09:17
Ölüp-direlen / roman
ÖLÜP-DIRELEN

1.

Mezidiň ölümi oslagsyz boldy.
Aýňalmaz derde ýolugyp, üstüni kesele basdyran hassa däldi. Daş-töweregine hossaryny üýşürip, eňek atyp ýatan zady ýok. Tarpa-taýyn!
Dek düýnem balagyny dyzyna çenli çermäp, kepje bilen laý çykaryp ýördi, galybyny gürpüldedip, kerpiç guýýardy. Tut ýaly sagdyndy. At ýaly dabyrdyklap ýördi. Aty çykan ýaly keýpi kökdi. Kesesinden seredip, ertire çykman öljegine dagy eger-eger ynanar ýaly däldi.
Ol gije ýarymdan agansoň, oýanyp, daş çykmak üçin ýerinden turdy. Gerinip durşuna:
– Janam-a süýji diýýärler welin, uky ondanam bäş beter süýji bolaýmasa – diýip, agzyny giňden açyp, pallady.
Şonda äriniň hümürdisine düýşi ürken Läle ýorgany serpdi-de, bärsine öwrülip, gözüni açman, ýatan ýerinden oýaly-ukuly:
– Mezi-it! Senmi? Gijäň bir mahaly kim bilen gepleşýäň, gyz? – diýibem sorady.
– Men-le, men. Ýatyber. Seňem ukyň edil garry adamyň ukusy ýaly, sähel çybşylda ziňkildäp turuberýäň-aý – diýip, Mezit gyryljyk ses bilen jogap berdi.
Ol garaňkylyga gözi öwrenişýänçä garaşyp durmady, batyl adamyň edişi ýaly, diwary sermenekläp, seresaply ädim urdy. Tä gapydan çykýança gelin ýörişini edip gitdi. Ýaltalyk bilen aýakýoluna çykdy, gelýärkä ýüzugra agylyň ýanynda dem salym säginip, boýnuny süýndürip, mallara äňetdi. Eglip, suwly salmadan eline suw çaldy. Öýe giribem, eýýäm haçan uklamaga ýetişen aýalyny bimaza etmezlik üçin assa basyp, ýerine geçdi, gyşardy. Tiz uka çümdi we şondan soň oýanmady.
Läle daň agaryp, jahan ýagtylyberende oýandy. Oýanyşy ýalam äriniň böwrüne çala hürsekläp, ýarym pyşyrdy bilen:
– Turjak dämi, gyýw? – diýdi.
Mezitden jogap bolmady.
Läle petigi saýgarmakçy bolýan ýaly diň-gögüne garap, biraz ýatansoň, gulagyňy deşip gelýän ümsümlige geň galdy. Äriniň hemişekisi deý “myş-myş” edip, endigan dem almaýandygyny şu wagt duýdy. Duýan dessine dikelip oturdy-da, çiňerilip, Mezidiň ýüzüne seretdi. Alagaraňkyda äriniň sudury çala saýgardýan asuda ýüzünden bir alamat gözleýän ýaly, gözüni aýyrman ünsli synlady. Synladygyça kalbynda wehim artdy. Ini ýürekýargynç bir erbetligi syzdy. Düýrükdi. Özüni ýitirmezlik üçin “Ertiriň tämiz çagynda, perişdeleriň rysgal paýlaýan wagty, göwnüme getirýän zadym näme, gyz?! Toba tagsyr!” diýip giňlige saldy. Onsoň köňlüne inen gümany düw-dagyn etmek niýeti bilen Mezidiň egninden tutup, yralady. Äriniň ýylysy giden we gatap ugran tenini eli bilen elläp görensoň, Läläniň haýýaty göçdi. Diňe şundan soň täleýinde bolup biläýjek elhenç şumlugyň başyndan inendigini on iki süňňi bilen syzdy. Agşam diri ýatyp, daňdan öli çykan ömürdeşiniň üstüne özüni zyňdy-da, ýer ýumruklap, bagyrmaga başlady.
– Wa-aý-ý, Mezi-it! Mezid-ä! Waý, bagtym ýatandyr-la! Aý, waý-eý, işim gaýdandyr-la!..
Daňdanyň ümüş-tamşynda iniňi tikenekledýän jynssyz aýal sesi ukuda ýatanlaryň zähresini ýarara getirdi. Daş işikde, köne keçäň bir gyrasynda ýaňy garysyny ýassanmaga ýetişen it şo bada tisginip, söm-saýak boldy. Agylyň künjünde ýatan goýunlar tebil tapynyp, tapyrdaşdylar, aýak üstüne galdylar. Jaýyň üçeginiň aşaky erňeginde höwürtge tutunan ene gumry ziňkildäp, başyny galdyrdy, boýnuny gyşardyp, öýden çykýan ahy-efgana diň saldy.
Läläniň hele-müçük iş üçin beýle uly galmagal etmejegini bütin durky bilen syzdy-da, ýarawsyz ýatan Owlak eje başyny ýassykdan göterdi. Duýdansyz inen hasratyň zarbyna düýpki otagdan oglunyň ýatan ýerine emedekläp, eňräp gaýtdy.
Bimahal çak çykan zenzelä beýleki otagda ýatan çagalaram tisginişip-tisginişip, ýerlerinden galdylar, bolan işe akyl ýetirip-ýetirmän, ejeleriniň sesine ses goşdular. Serhedini, çägini bilmeýän bibaş yzlaşyk golaý goňşularyň açyk duran penjirelerinden kürsäp girdi-de, ukuda ýatanlary oýaryp, zöwwe aýak üstüne galdyrdy.
Goňşy-golam derhal ylgaşyp geldi. Ajalyň ýaş-garry diýmän, her kimsäni islendik pursatda ýagdan gyl sogran ýaly edip, goýnuna dolap alyp gidiberýändigini onda-munda häli-şindi görüp ýörenem bolsalar, adamlaryň birentegi Mezidiň bir aýagyny göre sallap oturan ejesi ölendir öýdüpdir. Onsoň olar öý eýesiniň ýüzüni duw-ak edip, öýüň ortarasynda ses-selemsiz süýnüp ýatanyny, Owlak ejäniň bolsa onuň başujunda maňlaýyna goşa ýumruk urup, sesini endiredip, pelekden dat edip oturanyny görüp, ýakalaryny tutdular.
Mezidiň kakasy Aýmyrat aga öten agşam obaň ýokary çetinde ýaşaýan uly ogly Mämmetlere gidipdi. Ogly bilen bir çüýşe aragy boşadyp, gijäniň birmahallaryna çenli gümür-ýamyr edip, şol ýerde-de ýatyp galypdy. Mezidiň goňşularyndan ulagly ýaş oglanlaryň biri gidip, Aýmyrat agany alyp geldi. Ol eýýämhaçan tördäki otaga geçirilip, ak mata bilen eňegi daňylan Mezidiň ýanyna baryp, çökdi. Başyny aşak salyp, birsellem oturansoň, oglunyň ýüzüni sypalady, ýarym açyk gözlerini ýumdurdy, dodaklaryny müňküldedip, eşdiler-eşdilmez mydyrdady. Çygjaran owasyny süpürdi we gowuşgynsyz ýöräp, daş işige çykdy. Şol wagt doganoglan inileriniň ikisi birlikde gelip, “Wa-aý, dogan-eý!” diýşip, ses edişdiler, elleri bilen ýüzlerini tutup, Aýmyrat aganyň ýanynda ýüzin ýykyldylar. Bu sahna ýüregi ýukalan adamlaryň bokurdagyny doldurdy, gözleriniň öňüne gubar aýlady. Erkekleriň agy sesi aýallaryň oturan otagyndaky başly-barat orlaşygy has-da artdyrdy.
“Mezit öldi. Öýlän sagat ikide çykarýarlar” diýen habar Gün dogmanka böküp-böküp ilki obaň içine, soňam Mezidiň ýakynu-alysdaky dogan-garyndaşlaryna, tanyş-bilişlerine aýlanyp çykdy. Ýas ýerine gelýän mähelle gitdigiçe köpeldi, agy sesi bolsa güýjedi. Kän gözýaş döküldi.
Şum habary eşidip gelen pürenjekli oba aýallary öýe girip, dikeç ýaly somalyşyp oturan ýerlerinden ses edýänlere goşulyşdylar. Olar esasan öz ölülerini ýatlap aglaşýardylar. Çümre ýaglygyň üstünden gara seçekli atynan ýaş-ýuşrak gelinler sessiz, emma dowamly gözlerini sykyşdylar, şumjaryşdylar.
Owlak ejäniň sykyma gelen göwresi yranyp-yranyp gidýärdi. Ol bar güýjüni jemläp, agysyny aýdyma öwrüp, perýat edýärdi:

– Wa-ah, öýümiň öresi, jan ogul!
Gapymyň söýesi, jan ogul!
Goçgar ogul, goç ogul!

Mezidiň ýalňyz uýasy Gyrmyzy inçe sesi bilen:

– Wa-aý, gara dogan, gara dagym-a,
Bimahal hazan uran miweli bagym-a! –

diýip iňleýärdi.
Aýalynyň agy sesi ýiti bolsa-da, legzesi pessaýdy hem aýyl-saýyl däldi. Onuň:

– Çül-çagany ýetim goýan...
Ýyldyzy ir süýnen... –

diýen sözleri käte bir gulaga degýärdi.
Aýal-ebtadyň ýas aýdymlary ýygnanan mähelläň göwnüni dowamly dyrmalap bozýardy. Aýaklarynyň başam barmagy çatylyp, eňegi saralan Mezit bolsa dirilik alamaty bolmadyk ýüzüni ýuwusgadan gorkanyňky ýaly agardyp, törki jaýyň ortasynda, ýörite düşelen ýumşak çägäniň üstünde sarsman ýatyrdy.
Garrap, lagşan Aýmyrat aga daş işikde arkasyny tama berip, nazaryny bir nokada dikýärdi. Assyrynlyk bilen synlaýan gözlere ol binobat ölümden nadyl ýaly, özüniň öz perzendinden öň ölmändigine gynanýan ýaly bolup görünýärdi.
Mezidiň aglamakdan ýaňa ýüzi-gözi pökgerip çişen ogly Kuwwat atasyna ýaplanybrak gelene-gidene göz astyndan seredýärdi, käte burnuny çekýärdi. “Ölen adamyň ruhy öz öýüniň töwereginde, öz ýakynlarynyň ýanynda perwaz urup ýörermiş” diýip eşiden gürrüňi ony birneme gorkuzýardy.
Mezidiň basdaş agasy Mämmet bolsa, kakasynyň iki ädim aňyrsynda yzly-yzyna çilim kükedip, aýak üstünde durdy. Erkek adamlar ilki bilen bularyň ýanyna gelip, gynanç bildirýärdiler, duýgudaşlyk edýärdiler:
– Behh, şeýle bolaýdymy? Wäh diýlen ýaly boldy.
– Näme ýarawsyz dagy ýatyrmydy?
– Dek düýn öýlän dükanda gabatlaşdym. Öljege meňzänokdy. Häý, pahy-yr!
– “Ýatan ölmez, ýeten öler”.
– Gaýrat ediň! Merdiräk boluň! Göni gelen ajala çäre barmy nä? Maňlaýyna ýazylandyr.
Aýmyrat aga gara-ört ýüzüni ýerden galdyrman dymýardy.
Mämmet gözýaşa boglup duran ýerinde jogap hökmünde käte bir çalaja baş atyp, iki egninden dem alýardy.
Biraz soňrak obaň agyr märekeli üýşmeleňlerinde beýemçilik edýän Söýün boýnuny gyşardyp, bir ýerden peýda boldy. Gele-gelmäne güňleç sesi bilen oňa-muňa tabşyryk berip ugrady.
– Heý, Tahyryň ogly! Gel hany meň ýanyma! – diýip, ilki bilen ulagly oglanlaryň birini ýanyna çagyrdy. – Sen ilki bilen Nurmämmet agany ýanyňa al-da, jaý gazýanlary ýygna! Wagt ýitirmän, öwlüýä dep, günortana çenli jaýyny taýyn ediň!
Onsoň birini kepenlik mata üçin iberdi. Ýene birini kepen biçip, merhumyň geýimini tikýänleri alyp gelmek üçin ugratdy. Meýit ýuwýan gussallara habar ýollady. Meýidi ýuwanlarynda ulanar ýaly çogan sargap getirtdi. Jynaza okaljak ýeri belli edip, arassa çäge ýazdyrdy. Tabydy we beýleki gerekli zatlary getirmek üçin obaň metjidine ulag ugratdy. Iki sany ýigdekçä mazaryň başujuna we aýagujuna diker ýaly syrdam tal agajyny çapyp getirmegi buýurdy. Mollaçarrak ýigitleriň birine döwür edilende gerek boljak zatlary tükelläp goýmagy tabşyrdy. Arasynda birki ýola Mämmediň ýanyna gelip, ähli hossarlaryna habar iberilenini-iberilmänini sorady.
Düşegaşylyk üçin uly janlyny agyldan idenekledip çykardylar-da, mellegiň aýagujunda çukur gazyp, damagyny çaldylar, garry erik agajynyň saýyrdyň şahasyndan asyp soýmaga durdular.
Kimdir biri ýylmanak bişen kerpijiň ýüzüne Mezidiň at-familiýasyny, doglan we ölen senelerini ýazdyrmak üçin Rejep mugallymyň öýüne gitdi.
Şeýdip, merhum üçin berjaý edilmeli soňky dessurlary bitirmäge girişdiler.

2.

Öliň-diriň jaýyna uçursyz ussat hasaplanýan Nurmämmet ussa görmanlaryň öňüne düşüp, gonamçylygyň ileri ýüzünden – hatar tutup gelýän mazarlaryň aýagujundan pili bilen çapyklap, Mezidiň gabrynyň gazylmaly ýerini görkezdi. Onsoň gyryljyrap duran sesini durlamak üçin yzly-yzyna ardynjyrap:
– Yssa galman alalyň, oglanlar! Gaýrat edeliň! Şu gün-ä hasam erbet, kapas – diýdi.
Degenek pyýadalar çukur gazyp başladylar. Gün guşluga galanda kelte arakesme etdiler. Görmanlaryň biri alada basyrynyp oturan ýerinden:
– Nummat kaka, şü ölen adamyň algy-bergisi nähili bolýar? – diýip sorady.
Nurmämmet aga birhaýuk dymansoň:
– Yzyndakylar hasap-hesip etmeli – diýdi. Soň sözüniň üstüni ýetirdi. – Malyny terekä salmankalar üzlüşmeli. – Algyň bolsa ýa-ha geçmeli, ýa-da yzynda galanlardan almaly. Bergiň bolsa-da, eltip bermeli – diýip, başga bir görman has anyk düşündirdi.
Nurmämmet aga baş atyp, tassyklady. Gözüni bir nokada dikip, oýa batdy. Onuň Mezide bergisi ýokdy, eýse, algylam däldi. Ol Güjük aganyň Mezitden algydar bolup ölüp gidenini bilýärdi. Eli ýukalyk zerarly Mezidem bergisini berip ýetişmedi. Indem, ynha, algydarynyň yzy bilen özi öldi oturyberdi. Ajal ýene biraz maý beren bolsa, üzerdi. Güjük aganyň ogly oňa: “Pul berjek bolup, urlup-çapylyp ýörme. Täze jaýyň düýbüni tutdum, şoň kerpijini guýup beräý” diýipdir. Mezidem ýok diýmändir, gaýta begenipdir, “Şeýtseg-ä hasam gowy, kerpiç guýmak şu gün görmeli zadym däl, suw sowaýança arkaýynam guýup ýetişerin” diýipdir. Entek suw-a sowanok, ýöne Mezidiň özi sowaýdy-da. Ýetişmedi. Hasaplaşyk kyýamata galdy. Ynha, indi o dünýede Güjük aga Mezidiň ýakasyndan ebşitläp tutar-da, “Bergiňi ber!” diýer. Şonda Mezit näderkä? Ýany bilen-ä, ýedi gary biýzden başga äkidip biljek zady ýok. O ýerde-de “Ynha, şuny al-da, menden bir razy bol, ýakamy goýber!” diýäýer ýaly, hany, üýşüp ýatan tylla-teňňe bardyr öýdýäňmi? Bärde näme sogap gazanan bolsa, şoň ujundan bermeli bolar. Tä razy bolýança ber-de otur! Birden gazanan sogabyň bergiňe ýetmese nä? Toba! Mezidiň dat gününe! Hudaýym, dünýäň maly gursun! Dünýe maly dämi adamlary ýagy-ýesir alakjadyp ýören?!
Mezidiň gabrynyň kiçi jaýyny gazmaga başlanlarynda görmanlaryň içen çaý-suwy ajy dere öwrülip, köýneklerini endamyna ýelmeşdirdi. Gün dik depä çykyp, ot sowrup ugranda olar ýene-de kelte arakesme etdiler.
– Mezit dagy üç dogan eken-ä – diýip, gabyrmanlara täzelikde goşulan ýaş oglanlaryň biri ýanyndaky görmana habar gatdy.
– Hawa. Mezitden kiçi bir gyz doganlaram bolmaly. Şony hasap etseň, üç bolýar – diýip, o-da köpmanyly jogap gaýtardy.
– Hasap edip-etmän, näme... Gyz bolanda näme? Dogan dogan bor-da.
Görmanlar syrly ýylgyryşdylar.
– Mezidiň öz-ä hasap edenokdy. Sen hasap etseň, edäý – diýip, olaryň içinde iň dilewary gümürtik gürrüň etdi.
– O nämüçin?
– Aý, balam, hemme zady biljek bolup ýörmezler – diýip, Nurmämmet ussa gatyrgandy. – Diňleme bulary. Işiňi et. Gör gazmaga geldiňmi ýa gybat etmäge?
Nurmämmet ussa beýleräk çekilensoň, ýaňky ýaş oglan:
– Nirede o gyz doganlary? Nämüçin hasap edenoklar? – diýip ýanyndaky gabyrmandan sorady.
– Hudaý bilsin nirdeligini! Käte şäherde gördük diýýänler-ä bar.
– Näme edipdir ol?
– Bä-ä, inim, gaty gyzyklandyň welin, heleýiňi kowup, oňa öýlenäýsem diýýäňmi?
Ýaş gabyrman sesini çykarmady.
Biri saklanyp bilmän:
– Inijigim, hyýalyň bolsa, aýt, salgysyny bereýin. Ýöne baran ärinde uzak durup bilenokmyş – diýip güldi.
Muny Nurmämmet ussa eşiden ekeni.
– Utanaňzokm-aý? Öwlüýäň içinde şular ýaly gürrüň edilýänmidir?! Heý, Şamyň inisi! Guwançmy seň adyň? Guwanç bolsaň, senem ýaman köp sorag berýäň? Beýtme ahyryn. Bar ondan-a o ýapdan bir bedre suw getir.
Guwanç gonamçylygyň gaýra ýüzünden geçýän akar suwly ene ýaba garşy ugrady. Baryp, ilki bilen ýüzüne, boýnuna suw çaldy. Aýakgabyny çykaryp, jalbaryny çermedi, aýaklaryny ýuwdy. Köwşüniň bagjygyny daňyp otyrka üç ädim beýlesinde, gür biten gamyşlygyň arasynda ýatan solak gyzyl reňkli mata bölegine nazary kaklyşdy. Ýok, mata bölegi däl ekeni. Ol ýyrtyk ýerlerinden pagtasy çykyp duran köne ýorgança bolup çykdy. Ýorgança togalanypdyr, düýrlenipdir, bir gyrasy açylypdyr. Guwanç boýnuny süýndürip, äňetse, ine, ýorgançanyň arasynda, aňyrsy görnüp duran ýelim haltanyň içinde kinniwanja, demsiz-düýtsüz, saň gaty adam çagajygy ýatyr! Haltanyň kä ýerlerindäki çyr-çyrşak sülekeýiň daşynda bolsa gök siňekler we eşegarylar wag berip duran eken.

3.

Emma Mezit ölmändir! Çeýnemeli çöpi tükenmändir. Ynha, ölen ýaly etdi-de, direldi oturyberdi.
Ýuwup, päkläp, kepene çolansoňlar, jynazasyny okamak üçin daş işige garşy göterip ugranlarynda onuň tabytda ýatan jesedi çalaja gymyldap gitdi. Merhumyň üstüne boýdan-başa çekilen mawut dartylyp, gowşap, astyndaky birgeňsi hereketi görer göze äşgär etdi. Mezidiň sessiz aglap barýan ýakyn garyndaşlaryndan ikisi şol bir wagtda ümezläp gubar baglan gözlerini gyrpyjykladyp, ýiti-ýiti seredip, towlanjyraýan göwräni belli-külli saýgardylar. Olaryň biriniň-ä gorkudan hem aljyraňňylykdan dili tutulyp, şo demde ýüzüniň reňki üýtgedi. Beýlekisi bolsa, nazaryny jesediň gymyldaýan ýerlerinden aýyrman durşuna, Mezidiň ölmändigine anyk göz ýetirensoň, bar güýji bilen tabydy yza garşy çekip:
– Duruň-eý! – diýip jynssyz gygyrdy. Gygyrdy-da, ýalana çalymdaş çyny hemmelere eşitdirmek üçin öňküdenem gaty ses bilen:
– Ölmändir-r! Ölmändir-eý! Gymyldaýa! Serediň, serediň, ana, gymyldady-y! Ana-a-a! Gördüňizmi? – diýip, şowhun turuzdy.
Merhumy soňky ýoluna ugratmaga gelen mähelle birhowa doňup galdy. Möňňürýänleriň, hamsygýanlaryň, ýaka ýyrtyp, saç ýolup aglaýanlaryň ählisiniň sesine suw sepildi. Öýi göçüräýsem diýýän ahy-pygan jylawlandy. Her kim bilesigelijilik hem haýran galmak bilen ses çykan tarapa seredişdiler. Adamlaryň käbiri mümkin boldugyça tabyda garşy süýşenini özi-de bilmedi. Gözi bilen göräýmeseler, ýas ýerine üýşen adamlar üçin ölä täzeden jan girmesi ynanyp bolmajak gudratdy. Birbada olaryň käbiri özüni ukuda ýatan ýaly duýdy. Bu huşa sygmaz waka bolsa düýşde bolup geçýändir öýtdi. Elbetde, adamlaryň köpüsi güýçli tok urgusy zerarly ýüregi wagtlaýyn togtan we birazdan soň ýene-de öňki kaddyna gaýdyp gelen adamlar barada çişirilen gürrüňleri eşidipdiler. Ölüp, direlýänler hakda boýdan-başa toslama ýugrulan hyýaly kinolara hem tomaşa edipdiler. Emma häzir bularyň göz öňünde bolup geçýän zatlar kino däl, düýşem däl, eýse, barypýatan hakykatyň özi!
Adamlar itenekleşip, dyklyşyp, hakykatdan hem tabytda ýatan Mezidiň mawut matanyň astynda esasan ellerini hereketlendirmek üçin jan edýänini gördüler.
Agyr hesrete tap getirmän, özüni ýitirip, şalkyldap gaýdybermezligi üçin Läläni iki sany gelin goltugyndan tutup, saklap durdy. Ol bir silkinende bularyň elinden sypdy-da, tabydyň daşynda egele bolup duran erkekleriň arasyna kürsäp urdy. Özüni Mezidiň üstüne zyňaýmazlygy üçin kimdir biri onuň ýoluny kesdi.
Mezidiň eňräp-eňräp sesi tükenen garry ejesi hem birki sany aýal-ebtady söýget edinip, çybşyldap bärligine gaýtdy. Ony hem golaý getirmän sakladylar.
Şu ikarada ýüregi gowşak goňşy gelinleriň biri ýüzüniň reňkini üýtgedip, duran ýerinde çalam-çaş ýykyldy. Ony derrew aýak üstüne galdyrdylar. Emma özüni saklap bilmedi. Gelniň sallanan gabagyndan we mum-helim bolan göwresinden çen tutup, halynyň egbardygyny aňdylar. Onsoň ýüzüne sowuk suw sepip, özüne getirmek üçin ony etli-ganly gelinleriň üçüsi goltuklap, göter-göter edip, daşaryk çykardy.
Mezidi bolsa, tabytdan düşürmän, şo ýatyşyna düýpki otaga geçirdiler. Ýüregi ýerindäki üç-dört kişi üstüni açdy. Öli geýiminden çykaryp, oňa diriligindäki eşiklerini geýdirmäge durdular. Şonda duýdansyz ýetişen gorky we düşnüksiz tolgunma zerarly uzak wagtlap olaryň aýaklary tibirdedi, elleri sandyrady.
Mezit bolsa, direlmesine direlipdir-de, entegem doly özüne gelmän ekeni. Arasynda çalaja gabagyny göterip, gorkuly düýş görýän adam ýaly, iňläp ýatyrdy. Dogumy hereketlerinde mese-mälim görünip duran biri süpürgiç bilen onuň ýüzüni ýelpedi, birden demi kesilip, gaýtadan öläýmesin diýýän ýaly, ýaňagyna dözümsiz urup durşuna ýuwaş sesde:
– Mezit! Aý, Mezit, hany gözüňi aç! – diýdi.
Mezit gözüni açmady. Ýöne özüniň diridigini tassyklaýan şekilde yňranjyrady.
Wagt ýitirmän, ony giňiş ulagyň yzky oturgyjynda keseligine ýatyrdylar-da, ýanyna ýakyn hossarlaryny alyp, derhal hassahana göterdiler. Ýashana üýşen mähelleden bilesigeliji adamlaryň on bäş-ýigrimisi bularyň yzyna düşdi.
Mezidi gözden geçiren äýnekli çal saç lukman ýanyndaky şepagat uýalaryna indiki etmeli işlerini tabşyryp, daş çykdy. Ol gapyň agzynda Mezidiň ýany bilen gelen we hümer berip wagyrdaşýan tomaşasöýer adamlara seredip, tä dym-dyrslyk bolýança äýnegini gözünden aýryp, ses-selemsiz durdy. Gowurdy ýatansoň, bolup geçen wakany hakyky gudrat diýip hasaplaýan märekä ýüzlendi-de:
– Letargiýa! Muňa letargiýa diýilýär. Siz diri adamy jaýlajak bolupsyňyz! – diýdi.

4.

Köne ýorgançany içindäki kiçijik jesedi bilen gamyşlygyň arasyndan sogrup çykaransoňlar, gabyrmanlar bäbejigi taşlap giden adam gözlerine iläýjek ýaly, töwerege ýalt-ýult garadylar, wagyrdaşyp, esli durdular.
– Şu işi kim edendir öýdýäňiz? – diýip, olaryň biri ýaman kyn sowal berdi.
Gabyrmanlar: “Biz-ä bilmedik” diýşip, eginlerini gysdylar. “Bilýän bolsaň, özüň aýdaý, kimiň işi?” diýýän ýaly, takyk jogap tamakinçiligi bilen sowal bereniň özüne soragly seredişdiler.
– Kimem bolsa, äre çykmadyk gyzyň işi! – diýip, ol welilik satdy.
– Anyk kimdir öýdüp çaklaýaň? Kimiň gyzy bolup biler? – diýip, ondan soradylar.
– Onçasyny biljek däl. Ýöne ärli heleý edermi şuny? Etmez! Ärli-zatly düzüw heleý dogrup, çagasyny öwlüýä taşlap gitmez.
– Doganda öli dogdumyka bi? – diýip, gabyrmanlaryň biri gyzyklandy.
– Diri dogandyr. Esed-ä, aýy-güni ýetik ýaly-la. Diriligine şu ýere taşlap gidendir. Şu ýerde-de ölendir.
– Haçan taşlandyka?
– Şu gün. Ir bilenjik taşlap gidipdir.
– Sen nä bilýäň?
– Görnüp dur-a. Düýn-öňňin zyňlan bolsa, bu çaka beýdip ýatmazdy. Teni bozulardy. Asyl it-guş muny bu çaka tüýt-müýt ederdi.
– Onda bizi görüp, gorkusyna şo ýere taşlap giden bolýa-da. Görülse, tanaljak-da.
– Beh, birden-birimiziň gözümize ilmeýşini diýsene. Aýagyzy-zadam galmandyr. Ýerimiz takyr-da. Öz-ä gaýra gapdaldan gelen bolmaly.
Her kim bir alamat görjek bolýan deý gaýra tarapa seredişdiler.
– Beh, indiki gyzlar öwlüýäden-zatdanam gorkanog-aý. Nädip ýürek edip gelibildikä şu ýere?
– Äre çykmanka ýürek edip, garnynda çaga göteren mundan gorkunç ýere-de barar.
– Wah, seniň bir... ganjyk... – diýip, gabyrmanlaryň iň gaharjaňy dişini gyjap, bäbejigi dogrup taşlap gidene gaýybana paýyş sögündi.
– Indi näme etmeli muny? Şeýdip, ýüzüne seredişip duralyňmy?
– Alan ýerimizde goýsag-a bolmaz. Günüň aşagynda ýatsa, derrew nemeder, zaýalanar.
Bu ýagdaýy ymmata sygmajak wejeralyk hökmünde gaty ýokuş görenligi üçin häliden bäri ses-selemsiz ýüzüni ajadyp duran Nurmämmet ussa:
– Ýerlemeli bolar – diýip, ahyry öz pikirini aýtdy. – Hojagaz ýerden kiçijik mazar gazyp, jaýlalyň. Birem şuny hiç ýerde gürrüň etmäliň. Hiç kim bilmesin! Görenem biz bolaly, gömenem!
– Hawa – diýip, gabyrmanlaryň biri bu pikiri goldady. – Esasanam heleýiňiziň ýanynda diliňize bek boluň! Heleýiň içinde gep ýatýan däldir. Eşiden güni äleme ýaýratmasa, ynjalmaz.
– Bilnäýse, şu topbagymyz bilen sülçä gatnadybam itiň gününi görkezerler. Eýlä-beýlä çagyryp, sorag üstüne sorag berip, hi-iç tüketmezler – diýip, biri has-da gorkuly gürrüň etdi.
– Dogry aýdýaň! – diýip, başga biri onuň üstüni ýetirdi. – Tapan ýerimizi surata düşürip, özümizem ýaman heläk ederler. Gerek bolsa, mazarynam açdyrarlar. Analiz-zat üçin gerekdir... Ekspertiza diýip bir edara bar, Hudaý saklasyn, şular ýaly iş tapsa, üstünden ýyl geçen mazaram açýar. Gumuny elekden geçirip, öliň süňkünem telim ýerde barlap... Bu-uww!
– Biz bilgilidir öýdüp, gyssamaklaram mümkin. Mümkinem däl, anyk şo. Hany, nädip ynandyrjak?
Muňa hiç kim şübhe etmedi. Şol sebäpli olaryň käbirine jenaýata dahylly adamyň jezasyna garaşýan pursadyndaky wehimi ýetişdi.
– Indi muny, näme, şu durşuna ýerläýmelimi? Jynaza-pynaza gerek dälmi? – diýip, görmanlaryň biri Nurmmämmet ussadan sorady.
– Öli dogan bolsa, jynaza okalmaýar. Öli dogdumy, diri dogdumy, Hudaý bilsin! Ýöne haltasyndan bir çykaryň. Ýorgançasyna dolap, jaýlaýarys – diýip, ussa maslahat berdi.
Görmanlar bäbejigiň meýdini ýelim haltanyň içinden çykaranlarynda gaty seýrek eşidilýän geň-taňlygyň şaýady boldular. Bäbejik iki jynsly hunsa bolup çykdy.
– Asyl şular ýaly bir belasy bar eken-dä – diýip, biri şo bada netije çykardy. – Ýogsa, synasy düz bolsa, kim çagasyny zyňyp gitsin bärik?!
Olar ilkinji gezek görýändikleri üçin täsin ýaradylan adam çagasyny synlap, birsellem özara gep atyşdylar.
– Ene-atasynyň özi demikdirip öldürendir muny.
– Ýa-da bir güýçli ukol bilen öldürendirler. Hudaý saklasyn! Daş edewersin!
– Adamlar gaty zalym bolupdyr.
– Eýse, özüň şular ýaly çagany saklarmydyň?
– Saklamasamam, şeýdip öldürib-ä taşlamazdym. Maýyp çagalaň saklanýan ýerine tabşyraýardym.
– Kimiň işikä bi? Öz obamyzdanmyka? – diýip bilesigelijiligi artan biri dillendi.
– Obada kimiň heleýi göwrelidi? Şu golaýda, düýn-öňňinlikde çaga dogran barmy?
Her kim obaň toýly gelinlerini göz öňüne getirip, hyýalynda günäkäri gözledi. “Pylany bolaýmasyn” diýip anyk biriniň adyny tutup bilmediler.
– Gemmat bilýändir.
– Gemmat näme göbek kesýämi?
– Herzeýilli dogtor adam diýýän-dä. Özem çaga dogtor dämi şo? Kim dogurdy, haçan dogurdy, nädip öldürdi, hemmesini bilýändir.
– Bar, Gemmat bilýänem eken-dä. Aýdar öýdýäňmi? Agzyny ýumdurmak üçin oňa birnemejik emlän bolsalar näme?
– Heleýlerden eşiden zadymy aýdaýyn size. Şü Gemmat bar-a, pulundan gaçmasaň, göwräňdäki çaganam aýyrdyp berýämiş. Abort etdirýän gyzlaram barmyş.
– Aý, goýsan-aý! Özüň bir ynanýaňmy şu diýýäniňe?
– Ynanman näme?
– Abort etdiräýmek beýle aňsat diýýä. Olar ýaly iş edýän gyz Gemmady nätsin? Gemmadyň ýanyna diňe çagasynyň gulagy agyrýan gelinler barýar. Gemmat ýaly kakasynyň puluna okuwy gutaryp, ak halat pitikläp ýören kän-ow. O abort etdirýänler diýýäniň bolsa, hiç kime duýdurman, has ulurak dogtorlara gidýäler. Düşdüňmi, han aga?
– Onnoň şo ulurak dogtorlara barmak üçin tanyş gerek dälmi? Gemmadyň güýçli tanşy ýokdur öýdýäňmi şo dogtorlaň içinde. Ara durup, esli puly jantaýyna urup ýören bolsa, sen näbilýäň? Biz-ä eşitmiş.
Edil şol wagt Guwanjyň el telefonyna jaň geldi. Ol iki ädim gaýra çekilip, telefonyny açdy. Aňyrdan gepleýäni diňledigiçe gözleri tegelendi, bir ýerde durup bilmän, iki baka dynuwsyz ýöräp ugrady. Arasynda jaň edýäniň sözüni bölüp:
– Goýsana, how, oýun ýadyňa düşýä seň. Boljak zadyň gürrüňini ed-ä. Içgilim-aý sen? – diýdi. Biraz diňlänsoň, ýene gürrüňdeşiniň sözüni böldi:
– Öwlüýä kessin diý!
Aňyrdan gepleýän ant içdi öýdýän. Guwanç biraz sakawlap:
– Du-dur entek, Nummat k-kakama berjek telefony, alýo-o, üf-üff, eşidýäňmi, şuňa-da aýt şu diýýän zadyňy! – diýdi.
Ol telefony Nurmämmet aga uzadyp, henize-bu güne çenli bu jelegaýlarda eşdilmedik möhüm habary ýetirmek üçin howlukmaçlyk bilen ýoldaşlaryna ýüzlendi:
– Mezit ölmändir-eý! Ölmändir! Ine, Goçmyrat jaň edýä, direldi diýýä, bize-de gaýdyň, öwlüýäde işiňiz ýok diýýä. Gazan çukuryňyzy arkaýyn gömüberiň diýýä. Içgilem däl ýaly. Ant içýä, duz çapsyn diýýä...
Gabyrmanlar “beh-de beh” bolşup, birde Guwanjyň, birde-de Nurmämmet ussanyň ýüzüne seredişdiler. Ýaşuly olary kän garaşdyrmady. Telefony gulagyna tutup, az salym diňlänsoň, äm-säm halda geňirgenip durşuna Guwanjyň diýenlerini gaýtalady:
– Beh, Mezit direlipdir diýýä biý-ä. Henek edýäne meňzänok. Gara çyny bilen janykýar. O nädip direldikä? Kim şü ýaňky til kakan? Hammadyň oglumy? Ses-ä şoňky.
– Nähili bold-aý bu gün? Edil düýş ýaly.
Gabyrmanlar bu habara begenmelidigini unudan ýaly, alasarmyk ýagdaýda birsellem bir-biriniň ýüzüne “Çynmyka?” diýen soragly nazar bilen seredişdiler. Olaryň biri öz gulagy bilen eşidip, anygyna ýetmese, teý ynjalyp bilmedi. Jübüsinden telefonyny çykaryp, kimdir birine jaň etdi. Munuň til kakany-da aňyrdan şaňňy sesi bilen gygyryp, Mezidiň ölmändigini, has takygy, ölüp, ine şuş-şu wagt direlendigini dabaraly äheňde tassyklady.
Şundan soň gabyrmanlar eglenmediler.
– Indi muňa kiçijik jaý gazmaly bolar, ä? – diýip, biri hunsa bäbege goluny salgap, Nurmämmet ussadan sorady.
– Ýok-la. Gazylgy taýyn jaý bar-a ine. Ýerläliň şuňa. Uly adamyňky bolanda nä? Tapawudy näme? – diýip, ussa jogap berdi.
Gabyrmanlar Mezit üçin gazylan gabyrda köne ýorgança dolanan hunsa bäbejigi gyssanmaç depin etdiler. Ussa aýat okap bolansoň:
– Garaňky gabyr diýjeksiň, şuňa-da niýetlenen adam girmän galyp, gel-gel, çöp-çalama zyňylyp giden neresse çagajygyň girişini diýsene! Gör-ä muny! Päh-hey, nesibe diýilýän zadyň täsinligini! – diýip, başyny ýaýkady.
Gabyrmanlar gör gazýan gurallaryny ýygnaşdyrdylar-da, daňdan öli çykyp, günortanlar direlen Mezidi öz gözleri bilen görmek üçin oba eňdiler.
Категория: Romanlar | Просмотров: 81 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Kakamyrat ATAÝEW | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 1
0
1 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Gaty üýtgeşik temasy bar eken.Hökman okamaly.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: