23:04
Salyr soñy Sarahs -5: Sarahs
SARAHS

Sarahsa gelip ornaşanlaryndan soň, salyrlar halk tarapyndan “Sarahs baba” diýlip atlandyrylýan, ylmy dünýäde Abyl-Fazyl Sarahsy hökmünde tanalýan şahsyň kümmetiniň başynda ilk-ä ullakan sadaka berdiler, soňam Işbaşynyň ornaşan ordasynyň golaýyndaky beýik, ak depäniň üstünde gurnalan toý şagalaňyna ýazdyrdylar.
Şol toýdur-sadaka Işbaşy birnäçe gün öňünden çapar iberip, ýeke bir Mary, Ahal, Tejen, Pendi ýaly içinde türkmenler oturan belli-belli sebitleri däl, eýsem olaryň aralarynda, gyrak-bujaklarynda ýerleşen ownuk obalara, syrgynlara, kürenlere, hatda Maşatda, Tähranda, Horasanda ýaşaýan pars ekabyrlaryna çenli çagyrdy. Gelen myhmanlary bir menzil öňünden çykyp hut özi garşylady, hut özi hem hyzmat etdi. Ata-watanlary bolan şu topraga hemişelik gelendiklerini, ähli goňşy halklar bilen agzybirlikde ýaşamak, dostlarça gatnaşmak niýetleriniň bardygyny aýtdy. Resmi suratda gelendikleriniň delili hökmünde, degişli adamlara Buhara emiri tarapyndan berlen möhürli haty görkezdi. Olaryň şanyna at çapdyrdy, göreş tutdurdy. Aýdym aýtdyrdy, saz çaldyrdy.
Myhmanlaram olary sag-aman watanlaryna gowşandyklary bilen çyn ýürekden gutladylar, begençlerini paýlaşdylar, täze ýurtda uzak ýyllar ömür sürmeklerini, goňşulary bilen hemişe mähribançylykly gatnaşyklarda bolmaklaryny arzuw etdiler.
Gidenlerinde bolsa Işbaşy olaryň hersini sowgat-salamlar bilen esli ýola çenli ugradyp goýberdi.

***
Asyrlarboýy arzuw edilip ýetilen birenaýy durmuş başlandy. Işbaşy tarapyndan tertip-düzgünli han tutumy girizildi. Başynyň ýaşdygyna garamazdan ol ulusy öz agzyna bakdyrmaklygy başardy. Halk oňa boýun sundy. Talaplaryny berjaý etdi. Kiçi ulyny, uly kiçini sylady. Birewiň deňinden hiç kim salamsyz geçmedi. Goňşy goňşusyny ynjytmady, hiç kim kişiniň malyna göz dikmedi. Ar-namys mertebe ähli zatdan belentde goýuldy. Goňşy halklar bilen ara tow salyp biläýjek gelşiksiz hereketler etmek ullakan aýp iş hasap edildi. Metjitler guruldy, çagalary okutmak ylym-bilim bermek işleri ýola goýuldy. Gyzlar halanlaryna bardylar, oglanlar saýlanlaryna öýlendiler.
Ýöne, üç ýyl geçip-geçmänkä, tussumandan diýen ýaly Işbaşy bir dert tapyndy-da, uzak ýatmanam ýogaldy. Salyr ulusy şondan soň ýene-de uzak wagtlap baş hansyz galdy. Her urug, tire bölek öz ownuk hanlarynyň diýeni bilen boluberdi.
Umumy han saýlamaklygyň zerurdygy her ädimde köre hasa görnüp duran hem bolsa, şu mesele boýunça salyr kethudalarynyň üýşüp çaşmalarynyň hemmesi netijesiz gutardy. Her tire her urug öz hanynyň baş hanlyga saýlanmagyny isledi. Bu ýagdaýa hatda Buhara emiriniň özem oňyn täsir edip bilmedi. Dogry, ol käte kimdir birini Işbaşynyň ýerine belleýändigi barada Sarahsa hat ýa çapar gönderýärdi, käte bolsa halky agzyna bakdyryp biläýjek haýsydyr bir atly-abraýly, barjamly adamyny Buhara çagyryp eline hanlyk ýarlygyny berip goýberýärdi, emma tirebaşylarynyň üm etmekleri netijesinde halk olaryň hiç birinem unamaýardy,ykrar etmeýärdi. Şeýdip halk ýene-de hansyz galýardy.
Ýöne, hemmeleri haýran edýän bir hakykat bardy o-da şolar ýaly baş-başdaklygy başlaryndan geçirýändiklerine garamazdan, salyrlar ol ýerde özlerini kem-kemden, ähli tarapdan şeýle bir erkin duýup başladylar welin, soňabaka ýeke bir Eýrana ýa Hywa däl, eýsem özlerini şu ýere daýanç hökmünde ýollan Buhara emirligine hem tabyn däl ýagdaýa geçmekligi başardylar.
Şeýle-de bolsa, uly söwda ýolunyň üstünde oturýandyklary sebäpli olar Eýran bilenem, Hywadyr-Buhara bilenem dil tapyşmaly bolýardylar we olar bu wezipäniňem hötdesinden ökdelik bilen gelýärdiler.
Sebitdäki çalt-çaltdan üýtgäp duran syýasy ýagdaýlaryň netijesinde soňabaka Buhara özüniň Sarahs ilatyna bolan täsirini bütinleý ýitirdi.
Şonuň üçinem, Hywa hany Muhammet Rahym hanyň Horasana eden ýörüşleri döwründe, salyrlar şu günki bähbitleri üçin düýnki günüň kinelerini unutdylar-da, Hywanyň tarapynda durdular, hatda oňa maddy kömegem berdiler.
Hywa hanynyňam özi üçin uly güýç bolup biljek bu türkmen taýpasy bilen galan ömrüni öýkeli halda geçiresi gelmedi we ur-tut ýaraşyga girip olary güýç hökmünde-de, daýanç nokady hökmünde-de mazaly ulandy. Olaryň serdar, beg, han hökmünde öňe çykan adamlaryny häli-şindi Hywa çagyryp sylaglady. Hatda Horasan welaýatyndan basyp alan galalarynyň käbirlerini käte salyrlara peşgeş beräýdigem bolýardy. Salyr kethudalarynyň Hywa çagyrylyp, diwan işlerine gatnaşdyrylýan gezeklerem az däldi. Hanyň köşgünde hemişelik wekil hökmünde oturdylýan adamlaram bolýardy, ýöne, Sarahs sähralyklaryna bolan küýseg olaryň birinem ol ýerde uzak oturtmaýardy we şeýle içgysgynç durmuşdan basymrak dynmak üçin derhal yzlaryna dolanmak bilen bolýardylar.
Şeýle-de beýleki raýatlyklardan tapawutlylykda şol döwür Buhara, Eýran ýa Hywa tarapyndan Sarahsda hiç hili dikme, dini hadym ýa edara ediji syýasy guramalar ýokdy.
Diňe şujagaz tymsallaryň özem şol döwürde salyr türkmenleriniň sebitde näderejedäki ähmiýetli güýç bolup durandyklaryna subutnama bolup biler.
Ykdysady hal-ýagdaýlary babatda hem olar iňňän baý ýaşaýardylar. Çünki, Sarahsyň mes toprakly ýeri bol suwy bardy. Bu bolsa, olara oba hojalyk önümlerini köp öndürmäge bol-elin iýmäge, agyzlaryndan artanlaryny goňşy ýurtlara äkidip satmaga mümkinçilik berýärdi.
Ter öleňli otluk ýaýlalarda süri-süri mallary, bedew atlary gezýärdi. Halyçylyk sungatynyň hili belent derejede bolup, taýpa ummasyz girdeji getirýärdi. Düýe ýüňünden dokaýan çäkmenleri bolsa “salyr çäkmeni” diýen at bilen külli Horasanda, Hywa we Buhara bazarlarynda giňden meşhurdylar hem-de iň geçginli harytlaryň biri bolup durýardy.
Bu zatlardan başga-da, Köne Sarahsyň amatly söwda ýolunda ýerleşýändigi üçin, salyrlar öz üstlerinden ötýän kerwenlerden paç görnüşinde hem arsyz köp pul gazanýardylar. Olaryň söwda işlerine gatnaşýardylar, bähbitlerine goşluşýardylar, käte bolsa araçyllyk edýärdiler. Üstlerinden ötýän kerwenler arkaly, gytaklaýy n, bilniksizräk hem bolsa, gul söwdasyna gatnaşmak arkalam peýda görýärdiler. Çapawulçylyk, alamançylyk bilen özleri görnetin meşgul bolmasalar-da, delalçylyk etmek bilen şol zatlardanam bähbit gazanýardylar. Köp halatlarda beýleki türkmen taýpalarynyň garakçylykly hereketleriniň guramaçylary bolup durýardylar. Olary şol iş üçin gerek bolan at,ýarag we beýleki derwaýs zatlar bilen üpjün edýärdiler hem-de alaman şowly bolan ýagdaýynda oljanyň ýarysyna özleri eýe bolýardylar.
Şolar ýaly gatnaşyklary olar Horasanyň ýerli häkimiýetleri bilenem saklaýardylar. Mysal üçin, şolaryň biri Ybraýym Hozar bir gezek özüniň haýsydyr bir bäsdeşiniň garşysyna göreşer ýaly salyrlardan bahasy müň tümene barabar bolan mukdarda birgiden at satyn aldy. Şonça puly nagt hasaplaşar ýaly pulunyň bolmandygy zerarly, şonda ol özüniň uly ogluny aýaly we çagalary bilen bilelikde girew goýdy.
Mahlasy, salyrlaryň Sarahsdaky ýagdaýlary şol wagt şeýle bir gowudy welin, on ýedinji asyrda, Maňgyşlakda oturan döwürlerindäki rowaçlyklaryny ýada salýardy. Taryhy mütdetden alanyňda gaty bir uzak bolmadyk geçmişde galan şol döwür olar Orta Aziýany Orsyýet bilen baglanyşdyrýan söwda ýolunyň, ýagny Hazar deňzindäki buhtalaryň başlangyç nokatlarynyň ählisiniň hojaýynlary bolup durýardylar.
Şeýle baýdyklaryndan, şeýle amatly ýerde ornaşandyklaryndan başga, Sarahsda oturan döwürleri olar ata-babalarynyň irki şöhratlaryndan hem peýdalanýardylar, uly güýç we edermen halk hökmünde ähli türkmen taýpalary we türki kowumlar, horasan begleri, şeýle-de eýran hökümeti tarapyndan hormatlanýardylar, sylanýardylar.
Ýöne, 1825-nji ýylda Hywa hany Muhammet Rahymyň ýogalyp, onuň ornuna ogly Allaguly hanyň geçmegi, onuňam inisi Rahmangulyny uly goşun bilen birnäçe gezek Horasana talaňçylykly uruşlra ugratmagy, şol ýörüşleriňem belli bir derejede Sarahs bilen, şeýle-de onuň ýaşaýjylary bilen bagly bolmagy, ol ýerde oturan salyr türkmenleriniň ýagdaýlaryny görnetin üýtgetdi. Öňde-soňda Eýrana edilen talaňçylyklara, hususan-da Horasanyň ýerli hanlarynyň Eýran hökümetine garşy göreşmekleri üçin at-ýarag bermek, gul söwdasy türkmenler tarapyndan edilýän garakçylyklary, alamanlary guramaçylyklaşdyrmak ýaly eden ýalňyş hereketleri bolsa, olary ahyry hiç haçan düzedip bolmajak uly bir betbagtçylygyň üstünden eltdi.
Umuman ýagdaý şeýle boldy. Maşat şäherine goşun sürüp gelen Rahmanguly ullakan şowsuzlyga sezewar boldy we goşunynyň galak-gaçak bölekleri bilen bilelikde özüni zordan Sarahsa atdy.
Eýran serkerdeleri gelip salyrlardan Rahmangulynyň özlerine berilmegini talap etdiler. Emma salyrlar olaryň ol talaplaryny berjaý etmekden ýüz öwürdiler. Ähli güýçlerini jemläp, eýran goşunynyň öňünde demir gala dek berk durdylar. Rahmangulyny goradylar.
Ýöne, Rahmangulam dek ýatmady. Ol Sarahs galasyndan çykman ýerli halkdan uly goşun toplady we gabaw aýrylandan soň gidip Eýranyň çetki galalaryna, obadyr-şäherlerine çozuş etdi. Emma barybir ýeňiş gazanyp bilmedi. Ýene-de şowsuzlyga sezewar boldy. Onuň bilen giden salyr ýigitleriniň köpüsi şol şowsuz söweşleriň pidasy boldy.
Yzly-yzyna ýüz beren bu şowsuzlyklara çeti gyzan Rahmanguly öz talaňçylykly ýörüşlerini bes etmekden geçen gaýtam howlukmaç suratda Hywa gitdi-de, özbeklerden, garagalpaklardan ybarat üç müň atly goşun toplap derhal yzyna gaýtdy. Bir durmanam Sarahsa geldi. Salyrlardyr-saryklardan toplanan atly goşunam olaryň üstüne goşdy-da, zut gitdi, niredesiň Maşat diýip.
Emma, bu ýörişi hem oňa şöhrat getirmedi.
Halys paltasy daşa degen Rahmanguly ýene-de aýagyny süýräp zordan Sarahsa geldi. Ýöne bu gezek ol ýerde eglenmeg-ä däl, hatda dem-dynç almaga hem bogny ysmady. Aýak üstünden duz datdy-da, Hywa tarap ýola düşdi.
Inisiniň hiç hili netije bermedik ýörüşlerini haýal etmän Allaguly hanyň özüniň dowam etdiresi, han tagtynyň beýle bir gowşak däldigini, gylyjynyň beýle bir kütek däldigini ýeke bir Horasana däl, eýsem külli Eýrana bildiresi geldi.
Şonuň üçinem ol 1826-njy ýylda öz goşuny bilen Eýranyň Jam welaýatyna bardy, ol ýerde hernäçe assyrynlyk bilen hereket edendirin öýtse-de, Allaguly hanyň nirede, näme edip ýörendigi Eýran hökümeti tarapyndan wagtynda duýuldy. Goşun ýyldyrym çaltlygynda Jama geldi we Hywa goşunyna berk gaýtawul bermek bilen, Allaguly hany nökerlerini taşlap gaçmaga mejbur etdi.
Allaguly han hem inisi Rahmanguly ýaly durman Sarahsa bardy. Ýerli halkyň özüni bir gaýym gorajakdygyna gözi ýetip duranam bolsa, ol ýerde uzak ynjalyp bilmedi. Haýdan-haý ýola düşmek bilen boldy. Hä diýmänem Hywa bardy.
Şeýle-de bolsa, “ýykylan göreşden doýmaz” diýenlerini edip, Allaguly han şolar ýaly talaňçylykly ýörüşlerini Eýrana 1830-1831-nji ýyllarda hem dowam etdirdi durdy.

***
Bolup geçen şol wakalaryň aglabasy Eýranyň Orsyýet bilen uruş ýagdaýynda duran döwürlerine gabat gelipdi we Hywa hany onuň şol aljyraňňylyklaryndan peýdalanypdy.
1828-nji ýylyň fewral aýynyň 21-ine, Töwriziň 50 kilometrlik golaýyndaky “Türkmençaý” diýen obada Eýran bilen Orsyýetiň arasynda, serhet meselesi boýunça duşuşyk geçirildi. Oňa synçy hökmünde Angliýa hem gatnaşdy.
“Türkmençaý” şertnamasy diýen at bilen taryha giren bu duşuşyk 1826-1828-nji ýyllar aralygynda dowam eden Eýran-Orsyýet urşunyň soňuna nokat goýdy. Onda hususanda 1804-1813-nji ýyllarda ýüz beren Eýran-Orsyýet urşunyň tamamlanmagy mynsybetli Garabagyň Gülüstan obasynda geçirilen “Gülüstan şertnamasy” diýip at alan Eýran-Orsyýet gepleşiklerinde kabul edilen borçnamalaryň netijelerine we ýerine ýetirilişine täzeden seredildi.
Oňa Orsyýet tarapyndan Beýik Imperatoryň general-adýutanty Iwan Paskewiç bilen general-adýutant Aleksandr Obreskow, Eýran tarapyndan bolsa şazada Apbas Mürze gatnaşdy.
Gepleşigiň özi we şonuň bilen baglanyşykly deslapky gepleşikler Orsyýetiň Kawkazdaky dikmesiniň diplomatik kanselýaryýasynyň naçalnigi meşhur ýazyjy A.S.Griboýedow tarapyndan taýýarlanyldy.
“Türkmençaý şertnamasynyň” netijesinde Eýran Araksyň aňry ýüzündäki Eriwan hanlygyny, Nahiçewan hanlygyny, Deşti Mugany we Hazar deňziniň ýakasyndaky Lenkarany Orsyýete berdi. Eres derýasy araçäk diýlip yglan edildi.
Şeýle-de, uruş döwründe ýetiren zyýanlary üçin, Eýran Orsyýete 20 million rubl kontribusiýa töledi.
Özüne düşen çäkleri edara etmek üçin Orsyýet Tiflisde ýörite gubernatorlyk açdy.
Eýran bilen aralykda bolup geçen hem bolsa, “Türkmençaý şertnamasy” Orsyýetiň Orta Aziýa bolan ykdysady we syýasy täsirini giňeltmegi üçinem oňaýly şertler döretdi. Şol meşhur şertnamadan soň, Orsyýet ýaly uly hem güýçli döwlet bilen alnyp barylan, soňy netijesiz gutaran uruşdan eli boşan Eýran hökümetiniň indi has wajybrak hereketlere baş goşasy, has takygy öz daş-töweregini tertipleşdiresi geldi.
Öňi bilenem ähli ünsüni Horasana gönükdirmekligi, onuň öňde-soňda özüne garşy göreşen hanlaryny şeýle hem olara hertaraplaýyn goltgy beren Sarahsly türkmenleri mugyra getirmekligi, berk temmi bermekligi, ondan soň Mara, Hywa, Buhara ýörüş edip ol töwerekleri hem öz düzgünine salmaklygy ýüregine düwdi.
Ýeňil bolmadyk bu işi amala aşyrmaklygy tagtyň mirasdüşeri, “Türkmençaý şertnamasynda” Eýran şasyna wekilçilik eden şazada Apbas Mürze öz üstüne aldy.
Ol muňa diýseň erjel ýapyşdy. Turuwbaşdanam Habuşanyň hany, Eýran hökümetiniň gyr duşmany hasap edilýän Ryzaguly hany tutup ili we maşgalasy bilen birlikde Maşada sürdi.
Hywa hany Allaguly han özüniň uzak bolmadyk geçmişdäki ýarany bolan Ryzaguly hana ýardam etmek üçin goşun tartyp geldi.
Emma Apbas Mürzäniň tutan işini soňuna çeli alyp barjakdygy çynydy, tutumy uludy, serenjamy güýçlidi, hereketleri gazaplydy, özüni alyp barşy aýgytlydy, tutanýerlidi. Şonuň üçinem, ol Allaguly hanyň goşunyna şeýle bir berk zarba urdy welin, han kim bilen iş salyşýandygyna, gelmesiz ýere gelendigine diňe şondan soň düşünip galdy we derhal yzyna dolanmak bilen boldy.
Habuşandan soň Apbas Mürze Türbet galasyna hüjüm etdi. Ony sözüň doly manysynda tozdurdy. Ymaratlaryny weýran etdi. Hany Muhammet keraýyny bolsa Ryzagluy hanyň yzy bilen Maşada ugratdy.
Şeýdip, Horasandaky işlerini birýüzli edeninden soň, Apbas Mürze öz göwnüne düwen niýetiniň ikinji tapgyryna geçdi. Sarahs galasyny hem ýer bilen ýegsan etmek üçin, ýüzüni şol tarapa öwürdi. Ýörişe başlamazyndan öň Goçandyň, Keletäniň, Deregözüň hanlaryny ýanyna çagyryp, derhal Hywanyň raýatlygyndan çykmaklaryny we Eýranyň raýatlygyna girmeklerini özi bilen bilelikde Sarahsa çozmaklaryny talap etdi.
Şeýdibem ol 1832-nji ýylyň güýzünde, aglabasy Horasanyň iň abraýly we görnükli serkerdesi, meşhur Ýalntuş hanyň ýolbaşçylygyndaky horasanlylardan we döwletiň hemişelik hereket edýän serbazlaryndan ybarat toply-tophanaly goşuny Köne Sarahsa boljak ýörüşe taýýar etdi.
Apbas Mürze goşuna müň tümen bergisi üçin ogly, gelni we agtyklary salyrlarda girew saklanýan Ybraýym hany hem goşdy. Çünki, Ybraýym han salyrlardan Eýran hökümete garşy däl-de, öz şahsy bäsdeşiniň garşysyna göreşmek üçin kömek alypdy.

***
Öz üstlerine abanýan agyr howpy ynamdar adamlaryň üsti bilen wagtynda duýan salyrlar: “Uruşmalymy ýa däl” diýen teklip boýunça gyssagly maslahat geçirdiler. Öňi bilen “uruşmaly” diýen teklip goldandy. Ýöne köpçülik: “Betbagtçylygyň öňüni almak üçin, her dürli sylag serpaýlar bilen üpjün edilen, elli adamdan ybarat ilçiler Noparyny Apbas Mürze bilen gepleşik geçirmekleri üçin Maşada ibermeli” diýlen ikinji bir pikiri goldady. Şol topar ýörüşiň öň ýany ýagny, 1832-nji ýylyň awgust aýynyň ikinji ýarymynda agzalan topar Maşada gitdi. Ýöne, Apbas Mürzäniň hut öz buýrugy boýunça, olary Maşada giren ýerlerinde sakladylar. Şazadanyň ýanyna ýa şähere-hä däl, hatda yzlaryna-da goýbermän, şol ýerde ýesir hökmünde alyp galdylar.
Apbas Mürze bolsa goşunyny Mazendaranyň, Akderbendiň üsti bilen sürüp, Tejen derýasyna bardy. Pulhatyn köprüsinden geçip Gyzylgaýa geldi we 1832-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Sarahs galasyna golaý ýerde, Nowruzabatda goş ýazdyrdy.
Haýal etmänem öz goşun serkerdesi Tahmasp Mürzä iki müň atly bilen Sarahs galasyna hüjüm etmekligi buýurdy.
Buýruk ýerine ýetirildi. Ýöne hüjüm garaşylan netijäni bermedi. Ol goraýjylar tarapyndan güýçli garşylyga sezewar boldy. Yza serpikdirildi. Tahmasp Mürzäniň goşunyndan köp adam wepat boldy.
Bir bölek türkmen taýpasyndan gele-gelmäne beýle garşylyga garaşmadyk Apbas Mürze şondan soň topçularyň emiri Suhrab hany ýanyna çagyrdy.
Galany topa tutuň!..
Suhrab hanam baş serkerdäniň sözüni iki gaýtalatmady. Baş egip bagyr basdy-da, topçularynam alyp gala tarap ýörüş etdi. Serbazlaryň toplaryny süýreşip gelişlerinden nämäniň-nämedigini aňan goraýjylar öz söýerlerini has penalyrak ýere eltdiler-de, top okunyň düşäýjek ýerlerinde öňden bäri özlerinde saklanýan gol-aýaklary bagly ýesirleri oturtdylar.
Bu emel örän gowy netije berdi. Aralary mazaly seýrekläberenden soň, ýesirleriň biri zynjyrlaryny “alaşakyrdy” etdirip ýerinden turdy-da, emedekläp diýen ýaly diwara çykdy.
Byradyrlar! Atmaň! Atýan oklaryňyzyň barysy gelip bize degýä. Biz şol ýerde otyrys – diýip, parsça gygyrdy.
Şondan soň galanyň içine top okunyň düşmesi seýrekledi. Kem-kemdenem galdy. Her gezek howadan top oky güwläp gelende, ýere düşüp ýarylanda lükgesi bilen eýläk-beýläk agyp-dönüp, alazenzele turzup ýören ýesirlerem köşeşdiler. Uludan demlerini alyp, özlerini ýere goýberdiler. Käbiri arkan, käbiri ýüzün düşüp ýatyşlaryna sessiz-üýnsiz aglaşdylar, özlerini goramagy, sag-aman çagalarynyň arasyna barar ýaly etmegini Biribardan dileg etdiler.
Ara düşen bu böwşeňlikden peýdalanyp, salyrlaryň iň sylagly adamlary bolan Bally Mähremiň, Annagurt hanyň Nazarmuhammet hanyň we Berdimyrat hanyň baştutanlyk etmeginde salyr kethudalary gyssagara üýşdiler-de, aýak üstünden maslahat etdiler. Maslahat artykmaç gan dökmän ýaraşyk etmeli, Apbas Mürzäniň ýanyna ýene-de adam ibermeli, galadaky üç müň sany ýesiri, Maşatda ýesirlikde saklanýan elli sany salyr ilçisiniň aýallaryny şeýle hem Ybraýym hanyň birwagtlardan bäri özlerinde girew saklanýan ogluny we maşgala agzalaryny hem şolara goşmaly, diýen karara geldi.
Şeýle hem edildi. Maslahatyň gelen kararyna görä Nazarmuhammet han bilen Berdimyrat han galada galdy. Gitmeli adamlaryň öňüne düşüp, ak baýdak göterip barýan Bally Mährem bilen Annagurt han aýgytly sypatda, dogumly ädimler bilen galadan çykdylar, hiç kimden hiç hili garaw görmänem göni Nowruzabada, Apbas Mürzäniň düşelgesine bardylar.
Ýesirleriň gollary, aýaklary bu wagt boşdy. Ybraýym hanyň maşgalalary bolsa bir çetden topbak tutup gelýärdiler. Asylam olar aýratyn öýde, hakly-hukukly erkin saklanýardylar, hiç kim olara ýesir ýa duşman hökmünde garamaýardy, olar hatda ýagşa-ýamana hem gatnaşdyrylýardylar, ekinlerden hasyl ýygnalanda paý berýärdiler.
Donlaryny çöwre hem çümre bürenip barýan sary dasdarly salyr aýallar bärden baranyşlary ýaly Apbas Mürzäniň öňünde durup aglaşdylar. Ellerini öwsüşip iki ýana ýaýkanyşyp haraý islediler, Maşatda ýesirlikde saklanýan ärleriniň boşadylmagyny haýyş etdiler.
Bally Mährem bilen Annagurt han hem öz gezeklerinde olaryň haýyşyny gaýtaladylar, soňam galadan gabawyň aýrylmagyny soradylar. Ylalaşyga gelmeklerini, ýaraşyk baglaşmaklaryny towakga etdiler. Ýesirleri, girew goýlanlary getirendiklerini aýtdylar. Ýene näme şerti bar bolsa diňläp biljekdiklerini, razy boljakdyklaryny, bitirjekdiklerini duýdurdylar.
– Hormatly şazada! – diýip, aýak üstünde gol gowşuryp duran Bally Mährem umumylykda aýdylan sözleriň dowamy hökmünde sadyklyk bilen sözüni dowam etdirdi. – Egerde öz raýatlygyňyza kabul edip, penakärçiligiňizde saklamaklyga razy bolsaňyz biz hemişe size gulluk etmäge taýýar. Biz häzir Hywa hanyna-da, Buhara emirine-de raýat däl. Öňem her gezek olara bialaç raýat bolýardyk. Sebäbi biz bir hossarsyz kiçi halk. Kim ýüz berse şony özümize hossar saýýas. Diýjek bolýanym bize hakyky hossar gerek, daýanç söýenç gerek. Biziň ümzügimiz hemişe-de size tarapdy. Asylam Buharada-da, Hywada-da ynjalman şu ýere gaýdandygymyzy, şu ýere özümizi ölümiň öýünde atandygymyzy siz özüňiz bilýäňiz-ä. Şonuň üçin, biz biçäreleriň towakgasyny kabul ediň.
Hernäçe gaharly hem bolsa, mäşbürünç, gyrçuw sakgally, boldumly ýüzünden nur dökülip duran, gabakman, agras bakyşly, garaýagyz, daýaw bu kişini Apbas Mürze üns bilen diňledi. Tä gepläp bolýança sözüni bölmedi. Soňam: senem bir zat diýjekmi diýen manyda Annaguly hanyň ýüzüne seretdi.
Annguly han çalarak ardynjyrady. Çalaragam öňe süýşdi. Asuda, ýöne diýseň ynamly gürledi.
– Biziň hemmämiz Bally Mähremiň aýdanlary bilen ylalaşýas. Halkyň gelen netijesi şol. Salgyt, nöker babatda-da siz näme diýseňiz şol bolar.
Apbas Mürze şol bir parahat görnüşini bozman, ýöne, hökümly gepledi.
– Siz maňa raýat boljakdygyňyzy aýdýaňyz. Mundan buýana siz maňa isleseňizem raýat bolarsyňyz, islemeseňizem. Gullugam edersiňiz. Pajam tölärsiňiz. Getirdik diýýän ýesirleriňizi, Ybraýym hanyň girew goýan maşgalasynam men siziň eliňizden berseňizem alaryn, bermeseňizem. – Şazada sözüne biraz dyngy berdi-de, içki pikirlerini ýüzlerinden aňmakçy bolýan ýaly birlaý öz goşunbaşylarynyň ýüzüne seredip çykdy. Soň ajymtyk ýylgyryp, nazaryny ilçilere dikdi. – Bu diýýän zatlaryňyz siziň şu ýagdaýyňyzdaky islendik adamyň aýdaýjak sözi. Siz bu wagt ýagdaýdan çykalga gözleýäňiz. Tilkilik edýäňiz. Sapalak atýaňyz. Maňa ýaraýjak söz gözleýäňiz. Islän wagtym men sizden nökerem alaryn, islendik möçberde salgydam salaryn. Ýöne... – Ol ellerini dyzlaryna diräp ýerinden turdy. Iki-baka gezmeläp başlady. – Bolýa, goý, şeýle bolsun. Men size ynanaýyn. Ýöne, häzirlikçe o zatlaryň barysyny bir gyra goýalyň-da siziň yhlasyňyzy synamak üçin bir zat edeliň. Ýagny, ähli tireleriňiziň iň edermenlerinden batyrlaryndan saýlap, bäş ýüz atlyny şu günüň özünde bize getirip beriň. Goý, olar biziň şu ýerden başlap tä, Mara, Hywa, Buhara çenli etjek ýörüşlerimize gatnaşsynlar, özlerini görkezsinler, biziň sylag-serpaýlarymyza mynasyp bolsunlar, ynamymyza girsinler, siziň şu wagtky berip duran wadalaryňyzyň boş däldigini subut etsinler...
Çykgynsyz ýagdaýa düşen kethudalara Apbas Mürzäniň aýdanlary bilen sessiz-üýnsiz ylalaşaýmakdan başga alaç galmady. Şonuň üçinem olar aşak bakyp duruşlaryna biri-birleri bilen nazarlary arkaly sözleşdiler.
Bally Mährem aýdylanlar bilen razydyklaryny hemmeleriň adyndan goşun başlygyna mälim etdi.
– Hoş bolgaý şazada. Aýdylanlara amal etmäge biz taýýar.
Atan oky nyşana degen serkerde hoşwagt ýylgyrdy.
– Ötägidiň...
Göraýmäge ylalaşyk gazanylan ýalam boldy. Şazadanyň şertini hernäçe agyr gören hem bosalar, taýpany uruş belasyndan, gyrgynçylykdan sowar ýaly garaz bir çykalga tapylandygy üçin kethudalar Hudaýdan müňde bir razy boldular. Gitmäge hyýallandylar.
Ýöne, tüýs: “Pelegiň agyp dönmesi bir pursatlyk” diýenleri boldy.
Kethudalar entek çadyrdan çykyp-çykmankalar, häliden bäri şazadanyň daşyny gallaşyp duran Horasanly serkerdeleriň barysy birden herekete geldiler. Salyrlar bilen beýle ylalaşyga gelinmegine garşydyklaryny şazada aýdyp, kiçiräk “goh” turuzdylar. Gepleşigiň gelen netijesiniň ýatyrylmagyny, salyrlar bilen gylyç arkaly gepleşilmegini, güýç görkezilmegini şazadadan talap etdiler.
Sarahsa sen çozmasaňam horasanlylar bolup, biz çozarys, sebäbi o baýlyklary olar biziň agzymyzdan kakyp alyp topladylar – diýşip, gygyryşdylar.
Ýalantuşyň garjaşyk sesi beýlekileriňkidenem has janyýangynly çykdy.
Bu taýpa baran ýerinde özüniň gyňyrlygy, başbozarlygy bilen ýakasyny tanadýan halk. Şu ýerde-de şeýtdiler. Asla oňşuk diýen zadyň nämedigini bilenoklar. Muny diňe biz, şu ýere göçüp gelenleri bäri bular bilen iş salşyp ýören horasanlylar bilýäris. Hywa hanyna syrtlaryny diräp, biziň galalarymyzda hojaýynsyraşyp ýörüşleri düýn dälmidi? Eýran hökümetine garşy topalaň turzan Horasan beglerine at, ýarag kömegini beren näme şular dälmidi? Indem raýatlyk ýatlaryna düşenmişin. Gysaja düşenlerinden soň sadyklyk görkezjeklermişin. Dogan boljaklarmyşyn.
Türkmen ýaşulylary ýüzlerini aktam edişip Apbas Mürzäniň ýüzüne seredişdiler.
Apbas Mürze gyýa bakyp durşuna Ýalantuşyň ýüzüne-de seretmän, diýseň parahat gürledi.
– Sen mamla, serkerde. Bularyň günäsi uly. Jezalary ölüm. Şonuň üçinem bular bilen uruş etmeli. Ýeňmeli. Ýöne, uruşsyz ýeňiş gazanjakdygyňa gözüň ýetip durka söweş etmek, gan dökmek, pida çekmek nämä gerek? Öňi-soňy boýun bolup duran adamlary gyrmak nämä gerek? – Ol ýuwaşja ädimler bilen ýöräp, Ýalantuşyň ýanyna bardy. Alkymyna dykylyp, iki gözüniň içine seretdi. – Ýa uruş bolsa sen öz serbazlaryňdan hiç biri ölmez öýdýäňmi? Ýa galadakylaryň barysy bigaýratdyr öýdýäňmi? – Şazada ilçilere tarap öwrüldi. – Baryň! Gidiň-de ýaňky şertimiz halkyňyza ýetiriň. Maslahatlaşyň. Siz özara düşünişip bilseňiz biz tarapdan hiç zat üýtgemez – Ilçiler çykmaga hyýallandylaram welin, henizem deminden düşübilmän “has-has” edip duran Ýalantuş bir bökende baş serkerdäniň sol tarapynda peýda boldy. Boýnuny uzadyp gulagyna bir zatlar diýdi. Apbas Mürze makullaýjylyk bilen baş atdy, gözlerini gypyrjyklatdy-da, sag elini henizem gözleri serkerdelerden aýrybilmän ýaýdanjyrap duran Annagurt hana tarap uzadyp, kabul edilşigiň dowamynda birinji gezek sesini gataltdy. – Dur! – Maşatdaky tussag kethudalaryň aýallary bilen sen şu ýerde galarsyň. – Soň ol Bally Mähreme tarap barmagyny çommaltdy. – Sen bolsa bile gelen beýleki adamlaryň bilen git-de gepleşigiň gelen netijesini özüňkilere ýetir. Jogabyny getir. Özem çalt getir. Ylalaşykly habar bilen gelseň-ä... – Ol Annagurt hana, şeýle hem eýýämhaçan bir çetde yzlaşyp ugran aýallara tarap barmagyny çommaltdy.
–...Bularam boşadarys, Maşatdaky ýesirlerem boşadarys, bolmasa-da... – Ol çalaja ýylgyryp Ýalantuşa tarap baş atdy. – Bolmasa-da ine, şularyň diýenleri bolar. Arany gylyç çözer.

***
Bally Mähremiň agyr ýük astynda galan ýaly ýegşerilip gelşi, ýoldaşlarynyň bolsa ondanam ep-esli yzdan aýaklaryny süýreşip gelişleri, aralarynda Annagurt hanyň, ärlerini soramaga giden aýallaryň ýokdugy häliden bäri diwaryň üstüne çykyp, ýola garap duran salyrlaryň uly-kiçi barysyny haýykdyrdy.
Gala girişleri ýaly hemmeler Bally Mähremiň daşyna üýşdi. Bally Mährem dik duran ýerinde ýagdaýy düşündirdi. Apbas Mürzäniň talaplaryny, aýallar bilen Annagurt hanyň girew hökmünde alnyp galynandygyny aýtdy.
– Men-ä adamlar şeýdäýmesek bolmaz öýdýän... – diýibem sözüni tamamlady. Gapdalda ýatan ullakan gara töňňäniň üstüne çökdi. – Galanynam özüňiz çözüň... Söz sizden.
– Howwa-la şeýtmesek bolmaz. Ylalaşyga geläge-de belaň öňünden sowlalyň, wessalam... – diýip, kimdir biri ur-tut Bally Mähremi goldady. – Ýesirlerimiz onda ýatyrlar, aýallarymyz munda otyrlar, galanlarymyzam gyryp gutarjak bolsa...
Başga-da ylalaşyga gelmekligiň, uruşsyz boýun bolmaklygyň tarapyny tutanlar boldy.
Ýöne, hemişe şular ýalyda bolşy ýaly, bu gezegem batyrlar, hususan-da ýaşlar o pikire garşy çykdylar. Ýaşulylaryň beýdip, Eýran serkerdesiniň näzini çekip, ýaýdanjyrap duruşlaryny ýokuş gördüler. Namys etdiler. Taýpanyň belent mertebesiniň, asyrlardan bäri gelýän şan-şöhratynyň aýak astyna oklanmagy, basgylanmagy hasap etdiler.
– Söweşmek gerek. Üstümizi basgylap ötübermeli adamlar däldigimizi görkezmegimiz gerek – diýşip, olar ýaşulylyaryň daşyny diwar deý gurşap duruşlaryna gylyçlaryny syryp depelerinde bulaýlaşdylar. – Şularam Hywalylardan dogumly däldirler, olary ýeňdikmi, bularam ýeňeris. Gerek bolsa daşardan kömek sorarys. Teke garyndaşlaram, saryk garyndaşlaram ýüz tutsak ýak diýmezler.
– I-i-i... Osmanly ýurdundaky, Hytaýdaky salyrlaram ýak dizmezler, habar etsek... – diýip, saryýagyz, inçesagat, ýüzi menek-menek, keselbenträk görünýän bir ýigit garaçyny bilen “gyjyr-gyjyr” etdi. – Hä?... Hm?.. Şö dämi? – diýip, daş-töweregine gözledi. Aýdanlaryny tassyklatjak boldy.
Ýöne, ony goldanam bolmady, terslänem. Ýerli-ýerden:
– Ýak, senem-ä... – diýişdiler-de, ýüzlerini bir ýana sowşup başlaryny ýaýkaşdylar oňaýdylar. – Bolmajak zadyň gürrüňini etmeli bolsa edil iki paý ýaly-ow senem...
Nazarmuhammet han sowukganlylyk bilen, ýöne, ýüreginden syzdyryp şeý diýdi:
– Men siziň batyrlygyňyza-da, janyňyzy orta goýup söweşjekdigiňize-de aňyrýany bilen ynanaýan, ýigitler. Bu zatlary kiçi dilden bärde aýtmaýandygyňyzam bilýän. Ýöne bu wagt ýagdaý başgaça. Gelen goşun haýsydyr bir welaýatyňky, hanlygyňky ýa emirligiňki däl. Serkerdesem haýsydyr bir gala begi ýa hany däl, şazada! Şanyň mirasdüşeri. Aňyrsynda uly döwlet duran, tejribesem, serenjamam ýetik goşun. Horasanyň birleşen güýçlerini hasap etmäniňde, hökümet goşunynyň özem ýeterlik. Şonça goşun bilen bir kiçijik taýpanyň üstüne gelmeklerem biziň üçin uly sylag. Hormat. Ýöne, biziň ýagdaýa dogry baha bermegimiz, hetdimizi tanamagymyz gerek. Egerde şeýtmesek halkymyzy gaty erbet güne salarys. Sizem gaýra gaýşyp durmaň-da, çekgä-dartga geläýiň. Onsoňam biz ölümiň öýünde ýeten Watanymyzda otyrys. Şonuň topragynyň üstünde durus. Ýeňäýseg-ä ne ýagşy, ýeňiläýsek welin ýene-de muny taşlap gitmeli borus. Ýene-de muňa zar bolmaly borus. Aýallarymyz, çagalarymyz babatda-ha aýdybam oturmaýyn welin, barymyzyň baryp Eýranyň ýa Hywanyň gul bazaryna düşäýmegimizem ahmal.
Ýaşlar barybir ýeň bermediler.
– Ýeňilmeris!..
– Gul bolmarys!..
– Biz hökman ýeňeris!..
– Watany taşlap hiç ýana-da gitmeris!
– Hut şonuň üçinem söweşmegimiz gerek!..
– Boýun egeniň bilen nä gul bolmarys öýdýäňizmi?..
– Gula gul bolanyňdan-a öleniňem gowudyr...
– Ýa-a-, i-i-i...
Berdimyrat hanam Nazarmuhammet hanyň pikirini goldap, ýaşlary ylalaşyga çagyrdy.
– Nazar han dogry aýdýa. Şu gezek ýagdaý şeýle. Başga ýol ýok. Siziň barýan ýoluňyz garaňky.
Ýaşulylardanam ýaşlaryň tarapyny tutanlary boldy. Aýal-gyzlaryň:
– Dat bizi dirije oda atjak bolýaňyz, gajarlara gyrnak etjek bolýaňyz – diýen ýaly namys oýaryjy, dogum duýgularyňa daýandyryjy sözler bilen eňreşmekleri netijesinde mesele ýaşlaryň peýdasyna çözüldi.

***

Habar geler salym ötdem welin, Sarahs galasy tarapdan Apbas Mürzäniň düşelgesini nazarlap, dor atyny uçganakladyp gelýän bir ýigit göründi. Ol sesýetim ara geldi-de, atynyň jylawyny çekdi. At bir säginen ýaly etdi-de, birdenem iki art aýaklarynyň üstüne galyp öň aýaklaryny howada kelemenletdi. Eýesiniň habar bermekçi bolýan zadyny ondan öňürti buşlamakçy bolýan ýaly, dumly-duşy ýaňlandyryp kişňedi. Üstünde oturan uzynak, bugdaý reňkli, gara silkme telpekli, egni gyrmyzy donly ýigidiň Gün şöhlesine gülbüräp duran gylyjyny bulaýlap, parsça aýdan sözlerem onuň sesine goşulyşyp, akly-gyzyllyja çadyrlaryň dik depesinde köwsarlady.
– E-eý, gajarlar! Geliberiň! Biz size goşunam beremzok, boýunam bolamyzo-ok! Ýesirlerimizem boşadyň!..
Ýanynda duran serkerdeleriň hemmesi birden Apbas Mürzäniň ýüzüne seredişdiler. Ol häliden bäri gaşlaryny çytyp, gaharyndan açylybilmän köwejekläp ýören Ýalantuşy ýanyna çagyrdy. Elini egnine goýdy.
– Ine, indi seniň diýeniň boldy. Şu günki hüjüme-de özüň ýolbaşçylyk et. Horasanlylary öňe sür. Salyrlardan ejir çeken şolar bolsa, goý şolaram hemmeden öňürti ahmyrdan çyksynlar...
Ýalantuş zynjyrdan boşan ýaly ylgap baryp golaýdaky depejigiň üstüne çykdy-da, aýalary bilen agzyny penalap, henizem atyny bökdürip, gyljyny bulaýlap duran ýigide tarap gygyrdy.
– Häzir barýas! Ýesirleriňizem alyp barýas!..

***

Şeýle baý ýaşaýandyklaryna garamazdan, şol wagt salyrlaryň galasy diýseň köne, üstesine-de şeýle bir kiçijikdi welin, olaryň şol galada goranmakçy bolýandyklaryna pars goşunyndaky serbazlaryň uçdantutma hemmesi geň galdy.
Her niçik hem bolsa olar şol galalaryna girdiler. Hamala tärimleriniň gözeneklerinden ok geçmejek ýaly, daşyna oralan gara keçelerini serbazlaryň gylyçlary kesmejek ýaly özlerini öýleriniň içine atdylar. Iň soňky taýýarlyk işlerini tamamladylar. Iň batyr hem mergen ýigitler bolsa diňleriň atyşhanalaryna girdiler.
Söweşe ýolbaşçylyk etmegi salyrlaryň iň ekabyry hasap edilýän Bally Mährem öz üstüne aldy. Onuň ähli buýruklaryny birkemsiz we iki aýtdyrman ýerine ýetirjekdiklerine ýigitleriň barysy biragyzdan söz berdiler.
Diwarlaryň daş ýüzündäki pagsadan salnan pessejik jaýlarda ir wagtlardan bäri Maşatdan gelip söwda edip ýören täjir jöhütler ýaşaýardylar. Ine, şolar welin ýene-de sanlyja sagatdan ýer bilen gögüň gapyşjakdygyndan hamala bihabar ýaly özlerini arkaýyn alyp barýardylar. Çünki, uruş bolmaz, kethudalar şazada bilen hökman ýaraşyk baglaşarlar öýdýärdiler. Apbas Mürzäniň adalatly hereket etjekdigine bil baglaýardylar.
Şonuň üçinem, “dabyrdyklaşyp” gelýän Horasan goşunynyň at toýnagyndan göterilýän tozan olary juda aljyratdy. El ýüzünde duran harytlaryny nirä bukjaklaryny bilmän iki-baka elewreşdiler. Pessejik jaýlaryna bir girdiler, bir çykdylar, ikibir-üçbir üýşüşip bir zatlaryň maslahatyny etdiler, bir oturdylar, bir turdylar, bir kem-kemden ulalyp gelýän çaňdyr-tozana, birem galanyň diwarlaryndaky diňlerde ýerleşip ok-ýaraglaryny häzirleşip, duşmanyň ýoluna eserdeňlik bilen garaşýan ezber hem erjel ýigitlere tarap taýly gezek seredişdiler, ellerini asmana serşip, Biribardan delalat islediler.
Ýöne, gala golaýlaşan badyna Ýalantuş olary tanady we adam iberip, goş-golamlary blen birlikde derhal Maşada tarap ýola düşmeklerini tabşyrdy. Galadan saýlanýançalar maý bermek üçin, goşunyň bir bölegine türkmenleriň öň dürli iş bilen o ýan, bu ýan gidip, indem gaýdyp gelýänlerini tutmak, ellerinden zatlaryny almak, garşylyk görkezenlerini duran ýerinde çapmak, aman dilänlerini ýesir almak, has barlyraklaryny, abraýlaraklaryny bolsa girew ýa soň pula çalyşmak üçin jöhütler bilen birlikde göni Maşada ugratmak barada buýruk berdi.
Soň saý-sebäp bilen galanyň daşynda galan, bäşleň-üçleň türkmen öýlerini serbazlaryna talatdy, alybilmedik zatlaryny zaýalatdyrdy, mal ýataklaryny, agyllaryny, ot-iýmlerini otlatdy.

***

Pars goşunynyň içinde Eýran-Orsyýet urşy döwründe ýesir düşen, “Türkmençaý şertnamasyna” laýyklykda dört aýyň dowamynda boşadylmaly, emma näme üçindir henize çenli boşadylmadyk, gaýry milletlerden bolan urşujylaram bardy. Apbas Mürzäniň teklibi boýunça, Ýalantuş şolardan gürjüleri we çerkesleri galanyň iki gapdalyndaky garymlaryň golaýynda, ors soldatlaryny bolsa galanyň diwarlarynyň gabat garşysynda ýerleşdirdi.
Pyýada serbazlara galany dört tarapyndanam gabamaklygy, şeýle-de, onuň ähli taraplarynda atyşhana çukurlaryny gazmaklygy tabşyrdy.
Şol işler tamam bolandan soň, Ýalantuş öz topçularyna galany top okuna tutmak barada buýruk berdi.
Tä, agşama çenli, yzyny üzmän galanyň içine toplardan ok ýagdyryldy. Galanyň içini elhenç zenzele gaplap aldy. Sygyrlar bögürişip, eşekler aňňyryşdylar, atlar kişňeşip, düýeler “bar-bar” bagyryşdylar, geçiler çekreşip, goýunlar mäleşdiler, towuklar “wak-wak” edişip o ýan bu ýan gaçdylar, ýerläp-ýerläp uçdylar, uly mallaryň käbirleri däbşenekleşip ýataklaryndan çykdylar we galanyň içindäki erewde-berewligiň aýylganç keşbini öňküsindenem beter has elhenç görnüşe saldylar.
Şeýle-de bolsa, ok degip garny ýarylan, başsyz galan bäşdir-üçdir ulyly kiçili mallary, ot düşüp ýangyn döredendigi sebäpli ähli öý goşlary küle öwrülen käbir hojalyklary, ýataklary, howlulary, top okunyň gyýçagyndan heläk bolan ýekeje adamy hasap etmeseň atyşygyň bütin dowamynda goraýjylardan hiç hili ýitgi bolmady.
Diwaryň üstünde we dişleriň içinde durup juda ökdelik bilen atýan mergen ýigitler duşmanyň bir ädimem öňe süýşmegine maý bermediler.
Garaňkynyň düşmegi bilen top oklarynyň gelip düşmesi bütinleý kesildi.

***

Goraýjylar uzynly gijäni gezek-gezegine şöwür çekip, çirim etmän geçirdiler. Daňdanyň ümüş-tamyşlygynda bolsa galadan atylyp çykdylar-da, dünýeden bihabar, süýji ukuda ýatan serbazlaryň çadyrlaryna çozdular. Ep-eslisiniň janlaryny jähenneme iberdiler.
Türkmen ýigitleriniň duýdansyz ýagdaýda görkezen bu gahrymançylyklary duşmany diýseň aljyratdy. Bujagaz köneje galanyň içinde oturan bäş öýli taýpadan olar asla garşylyk bolaram öýtmeýärdiler. Türkmenleriň bu aýgytly hereketleri hatda ors-eýran urşuna gatnaşan Apbas Mürzäniň özünem haýykdyrman durmady.

***

Şol wakadan birnäçe wagt öň, Horasana eden nobatdaky ýörüşleriniň iň soňkusyny tamamlap Hywa gelýän wagty, Allaguly han öz wepaly hyzmatkäri Muhammetnyýaz Ýasawulbaşyny ätiýaç üçin bir garnizon goşun bilen Maryda galdyryp gaýdypdy.
Apbas Müräniň Horasanda edip ýören soňky hereketlerinden habarly, salyrlaryň üstünden geçdigi onuň bir durman Mara, ondanam Hywa geljekdigine gözi ýetip duran, şeýle-de özüni ençeme şowsuzlyklara uçradandygy üçin, horasanlylardan ýaňa içi ýanyp duran Allaguly han, haýal etmän, Sarahsa ugramak, salyrlara kömek bermek barada Mara – Muhammetnyýaz Ýasawulbaşa buýruk gönderdi.
Ýasawulbaşy hem haýdan-haý ýomutlaryň tanymal kişisi Durdy kel serdaryň, teke beglerinden Teran beg bilen Oraz perwanaçynyň, saryklardan molla Öwez serdaryň, müjewürlerden Baba şyhyň, Muhammet şyhyň hem-de Ýary şyhyň, ataly serdarlardan Şir atanyň ýolbaşçylygynda algyr bürgüt kimin gaýduwsyz ýigitlerden uly bir leşger düzüp Sarahsa ýollady.
Olar Sarahsa gelişleri ýaly duýdansyz turan tupan deý, indi birneme özlerini tijäp gaýtadan gala zabt edip ýören duşmanyň üstüne howala boldular. Bir zarbada derbi-dagyn etdiler, ençemesini ýesir aldylar. Ýalantuş galan goşuny bilen göz-gülban halda özüni zordan henizem Nowruzabatda goşunyň esasy böleginiň ýanynda bolýan Apbas Mürzäniň huzuryna atdy.
Bu ýagdaý galany goraýjylary ilk-ä diýseň geň galdyrdy. Olar öz gözlerine ynanmajak boldular, asla kömege gelenleriň kimdiklerinem bilmediler. Nämäniň-nämedigine göz ýetirenlerinden soň welin, şeýle bir begendiler, duran-duran ýerlerinde ýumruklaryny düwüşip, gylyçlaryny bulaýlaşyp:
– Bizler halas bolduk! Bizler indi azat! Doganjyklarymyz geldi, olar bizleri halas etdiler! – diýşip, gygyryşdylar. Derrewem galalaryndan çykdylar-da, kömege gelen goşun bilen bilelikde duşmanyň ätiýaçlykda duran böleginem dyza çökermek üçin gykuwlaşyp Nowruzabada tarap at goýdular. Pyýadalara galanyň töwereginde bolmaklygy, naçarlary, oglan-uşaklary, garrylary goramaklygy tabşyrdylar.
Halkyň galanyň içindäki şol, goraga mätäç bölegi bolsa begençlerine aglaşdylar. Halas edendigi üçin Hudaýa minnetdarlyk bildirdiler.
– Men aýtdym-a, gelerler diýdim-ä – diýip, şo-ol, ýüzi menekli saryýagyz ýigit atlylaryň arasy bilen ýüzini tot-tozan edip barşyna “jyňňyl-jyňňyl” etdi. Ony hiç kim eşitmese-de çep gapdaly bilen at gorduryp gelýän garaýagyz gartmaç pyýada eşitdi. Derrewem jogabyny berdi.
– Näme bular Hytaýdan ýa Osmanly ýurdundan gelendirler öýtýäňmi?
– Aý, haýsam bolsa zyýan-a degmez.
Oňa çenlem Nowruzabada golaýladylar.
Şondan soň, Apbas Mürze Horasanlylara demlerini dürsemek üçin maý hem bermedi-de, jeň meýdanyna özüniň uruş başlanaly bäri ätiýaçda duran döwletlik goşunyny sürdi. Demgir duran şa goşuny ur-tut hem ýadaw, hem uruşdan halys bizar bolan türkmen ýigitleri bilen Marydan gele kömekçileriň arasyna girdiler we hersini bir tarapa gysyp başladylar.
Söweş diýseň gazaply boldy. Oňa çenli Ýalantuşyň ýap-ýaňyja ýeňse beren, Horasanlylardan ybarat goşunam özüni dürsedi-de, sallam-sajagrak, öňli-soňlurak hem bolsa hökümet goşunyna gelip goşuldy.
Söweşiň jogapkärçiligini indi Apbas Mürzäniň ýeke özi üstüne aldy. Ol jeň meýdanynyň ähli mümkinçiliklerinden şeýle bir ussatlarça peýdalandy welin, galany goraýjy ýerli türkmenler özlerine kömege gelen goşun bilen hatda hoşlaşybam ýetişmediler.
Kömege gelenlerem ýagdaýyň birdenkä beýle çylşyrymlaşanyny görüp, ur-tut atlarynyň başyny gelen ugurlaryna bakan öwürmek bilen boldular. Sarahslylaram sap atyp gabawdan çykdylar we duşmanyň öňünde kelterak bir öwrüm edäge-de, “gykuwlaşyp” yzlaryna dolandylar, gelibem ýap-ýaňyja uly umyt bilen çykyp giden derwezelerinden kürseşip girdiler.
Begençlerine aglaşyp oturan naçarlar indi ýene-de gara günleri üçin aglaşmaga başladylar.
Bally Mährem hemmeleri mertlige, ejizlige, esasanam duşmana syr bildirmezlige çagyrdy.
Olaryň hemmesi ýene-de diňe öz güýçlerine bil baglamalydyklaryna ýa ölmeli ýa almalydygyklaryna, üçünji bir ýoluň ýokdugyna düşündiler. Şonuň üçinem, hüjüm näçe gazaply bolsa, garşylygam şonça güýçli boldy. Soňabaka goranyşa gollary çomuç ýaly gelinlerem barmaklary sülük ýaly sülmüreşip oturan gyzlaram goşuldylar. Hatda garry-gurtylaram, oglan-uşaklaram gollaryny gowşuryp oturmadylar. Güýçleriniň çatdygyna görä ýetdik kömeklerini berdiler. Nazarmuhammet han, Berdimyrat han ýaly diňe galanyň içindäki ýagdaýa serenjam berip ýören adamlaram söweşe goşuldylar.
Goşun şondan soňam dokuz gije-gündizläp galanyň daşyny gabap ýatdy. Häli-şindi uly goh hem galmagal bilen ähli tarapdan çozdy durdy. Toplaryň birsyhly ýaňlanyp duran gümmürdisinden ýaňa galadakylaryň gulaklary kamata geldi.
Şeýle-de bolsa, olar duşmanyň ähli çozuşlaryny erjellik bilen yza serpikdirdiler. Göreşi tutanýerlilik bilen dowam etdirdiler. Dogum, gaýrat, çydamlylyk görkezdiler. Şol aralykda hem Nazarmuhammet hanyň aýy-güni ýetik aýaly ogul dogurdy. Ony ogly bilen bilelikde, ýanynyň on bäş sany atlysy bilen, galadan çykarmak we Ýolötene ugratmak salyrlara başartdy.

***

Ýön е olаryň gаhrymançylyklary wеlin uzаga çekmеdi. Çünki, оk-ýаrag, аzyk-suw ýetmеzçiligi hаlky hаlys еgbarlatdy. Ýаdawlyk bаsdy. Ýarаlanýanlaryň sаny аrtdy. Нer dürli kesеlçilikler ýüzе çykdy. Günüň-gününе köрelip gidiр bаrýan ölüm-ýitim bоlsa adаmlaryň аňkasyny аşyrdy.
Bаlly mährеm ýаly iliň öňünе düşüр, hаlkyň ruhunу götеrip ýörеn dоgumly adаmlaryň weрat bоlmagy bоlsa, Nazаrmuhammet hаn, Bеrdimyrat hаn ýаly diri galаn kеthudalaryň öz ýаgdaýlaryna gаýtadan sеretmeklerini tаlap еtdi.
Olar her tiräniň, urugyň, bölegiň baştutanlaryny bir ýere ýygnadylar-da, ýüze çykan ýagdaýy göz öňüne tutup, iň bolmanda halkyň galan bölegini bir bu, köptaraplaýyn gyrgynçylykdan halas etmek üçin, goranyşy bes etmeli, duşmana boýun egmeli, galany tabşyrmaly diýen teklibi orta atdylar.
Elbetde, dyzmaç ýigitler bu gezgem başdaky ýaly kethudalaryň gelen netijeleri bilen ylalaşmajak boldular.
Ýöne, Nazarmuhammet han bu gezek olara juda berk darady. Bütin süňňi bilen saňňyldap durşuna:
– “Gury namys göt ýyrtar” etjek bolmaň, ýigitler – diýdi. Hor, uzyn hem aksowult barmaklaryny ýeke-ýeke bükdi. – Ok ýok, ýarag ýok, gylyja girere bolsa adam sanymyz az, çozara ýagdaýymyz ýok, diňe goranyp oturmaklygyň bolsa soňy barybir şoňa barýa... ýa salyryň tohmunyň tükenmegini isleýäňizmi?..
Şondan soň ýigitlerem hakykatyň gözüne göni seretmeli boldular. Başga bir çykalganyň ýokdugyna göz ýetirdiler. Ýaşulylaryň aýdanlary bilen razylaşdylar. Uludan sowuk demlerini aldylar-da, gylyçly gollaryny aşak goýberdiler.
Gepleşige gitmeli adamlaryň kim-kimler bolmalydygy belli edilmänkä-de duşman ähli diwarlar boýunça özüniň nobatdaky hüjümine başlady. Üstlerinden aşyryp galanyň içine atmak arkaly topçular olary penaladylar.
Ýöne, galany goraýjylar bu gezek olara hiç hili garşylyk görkezmediler. Elleri ak baýdakly, derwezeden tasaşyp çykan adamlaryň ýaraşyk baradaky gygyryşyp aýdýan sözlerine ne serbazlar, ne olaryň serkerdeleri hiç km üns bermedi. Şondan soň galanyň içindäkileriň hemmesi diýen ýaly “aman” dileşip dyzlaryna çökdüler. Aýallar ýüzlerini ýyrtyşyp saçlaryny ýaýdylar, depelerinden penje-penje gum guýdular, aglaşdylar.
Galanyň bu gezek hiç hili garşylyksyz alnandygyna ilk-ä haýran galan, soňam uçursyz begenen Ýalantuş öňdäki hatarlaryň birinde horasanlylara buýruk berip ýören ýerinden atyny däbşenekledip geldi-de, derwezeden urup girdi. “Aman” dileýänleriň üstüne howala bolup durşuna gylyjyny çoçjaýdyp:
– Indiden soň bize amanyňyz gerek däl! Bizem indi size syrtyňyzy Hywa diräp, bize görkezenje oýunlaryňyzy görkezeris! – diýdi. Soň gylyjynyň ujuny gapdalynda buýruga garaşyp duran serbazlara tarap gönükdirdi. – Şorug konug ...
Şol buýrukdan soň, näçe günläp dowam edip gelen gyrgynçylykly uruşdanam has aýylganç talaňçylyk başlandy.
Bu ýagdaýy görüp, ýaş ýigitleriň uly bolmadyk bir Nopary täzeden gylyçlaryna ýapyşdylar. Ýaşulylar indi olara bir zat diýjegem bolmadylar. Asla bu wagt hiç kimiňem hiç kim bilen işi ýok. Her kim öz başyna gara gaý.
Derwezeden birneme gijräk giren Apbas Mürze “aman” dilänlere aman bermändigi, serbazlary ur-tut talaňçylyga küşgürendigi üçin, Ýalantuşy halkara diplomatiýasynyň düzügnlerini bilmeýän, körzehin serkerde hökmünde aýyplap üstüne gygyrdy, apyla-sapyla sowulandan soň temmi berjekdigini aýdyp, garaçyny bilen haýbat atdy. Hälki, bir bölek ýigidiň täzeden söweşe başlandygyny görübem, Ýalantuşa tarap elini silkdi-de atynyň başyny şol tarapa öwürdi.
Garşylyk görkezýän ýigitleriň sany otuzdan köp däldi. Ýöne, olar öz daşlaryny gabap alan iki ýüzdenem gowrak serbaza şeýle bir garşylyk görkezýärdiler welin, daşyndan seredeniňde serbazlar däl-de olaryň özleri hüjüm edýäne meňzeýärdi. Käte bir tarapa gysyp-gysyp serbazlary ýaý görnüşine getirýärdiler, käte ortalaryna girip olardan tegelek halka ýasaýardylar. Ýöne, halkany böwüsmek, galadan çykyp gaçmak hakynda welin pikirem etmeýärdiler. Çünki, olar bu wagt dirilik üçin däl-de, ölüm üçin söweşýärdiler, gaçyp gutulmak üçin däl-de, iň soňky demlerine çenli söweşip, Watanyň, topragyň öňündäki borçlaryny berjaý etmek, ganlaryny şoňa garmak, gurban bolmak üçin göreşýärdiler. Ajal – diýen söz ol wagt olar üçin öz hakyky manysyny ýitiripdi.
Howwa, olarda başga niýet ýok. Şonuň üçinem, hiç zatdan gorkanoklaram, hiç zady ýatlaryna-da salanoklar. Ho-ol ýerde durup özlerine tarap telpeklerini bulaýlaşýan Nazarmuhammet handyr Berdimyrat hanyň näme diýýändiklerini bolsa aňşyranoklaram, aňşyraslaram gelenok.
Her demsaýy ýitgi çekýändiklerine garamazdan, serbazlaryň sany köpelmese azalanok. Çünki, olara gelip goşulýan köp. Ýigitleriň sany welin gitdigiçe azalýar. Türkmen ýigitleriniň içinden olara-da gelip goşuljak kän, ýöne, olary birinjiden-ä han-begler goýberenoklar, ikinjidenem aýal-gyzlar, çagalar, garrylar çyr-çykylyk bolşup öňlerini gabsaşyp durlar.
Ine-de söweşýän ýigitleriň sany ona, bäşe, üçe geldi.
Şol wagtam Apbas Mürze serbazlara “Duruň!” diýip buýruk berdi. Serbazlar çekilenlerinden soň ol gözleri ganguýma gyzyl bolan, üsti-başlary sal-sal, tyg degmedik, gan çykmadyk ýeri galmadyk türkmen ýigitlere:
– Bar, gidiberiň, siz azat – diýdi. Soň serbazlara ýüzlendi. – Degmäň! Goý gitsinler.
Ýigitler welin ýerlerindenem gozganmadylar. Üçüsem bir wagtyň özünde, edil öňünden dilleşilip goýan ýaly gylyçlaryny çep gursaklaryna dirediler-de, özlerini atlaryndan dikbaşaşak goýberdiler.
Apbas Mürze şol üç ýigidi aýratyn bir ýerde, hormat bilen jaýlamaklygy türkmen ýaşulylaryna tabşyrdy.
Islendik uruşda bolşy ýaly bu gezegem salyrlaryň ähli emläkleri ýeňijileriň haýryna geçdi. Olara ummasyz olja düşdi. Aýal-gyzlary ýesir edip, serbazlaryň bir böleginiň ugratmagy astynda Eýrana sürdiler. Olardanam başga ýene üç ýarym müň öýlini maşgalasy bilen birlikde günübirin dagdan aşyrdylar. Şolaryň arasynda Annagurt han we onuň bilen bilikde Apbas Mürzäniň Nowruzabatda girew alyp galan adamlary, Maşatda tussag ýatan elli sany ilçiniň aýallary hem bar.
Apbas Mürzäniň bir özi üç müň öýli salyra we üç ýüz sany saýlama bedew ata eýe boldy. Däne gorlarynyň hemmesi syrylyp-süpürilip Maşada äkidildi. Galalary ýumrulyp, obalary ýer bilen ýegsan edildi.
Bu elhenç gyrgynçylyk we talaňçylyk, salyr türkmenleriniň baryp-ha Oguz han döwründen bäri gelýän şan-şöhratlarynyň hem-de soňky döwürlerde Horasandaky, şeýle-de Merkezi Aziýadaky eýeleýän ähmiýetli orunlarynyň kem-kemden, soňy bilen gutarnykly suratda aşak gaçmagyna günleriiniň ýaşmagyna esas goýdy.
Şondan soň olar gaýdyp galynmadylar. Uzak wagtlap yzygiderli suratda, harby şowsuzlyklary, tozgunçylyklary, göçhä-göçlükleri ynjytmalary, kemsidilmeleri başdan geçirdiler we oguz-türkmen taýpalarynyň şejeresinde iň irki orunlaryň birini eýelän, güýçli taýpa bolanlygyndan üçünji derejeli, türkmeniň iň bir garyp hem ejiz taýpasyna öwrüldiler.
Öňden göz öňüne tutup gelşine görä, şondan soň Apbas Mürze beýleki türkmen taýpalarynyň üstüne – Mara, Ýolötene, Pendä ondan soň Hywa, Buhara tarap ýörüş etmelidi. Olaram özüne tabyn edip, tutuş sebitde agaýana höküm sürmelidi.
Bu niýetini onuň hiç hili ýitgisiz, goşunyna pida çekdirmezden, abaý hem syýasat arkaly amala aşyrasy geldi. Çünki, onuň pikiriçe, salyr türkmenleriniň şahyna urlan taýak, beýleki türkmen taýpalarynyňam süňňüni syzlatmalydy, yşarat bolup hyzmat etmelidi.
Şonuň üçinem, ol, şol wagt Tejen derýasynyň aşak akymyndaky Garrybent diýen ýerde oturan tekelere, salyrlaryň öňden bäri Ýolötende oturan bölegine, Marydaky saryklara hat iberdi. Şol hatynda ol agzalan taýpalaryň gowulyk bilen öz raýatlygyna girmeklerini hem-de yzygiderli suratda, bellenen möhletde paç töläp durmaklaryny talap etdi.
Sarahsdaky salyr türkmenleriniň düşen gözgyny ýagdaýlary garyndaş hem golaý goňşy hökmünde öňi bilen Ýolötende oturan salyrlara has agyr täsir edip di.
Üstesine, sarahslylaryň gyrgynçylykdan we ýesirlikden diri sypanlaram yzanda-çuwan bolşup, şol tarapa bosupdylar.
Edil şol döwrem ol ýerde öňden oturan salyrlara Apbas Mürzäniň talap haty gelip gowuşdy.
Sarahsdan gelen salyrlar-a eýýäm Eýranyň raýatlygyna girdi hasap. Öňden oturanlaram ur-tut maslahat çagyrdylar-da: “Şeýtmesek bizem garyndaşlarymyzyň gününe düşeris” diýen gorky bilen köp çekeleşibem oturman, Eýranyň raýatlygyny kabul etmeli diýen netijä geldiler we gelen kararlaryny aýan etmek üçin, Apbas Mürzäniň ýanyna ýedi adamdan ybarat ilçi ugratdylar.
Salyrlaryň iki böleginiňem Apbas Mürzä boýun sunmaklary, raýatlyk sorap hem hat, hem ilçi ibermekleri, Hywa hanynyň Ýolötendäki dikmesi Muhammedemin begi otdan alyp suwa saldy. Eden töwellalary welin salyrlaryň ýele ýanyndanam geçmedi. Ahyram ol ýüze çykan ýagdaý bilen hany elinjek habardar etmek üçin, Ýolöetende öňden oturan salyrlaryň içinden Hywa hanyna wepaly bolup galmaklyga, Eýranyň raýatlygyny kabul etmezlige yrybilen adamlaryny – bir işany, şeýle-de birnäçe ýaşulyny ýanyna alyp, günübirin Hywa depdi.
Apbas Mürzäniň özüne haýbat atyp ýazan haty bilen tanyşdyrmak maksady bilen, Mary galasynyň baştutany Nurmuhammet baý hem şol bir wagtyň özünde şol tarapa jünedi.
Özüne raýat bolup oturan salyr tükrmneleriniň Sarahsda beýle naýynsaplyk bilen çapylmaklary, talanmaklary, galalarynyň ýumrulmaklygy, ýurtlarynyň ýer bilen ýegsan edilmegi, ebetde, Hywa hanynyňam çetini gyzdyrman durmady. Ol muny salyrlaryň üsti bilen özüniň äsgermezlik edildigi saýdy. Namys etdi. Şeýle-de bolsa, ol Eýrana goşun sürüp, öz raýatlarynyň aryn-a alyp beribilmedi welin, ýöne, her-hal elli müň tümen puly elinje töläp bäş müň sany salyry ýesirlikden-ä boşatdy.
Egerde, ajal ara düşüp, bar zady başgaça çözmedik bolsady, onda ýeke bir Hywa hanlygyna raýat bolup oturan däl, eýsem beýleki türkmen taýpalarynyňam başyna Apbas Mürzäniň nähili külpetler saljak ekendigini, Sarahsda başlanan şol gyrgynçylygyň haçan nirede we nähili ýagdaýda gutarjak ekendigini bu günki gün, şunça wagt geçenden soň aýtmagam kyn, çaklamak ondanam kyn. Üstesine, onuňam göwni edil Ak patyşanyňky ýaly ýeke bir goňşy oturan türkmen taýpalaryny – Maryny, Hywany we Buharany boýun egdirmek däl, eýsem, şol ýurtlaryň üsti bilen Balha, Hyrada çenli baryp ýetmek barada hem telwas edýärdi.
Emma, Eýran tagtynyň mirasdüşeri, şazada Apbas Mürzäniň bolup ýörşi, göwnüne düwen niýeti Biribara-da ýakmadyk bor-a çemeli, Horasany mugyra getirip, Sarahsy çapandan ylaýyk bir ýyl soň, ýagny, 1833-nji ýylda ol birdenkä kemçilik tapdy-da, dünýäniň bar aladasyndan dynyp, bakyýa bakan hemişelik göç eýledi.
Horasan, külli türkmen taýpalary, Mary, Hywa, Buhara barysy bilelikde, uludan, sowuk demlerini aldylar.
Şondan soň bir ýyl geçip geçmänkä, Fethaly şanyň özüniňem aradan çykmagy bilen, köşk emeldarlarynyň ünsüni Apbas Mürzäniň arzuw edip giden etsem-goýsamlaryndan ymykly sowan, özara içki agzalaçylyklar, dawalar, göreşler, söweşler başlandy.
Bu bolsa, Hywa hanynyň az wagtlyk elden gideren ýerlerini, hususan-da türkmen topragynyň günorta çäklerini, şol sanda Sarhasy hem yzyna gaýtaryp almaklygyna mümkinçilik döretdi.
Категория: Taryhy proza | Просмотров: 23 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Juma Hudaýguly | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: