12:09
Sabyr / hekaýa
SABYR

...Gije ýarymdan aganda, suwuň joýasyny çalyşmak üçin daş çykdy. Aýaguçdaky ýapboýuna baryp, dikilgi piline ýapyşdy. Şol pille-de, Aýyň ölügsi ýagtysyna, mellegiň gyrasyndaky tutlukda gysmyljyraşyp duran garalary saýgardy. Birek-birege gümradyklary sebäpli dünýeden bihabar çolaşyp-çyrmaşýanlaryň bärkisinde körpe gyzynyň suduryny tanan dessine-de, aňynda nämedir bir zat larsyldap ýaryldy.
Ýüregi jigläp gitdi.
Gözüniň öňüni goýy-gyzgylt tümlük gabsady.
Piliň sapyny gysymlaýan elleri, öz-özünden hasam pugta ýumlup, gol damarlary kirşe döndi.
Bir demde süňňüni dolduran gahar-gazapdyr, namysyna degilmekden ýaňa ol, näme edýändiginem aňşyrman, pilini sogrup aldy-da, garalara garşy ses-selemsiz bir ädim ätdi.
Beýnisinde-de däl, ýekeje pursatda tary-mar edilene dönen gursagynda, birje pikir, birje duýgy döredi.
Ikisinem...
Ikisinem...
Heniz şol ädimini ätmek üçin galdyran aýagyny ýerde goýmanka-da, gözüniň öňünde ýakyp-ýandyryp gelýän aýylgançlygy bilen özüne juda lezzet berýän görnüş janlandy.
Piliniň ýalaw ýaly kepjesini, ilk-ä namysyny ýere çalan gyzynyň ýeňsesinden inderýär...
Soňra, ara maý salmanam, ony bagryna oýkaýanyň çüwdesini çogdurýar...
“Bol! Bol! Ikisiniňem janyny jähenneme ýolla! Bu wejerany ile ryswa etmegi üçin şunça yhlas siňdirip ulaltdyňmy?” diýip, niredendir bir ýerden gulagyna eşidilip başlan eýmenç haşşyldyly pyşyrdy bolsa, oňa hasam meçew berdi.
Bada-badam, edil kimdir bir göze görünmeýän biri, çapgyr palta bilen hyýalyny darka ikä bölen dek, ol hyýalynyň birinji ýarysy bilen-ä gana bulaşyp ýatan iki göwräni görýär. Beýleki bölegi bilenem, ýigrimi ýyl mundan ozal, bäbekhananyň işiginde eline alan, ýüzi çym-gyzylja, mürşüjek, tirsekboýy göwreli bäbejigi synlaýar. Soň, hyýalynyň ýartysynda göze ilmez çaltlyk bilen çalyşýan janly sahnalarda bäbejik barha ulalýar, üýtgeýär...
Emedekläp ýörşüne, guş dilinde wüjürdäp, oňa nämedir bir zatlary düşündirmäge synanyşyp janygýan, mymyjak gulpaklyja gyzjagaz...
Ýaşyl köýneklije, akja öňlükli, ilkinji gezek mekdebe barýan, tahýalyja gyzjagazyň öňdäki näbellilige howatyrlanmadyr umyt bilen garaýan gözjagazlary...
Aşhanada nahar bişirmäge kömekleşýän ýetginjek gyzyň, uýaljaň ýylgyryşy...
Agalarynyň biri nähak göwnüne degende, neresse çaga deýin kemşerýän ýaş gyzyň kineli bakyşy...
Kalby lerzana geldi...
Bir pursatda durkuny holtumyna dolan gapma-garşy duýgulardan ýaňa süňňi galpyldap ugran ol ädimini tamamlap, aýagyny ýerde goýdy. Egni öz-özünden sallandy. Näme edýändigine-de düşünmän, pilini sogran ýerine sançdy. Misli, öz-özünden, öz gözüniň göreninden, hyýalynda emele gelen şekillerden uýalýan dek, ýüzüni aşak sallady-da, öýüne garşy gaýtdy. Joýaň suwunam çalyşmady.
Suwuň agjakdygy hakyndaky pikir beýnisinde ýylpyldanda bolsa: “Agsa agyp geçsin-le! Suw näme bumat! Durmuşym ýumrulyp ýatyr!” diýýäne çalymdaş umytsyz pikir-duýgujyk aňynda emele geldi-de, derrewem yzsyz-tozsuz ýitip gitdi.
Henizem çar ýanlaryndan bihabar, birek-birege başagaý bolşup duran goşa suduryň tarapyna gözüniň gyýtagynam aýlaman, ol, bir demde ýeli boşan topa dönen göwresini zoraýakdan süýräp, mellekden çykdy. Öýe girdi. Düşegine geçip, süýndi. Lapykeçlikden doly göwnünde öz-özünden gaýtalanyp duran ynjyly iňlemä diň salyp, esli salym ýatdy.
Nätmeli?...
Uly goh turzup, gyzyň-a it ýenjen ýaly ýençmeli...
Ýanyndaky bisyradam galan ömrüne manny kaşadan özge owkat bogazyndan ötmez güne salmaly...
Şeýlemi?
Ol tukat ýaltalyk bilen kellesinde aýlan bu pikiriniň özüne düýbünden ýaramaýandygyny syzdy.
Ýeri, şeýtdiňem-dä, şeýdeniň bilen näme gazanaryn öýdýäň? Muny beýtseň, ertiriň özünde bu ýagdaýyň jemagata jar boljag-a köre hasa. Onsoň nä, il-gün: “Şo-la şony şeýdip oňaraýypdyr! Gaty oňat edip, namysyny gorapdyr!” diýip, ýok gündeligiňe bäşlik goýar öýdýäňmi? Gaýta, nijeme günläp, oba gybat bolanyň galaýmasa...
Onda, nätmeli?!
Jyňkyňy çykarman, hiç zat görmedik, bilmedik bolup, ýuwdup-ýuwdunyp gezibermelimi?
Ol misli, kükregini doldurýan alaçsyzlyk duýgusyny “öwhüldäp” daşyna çykarjak bolýan dek, uludan demini aldy-da, gapdallygyna döndi.
Iň erbet ýeri, başyňa düşen iş barada dost bolsun, garyndaş bolsun, hiç kim bilen derdinişibem boljak däl.
Ýeri, “iç döküşeýin” diýip bardyňam-da, näme diýjek?
“Gyzym şeýtdi welin, näme edeýin?” diýjekmi?
Bir ölüp bilmersiň ahyry...
Äý, onsoňam, neneňsi ýakynyň bolanda-da, aýtmaga diliňem diýen etmez-le...
Bir aýalyňa dil ýaraýmasaň, hatda çagalaryňa-da geplär ýaly zat däl...
Owf!
Eziz Allam! Men bendäňe-de bu jygba-jyglykdan ile peçan bolman, sag-aman sypmaga özüň çykalga görkez! Ýol salgy ber!
Ol ýene-de agdaryndy.
Kellesinde zymdyrylyp geçýän oý-pikirlere berlip, ol, öz başyna düşen ýakymsyzlykdan çykalga gözläp esli ýatdy.
“Yhlas bilen aglasaň sokur gözden ýaş çykar” diýleni. Ýanyn ýatyşyny üýtgetmän, eli gurşup gidenden soň, ol ahbetin, hernäçe özüne ýaramasa-da öz ýanyndan belli-külli bir çykalga tapdym etdi.
Ejesi bilen geňeşmeli. Ilki, kim bilen bulaşyp ýörendigini anyklamaly. Soňam, goý ol, heleý assyrynlygy bilen oba arasynda “moh-moh, juk-juk” edip, şol ýeksurunyň ata-enesiniň ýanyna osmakçy ugratsyn. Bahymrak, daşyny dolap, muny başbitin berip goýbereniňden gowusy bolmaz. Şeýdip, başyňy gutaraýmasaň, dagy nätjek?!
Bu tapan çykalgasy, içini tutup ýatanyň biraz nepesini durlady. Ýöne, haçan-da, daşky işikden öýe girip gelýän gyzynyň ogryn çybşyldysy gulagyna gelende onuň kiparlan gazaby ýene-de lowlap galdy.
“Ine-dä, bulardan iň soňunda aljak almytyň!” diýip, ol daşyndan dem-düýt çykarmasa-da, içinden janagyryly hyňrandy.
Öl ölýän bolsaň!
Özüňem bir gutaran!
Är kimin çarpaýa galyp, ar-namysyňy goramakdan geçen, gaýta, göz-gülban edileniňi il-günden ýaşyrmagyň alajyny tapanyňa ynjalýaň ahyry!
Öz namartlygyňy aklamak üçin daýanýan ýekeje diregiňem: “Nätjek, her niçigem bolsa, çagaň-da!” diýen delil...
Gyjalatdan doly şu pikiri aňynda aýlan badyna-da, ol öz-özüne içi ýanmakdan ýaňa hyrçyny dişlänini duýman galdy.
Ýene-de göze görünmeýän doňýürek biriniň hyýaly paltasynyň zarbasyna çat açan hakydasynyň bir bölegind-ä gyzynyň läş bolup ýatan göwresi peýda boldy. Beýleki parçasynda-da, emedekläp ýörşüne, guş dilinde wüjürdeýän gyzjagaz...
Ol gözlerini ýumanda, ýaňagynyň gasyn atan hamynyň üstünden birki damja biygtyýar syrygyp gaýtdy-da, köne ýassyga damdy...
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 98 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 5
0
5 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Menä oýlandyrmak bilen kanagatlandyrmagyñ arasyndan ikinjisini saýlardym.

0
3 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Olam şeýledir welin özümä okyjy hökmünde eseriñ bir "soñy"bolsa halaýan .Arada Kakamyrat Ataýewiñ "Gonambaşy"romanyny okadym.Bagyşlasyn welin romanyñ soñy ýok.
Eserde bir nätanyş gelin bir adamyñ aýalyna töhmet atýar.Saña ikilik edýär diýip.Eseriñ dowamynda detallaryñ ûsti bilen gürrüñiñ ýalandygy mälim edilýär.Hälki adam bulardan bihabar aýalynyñ dogran bäbejigini ýassyk bilen bogup öldürýär.Özünden däldir öýdeni üçin.Soñam bäbek jaýlanýar.Öldüren bolsa öldûreni bilen galýar.Ne hä aýalynyñ bigünädigini bilýär ne de bäbege gyýylýar.Men okyjy hökmünde eseriñ soñunda adalatyñ dabaralanmagyny islärdim.Ýa da ine eserdäki başga bir gahryman "gyzymyz" göwreli.Oglan türmede.Oglanyñ kakasy ýagdaýdan habardar bolup "gyzyñ"kakasy bilen gepleşmäge toý tutmak üçin razylygyny almaga gidýär.Emma kakasy öýde ýok.eser şeýle gutarýar.
Bu näme?Soñmy indi şu?

0
4 Bagabat   [Mowzuga geç]
Okyjy hökmünde mende-de gutarnykly netije çykarylyp, Göroglydaky ýaly: "Ýagşy ýetsin myrada, ýaman galsyn uýada. Olam galyp näm boljak, o-da ýetsin myrada" diýlip, beýan edilen wakanyň soňky nokady goýulman tamamlanýan eserler, kanagatsyzlyk duýgusyny döredýär. Içimi byjyk-byjyk takatsyzlykdan doldurýar.
Ýöne...
Oýlanyp görülse, belki ýazanyň şeýle görnüşde ýazmak bilen esasy maksatlarynyň birem, okyjyda şeýle kanagatsyzlyk duýgusyny oýarmak bolaýmasyn?!
Okyjynyň özi şol beýan edilen meseläniň üstünde köpräk kelle döwer ýaly, şol mesele bilen soňam gyzyklanyp, öwrenip, ahyrynda-da öz netijesini özi oýlap tapar ýaly...

0
1 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Bäh.Hekaýañ ady "Sabyr".Emma bärde rol oýnaýan duýgular bir tarapdana gahar bir tarapdanam dözümsizlikmikä diýýän.Birem gaty gysga gördüm.Soñuny bir zada baglan bolsañyz has gowy bordumyka diýýän.Ýaşuly entek iki ýoluñ ikisenem saýlamandyr.

0
2 Bagabat   [Mowzuga geç]
Hekaýa, soňy şarpa kesilýän nowella tipli bolaýsyn diýdim.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: