23:47
Salyr soñy Sarahs -8: Mary
MARY

Gowşut han salyrlary oturymly obalaryň arasynda, her hatarda, bäş-on öýlüden aralaşdyryp, bölek-bölek oturtdy. Hemsaýa hökmünde saklady.
Şeýle-de, ol Işbaşy ýogalaly bäri baş hansyz göçüp-gonup ýören salyrlara garrylygy sebäpli düýn-öňňünlikde hanlygyny tabşyran garaman hany Nazarmuhammet hanyň kyrk ýaşlaryndaky ogly, uzyn boýly, aksowult ýüzli, uzyn gara sakgally, hemişe gara çäkmen geýip gezýän Ýazmuhammedi hem-ä kakasynyň ornuna, hemem külli salyra baş han edip belledi.
– Başsyz ilde kuwwat bolmaz, çünki, “baş bolmasa göwre läş” diýipdirler. Bir agza bakmaýan il hemişe hor bolar, özüçe bar-ýog-a bakna bolar – diýdi.
Onuň bu teklibini salyr kethudalary ikelläp goldadylar. Özleriniň ençeme ýyl bäri çözüp bilmän ýören meselelerini bir demde çöp döwen ýaly edip berendigi üçin minnetdarlyk bildirdiler.
Onuň bilen razylaşmadyklar bolsa, beýle uly serkerdäniň garşysyna gidip bilmejekdiklerine, barybir gepleriniň ýer tutmajakdygyna gözleri ýetip duransoň kinelerini içlerinde saklamaly seslerini çykarman oňmaly boldular.
Şondan soň köp wagt geçmänkä, kiçiaga hany Berdi hanam garrandygyny bahanalap, hanlygyny ýigrimi ýaşlaryndaky ogly, orta boýly, juda garaýagyzlygy sebäpli eýýäm “Gara ýüz” lakamyny almaga ýetişen, guýlan kenek ýaly berk bedenli Meňli hana tabşyrdy.
Gowşut han onam ykrar etdi we salyrlar babatdaky häli-şindi ýüze çykyp durýan dürli meseleleri şol ikisiniň üsti bilen çözdi, näme talap etse-de şolaryň üsti bilen etdi. Umuman, ähli babatda hem ol özüni salyrlar bilen oňşukly, parasatly adam hökmünde alyp bardy. Egindeşlerindenem şony talap etdi. Olary saýry saýmazlyklaryny, gelmişek diýip kemsitmezliklerini, namyslaryna, gan-hun meselelerine diräýjek hereketlere baş goşmazlyklaryny tabşyrdy. Hak-hukuklaryny hem öz raýatlygyndakylaryňky bilen deň etdi. Umuman, Keýmir körüň “teke deňlik” syýasatyny ýöretdi. Soň-soňlar ýerli halk tarapyndan “gara çäkmen” adyny alan Ýazmuhammet han bilen-ä hasam ysnyşykly gatnaşdy. Baryşdy, gelişdi, köp-köp märekeleri, teşwüşleri bile sowuşdy, möhüm meseleleri bilelikde maslahatlaşdy, geňeşdi, çözgütler tapyşdy.
Ýazmuhammediň umumy hanlyga özleri tarapyndan däl-de Gowşut han tarapyndan saýlanmagy janlaryna ýakmadyk, ýöne, seslerini çykarybilmedikler bolsa öz ýanlaryndan görübilmezçilik edip aşaklyk bilen: “Muny biz saýlamadyk, tekäň hany saýlady, şonuň üçinem, bu biziň hanymyz däl, tekäň hany...” diýen ýaly gürrüňler ýaýradyp başladylar.
Şondan soň köpçüligem ilk-ä ogryn-dogrynrak, soňam açykdan-açyk, ýöne, göwnüýetmezçilik bilen däl-de, asla göwünlerine zat getirmän, Ýazmuhammede “Teke han” diýip başladylar. Şeýdibem onuň ady orta ýaşdan soň “Teke han” boldy gidiberdi. Gaty bir golaý garyndaşlary bolaýmasa, soňabaka onuň hakyky ady tutlmadam diýen ýaly.
Ýöne, Ýazmuhammet hanyň özem muny gaty bir ýokuş görüp durmady. Gaýtam: “Kakamyň bir oglunyň ady Ärsary. Meňkem Teke bolan bolsa tüýs bolaýan ekeni” diýip, “loh-loh” güldi ýördi.
Gowşut hanyň 1878-nji ýylda, il içinde Aly mülhit diýlip tanalýan ors içalysy tarapyndan köwşüniň içine iýji sepilip öldürilmegi ähli türkmen taýpalary bilen bilelikde Teke hany hem biçak gynandyrdy. Ors hökümetiniň şeýle namart işler edýändigine, esasanam halkyň hanlaryny ýok etmeklige ürç edýändigine geň galdy. Gökdepe urşunyň öň ýany, Nurberdi hanyň hem ors içalylary tarapyndan awylanyp öldürilmegi ony hasam howsala saldy. Dogrudanam bu halkdan gaça duranyň kem däl ýaly-la, diýen düşünje döretdi. Göwnüne bolmasa, orslaryň Gazawatdaky eden gyrgynçylyklary Ahal bilen Mara-da golaýlap gelýän ýaly bolup göründi.
Munuň hakykatdanam şeýledigi Gowşut hanyň ölmünden ylaýyk bir ýyl soň, ýagny, 1880-nji ýylyň tomsunda bolup geçen Ahalteke urşunda belli boldy.
Diýmek, Ors baýarlary ýurda hüjüm etmezden öň kümsük ýollar arkaly onuň iň gowy ogullaryny ýok edýär. Şonuň üçinem, ondan mümkin boldugyça daşrakda durmaly. Eýrana aşmaklygyň dogry bolaýmagam ahmal. Çünki, ors diňe Ahal, Maryny alany bilen oňmaz.
Ýöne, Gökdepe söweşem, Nurberdi hanyň ölümem entek öňde.
Teke han häzir Gowşut hanyň düşeginde otyr. Salyrlaryň indiki ykbaly, Gowşut hanyň ornuna kimiň saýlanjakdygy, täze saýlanan hanyň on ýyl bäri göz tussagy bolup oturan salyrlara nähili garajakdygy, ony öz ýurtlaryna goýberjekdigi ýa goýbermejekdigi barada oýlanýar.

***
Gowşut han ýogalandan soňam salyrlar Maryda üç ýyl gowrak oturdylar. Şol aralykda Gowşut hanyň ýerine hiç kim han saýlanmady. Mynasyp adam tapylmady. 1880-nji ýylyň aprel aýynda Ahal we Mary tekeleriniň hany Nurberdi han hem ors içalylar tarapyndan zäherlenip öldürilenden soň, onuň şol ýerdäki ikinji aýaly Güljemal han Mara han bellendi.
Gökdepe urşunyň gyrgynçylyklaryna sapak edinip, Maryny Orsyýete uruşsyz birikdirmek baradaky ownukly-irili hysyrdylar bilenbaşagaý bolan bolsa gerek, güljemal han salyrlaryň Sarahsa göçmek baradaky meselelerine seretmedi.
Şonuň üçinem, 1881-nji ýylda Gökdepe söweşi tamamlanyp ahal serdarlary ors hökümeti bilen ýaraşyk baglaşanlaryndan soň, Teke han ýanyna öz egindeşlerinden birnäçesini alyp, ýörite Ahala gitdi we özleriniň öňki mekanlaryna – Sarhasa goýbermeklerini Mary kethudalaryndan haýyş edip bermegini sorap, Dykma serdara ýüz tutdy.
Diňe şondan soň olara ýene-de Köne Sarahsa gaýdyp barmaklyga mümkinçilik döredi.
Ýene-de goşlar düwüldi, ýene-de ýola düşüldi, aýallar ýene-de aglaşdylar. goňşy-golamlar bilen ajy gözýaşlar içre hoşlaşdylar.
Категория: Taryhy proza | Просмотров: 23 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Juma Hudaýguly | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: