10:09
Üçünji
ÜÇÜNJI

Wah, ýoda gysgalyp barýardy barha,
Basym ýola ýetmelidik, ezizim.
Hasraty, şatlygy deň paýlaşyp biz,
Alyslara gitmelidik, ezizim.

Uzak – soňy görünmeýän şo ýolam
Buýsanyp, gol bulap, çagyryp bizi,
Diýýärdi: «Basymrak geliň gujagma,
Unutmaň kasamdyr wadalarňyzy».

Barýardyk düşünip birek-birege,
Ýylgyryp, bir-biri ýürekden goldap.
Barýardyk unutman wadalarmyzy,
Alysdaky menzilleri arzuwlap.

Barýardyk.
Birden-de ýoda kesildi,
Süýşdi öňümize äpet gara daş.
Men diýdim: «Bu daşdan geçeli sowlup».
Sen diýdiň: «Bu daş däl, bu gaýa
meňzeş».

Aljyradyň,
Oň-a gülüp garadyň,
Dözmediň,
Maňa-da bakdyň naýynjar.
Bu bakyş adaty bakyş däldi-de,
Ol wada,
Ol söýgä
Hem ykbalyma
Ilkinji gezelen hanjardy-hanjar.

Italmaz NURYÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 95 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Italmaz Nuryýew | Рейтинг: 4.0/1
Всего комментариев: 5
1
5 Orhideýa   [Mowzuga geç]
Ruslarda bir aýtgy bar:
"Третий лишний ".
Bu ,gònümel,sòýgi barada aýdylan.Bu şygyram şol "üçünji"barada..

"Wah, ýoda gysgalyp barýardy barha,
Basym ýola ýetmelidik, ezizim.
Hasraty, şatlygy deň paýlaşyp biz,
Alyslara gitmelidik, ezizim".

Meger,birigilmegine- toýa-maşgala gurmaga az galanda..şol "daş" ,yagny,"üçünji" gabat gelýàr.Gyzam "ol daşy gaýadyr oýdýàr".

"Aljyradyň,
Oň-a gülüp garadyň,
Dözmediň,
Maňa-da bakdyň naýynjar.
Bu bakyş adaty bakyş däldi-de,
Ol wada,
Ol söýgä
Hem ykbalyma
Ilkinji gezelen hanjardy-hanjar".
O yagdaýa düşen islendik adama bolnuşy ýaly..liriki gahrymana ýuregiñ agyrýa...

0
3 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Goşgunyñ ady näme üçin "Üçünji"? Bu ýerdäki "üçünji"näme?Aşyk magşuk şeýle hem geçilmeli ýolmy?Ýa da olaryñ öñünden çykan daşmy?
Ýa da şahyr aýtmyşlaýyn hanjar gezelen wada söýgi we ykbalmy?
Goşgyñ mazmuny babatda.Hemişeki bolşy ýaly Italmaz Nuryýew goşgusy.Ýagny çuñ manyly.
Aşyk magşugyñ öñünden bir päsgelçilik çykýar.Bärde daş simwoly goşga goşulýar.Aşyk daşdan sowlup geçmegi teklip edýär?Ýagny şol päsgelçiligi görmedik bolaly diýdigimikä bu?
Magşugyñ gözüne päsgelçilik sowulardan juda uly görünýär.Ýöne bärde aşygyñkam ýalñyş."Daşy"emgenip ýoldan aýyraly diýmegiñ deregine sowlup geçeli diýýär.
Soñ daşa gülüp garamagyna düşünmedim gyzyñ.Oglana naýynjar garamagy bolsa ony ejiz görendigini añladýar.
We šol bakyş aşyk üçin söýgüsine...gezelen hanjar.Garaz ýekeje päsgelçilik netijesinde biri birinden daşlaşan aşyk magşuk.Berekella diýmeli bir söz bilen goşga.Çuñlugyna we šol çuñlugy şeýle ussatlarça simwollar bilen añladyp bilşine.

0
4 Nurdan   [Mowzuga geç]
@Hyýalkeş menem goşgyñ özüni okamsoñ ady oýlandyrdy))

0
2 Begenjovna   [Mowzuga geç]
Goshgy gowy eken.

0
1 Orhideýa   [Mowzuga geç]
Ol ŞAHYRLAR nàhili jùpùne dùşýãñ meñzetme ulanýan ekenler...

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: