08:07
Uçuş ýyly / hekaýa
UÇUŞ ÝYLY

Ýonatan Netanýahunyň ýagty ýadygärligine bagyşlanýar.

Adamzadyň taryhynda şeýlebir döwürler bolýar. Olar bir ýa-da iki däl, alty-ýedi çatrygyň arasynda galyp, haýsy ýol bilen gitmelidigini saýlamaga mejburdyrlar. Her bir ýoluňam özüne ýetesi ýüki, agramy bardyr. Onsoň haýsy ýoly saýlajagyny bilmeýän adamlar biri-birinden dalda gözleşip, gyssaga düşerler. Ondanam netije bolmasa, dilegini gök asmana aýdarlar. Asmandan bolsa öz garaşyşyň ýaly çalt jogap ýokdur. Şol sebäpden umydy çykmadyk biçäreler alaçsyzlykdan eginlerini gysarlar, biri- birinden sessiz näme üçindigini sorarlar. Dilegleriniň haýsy beýiklikde saklanandygyny anyklaslary gelip, ýene göge seretselerem, gün geçdigiçe, göreçler kütelmek bilen, arzuwlar bolsa azalmak bilendir. Diňe iň çydamlylary, diňe iň ýanbermezekleri umytsyzlyk bilen öçüşýän gözlerde umyt uçgunlaryny ýakjak bolup jan çekýändirler. “Ine, hökman jogap bolar. Ine, hökman beýik Taňry bize jogap berer” – diýip aýdýandyrlar. Olar entek jahan ýagtylmanka, daňyň alagaraňkysynda Bagdadyň darajyk köçelerinden ak eşikli perişdeler ýaly toparlanşyp geçip gider. Goja Dawut ben Süleýman çöňňe gözleriniň deňine ýetiren peltesiniň sary reňkinden ýaňa diňe olaryň iň yzdakysynyň ak ýapynjasyny görüp galar. Ýöne şol ak ýapynjalynyň anyk kimdigini bilmän, käte ony goňşusy Ýakup ben Yshagyň ogly bilen, käte-de Amadiýada ýaşaýan doganoglany bilen çalşar. Goja Dawut özünem şol ak ýapynjalynyň ornunda goýup, göz öňüne getirýär. Ol, hatda, şol ak ýapynjala duşmak üçin käwagtlar penjiresiniň deňinde daňyň alagaraňkylygyna dulanyp irkilýärem. Şonda gojanyň orta boýludan dykyz göwresi petlesindäki ýagtylyga kölegelenip, geçip barýan ak eşiklileriň yzyndan ýetäýjek bolýar. Bagdadyň asuda durmuşynyň asuda şemaly gojanyň agyr – agyr dem almasy bilen garyşyp gidýär. Şu asudalykda onuň hiç karary ýok. Ol ogullarynda-da: “Eger urşuň içinde galan bolsak gowy bolardy” – diýip, köp zeýränýär. Haç göterijileriň barha asgynlaýandygy baradaky pikir-hä gojany üç günläp ýöretmedem. Ol göz öňüne Ierusalimiň gelip durandygyny aýtdy oturdy.
- Ol, hakykatdanam, şeýle bolmaly – diýip, gojanyň uly ogly Ýerşalaýim tassyklaýar. – Gyzykly ýeri, günüň dowamynda näçe saparka? – diýip soraýar.
Kirpik çalyşýança – diýip, gojanyň kiçi ogly Ýahýa jogap berýär. Gojanyň uly ogly Ýerşalaýimiň Bagdadyň merkezi bazarynyň çetinde syýa hoz satýan dükany bar. Kiçi ogly Ýahýa onuň ýanynda kömekçi bolup işleýär. Ýöne gojanyň kellesine daňyň alagaraňkysynda görýän şol ak ýapynjalysynyň kiçi ogly Ýahýa bolaýmagynyň ähtimaldygy baradaky pikir gelmänem duranok. Goja Dawut ben Süleýmanyň şol ak ýapynjalyny görende, dyzlary titräberýär. Ol edil pursatsalymlyk salgym ýaly görünýär-de, gözden sumat bolýar. Bu barada uly ogly bilen birnäçe gezek gepleşip görmäge isleg bildirenem bolsa, Ýerşalaýim kakasynyň islegini paýlaşmady. “Olar Talmudy okamaga barýan rawwinlerdir-dä”  - diýdi-de goýdy. “Haçan ýene Ierusalimi göreris?” – diýip, Dawut ben Süleýman köp adamlardan sorady. Hiç kim oňa jogap bermänsoň, daş – töweregini gurşap alýan zatlardan soramagy çykardy. Gojany halys garrap, tapdan düşendir öýdýän adamlar onuň öz-özi bilen gürleşmegine ähmiýet berip durmadylar. Bu waka şol günlerde ýüze çykypdy. Dawut ben Süleýman melleginiň aýagujunda ýerleşýän oturgyçda oturyp, kellesindäki sellesini çykaran wagtynda, kiçi ogly Ýahýa peýda boldy. Ol kakasynyň gyraw ýaly agaryp duran selçeň saçlaryny ençe ýyllardan soň birinji gezek üns bilen synlaýardy.
- Ilçiler peýda bolupdyrlar – diýip, Ýahýa ýuwaşlyk bilen aýtdy. Dawut ben Süleýman oglunyň ýarym gülki halynda aýdan bu sözlemine nähili jogap berjegini bilmedi. Ýahýanyň ynamsyz ýarym ýylgyrşy kem – kemden ýitip, gaşlary çytyldy. Ol esli wagtlap hiç zat diýmän, ýere seredip durmagyny dowam etdi:
- Olar Dawut Alroýuň wekillerimiş. Bizi Ierusalime alyp gitjeklermiş – diýende, Ýahýanyň gözleri ätiýaçly agyp –  döndi. Ol kakasynyň umydyny öçürmekden gorkýardy. Gojanyň “Dymmak razylygyň alamaty” edip oturşy Ýahýanyň aýtjak sözlerine seresaply bolmalydygynyň nyşanydy. Kakasynyň göz – görtele gyzyklanma bilen seredýän gözlerinden çen tutup, Ýahýa seresaply bolmagyň artykmaçlyk etmändigine düşündi. Bolmanam, uzak arzuw edip ýören adam ynangyç bolýar. Ýahýa onsuzam bu habary kakasynyň oňa begenjekdigi üçin ilkinji bolup aýdypdy. Hem-ä kakasynyň nähili begenýändigini bilmek üçin, hemem özüniň bu habara ynanyp – ynanmaýandygyny barlap görmek üçin aýdypdy. Goja Dawudyň ýüzi edil Bagdadyň asmany ýaly parahatdy, imisalady. Eger ony şu oturşyna goýsaň, onda Watana gitmek barada uzak arzuw edip ýören adama meňzetjek gümanaň ýokdy.
Ahyrsoňy – diýip, Dawut ben Süleýman uludan demini aldy. Şo pursat onuň gözleri kem – kemden janlanmagyň bäri ýanynda durdy. Ol Ýahýa gözüni aýlan pursatynda eýýäm janlanyp ugrapdylar. Ilkinji kiçijek şöhleler gojanyň goňur gözlerinde kiçijek uçgun ýaly peýda boldular. Gojanyň bu habara ynandygyça, Ýahýa onuň dogrudygyna şübhelenýändigini aňdy. Aýratynam, goja bagtyýar halda, çala gülümsiräpmi, onuň deňinden bir nazaryny oklap geçen wagtynda duýdy. Nähilidir bir garşylyk duýgusy onuň bu habaryň ýalan bolaýmagynyň ähtimaldygy baradaky gorkusyny artdyrdy. Şol günüň dowamynda eýýäm ähli bagdatlylar bu habary eşidipdiler. Olar özleriniň soňy görünmeýän darajyk köçelerinde gaý-da – gaýmalaşyk bolup, öňünden bu habary myhman öýleriniň eşidip – eşitmändigini anyklamazdan, hoş habary buşlamaga barýardylar. Geň galaýmaly ýeri, her gezegem bu habary edil şo pursat eşidýän ýaly duýgyny başdan geçirýärdiler. Şol başagaýlygyň içinde hiç kim M-nyň aýakýalaňaç ylgap ýörenligine-de, onuň yzyna eýermäge çalyşýan dört ýaşlyja gyzynyň  özüne üns berilmeýändigi üçin uly ili bilen aglaýandygyna-da üns berenokdy. Adamlaryň göwnüne, göýä, şeýle bolaýmalydy. Olar näçe adaty durmuşda geň göräýjek hadysalarynyň amala aşdygyça, şonça-da bu habara ynanýardylar. Tutuş düýrmekleri bilen berlipdiler. Bagdadyň indi öňküler ýaly asuda durmuş bilen ýaşamajakdygyny şol gün goja Dawudyň uly ogly Ýerşalaim hem aňjak boldy. Onuň müşderileri özlerini geň alyp barypdylar. Bir keltejik boýly, çypar saçly, gözlerini elek – çelek edip, ýeserlik bilen oýnadýan erkek adam gapjygynam ýadyndan çykaryp gitdi. Ýerşalaim ony dükanyny ýapmazdan öňürti tötänlikde göräýdi. Çypar saçlydan soňam dükana gelip – gidenleriň sany dörde golaý bardy. Ýöne haýsydyr bir güýç olaryň diňe akylyny däl, eýsem, gözüni hem baglaýan ýalydy. Ýerşalaim üçin bolsa Ierasalime gitsinler, gitmesinler parhy ýokdy. Onuň söwdasy şu ýerde-de erbet däl ahyryn. Bir diňe şäheriň häkimi Muktabi aradaky gozgalaňdan soň wagty bilen ýüz bermedi diýäýmeseň, indi olam öňküleri ýaly öýkeläp ýörenok. Salgytlaryň gitdigiçe galmagyny söwdanyň betbagtlygy hasap edýän bilermenlerden tapawutlylykda, Ýerşalaim satýan syýa hozlarynyň hiç döwürde-de hyrydarsyz galmajagyna ynanýar. Müşderileriň azalyp, çykdajynyň girdejiden artyk boljakdygy baradaky hasaplamalar Ýerşalaimi gorkuzyp bilenok. Ol şonda-da bir ebeteýini tapar. Asla-da, ol beýleki söwdagärlere meňzeýän adam däl. Ýerşalaim söwdagär bolardan juda parahat, geplände-de, howlukman gepleýär. Gaýtargysynam howlukman, bir – birden gözden geçirip uzadýar. Ol, häzirem dükanyny ýapyp, öýüne barýan wagty, Bagdadyň darajyk köçelerine sygmaýan bu başagaýlyga ýat adam ýaly bolup seretdi. Hamana, bu başagaýlyga onuň hiç bir dahyly ýok ýaly, şol sebäpden bu gaý-da – gaýmalaşygyň özüne degişli däldigini bildirjek bolýan ýaly, parahat ädimleri bilen öýüne ugrady. Ol Bagdadyň şo wagtky bolşuny – parahat ädimleri bilen ölçäp, howlukmazlyk bilen synlap gelşine – soňundan köp gezekler ýadyna düşürer. Iň ownujak, iň ähmiýetsizje ýadynda galan zatlaram dikeltmäge çalşar. Keltejik ýoluň ugruny düzüp oturan agaç gapylary açyk öýleriň hoňkaryp galan görnüşi onuň düýşüne girip, ukuda-da rahatlyk bermez. Ýerşalaim öýüň girelgesiniň garaňkylygyndan aňyrda bir şakyrdanyň bardygyny eşidip, her gezek şol öýleriň birine myhman bolasy geler. Ýöne her gezek öýe ýakynlaşdygyça, ýüregi ýarylara gelip, gürsüldär-de, ukudan açylar. Parahat söwdagär ýassygynyň ýanynda goýup ýatýan sellesine derini sylyp oturşyna, indi bu gorkynyň ömri ötýänçe-de aýrylmajakdygyna düşünip, gyýlyp gider. Şol gün Bagdadyň edil ýatlamalary ýaly yzy garaşylmadyk ýerde kesilýän ýodalaryndan gidip barşyna, ol daş – töweregindäki zatlara kän bir ähmiýet bermän seredipdi. Öz ýanyndan bu başagaýlyga ýylgyrjagynam bilenokdy, ýylgyrmajagynam. Şol gündäki ähli zatlar onuň ýadynda ownujak detallara çenli aýanlyk bilen galmady-da, gaýtam, göze dümtülip duran zatlaram umumy görnüşde, solak keşpde galypdy. Adamlaryň, hamana, şunça ýyllaryň salgydyny we ýat ýurtlaryň ezýetini öý goşlaryndan görýän ýaly, dözümlilik bilen daşary oklaýyşlary welin, Ýerşalaimiň hijem göz öňünden gidenokdy. Goş – golamlaryň arasynda ýatylýan düşekler, nahar iýilýän gap – çanaklar we nämedir bir zady saklamak maksady bilen ýasalan, dürli materiallaryň öňümleri agdyklyk edýärdi. Olaryň her dürli çykarýan sesleri Ýerşalaimiň ömürlik gulagynda galdy. Eger adamlar üýşüp, toý etmäge taýýarlyk görýänem bolsalar, munça owazlaryň garyşygy emele gelmezdi. Parahat Ýerşalaim köçäniň başagaýlygy bilen garyşman barýardy. Soň – soňlar, ol şu pursaty aňynda dikletmek islän wagtynda haýsy zadyň nirede bolandygyny anyklamaga çytraşar. Ine, ol aluw – satuw bilen meşgullanýan söwdagär daş – töweregiň bu söwdasyndan özüni çetde saklaýar. Hiç bir zada aşa hyjuw bilen berilmeýän Ýerşalaim, “dünýäni suw alsa-da, topugyna däl” diýilýänlerden bolan Ýerşalaim edil ýatlamalary ýaly gysgajyk köçelerden gidip barýar. Iküç sany zenan – olaryň biri goňşy Ýahýa ben Yshagyň soňky alan aýaly, Ýerşalaim ony uzyn kadfasyndan tanaýar. Sebäbi ol zenan hiç haçan, hatda, kadfasy çolaşyp, sypmak halyna ýetiberende-de, ony kellesinden aýyrmaýar. Zenanyň horajyk göwresiniň bardygy sebäpli, ol şo kadfanyň içinde edil pile saraýan ýüpek gurçugyna meňzäp gidýär. Ýerşalaim dagynyň ýene bir goňşusy bar, ýöne olar gelip çykyşy boýunça ýewreýlerden däl, has takygy, şol goňşularynyň maşgalabaşysynyň ejesi merwli türkmenlerden bolup, kakasy P atly arap bolmaly. Ýöne P –niň aýalynyň yzynda bir oglanjygy (şol maşgalabaşyny) goýup, ir aradan çykandygy sebäpli, ol ikinji gezek ýewreý aýala öýlenip, aýalynyň maslahaty boýunça şo jelegaýlara göçüp gelipdir. Göçüp gelse geldem welin, ýöne ony bu jelegaýlarda öz aralaryna goşup durmadylar. Şol sebäpden P seýrek öýünden çykýardy (onuň ogly hem) we daş – töwerekde seýrek görünýärdi. Çaky, bu başagaýlygam olaryň öýüniň deňinden aýlanyp geçen bolmalydy. Näçe jan çekse-de, Ýerşalaim bulardan başgasyny ýatlap bilmeýär. Ýatlamalary ony derrew özleriniň bil boýdaky demir germew bilen çäk çekilen pessejik öýlerine tarap alyp gaýdýar. Goja Dawudyň bagtyýar keşbini göz öňüne getirmek Ýerşalaimiň eslije wagtyny alýar. Özem her gezek şeýle. “Näme üçin, näme üçin, sen bagtyýar, hä, näme üçin, näme üçin?” – diýip, ol kellesini tutýar. Kakasyny şeýle bagtly görnüşde göz öňüne getirmek oňa aýratyn yza berýär. Şol gün Bagdadyň depesinde şöhle saçýan Gün “içiňiz ýansyn” diýýän ýaly, ýaşar ýerde ýaşmandy. Ol hasam ýaldyrap, hasam galdyrap adamlary tolgundyrmagy dowam edýärdi. Olaryň byýr-bulaşyk öýlerine ýa açyk gapydan girmäge, ýa-da penjireden girmäge döwtalapdy. Adamlaryň bolsa basymrak gündiziň Gününi gijäniň Aýy bilen çalşaslary gelýärdi. Sebäbi şonda, has dogrusy, Gün ýaşyp, garaňky düşensoň, olar öýleriniň üçegine çykyp, özlerini Ierusalime uçuryp äkitjek şemala goşulmalydylar. Şemal bilen uçup gitmek pikiri olary şeýlebir begendirýärdi welin, olar uçan wagtlary agram salmaz ýaly, ähli artykmaç zatlaryndan dynmaga çalyşýardylar. Öý goşlary edil sadaka ýaly, köçäniň ugrunda pytrap ýatyrdy. Bagdadyň darajyk köçeleriniň şol tümmek bolup, her ýerde çaşyp ýatan öý goşlaryndan ýadyrgaýandygy bildirýärdi. Olar onsuzam başagaý adamlaryň aýagyna çolaşýardy. Ýitiräk zatlar ökjelerinden geçýärdi. Gatyrak zatlar dyzlaryny sypjyrdýardy. Ýöne bularyň hiç biri hem adamlary öý goşlaryndan dynmak işinden saklap ýa päsgel berip bilmeýärdi. Adamlaryň şo wagtky bolşy bagtyýar goja Dawudyň hereketli görnüşine meňzeşdi. Hakyt ylgaşlap ýören goja Dawutdy. Ýerşalaim kakasyny Güne tarap eglip, salam berip duran görnüşde tapdy. Goja Dawut ilki ýaşyp barýan Güne, soňundan dört tarapyna epilip, başyny egdi. Ol bu hereketleri äwmezlik we aýratyn lezzet bilen gaýtalaýarka, Ýerşalaim kakasynyň hoşlaşyk pursatyna päsgel bermezlik üçin bir gyrada garaşmaly boldy. Ýerşlaim diňe şo pursat egnindäki zerli donunyň agramyny duýup, uzak günüň dowamynda ýadandygyna düşündi.
Biz basym Watana dolanýarys – diýip, goja Dawut oglunyň deňine gelende mylaýym ýylgyrdy. Umuman, ol oglunyň bu habary eşdendigine şübhelenenokdy, sebäbi gysgajyk wagtyň içinde bu habary eşitmedik barmy näme?! Hatda, Mosul bilen Amadiýadanam olara goşulmaga geljek adamlaryň habary ýetýärdi. Ýerşalaim özüniň biparh görnüşini ýatlanda, kiçi jigisi Ýahýanyň zordan begenjek bolup ýörşünem ýatlaýar. Ýahýa muny, elbetde, goja Dawudyň göwni üçin eden bolmalydy. Onuň hemişe kakasyny özünden artyk söýendigini ýatlanda, Ýerşalaimiň gözüne ýaş dolýar. Ýahýa şol gün öýdäki ähli golam – goşlary degişme aýdan bolup, daşary çykarypdy. Ýahýanyň dymma häsiýetinden närza adamlar onuň şol gün dynman gepläninden, degişme baryny aýdanyndan habary ýok. Ol arasynda öýdäki ýapynjalaryň birini uzyn galgadyp, “Biz uçýas” – diýip pyrlanybam gördi. Gadymy kitaplary bilen demir nurbatjyklaryny näme etjegini, köçä zyňjagyny ýa durşy ýaly goýjagyny bilmeýän goja Dawut şonda edil demini ýuwdan ýaly doňup galypdy. Onuň göz öňünde ýene şol ak ýapynjaly ýigdekçäniň sudury janlanyp, tä Ýahýa deňinden geçýänçä, duran ýerinden gozganyp bilmändi. Ýerşalaim iň gowusy kitaplary öýde goýmaklykdygyny ýaňzytdy.
Men olary ilçilere hödürledim, ýöne olar almadylar. Oňa derek şaý-sepleri aldylar. Men olara ýüzügime çenli berişdirdim. O maňa nämä gerek? – diýip, goja Dawut Ýahýa eşider ýaly edip aýtdy.
Jaýyň goş – golamsyz galandygy üçinmi ýa indi Ierusalime gitjekdiklerine ynanyp, bu ýerleri bilen hyýaly hoşalaşandyklary üçinmi, içi sowukdy. Olar mundan artyk bu sowuga çydabilmän, üçege münmäge howlukdylar. Üçege münmek, elbetde, goja Dawuda kyn düşdi. Ol şol aralykda Isanyň eşeginem, oňa münmegiň görgi baryny görkezendiginem ýatlap ýetişdi. Gün ahyry ýanyny ýere berip, ornuny entek ýukajyk bolup görünýän Aý bilen çalşypdy. Onuň Bagdadyň imisala adamlary bilen hoşlaşasy gelmeýändigi asman ýüzündäki elwan şapagyň kesim – kesim çyzyklaryndan görünýärdi. Agşamky şapak edil asmanyň bir gyrasyny gujaklan bägül ýaly tegelenip durdy. Şol tegelegiň gutarýan ýerinde gözýetim başlanýardy. Gözýetimiň aňyrsynda bolsa bagdatly ýewreýleriň örän uzak garaşan Ierusalimine barýan ýol başlanýardy. Olar bu ýoly şemal arkaly uçup geçmek üçin iň ýukajyk eşikde üçeklerine çykypdylar. Olar agyrlykdan, iň esasysam, göwreleriniň agyrlygyndan heder edýärdiler. Ýöne olaryň başga gorkusam bardy. Bu gorky, aýratynam, çagalar bilen garry adamlara degişlidi. Ejeleri özbaşdak uçmaga ukypsyz, heniz ýöräp bilmeýän çagalaryny gujagyna alsalar, özleri uçup biläýjeginiňem bir elinden tutup saklaýardylar. Ejeleriň hasam çagalaryna bir zat bolar diýen gorkusy özleriniň uçup – uçmazlyk baradaky gorkusyndan güýçlüdi. Birden şemal batly öwseýän ýagdaýynda olaryň çagalarynyň elini goýbermegi, atdanlykda sypmagy mümkindi. Zenanlaryň adatdaky ýaly köp geplemän, gaýtam, erkek adamlardan beter  dymyp, tolgunmagynyň sebäbi şonuň üçindi. Olar entek agşamyň ilkinji salkynjak şemalyna-da gagşap durdular. Zenanlaryň hemişekiden ýuka geýnendigi köpleriň ünsünden düşmedi. Garry adamlardan käbirleri içki donlaryny ýeterlik hasap edip, zenanlara daşky dony geýmegi teklip etdiler. Ýerden birnäçe metr ýokary galyp, asmana golaýlaşdym hasap edýän adamlaryň gözi gözýetimiň gyzyl çyzygyndan aňyrda nämeleriň bardygyny göresi gelýärdi. Olar ýerden aýagyny şu pursat üzen bolsalar, ýüregini bireýýäm üzüpdiler. Adamlar basymrak agşamyň jadyly şemalynyň güýjäp, özlerini Watana – Ierusalime aşyrmagyna garaşýardylar. Ýukajyk geýnen zenanlaryň topbagy çugutdyryp oturan leýlisaçlara çalym edýärdi. Olaryň ýukajyk ýapynjalarynyň galgaýşyny diňe leýlisaçlaryň umytsyz ygşyldaýyşlary bilen deňeşdirmek mümkindi. Şeýlelikde, asmanyň bir gyrasyny gujaklan bägül ýaly elwan gözýetim çyzyklarynyň gabat garşysynda çugdamlanşyp, toparlanşyp oturan leýlisaçlaryň ilkagşamky şemala umytsyzlyk bilen yranyşy göz öňüňe gelýärdi.  Üçegiň üstündäki adamlaryň hereket edesi gelenokdy. Olar garaşýardylar. Islendik hereket olaryň ünsüni bölüp biljekdi. Hyýallarynda ýola düşenlerini yzyna – öýüniň üçegine getiribiljekdi. Şol sebäpden olaryň hiç biriniň duran – duran ýerinden gymyldasy ýa-da söhbet edesi gelenokdy. Aýratynam, erkek adamlar mumly ýüplük ýaly, ses – sedasyz durdular. Ilkagşam barha garalyp, asmandaky ýukajyk Aý galňap ugrady. Üçegiň üstündäki adamlaryň gözi asmandaky ýyldyzlar ýaly ýaldyramaga başlady. Şemalyň sähelçe güýjemegem olaryň ýürek urşuny güýçlendirip bilýärdi. Ýahýa şu tolgunşyklaryň birnäçesinde kakasy Dawudy alada etdi. Ol bir pursatam kakasynyň ýanyndan aýrylmaýan Ýerşalaime minnetdarlyk bilen baş atdy-da, goňşy öýleriň üçegindäkilere gygyrdy.
- Ierusalime ugranyňyz barmy?
- Enteg-ä ýok – diýip, oňa jogap berdiler. Jogap beren goňşy Ýakup ben Yshagyň ogludy. “Ilçileriň özüni tapmaly ekenler. Ilçileri tapsalar, dogry bolardy” – diýip, Ýerşalaim başyny aşak salyp durşuna pikirlendi. Onuň kakasynyň ýüzüne seredesi gelenokdy. Bu artykmaç gezek gojany alada goýmakdy. Gojanyň şonsuzam bir ýerde karar tapman, “uçjak bolup” durşundan çen tutsaň, onuň indi uçaýmasa, ýerde rahat ýaşamajagy görnüp durdy. Garaňky barha gatlyşyp, gije gara göwresini daş – töwerege ymykly taşlanda, adamlar şu gije uçmazlyklarynyň ähtimaldygy baradaky pikire berlip ugradylar. Dogry, olar oý - hyýallarynda mundan öňem şeýleräk pikir bilen gabatlaşýardylar, ýöne o pikir derrew öz ýerini “uçarys” diýen ynam bilen çalyşýardy. Adamlar bilgeşlän uçmazlyk baradaky pikirden gaçýardylar. Hamana, birden şeýle oý – hyýala berilseler, uçmajak ýaly, uçmak üçin diňe şo baradaky ynam gerek ýaly, diňe göwün söýen hyýallaryny ýüwürtmäge ýykgyn edýärdiler. Niredendir bir ýerden güýçli şemal öwsüp, olary edil uçýan halyň üstüne ýüklän ýaly ýükläp, Ierusalime tarap alyp gitmelidi. Pikiriniň şu bölegine ýetende, Ýahýa ajy ýylgyrdy. Gijäniň garaňkylygynda aýdyňlyk bilen ýaldyrap duran ýyldyzlardan başga muny gören bolmady. Bagdadyň asuda gijelerinde ençeme aýdymlary düzüp, olary diňe şu ýyldyzlara aýdyp beren Ýahýa gözüni ýumdy. Onuň göz öňünde adamlar Bagdadyň darajyk köçelerinde goýup gaýdan öý goşlarynyň üstünde oturyp uçýardylar. Per ýassyklarydyr düşekleri uçýan haly ýaly eýelerini goýnuna dolap, asmana göterilýärdi. Adamlaryň demir çemçelere aýaklary taýyp uçýardylar. Goja Dawut gadymy kitaplaryny gujaklap uçýardy. Goňşusy Ýahýa ben Yshagyň ogly çopan taýagyna ýapyşyp uçýardy. Dogany Ýerşalaim hoz haltalaryny göterip uçýardy. Goňşusy Mariýa dört ýaşlyja gyzynyň elinden tutup uçýardy. Olaryň hemmesi, ählijesi uçýardy. Bir damja gözýaş dodaklaryndaky ajy ýylgyrşa goşulan wagtynda Ýahýa özüne geldi. Hyýalynda uçma kemini goýmadyk adamlar hakykatda üçegiň üstündedi. Olar henizem üstlerinden suw guýlan ýaly, ses – selemsiz durdular. Hiç biriniňem ilkinji bolup, şu gije uçmajakdyklaryny, Ierusalime gitmejekdiklerini aýtmaga dili öwrülenokdy. Şol sebäpden sessiz bir – birine seretmek bilen bu işi birek – biregiň üstüne ýükleýärdiler. Her kim özünden däl-de, gapdalyndakysyndan şeýle sözlere garaşýardy diýmegem ýalňyş bolardy. Sebäbi bu garaşmak sözüň doly manysyndaky garaşmak däldi. Ol, megerem, ähli kişiň bilýän hakykatyny ýöne bir daşyndan aýtmakdy. Ýöne bir resmilik üçin sesli görnüşde ýaňlandyrmakdy. Ýöne şeýle göräýmäge ähmiýetsiz zady olardan kimdir biri hökman ýerine ýetirmelidi. Ýerşalaim ahyry goja Dawudyň egnine elini goýdy. Goja Dawudyň egni silkinip, ol ýuwaşjadan aglaýardy. Ýerşalaim egnine elini goýanda, goja çydap bilmän, aşak çökdi-de, sesli aglap başlady. Bu ses ähli eşidenleriňem inini tikenekledendir welin, ýöne ol hasam Ýahýa agyr düşdi:
- Eý, siz nälet siňmişler – diýip, Ýahýa garaňkylyga tarap gygyrdy. Ol aslynda özlerini Dawut Alroýuň ilçileri diýip atlandyran iki sany kezzaby göz öňünde tutýardy. Näme üçindir şo pursat dükanynda gapjygyny galdyryp giden keltejik boýly çypar adam  Ýerşalaimiň ýadyna düşdi.
- Hudaý sizi jezalandyrar. Siz hökman almytyňyzy alarsyňyz – diýip, Ýahýa sesini peseltmän gygyrdy. Adamlaryň arasynda gowurdy emele geldi. Hol aňyrrakdakylar-a garaňkydan ýaňa görübem bolanokdy. Diňe olaryň indi janlanandygy, hereketdedigi bildirýärdi. Çaltlyk bilen üçege münen adamlar haýallyk bilen üçekden düşmäge başladylar. Olaryň käbiri henizem ýarym göwünli bolup, durmagyny dowam etdirýärdiler. Howada aýdymdyr gargynçlaryň, sögünçleriň sesi garyşyk eşidildi. Sykylyk çalanlaram boldy. Her kim ýene öňki – öňki durmuşyna dolanyp barýardy. Goňşusy Ýakup ben Yshagyň ogly edil ýedi ýyl goýun bakansoňam, ýene ýedi ýyl goýun bakmaklyga mejbur bolan Ýakup kimin, Mariýa ýalkanmak üçin entekler garaşmaly Mariýa kimin kaýyllyk bilen öňki durmuşlaryna tarap barýardylar. Ýahýa hiç bir zady üýtgedibilmejekdigine düşünip, dodagyny dişledi. Beýlekiler-ä beýlede dursun, ol, hatda, öz kakasy Dawuda-da kömek edibilenok ahyryn. Ýerşalaim kakasyny goltuklap, Ýahýanyň deňinden sessiz ötüp geçdi. Ol üçekden düşjek uçurlary Ýahýa çekine – çekine göz aýlasa-da, onuň garaňky gözýetimden gözüni aýyrman durşuny görüp, söz gatmazlygy makul bildi. Hernä goňşulary titräp, el – aýagyny ýitiren goja Dawudy üçekden düşürmäge kömek edäýdiler. Bolmasa, Ýerşalaim islese – islemese, Ýahýany kömege çagyrmaly bolardy. Bagdadyň asuda köçeleri goh – galmagaldan doldy. Ýene öňki ýaşaýşyna dolanyp gelen adamlar öý goşlarynyň köpüsini tapman elewreşdiler. Özlerini ilçi diýip atlandyran iki sany kezzaba uçan wagtyňda agram salmaz ýaly, ähli goş – golamlary diýen ýaly beren adamlaryň galanja goşlarynyňam iň zerurlary zyňlan ýerinde, goýlan ýerinde ýokdy. “Öleni öleni welin, gözüni garga çokmasy näme?!” diýlişi ýaly, uçmadyklarynyň üstesine öýleriniňem talanandygy adamlaryň galanja rahatlygynam aldy, keýpinem gaçyrdy. Ana, şol pursatda ähli toslamalar suwuň ýüzüne çykan nan ýaly, bir ýerden çykyp ugradylar. Kimsi bu ahwaly Allanyň gazaby bilen deňeşdirdi, kimsi goýberen ýalňyşlary, eden günäleri üçin jezadygyny ýaňzytdy, kimsi taňrynyň şular ýaly kyn günler bilen söýgüli bendelerini synaýandygyny gaýtalady, garaz, her dürli çaklamalardyr toslamalary eşitmek boljakdy. Bagdat şol gün uklamady. Adamlar elden gidiren öý goşlarynyň öwezini şeýleräk toslamalar bilen, ahmyrdyr gözýaşlar bilen doldurdylar. Beýlekiler öýüne ýeten bolsa, bir ýetginjek üçegiň üstünde dikilgazyk bolup durdy. Ol goja Dawudyň kiçi ogly Ýahýady.
- Düş ahyryn – diýip, Mariýa olaryň öýleriniň deňine gelip gygyrdy. – Ierusalime gidip bolduk – diýip kinaýaly aýtdy. Ýahýa duran ýerinden gozganmady. Mariýa çaltlyk bilen üçege çykdy:
- Ýahýa, sen näme üçin ýere düşeňok? Näme boldy saňa? Ýa sen indi şeýdip kyýamat gopýança durjakmy, hä? Şeýdip durjakmy indi? – diýip, Mariýa birnäçe gezek gaýtalady. Jogap bolmansoň, ol Ýahýanyň göni alnyna geçip durdy. Üçekden eňterilip gaýtmaga bolsa, bary – ýogy bir ädimlik ýer galypdy. Mariýanyň tolgunmakdan ýaňa dyzlary titreýärdi. Üstesine, aşakda – ýerde onuň dört ýaşlyja gyzy ejesini çagyryp aglaýardy.
- Ýahýa! – diýip, Mariýa göni alnynda duran adamsynyň özüne üns bermegini isläp, janyýangynly seslendi. Şu zeýilli ýakynlykdan, megerem, özünden giden adamy özüne getirmek üçin seslenýändirler. Mariýanyň çagyryşy, hakykatdanam, Ýahýany özüne getirdi. Ýöne bu tasdanam Mariýanyň ömrüne deň bolupdy. Sebäbi Ýahýanyň gözleri gyzaryp, aýylganç ulalansoň, onuň seredişi eýmendirýärdi. Mariýa gorkudan ýaňa yza bir ädim süýşüp, tasdanam üçekden opurylyp gaýdypdy. Ýahýa ony wagtynda saklap ýetişdi. Ol Mariýanyň egninden iki eli bilen tutup durşuna:
- Sen meni bagyşla, Mariýa. Maňa indi yza ýol ýok – diýdi. – Sen indi maňa garaşma, Mariýa, men indi hiç haçan gelmerin. Men uçmaly düşünýäňmi, uçmaly – diýip, ol çyndanam uçmaga taýýarlanýan adamyň äheňinde gürledi. – Men ol ýere uçup bararyn. Ierusalime. Seni soňundan alyp giderin. Saranam. Men sizi taşlaman – diýip, Ýahýa ýuwdundy. Onuň indi uçmak kararyna aýgytly gelendigi duýulýardy, sebäbi ol öz pikirini üýtgetmejek adamyň äheňi bilen ýuwaşjadan pert gürleýärdi. Mariýanyň bolsa, diňe gözleri agyp dönýärdi diýäýmeseň, galan zatda ol doňan heýkele meňzäp durdy. Hatda, dem alýanam eşidilenokdy. – Indi bar, git – diýip, Ýahýa buýruk berdi. – Özüňem yzyňa seredäýmegin! Seretmeginiň, Mariýa. Men seni tanaýan. Şol sebäpdenem ýalbaryp aýdýan. Seretme!
Mariýa soň – soňlaram Ýahýanyň şo pursatdaky keşbini göz öňüne getirer. Yzyna gaňrylyp, bir gezejigem bolsa seretmedigine welin, hijem ökünmez. Ýahýanyň gyzaryp duran ullakan gözleri onuň ömürlik ýadynda galar. Mariýa hemişe şol gözleri göz öňüne getirip, ömrüniň belli – belli pursatlarynda edil syrly ieroglifleri okaýan ýaly, olardan bir zatlary okar ýörer. Hem tanyş hem nätanyş Ýahýanyň gözlerinde bir-de onuň armany janlansa, bir-de diňe ýetginjeklere mahsus umydy, ýene bir gezekde Mariýa bolan söýgüsi janlanar. Mariýa hemişe goja Dawutlaryň deňinden geçende, henizem Ýahýa şo ýerde duran ýaly, üçege gözüni aýlap geçer. Bir gezegem yzyna gaňrylyp seretmedik Mariýa ömrüniň iň soňky gününde-de şo üçege seretmegi unutmaz. Ýerşalaim bolsa enteklerem şol üçekde nämeleriň bolup geçendigini anyk bilenok. Ony asla hiç kimem bilenok. Bir diňe şol uçuş gijesinden soň gaýdyp hiç haçan Ýahýany görmediklerini bilýärler. Ol daňa çykman, şol gije bilen ömürlik galdy. Hamana, şol gije bilen eräp giden ýaly, hiç ýerden tapylmady. Goja Dawudy köşeşdirmek üçinmi ýa şeýle hasap edesi gelýändikleri üçinmi, köp adamlar Ýahýanyň şo gije Ierusalime uçup gidenligine ynanýarlar. Goja Dawut ben Süleýman şol gijeden soň, daňyň alagaraňkylygynda edil perişdeler deýin Bagdadyň darajyk köçelerini dolduryp geçip gidýän ak eşiklileriň içinden olaryň iň yzdakysyny – ak ýapynjaly ýigdekçäni gaýdyp görmedi. Gojany iň soňky gezek şol ak ýapynjaly ýigdekçä garaşyp, penjiräň öňünde irkilip galan ýagdaýda tapdylar.

Bägül ATAÝEWA.
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 87 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Bägül Ataýewa | Рейтинг: 3.0/1
Всего комментариев: 9
0
7 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Ähtimal. (Ýonatan agadan habarym bar.) ))
Giñ pikirlenýän ekeniñiz. Benýaminiñ mundan habary bolsa-ha gowja minnetdarlyk bildirerdi. ))

-1
Bu bolan waka. Men bu wakany dunyade ilkinji bolup hekaya etdim we ony şu wakanyn dovrebap gaýtalanmasy bolan durmuşy ýaşany ücin Yonatan Netanyahua bagyşladym. Hayran galaymaly, meñzeşlikler köp

0
8 Persey   [Mowzuga geç]
(Bagyşlaň, minus basylyp gitdi). Sag boluň, gyzykly eken. 1978-nji ýylda Ysraýylda Ýonatan Netanýahu adyndaky howpsuzlyk strategiýasy atly halkara instituty açylýar. Şu operasiýada wepat bolan Ý. Netanýahunyň jigisi,häzirki premýer-miniwtr Binýamin Netanýahu tarapyndan ýolbaşçylyk edilýär.

0
Käbir eserleriñ nädip ýazylyanyna hayran. Birhili seni gözläp tapýarlar.

1
Olar şo yyly ironiya bilen uçuş ýyly год перелета aam al tajaran diyip atlandyryarlar. Iki sany kezzap bolsa, adamlar ucmaga garaşyp duran wagty olary talap gidyar

1
Şu wakadan soñ yene iki sany özüni ilçi diyip yglan edyarde biz Alroyyn wekilleri, şonuñadyndan geldik diyyar elbetde Dawut Alroya ynanyanlar we ölensoñ hasam ynamy artanlar bulary kabul edyar.netijede şol iki kezzap adamlary Ieurasalime howa arkaly uçuryp akitjekmiş diyen gürrün yayrayar.adamlar bellenilen wagtda ücege çykyp howa bilen uçmaga garaşsalaram uçup bilmeyarler

1
Men bir waka hakda okadym. Bu waka 12 asyrda bolup geçyär. Ol döwür Bagdatda yaşayan yewreylere Dawut Alroy diyip biri men Messi, men halasgar, pygamber diyip aydyar.adamlar oña ynanmayarlar weAlroyy olduryarler

0
Yonatan gysgaça Ýoni (ýahya) ol Izraeliñ milli gahrymany. Ol Entebbe (aeroport) operasiyasynda öz ildeşlerini halas etmek üçin aradan cykýar

0
1 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Ýöne men bir zada düşûnmedim, Bägül. Nämücin muny ala böle jöhit podpolkownigi Ý.Netanýahuwa bagyşladyñyz, ýahudy temasyna köp ýüzlenýäñiz welin?

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: