00:06
Ýene-de pal atýar...
ÝENE-DE PAL ATÝAR...

Ir bilen pal atdy göwreli aýal:
«Kimkän?
Ogulmykan?
Gyzmykan? – diýip.
Daýhanmy?
Alymmy? – Bolmady aýan,
Pal anyk jogaby bermedi, haýyp.

Ýöne onuň üçin otly doň geýip,
Gamlanyp, maňlaýdan syrmady derin.
«Parhy ýok,
Sag-aman gelse bor» diýip,
Umytlara baglap goýdy nazaryn.

Häzirem pal atýar göwreli aýal,
Ýadyna her hili sowallar düşýär:
«Jenjelmi?
Dynçlykmy?
Niçiksi ykbal
Dünýä injek perzendine garaşýar?!»

Pal-anyk jogaby bermeýär ýene...
Ýadap, per ýassyga goýanda başyn,
Gündizki «myş-myşlar»,
Gohlar,
Görsene,
Urşa dönüp, gysýar enäniň daşyn.

Asmanyň ýüzüni duman büreýär,
Saýgarar ýaly däl kimiň-kimdigni.
Ene kä ylgaýar,
Durýar,
Ýöreýär,
Sermeýär,
Agtarýar jigerbendini.

Gözleýär,
Tapýaram,
Galypdyr,
Arman,
Ondan öňürdipdir birehim gülle.
Enäniň gözünden ýaş akýar durman,
Biçäräň ýüregem doňýar şol pille...

Gygyrýar,
Sesinden gorkup oýanýar,
Ynjalýar, düýşdügi bolansoň aýan.
Sowjak bolup eýmenç düýşden ünsüni,
Ýene-de pal atýar göwreli aýal.

Ýok, bu düýş ünsüňi sowup öterden
Beterräk...
Goý, ony duýsun her ýürek.
Düýşde-de enäni bela-beterden
Goramak hakynda оýlanmak gerek!
Oýlanmak gerek!
Oýlanmak gerek!

* * *

«Çagalar ösýämiş uklan mahaly,
Diýýärler, megerem çyndyr bu gürrüň.
Seň wagtyň köpüsin uklap geçirdiň,
Oýalyk bilen kän bolmady ugruň.

Durmuş kän zat hödürledi, almadyň,
Ýokuş gördüň sähelçejik azabyn.
Boýdan welin iki adamlyk aldyň sen,
Hern-ä şoň-a ýetirmediň azaryň.

Sen ösdüň, meniňem boýum kiçeldi,
Ýöne sen duýmadyň, bakmadyň, oglum!
Wah, öz gerdeniňe düşmeli ýükem
Мeniň gerdenime ýüklediň, oglum!

Italmaz NURYÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 91 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Italmaz Nuryýew | Рейтинг: 4.5/2
Всего комментариев: 3
0
3 bbaygeldiyew   [Mowzuga geç]
Ünsüm sowman bilmedim

0
2 myhman   [Mowzuga geç]
Ýok, bu düýş ünsüňi sowup öterden
Beterräk...

Gygyrýar,
Sesinden gorkup oýanýar,

setir şeýdip bir sözden durýan sözlemler bilen başlasa owadan okalýar. hasam ýok sözi bet. Gurbannazarda-da bar şonýaly başlaýan setirler.

"ýok, men muny bilgeşleýin edemok"

goşgulaň ikisem gowy eken.

@mangoň ikinji goşgudaky "nesilleň razborkasynda iki tarapam diňlemeli" diýýänine goşulýan.

0
1 mango   [Mowzuga geç]
Ikinji goşgy.
Adamzat döräli dowam edýän mesele — atalar we ogullaryň düşnüşmezlikleri.
Ata igenji.
Atany diňledik indi adalat üçin oglynam diňläp göräýseň.
Näme diýip näme goýarka, atasy barada?
Osoň netije çykarsaňam bolýo :-)
—-
Goşgular gowy.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: