, öýüne gaýdyp gelýärkä gartaşan bir adam lak atdy. Gyrmyzy bar ýigrenjini gözünde jemläp, ony nazary bilen sessiz dalady-da, öz ýoluna gidiberdi.
– Senem men ýaly ýeke öýdýän. Menem ýanyň bilen äkitsene, bile bolaly. Hä? Onda telefon nomeriňi ber-dä, habarlaşaly – diýip, ol adam ýaşyna gelişmeýän süwümsizlik bilen onuň yzyndan gep atyp galdy.
Gyrmyzynyň hyrra yzyna öwrüläge-de, onuň alkymyna dykylyp baryp: “Telefon nomer gerekmi saňa, ýeleksiz ýerýuwdan! Häzir polisiýany çagyryp, ýygnatmakam ötünç sora!” diýip, onuň badyny alasy geldi. Ýaňkyja diýen sözleri üçin gatnawly uly köçäniň ýakasynda, giden milletiň öňünde bagyşla diýdirip, dyzyna çökermek isledi. Ýene jogapsyz galdyranyny kem görmedi. “Haýsy bir ygyp ýören köçe süpügi bilen agyz deňäp, darkaş gurjak? Olar ýalyny eşitmediksiräp, sesiňi çykarman, ýeň!” diýip, özüne pent etdi.
Birnäçe gün geçenden soň Gyrmyzy gök-sök alaýyn diýip, bazara gitdi. Şonda oňa özi bilen deň-duşurak, dogumy kesesinden belli bolup duran, syratly, görmegeý kireýkeş gabat geldi. “Şular ýalyjak oňatja oglan duşaýmal-a maňa-da. Hökman är edinmek däl, mahal-mahal habar tutup dursa-da oňjag-a” diýip, Gyrmyzy bihaýa arzuw bilen iç gepletdi. Kireýkeşiň özüne lak atmagyny isledi. Yzky oturgyçda oturan ýerinden näz bilen towlanjyrady. Onuň ýoluna seredip, roluny eýläk-beýläk öwrüp, özüne asla üns bermeýändigini görse-de, tä bazara barýança süýnüp-sarkdy. Ulagdan keýpsiz düşdi.
Şeýlelikde, Gyrmyzy terligini ýitirip, gül jemalynyň solup barýandygyny, birmahalky edişi ýaly, bir bakyşda men-men diýen jalaý ýigitleriň ýüregine ot oklap bilmeýändigini, dürli ir-iýmişli bakjasynyň sabap, gyzan bazarynyň sowlup ýörendigini ýuwaş-ýuwaşdan boýnuna aldy. Başy dumanly, gursagy tamdyrly jahyllaryň däl-de, araky ýaly, ýaşy bir çene baran salpaýaklaryň özüne hyrydar göz bilen seredýändikleriniň sebäbine düşünip başlady. Öten günleriň dolanuwsyzdygyna akly ýetip, ah çekdi. Ömrüň bigam günleriniň öz nobatyny ötürendigine birbada ynanasy gelmedi. “Boldumy indi? Oýun gutardymy? Mundan buýana lagar düşen garry köpeklere lukma bolmalymy? Ýaňy güýjüne giren şirler bilen, dogumyna bäs gelip bilmeýän barslar bilen, gujury-gaýraty egsilmeýän gurtlar bilen çekeleşip, oýnaşyp, dalaşyp, bezm edişilýän döwranyň sowuldygy boldumy?” diýip, ol bir elini ýaňagyna goýup, beýleki eline ýüz görülýän tegelek aýnany alyp, maňlaýyna düşen ýygyrdy synlap otyrka öz-özünden sorady.

18.

Uly ogly Mämmediň öýi Aýmyrat aganyň mundan öň gelmän ýören ýeri däl. Günde-günaşa şu ýerde. Köplenç agşamlyk nahar başynda Mämmet bilen bir çüýşäni orta alyp, üç gezejik çakyşdyryp, keýpini köklemek soňky döwürde endigine öwrülipdi. Mezitden öýke edip gaýdansoň, wagty bilen onuň ýüzi açylmady. Sust gezdi. Ýöne bir gözi köçede galana döndi. Öýdeş ogly yzyndan geläýjek ýaly zol ýola garşy garanjaklady oturdy. Mezit welin kakasyny idemedi.
Bir hepde geçip geçmänkä Mämmediň aýaly Ogulnur darygyp başlady. Aýmyrat aganyň mundan buýana bu ýerde bolmalydygyna, onuň ähli hyzmatynyň öz boýnuna galyp barýandygyna gözi ýetip howpurgady. Ýükürgendi. Gaýynatasyny artykmaç hossa saýdy. Eltisi Läläniň etmeli hyzmatyny bialaç özüniň etmeli bolýandygy üçin namys etdi. Asyl gaýynatasynyň başyny alyp, uly oglunyňka gaýtmagynda Läläniň eli bardyr öýtdi. Öz götermeli ýüküni başga biriniň ýagyrnysyna ýükleýändir diýip, eltisine müňkürlik etdi. Arkasyndan agyr ýüki düşürip, ýaşmagyny dagam başyndan aýlap uran Läläniň salkyn tamda çiň arkan düşüp, hezil ýatan suraty göz öňüne gelende otly köýnek geýdi. Bu zatlaryň ählisiniň aňyrsynda öňden taýynlanyp goýlan bir hile ýatandyr, bu günem şo hiläň gurbany bolandyryn diýen pikir serine geldi. Muňa äsgermezçilik diýip düşündi. Her öňýetene aw bolup, özüni oňarman ýörenligi üçin Mämmede-de gahar etdi. Ony oýnatgy, nadan hasaplady.
Ine, onsoň Ogulnur aýallaryň gadymdan gelýän garasöýmezligini her ädiminde mesaňa-mälim edip ugrady. Ilki bilen çaý-nahary gijikdirip äberdi. Gap-gaçlaryň şakyrdysy artdy. Torsaryldy. Girende-çykanda siltenjiredi. Sähel zat üçin çagalarynyň ýüzüni almany çykardy. Mämmet bilenem ýüzüni sowup gepleşip başlady. Äriniň soraglaryna ýarpy-ýalta jogap gaýtardy.
Bir gün içip, diliniň açylan wagty Mämmet oňa:
– Näme bir döwüm nanyňy gysganýaňm-aý? Opuryp-ýapyryp iýýän zady ýok, işdäsi guşuňky ýaly. Bih-h! Samsyk bolma! Pensiýasy bar-a. Näme, mugt iýip-içýärmi? – diýip, düşündirjegem boldy.
Ogulnur gözüni-gaşyny çytyp, ýüzüniň perdesini syrdy:
– Pensiýasy derkaryma däl-e-eý. Basymrak öz öýüne ýygnanawersine-eý. Ana, öýdeşi bar, seredibersin şolar. Öz ýüküm özüme ýetik.
Aýalynyň howalasyndan susty basylyp, şo gezek Mämmet diline gelen sözleri ýuwutdy.
Ogulnur bolsa şu ikarada Owlak ejäniň ýagdaýyny soraýyn diýip, gaýynenesiniň ýanyna-da ýetip gaýtdy. Owlak ejeden delalat bolmajagy belli zat. Ogulnuruň gününe aglar ýaly ol aladasyz däl, onuň derdi has çökder.
Ogulnur Läle bilen ondan-mundan gerekli-gereksiz gürrüň edip, esli oturdy. Gep arasynda sepini bildirmän gaýynatasyndan gürrüň açdy. Aýmyrat aganyň düýp goşy taşlap, uly oglunyňkyda amanat ýaly ýaşap ýörmesini özüniň asla ýük görmeýändigini, ýöne eli boş, galyň heleýiň gep-gürrüňinden biynjalyk bolýandygyny aýlap-öwrüp syzdyrdy. Läle näme diýsin? Läle görgülide erk-ygtyýar barmy?
– Wah-h, bilýän-le. Bilýä-än. Töweregimde dostdan duşman köp. Maňa-da abraý gerek. Ile ryswa bolasym gelenok welin, nädeýin? Käşgä, diýeniň diňlenýän bolsa bi hojalykda! – diýip, ol zynharlady.
Ogulnur ugrubir çykyp barýarka öz ýanyndan Mezit bilenem bir gepleşip göräýsem diýdi. Soňam goýbolsun etdi. Çekindi. Mezidiň: “Men-ä kowmadym. Git diýen barmy oňa? Özi gitdi. Kakam siz üçinem keseki däl. Bizde boldy, sizde boldy, tapawudy näme?!” diýerinden ätiýaç etdi. Tosaň-tosaň edip öýüne gaýtdy.
Onuň yz ýanyndan Läle-de ogly Kuwwady iberdi. “Ataňa aýt, gelsin diýýärler diý, göresimiz gelýär diý. Gaýtmajak bolsa-da, ýuwmaly egin-eşigiň barmy diýip sora. Asyl alyp gaýt” diýip tabşyrdy. Emma bujagaz çakylyk üçin Aýmyrat aga sarsmadam. “Bor, köşek, sen gidiber, erte-birigün özüm baryp gaýdaryn. Ejeňe-de aýt, alada edip ýörmesin, meň kirimem ýuwýalar, çaý-naharymyňyam kemi ýok” diýip, agtygyna hoş söz berip goýberdi.
Şondan soň-a Ogulnur has-da bolmajysy boldy. Gün-günden gygy ajady. Mämmediň öýde ýok wagty, Aýmyrat aga eşitdirip, özünden-özi ýaşmak astyndan hüňürdemäni çykardy. Ýersiz ýere çagalaryny siltedi. Ýüzüni ajadyp, her ädiminde tozan turuzdy. Eli käseli çekize sorap gelen goňşy gelne bolsa: “Wah, giň ýeriň gürrüňini edýäň sen. Hany, öňki ýaly çekize artýarmy bizden?! Özümize-de ýetenok. Hanha, çekizehaltamy ýuwup serenime telim gün boldy” diýip, Aýmyrat aga tarapa gyýa-gyýa seredip, elini serdi.
Bir gezegem günortanlyk üçin unaş kesdi. O-da ýeter-ýetmez boldy. Beýlekiler-ä öz paýyny iýip, gyra çekildiler welin, mal oty alyp gelen ogly oňmady. Çemçesini boş okaraň gyrasyna kakyp:
– Başga nahar ýokmy? Gutardymy? – diýdi.
Ogulnur:
– Wah, gutaraýdy-da. Bolmasa, el ýaly nan bilen garpyz ýaryp iýäý – diýip, saçagy süýşürdi.
– Aý, bor-laý! Bişirýäniň-ä unaş, sadagaň gideýin, iýip otyrkaň ajykýaň. Onam ýeter-ýetmez edýäň.
– Unum baýasa, nä alaç edeýin men? Şul unaş üçin urbalygymy ýugurdym. Hemmäňiz iýjek-de, geýjek. Haýsy biriňize ýetireýin men? Kakaňyzyň bir aýlygy... – diýip, Ogulnur jibrindi.
Aýmyrat aga-da mundan artyk çydam edip oturyp bilmedi. Köne penjegini egnine atdy-da, telim gün bäri özi sebäpli sust oturan agtyklaryna garap: “Men-ä gitdim onda. Eneňiz ýaranok. Indi şo ýerde boljak. Kakaňyz işden gelse, şeý diýip aýdaýyň” diýdi. Çykyp barýarka Ogulnura ýüzlenip, bir zatlar diýmäge çemlendi. Ýöne hiç zat diýmedi. Diline geleni ýuwdup, ýuwdunyp, çykyp gitdi.
Aýmyrat aga öz öýüne dolanyp geldi. Ses-üýnsüz öňküje bolýan otagyna geçdi. Zerur bolmasa, kän bir daş çykmady. Çykaýsa-da, Mezidiň bar ýerine barmady. “Bi kejeňek doňzuň bu jaýyň ýekeje kerpijine-de şärik zady ýokdur – diýip, ol edere iş tapman otyrka gyjyrdap, içinden Mezide käýindi. – Diňe munuň däl, asyl adam oglunyň şu jaýda hilesi ýok. Öz elim bilenjik, daban azabym bilenjik galdyrdym. Hakyna seretseň, men kowmaly muny öýden. Kowmasyna-ha, meni kowan ýok, kowup biljegem ýok. Özüm gitdim, özümem geldim. Hakym bar”.
Mezidem onuň öýkesini ýazmak üçin gep-söz atyşmaga ilgezik bolmady. Girende-çykanda gabat geläýse-de, kakasyny görmedik boldy.
– Hiý, şeýdişip ýörer ýaly näme bar? Ol-a garry adam diýjeksiň, ýeri, saňa näme gerek? Nirde görlen zat ataly-ogluň şeýdip bir-birinden ýüz sowup ýörmesi?! Toba! – diýip, bir gezek Läle Mezide igenjek boldy.
– Hany, sen çemçe-çanagyň bilen bol. Erkegiň işine goşulma! – diýip, Mezit şo bada onuň jogabyny berdi.
Aýmyrat aga bolsa ýene-de öňküsi ýaly kä günaşa, käte ikaşa Mämmetlere gatnap başlady. Özi-de her gezek baranda Ogulnurdan asla çekinmeýändigini, Mämmediň öýünde özüniň bigäne adam däldigini, islän wagty gelip, oturyp, hatda ýatyp gitmäge-de hakynyň bardygyny mazamlaýan şekilde agaç sekide jüp ýassygy tirseginiň aşagyna çekip, han ýatyşyny edip, hekemsiredi.

19.

Daşardan eşidilýän seslere gulak gerip, nury öçen garaklaryny gapa dikip, goşa tirsegini ýassyga urup, it ýatyşyny edip ýatan ýerinden Owlak eje Nurjahana kän garaşdy. Emma garrynyň sabyr serhedini ölçejek bolýan deý, garaşylýan adam gara beribermedi. Elin habar ýollanandan soňam ýanyna gelip gitmänligi üçin Owlak eje Nurjahandan öler ýaly gaty gördi. Uzyn boýy gysgalaýjak ýaly, iň bolmanda aýak üstünden arzy-halyny diňlemäge-de geläýmedi. Gaýtam, pors atyp, gaýraky oba-bir ýere gezmäge gidenmiş. Bir gepinde indi geljek däl diýen ýalyrak gürrüňem edipmiş. Kim meni görjek bolsa, özi yzymdan baraýsyn diýýämiş! Ýeri, kim sen? Hä? Ogul doguran han heleý däldirin öýtmediň-le özüňe! Dokuz aý donuňa sygman, gabaryp, ýasan zadyňam-a hunsa çykdy. Käşgä, iliňki ýaly, synasy düzüw, allanäme bäbek doguran bolsaň! Günüňe ýanaýyn seniň! O bolşuňa-da it aýagyny iýen ýaly, oba-oba gezip, tünegiňe köwlenmän... Öýünden bizar, mes heleý diýerler saňa! Häý, petigara darsdaban!
Şunça zynharlasa-da, özüni Nurjahanyň ýanyna iň bolmanda çaý içim salymlyk äkidip getirmänligi üçin Owlak ejäniň Mezide-de gahary geldi. Hamana, alys menzil geçip, ýurt aşyp barmaly ýer ýaly, munuň “ynha, äkitjek” gürrüňiniň hiç soňy gelmedi. Aýakdan galsaň, öz çagaňam diýeniňi etmejek bolup dur. Enesiniň çekýän derdi bularyň nä gamyna! Şu gürrüňi enesi däl-de, heleýi tapan bolsa, ýeke sözünem ýere gaçyrmazdy. Heleý edinensoň, bi zamanyň çagasy üçin ejesiniň bary-ýogy bir apbasy!
Läle ýadyna düşende Owlak eje köňlüni gümana berdi. “Şü Läle diýilýän albassy heleý Nurjahana ýakmaz bir zat diýendir. Iki gulaç dilini onda-munda urup, awusyny atandyr, zäherini pürkendir. Indem gelip-git diýip habar ýollamagy kemlik bilýändir. Ýogsa, eşitse, Nurja ömür gelmän oturarmy?” diýip oýlandy. Läle bilen Nurjahanyň nämäniň üstünde agyz-burunlaryny towlaşyp, ýüzlerini kese-kese sowuşyp, sögüşendiklerini teý aklyna sygdyryp bilmedi.
Ahyry ol ýatan ýerinden tirsegine galdy-da, öýüň ownuk-uşak işleri bilen gydyrdanyp, iç-daş girip-çykyp ýören Läläni ýanyna çagyrdy. O-da, munuň başynda köwsarlaýan söwdadan bihabar, gelip:
– Hä, enesi, gerek zadyň barmy? – diýip, aýak üstünden habaryny alyp gidibermekçi boldy.
Owlak eje hamy ýygyrt-ýygyrt bolup duran elini salgady-da:
– Bi nä urup gaçjak ýaly bolup dursuň? Otur şu ýerde! – diýip, hökümli gepledi.
Läle uludan demini alyp, Owlak ejäniň çat maňlaýynda çökdi.
– Aýdyber-ä! Meň senden başga-da set-müň işim bar-a. Haýsy biriň ýanyňy alyp oturaýyn?! Entek naharam ataramok... – diýip, hüňür-hüňür etdi.
Owlak eje onuň alakjap oturmasyna asla ähmiýet bermän, ýowuz äheňde dillendi:
– Hany, sen dogryňdan gel, Nurja bilen näme paýlaşyp bilmeýän zadyň bar?
Läle ör-gökden gelip:
– Waý, toba! Nurja kim? – diýdi.
– Gandymyň heleýi. Nurjahan.
Bu ýerde başga bir gep bar bolaýmasyn diýen şübhe bilen Läle birbada anyk gürrüň etmedi.
– Hä, näme diýipmişim men oňa? – diýip, Owlak ejäniň özüne sorag berdi.
– Mönsürän bolma, haýran! Näme o görgüli bereniňi iýmedimi? Diliňe buýrup, dek gezmek kynmy? Hä? – diýip, Owlak eje-de ony gyssady.
Telim ýyl mundan öň ölüp giden Nurjahan bilen hiç wagt ajy gep aýdyşmanlygy üçin Läle asla howpurgamady. Owlak ejäniň tapyp oturan bu gürrüňiniň aslyna ýetmek üçin arkaýyn dillendi:
– Näme diýenim ýadyma düşenok meň-ä. Özüň aýdaýmasaň!
– Bolmanam ýadyňa düşmez. Kelle barmy sende. Guşuň kellesi ýaly...
– Waý, näme bolanyny bir aýd-a! Gaýa ýok, gopuz ýok, irginsiz iňirdäp otyrsyň. Şo bir heňiň. Hany, aýt bol, kim näme diýdi?
– Sen, gelin, eşitdim-eşitmedim diýme, boljak bolsaň-a, edil ýöne ik ýaly gös-göni bolgun! Bolmajak bolsaňam, häzir aýt, belliňi edeýin – diýip, Owlak eje çyny bilen gatyrganyp haýbat atdy.
Muňa Läläniň gülküsi tutdy. Gaýynenesi bilen birsellem oýun edişesi geldi. Owlak ejäniň hakykatdan hem huşuny ýitirip ýörendigine şübhelendi. Henek edýändir öýtdi. Onuň oýnuna jogap edip “Wah, meň oňa diýen zadym ýok, özi kölegesinden öýkeläp ýör” diýesi geldi. Emma öňünde bir gysym bolup oturan garrynyň garaçyny bilen janygyp oturşyny görüp, goýbolsun etdi. Geň gördi. “Bizem birmahal garrasak, şular ýaly akyl-huşumyzy ýitirip, gülki bolup oturarmykak? Toba!” diýip içini gepletdi.
– Enesi, hudaýlygymy aýdaýyn – diýip, Läle birhaýukdan soň çynlakaý keşbe girdi. – Men-ä şo Nurjahan diýilýän heleýi soňky gezek haçan görenimem ýadyma düşenok. Onsoňam nämüçin sögüşmeli oň bilen?
– Onda näme görnenok? Hany, gara berenog-a.
Edil häzir Owlak ejäniň bolup oturşy “Nurjahan-a, ynha geldi, näme gepiň bolsaň aýdyber” diýip, nätanyş bir aýaly getiräge-de, öňünde sömeltseň, ynanarly göründi. Läläniň özi biraz mahaldan köne dony çümrüp, dönüp gelse! Sesini-labzyny üýtgedip, “Oňat otyrmyň, gyz, Owlak? Tanadyňmy meni? Nurja men. Görüşmälimize telim ýyl bolandyr. Çagyran ekeniň” diýse! Şonda Owlak eje näderkä? Ynanarmyka?
– Näme etjek ony? Sebäbini bir aýd-a! – diýip, Läle sorady.
Owlak eje biraz oýurganyp oturdy. Gahary gaçdy. Äheňi ýumşady.
– Razylaşjak bolýan. Ölmäkäm yrza bol diýjek.
Läläniň bilesigelijiligi artdy.
– Algy-bergiň barmydy?
– Hawa.
– Näme, gyz, ol?
Gelniniň ähli zady ilik-düwme biljek bolup, çintgäp oturmasy garrynyň janyna ýakmady.
– Ne işiň? – diýip, ol yzgytsyz gepledi.
Gaýynenesiniň Nurjahan bilen näme algy-bergisiniň bardygyny bilmek islegi Läläni eýerläp mündi.
– Aýt-da, bizem bileli-dä.
– Sen Nurjany getir meň ýanyma!
Läle çytyldy. Gysgajyk:
– Hmm... Bor – diýdi.
Owlak eje onuň şu ýerden turşuna gidip, Nurjahany alyp geljekdigine ynanmady. “Sebäbini bilmese, gitmezem, getirmezem” diýdi.
– Gyýw! Dur-a! – diýip, gapydan çykyp barýan Läläni yzyna gaýtardy. Ýarym pyşyrdy bilen gepledi. – Süýş bärik. Saňa aýdaýyn. Şu Nurjaň bir bäbegi hunsa çykdy.
– Hunsa?
– Hawa.
– O näme bolýa, gyz?
– Hunsa-da. Ne gul, ne gyrnak. Gyz-oglan.
– Waý-eý! Toba! – diýip, Läle ýakasyny tutdy. Owlak ejäniň alkymyna nädip dykylanyny onuň özem bilmän galdy. – Haçan bolan zat ol?
– Bireýýäm-le. Göbegini kesjek wagtym göräýdim. Nurja bilenok oň hunsadygyny.
– Onsoň?
– Şo bäbek üçin Nurja bilen razylaşmaly men.
– O näme öläýdimi?
– Özüm öldürdim-le.
– Waý-eý! O nämüçin? Nädip öldürdiň? Nurjahan öldür diýdimi? – diýip, Läle ýüzüni agardyp, yzly-yzyna sowal ýagdyrdy.
– Ömür öldür diýermi? Nurj-a ony bilenogam. Özüm öldürdim. Agzyny-burnuny tutup, demini kesdim-dä.
– Onsoň? Soň näme etdiň?
– Arlyga dolap, Gandymyň eline berdim. Öwlüýäň bir gyrasynda ýerläp gaýdyber diýdim. Öwez ogluny bersin diýdim. Näme, ýaş başlary bar...
– Aýtdyňmy şuňňaly-şuňňaly diýip?
– Aýdarynmy, gyz?! Kemliräk ekeni diýdim. Üýtgedi diýdim.
– Näme kemi bar diýip soramadymy? Aýtmadyňmy sen gyz-oglan diýip?
– Ýo-ok. Aýtsaň bolmaz-a.
Läle gorky inen gözlerini tegeläp:
– Öldürmeli däl ekeniň-dä. Hunsa bolanda näme, öldüribermeli bormy? – diýdi.
– Be-e, be-e, ýene näme? Öldürjek! Sen düşmeýäň o zatlara.
– Indi?
– Indi Nurjany getir git-de. Ýalançyň sowuk şemaly ýüzüňe degip durka razylaşmaly bor-a. Aýdaýyn. Gepe düşýän heleý bolsa, oňarmansyň diýmez.
– Diýer. Hunsa bolsa-da, gör-lähet bolsa-da, her kimiň öz çagasy – diýip, Läle garşy gitdi.
Owlak ejäniň gahary geldi.
– Sen hunsany nä bilýäň, beýlekini nä bilýäň? Sakyr-sakyr edip, many-many geple diýseň size! Adam däl ol, Deçjalyň zürýady. Ahyrzamanyň edil öň ýanynda köpelmelimiş şolar ýaly zat.
Gaýynenesiniň ir döwürler göbegenelik edendigini bilýänem bolsa, Läläniň hunsaly gürrüňe birbada ynanasy gelmedi. Öz ýanyndan “Ýalandyr-la, gyz? Akly çaşan garryň gepi bolmasyn?” diýip şübhelendi. “Deçjalyň zürýady” diýen sözlere birazyrak böwrüni diňlänem bolsa, ony heňe gelmejek zat hasaplady. “Haýsy bir Deçjalyň çagasyny Nurjahan ýaly heleý dogursyn?” diýdi. Onuň pikiriçe, Deçjal diýilýän zat adamdan dogulanok. Ol ýa asmandan inmeli, ýa-da ýerden çykmaly.
Läle Nurjahanyň telim ýyl mundan öň ýurduny täzelänini Owlak ejä aýtmady. Aýdany bilenem ynanmaz öýtdi. “Azary artar. Gepi-gürrüňi uzaga çeker. Wagty bilen tüketmez” diýdi.

* * *

Bular ýaly negada bir eşidilýän geň-taň gürrüňiň aýal adamyň içinde uzak ýatjak gümany barmy? Läle muny günübirin Mezide habar berdi. O-da ýeňsesini gaşap, ýüzüni aşak salyp, esli oturansoň:
– Beh, çynmyka-raý? – diýip, Läleden sorady.
– Çyndyr – diýip, Läle nämüçindir öz ynanjynyň tersine gürledi.
Halys ynjalyp bilmänligi üçin, “Magadyna ýeteýin” diýip, Mezidiň özi ejesiniň ýanyna bardy.
– Eje, bi hunsa diýipsiň, Nurjahanyň bäbegini nemetdim diýipsiň?.. Göbegini keseňde?
Owlak eje yraň atyp oturan ýerinden ot alyberdi:
– Wa-ah-h, aýdýan-a men. Ýöne ýere käkeleýänmi men?
– Ýo, çynmy şo zatlar?
– Çyn, jan ogul, çyn.
– Sen ony özüň bilip şeýtdiňmi ýa göbegini keseňde atanlykda bolan zatmy?
– Özüm-le, özüm. Agzyna letde goýup, bogan özüm-ä.
– Seň öldüreniňi gören barmy? Başga hiç kim ýokmudy?
Owlak eje hakydasyny dörüşdirip, az salym dymansoň:
– Kim görsün, gyz?! Hiç kimem ýok – diýdi.
– Sen, eje, bulaşdyrýaň öýdýän şu wagt. O çaga doglanda diri däldir, öli dogandyr. Onsoň göwnüňe özüň öldüren ýaly bolup durandyr. Sebäp, ondan bäri kän mahal geçdi-dä.
– Sen meni şoňňaly aňkasy aşan hesip edýäňmi? Beterem diri dogdy şol-a. Ölini-dirini tanamaz ýaly garagym gapykmy meň? Ýa gulagym ker açypmy? Hunsa bolany üçin öldürdim-ä men ony. Ýogsa, çagaň demi bilen ne işim bar?
– Ýa, walla! Bäh-h!.. – Mezit dagy näme diýerini bilmedi. Uzak oturman, sessiz turup gitdi.
Категория: Romanlar | Просмотров: 46 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Kakamyrat ATAÝEW | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: