05:47
Kim aýtdy?
KIM AÝTDY?

Kim aýtdy?
Ýöne çynyňy aýt.
Eşitmeseň, sen nirden biljek.
Öň-ä beýdip ýöreňokdyň,
Gürläňokdyň, güleňokdyň.
A men hondan bärsisiräp,
Öýdüp ýördüm bileňoksyň.

Neneň aýp, görsem gaçýan.
Neneň gülki, ýüzüm bukýan.
Bir bilýänje joramdy-da,
Şol aýdandyr saňa hökman.

Syr aýdara adam ýog-ow,
Müň ökünýän dilim çeýnäp.
Içimde-hä galmaz meňem,
Di:rin entek çemin peýläp.

Şeýdip çözdüm oturberdim,
Gyzmalygam ökde kärim.
Aýt diýip aýtmadym-a men
Diýäýipdir oňa baryn.

...Öň-ä beýdip ýöreňokdyň,
Güleňokdyň... meni görseň.
Wah, bu zatlaň baryn aýdan,
Gelip-gelip iň soňunda,
Ynanjakmy gözüm diýsem.

■ BAGT

Salam, bagt,
arma, işleň oňunamy?!
Dynjyň alaý, belki, ýadansyň bu gün.
Mümkin, ýene aýlanansyň ýollarda
Ýa-da awtobusda, duralgalarda
Gabat gelip, sataşdyryp gözleri,
Paýlansyň ýüzugra jadyly hünjiň.
Seň şeýle bir eliň açykmyş welin,
Dep edäýýämişiň hykgyldyň-ynjyň.

Ýeri, bolýar, içiber sen çaýyňy,
Sana ýene dür monjuklaň hasabyn.
Ýazyber, düzüber sanawyň başyn,
Duýdansyzlyklardan, bir säwliklerden
Ýogsa-da
Bilýäňmi sen näçe ykbal ýasanyň?!

Bilýänsiň-le, ýogsa beýdip özüňi
asmandan asmazdyň, arzylanmazdyň.
Ynan, senden göwnüm galdy dek-düýnem,
Görmezlige salyp geçdiň deňimden.
Ederin, bir etjek diýen zadymy,
Çynym indi özüm çykjak öňüňden.

Ýöne saňa ýeke soragym bar meň,
Nämçüýn men saňa garaşyp ýörmeli?!
A nämçüýn özüň geliberäýeňok!
Bilýän işiň kändir, günde ýoldasyň.
Nobatymyň ýetmeýänligem mümkin,
Gaharyň gelmesin, ýöne jan bagt,
Saňa gel diýmekden ýadadym halys.
Näm bolar bir nobat öňüräk salsaň,
Özüňçe görmeseň, saýaňça gör-ä,
Äsgermezlik etmesene, köp dymsam.

Dogru-da, nobatym geçirip dursuň,
Menem adam umyt bilen ýaşaýan.
Her gezek “Ertirle” diýip begensem,
Tüwdürlen deý gidip barýaň başga ýan.

...Hany durla pikriň, keýpiň köklensin,
Soň ederis bu gürrüňleň dowamyn.
Ertir üçin birden sanaw düzeňde
haýyş, bagt, ilki bobat başynda
Adym bilen familýamy goýaýgyn!

■ ÝADYMA DÜŞÝÄR...

Ýadyma düşýär.
Giň eýwanyň ortasynda kiçijek
Gübürdäp-gübürdäp ýanýan gara peç.
Golaýjakda ak igiňe güýmenip,
Süýjili süýjigap,
Basrylgyja duran demli çäýnegiň.
Egniňde (çalaja solupdyr az-kem)
Şäherden getiren gülli köýnegim.

Mal-gara ýerinde. Sowuk daşary,
Kemşerip dur ýüzi tutuk bulutlar.
(Goşgularym okan borly ertirden)
Içki otagdan sesi gelýär jigimiň:
“Eje, gyzyň söýgi hakda ýazypdyr”.

Aljyraýşym... “oka diýdiň hemmesin”.
Jan eje, bukma kyn müýnli gözlerim.
Şol pursat sop-sowuk hut suw ýylan deý,
Ysgyny-mydary
gitdi dyzymyň.

Utandym, utandym ilkinji gezek,
Gorkdym, hyýallarma düşmersiň öýdüp.
Onsoň dymmaklygňy ak pata ýorup,
Söýgi goşgularym köpeldi şeýdip.

Indi-indi her baramda gijeler,
Düşbi bolupdyryn... diňleýäň otrup.
Iň bolmanda sen bir bilewer, eje,
Ýazýanymy diňe göz öňme getrip.

...Bilýän, şu wagtjyk girensiň öýe,
Diränsiň arkaňa pagtaly ýassyk.
Gynanarsyň öýdip, aýdyp bilemok,
Gübürdeýän pejmiz... sowuk gijeler,
Ýorganymy başa çekip, gözümi
Bir nokada dikip, ýatyryn sesiz.

Aýşat HOJAMUHAMMEDOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 89 | Добавил: Nurdan | Теги: Aýşat Hojamuhammedowa | Рейтинг: 3.0/2
Всего комментариев: 13
0
13 Jumjume   [Mowzuga geç]
Tüweleme....

0
10 mango   [Mowzuga geç]
"ÝADYMA DÜŞÝÄR..."-iň gowy çykypdyr.
haladym. ýürekdeş, duýguly...
"Golaýjakda ak igiňe güýmenip"-den soň sözlemi tamamlamadyk ýaly... güýmenip näme edip otyr, ýagny "güýmenipden" soň süýjigabyň, demli çäýnegiň, könelişen gülli köýneginiň "suratyny çekýän" ýöne sözlemi jemlemeýäň..

"Kemşerip dur ýüzi tutuk bulutlar"
berekella!

"Düşbi bolupdyryn... diňleýäň otrup".
beýtseňem bolýamy?

"Bir nokada dikip, ýatyryn sesiz".
"sessiz"mi?
----
umumy kartinany owadan "çekipsiň".
hudožnik bola.
gowy zat bolupdyr.
üstünlikler.

0
Beytsenem bolyarmy

0
9 mango   [Mowzuga geç]
"BAGT"-da

Salam, bagt,
arma
, işleň oňunamy?!


diýmek Bagt bilen ýübe ýüz görüşipdir.
belki Bagta gaýybana ýüzlenýändir...

Ýeri, bolýar, içiber sen çaýyňy,

hä-ä-ä... nämede bolsa gaýybana däl ýaly. çaýlaşýan bolsa diýmek duşuşypdyr.

Görmezlige salyp geçdiň deňimden.
... indi özüm çykjak öňüňden.


öňünden çykjagyň öňüňde otyr ahyryn...

1) Näm bolar bir nobat öňüräk salsaň,
2) Dogru-da, nobatym geçirip dursuň,


"nobatly" ýeri bulaşyk.
1-njä seretseň nobatyňa kaýyl bolman без очередь girjek bolýana meňzeýäň.
2-njä seretseňem "äsgermezlik edilen" ýaly, nobatda barlygyň unudylan ýaly...

Sana ýene dür monjuklaň hasabyn.
Ýazyber, düzüber sanawyň başyn,


"dür monjuklaň" hasabyny sanamalymy ýa ýöretmeli?
----
ýöne, gowja goşgy.
berekella.

0
8 mango   [Mowzuga geç]
"KIM AÝTDY?"-da
"A men hondan bärsisiräp"
a) hondan bärsisiräp
b) hondan bärisiräp
ç) ikisem dogry

0
11 myhman   [Mowzuga geç]
ç

0
7 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Hut şo meñ diyyän yazmaýanlarymyñ toparyna giryänleriñ sany yazyanlardan artyk bolmasa, yazyanlar bu birgiden zatlary nirden alyp ýazardylar ))

0
6 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Madam Prekrasnaýa, dogrudanam hic zat ýazmaýanlañ ýazýanlardan has akyllylary kän, emma olar siziñ diyşiñiz yaly "hic zat yazman yazyanlardan akyllysyrajak" bolup ýörenoklar.

0
5 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Bägül, "Haweri style"?
(Icigar galmyş, dilem bilemzok.) ((

0
Kim aytdy? Kim diydi?, kim diydi? Aydymy yadyma düşürdi bi. Şo govuja aydym hä? Listen

0
Hiç zat ýazmanam, ýazyandan akylly görýänlerine kop gabat geldim.

0
Menin pikirim bi, iñ govy redaktor bi hiç bir zady uytgetman, awtoryñ ýazyşy ýaly beryan redaktor. Hawa, name ýazan bolsañ, özüñden özüñki we özüñe, hawa menem şyny haladym, neşir edip bilyan diýagetde, umuman redaktorlar ýöne özlerini awtordan akylly görýäni kän

0
Aýşat goşgulary gowy redaktirleýär, tois (Haweri style) haladymda alaydym, halasan alyvermeli edil duran yeriñde nyrh kesip bolşy yaly, tak Ayşat hakda aytsam, gowy redaktirleyar, tois, hiç hili üytgedenok eseri.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: